13:37 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -16: soňy | |
16.
Taryhy proza
Eşretden pürsiýanyň adyny, ýaşaýan ýerini aýtmagy talap etdiler, aýtmasaň, gözüni oýarys diýdiler. Eşret munuň dil ujundan aýdylan haýbat däldigine düşündi. Gadym zamanda awşarlar ak laçynyň keramatyna gol ýapyp, ony özlerine penakär tutunypdyrlar. Guş penjesine düşen awunyň gözüni çokmagy halaýar. Penakär guşuň häsiýeti Nedire-de geçen bolmaga çemeli. Onuň buýrugy bilen gözi oýulýan adamlaryň sany barha artýardy. Ýalançynyň ýagtysyndan mahrum bolup, ömürahyr sermenip ötmegiň hupbatyna Eşret düşünse-de Ryza agany Nediriň jellatlarynyň eline berip, öz başyňy aman gutarmak namartlygyň aňry başydy, hyýanatdy. Eger Eşret namartlyga ýüz ursa, Ryza onuň namartlygyny Eşrediň iline, halkyna ýöňkär. Soňra agyr günäniň astynda namart bolup ýaşamak, eýse, ýer sermenip ötenden oňly bolarmy! Eşredi ýençdiler, ýalaňaç bedenini dürre gamçynyň astyna aldylar. Larsa-larsa galan gyzyl zolaklar tenini bezedi. Derisini gaplap alan gyzgynlyk içine düşdi, ýyly dem howra öwrülip, gyzan tamdyra döndi. Eşret dil ýarmady. Nedir ony huşuny ýitirýänçä urmagy buýurdy. Ol ilki başda Eşrediň erjelligini akmaklyk saýypdy. Türkmen pürsiýany goraglamaz, duşmandygyny bildirer. Has beteri-de, jan diýen zat süýjüdir, jana gezek gelende ynsap gury sözdür. Pürsiýanyň adyny aýtmak beýlede dursun, nökerleriň öňüne düşer, alyp geler. Onuň häzirki bolşy, damagy çalynjak goýnuň çarbaýlygydyr. Aýaklarynyň mazaly güýlünenini bilende, haýwan ümsüm ýatýar, adam näme! Adam diýeniň häkimligiň werzişine kaýyl jandardyr, sürüdäki goýundyr. Süriniň çopan häsiýetine kaýyl bolşy ýaly, adamlar-da häkimiň erkine kaýyl bolmalydyr diýdi. Ene-atasyna, il-ýurduna zulum edenleri Nedir ömrüniň dowamynda näçe diýseň gördi. Ol wepa, äht diýen düşünjelere juda şübheli garaýardy. Olary diline çolaýan adamlary hilegär ýa-da akmak diýip bilýärdi. Eşrednň pürsiýany goraglajak bolmasy, azaba döz gelip durşy akmaklykdy. Nediriň ýigrenýäni akmak adamdy. Eşret huşuny ýitirdi, emma Ryzagulynyň kimdigini aýtmady. Onuň erjelligi Nediriň ynjalygyny gaçyrdy. Türkmen bilen pürsiýanyň arasynda beýle nähili ýakynlyk bolup biler? Olaryn dili, ynanjy, ýurdy başga, birek-biregi çapyp ýörler. Türkmen pürsiýanyň sözüne gulak gabardýar, ynanýar. Olar awşarlaryň gürrüňini edendirler, olaryn pikiri jüp düşendir. Olar Nedirin duşmany. Bu ýigidiň erjelligi duşmanyň erjelligi. Dana pürsiýan munuň çaga beýnisini gaýtadan eýlendir, zäher gatandyr, şol zäher awşarlaryň has takygy, Nediriň aşyna atylmaly awy bolmaly! Pişik bilen itiň ýaraşan ýeri barmydyr? Boljak ekeni! Olaryň arasynda pişik bilen itiň jetligi dowam edip gelýärdi, olar bu gün Nediriň garşysyna agyz birikdirmäge taýýar. Agzybirlik birek-biregiň pikirine gulak asmakdan, sözüne ten bermekden başlanýandyr. Bu ynanç Nediris dünýäsini daraltdy. Bu pikir gönümel-de bolsa, peýkam kimin dogry gelip, onuň ýüregine sanjyldy. Eşrediň dana pürsiýany tapyp-tapmazlygyny ula saýdy. Eger aýan etmese, ýagdaýyň ýamandy. Nusaýyň etegindäki bagyň ümsümligine, tutuş Horasanynň galyberse-de, Eýranyň, asudalygyna ynanyp bolmaz. Ol egnindäki gyrmyzdony bulap ýere urdy. Eşret Uly serdaryň jansyzyndan-da aýylganç. Olarda mergi keseliniň howpy bar. Olary ile ýaýramanka, bogup taşlamaly! Nedir Eşrede rehim etmän, pürsiýanyň adyny aýdýança gynaň diýdi. Eşrediň bedemi oda taşlanan dek lowlap ýanýardy, emma agyry duýmady. Ol howruň içinde ejesiniň ýüzüni gördi, ýaňa meňzeş ses onuň nalyşyny aýan etdi: «Ogul-ogul, jan ogul, dokuz aý garnymda göterdigim, ogul, başymyň täji, ogul! Ganymyň peli ýaman, janyňa haýpyň gelsin, ogul». Eşrediň paýhasy dury, ol ejesine jogap gaýtarýar, geň galaýmaly, öz sesini özi eşidýär: «Bozlama, ene, aglama, ene ýüregisi daglama, ene! Bedew atlar ölen ýerde bir taýçanak ölmezmi, ene! Guba düýe ölen ýerde bir köşegi ölmezmi, ene! Namart bolup ýaşamaýyn, jandan geç, san bolup ýaşamaýyn, sandan geç, ene! Namartdan öýüne söýe bolmaz, namartdan süriňe eýe bolmaz, ene!». Soňra ejesiniň ýüzüni görmedi, sesini eşitmedi. Ýene oduň içine düşdi, bedeninde ýiti agyry duýdy, agyry barha güýjedi. Süňňüne ot basylýar, burnuna daglanýan etiň ysy gelýär. Meni ýakýarlarmyka diýen pikiri akyly tutjak bolýar, tutup bilenok. Oňa derek eňegi itiňke meňzeş aýylganç goýunlary görýär. Olaryň önünde ap-ak süňkler ýatyr. Süňkler goýunlaryň dişi degmänke owranyp barýar. Olar Zybanyň süňkleri! Eşret onuň ýüzüni görýär. Zyba Eşretden hemaýata, goraga garaşýar. Eşret it eňekli goýunlary kowjak bolýar, gymyldap bilenok, eli-de, aýagy-da gymyldanok. Zybanyň gözlerinden ýaş akýar, akýan gözýaş ap-ak, süýde meňzeş. Zybanyň gözlerindei süýt akýar! Soňra ähli zat: Zyba-da, aýylganç goýunlar-da ýom-ýok bolýar, garaňkylygyň, howur alýan garaňkylygyň içinde ýitýär gidýär... Eşret huşuna gelende öňi bilen Zybany ýatlady. Ony tapmanyna, hemaýat berip bilmänine gynandy, özüni ýazykly saýdy. «Men seniň gözlegiňe çykypdym, Zyba – diýdi. – Duşman toruna düşdüm. Emiriň islegine boýun synsam, ähtimal, ol seni tapmaga perman berer, ýemreli iline düşen bolsaň, seňi taparlar, Zyba. Saňa derek men olaryň eline Ryzaguly agany bermeli boljak. Nedir ol bendäniň dilini sograr, başyny keser. Seniň özüň-de çydamarsňs, Zyba. Seni ýaşuly pürsiýana çalyşdym diýsem, özüň aglarsyň, maňa namart diýersiň. Namardy ýigrenýändirler, meni ýigrenmeli bolma, Zyba. Dowzahdan aman sypsam, seni gözlärin, daglardan, çöllerden, düzlerden gözlärin, Zyba!..» Döwletmemmet molla, Küren söwdagär ýadyna düşdi, olaryň birek-biregi tanamaýanyna gynandy. Döwletmämmet akylly kitabyny ýazsa, Küren ony gözläp tapar, onuň dana sözlerini dünýä aýan eder. Jahana seýil edýän adamlaryň diline düşen söz ganatly guşdur, bir ilden beýleki ile uçar. Nedir Ryzanyň sözünden gorkdy, gorkmadyk bolsady, oda düşmezdi, Eşredi gynamazdy. Nedir Döwletmämmediň sözünden-de gorkar. Adalata gol ýapýan adamyň göwrümi giň bolmaly, Nediriň darlygy adalatsyzlygyň nyşany. Nedir adalatsyz bolmakdan gorkýandygyny aýtdy. Eşret onuň adalatsyzlygyny ýüzüne diýse, Nedir manysyz oýny bes eder. Ol Eşredi äsgerenok, ony akmakdyr öýdýär... Eşret özüni dürsedi. Arassa asmany, daglara eňňit atan güni gördi. Abanyşyp duran eli gamçyly nökerler onuň diliniň geplärine garaşdylar. Eşret islegini aýtdy: «Emiriň ýanyna alyp baryň, emire sözüm bar» diýdi. Onuň persala bedeninden suw guýdular, köýnegini, donuny geýdirdiler, üsti-başyna timar berdiler, gul suwuny sepdiler, töweregini gallap, ak çadyra alyp bardylar. Nedir han begler bilen söhbetini ahyrlapdy. Olara rugsat bermedi, teke ýigidini görsünler, aýtjak sözüni gulaklary bilen eşitsinler diýdi. Beýik emir geň, galaýmaly ýagdaýa düşüpdi. Soltanbendi dikeltmegiň aladasy bilen, ilatdan ýygnalmaly harajat, adam güýji hakynda takyk karara gelindi. Soltan Sanjaryň elem ýaly giň döwletini gylyjyň gudraty bilen täzeden bina etmegiň yşgyna düşüp, göwnündäki arzuwlaryny beýan edende, han-begler ona uzak ömür dilediler. Çingiz hanyň haraba öwren şäherini Emir Temiriň ogly Şahrudyň bina edişini ýatladylar, beýik soltanlara, emirlere laýyk tutumyna guwanýandyklaryny öwran-öwran nygtadylar. Nedir olaryň sözüni eşidip tolgunmady. Eşrediň islegini habar berenlerinde tolgundy. Uly serdaryň ýygnanşyga gelmänini hiç kim ýaňzytmasa-da, ol birdem Nediriň ýadyndan çykmady. Gapdalda beýik emire boýun synmaýan adamyň bardygy, şol adam hakynda ýygnananlaryň öz ýanlaryndan pikir etmekleri-de, Nedire juda ýakymsyzdy. Häzir ol Eşrediň erkini sykdyryp, şony-da gapdalyndakylara aýan edip, kalbyndaky ýakymsyzlykdan, böwründäki sanjydan dynmakçydy. Dogrusy, onuň dawasy Eşret bilen däldi, Uly serdar bilen dowam edýärdi. Eşret çadyryň bosagasyndan ätlände, içerde aý berip oturan adamlara gözi kaklyşdy. Olarda nazary eglenmedi, ýemrelnleriň hany-da şu ýerde bolsa gerek diýen pikir kellesine urdy, hany gözlejek bolmady. Oňa emir gerekdi, kalbyndaky sözi emire aýtmalydy. Emir törde otyrdy, egninde gyrmyzdon ýokdy, haşamly nagyşlar bilen bezelen, ýerligi gök, zere batyrlyp çykarylan dek lowurdaýan ýeňil don geýipdir. Şähti açykdy. Gözlerinde islegli habaryny eşitjegine ynam, şol habary aýtjaklygy üçin öňünden Eşrede minnetdarlyk duýgusyny aýan etdi. – Habaryny aýdyber, ýagşy ýigit. – It janawary ursaň çyňsar, çyňsasa-da, itliginden üýtgemez,, emir aga. Siz meni ýençdirip, gynap adamçylykdan çykarjak bolduňyz. Äsgermediňiz, juda göwnüme degdiňiz. Ýüzümde gözümde nyşan gördüňizmi, eýsem bolmasa, «şu adam namart» diýlip maňlaýyma ýazylypmy, maňa sütem etmäge deliliň barmydy?! Buýran heňiňden gygyryp oturar ýaly, men hakyna tutlan bagşyňmy diý. Türkmenden dilgir bolmagyn, emir aga, siz oňa engam berdiňizmi, rahatlyk berdiňizmi? Türkmen bereniňi iýmedimi, mülk berdiň-de, barjak däl diýdimi? Adyl bolsasyz, türkmeni öýünde rahat oturt. Äý, emir aga, sizin ýöwselligiňize haýran galandyryn. Bir gamça çydaman ýakyny-ýady, ilini-ýurduny satar öýdüpsiň-dä! «Ylymdaryň güýji danalygyndadyr, häkimiň güýji adyllygyndadyr» diýen sözi men okumyş türkmenden eşitdim. «Nedir häkimlige adalatyň ýoly bilen baranok, edýäni hiledir, zorlukdyr» diýen-de şol türkmen. Türkmen sizden rehime garaşanok. Häli egniňizde gyrmyzdon gördüm, hernä, aýrypsyňyz, amanat zady egniňe almagyn, emir aga. Möjek goýun derisine girip, sürä girse-de, nepi degmez, tanalar. Möjek ot iýenok, et iýýär, emir aga, möjegiň dişi üýtgeşik. – Bes et! – Uly serdar gelmez, gelmejegi çyndyr, eýsem-de bolsa, siziň ätiýaç etmeli zadyňyz başga, emir aga. Dana pürsiýan bilen okumyş türkmeniň sözi jüp düşdi, sözi jüp düşen iliň agzy bir bolarmyş. Gyrmyzdony hanlaryň-begleriň görmedigine şükür ediň. Türkmen bolup-da, öz ildeşine zulum edýär diýseler, size ýüzügaralyk! Eşret güldi. Nedir Eşredi diňläp otyrka, dag tekesi ýaly sarç türkmene jeza saýlaýardy. Türkmen hemişe ýol ogly, türkmeniň güýji aýagyndadyr. Bir taýpasyndan beýlekisine aşjak bolsaň, urpak çägelere gömlen ýoly görmeli. Ýoluňy saýgarmasaň, aýakdan ne peýda. Il aşyp bilmejek bolsaň, dilden ne peýda! Nedir buýruk berdi: – Äkidiň, gözüni oýuň! Nusaýyň eteginde, köne toraňňy agajynyň düýbünde Eşrediň gözüni oýdular. Onuň ýagty ýalança garap, iň soňky göreni galanyň galyň diwarlaryna düşýän kümüş reňk gün şöhlesi boldy. Soňra tükeniksiz tümlüge düşdi. Huşuna gelende töwereginde jandar baryny duýmady. Gözüne neşter sokulyp, beýnisi gazalýan ýaly, aýylganç agyry bedeniniň her bogunyna dolupdy. Beýnisi eräp akyp barýarmyka diýdi, gyzgyn gözünden löderä çalymdaş goýy suwuklyk syrygýardy, onda ganyň ysy bardy. Çarlaklaryň sesi, gurbagalaryň uzakdan eşidilýän galmagaly wagtyň gijedigini duýdurdy. Howanyň howry ýatypdyr. Çöp-çalama degip şuwlaýan ýeliň sesini eşitdi. Gara ýel gelendir öýtdi. Çölde gara ýel gelende, tozanyň derdinden asman-zemin gapyşanda, dünýä tümlüge gaplanýardy. Ol tümlük gijäniň tümlüginden aýylgançdy, ýüregiňi gysdyrýardy, ahyrzamany ýatladýardy. Tümlük aýrylman, asman zemine çöküp, janly-jandar ýedi gat ýerin teýine sokular diýen gorky adamyň kalbyna howul salýardy. Gara ýel ýatar, daň atar, tümlük sowlar, gün dogar, mundan beýläk Eşret ony adamlaryň gymyldysyndan, guşlaryň sesinden, howanyň ýylysyndan, sowugyndan biler. Ýeliň şuwwuldysy dowam etdi. Eşret eliniň, aýagynyň daňyda däldigine, asyl damagynyň çalynmandygyna geň galdy. Ol Küreniň islegini ýatlady: Hudaý asmandan gygyryp, giň ülkä pytran türkmene sesini ýetirsedi, türkmeniň dilinde gepläp, bir iliň beýleki ile dogandygyny ýatlatsady, doganyny duşman tutan iliň soňy bibatdyr diýsedi!.. Döwletmämmet söz adamyň kalbyna düşen tohum diýýär. Çölde bitýän ot-çöpleriň tohumyny asmandan sepýän ýok. Tohumy şemal göterýär, goldan-gola aşyrýar. Söz-de agyzdan-agza geçip, ile ýaýraýar. Tohumyň gögermegi üçin asmanyň ygaly gerek, ýagşy sözüň şine urmagy üçin söz eýesiniň päkligi, paýhasynyň ýitiligi gerek. Adamlaryň göwni akyl söze teşne. Eşrediň ýüzüne damja damdy. Biri suw sepeleýändir öýtdi, kim bar diýip sorady. Ses beren bolmady. Suw dilejekdi, agzy gurap, ýanyp duran ýüregi suw küýsedi. Ýatan ýerini sermeşdirdi, barmaklaryna ýandagyň tikeni batdy. Ýagyş damjasy güreldi. Ýagşyň şatyrdysy artdygyça, ýelin şuwwuldysy galdy. Tomusda ýagşyň ýagmasy Eşrede geňdi. Bu dagyň edýän oýnudyr diýdi, «gudrat görseň daglara bar» diýipdirler. Ýel yzy ýagyş, bu ýagyş dünýäniň tozanyny ýatyrar. Öl toprakdan ýakymly ys göterildi. Gök gümmürdedi. Gümmürdiniň sesinden çen tutsaň onuň başlanýan ýeri uzakdady, golaklaşdygyça gatalyp, Eşrediň ýatan ýerine ýetmän, ägirt sarsgyn bilen sowlup gidýärdi. Asmanyň gümmürdisi Eşrediň kalbyna Göroglynyň dabarasyny saldy. Nobadyň tanyş sesi gulagynda ýaňlandy. Bagaja obasynyň başyna inen bela-beterden Nobat habarlydyr diýdi. Ol häzir Eşrediň obadaşlaryny daşyna ýygnap, Göroglynyň sözi bilen goç ýigitleri häzir bolmaga çagyrýandyr. Bedewler arlap dag aşanda, ýetip ganyma duşanda, mertler esräp joşanda, daglar gümmürdemeli diýýändir. Ganly söweşleriň boljakdygyny, pelegiň lerzan urup, asmanyň-zeminiň titrejekdigini-de bilýändir. Goç ýigitleriň nagrasyndan, il-ulusyň nalasyndan daglar gümmürdeýär. Görogly beg Gyratyny münende, daglar gümmürdäpdir. Nobat Göroglynyň Gyrata münendigini teşne göwünlere ýetirendir. Onuň habaryny eşideni zerarly daglar gümmürdeýär! Bu gümmürdi Eşrediň kalbyna gowulygyň alamaty bolup doldy. Nusaý galasy söweş meýdanyna öwrüldi. Nobat: «Ganly söweş bolsa gerek, lerzan urup titrär pelek!» diýip gygyrdy. Asman onuň sözüni gümmürdi bilen ykrar etdi. Gök gürlände, ýyldyrym çakýar. Gylyç gylyja, gylyç galkana degende ot çykýar. Häzir ýyldyrym çakýandyr, Eşret ony görenok, ol ýyldyrymyň çakanyny hiç mahal görmez, diňe görýänleriň dilinden eşider. Gaýdyp Güni, Aýy, asmany görmejegi geňdi. Ýagty ýalançyny görmän neneňsi ýaşap bolar? Ol iki gözi sokur körleriň ýaşap ýörenine beletdi, emma olaryň derdiniň öz başyndan hemişelik inenini boýun almaga ýetişmändi. Asmandaky Güni, güneşi hakydasyna getirende, tümlüge süýt reňki çaýyldy. Birdenkä-de, ak asmany çapyp ýyldyrym çakdy. Ýyldyrymyň reňki garady, towlanyşy gara ýylana meňzedi. Gara ýyldyrym neştere öwrülip, Eşrediň oýulan bäbenegine batdy. Gara ýylanyň zäheri beýnisine, ýüregine dolana döndi. Soňa baka gara ýyldyrym onuň bäbeneginden atylyp çykdy, asmany çapdy. Ýyldyrymyň garalygyndan asman garalmady, gaýta agardy. Eşret ýyldyrym uran adamyň gara köýük ýananyny eşidipdi. Gara ýyldyrym ak asmany ýandyrmaga dalaş etdi. Eşrediň göwnüne, ak asman gara ýyldyrymyň urgusyna döz gelip, ýanmasa, garalmasa, onuň oýulan gözleri ertir açyk asmany, nurana güni görmelidi. Ol umyt bilen Günüň dogaryna garaşdy. Nusaýyň depesinde tomus aýy gök gürläp, ýyldyrym çakan gijesi Döwletmämmediň maşgalasynda ýene bir ogul dünýä inipdi. Onuň adyna MAGTYMGULY dakdylar. Soňy. 1984-87-nji ýyllar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |