13:31 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -13: dowamy | |
13.
Taryhy proza
Tylla Zybanyň ýitirim bolmagy bilen bagly gep-gürrüňi Eşrede aýdyp berdi. Jorasy alnyp gidilipmi, ýa-da awçydan gaçýan jeren ýaly çöle tutduryp gidipmi, haýsy çaklama gol ýapýandygyny-da duýdurmady. Uýasynyň äheňindäki umytsyzlyk, has beteri-de, kazasy dolan adamyň ömrüniň soňky pursatlary aýdylyp berlendäki gynanja mahsus äheň Eşrede ýaramady. Ol ýüzüni asyp, syr bildirmän diňlejek bolýardy, göz öňünden welin, sähradan ümdüzüne tutduryp barýan Zyba aýrylanokdy. Zybanyň sabry-karary gutarandyr, Eşretden umydyny üzendir. Eşret onuň garaşanyna ynanýardy. Pahyr öz derdini özi çekendir, Tylla-da aýdan däldir. Eşret ýene özüni kötekledi, ak öýmeli gyzyň öňünde etmişiň bar, ýazygyň bar. Haram keýpe birdem maýyl bolup, biçäräniň kalbyna umyt saldyň. Umyt gargyşa, ýigrenje ýazdy. Bu ýalançyda bihasap zat ýok. Ak öýmeli gyzyň gargyşy ajal okuna öwrülip, Zyba degen bolsa bilýärmiň! Pelegiň oýny karam, ajal oky mana degmeli, Zybanyň ýazygy nämemiş?! Tylla: – Soň-soňlar görgüliniň dünýä bilen seri bolmady diýdi. «Ol pynhan duýgusy bilen ýaşandyr». Bu ynam ýitginiň derdini agraltdy. Zybanyň ýagty ýalançyda ýokdugyna ynanmak oňa juda kyndy. Eşret özüne ezýet berdi: «Zybanyň näzik ýüregi, ähtimal, seniň bihallygyňy duýandyr, seniň ýüzüňi görenden, ýitirim bolup gidenini amatly bilendir?!» – Dädesi oba-oba aýlanyp ýör, gördüm-bildim ýok. Ýemrelileriň üstüne gitjek, sorag saljak diýipdir, Atanyýaz göwnemändir. Atanyýaz göwnemäni bilen, Aýhan aga ynjalyp oturmaz. Söwdaýy bolupdyr, samyrdap ýör, nirä ýöreýänini bilenok, çöpüň düýbünde maslygy galmasa-da ýagşydyr. Uýasyny diňläp otyrka, Eşret ýemreli iline gitmeli diýen karara geldi. Atanyýaz göwnemedi. – Ýemrelilere beleň berersiň – diýdi. – Bolan ýagdaýdan habarlysyň. Bärden baryp, indi sen olara näme aýtmakçy? – Aýtmak gerekmi, meniň başymyň dikdigini görseler bolýar-da. – Hudaý penasynda saklapdyr, iliňe gowuşdyň, şükür edip, gezip ýörseň bolmadymy. Sen iliňi çykgynsyz ýagdaýda goýma. – Töhmet belasy ýaman, töhmet eden biz, günä bize düşýär. – Eneňi diri ýakdylar, ataň läşini serip gitdiler, olaryň garamaty kimiň boýnunda! Siz meniň ýakamdan tutmasaňyz-da biridir. – Öz günäňi boýun alman, ili utandyryp bolmaz-a. Dogan doganyň sarpasyny tutmadyk ýagdaýynda, ojakdan bereket göterilýär. Dogan-dogana duşman bolanda, iliň gününe it aglar, öýi-de ýanar, läşi-de seriler. Etekde oturan türkmenleriň tekä ynamy ýok, ol sebäpden-de, ýer-suw bermäge höwes ýok. Enwalla, amatly pursaty sypdyrmalyň, Atanyýaz aga, günämizi boýun alyp barsak, är işini bitirýäs, sarpamyz artar. Gylyç duşmana garşy çykylanda ýaragdyr. Bir daragtyň şahasy biz, birek-biregi kesip taşlasak, daragt gurar! – Sen bi bilimsekligiň bilen gyzylbaşdan neneň sypdyň? – Meni türkmen sypdyrdy! Küren atly ýomut, söwdagär adam, halal adam! Meni begden satyn aldy, ýogsam-da bolsa, pürsiýanyň elinde ölmelidim. Gyzylbaşyň ýurdunda birek-birekden hemaýat tapýan bolsa diý, öz ýurdunda türkmeni Hudaý tutdumy?! Eşrediň janykmasy Atanyýazy irizdi. – Gidiber, ýigit, niýetiň ýoldaşyň bolsun. Atanyýaz Galkan batyryň obadan gidenine gynansa-da, «gal, gitme» diýip, töwella bilen barmaga çekinipdi. Galkanyň umyt eden bolmagy-da ähtimaldyr. Ýakymsyz gep-gürrüňden gorkýardy. Ýagy çozsa-da, Atanyýaz ogul-gyzyny, malyny ýitirmedi. Elbetde, ony Hudaý öz penasynda saklandyr, haýyr-sahawatyna nazar aýlandyr. Emmaki, göripler beýle düşünmez, olar hemişe kişiniň rysgalyna gabanjaňlyk edýärler. Adamlaryň bolşuna haýran galyp oturmaly. Ýanyna gelen özüni mamla saýýar, boýnuna kement taşlajak, seni namartlykda aýyplajak. Eýse, ýitgisiniň aladasyny edip, urnup ýörkä, Galkan batyr mamla dälmidi? Atanyýaz ýomut söwdagäriniň Eşredi azat edişine geň galypdy. Söwdagär peýdasyny bilmese, gara şaýy çykarmaz. Eşretden näme peýda görjekmiş? Soran bolsady, ýok zatlar tapyp, ýomudy mahabatlandyrardy, Atanyýazy toba getirmäge dyrjaşardy. Alan ýoly özüniňki, gitsin, Atanyýaz ony ýola salanok, keýpi kellesinde, gulak asmajagy zor bilen saklamaga çaky ýok. Her kim öz akylyna gulluk edýär. Erte onuň başyna bela inse, injeginiň ujy iki däl, Atanyýazy kim günäkärlejekmiş? Bu pikirleri ony arkaýynlaşdyrmady, gaýta sakgalyny sallap, Eşrediň öňünde özüni aklajak bolup, mertebesi peselen ýaly onaýsyzlyga uçrady. Sona ogluny Zybanyň gözlegine çykandyr öýtdi. – Ogul, jan ogul, han ogul, eneni köseme, ogul. Iline aýlan, gyzlaryň seresini saýla, ak kejebe salyp getirmesem, gara başym gara guma garylsyn – diýip zarlady. – Otluk ýeri keýik biler, ýollar yzyn düýe biler, dere ysyny tilki biler, gije geçen kerweni torgaý biler, ogul kimdigini ene biler, jan ogul. Öýümiň diregi sen, öýümiň diregini ýitirsem, gara ýele çäräm bolmaz, asmanda ýalňyz ýyldyzym sen, ýyldyzym süýnse, çäräm bolmaz, ojagymyň ody sen, ot sönse, çäräm bolmaz. – Eje ýagşy niýetde bol. – Bir ýola dowzahdan dolanyp geldinň Hudaý maňa rehim etdi. – Niýeti düzüwiň ýoly açykdyr, eje, niýetim düzüw, maňa seniň ak pataň bolsa bolýar. – Egri ýaýdan atylan ok bolaýdyň, ogul. At iýmeýen ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýegdir, adam içmeýen ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýegdir. Il derdine ýaramajak ärleriň doganyndan dogmadygy ýegdir. Sen il derdine melhem gözläp çykýarsyň, seni ýoldan saklasam, eneň başyna il-günüň gargyşy ýagar. Gözýaş edemok, oglum, eneň gözýaşy Tüni derýa öwrülip, ýoluny kesmesin. Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak bolsun! Ejesiniň mertligine haýran galyp duran Tylla dodaklaryny dişläp, hum ýaly çişip, ýarylsa ýaman boljagyna düşünip, ýeke söz diýse, ýaryljagynyň ähtimaldygyna ynanany üçin, geplemän agasyny ugratdy. Eşret aýralyk pursadynyň derdini ýeňletmekden ötri, uýasyna ýylgyryp garady. Agasynyň ýylgyrmasy Tyllanyň ömürlik ýadynda galdy. Agasynyň gara gözlerindäki yssy mähir, ýagtylyk ýadynda galdy. Zybanyň gözlegine çykan agasyna guwandy. Olar ýanan öýüň gapdalynda dikilen çatmanyň gapysynda durup, Eşredi ugratdylar. Birek-biregiň ýüzüne garamaga çekindiler. Olaryn, agysy içine düşüpdi. Eşret ir ikindin, çöle biraz salkynlyk aralaşanda ýola düşdi, uzakly gije ýöremekçidi. Ol ýüzugra atasynyň mazarynyň başynda aýat okap geçdi. Garaçöpe gelnenine sähelçe gün geçse-de, takyryň gyrasynda gonamçylyk döräpdir. Sähet çopany gonambaşy goýupdyrlar. Sähet çopanyň gapdalynda Akmyrat tümmek gum bolup ýatyrdy. Gapdalyndaky kiçijik mazar oglunyňkydy. Batyrjyk aýnalyp bilmändir, iki günden soň ony-da jaýlamaly bolupdyr. Çaga mazarynyň tümmeginde göze iler ýaly kesek ýokdy, toýun topragy owradypdyrlar, sypalapdyrlar. Adam eliniň, barmaklaryň yzy bildirýärdi. Jeren pahyr gonamçylygyň töwereginden aýrylanok diýdiler, çagasynyň mazaryny bagryna basyp ýatyrka, iki ýola adamlar ony alyp gaýdypdyr. Eşret töwerekde gara görmedi, oňa derek ýüregiňi mynçgalap barýan agyr, gussaly ümsümlik duýdy. Bu ýerde Towşan ejäniň mazary ýokdy. Öý bilen ýanan adam öwlüýä küýsemez, öýüň özi öwlüýädir diýdiler. Gonamçylygyň ümsümligi Eşredi agyr oýlara iterdi. «Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz, çölüň gök çemeni, sonary güýze galmaz, bi dünýä geleniňki bir pasyldyr – diýdi. – Halal iýip, halal gezen, atam, seniň imanyň nesliňe medet bersin. Ata, men ýene Oraz neressäniň iline ugradym. Barça türkmeniň kalby seniň päk kalbyňa ogşasa, meniň sözüm rowaç alar. Ak çägäni ýassanyp ýatyrsyň, atam, ak çägede çeşme suwunyň arassalygy bardyr, ýatan jaýyň ýagty bolsun!..». Eşret garalyp ugran Garaguma siňip gitdi. Bagaja obasy ertir Garaçöpi taşlap, täze ýurda geçmekçidi, emma Aýhansyz göçmeklik makul bilinmedi, garaşmaly diýildi. Ol nirä gitse-de, bir gijeden artyk eglenmän gelýärdi. Nirä gidýänini hiç kime aýtmazdy, özi-de bilenokdy. Aýlanyp ýörse, ahyry Zybadan uç tapaýjak ýaly, öýünde oturasy gelmezdi. Ol amaşalaryň obasyna baranda, goňurlylaryň habaryny eşitdi. Bir çopan mal bakyp ýörkä, uly gyzyň jesediniň üstünden baranmyş diýdiler. Aýagy ýalaň, dabanynyň aşagy gan-gabarçak, egnindeki keteni köýnegiň etekleri daraw-daraw bolupdyr. Pahyr azaşandyr, suwsuzlykdan ejir çekip ýykylandyr. Ýykylan ýeriniň gapdalynda oba bardygyny-da bilmedik bolara çemeli. Endamynda el urlup, ýa-da ýara düşen ýeri ýokmuş. Jesedi zaýalanjak bolupdyr, bilinýänçe bir gün – ýarym gün jöwzada ýatandyr, hernä, it-guş çekelemändir. Görgüsiýamany jaýlapdyrlar. Medet diýen aksakgal öz öýünden ugradypdyr, obany ýygnap, aşyny-suwupy beripdir diýdiler. Aýhan: – Lybasyny görsem ýitigimi tanaryn – diýdi. Ol gije ýola düşmekçi boldy, ýanyna belet goşdular. Gün doganda goňurlaryň täze guýusyna ýetildi, salgy alyp, Medediň öýüni tapdylar. Uzyn boýly, agajet, çuw-ak sakgaly tämiz daralan, ýeňsesi oklaw ýaly dik ýaşuly: – Medet diýilýän mendirin – diýdi. Baranlary töre geçirdi, saçak atdy, düýe çal, agaran, ýahna et goýdy. Saçak ýygnalyp, töwir galdyrylan dessine, Medet aş dulda oturan ak saç kempire ýüzlendi. – Enesi, düwünçegi çykar – diýdi. – Bular ýitiglerini yzlap gelipdirler. – Soňra Aýhana garap dowam etdi. – Sakgaldaş, gapyda düşeniňde garaýyşyň duýdurdy, eliň-aýagyň saňňyldap dur, ýagdaýyny perişan gördüm. Aýhanyň dili basyldy, bazzyk-buzzuk geplejek boldy, «aňypsyň, dogry aýdýarsyň» diýjekdi, basyrganýan ýaly, näme diýenini özi-de aňşyrmady. Geplemekden ellibizar geçdi, ünsi haly çuwala sag goluny goýberen aýalyň çykarjak zadyna gönükdi. Kempir düwünçege derek Zybany çykaraýjak ýalydy. Galpyldap oturşyna çykaryljak eginbaşyň Zybanyňky bolmazlygyny diledi. Ol umytly gözlegini dowam etdirmäge kaýyldy. Kümüş şelpäniň sesine tisgindi, ýüregi üzlen ýaly, ýaý kimin dartylyp duran göwresine gowşaklyk aralaşdy. Şol barmana-da, çuwaldan çykarylan ak düwünçegiň gyrasyndan tanyş gupbanyň depesini gördi. Bedeni güýç-kuwwatdan jyda düşdi. Medet howlukman orta atylan düwünçegi çözdi. Zybanyň tahýasyna berkidilen şelpeli gupba Aýhanyň ýüregine ot bolup ýapyşdy. Gyzyna niýetläp, arzuw bilen ýasan gupbasy, gümmezine altyn çaýylan, hakykdan goýlan gaşlary ojar ody ýaly köräp ýanýan arzyly gupba, ussanyň zähmediniň puçdugyny, asyl, dünýäniň soňunyň puçdugyny, adamyň ömrüniň puçdugyny duýdurýan ýowuz alamata öwrülip, Aýhanyň öňünde ýatyr. Aýhan ýitigini tapandygyny söz bilen duýdurmaga ýaramady, eňreýän şekilde, üzlem-saplam ses eşidildi. Gözünden akýan ýaş sakgalyna sindi. Medet: – Beterinden saklasyn – diýdi, düwünçegi düwüp, gapdala goýdy, soňra ikidyz oturyp, aýat okamaga başlady. Medet sesini süýkdürip, keşbine laýyk gelýän sypaýylyk bilen aýat okaýardy. Aýhan nesip etmedik gupbany ýasan mahaly Zybanyň begenişini ýatlady. On ýaşa-da ýetmedik gyz, çebşek ýaly bökjekläp, gupbanyň şelpeleriniň owazyna begenip, dädesiniň boýnundan asyl-asyl bolupdy, maňlaýyndan ogşapdy. «Däde jan, dädem jan, ömrüň uzak bolsun!» diýip gygyrypdy. Tahýa dakylan agyr gupba kellesinde duranokdy, kellesi sähel birýana gyşarsa, syrylyp gaýdyberýärdi. Şondan-da tomaşa tapyp, hikirdäp gülýärdi. Ol mahal ejesi ölmändi. Hajar: «Uly gupbany uly gyz bolanda dakynarsyň» diýdi. Zyba: «Şelpesiniň enaýydygyny! – diýip, tahýany elinde aýlap, şelpeleriň sesine sesini goşup gülýärdi. – Däde, sen bi şelpeleri şöhleden ýasadyňmy! Eje jan, seret, seret, bi nagyş «gülýaýda» meňzeýär. Gupbam bar, gupbam bar, gupbama otaga tapaý-da, eje jan! Ak gaz, gara gaz, dünýä ýüzi ala ýaz. Ak gazyň ýelegini tap, eje». Ejesi barka, Zyba şadyýandy. Hajar ölenden soň Aýhan gyzynyň şadyýan gülküsini eşitmändi. Medet Aýhany Zybanyň mazaryna alyp bardy, aýat okadylar. Soňra mazaryň başynda Aýhanyň ýalňyz özi galdy. – Gyzym, Zyba jan!.. – diýip, sesini sandyradyp, gözýaşa boglup, mazara ýüz tutdy. – Çöl söküp, il söküp, tapaýdym-o-ow, gyzym seni! – Dömen ýaranyň iriňi çykanda, bedendäki azaryň azalyşy ýaly, gyzy bilen gürrüňleşdigiçe, Aýhan ýüregindäki azary bir pursat duýmady, gaýta, azaply dünýäni egninden aşyryp duran ýaly ýeňledi. – Gyzym, sada rowaýat aýdyp bereýin, ähtimal, dirikäň eşiden dälsiň... Hudaý haýwany, ynsany ýaradandan soň, günlerde bir gün olary ýanyna çagyran. Her kime buýrugyny aýdypdyr. Balyk barmanmyş, suwuň düýbünde ýüzüp ýören. Mahal geçýär, suwuň ýüzüne çykyp seretse, keýik janawar kenarda bökjekläp ýören. «Nämä begenýärsiň?» diýip, balyk keýikden soranmyş. Keýik aýdanmyş: «Mada ýyndam aýak berildi, çakganlygyma begenýän. Saňa suw ýetdi, sen Hudaý çagyranda barmadyň». Onda balyk: «Adama näme berildi?» diýip sorapdyr. «Adama akyl bilen başarnyk berildi» diýipdir. Balygyň akyl sözüni diňle, gyzym. «Beýle ýagdaý boljak bolsa, şatlanyp ýörme – diýipdir. – Adam diri gezse, bize çölde-de, suwda-da ýazylgançylyk bolmaz» diýipdir. Adam adama ýazylganlyk berenok, haýwan neýlesin, gyzym. Sen biçäre keýik ekeniň. Adamdan pena tapjagyňa ynanmansyň-da, çöle çykaýdyňmy! Keýik janawar möjekden gaçsa, sen adamdan gaçypsyň çaky. Obada-da berbatlyk köki boldy. Akmyradyň aşyny-suwuny berdik. Agaňdan habaryň barmy, gyzym? Eýsem-de bolsa, agaň ýykylanyny görüp, çöle çykan bolma sen? Akmyrat karam etdi, meniň gezegimi aldy-da gidiberdi. Herne, oda merdiň ölümi miýesser etdi. Jigiň-de aýňalmady. Jeren gelniň goltugy boşap galdy. Sähet bendäniň ýurduna hazan ýeli çaldy, eý, aýdyp otursam sözüm gutarmaz. Sähediň ojagy sönmedi, şoňa-da şükür. Hudaýyň rehimi indi, agtygy başy bitin, syna sag dolandy herne. Eşret gelipdir diýdiler, şuny eşidip, juda tamada bolaýdym, Zyba-da çykar diýdim. Çaky sen obadan daşlaşan ekeniň, gyzym. Zyba, seniň giden ugruň indi dädede aýan, sen köne ýurda ýetjek bolansyň, şeýlemi, gyzym, köne ýurtda ejeň mazary galypdy. Hajar ölmänke, bir söz diýipdi, eşit şony: «Men ölsem, elimi goparyp alyp galyň, ýerime biri geläýse, Zyba jana el galdyrar, ursa-da meniň elim bilen ursun» diýipdi. Herne, ejeň öňünde ýüzügara bolmadym. Mähri görgüli seniň zarydy çekip otyr. Gyzym, sen ol dünýäde ejeňe gowşansyň, siziň ornuňyz behiştdedir. Size gowuşmak dädeňe miýesser eder öýdemok, dädeň günäsi agyr, dädeň dowzahda ýanmaly adam. Öz çagasyna pena bolup bilmedik adam dowzahda ýansa-da gelişmän durmaz. Saňa ýeke sargydym bar, gyzym, şony ejeňe ýetir, goý, ol maňa gargap ýörmesin. Töwerek-daşym ýetim çaga, şony-da Allanyň maňa beren jezasy diýip biliň. Dädeň tenekar sepip, arassa kümşi üreden saýlap bilýär, emmaki, adama gezek gelende, dädeň alaçsyz. Kümşi eretmekde kynçylyk ýok, adamlaryň ýüregini eretmek kyn. Ýüregi eremeýän adamyň üresini saýlap bolanok. Şuny ejeňe düşündirip aýtgyn, gyzym. Galkan batyrdan mysal tutup aýtsaň düşüner. Ahyr pellede Galkan oba sygmady diý. Wah, gyzym, biraz howlugan ekenik-dä. Oňa-muňa äkidip, derdiňi dep etdigimem-ä bolmady. Niýetim ýagşylykdy diýsem-de bolardy, äý, seniň ýokdugyň köseýär, gyzym. Ajy ölüm başa düşende, düýnki ýagşylykdyr öýdüp edeniň, bu gün ökünje öwrüläýjek ekeni. Gör-ä, ýetim guşuň gaýdyp gelende sen ýok. Ölüm adamyň paýhasyny durlaýar. Eýsem-de bolsa, paýhasyň durulygy baharyň salkyn şemalyna ogşaýar, sähelçe möhleti bar. Bahar şemalyna derek soň epgek öwüsýär, boý alan maýsany guradyp taşlaýar. Adam ýaradanyň gazabyna duçar bolanda, günäli-de ýanar, bigünä-de ýanar. Eýse, sizde günä barmydy, gyzym! Aýhan mazaryň töweregine reje berdi, gün ýaşanda gyzy bilen hoşlaşdy. Oba dolanyp, öz öýünde Zybanyň patasyny almakçydy. Ýekeçynara barýan Eşret mundan bihabardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |