13:33 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -14: dowamy | |
14.
Taryhy proza
Eşret owaly bilen Ýekeçynara barmakçydy, Orazyň gapysynda düşläp, aýat-töwir etjekdi, soňra ýaşululary çagyryp, ýagdaýyny aýtjakdy. Ölüm-ýitim adamyň başynda bar zat, bulançak dünýäde diri ýitýän-de gyt däl diýjekdi, men-de şol diri ýitenleriň biri. Orazyň toýy diýip, siziň iliňize rowan boldum, gelnalyjysynda at çapjakdym, owlak-guzy gapjakdym, ýaş çatynjalara öz ilimiň ýagşy niýetlernni aýtjakdym. Nesibämde ýok ekeni, kesekiniň girisine düşdüm. Niýeti düzüw adam meni ölümiň penjesinden sogrup aldy diýip, Küreniň sahawatyny, merhemetini aýan etjekdi. Olaryň ýüregine giňlik aralaşar, olar türkmeniň birek-birege doganlygyna ynanarlar. Duşmançylyk olary-da ýadadandyr. Güýje baýyrynyp kelle alýan dyzmaçlardan il-gün bezgek bolupdyr, il-gün paýhas bilen köňül alýan adamlara mätäç. Adam öz öýünde doganyň kimdigini bilmese, öz ilinde dostlugyň nämedigini bilmese, çäginiň dardygyna düşünmese, onuň gününe it aglar. Orazyň uýasy, aglama, men saňa aga bolaýyn. Orazyň gelni, (Wah, Eşret siziň adyňyzy-da bilenok), aglama, eňreme, men size hossar bolaýyn. Täk öz iliňizden pena gözläp ýörmäň, başga ilden-de pena tapsa bolar. Başy çalaran, aksakgal ýaşulular, siziň sakgalyňyzyň agyna gurban, ýaşan ýaşyňyza gurban. Il-gün siziň akylyňyza, paýhasyňyza mätäç. Siz maňa: «Ýeke gelipsiň, eger seniň pikiriňi ýaşulularyňyz oňlan bolsady, olar seniň bilen bile gelerdiler» diýmegiňiz ähtimal. Men atamy alyp gaýtjakdym, bolmady. Aýhan agany alyp gaýtjakdym, bolmady. Olaryň başyna düşen ölüm, ýitgi sizi buýsandyrmasyn, «Zorluk eden zorluga-da duçar bolar» diýseňiz, paýhasa gol ýapdygyňyz bolmaz. Siziň paýhasyňyz gara daşlardan gaýnap çykýan mumyýa mysaly, synan göwünleri seýiklemeli. Synan göwün diňe öz iliňiziň husurydyr öýtmäň, külli türkmeniň göwni synyk. Toýunyza geljekdim, ýasyňyza geldim, toýuma çagyrjakdym, toýsuz galdym, Zybany ýitirdim. Diri ýitgide umyt bar. Oraz jan, ähtimal, ýitigimi seniň ilinden taparyn?.. Eşret böwrüne diň salyp, birdenkä-de, öz pikirinden, öz sözünden nägile boldy. Özüni beýnisi bekemedik çaga saýdy, sözüniň juda ýöntemligine gynandy. Ölüm-ýitim abyrsyz hasrat. Ýüregi hasratdan doly adamlar onuň emelsiz sözüne gyjyt manysynda düşünseler nädersin!.. Eşrede beýle manyda düşünmek paýhassyzlygyň nyşany bolar. Eşret paýhas gözläp, paýhasa ten berip gaýtdy. Zybany tapjagyna umydy bardy. Eger Zyba ýemreli iline getirilen bolsady!.. Aýhanyň çöle çykyp, ýol-ýodany yzlap ýörmesi only zadyň alamaty bolmasa-da, Eşret gudrata ynanýardy, özüniň iline gowuşmagyny-da gudrat diýip bilýärdi. Zyba adamlaryň rehimine mynasyp maşgala, bigünä maşgala!.. Geçen tomusda Aýhan agalaryň gapysynda keçe togalapdylar. Mähri bilen Zyba keçe gülledi. Soňra ony gamşa dolap daş çykardylar. Mähri gamşy suwlady, suw ýüňüň gatlaryna mazaly siňdi, agraldy. Läş kimin agralan gamyş düýrmegini iki baka togalamak aňsat işmi diý. Bir gapdalda Aýhan bilen Zyba, beýleki gapdalda Mähri bilen Eşret, togalap başladylar. Zyba Eşrediň gabat garşysyndady, gabaklaryny galdyrsalar, birek-birege gözleri düşýärdi. Eşredi çagyryp getirmändiler, Aýhan aganyň ýanyna gümür-ýamyra gelipdi, has dogrusy, Zybany görmäge gelipdi. Nädip, keçe togalamakdan boýun towlasyn! Wah, gabadynda Zyba durjak bolsa, ol mundan agyr işe-de kaýyl. Zyba aşaklyk bilen Eşrede garaýar, Eşret oňa garaýar. Zyba ýylgyrsa, Eşret-de ýylgyrýar. Ol gamşyň agramyny-da duýanok. Ol göreji bilen: «Sen ajap gyz» diýýär, Zyba garaýşyň manysyna düşünýän bolsa gerek, gyzarýar, ýylgyrýar, sülmüreýär, soňra ajap gyzdygyny boýun alýan şekilde ýene Eşrede seredýär. Eşret garaýşy bilen aýdanyny söz bilen diýjegine-de ynanýar. Diýerin, Zyba bilen ikiçäk galsam, diýerin diýýär. Aýhan öýle namazyny okamaga öýe girýär, Mähri düýeçal getirmege gidýär. Eşret Zyba bilen ikiçäk galýar, emmaki, diýip bilenok. Üç sözi diliniň ujunda saklap dur, aýdyp goýbermeli, aýdyp bilenok. Aýtsa, töwerekdäkiler eşidäýjek ýaly, aýtsa, Zyba düşünmejek ýaly! Gamşyň ýüplerini rejelämsoň aýdaryn diýýär, mahaly bilen gutaranok, aýdyp bilmejegini bilýäni üçin gutaranok. Zybanyň garaşýan bolmagy-da ähtimal. Garaşany sebäpli-de, başga gürrüňi ara sokmajak bolup gepleýän däldir. Eşret özünden utanýar, aýdyp bilmeýändiginden utanýar. Çally çanagy göterip Mähri öýden çykanda, dogrusy, begenýär, özüni aldajak bolup «Mähri çykmadyk bolsa, diýerdim» diýýär. Akmyradyň ogly Batyryň diş toýuny edenlerinde Zyba pişme dadyrmaga geldi. Şonda-da, Eşrediň ýeke özi öýdedi, diýäýmelidi, diýip bilmedi. Gaýta: «Dädeň öýdemi?» diýip soraýar. Zyba: «Öýde. Dädemi nätjekdiň?» diýýär. Eşret haňk-huňk edip dur. Gyz tüweleý ýaly bolup çykyp gitdi. Eşret özüçe many çykarýar: «Dädemi nätjek, näme gepiň bolsa, mana aýdyber». Eşret onuň dädesini näme maksat bilen soranyny häzir hem bilenok. Ol Göroglynyň töwekgelligine haýran galýar. Zaňňar, gyz-gelin görse, elinden şapba tutup, söýgi namasyny aýtmagy eşekden palan aýrança-da görenok. Äý, Eşrediňkä bolanok! Bu sapar Eşret Ýekeçynara Durunyň üsti bilen gitmedi, gumuň içi bilen gidip, Gökdepäniň demirgazyk tarapyndan çykmakçy boldy. Gün dogup, guşluk ýere galanda, ýemrelileriň ekinçiligine ýetdi. Alaşasyny suwa ýakdy, biraz dem berdi. Meýdanyň arpasy orlupdyr, bugdaý bişip ugrapdyr. Aýak ýalan, başaçyk ýetginjek sapana salyp bugdaýçylyga golak atýardy. Sapanyň şarpyldysyndan onuň öz sesi has belentdedi. – Gi-i-iw, wu-u, gi-i-iw-wu-u... Bir süri garasar gonup bilmän, asmanda agyp-dönüp janserekdi. Garasarlar gum bolup gidäýmese, ýetginjegiň galmagaly galarly däl. Sesýetim ilerde iki adam harman atýardy. Eşret öňünden çykan oba girmän, sowa geçdi. Günbatara gidýän ýola düşüp, daga tarap tutdurdy. Uzak gitmedi. Yzdan, oba tarapdan at toýnaklarynyň sesi eşidildi. Üç atlynyň ýüzin salyp gelýänini gördi. Olar Eşrediň daşynda öwrüm berip durdular. Atlylaryň biri orta ýaşlaryndaky, maňlaýy çapyk adamdy, ikisi ýetginjekdi. Çapyk azm urdy: – Heý, nirden gelip, nirä barýan bolduň? – Gumdan gelýän, daga barýan. – Dagyň gara daşy gerekdir saňa! – Iki ýetginjek bu söze arkan-ýüzün gaýşyp güldi. – Soralmasa-da, tekeli türkmendigiň belli, öz diliňden-de eşideli. – Tanadyň, ýaşuly. – Tanan bolsam, sen biz bilen gidersiň. – Siz bilen nirä gitmeli men? Çapyk mahabatly jogap berdi. – Hanyň galasyna. – Meniň hanlyk işim ýok. Çapyk gamçysyny asmanda galgatdy. – He-eý, tekäniň dogmasy, ýenjeris! Üç atly Eşredi ara alyp, ilerki daglara tarap tutduryberdi. Hernä, pürsiýanlar ýaly onuň elini-aýagyny daňmadylar, şoňa-da şükür. Gün süýr depä galyp, kölege ýitende, daglaryň önündäki baýyrlara ýetdiler. Ýol baýyrlaryň gädiginden jülgä girýärdi. Atlylar gädige ýetmän, günorta sowuldylar. Etekden akyp gelýän suwuň gyrasyny alyp gitdiler, ekinçiligiň başlanýan ýerindäki belent derwezeli galanyň öňünde aýak çekdiler. Galanyň gaýra gapdalyndan obaçylyk başlanýardy. Palçykdan galdyrylan pessejik tamlaryň bir topbagy beýlekisinden sowaşykdy, töwerek-daşy ýalazydy. Agyl, agaç-ugaç seýrekdi, mal-halyň sesi eşidilenokdy. Jöwza yssy bolandanmy, daşda-içde adam-gara görünmedi, taşlanyp gidilen ýurduň tukatlygy duýulýardy. Her ýerde-her ýerde çürerlip oturan oraçalar köne dona salnan ýama kysmy, obanyň tozgun görnüşine has-da gözgynylyk berýärdi. Dikelip duran bary-ýogy iki sany gara öý, olaryň-da süňňi lagşapdyr. Uklar gyşaryp, sähel yrasaň tüýnük ýere gaçjak. Üzügiň deşiklerini şu ýerden sanap oturmaly. «Ejem bu öýüň ezenegini galdyrardy». Eşrediň islegi ajy hakykaty tekrarlady. Ejesi bilen uýasynyň ýatyp-turýan çatmasy, ony häzir, şu ýerde bimöçber alada goýdy. Ýüregi awady, çaltrak dolanmagy küýsedi. Gala ätiýaçly garady. Göwrümini giň tutjak bolsa-da, kalbynda dörän howsalany äsgermezlik edip bilmedi. Galanyň oturan ýeri seleňdi, haýbaty äşgärdi. Ilersi dag, gaýrasy sähra, boşluk meýdan çöle tarap peselip gidýär. Häzir yssy howanyň bulançaklygy gözýetime perde çekse-de, güýzüň dury howasynda alysdan gelýän atla bu gala äşgär görünýändir. Çapyk bokurdagyna bat berip gygyrdy. – Ha-aw, açyň derwezäni! Agaç derweze açylmady, derwezäniň depesinde syrylan kelle göründi. Ýülmek ýüzli ýigit aşakda duranlara sesini aýnadyp gep atdy. – Top süýrän geldimi-aýt? Çapyk keýpihon azgyryldy. – Kim gelenini gereňokmy? – Hi-hi-hi... Gylyç batyr geläýipdir. – Han aga galadamy? – Abdylla kürt bilen sadranç oýnaýar, päsgel berseň-ä halamaz. Utanyň baýragy ýesir. Han aga utsa, gara gözlüje kürt gyzyny alaýmagy-da ähtimal. Derweze sakçy batnyksyz güldi. – Hana habar ýetiriň, Gylyç batyr geldi diýiň. Tekäniň jansyzy gola düşdi diý. Eşret güldi. Çapyk oňa üns bermedi. Depeden gürleşmek derweze sakça ýaran bolmaga çemeli, ol bu sapar Eşrede ýüzlendi. – Haýp, ýaragyň ýok ekeni, ýaragly bolaýsadyň, Gylyç batyra serdar bolup görnerdiň, hä-hä-hä-ä... – Lal bol-da, derwezeni aç! Agyr derweze kynlyk bilen açyldy. Gala girilen dessine, Çapyk atdan duşup, owşanaklap, taýagatym aralykdaky eýwanly jaýa haýdady. Derweze golaý uly garagaç ösüp otyrdy. Saýasyna köne palas taşlapdyrlar. Iki ýetginjek palasyň üstüne gyşardy, Eşret takyr ýere çökdi. Eýwanly jaýyň ýaýrawy giňdi, obadaky tamlardan has belentdi, ýene galanyň içindeki ýalazylygy synlanda, Eşret getirilen ýerini hanyň mesgenidir öýtmedi. Ispendiýar begiň galasyndaky bagy-bakjany görjekdi. Eýwanyň öňünde ýene bir düýp garagaç, başga geze ilýän gök çöp ýok. Gaýra böwürde bäş sany at yssynyň ejirini bile çekişmegi wadalaşan ýaly, töweregindäki gymyldydan bizar, boýunlaryny saldaşyp durlar. Eýse, şu atýatak boldugymyka? Ilerki haýatyň öňünden agzy haňkaryşyp duran üç-dört sany pessejik tamy biri-birine ýelmeşdirip salypdyrlar, içinde adam ýaşaýana meňzänok. Eýranyň obalaryndaky başy gök direýän syrdam derekler Eşrede ýarapdy. Ol derekler bu toprakda bitmeýärmikä? Gapdaldan şaglap suw akyp ýatyr. – Bir owurt suw tapylmazmy? – Içjegiň suw bolsun, teke garyndaş – Derweze sakçy suwly küýzeni alyp geldi, Eşrede uzatdy . – Saňa jansyz diýäýdi-le, bi ne gep boldy, garyndaş? – Dil bir öl ýere biten zatdyr. – Bildir arpany-da, bugdaýy-da sizin iliň adamlary üstümize gelip alyp gidäýipdirler, bu ýyl neneň bolar? – Derweze sakçy öz sowalyna özi jogap gözleýän şekilde oýurganyp durdy. – Il aglak bolanda, doňuz depä çykaýjak ekeni. Han aga Abdylla kürt-de ýaraberýär, Gylyç batyr-da ýaraberýär. Teke garyndaşlar, siziň-de hemişe ganyňyz gaýnap dur. Ýetginjekleriň biri:, – Gorsaw çägeden çykman otyr: ganyň gaýnamazmy – diýdi. Beýlekisi hikirdäp üstüni ýetirdi. – Ajy suw içip, halys porsadylar diý-dä! Derweze sakçy käýindi. – Lal bolsaňyz-la, oňly bolsaňyz, Gylyç batyryň yzyna düşermidiňiz. Ýetginjekleriň ekabyry gylyjyna ýapyşdy. – Agamyza dil ýetirme, hetdiňi tana, sen! Derweze sakçynyň haram gyly gymyldamady. – Jürküldeme – diýdi.– Galmagal etdigiň, galadan çykaryp kowaryn. Ho-ol, tamyň içinde bäş sany goç ýigit harlap ýatandyr, şol zalymlaryň eline düşäýji bolma. Süňküň-de gatamandyr, owum-döwüm ederler. Il-gün ekenje dänesini ýygnajak bolup derdi-azar. Seniň batyr agaň lotynyň lotusy, bikär, hannas! Ýüregiň ýarylýan bolsa, ýarylsyn-la, şol-a şeýle. Öňünden del adam çyksa, jansyz diýýär alýar gaýdyberýär. Äý, seniň batyr bolaýşysy diý. Kimi getirse, getiren adamynyň muzduny soraýar, han akmakdyr-ow, hä-hä-ä... Arpa or, bugdaý or, harman döw... ýagşy-da bir aga tapynan ekeniň. – Soňra ol Eşrede öwrüldi. – Uzak saklaslary ýok, boşadar goýbererler. Ikimiz söwda edeli, saňa däne gerekdigi belli, däne-de mende bar... Gylyç batyr hasanaklap geldi. Eşredi hanyň ýanyna alyp gitdi. Eýwandaky gapydan giren ýeriň uly otag ekeni. Eşrediň ilki bilen duýany salkyn howa hem çilimiň ysy boldy. Birbada jaýyň içi garaňky göründi, törde oturanyň iki adamdygyny saýgarsa-da, ýüzlerini aýyl-saýyl edip bilmedi. Salam berdi, salamyna jogap eşitmedi. – Taňry salamyny almazlyk günädir, han aga. Gözi öwrenişdigiçe hanyň kimdigini saýgardy. Ýüzi ýazgyn, gara sakgally, başy tahýaly, ak köýnekli, ýuka dony egnine çala ilteşip duran adam hanyň özüdir diýdi. Han dok adamyň kanagaty bilen güldi. – Abdylla, bu ýigidiň salamyny almasak, ikimizi-de dowzaha taşlajak. Başy bagana külahly, pezzik murt, dar maňlaý adam juda gaty güldi, gülkiniň soňuny şowhuna ýazdyrdy. – Bi uşak hoşuma gelýär, han aga, uşagy sadranja goý, utaýyn, alyp gideýin, başyny aparaýyn. Han ýazgyn gaşlaryny çytdy, Eşrede höwessiz garady. – Kim seni bäri ýoldady? – Kim ýollady diýme, han aga, gelenimiň sebäbini sora. – Sebäbi mälim, jansyz diýdiler, kimiň jansyzy sen? Eşret hahahaýlap güldi, ýeňsede duran Gylyç batyr onuň böwrüne hürsekledi. – Han aga, heý-de, meniň jansyza çalym edýän ýerim barmy?! – Ýaragly gelseňiz garakçy siz, sen ýaragsyz gelipsiň, saňa kim diýmeli? – Men bir tükeniksiz derde galan ýazyksyz bende, diňleseň derdimi aýtjak, han aga. Han haly düşegiň üstüne taşlanan güpjekleriň birini çekip, ýanyny ýere berdi, ortada duran gümmezli çilimiň naýyny eline aldy. – Eger ýalan sözlesen, diliňi sograrys, aýdyber, – Ýalan söz bergim ýok saňa, han aga. Eşret başyna düşen wakalary başardygyndan gysga, tekepbir adamlary ynandyrar ýaly hörpde aýtmaga çalyşdy. Juda uzaltsa, olaryň sabry gutarar, tüket diýerler. Özüniň begenen ýerinde olaryň-da begenmegini, gynanan ýerinde, olaryň-da gynanmagyny küýsedi. Bu isleg ony tolgundyrdy, sesiniň sandyraýandygyny, deminiň barha ýylaýandygyny özi-de duýdy. – Ýekeçynara ýetirmediler, han aga, Orazyň dogan-garyndaşyny, obadaşlaryny görjekdim. Maňa ynanardylar. Han aga, rugsat et, men gideýin, ýüregimde arman galmasyn. Eşret hekaýatyny tamam bilip, hanyň jogabyna garaşdy. Abdylla jibrindi. – Bi uşak erteki apardy, ýalan söz diýdi, başyňyzy aýlamak isleýär. Goýberme, goluny bagla, jansyzdan-da beter, jansyzdan-da pisdir bi uşak. Size tekeden ýagşy goňşy-da bolmaz, gardaş-da bolmaz. – Bize-de ýemreli ilinden duşman bolmaz. – Ýalan söz diýme! – Abdylla mojuk gygyrdy, murty syh-syh boldy. – Dilini kesmelidir! Han howlukmady. Ol Eşrediň, ýalan sözlemedigini duýdy. Onuň ýesirçiligi, gören görgüsi ertekä meňzänokdy. Ýomut täjiriniň özüni boşadanlygyiy heçjikläp aýdanda, bu ýigit garşysynda oturan handan merhemede garaşdy, haýyr işe onuň guwanjagyna garaşdy. Tekeli ýigidiň çagyryşyna han düşündi, ýene pikirini aýtmaga howlukmady. Ýigit bilen ylalaşmak, ylalaşmazlyk hanyň işi. Bu taýda han öz bähbidine görä netije çykarmalydy. Eger bu ýigidi Uly serdar iberendir diýse, ýaşulularyň ynanjagy az däldi. Uly serdaryň abraýynyň artmaga ähtimaldy. Onsuz-da, eýranly nökerleriň gyrylyp, ýemreli ýigitleriň sag-salamat dolanyp gelmegi Uly serdaryň paýhasyna ynamyň artmagyna getirdi. Han şol ynamy gabanýardy. Uly serdaryň mekirligini bilmeýän ýok. Eger ol duýduryş bermek üçin eden bolsa nätjek? «Meniň ilimiň üstüne keseki bilen geldiň, bu sapar kesekini edişimi gör, eger ýene kesekä gol ýapsaň, onda seni-de gaýgyryp goýman» diýdigi bolmasyn? Ýemreli ýigitleriň başbitin dolanyp gelmekleri ýaşulularyň arasynda-da, il arasynda-da hoşallyk tapdy. Uly serdar-a şu sapar ganybir garyndaşdygyny görkezdi diýip, agzynda aş gatyklan-da tapyldy. Emma hanyň ynanjyna görä, Uly serdar juda ýeser göçüm edipdi. Ol meniň bilen sadranç oýnaýar diýdi. Uly serdaryň bu göçüminiň howpuny han ed-dil häzir, Abdylla kürtüň bolşuny görüp duýdy. Eýran nökerleriniň gyrylyp, ýemrelileriň gaýdyp gelmegi, Nediriň öňünde-de, onuň Horasana häkimlik edýän dogany Ybragym hanyň önünde-de hana bolan ynamy gowşatmalydy. Bu pikir hany gorkuzdy. Ol eliniň-aýagynyň baglanmagyna garşylyk görkezýän şekilde siltenip, göwresini ýerden göterdi, iç bosagada dikilgazyk duran Gylyç batyra heňkirdi. – Saňa näme gerek, jansyzy getirdiň, senlik iş gutardy, gidiber! Gylyç batyr depesine berlen ýaly, gözüni petredip, saňsar halda yzyna döndi, şonda-da dur diýler umyt bilen güýmen-samaň etdi, ahyry çykyp gitdi. Han gapdalynda Abdyllanyň oturanyna gahar edýärdi, gaharyny Gylyç batyrdan çykardy. «Akmak diýsä, bu ýigidi getirjek bolsaň, başga wagt tapmadyňmy, Abdylla kürt otyrka getirmelimi?! Abdyllanyň Ybraýym begiň güjügidigini, käşgä, bilmeýän bolsaň! Abdylla Nedirguly hana-da hyzmat eden adam! Köwek deýýus!» diýip, han Gylyç batyra käýinýärdi. Abdylla Nusaýda ýaşaýardy. Gün dogup-dogmanka, hanyň derwezesini kakdy. Hoş habar getirenmiş. Nedir Hemedandan gaýdypdyr, Maşada barýarmyş, ýolugra Nusaýda düşläp geçjekmiş. Horasanyň han-begleriniň bagty çüwenmiş. Älemi lerzana getiren Nediriň salkyn saýasynda saýalap ýörler, onuň wepadar hyzmatkäridiklerini ynandyrmaga amatly, juda amatly pursat döränmiş. Ybraýym begiň buýrugy bilen, Abdylla ýemrelileriň hanynyň üstüne ýörite gaýdypdyr. Gaýtmanlar geçseň bolmadymy! «Hökmirowanyň aýagynyň astyna ýemreli gözelleriniň dokan nepis halylary düşelse, ne beýle ajap bolar!» diýdi. Ybraýym beg ýigrimiden az bolmasyn diýipdir. Ýok diýilmejegini aňany üçin kürt arkaýyn gürleýärdi. Aňyrdan aýdylan sany öz bähbidine artdyrandygyny bilip dursa-da, han alaçsyzdy. Abdylla: «Nediriň başyna gurban bolaýyn, tekäniň haly harap, işi pyrryk» diýdi. Han bu söze ynanypdy. Başy guma garylan eýran nökerlerine derek teke ili pida çekse gerek. Nedir ýönelige Nusaýa sowulýan däldir. Han begenmedi, alada galdy. Tekäniň üstüne ýöriş guralsa, özüniň çetde goýulmajagyny bilýärdi. Bu sapar öz iliniň ýigitlerine baştutanlyk etmegi handan talap ederler. Boýun gaçyrjak bolsa, ony ygtybarsyzlykda aýyplarlar, teke bilen dilleşigiň bardyr diýerler, ýemreli ýigitleriň başbitin dolanyp gelendiklerinden delil tutarlar. Ýörişe gatnaşmaly bolan halatynda, iline sala salmaly bolar. Tekeleriň düýnki rehimini arşa göterip, olaryň ganybir garyndaşdyklaryny mazamlap ugran adamlar oňa razylyk bermezler, «ýagşylyga ýagşylyk är kişiniň işidir, är, bolalyň» diýerler. Asyl, Uly serdar hanyň iki goluny-da daňyp goýaýan bolsa nädersin! Han Abdyllanyň ýanynda bu ýigidiň habaryny diňläp ýalňyşandygyna ökünýärdi. Abdyllanyň ýigit bilen aşa gyzyklanmagy hana ýaramady. Hanyň jogabyny eşitmäge bisabyr garaşyp oturmasy has-da aýylgançdy. Han agzyndan çykjak sözüň ertire galman Ybraýym bege ýetjegini bilýärdi. Ybraýym begiň bildigi külli Horasanyň häkimi, Nediriň dogany Ybraýym hanyň bildigidi. Hanyň ini tikenekläp gitdi. Ol garaşylmadyk mylaýymlyk bilen Eşrede seretdi. – Ýigit, hany, düşege geç, otur – diýdi. Eşret belent mürähedi gowulyga ýordy, ýene düşege geçse-de, olara ýakynlaşman, gapa golaý oturdy. Han hoşamaý äheňde Ablylla ýüzlendi. – Men-ä bu ýigidiň gep-sözüne ynanandyryn, Abdylla. Abdylla hanyň äheňinden many aňypdy, han ony sabyrlylyga çagyrýardy, sakawyň soňuna seret diýýärdi. Han: – Ýagşy ýigit, ikimiz bir şert edeli – diýdi.– Men ilimiň ýaşulularyny gala ýygnaýyn. Horluk görüpsiň, aýdyp ber, seniň dilinden eşitseler has ygtybarly boljak. «Dogan dogandan syr saklasa, agzybirlik bolmaz» diýäniň dogry gep. Dogry gepi dogry durup aýtmak – är kişiniň işi. Seniň bendiligiňe biziň iliň dahyly ýok eken, ýokdugyny şol adamlara-da aýdarsyň. Ýekeçynara çapawullyk edänleriň garamaty seniň ildeşleriň boýnuna düşýär, dogry gep küýseýän bolsaň, ony-da aýdarsyň. Adamlar seniň diliňden eşitsinler. Iş bitirersiň, senlik iş tamam, arkaýyn iliňe gidiber. Abdylla hanyň pikirini tassyklap, birzeýilli baş atdy oturdy. Eşret onuň bolşuny halamady. Umuman, hanyň mylaýymlygyny halamady. Birden-de paýhasy işledi: bu ýerde bir mekirlik bar, eger razylyk bereýsem, işiň gaýdar diýdi. Mekirligiň nämeden ybaratdygyny seljermege ýetişmese-de, gyssagarada gapdala sowulmaga delil tapdy. – Han aga, adam ýygnaýançaňyz maňa rugsat etseňiz, men-de Orazyň obasyna ýetip gaýtsam, obadaşlary bilen ýüzbe-ýüz otursam, ýüregimdäkini aýtsam. Han hözessiz ýylgyrdy. – Olar seni heläk eder. – Başa gelenini göräýmeli bolar, han aga. Orazyň gapysynda el galdyryp gaýtmasam, göwnüme jaý däl, rugsat et, han aga. – Düýn-ä seniň ildeşleriň bigünä ýigidiň läşini serip, uýasyny, gelnini süýräp gidýärler, bu gün-de sen baryp aýat okap otursaň... Eý, ýok, bi çökder bolýar, bi kemsitmä il-gün çydamaz. – Adam başy daşdan gatydyr, han aga. Bärden baran nökerler öýümizi otlady, atamy, enemi heläkledi, öleýmedim, çydap otyryn, olar-da çydar. Han çilime gümra boldy. Abdylla bisabyrlyk etdi. – Nedir gelýär – diýip gygyrdy. – Nedir seniň iliňi ýer bilen ýegsan eder, sen hanyň diýenine lepbeý diý, başyňy gutar. Han üstüni ýetirdi. – Dolanmaga gorkýan bolsaň-a öňünden aýt, gapdalymdan jaý bereýin, ýer-suw bereýin, gözli-başly edeýin. Tekeleriň ýetip bilmeýäni ýer-suw. Eşret güldi. Abdylla: – Seniň sözüň uşagyň hoşuna geldi, ne beýle ajap söz! – diýdi. Han teklip edip ýalňyşanyna eýýäm gynanyp otyrdy. Eşret: – Han aga, gapyndan geleni samsyk saýma, adalatsyzlyk bolar – diýdi. – Iline hyýanat edeniň ýüzi gara. Ilime hyýanat etsem, han aga, amaty gelen güni saňa-da hyýanat ederin. Adam ýaman ýola düşmesin, ony gaýtarmak kyndyr. Hanyň gahary gelýärdi. Agzyndan süýt ysy gitmedik, ýeňiýoluk teke ona akyl öwredýär. Garşysynda oturanyň handygy onuň paýhasyna ýetenok. Uludan-kiçä bularyň bolşy şeýle, tekepbir, göterim. Akmaklaryň hersi özüni han saýýar. Bibaş ile serdar bolup ýören adamyň janyna berekella. Uly serdar neneň hilegär bolmasyn!.. Eşret bes etmedi. – Birek-biregi hyýanata itersek, türkmeniň gününe it aglar, han aga, agzalalyklan haýyr gözleýän hanyň ýüzüne köz degsin!! Han çydamady. – Tüket, sem bol! Abdylla beleň aldy: – Bi uşagyň dilini kesmek lazymdyr. Gözi görsün, dili söz diýmesin. Päh-päh, bi uşak Ybraýym hanyň hoşuna geler. Hatap galasynda obasy bar, obasyny munuň özi bilmese, albassy-da bilmez. Bularyň çölüni ýer ýuwutsyn! Bi, akmak teke, aýagy bilen geldi, muny Hudaýyň berdigi bil, Hudaýa alkyş diýmelidir. Dili söz diýmez, gözi ýodany görer, biz-de yzyna düşüberýäris, ne beýle ajap! – Han aga, bi adam seniň weziriňmi? Han belli pikire geldi. «Muny il-güne golaýlaşdyryp bolmaz, bi ýeňiýolugyň agzyna aňkarjak tapylar. Ýüregi dertli adam derdinişmäge özi pisint dertlini gözleýär. Muny Abdyllanyň eline berip goýber, garamaty kürtüň başyna düşsün». Han Eşredi boşadyp goýbermege çekinýärdi, Abdylladan çekinýärdi. Galasynda bendi edip saklamagy-da hatarly gördi. Uly serdar bilse, ol ýeke bir hile baş urar. Han onň, hilesinden halys bezgek bolandyr. Ilersinde gylyjyndan gan damýan Nedir, gaýrasynda tilkiden mekir Uly serdar. Han ortada janserek. Öz ýanyndan eýýäm Eşredi Abdyllanyň öňüne salyp goýberen hanyň geçisi ýaýrady, ýylgyryp, degişme ähende Eşrede gep atdy. – Hä-ä, ýagşy ýigit, meniň wezirime göwnüň ýetmedimi? – Adam dostundan belli, weziri hanyna laýyk. Han höwessiz güldi, gaýdyp sowal bermedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |