13:28 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -11: dowamy | |
11.
Taryhy proza
Galkanyň içi sowamady. Talaňçylygyň humaryna maýyl bolan, hüşgärligi unudan nökerleri çapdy, sünçdi, atdan agdardy, barybir içi sowamady. Zada gezek gelende adam başyna injek belany-da unudar ekeni. Adamyň bagtyny ýatyrjak – zatdyr, baýlykdyr. Şeýle bolmasa diý, tüweleý kimin kükräp gelýän atlylary görende akmaklar başyny aman gutarmagyň aladasyny ederdiler, talan zatlaryny taşlap, ýazzyny bererdiler. Olar oljany taşlandan bir taý goluny taşlap gidenlerini amatly görerler. Ýüklerini ýazdyrman, gorra ýabylaryna bil baglap, gutularyn umydy bilen gaçjak boluşlary gülkünçdi. Oljany bagyrtlap öleniňiz bilen, ony ol dünýä alyp gideris öýdýärmisiňiz, akmaklar. Hol-ha, porsy meýitleri çölde pytrap galdy. Olary bäri ýollanlarynda garaw görmejekdiklerine, çopansyz sürä möjek bolup daramalydygyna ynandyrandyrlar. Olaryň ýekesi-de Kiçi serdaryň atlylaryndan diri sypmady. türkmenlere degilmedi. Galkana galsa, olary gaýgyryp goýjak däl-di, iki ýesiri gaýtaryp heleýiniň önüne taşlajakdy, ejemiň görkezmedik sütemini görkez diýjekdi, gözleri agarsyn! Annanyýazyň gapdaly bilen gelen ýüz atly gijräk ýetişse-de, ýüzbaşynyň sözi geçginli boldy. Ýemrelilere degmän, ýesirleri bilen gaýtaryp goýbermeli diýen şoldy. Ol Uly serdaryň pikirini beýan edýärdi. Eger ýemreliler başybitin dolansalar, pürsiýanlaryň biri-de dolanyp barmasa, akmak bolmadyk bu ahwalatdan many çykarar diýdiler. Ýemrelilerden ele düşen iki ýigidi boşadyp, gidenleriniň-de yzyndan kowgy ibermeli däl diýen karara gelindi. Galkan batyr oda düşüp, närazylygyny düşündirjek boldy. – Möjege imrinip giden it möjekdei aýylgançdyr – diýdi.– Ol öz sürisiniň üstüne möjekleri getirer. Möjekleri gyrdyň diýeli, azan iti nätjek. Ol ertir başga möjegi tapar, başga möjek bilen çozar. Onuň sözüni ýesir düşen iki ýigit diňläp durdy. Olaryň biri dil ýardy. – Azan iti öz iliň daşyndan gözläp, heýwere azara galýarsyň, azan it tekäniň içinde-de bar. Galkan gylyç syryp topuldy, ondan şübhesiz delil talap etdi. Ýemreli ýigit hezil edip aýtdy, gyjyt hökmünde bilýänini Galkanyň ýüzüne bazyladyp basdy. Garaçöpe göçüp gaýdan obany eýranly nökerlere tapyp beren adam tekäniň özündendi. Uzak gije atlylaryň öňüne düşüp gaýtdy, oba golaý gelende, daňdan sumat boldy. Ýemreli ýigit onuň adyny bilmese-de, boguk sesini eşidipdi, möle gözüni, egri burnunyň bir gapdalyndaky çapygyň yzyny görüpdi. Galkan batyra gaçalak etmege ýer galmady, dogry gelýän okuň öňünde durandan mojuk boldy. Öz gylyjy bilen başyny kesen bolsadylar, masgaralykdan gutulardy. Häzir Galkanyň ýelini ýatyrmaga delil tapanyna buýsanyp, kanagatly garaýan ýemreliniň öňünde ýüzüni asmaga mejbur bolmak, oňa ölümden agyr degdi. Ýemreli dönügiň keşbini aýdan dessine, dönügiň ady Galkanyň diline gelipdi. Dile gelenini duranlara aýan etmek islemese-de, öz ýanyndan ony ýigrenç bilen gaýtalapdy: «Welihan çapyk!» Ýemreliniň oky nyşana dogry degdi. Welihan çapykdan başga adamyň bolup bilmejekdigi hak. «Welihan çapyk, sen möjege imrinen ganjyk, saňa erkek diýmek hebesdir. Başyna telpek geýmäge hakyň ýok, asyl-ha, seniň kelläni towlamaly!». Welihanyň tiresi başga-da bolsa, Galkan bilen daýy-ýegen ilteşigi bardy, emma olary birek-birege imrindiren alamanyň.ýoludy. Bu ýolda olaryň höwesi-de, islegi-de, nebsi-de bap gelýärdi. Galkan ondan her şumluga garaşsa-da, öz iline hyýanat edip, duşmana ýol görkezer öýtmändi. Näletledi. Hyýalynda Welihanyň binamys gara kellesini ýere togalady, hapa ganynyň çägä siňip barşyna tomaşa etdi. Nebis adamyň ynsabyndan öňe düşse, ondan her hili aýylgançlyga garaşybermelidir diýdi. Welihanyň açgözlüginiň çägi ýokdy. Alamanyň oljasy paýlaşylanda, bir gulaç ýüpüň dawasyny ederdi. Öten ýyl paýyna düşen gyrnagyň garrydygy üçin nägilelik bildirdi, iňirdäp, torsarylyp bolmajysy boldy. Galkanyň gulak etini guratdy. Garyndaşyňy horlaýarsyň diýip, zol-zol gaýtalady. Ahyry gyrnagyň gapdalyna urna diýip jotda eşek berlenden soň lal bolupdy. Ýemrelileriň üstüne çapawulçylyga gitmeli bolanda Galkan Welihany çagyrdy. Öz obasyndan göwün diýen adam tapylsa, çagyrjakmy diý. Aç-açan söweş bolsa, adam tapylardy, emma çapawulçylygyn öz ýoly, öz düzgüni bar. Tazydan çakgan, tilkiden mekir, balykdan sypjyk bolmalydy. Öz türkmenim ýa-da bolmasa, keseki diýip seljerip durjak adamyň derkary ýokdy. Möjek sürä çozanda kimin goýny, nähili goýun diýip duranok, alaryny bilýär. Şu babatdan Welihan olja küýsemese gitmezdi. Onuň iki-ýeke gyz-gelin alyp gaýtmagyna Galkan garşy bolup durjak deldi. Akmyrat göwnemedi. Akmyradyň ynsaby Welihanyň bagryny ýakdy, Welihan oda düşen gowka kimin bürüşdi, içurnuk boldy. Alnyp gaýdylan gelin bilen gyzyň girewdigine teý ynanmady. Ol gul-gyrnakdan başga ýagdaýa düşünenokdy. Namys işi üçin azaply, howply ýola düşüp, ondan harytsyz dolanmak, oňa kaýyl bolmak, Welihana geňdi. «Iki gyrnagyň biri meniňki bolar» diýip dawa tutdy. Akmyrat: «Bular gyrnak däl» diýdi. Welihan «Siz meniň gözüme çöp atjak bolýarsyňyz» diýip gygyrdy. Galkan onuň göwnüne giňlik salaryn öýdüp, wada berdi. «Indiki alamanda seniň oljaň bir paý artyk bolar» diýdi. Welihan nesýe söwda gulak gabartjak adammy!». «Seniň kimin namart bilen ýola düşenimiň soňudyr» diýip heňkirdi, gargynyp galdy. – Dönügiň läşini sermesem, men bu çöle sygman! Galkan sözüniň aýgydyny aňdyrýan şekilde ädiginiň gonjuna gamçy çaldy. Kiçi serdar oýlanyşykly gürledi. – Dönükdigine kepil geçýän bolsaň, getireliň, bolan ýagdaýy görsün, özi näme diýýär, gulak asalyň. Teklibi makul bildiler, Welihany alyp gelmege gitdiler. Galkan obada galdy. Ölenleri jaýlamalydy. Ejesiniň ölümi oňa agyr degdi. Il-gün galmagalçyl aýaly halamasa-da, ol Galkan öýde ýokka maşgalasynyň penasydy. Galkanyň öýüniň bir ganaty ýykyldy. Ol gädigi düzlemäge Gyrmyzynyň gaýraty çatmaz. Ejesine derek Gyrmyzy ölen bolsa, amatly bolardy. Aýal diýeniň tapylman duran zatmy, emma ejesini gaýtarjak ýokdy. Galkan dädesiniň öleni bilen duýmadyk ýetimligini häzir duýdy. Obadakylaryň oňa ýowuz garaýyşy bu duýgynyň ezýetini has-da artdyrdy. Olar betbagtlygyň sebäbini Galkandan görýändirler. Olaryn töhmetli garaýyşyndan sypmak üçin oňa pursat gerekdi. Şol pursatyň ýüze çykanyna ol şükür etdi. Welihanyň dönükligi adamlaryň gözüniň alnynda Galkanyň mertebesini artdyrar, olar namys işi üçin ata çykan gerçegi görerler, onuň hormatyny tutarlar, ýagynyň ýaragyndan wepat bolan Sülgüni gynanyp, gözýaş bilen jaýlarlar. Iliň hormatyny ölenden soň görse-de, ejesi oglundan ol dünýe-bu düne razy bolar. Şu hormat ölene-de derwaýysdyr welin, ol Galkana-da derwaýysdy. Gyrmyzynyň uzyn dilini kelteltmäge gerekdi. Eger Welihan boýun almasa? Ol howpuň abananyny bilse, boýun almaz, tilki kimin sapalak atar, şagal bolup uwlar, it ýaly guýrugyny ýamzyna gysyp sypjak bolar. Nebisjeň, namart adama ölüm aýylgançdyr. Olar binamys bolup gezenlerini ölümden müň paý artyk görerler. Welihany garaňky düşmänkä getirdiler. Kiçi serdar ýemreli ýigidiň salgy beren adamsynyň gaşynda duranyna şübhe etmedi. Salam berende sesi boguk çykdy, gözleriniň möleligi juda gözilginçdi, gyrpylanda gabaklary zordan biri-birine ýetýärdi. Çapyk zerarly burnunyň bir taý deşigi ýirilip ýatyrdy, uzyn gara gyllar dem alanda yranýardylar. Welihan gelşine Galkana ýigrenç bilen garady, asyl gözüni aýyrman garady. Galkan oňaýsyz ýagdaýa düşdi, onuň utançsyz garaýyşyna gaýtawul berip bilmän görejini gizledi. Welihan güldi: – Paýymy gaýtarjakmy? – diýdi. Galkan: bu akmak hata iş edeniňe heniz-de düşünmän duran bolmasyn diýip pikir etdi. Ýüzbaşy Welihana hemle atdy. – Oba gara, weýrançylyga seret. Welihan Galkany sypdyrmady. – Obasy bilen dawam ýok, meniň dawam şu duran namart bilen, munda köýüp ýatan hakym bar. Galkanyň eli gylyjynyň baljagyna ýetdi. – Lal bol, dönük haramzada! – Men haramzada, sen asylzada, dawam ýok, hakymy gaýtar. Welihanyň hakyny gideren ýeri ýokdur, ol dünýäde alaryn welin, alaryn. Hakym köýse, bagrym agyryberýer, he-he... Welihan gülende burnunyň ýirigi has-da giňäp, ýüzünde gowaga meňzeş gara deşik emele gelýärdi. Kiçi serdaryň gaşlary çytyldy. – Gyzylbaşa ýol görkezeniň çynmy? – Çyn! – Welihan ýazygy bardyr öýdenokdy. – Maňa nesip etmedik gyrnaklar Abraý batyryň namart dölüne-de nesip etmesin diýdim, hakym köýenden imanym köýsün, he-he... Dedem pahyr: «Kişä hakyny gideren günüň goç ýigit dälsiň» diýerdi, maslygy dagdan aňyrda galdy bendäniň. Galkan batyr topuldy. – Seniň haram maslygyň şu ýerde galar. Ony sakladylar. Welihan gypynç etmedi. – Gyzylbaş namysyňa degäýdimi, topulyşyň ne bela. Bi ýalançyda bihasap zat ýokdur. Dädem pahyr: «eden günäni egniň bilen çekmeseň, goç ýigit dälsiň» diýerdi. Obaňa ýagy dökülen bolsa, sen sebäpli döküldi, seniň yzyna düşüp geldiler. Salgy bermedik bolsam, olar seniň obany tapmazdylar, başga bir obanyň depesinden inerdiler, bigünä adamlaryň başyna ýeterdiler, talardylar. Galkan batyr Welihandan beýle arkaýynlyga, dilewarlyga garaşmandy, dönük sözüni eşidende huşy başyndan geçer, adamlaryň aýagyna ýykylar, aman sorar öýdüpdi. Onuň ejizlemegi Galkanyň mertebesini galdyrmalydy. Welihan Galkanyň umydyny aňyp, şol umydy ýele sowurmaga jan edip duran bolmasyn? Eger şeýle bolsa, haramzadanyň tagallasy ýerine düşüp barýar. Onuň sözi diňlendigiçe Galkana garaýan gözlerdäki many üýtgeýär, şübhe artýar. Welihan Kiçi serdara garap dowam etdi. – Men şu namardyň – şunuň adyny-da tutasym gelenok, how! – Şu namardyň gaýdan ýoluny görkezdim, obasy bilen işim ýok, obasynda algym-da ýok, bergim-de ýok. Dädem pahyr: «Namardyň ýüzüni görme» diýerdi. Ýüzüni görjekmi, bizar, bizar! Galkan çydamady. Bir bökende Welihanyň kellesini egninden sallady. Läş bolup ýere ýazylan göwräniň daşynda pelesaň urup ýörşüne, ganly gylyjyny galgadyp, yza serpilen adamlara jabjynyp gygyrdy. – Iline hyýanat eden it oglunyň gepi bolarmy! Dönügiň haky egri gylyçdyr! Kiçi serdar: – Galkan, namartlyk etdiň – diýdi. Galkan bu sözüň nähili manyda aýdylanyny seljerjek bolup durmady, ýöne Welihanyň ganynyň gara ýere siňeni bilen içiniň sowamadygyny duýdy, gaýta, abyrsyz agyrlyk gerdenine düşdi. Ýerde ýatan läş ýagyrnysyna ýüklenen ýaly ýegşerildi. Kiçi serdaryň sözi, dönügiň öleni bilen hiç hili ýeňillik duýmadyk adamlaryň şübheli garaýşy, şol ýüki has-da agraltdy. Galkan gylyjyndaky ganyň ýokuny guma oýkap arassalamaga durdy. Ol gylyjyny arassalasa-da, Welihanyň sözi zerarly adamlaryň kalbyna düşen garany arassalap bilmejegini aňdy. Adamlara gahar etdi, olar haýyr bilen şeriň çägini bilmän ötjekler diýdi. Şol mahal garry eşegini mytdyldadyp Gülnäz gyrnak geldi. Onuň aýatda diriligi duranlara häzir mälim boldy. Garaçöpe gelneli bäri ony gören ýokdy, görlen-de bolsa, hiç kimiň hakydasyna gelenokdy. Ol ýeriň teýinden çykdy diýilse ynanaýmalydy. Gülnäzi bolup geçen waka-da, ýerde ýatan läş-de gyzyklandyrmady. Ol: – Wah, ýolumy ýitiräýdim-de – diýdi. – Gözüm alanok, dag haýsy tarapda galdy, balalam. Eşegim bilenjik gitsem, daga ýetsem... Çakgan ýigit garry eşegiň ýüzüni günbatara öwrüp, syrtyna kakdy. – Ömrüň uzak bolsun, balam. Taýagatym meýdan ara açylanyna mähetdel, Gülnäz gyrnak duranlaryň hakydasyndan uçdy. Ölenler jaýlandy. Olaryn aşyny-suwuny berip, bu ýurdy taşlamaly diýlen karara gelindi. Ol eýýäm gelene-gidene mälimdi. Adamlar bu ýurda geliş bela-betere uçradylar. Gan siňen gumy basgylap ýörmegi, gan siňen çägäni ýassanyp ýatmagy ýürek edenokdy. Aýhanyň gyzy Zyba diri ýitenleriň hataryna uruldy. Ol hakda edilýän gürrüňleriň, çaklamalaryň sany artdygyça, onuň tapyljakdygyna ynam azaldy. Zybany ýemreli türkmenler alyp gidipdir diýýän adamlar delil hökmünde Sülgün gotura salgylanýardylar. Hamala, ol Zybanyň çuwala salnyp duranyny görenmiş, galmagal turzanmyş, onuň galmagalyna tutdabaslykda üns beren adam bolmanmyş. Olaryň salgylanýan şaýady ýokdy, Aýhan dirileriň arasyndan uç tapyp bilmän heläk boldy. Men Sülgüniň sözüni öz gulagym bilen eşitdim diýene duşmady. Gümürtik ýagdaý ony takyk habar eşidenden beter gorkuzýardy. Adamlar aýylganç habary ondan gizleýän ýalydylar. Zyba çöle çykanmyş, oba gelmän, bir menzil daşlykda aýlanyp ýörenmiş. Ony perreňleriň guýusynyň gaýra tarapyndaky gara sazaklaryň arasynda görenmişler. Emma gören adamlaryň takyk kimlerdigini aýdyp bilýän tapylmady. Bir adam Zybany pyýada gezdirse, ikinji adam eşege, beýlekisi ata mündürýärdi. Soňabaka gyzyl köýnekli, bilek ýaly ýogyn saçy topugyna düşüp duran, başy gupbaly, ak ýüzli gyz ak telpek ýigit bilen ak ata münüp, çöle seýrana çykýarmyş, ony utamyşyň-da, togtamyşyn-da çopanlary görenmiş diýen gürrüň ýaýrady. Bagşy taýpasyndan iki atly olaryň yzyndan kowanmyş... Ak at parlap uçup gidiberipdir, asmana galyp kişňände, atyň sesine üç günläp olaryň gulagy gapylypdyr, ýedi günläp dilleri geplemändir. Gyzyl köýnekli gyz Zyba bolsa, ak telpekli ýigit Eşretdir diýýän adamlar aşyk-magşuklaryň keç ykbaly barada aýdylýan gyzykly dessanlaryň soňundaky ölüme ynanylyşy ýaly, iki juwanyň aşyklygyna ynanyp, olaryň ölümine gynanyp, ony üýtgewsiz hakykat diýip bilýärdiler. Aşyklaryň ölüminden soňky gudrat bilen döreýän aýşy-eşrediň olara-da nesip edendigine guwanýardylar. Salgyma çalymdaş gürrüňleri diňlände, Mähriniň bogazy dolardy, gözlerine ýaş inerdi, göwnündäki pikiri aýtmasa oňmazdy. – Bi dünýede ejir çekenler, o dünede ýaýnap gözermiş. Adamlar Mähri öz gününe aglaýar diýerdiler. Galkan batyr Eşrediň ýoklugyna bil baglady. Obadaşlary oňa betbagtlygyň sebäpkäri hökmünde ýigrenç bilen garasalar-da, entek oňa çydam edýärdiler. Eşrediň diri ýitmegi Galkana tutarykdy. Şol tutaryga dulanyp, öz tiresiniň, öz obasynyň arasynda galypdy. Öz tiresine, obasyna sygmadyk adam il içinde ýaman görülýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |