13:29 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -12: dowamy | |
12.
Taryhy proza
Eşret oba ikindinara geldi. Bagaja obasyna ýagy darandygyny ýolda eşitse-de, başa düşen betbagtlygyň möçberinden bihabardy. Ony öňi bilen Taýlagyň ýumşa ýaran ogly geň galdyrdy. Ýapynyň üstünde duran oglan Eşrede biperwaý garady, höwessiz salam berdi. – Japar, meni tanadyňmy? Oglan başyny atdy. – Dädeň sag-salamatmy? Oglan sesini çykarmady, kellesini ýaýkan ýaly etdi-de, pesde iri çöpleri çekeläp otlap ýören bäş-üç sany geçä tarap garady. Hakyna seretseň, ol oba ýazzyny berip, Eşrediň, gelendigini söýünjilemelidi. – Bir tokly paýyň bar, ýet, biziňkilere habar ber. Oglan Eşrede mölterilip, onuň bolşuny geňleýän ýaly birgeňsi seretdi durdy. Soňra alaşanyň öňüne düşüp gaýtdy, ony obanyň günbatar gyrasyndaky çatmanyň üstünden eltdi. Agzyna köne kilim tutulan çatmanyň gapdalynda ýanan öýüň ýeri gara tegmil bolup ýatyrdy. Şol tegmil Eşrediň ysgynyny aldy, alaşadan syrylyp düşende dyzlary saňňyldady. Japar çatmadan adam çykaryna garaşman, yzyna ogryn garap, gelen ýoly bilen haýdap barýardy. Eşret ardynjyrap, adam gelendigini çatmadakylara duýdurdy. Sona bilen Tylla daş çykdy. Olar ilki Eşrede garap, allaniçiksi aňalyp durdular. Sona: – Eý, Alla, eý, Hudaý, bi Eşret ýaly-la!? – diýdi. – Sen biziň gözümize görünýän-ä dälsiň? – Eje, salawmaleýkim. Eneli-gyz ses edip topuldy, hersi bir golunda ýapyşyp, çekeläp, onuň gursagyna maňlaýyny urup başladylar. Eşret olary köşeşdirjek bolmady. Ol çatmanyň agzyndaky kilime garaýardy, çatmadan gaýdyp adam çykmady. Sona agysyna dyngy berip, burnuny maňňyldadyp gepledi. – Heleý tohumyna beletsiň, oglum, sümügimizi çekip-de aglamasak, biziň ýüregimiz giňejekmi. Tylla Eşrediň boýnundan gujaklap zarlady: – Ölmänkäm ýetişdiň, dogan, çöpür tanapy boýnuma alyp, gara sazakdan asylyp öljekdim, dogan. Sona gyzyna azgyryldy. – Agzyndan al kaksyn, samsyk sözüň näme diý. Oglum, Hudaý seni maňa gaýtaryp berdi. – Başyňdaky ek telpegiň ýok-la, aga jan, gyrmyzdonuň nirede galdy? – Agaň boýnuna bukaw bolduň-la, aýryl, aslyşyp durma. Gapa keçe at, Eşret atasy bilen garry enesine aýat okasyn. Tyla ses etdi. – Ýagynyň oduna ýandyk, ýagynyň oduna köýäýdik, dogan... – Bendeleriň takdyrynda bardyr, oglum. Eşret çatmanyň öňüne ýykylyp ses etdi. – Ata-am!.. Atam ja-a-an!.. Mährem ýüzüňi görjekdim, ho-o-ow... dana sözüňi eşitjekdim, ho-o-ow... Bu ses Eşrediň gelendigini aýan etdi. Obanyň ulusy-kiçisi çatmanyň önüne ýygnandy. Tagan molla ölenlere aýat okady. Gün ýaşdy, garaňky düşdi, çölüň gyzan süňňi sowap, günbatardan jana aram şemal öwüsdi. Atanyýaz nähoşlugyny tutaryk edinip gelmändi, onuň ornunda inisi Annanyýaz otyrdy. Ol Eşrede ýüzlendi. – Goluňy baglap, gurruga atdylarmy, ol bolmasa, gul edip, Ýusuby satyşlary ýaly, Müsüre satdylarmy, oglan seni? Ne bela uçuradyň? Duýdansyz ýitirim bolduň, duýdansyz-da syny sagat dolanyp geldiň. Bagajanyň başyna inen bela-beter çökder boldy, birin-birin eşidersiň, eýsem-de bolsa, öňinçä seniň hekaýatyňy diňlesek diýýäs. Annanyýazyň gep urşundaky badyhowa äheň Galkana ýaramady. Galkan bir çetde göze ilmänräk otyrdy. Eşrediň dolanmagy duýdansyzlykdy, özi-de Galkana juda ýakymsyzdy. Şu ýagdaýy aňany üçin Annanyýaz badyhowa gürleýändir. Galkan ony ömürboýy äsgermän geldi. Hemişe ondan aty çapgyrdy, gylyjy kesgirdi. Annanyýaza batyr diýlen ýeri ýokdur, alamana gidiljek bolsa, ony serdar tutunmazlar. Öýe syrtyny diräp üýrýän itiň biri it! Sesi Bagajadan daş çykmaz. Munuň agasy namart. Namart bolmasa, gelerdi. Ähli günäni Galkanyň başyndan indererler, ara ýolda Galkan garadonly bolup galar. Galkan janhowluna urundy, agzy tözlenen ýaranyň töweregini gaşaýan kysmy, käýinip, ýüregie teselli berjek boldy. Eşretden başlap, oturanlaryň ählisini näletledi. Dünýäniň ýaradylyşyndan, Hakyň buýrugyndan nägiledi. Eşrediň dolanyp gelmegi Galkanyň başyna abyrsyz nälet bolup ineýmelimi! Ol Eşrediň sergezdançylygyna gulak asdygyça näletden sypmajagyna ynandy. Suhan: – Wah-wah, Oraz neressäniň zarlap durşy ýadyma düşýär – diýdi. – Sähet aga, bende, aňan ekeni. Oraza ynanmagynyň özi ýagşylygyň ugry ekeni. «Ýazykly adam biziň üstümize gelmezdi» diýipdi bende, sesi gulagymda galdy. Ynha, indi ökünip oturmaly, eý, bi türkmen hemişe ökünmeli bolaýýar. Eşrede asyl-ha ýemreliniň dahyly ýok ekeni. Galkan oturyp bilmedi, gygyrdy. – Ol nähili dahyly ýok, kimin, toýuna gidenmiş! Annanyýaz hemle atdy: – Galkan, sen otur! – Men oturman, sözüm diňlenmejek ýerde oturman, bigadyryň ýüzüne köz degsin! Galkan turup gaýtdy. Ony bigadyr bolmakdan beter, Eşrede aýan ediljek wakalary diňläp oturmak gorkuzypdy. Annanyýaz Eşrede gürrüň berse-de, maý tapan ýerinde ýüregindäki kanagatyny Galkana ýaňzydar, igesini süýkär, namys işini püçege çykarar. Galkan çydap oturmajagyny aňypdy, galmagal turmalydy. Häzir galmagal onuň peýdasyna däldi. Ýassydan soň Eşret Galkany gapa çagyrdy. Oňly gürrüň bolmajagyny Galkanyň süňňi syzsa-da, daş çykdy. Ýaş ýigidiň ýüregini çişirendirler diýdi, ýatyp bilmän gelşidir. – Galkan däde, senlik gürrüň bar. – Iki gulagym sendedir, Eşret jan. Olar Galkanyň öýüniň aşak tarapyndaky alandan geçdiler. Gije salkyndy, asman durudy. Ýyldyzlaryň ýüzi arassady. Yzda galan obadan ses-üýn eşidilenokdy. Eşret ýyldyz ýagtysyna akjaryp görünýän takyryň ortasyna ýetip sägindi. – Galkan däde, ikimiz Ýekeçynara gidip gelmesek boljak däl. – Ýekeçynar dinýeniň nire bolýar? – Ýekeçinar Orazyň obasy, Oraz neressäň. – Orazyň obasynda galdyryp gaýdan zadymyz barmy? Eşret yzyna dönüp, Galkan bilen ýüzbe-ýüz durdy. Sojap dem alşy, onuň juda tolgunýandygyny äşgär etdi. Galkanyň gahary artdy, beýnisi bekemedik jahyly dalamaga bisabyr garaşdy. Eşret: – Meniň aýatda diridigimi görerler – diýdi. – Begendirjek-dä bolsa-da. – Ýemrelileriň bendisi däldigim-ä gördüň, indi gidip, olara-da aýtsak, sizde ýazyk ýok diýsek... – Gidiber özüň, ýoly tapaňokmy? Öňler gideniňde meniň rugsadym bilen gidipmidiň! – Ikimiz bile gitmeli, dede, başga alaç ýok. – Adam diňe ajalyň önünde alaçsyzdyr. – Ajal diý-de düşünäý. – Ýeser gürlediň, inibeg, ýese-er! Giden ekenim-dä, meniň bitirmeli işim näme? Eger seniň kölegäňe öwrülmeli boljak bolsam, agana azar berip nätjekdiň? – Mert durup, hata iş edeniňi boýun almaly bolarsyň, Galkan däde. Galkan zor bilen hahahaýlap güldi, birden-de gülküsini tapba kesip: – Jikjermegin, inijik – diýdi. – Pürsiýanyň elinde horluk gören adam akyllanýandyr, seniň ündewiňde akyl gňremok. – Sen Orazyň ganyna galypsyň, Galkan däde, Orazyň ýazyksyzdygyny indi gördüň-ä. Günäni boýun almak merdiň işidir, mert bol, däde. Görogly beg aldawa gitdi, bigünä Bezirgeni öldürdi. Hatasyna düşünen pursady är kimin durandyr, ölüme kaýyl bolandyr, Bezirgeniň uýasyna: «meni öldür» diýendir. Mert bol, däde, hata işiňi sen-de boýun al! Ötünç sorap barylmasa, iki iliň arasyndaky agzalalyk artar, duşmançylyk artar, nähak gan döküler. Onsuz-da, türkmeniň görýäni görgi, it aglamaly güni bar. türkmeniň türkmene rehimi, şepagaty bolmasa, kesekiden nämä garaşjak! Seniň dyzmaçlygyň sebäbine, niçema bigünä adam öldi. – Saňa sapak beren gökleňli zor bolmaga çemeli, adyna kim diýdiň?.. Beýniň bekemändir, hamyra düşen ýaly, näme diýilse, beýniňe ýelmeşýär galyberýär. Türkmen bir çukura tüýkürer, türkmeniň başy biriger diýip, kim agzynda aş gatyklaýan-da bolsa, sen oňa aldanma, inibeg. Çöl adamyna salgymy görkezip, «suw» diýseň, güler gerek? Sen çöl ogly, salgyma çapma, türkmende döwlet-de bolmaz, patyşa-da. Pürsiýan bilen süýkeşip ýören hyýalbent gökleňiň porruk sözüni eşitdim diýip, meýmiräp ýörme. Döwlet diýip käkeleýän bolsa, bähbidi bardyr, Nedire syrtyny diräp ýören hanyny türkmene patyşa etmegiň hyýalyndadyr. Gökleňi tagta galdyryp, kölegesinde teke saýalar öýtme. Türkmeniň başynyň jem bolmajagyna şükür et! Asyl-ha, türkmene döwlet nämesine gerek. Biz dagynykkak malymyza ot-suw tapýarysmy, sen muny bir ýere jemlemegiň aladasynda, ha-ha! Köplük-pohluk, eşretli güne garaşmagyn. Türkmeni bir ýere üýşürägeden, bir çuwala dykaýjak-da siz! Çuwalyň agzyny bog-da, ýere gömäý diý. Boljak iş şudur, inibeg! Her kime Hudaýyň miýesser eden ýurdy bar, türkmeniňki çöl bilen. Çölde gününi gerýän halkyň maňlaýyna pytraňňylyk ýazylandyr, Hudaýyň edenini adam üýtgedip bilmez. Ä-äý, seniň şol gökleňli bilimsegiň maňa duşaýsady!.. – Galkan Eşrediň daşynda aýlanyp, dilewarlygyna guwandy, beleň aldy. – Türkmeniň her öýi gala. Bir galany alarsyň, emmaki, müň galany almak çetindir. Ýolsuz-ýodasyz, suwsuz-sölsüz çölüň gala kemi barmy! Meniň Garaguşumyň geçen gumundan pürsiýanyň haýsy baýtaly geçjekmiş!.. Geplemän dur, özüňden ula gulak goý. Siz döwlet diýen bolup, türkmeni bujagaz mydaryndan-da dyndarjak bolmaň? Hol-ha, pürsiýanyň döwleti-de bar, patyşasy-da bar, bal güne batyp oturan ilini göremok. Eli agzyna ýetýän bolsa, ýesirini idemejekmi? Onundan birini ideýärlermi? Idelse, kim ýurt aşyp, Hywa bazaryna gul-gyrnak äkitjek! Patyşasy bolanda näme, ilini gorap bilmejek bolsa, başaşak gitsin! Ilini goraýan bolsa, bu çaka Galkan dädeň başy dik gezip ýörmezdi, ha-ha. – Adyl şa il-ýurduny gorar... – Erteki otarma, bes et! Saňa Aýazhan gerekdir, çarygyny tagtdan asyp oturan Aýazhan gerekdir? Ony ertekiden gözlegin. «Adamyň erbedi kim bolar?» diýlende, Aýazhanyň özi «patyşa» diýendir. Patyşanyň salgydy gursun! Patyşanyň salgydy gyzylbaşyň bilini bükdi. Patyşanyň özüni bir ýalla, ýalhoruny bir ýalla, nökerini bir ýalla, molla-müftüsini bir ýalla!.. Patyşa küýseýän bolsaňyz, gidiň, gyzylbaşyň raýatyna geçiň, hezil edersiňiz. Maňa patyşasy-da, döwleti-de derkar del, özüm patyşa, özüm döwlet! Eşret nähili degerli delil tapyp, Galkana gaýtawul berjegini bilmedi. Galkan gözüniň görýänini, gulagynyň eşidýänini aýdýar, onuň sözüne adamlar ynanar. Eger Galkan ilkagşam dawa tutan bolsady, Eşrediň ýagdaýy kyn boljak ekeni, onuň turup gaýdanyna şükür etdi. Adamlary gözüniň görmeýän zadyna ynandyrmak çetin, olar adyl patyşany görenoklar. Olar Hudaýa ynanýarlar, onuň keramatyna gol ýapýarlar. Döwletmämmet adalaty Hudaýyň nury bilen baglady. Döwletmämmediň pikiri-de, sözi-de gelşip barýardy, Eşret ol sözleri, pikirleri tapjak däldi, Döwletmämmet ýaly ynamly aýdyp biljek däldi. Dawany dowam etmekden çekindi. Dogrusy, Hudaýyň keramatyny tutaryk edinip, Galkany ynandyryp boljagyna şübhelendi. Hudaýdan gorkýan adam beýle gabahat, günä işlere baş goşup ýörmezdi diýdi. Galkan göwnühoş gürledi. – Meniň diýenim maňzyňa batdy öýdýän. – Galkan däde, sensiz Ýekeçynara gidip bilmen. – Gitme, seni zorlaýan barmy, gitme! – Şu obada, şu adamlaryň arasynda ýaşajak bolsaň, gidäýmeli. – Ýakamdan eliňi aýyr. Nireden çykdyň sen, çykmasaň bolmadymy. Däliden dogry habar, arrygyňy gynama, meni alyp giderin öýtmegin. – Soňky talaňçylygyň günäkäri sen diýýärler. – Bolmanda-da, mert Hudaýdan, namart ýoldaşdan görer. – Her kim ýitgisini ýatlanda, saňa gargyş eder. – Bigadyr ýaşandan, baş alyp giden amatdyr. Galkan böwrüne diň salyp durdy, soňra: – Seni aýt diýip iberdilermi? – diýdi. – Nähili düşünseň düşünäýmeli. – Namartlar, he-e-eý, namartlar! – Merde laýyk iş gör, Galkan däde, säher turup Ýekeçynara atlanýarys. – Men gitmen! Boýnuma kement salyp süýreseňiz-de gitmen! – Onda, gün dogýança obadan çyk, adamlaryň gözüne görünme. – Jikjerme, jikjerme! – Galkan düwdek bolup takyr ýere çökdi, käýindi. – Gara ýerin teýinden çykdynmy sen, ol dünýeden gelen-ä dälsiň-dä?! Sen agzyndan sarysy gitmedik serçe, jürküldiň myrryhymy atlandyrýar. Hudaý türkmene gylyç beripdir, akyl söz aýdyp gününi gör diýmändir. Elinden gylyç düşen güni türkmen türkmen bolmaz, aýak astynda galar. Joşy diline düşer, agzynda aş gatyklar, heleýleriň gybaty erkekleriň-de pişesine öwrüler. – Oba senden iripdir, Galkan dede. – Şony sen aýtmalymy?! – Aýtjaklar öldi, golaý garyndaşyndan galan men. Galkan gursagyna urdy. – Hä-äý, günüňe ýanaýyn, Galkan batyr! Gün doganda, Taýlagyň aýaly Şabibi Galkanňn öýüniň ýeňsesinden ses edip, gargynyp geçdi. – Ýer ýuwutsyn seni ganojak! Meniň başyma düşen bela heleýiň başyna düşmese, Alladan razy däldirin. Galkan öý goşuny iki düýä ýükläp, Gün depä galanda maşgalasy bilen obadan gitdi. Nire gidýärsiň diýip, hiç kim soramady, Aýhandan başga ugradan bolmady. Aýhanyň-da öz derdi bardy. – Ilçilikdir, Galkan, Gyrmyzy gelin, size-de aýtdygym, Zybadan gördüm-bildim eşitseňiz, habar ýetirjek bolaweriň. Derek çykmasa, ýaman boljak, derek çykmasa, men ölüp-de bilmen, şeýder-de, janserek bolar ýörerin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |