13:35 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -15: dowamy | |
15.
Taryhy proza
Arkajyň hanlary, ady tutulýan begleri Nediriň önünde tagzym edip durdular. Olaryň hiç birinde Nediriň gözi eglenmedi. Ol erkine tabyn adamlary seljerip, olar hakda pikir öwrüp, kelle döwmegi halamazdy. Gapana düşmedik awuň gyzygy bardy, gapana düşensoň, oňa bolan höwes gutarýardy. Nedir özünden güler ýüze, ýyly söze, goldawa, rehim-şepagata garaşýan adamlaryň ýüzünde parh görmedi, olaryn güni-de, gözi-de meňzeşdi. Günüň şuglasyndan medet alýan ösümlik mysaly, oňa teşnelik bilen garaýardylar. Olar köplükdi, Nedir ýekedi. Onuň häzirki mertebesi atasynyň saýlap-seçip goýan adyna juda bap geldi. «Seýrek, tapylgysyz, deni-taýsyz» diýen manyny berýen adyň dile gelmegi keramatly Alladan bidin bolan iş däldir, atasynyň islegi Allanyň buýrugyny beýan edendir. Nedir özi hakynda aýdylýan rowaýatlara ynanýardy. Nedirin atasy Ymamguly juma agşamy düýş görýär. Täze dogan gün Ymamgulynyň boýnundan asylýar, älem-jahana şöhle saçýar. Bu alamatyň ýorgudyny aýdan habuşanly molla: «Seniň maşgalanda bir çaga dünýä inmeli, özi-de dünýä ýüzüniň häkimi bolmaly» diýýär. Tagzym edýänleriň ählisiniň bu rowaýatdan habarlydygyna Nedir şübhe etmedi. Ol belent mertebesiniň lezzetini Horasanda has önjeýli duýýardy. Ol häkimlige barýan basgançaga Horasanda dyrmaşyp ugrapdy. Onuň aýagyna palta uranlar, syýyndan asylyşanlar Horasanyň hanlarydy, begleridi. Olar bu gün merdiwanyň düýbünde durup, eletmez belentlige dyrmaşan Nedire alaçsyz garaýarlar, ejir çekýärler, göripligi ýüreklerinde gizläp, ýüzlerindäki batnyksyz ýylgyrma bilen belent mertebä guwanýandyklaryny duýdurjak bolýardylar. Bu oýna tomaşa etmek Nedire gyzyklydy. Nediriň göreçleri duranlaryň arasyndan Uly serdary agtardy. Tapmady. Özüne baş egýänleriň içinde Uly serdary görerin öýdüpdi. Onuň bolşuna tomaşa ederin diýen meýil bilen gelýärdi. Diktumşuk tekäniň egilmäge ram etmedik göwresiniň mejbury eglişine syn etjekdi. Bolmady. Naharyna siňek düşene döndi. Sähel salymdan Eýran şalaryndan galan agyr jygany başyna geýip, dürden, lagly-merjenden ýasalan belent tagtda oturjak adamy, gözgyny gara öýüň ajy tüssesine boglup gün görýän serdaryň äsgermezlik etmegi, Nedire geçmişiň agyr pursadyny ýatlatdy. «Bu dünýäde üýtgejek zat ýokdur, seniň owazyň, dabaraň şol köne galada galar» diýen pikir epgekli çölüň ýandyryjy demine öwrülip, ýüzüne çabrady. Bu pikiri ynsanlyk mertebesini diňe namys päkligi bilen ölçeýän, namysyndan özge guwanara zady bolmadyk ýeňiýoluk gedem aýdyp biler. Başy ilerki daglardan belent adam birdenkä agyr aladanyň ejirini çekdi. Ol Nusaý galasynyň belentliginden aşakda çal dumana dulanyp ýatan älem ýaly giň çöle ýigrenç bilen garady. Çöl salgymyny güjeňläp, salgymy suwdur öýden akmaklary aldawa salyp, olaryn läşini gorsaw bedenine sorup ýatyr. Çölüň ýolunyň, ýodasynyň ne başy bar, ne-de aýagy bar, takyrda geze ilip duran bolsa, urpakda gömülgen ýylan ýaly çägäniň astyna girip gidýär. Kim şol gizlin ýoly saýgaryp bilse, ol menzil aşar, saýgarmadygyň dat gününe! Çölde ähli zat syrly, täleý ýaly garaşsyz. Ýaragly baranyň ösüňde seleňläp görünýän gala ýok. Çňlüň her depesi gala öwrülip bilýer. Eýranyň şa köşgüni Ýunanystanyň altyny bilen bezän, demi dag ýaran ahmeni şasy Beýik Kurosyň kellesi şu ýigrenji çölde alynmadymy eýse! Ol Tumar atly aýal patyşadan ýeňlipdir diýýärler. Nedir muňa ynananok, Beýik Kuros aýylganç çölden ýeňlendir. Teşnelikden mejaly gaçan adamyň kellesini her kim kesip biler. Nediris çölde eglenen gazaply garaýşyny gören adamlar, tekeleriň ykbalynyň tersdigine ynandylar. Olar hökmürowanyň gazabyna duçar bolarlar, Uly serdar tagzyma gelmän, belany başyna satyn aldy diýdiler. Nediriň öňünde onsuz-da tekeleriň günäsi çökder. Ybraýym begiň nökerleriniň gany olaryň boýnunda dur. Uly serdar iki bükülip, ötünç sorap gelmeli, akmaklyk etdi diýdiler. Mertebesiniň juda belentligi birden Nediriň hakydasyna geldi. Çöle aşa üns berip, ähtimal, ol Uly serdaryň-da mertebesini galdyrandyr. Nediriň bar gaýgysy, aladasy bäş öýli teke boldumy! Olaryň bokurdagy meniň elimde diýdi. Hä diýmän ýigrenji çölüň ilersi-gaýrasy onuň gol astyna geçer. Ýalkasa ýaz, gargasa gyş bolar. Nedir sürenine tüsse berlen tilkini göz öňüne getirdi. Otly gysajyň arasynda dänesiz galan ilat tüsseden demigen tilki mysaly, süýrenip, öz aýagy bilen Nediriň gaşyna geler. Älemiň hökümdarlygyna dalaş edýän adama älemiň giňligi ýaraşýandyr. Darykma, Nedir, uly tutum seni Hemedandan Horasana alyp gaýtdy, ýogsa gadym Ekbatanyň sowuk suwly, salkyn derelerinde aw-şikara gidip, keýp çekip ýörseň-de bolardy. Gadymyýetde, meşhur Iskender Zülkarnaýyndan-da öň, ahmeni sülsülesiniň kuwwatly şalary tomsy Ekbatanyň daglarynda geçiripdirler. Ekbatanyň ok ýetmez galalary bolupdyr. Şalar hazynasyny şol ýerde saklapdyrlar. Gadymy şalaryň belentligine golaý durmak Nedire ýakymly-da bolsa, entek dünýä ony Eýranyň şasy hökmünde tananok. Entek Turan, Hindistan, Ýunanystan, Rumystan. Kawkaz onuň dabanynyň astynda lerzana gelenok. Hiç kim akylly söz bilen ýurt almandyr, hemişe baýlyga, ýaraga daýanypdyrlar. Ýaragyň gudratyna Eýran hemişe düşünipdir. Kesgir gylyç hakda aýdylýan manyly pikirler Eýranyň geçmişine-de, şu gününe-de jaý gelýär. Nedir göwnüne jaý pikiri gaýta-gaýta ýatlamadan ýaltanmazdy. Ýurtda şalygy berkarar edýän-de, ony saklaýan-da gylyçdyr. Gylyç görmese, halk şolara boýun synmaz. Gylyja daýanmasaň, häkimlik etmek başartmaz. Demirden ilki ýarag ýasan Jemşitdir. Demir tapylmadyk bolsa, dünýä önelgesiz adama meňzärdi. Gylyç pygamberiň ýaragydyr. Pygamber din-imany gylyja daýanyp berkarar edendir. Gylyç merdiň ýaragydyr. Gylyja erk edip bilýän mertlerden düzülen goşun ýeňilmezdir. Tozdurylan ülkede bir garny dok, bir garny aç gezip ýören adamlardan babyrbilek gola garaşma. Diňe berdaşly gola düşende gylyç gudrat görkezer. Öňi-ardy görünmeýän goşun Nediriň arzuwydy. Agyr goşuny howa bilen eklän hökümdar ýok. Goşuna bol harajat gerek. Bol harajady nanyny bol-elin tapýan ilden ýygnasa bolar. Nedir ýedi ýylky doklukdan soň başa düşen ýedi ýylky aýylganç açlykdan Müsüri aman çykaran paýhasly Ýusubyň tejribesinden habarlydy. Raýatyna egnini ýazmaga, hojalygyny düzetmäge ýazgynlyk bermekçidi. Gaplar, urular däneden doly dursun. Hökümdara gerek güni raýatyna haram. Entek adamlar Nediriň bu niýetini oňlamaly däldir. Olar işini etsinler, boş ýerlere ýap-çil çeksinler, suwarsynlar, hasyl alsynlar, der döksünler. Biweç mülkdaryň boş ýatan ýerlerini gaznanyň hasabyna satyn almaly, garyp-gasara, işlejege, der dökjege kärendesine bermeli. Goý, Horasan ekinzarlyga öwrülsin, goý dok halkyň ýüreginde Nedire söýgi, minnetdarlyk döresin! Ýyl ýarym ozal Maşatda çagyrlan abraýly mejlis Nediriň kalbyndan çykan bu çereni külli Ekrana jar edipdi. «Rehimdar Nedir Horasanyň ilatyny üç ýyl salgytdan boşadýar». Jarçylaryň diline düşen perman welaýatdan welaýata aşyp, Eýranyň çäginden çykypdy, garamaýagyň kalbyna doga kimin ornapdy. Indi Nediriň rehimdarlygy şahyrlaryň kassasyna girmelidi. Eýran taryhsyz oňmaz. Her bir şa özüne kybap döredilen rowaýatda ýaşaýar. Nedir geljek nesilleriň diliniň senasy boljagyna şübhe edenokdy. Nedir bu sapar Hemedanda bolan mejlisden Horasana gaýtdy. Indi telim ýyl bäri Maru-şah-jahanda berbat edilen Soltanbendiň ykbaly onuň böwründe aýrylmaz sanja öwrülipdi. Bent dikeldilmese, bereket göterilen ülke bereketiň dolanmajagy aýandy. Telim öwre müňläp adam iberildi, synanyşyk başa barmady. Indiki synanyşyk iň soňky, gutarnykly synanyşyk bolmalydy. Nedir mejlise çagyrylan hanlara, beglere, ulamalara geň habar aýtdy. Ol öten gije düýşünde Hydyr pygamberi gördi. Pygamber ýumrulan bendiň üstünde durup, Nedire ýüzlenýär. «Soltan Mäligiň bina eden bendini seniň doganyň Ybraýym han ýumurdy. Öz ýumran bendini Ybraýym hanyň özi galdyrsyn». Pygamberiň ündewini Nediriň dilinden eşiden mejlis gaýry pikirleriň, teklipleriň üstünden atanak çekip, keramatly sözleri aýan eden Nediriň agzyna aňkarýar. Olar Nediriň permanyna gol ýapmaga taýýar. Horasanyň çäginden on müň adam ýygnap, gerek enjamy bilen akraba çenli Soltanbende ugratmaly. Bu işi adatdan daşary çäre hökmünde Horasanyň ygtyýarly hany, Nediriň dogany Muhammet Ybraýym hanyň ygtyýaryna bermeli! Ybraýym hany Maru-şahu-jahana ugratmagyň aladasy Nediri Horasana getiripdi, ňna Maşatda dogany garaşýardy. Nusaý galasynyň eteginde, gür baglaryň salkyn saýasynda, durna gözünden arassa çeşme suwunyň sowuk deminiň ýetýän ýerinde Nediriň çadyryny dikdiler. Gaýra ýüzdäki belent baýyrlar ýigrenji çöli görer gözden gizledi. Çölüň howry dag etegine ýetenokdy. Uly serdar hakdaky pikir birdem Nediriň serinden çykmady. Ondan halas bolup bilmeýänine gahary gelýärdi. Harezminiň, Hindistanyň, Rumystanyň pikirini edip oturmaly halyna, aýaga çümen tiken ýaly, bäş öýli tekäniň erksiz serdary nireden çykdy diýsene! Agyr goşun bilen ýöriş etse, Harezminiň, Hindistanyň galalaryny zabt edip aljagyna ynanýardy, emmaki, teke bilen ýomudy nähili boýun egdirjegini, öňünde aga diýdirip baş egdirjegini bilenokdy. Olary äsgermezlige salyp gezibermäge-de razy däl. Olaryň erkinligi ýokanç kesel kysmy, goňşy ülkelere-de ýaýrar, olaryň göreldesine eýermege döwtalap dyzmaçlar tapylar. Teke, ýomut Taňrygargan çöllerinde sümsünişip gezenleri bilen oňmaz, aç it ýaly töwerek-daşa üýrerler, çapawulçylyk ederler. Olary amana getirip bilmese, Nediriň äleme hökümini ýöretjegine kim ynansyn! Nedir Uly serdaryň gelmändigine ahmyr etdi. Müýnüni bilýändir, gan soralar öýdendir. Nedir Ybraýym begiň nökerleriniň ganyny sorajak däldi, asla ony ýatlajak hem däldi. Maýda garpyşyklaryň dawasyny edip ýörmek Nediriň belent mertebesine laýyk gelenok diýen pikir döretjekdi. Dogrudan-da, ol häzirlikçe Horasanda imisalalyk küýsedi. Abyrsyz tutumynyň başa barmagy üçin raýatlarynyň rahat der döküp işlemekleri derwaýys. Ýöne Nediriň öç almajagyny tekeler onuň rehimi diýip bilmelidiler. Olara duýdurmalydy. Oňa teke ýigidiniň gala gabalyp goýlandygyny aýdypdylar, ony ýemreli hanynyň galasyndan alyp gaýdypdyrlar. Nedire aýdanlar ol ýigidi Uly serdaryn jansyzy diýdiler, ol iliň arasynda wagyz-nesihat ýaýratmaga iberilipdir. «Eýrandan hossar gözlemäň, Eýran size daýanç bolup bilmez, Eýranyň dili başga, dini başga, gowusy, siz tekeler bilen doganlyk parzyny tutup, rysgalyňyzyň birligi hakda oýlanyň» diýýärmiş. Bu habar Nediri juda gyzyklandyrdy, ol huzyryna teke ýigidiniň getirilmegini buýurdy. Eşredi ýuwundyryp, egin-başyna tertip berip, gün guşluk galanda Nediriň çadyryna alyp bardylar. Çadyry töwerekleýin ösüp oturan dört çynaryň ortasyndan dikipdirler. Çadyra barýan ýodalara ýülmek daş düşelendi. Gapdaldaky howuz bilen aralyga haly düşek ýazylypdyr. Howuzdan aňyrda bägülli meýdan başlanýardy. Guşlaryň sesi töwerekdäki ümsümlige keýpi-sapa, rahatlyk berýärdi. Eşret ertekilerden eşidýän çarbagyny ýatlady, ýöne gyzyk duýmady. Her agajyň düýbünde duran ýaragly nöker bagyň asudalygyny, sapasyny ýoga çykardy, oňa gizlin howsala berdi. Howsalany töweregindäki dört nökeriň bolşundan-da aňdy. Çadyra golaýlaşdyk saýy, olaryň bady gaçdy, ädimleri gowşady. Aýak sesleriniň ak çadyra ýetmeginden howatyr edip, dabanlaryny ýere basman, howadan ýol saljak bolýan ýaly, seresaplylygyň aňry hetdine ýetdiler. Şu pursat Görogly beg baranda bagynda harlap ýatan Arap Reýhan Eşrediň ýadyna düşdi. Çadyrdan hor sesini eşitmese-de, töwerekdäki adamlara meňzemeýän üýtgeşik bir adam görjegine ynandy. Birden-de bu ýere getirilip ýörlenine geň galdy, özüne göwünlik berdi: «Ä-äý, Eşret, sen munuň begini gördüň, hanyny gördüň, indi emirini-de görd-ä. Bir başa bir ölüm, nirede duşanda bolmaýar». Nediriň beýik mertebeli emirdigini, huzuryin barylanda baş egip durmalydygyny oňa sargapdylar. Çadyryň ýüpek tutusyny galdyryp, Eşrede gir diýen yşarat etdiler. Eşret giren dessine içerde kimiň bardygyyy aýyl-saýyl etmän: – Salawmaleýkim, emir aga – diýdi. – Waleýkim essalam. Eşret ses çykan tarapa garady. Sag egninde, gapydan üç-dört ädim sowaşyk, haşamly kürsüde oturan adam aýak üstüne galdy, Eşrede hoşniýet seretdi. «Nedir diýilýän şu adammyka?» diýip, görüşmäge golaý barjagyny, barmajagyny kesgitläp bilmän azara galdy, serimsaz durdy. – Hoş gördük, ýagşy ýigit. Nedir çadyryň düýbüne ýöneldi. Çadyryň giňligi Eşredi haýran galdyrdy. Düýpde ýene bir belent kürsi bardy. Başga göze ilerlik goş görmedi. Ýere tutuş türkmen haly ýazylypdyr. Nediriň aýagyndaky ujy jaýty ýumşak, zerli köwüş zerarly, ädim uranda dabanynyň astyndan ses çykanokdy. Baş eg diýip sargalany Eşrediň ýadyna indi düşdi. Sargan adamlar bosagadan aňyrda galdylar. Çadyrda diňe olaryn ikisi. «Salam-helik geçenden soň, baş egip dursam, gelişjekmi diý? Her kim öwrenen gylygyna eýerse ýagşy. Allanäme salam berildi, azmyşmy eýse!». Eşret bilmezlige urdy duruberdi. Onuň ünsi Nediriň egnindäki ýelbegeý atylan gyrmyzdonda saklandy, gözüniň görýänine ynanmady, siňe-siňe seretdi. Donuň jähegini, ýakasyna salnan keşdeleri gördi, türkmenleriň senedidigine şübhe galmady. Ol Nediriň ýüzüne garady: «Bu adam Nediriň özümikä beri?». Nedir onuň şübhesine düşündi, gyrmyzdonuň ýakalaryny çekişdirdi, çalarak gülüp: – Meniň-de aslym türkmendir – diýdi. Eşrediň geçisi ýaýrady. – Äý, şeýle diýseňiz-le, emir aga. Gala barman, çadyr tutup oturşyňyzdan-da aňdym. Türkmen açyk howa çykmasa bolýarmy diý, gala gabalyp oturmak zyndandan beter. Nedir islegli adamyna, açyk göwün, geplemsek türkmene duşanyna şükür etdi. Muny gürrüňden dolduryp, rehim bilen öz iline ýola salyp goýberseň, ol görenini iline aýan etmege söz gysganmaz. Egnine serpaý ýapmaly, ýemrelileriň elinden alnanyny aýtmaly, olaryň öldürmek hyýalyna düşendiklerine ynandyrmaly. Ýöne bir ýagdaý Nediriň keýpini gaçyrypdy. Bu ýigit ady äleme dolan hökmürowanyň öňünde duranyny aňşyranok, bilenok. Ol baş egmelidir öýdenok, asyl ol baş egmäniň nämedigini bilmeýän bolsa nätjek. Boýnuýogynlyklary zerarly-da dünýäniň eşretinden binesip, gorsaw çägeniň içinde möjege öwrülip pelesaň urup ýörler. Olaryň çarbaýlygy münüşe öwredilmedik taýyň bolşuna ogşaýar. Olar akmak bolmasalar, islendik sarç malyň-da ahyr pellede adamyň erkine tabyn edilýändiginden mysal tutardylar. Olar akmak, olaryn boýnuýogyn serdarlary-da akmak. Akmak bolmasalar, olar Nediriň göreldesini alardylar, Nediriň ýoly bilen giderdiler. Bir mahal awşarlaryň ýagdaýy tekeleriňkiden oňlymydy! Ysmaýyl Hataýynyň, Apbas şanyň erkine tabyndy. Şalar öz bähbitlerine görä, awşary-da, gajary-da islän ýerlerine göçürip-gondurýardylar. Azerbaýjany taşlap, Horasana gaýtmaga mejbur edilipdi. Horezm tarapdan ýagy gelse, awşar, gajar Eýrana galkan bolmalydy. Gyrylsa-da, owal awşar gyrylmalydy. Böwediň öňüne taşlanan dykyn diýip bil. Eýse, bi kemsitmek dälmi, eýse, bi, aýak astyna düşmek dälmi! Emmaki, awşarlar Eýrandan bölünip gitmändir, akyl edipdirler, gitjek bolsalar, Taňrygargan çöl gapdallarynda ýatyrdy. Kemsitmä çydapdyrlar, sabry elden bermändirler. Ýürekdäki gahar eldäki gylyjy göwnejaý işletmäge höwes beripdir. Ogly-gyzy pürsiýaiyň dilinde ezber gepledi. Awşar Eýranyň bir süňňüne öwrüldi. Bu gün häkimiýet basgançagy bilen çür depä dyrmaşdylar, hä diýmän olaryň şalyk sülsülesi başlanar! Nedir kalbynda gaýnaýan buýsanjyny gapyda duran beýnisi haýwanyňkydan üýtgemedik ýigide aýdyp, öz belent mertebesini peseldesi gelmedi. Ol düşünmez diýdi. Akylly diýlip ýörlen serdary düşünenok, bi ýeňiýoluk nädip düşünsin! Güýçlä arka diremän türkmeniň alan galasy bolmaz. Olaryň agzy-da birikmez, belli mekany-da, döwleti-de bolmaz. Agzy birikdirýän-de, döwleti bina edýän-de güýçdür, kesgir gylyçdyr. Häkimlige barýan ýolda, Nedire aýakbagy bolanlaryň arasynda öz awşaryňdan azmydy! Aşyr hanyň, Ymamguly begiň boýnuýogynlygyny, tekepbirligini gylyjyň zarby bilen ýatyrypdy. Uly serdaryň batyrlygy, hilegärligi Nedire ýaraýardy. Ýemrelileriň hanynyň ondan asgyndygyna-da düşünýärdi. Ýemrelileriň hany hiç mahal Uly serdar ýaly töwekgellige gidip bilmez. Onda öz gününe kaýyl bolup oturmak endigi bar, ol ýata suwa meňzeýär. Ol tekelere batyrnyp bilenok, çekinýär, ýaýdanýar. Ýaýdançdan ýaman dert ýokdur. Ýaýdanjy häsiýetine öwrülen handan daýanja garaşma, batyra, töwekgele daýan! Şu pursat Nedire Uly serdaryň daýanjy zerurdy. Uly serdar Nediriň hyzmatynda häzir bolsady, galanyň ýumurlan böwri beklenjekdi. Uly serdar etegiň türkmenlerine diýenini etdirjek. Ol kakabaş ýomutdaryn-da çäresini tapjak. Çölde gala dörejek, külli Eýran çarwalardan, Harezminden ätiýaçsyz ýaşajak. Nedir tekäniň, ýomudyň urşa türgen, batyr ýigitlerini küýseýärdi. Olary Nediriň gullugyna ýollap biljek ygtybarly adam gerekdi. Uly serdaryň meýli bolsady! Uly serdar boýun bolsady!.. Bir mahal Harezmiň şalarynyň hyzmatynda agöýli bolup gulluk edep türkmenleriň wepasyny, serhedi ygtybarly goraýyşlaryny, Emir Temiriň agyr goşuny bilen darkaşda arslan kimin duşmana topulyp, wah diýmän, mert ölüşlerini Nedir eşidipdi. Şony küýseýärdi. Nedir bu pikiriniň diňe islegdigine düşündi, gahary geldi. Häzir Uly serdary öz islegine görä hyzmat etdirmeg-ä beýlede dursun, gaýta onuň ümsüm gezmegine kaýyldygy üçin jany ýandy. «Uly serdar akmak bolmasa, güýçli penakäriň saýasynda türkmeni birleşdirip-de bilerdi!». Nedir bu pikiri Uly serdary öz ýanyndan köteklemek üçin, onuň paýhasynyň çeklidigini tekrarlamak üçin aýdýardy. Hudaýlygyny sözlände, türkmeniň agzynyň birikmeginden öler ýaly gorkýardy. Her haçan bolsa-da, türkmenlere al salaryn, olary nogtalamaga güýç taparyn diýen ynam hilä baş goşmagyna goltgy berýärdi. Nediriň başyndaky tahmazy telpekdi. Telpegiň daşyna ak ýüň mata oralyp, matanyň ujy goýberilendi. Maňlaýy giň bolsa-da, sähel gaşlaryny çytsa ýygyrtdan dolaýýardy. Gaşlarynyň gürlügindenmi, gözleriniň owasy çuň görünýärdi, ýiti göreçlerindäki garaýyş bada-bat tutuş ýüzüne alamat çaýýardy. Eňekleri merdemdi, burny gönümeldi, gara murty hortaň hem ýadaw ýüzüne gelişýärdi. Eşret syn etdigiçe Nediriň egnindäki gyrmyzdon amanat göründi. Nedir ýuwaş ýöräp Eşrede golaý bardy, çalarak ýylgyryp: – Meni garşy alan han-begleriň arasynda seniň serdaryň ýok ekeni – diýdi. – Bihabardyr, emir aga, çagyrlan bolsa gelerdi, biziň ilde «Çagyrlan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme» diýen söz bar. Nediriň ýüzündäki ýylgyrma ýom-ýok boldy. – Meniň şu ýere gelmegim çakylykdyr, serdar adam şoňa düşünse ýagşy. – Bihabar bolsa, çöl içindäki adam doňuz bolup düýşürgesinmi, emir aga. Äý, «Türkmeni dürtmeseň duýmaz» diýen-de söz bardyr, çagyranyňda gelse-de, kaýyl bolaýmalydyr. Eşret güldi, Nediriň gaşlary çytyldy. – «Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýen söz kimiňki? – Türkmeniňkidir, emir aga, eý, ata-babalarymyzyň aýtmadyk sözi barmy diý. – Akyl sözüň manysy seniň serdaryň. Paýhasyna ýetmeýän bolara çemeli. Nedir bu türkmen bilen nähili hörpde gürrüňi dowam etjegini bilmedi. Iň ýamany, ol seniň belent mertebäni bilenok, seniň bilen deň adam hökmünde gürleşýär. Onuň erkinliginde tekepbirlik, dünýäden bihabar adamyň dikdüşdüligi bar. – Uly serdaryň akyly kesgir, sözi ötgür diýýärler, siz ony mahabatlandyrýan bolmaň. Akyly kesgir adam ýagdaýa düşünmeli, ýagdaýa düşünýän bolsady, seniň serdaryň gelerdi. Nähili ötgür sözüniň bardygyny, belki, sen maňa aýdyp berersiň. – Uly serdar bilen söz uruşdyryp gören adam däl, emir aga, oňa siz belet bolmaly. Nedir höwessiz ýylgyrdy. – Seniň serdaryň maňa nähili ötgür söz aýdanmyş? Eşret ýöwsellemedi. – Emir aga, eşideniňiz bolar-da, biziňki il arasyna ýaýran gürrüňi diňlemek. – Il arasyna ýaýran gürrüňi biz hem eşideli. – Men bir agzyboş adam, emir aga, aýt diýseňiz aýdar goýbererin. – Gepi köpeltme. – Baş üstüne, emir aga. Uly serdar bilen nahar-şam edinipsiňiz diýýärler. Serdar süňk gemirmäge oturypdyr, siz-de garpyza güýmenipsisiz. Siz biziň serdara: «Süňk gemirýärmiň, gemriber, süňk gemirmek itiň häsiýetidir» diýipsiňiz. Serdaryň-da jogaby taýyn ekeni: «Doňzuň-da halar aşy garpyzdyr» diýipdir. Nedir güldi, Eşret onuň gülküsinden şatlyk duýmady. At gaýtarym töwerege pytyran ýaragly nökerleriň ýowuz keşbi göz öňüne geldi. – Ýene nähili gyzykly gürrüň eşitdiň? Nedir hoş niýeti duýdurmak isläp ýylgyrsa-da, gözlerindäki ýigrenji gizläp bilmedi. Ol eýýäm bu ýigidi jezasyz sypdyrmajagyny bilýärdi. Bu akmak öz iline dolansa, oturlan-turlan ýerde Nedire beren jogabyny mahabatlandyrar, ildeşleriniň kalbynda Nediriň akyl-paýhasyny, gazabyny, güýç-kuwwatyny peselder, olary çapawulçylyga ruhlandyrar. – Emir aga, meni gepletmeli däldiňiz. – Sen aýtmadyk bolsaň, men bi ertekini nireden bilerdim. Her il öz islegine laýyk erteki otarýar. Erteki otarýan adamlar ýalany çyna berimsiz aýdýandyrys öýdýärler. Ertekä çaga ynanýar, ulularyň ertekä eli ýetenok. Öz aýdýanyňa özüň ynanýan bolsaň, seniň-de çagadan parhyň ýok. Uly serdaryň gulagyna ýakýan toslamany tapýan adamlar ertekiniň ýörelgesine gol ýapyp, sizi agyr güne goýýarlar. Aga ak, gara gara diýmek saňa kyndyr. Seniň ynanjyň ertekiniň ýolundan, ertekiniň täsirinden sypyp bilenok. Siziň ruhuňyz ertekä çalym edýär. Siziň Göroglyňyz başdan-aýak erteki. Göroglynyň ruhy sözi durmuşyň ýolundan azaşdyrýar, siziň gözüňizi gapypdyr. Çöldäki salgymy suwdur öýdüp aldanýan adam bilen Görogly hakda toslanan gyzykly ertekä uýýan adamyň arasynda parh barmydyr? Göroglynyň ýokdugyna ahmyr edip ýaşamak sizi irizen bolsa gerek, emmaki, hakykata gol ýapmaga size şel erteki päsgel berýär. Haçan siziň beýniňiz bekejek, haçan siz bäbenege basylyp duran hakykata ten berjek, şonuň emrine gol ýapjak? Öňüňde duranyň beýnisi bekemedik çopandygy birden Nediriň hakydasyna geldi, jibrinenine, sesini gataldanyna özi kemsindi. Düşünen däldir diýdi, ýogsa «bäbenege basylyp duran hakykat» diýende, ol özüni, häkimligini göz äňünde tutup aýdypdy. Nedir ýakymly rowaýata maýyl boldy. Rowaýatdaky aýdylýan waka Nednriň şanly ýeňşinden döremedik-de bolsa, ol bu rowaýaty ýatlamagy halardy. Ýigrimi bäşe ýetmedik ýigidiň hemişe seri dumanly bolýar. Wagtal-wagtal dünýäniň aladasy, duşmanyň howpy serinden uçýar. Şeýle pursadyň sebäbine, dogduk obasyndan Abiwerde gelýän ýigit duýdansyz çykan ýomutlara üstüni basdyrýar. Olar Hajy Muhammet batyryň atlylary ekeni. Şatyr-şutur Nediriň el-aýagyny daňyp, Tejene tarap alýarlar ötägidýärler. Häkimlik basgançagyna ymtylýan ýigit aňňalak gapyp galaryn diýýär. Abiwerdiň häkimi Baba Aly beg batyr nökerini galtaman türkmenleriň elinden bimöçber baha satyn alarmyka? Özüne juda ýokary baha kesiljegini Nedir şol mahal hem bilýärdi. Ýomutlar akmak däldir, kimi gola salmalydygyny bilýändirler. Eger beg nökerine hossarlyk etmese, türkmenler ony Hywanyň gul bazaryna salarlar. Ol eýýäm Hywanyň ýesirliginde bolupdy, Hywada ejesini ýitiripdi. Ýigit şum ykbalyň oýnundan nalaýar, alaçsyzlygyň derdinden hapa bolýar. Baba Aly begiň iberen kowgusy Tersakanda garakçylaryň yzyndan ýetýär. Nedir ýagynyň elinden aman sypýar. Nedir begi iň ýakyn hossary, howandary saýýar, ömrüniň ahyryna deňiç onuň hyzmatynda durjakdygyna ant içýär. Bolan wakanyň beýany şundan ybaratdy. Bu waka Nediriň mertebesiniň belentligini artdyranok, gaýta begiň öňünde onuň borjuny ile duýdurjakdy. Maşatda Mälik Muhammediň häkimligini syndyran, Eýrandan owganlary, Azerbaýjandan türkleri kowan, ady-owazasy äleme ýaýran beýik emiriň bir mahal Baba Aly bege ömürlik borçly bolandygyny il-günüň, raýatynyň bilmegi nämä derkarmyş!? Akylly adamlaryň bardygyna şükür. Olar Nediriň islegine düşünipdirler. Olaryň düzen rowaýaty juda ygtybarlydy. Ol rowaýatda beýik Allanyň emri birle, Nedir öz ykbalyny özi oňarýar. Begiň iberen kowgusy ýomutlaryň yzyndan ýetip bilmän, Tersakandan yza dolanýar, Nedir duşman elinde galýar. Heý, Hudaýyň nazar salan adamy, ertir älemiň şam-çyragy bolmaly ynsan, bäş sany kellekesere olja bolup bilermi! Gije meýdanda ýatmaly bolýar. Oguz begleriniň agyr ukusy ýomutlaryň başyndan inýär, Asmanyň gudratly hökümi Nediriň güýjüne güýç goşýar. El-aýagyndaky daňy çüýrän köke dönýär. Eli boşan Nedir galtamanlary gyrýar, diri galanyny ýesir alyp, ili haýran edip, Abiwerde dolanýar. Nediriň ynanjyka göre, bu taýda ertekä çalym edýän zat ýokdy. Eger oňa Hakyň nazary düşmedik bolsady, ol Hywada galardy, ömrüni gul bolup ötürerdi. Hak öz penasynda saklamadyk bolsady, ol bireýýäm Abiwertde Mälik Muhammediň, Aşyr hanyň, Ymamguly begiň guran duzagyna düşmelidi, kellesi alynmalydy. Alla oňa laçynyňky ýaly ýiti göz, möjegiňki ýaly hüşgärlik, çydam, tilkiniňki ýaly hile beripdir. Hudaýa ýakyn adamlaryň ömri, ähli tagallasy rowaýata girmelidir, rowaýata mynasypdyr. Çöl içinde entäp ýören, dünýäden bihabar taýpa öz serdaryny mahabatlandyrmak isläp, ady arşa göterilen adamyň mertebesine kast edýän bolsa, ol gülkä, ýigrenje mynasypdyr. Bu duran tekäni nädip gaflat ukusyidan oýandyryp bolar? Nedir näme sebäbe ak çadyra çagyrylandygyna düşünmän duran ýigide alada bilen garady. – Uly serdar güýçliniň raýatyna geçmek islänok. «Meniň ilim erkinlige öwrenişipdir» diýýär. Siz neneň edip, suwsuz çölde erkin ýaşajak. Siz kişä bakna bolmasaňyz-da, Garagumyň jöwzasyna, aňzagyna bakna, açlygyna bakna, suwsuzlygyna bakna. – Uly serdar: «Bendäniň bendisi bolman» diýýär, emir aga. – Siz çöle kowlan çopansyz sürä meňzeýärsiniz, size haýpym gelýär. – Haýpyňyz gelmesin, emir aga, möjekden çopan tutunyp, ösňän sürini biz-ä göremzok. Nedir çalarak güldi. – Sizin gedemligiňize haýran galaýmaly – diýdi. – Siz öz aslyňyzy bilýän bolsadyňyz, höwes bilen meniň gullugyma gelerdiňiz, daýanç bolardysyz. Düýnki gonan ýerini bu gün undup ýören çarwa siz, siziň ýadyňyz kütelipdir. Öleni çägä sokup gaýtmaga, düýnki öleni bu gün unutmaga endik edipsiňiz, şol endik zerarly siz aslyňyzy-da unutdyňyz. Türkmeniň asly Oguz handan gaýdýandyr, Oguz hanyň üçünji ogly Ýyldyz handyr, Ýyldyz hanyň dört oglunyň biri-de awşardyr. Oguz han üç ogluna häkimligi buýrandyr, üç kiçisine-de olaryň hyzmatynda bolmagy wesýet edendir. Maňa hyzmat etmegi namys bilmän, ata-babaňyzyň wesýetine eýeriň. Siz aslyňyzy unutdyňyz, aslyny undan iliň köki çüýrükdir. Nedir aýdylany paýhasyndan geçirmege Eşrede maý berýän ýaly sägindi, gezmeledi. Eşret Nediriň aýdany bilen Döwletmämmediň sözüniň jüp düşenine haýran galyp durdy. Bu taýda hile bolmaly diýdi. Döwletmämmet Nediri näletläpdi. Ol häkimlige hile bilen ýeten adam. Nedir şol hiläni Eşrede gönükdirýär. Şu pursat Eşrediň gözüni açdy. Ak çadyra getirilmesi-de, beýik emiriň söhbeti-de, egnindeki gyrmyzdony-da hiledi. Nedir Eşrediň kalbynda döreýän pikiri duýan ýaly, ona göni garap, her sözi bilen ony daşlaýan kysmy, jabjynyp-jabjynyp dowam etdi. – Awşarlar Eýrany masgaralykdan gutardy, owganyň penjesinden aldy, Azerbaýjany türküň zulumyndan dyndardy. Sizin gulagysyz gapyk bolmasa, külli Eýranyň maňa alkyş okaýanyny eşiderdiňiz. Horasany salgytdan dyndardym. Gulagyňyz gapyk, gözüňiz kör. Pürsiýandan, kürtden alkyş eşidýän, olar maňa daýanç, elimdäki gylyç, golumdaky galkan. Siz böwrümdäki sanjy. Maňa gol ýapan saýamda saýalar, gol ýapmadyga erkinligiň nämedigini. düşündirerin. Erkinlik güýji ökdäniň isleginden döreýändir. Şol islege tabyn il danadyr, güýji ökdäniň rehimine duçar bolar, bala-çagasyny ösňeder. Pürsiýanlar sizden dana, ýüz kerem, müň kerem dana! – Dana pürsiýana men-de sataşdym, aýdan sözi ýadymdan çykanok, emir aga. Nedir kürtdürdi. – Türkmeniň ýanynda pürsiýanyň danalygyna haýran. Dana pürsiýan saňa näme diýdi? – Ol-a: «Awşarlar Eýranyň ýyrtyk geýimine düşen ýamadyr» diýdi, emir aga. Nediriň gözüniň owasy giňäp gitdi. Görejini gizledi, böwrüni diňläp durdy. Soňra kellesine gelen pikire maýyl bolup: – Söz diýlen zat kapasadaky guşdur, goýberdigiň yzyna dolap bolmaz – diýdi. – Egerki men pürsiýanyň sözüne ynanmasam?.. Beýle sözi pürsiýan aýtmaz, seniň Uly serdaryň aýdar diýsem?.. Eşret ýagdaýynyň bulaşandygyny aňdy. Ol şu pursat gazaply hökümdaryň öňünde durandygyna düşündi. Ryzanyň kimdigini aýtsa, salymyny bermän onuň yzyndan çapar ýollanjagyna, ak çadyra getirijegine şübhe etmedi. – Özüňe sataşan pürsiýanyň danalygyny sen neneň bildiň? Danalygy her kim öz islegine garap kesgitleýär. Meniň islegime gabat gelenok diýip, onuň danalygyny ret etsem, ol pürsiýan-da hakykatdan dana kişi bolsa, meniň adalatsyzlyk etdigim bolmazmy? Men adalatsyz bolmakdan heder edýän, men häkimligiň adamy. Dana pürsiýanyň sözüni öz gulagym bilen eşitsem. Sen ony tapyp getir. – Oňa ýol ugrunda tötänden sataşdym, emir aga. – Adyny aýtsan taparlar. – Adyny-da soramandyryn. Nedir ajy ýylgyryp, Eşrede golaý geldi. – Ýalan sözleýärsiň – diýdi. Öňünde duran türkmeniň dikdüşdüligi alynmasy kyn gala ýaly ony ýaýdandyrdy. Onuň tekepbirliginiň garşysyna nähili güýç, nähili delil goýjagymy bilmedi. Munuň başyny keseniň bilen ýolsuz-ýodasyz çölde entäp ýörenlerini nätjek. Ýeliň ugruna togalanyp ýören peşmek kimin her gün bir ýerden çykýar. Ýygyn tartyp bulary amana getirmek çetin, bularyň agzyny alardyp alyp bolar. Itiň öňüne süňk taşlan ýaly öjükdir, biri beýlekisini dalasyn, bir serdar beýlekisiniň bokurdagyna ýapyşsyn. Ähli zehinini, batyrlygyny birek-biregiň garşysyna sarp etsin. Erkinligiň manysy ýyrtyjy haýwanyň erkinliginden aňry gitmesin! – Saňa näçe möhlet gerek? – Emir aga, şu möhümiňizi bitirip bilmen. – «Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider» diýen akylly söz türkmeniňki dälmi? – Türkmeniňkidir, emir aga. – Öz halkyň paýhasyna boýun synmaly bolarsyň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |