17:29 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -1: dowamy | |
I K I N J I B Ö L ÜM
Taryhy proza
1. Uly serdaryňkyda bolan geňeşden son Galkan batyr juda howlukdy, aýagyna ot ýapyşdy. Akmyrady tapdy. – Aty eýerläber, bize-de gezek ýetäýjek ýaly-la – diýdi. – Ýemreliniň iti daga syrtyny diräp, çöle tarap üýrmesin-dä, çyösadyp gaýtmaga çak boldy. – Ýaşululardan bidin ýola düşüp bolmaz. Akmyradyň paýhasa gol ýapyp aýdan sözi Galkana sögünçden ýokuş degdi. Akmyrady gorkaklykda aýyplamaga ynsaby çatmasa-da, ol kesekidigini görkezdi diýdi. Uýasynyö Eşrede göwün berendigini duýandyr, çete çekiljek bolýandyr. Çete çekilip, namysjaňlygyny görkezip bolmaz, namysyň çözgüdi egri gylyçdadyr. Galkan öz gaýratyny namys ýolundaky gaýduwsyzlyk diýip bilýärdi. – Atanyýaz badymyzy alar. Erki heleýiniň elindäki adamdan nämä garaşjak sen! Zatly adam töwekgellige gidip bilmez. Oturan ýerinden gozgansa, dünýe başyna ýumrulaýjak ýalydyr. Ýumrulyp geçsin! Häzir töwekgel ozdurar. Bize taýyn bahana bar. Galkan Atanyýazyň ýanyna barman, Kiçi serdaryň gözlegine çykdy. Ony Hywa ýolundan bir menzil aňyrda, gagşallaryň obasyndan tapdy, ýagdaýy aýtdy. – Inim ýemreliň obasynda ýitirim boldy. Olaryň bihabar bolan boluşlary janymy ýakýar. «Kör düýäni gördünmi?». «Göremok». «Göremok» ýüz beladan dyndarar. Ýalançynyň ähli belasy biziň başymyzdan inip durmaly bolarmy? Galkan Kiçi serdary özüne meslekdeş tutunyp, ýagdaýa düşünjegine halys ynamy bolany üçin jibrindi. Keseden synlaýmaga sypaýy görünýän görmegeý ýigidiň mertebesi Galkanyň ýanynda iňňän belentdi. Teke ilini masgara bölünişikden dyndaran, ýüregindäkini ýaşulularyň, Uly serdaryň ýüzüne dogry durup aýdyp bilýän gerçek, Galkanyň garşysynda otyr. Galkan ýyly garaýşy bilen oňa çyn hormatyny duýdurmaga çalyşdy. Serdaryň maslahatyny ikirjiňlenmän, lükgeligi bilen kabul etmäge taýýardy. Ol çapraz pikir eşiderin öýdenokdy. Kiçi serdar: – Ed-dil şu pursat Uly serdaryň ýörelgesine eýerilse, utulmarys öýdýän – diýdi, soňra biraz ýylgyryp dowam etdi. – Uly serdar amuhta1 adam, dana kişi. Onuň hormatyny utamyşda has-da belent diýip bilýäs. Biz-ä siziň göreldäňize garaşyp oturandyrys. Galkan ajy ýylgyryp, ahmyr bilen dyzyna şapbat urdy. – Hä-äýt, onarmadyň, serdar, ýaşlyk etdiň. «Öz arrygyny har eden, kişi arrygyna zar bolar» – şumudy seniň diýjegin? – Sen ters many çykardyň. – Ähtimaldyr. Söz manysy türkmene biraz giç ýetýändir. Gaýdyş ýol uzak, pikir öwrere pursat bar, düşünsem gerek. Äý – ýok, häzir-de ýetdi. Men pisint ýeňilkellä diýmeli sözi sen bildiň, serdar. Utamyşyň göreldesine garaşýanyň dürs bolsa, şony kyýamat güne goýmajagymyz-a saňa aýdaýyn. Biz bir gönümel adam, gönümel söze garaşypdyk-da, bolsa-da, aýtdyň, kemi galmady. Galkan atyna münüp durka Kiçi serdar: – Siziň ýaly ýigitleriň bardygyna şükür edeýmeli – diýdi. Galkanyň depesi gök diredi. Ol minneti atyndan, bilindäki egri gylyjyndan çekdi. Atyň çapgyr, gylyjyň ötgür bolmasa, aýak astyna düşersiň, saňa rehim eden bolmaz. Bu dünýäde rehimsiz bolmakdan asla çekinmeli däl diýdi. Deňlik bolmandyr, mundan bu ýana-da bolmaz. Ozalebedinde Allatagala ýer ýüzündäki jandarlary deň ýaratmandyr, biri güýçli, beýlekisi ejiz. Adama akyl-paýhas beripdir, eýsem-de bolsa, akylyňa aýlan, birek-biregi ynjytma, göwne degişme, özara deňligi berkarar et diýip, diýleni-de buýtar-suýtarsyz ýerine salmagy buýran bolsa, başga gep. Heý-de, Allanyň etmedigini adam edermi! Her kim kelle döwer, oýlanar, ol ýana urnar, ahyr pellede ýene Allanyň edenine gaýdyp geler. Ejiz hemişe güýçliniň oljasydyr. Erkinlik güýçlä berilýändir. Goýun janawar erkin gezip bilmez, hakyna-da kaýyldyr, mesligi-de göterýändnr, emmaki erkinlikden mahrumdyr. Ejizligi zerarly mahrum. Janawara ynsap berilse-de, güýç berilmändir. Allatagala oňa-da güýç beräýen bolsady, ol-da hakyna kaýyl bolmazdy. Möjegiň erkinligi güýjünde. Güýçlüden güýçli bar. Gaplaňly derede möjek özüni erkin saýyp bilmez. Gör-ä, Eşrediň dädesi bir gezek alamana gidende, kazasy doldy, Galkan telim gitdi, başy dik. Gurban ikirjiňlenip gitdi. Ýolbars bolup topulmaly ýerde böwrüne doňuz diňini saldy. Ikirjiňlenmek merdiň häsiýeti däldir, ejize ýaraşýandyr. Ejiziň ölümi gybata meňzeş ýakymsyz gep-gürrüň döreder, öýke-kinä sebäp bolar. Çölüň imisalalygy Galkanyň, zehinini durlady. Akylly pikirler aýdýanyna guwandy. Haýp, gapdalynda adam ýokdy, bolan bolsa haýran ederdi! Eňek berip ýaşyp barýan günüň gyzgylt şöhlesi gum depelerine deň düşmedi, has belendiniň ýalaňaç başyny gyzartdy. Galkan öz başyny-da şol belent depelerin biri saýdy, Allanyň paýhas paýlaýan nazary oňa-da şöhle saçypdyr. Onuň pelsepe otarasy gelýärdi. Adama pähimli jandar diýýärler, eýsem-de bolsa, adamyň pähimi öz bähbidiniň çäginden uzaga gitmez, gitmez! Adam eline düşen haýwany islän çagy öldü rip-de bilýär satyp-da bilýär. Bähbidine gezek gelende adam adama haýwandan-da beter daraşýar. Öldürýär, gul edip Hywanyň, Buharanyň bazaryna çykarýar. Hywanyň gul bazarynda bolan gürrüň ýadyna düşdi. Bir adam üç sany gyrnagy satmaga çykarypdyr. Öýle namazyna deňiç diňe birini satdy. Namazyny harydynyň gapdalynda okamakçy boldy. Namaz okap otyrka, molla sypat, ak selleli, ter gara sakgally, goltugy kitaply adam golaý gelip, ony synlamaga durdy. Ol adamyň bolşuny Galkan halamandy. Onuň sülmüreýşinde heleýlere mahsus näz-kereşme duýdy. Birden-de başyny belent tutup, gedemligini äşger edýärdi. Ol namazyň tamam bolaryna sabyrlylyk bilen garaşdy, soňra sowal berdi. – Siz bäş wagt parzyňyzy berjaý edip, sogap gazanýarsyňyz, emmaki, naçar bendeleri kemsidip, günä iş edýändigiňize akylyňyz çatanokmy? Pygamberiň bizlere aýdyp giden pendi bar: her bir musulman bendesi erkinlige mynasypdyr. Pygamberiň pendiniň tersine iş görüp, musulman bendesini satmak agyr günädir. Ol gyrnak satýanyň utanaryna, toba ederine garaşdy. Gyrnak satýan utanmady. – Goltugyňdaky kitap danalardan galan nusgamydyr? – diýdi. Gara sakgal gaýyş jildi haşamlanan galyň kitaby iki elinde göterip, maňlaýyna syldy, buýsanç bilen jogap berdi. – Keramaty güýçli Gurhan! Gudraty güýçliniň sözi! Mukaddes kitaby gyzyl pula satyn aldym. Muňa dünýäniň malyny berseň-de azdyr. Gyrnak satýan adam bazary gohladyp güldi. Gurhany tutup duranyň haýýaty göçdi. – Kelamyllany bazarda satyp durkalar, bu akmak meni utandyrjak bolýar, ha-ha-ha! – Gyrnak satýan kimiň üstünden gülýändigini töwerekdäkilere äşgär etjek bolup, gara sakgalla barmagyny uzatdy. Eli Gurhanly ogurlykda aýyplanan dek ýumlugaýdy. Gyrnak satýan onuň yzyndan şowhun bilen gygyrdy. – Allanyň görünmeýänine şükür et sen, adamlaryň gözüne görünse, ony-da tutup, ed-dil şu bazarda bäş tylla satardylar, ha-ha-ha... Galkanyň ynanjyna görä, ýaşaýşyň ýowuz hakykatyny çekinmän aýdany üçin gul satýan adam rüstem çykdy. Galkanyň juda güýçli bolasy geldi, dünýäniň manysyny çepbeligine çöwürmäge dalaş etdi. Gara güýjüň möçberi haýsy jandaryň maňlaýyna ýazylypdyr? Hiç kimiň! Güýjüňi ykrar etdirmekden ötri, gaýrata galmaly, garpyşmaly, ölümden howatyr etmeli däl. Howatyrly adamlar ejizdir. Olar ejizdiklerini ýaşyrjak bolup, rehim-şepagady mazamlaýarlar. Rehim ejizligiň alamaty. Adamlar şeýle-de düşünýärler. Teke iliniň ýaşululary rehimlilik etdiler, Etegiň ilatynyň üstüne maslahata bardylar, mertebelerini peseltdiler. Olar ejiz hökmünde kabul edildi. Olar ejize berilýän jogaby-da eşitdiler. Güýç bilen barlan bolsady, beýleki tarap juda rehimli geplärdi... Çöle jana ýakymly salkynlyk aralaşdy. Gök otuň ýüzi gaýdypdy, gök salmak, güllemek gezegi iri çöpüňkidi. Garaguş müji ýaly gelşikli kellesini asmanda galgadyp, bir menzil öňe syn kylyp, ýoly-ýodany önünden saýgaryp, eýesini ýol aladasyndan dyndaryp, tüweleý kimin ýeňil gopup, iniş bilen çykyşa parh goýman barýardy. Eýeriň üstünde oturan adam ynjanokdy, pikir ýumagyny çöşlemege päsgel berýän ýokdy. Galkan halaýan pikirini gaýtalady: «Adama adam, möjege möjek bolmaly» diýdi. Bu pikir onuň üçin pehimiö çür depesidi. Ol Garagumda özünden gaýry göz eglenere gara bardyr öýtmedi. Bu çöl onuö mesgenidi, ýurdudy. Älem ýaly giň çölde dädesinin mazary ýatyrdy. Abraý batyry Hywa ýolunda jaýlapdyrlar. Uly Balkandan ýeňsede, iki günlük ýol diýdiler. Obasyna getirmäge ýagdaý bolmandyr. Garpyşykdan ölmen sypan bary-ýogy iki adam, olaryň-da sypyşlary ýagdaýly boldy. Ýaradan aýnalyp bilmän, ikisi-de bir ýylyň dowamynda amanadyny tabşyrdy. Il arasynda her hili gürrüň edilýärdi. Galkan dädesiniň galtamanlar bilen garpyşykda ölendigine ynandy. Ajy habary getiren iki adam: «Batyry serdara mynasyp ýerledik» diýdi. Galkan ol mahal oglandy, bu habaryň manysyna soň, serdara mynasyp mazarlary gözi bilen görende düşündi. Kerwen ýollarynyň ugrunda gabat gelýän uzynlygy elli-altmyş, ini ýigrimi-otuz daban çemesi uly mazarlar ýolagçylaryň gözüne gudratyň nyşany bolup görünýärdi. Tümmegiň astynda pylan serdar ýatyr diýerdiler. Her kim mazaryň gabarasyna görä, serdaryň boýuny-inini göz öňüne getirmäge çalşardy. O-how, boýy düýeden-de belent adamlar boljak ekeni! Geň galardylar, ýene ynamsyzlyk etmege hiç kesiň bogny ysmazdy, mazaryň mukaddesligi gorkuzardy. Şol mazarlar Abraý batyryň gabarasyny oglunyň öňünde bimöçber derejä ýetirýärdi. Galkan soňra gözi bilen gören dädesini däl-de, serdara mahsus üýtgeşik mazaryň aşagynda ýatan üýtgeşik adamy göz öňüne getirýärdi. Ol Abraý batyryň ogludygyna buýsandy. Bu buýsanç özüni iňňän güýçli saýmaga oňa esas berdi. Älem ýaly giň çöl oňa sähelçe bolup göründi. Men uçup bil- ýän diýdi, aýagynyň astyndaky Garaguşy ganatly saýdy. Atyny taryplady. «Aýagyň Garagumuň tüweleýinden ýasalan, ýagyrnyň Süleýmanyň tagty! Sen maňa Kiçi Balkanyň eteginde sataşypdyň, jyrtlap ýören taýçanakdyň. Seniň bahaň pürsiýanyň alagöz gyrnagydyr. Güneşiň nury bedeniňde oýnaýardy. Garaguş adyny sen şonda alansyň. Uly süri ýylkynyň arasyndan saýlap tutanym sen bolduň. Al reňki tutmadym. Men akmakmy eýse, Jygaly begiň pendini eşitmedik bolsam diý. Al at çakan bolýandyr, gözüne şöhle ursa hezili bolmaz. Garadory tutmadym, ähtimal, tohumynda gotur açany bardyr, jeňňele düşse, gaşanyp masgara eder. Boz aty tutmadym, daga-daşa düşende, toýnagy pytrajak bolsa, nämäme ýaradaýyn ony. Demirgyry tutmadym, guma düşende eşek kimin gybyrdyklap barjak bolsa, gatyr münen yzymdan kowup ýeter. Sen gara guş! Gara gaýçak ýylan sen, duşman seni göreninde eýmenýär. Alty ýaşyňy dolduryp, ýediňe gitdiň, sende gara ýeliň bady bar. Garaguş taryp edilýänini asýan ýaly, kellesini has-da belentde galgatdy, towsaklady, oýun etdi. Burny parlap ýel aldy, gözi zeminde eglenmedi, asmanda aýlandy, boýny barha uzalyp barýana döndi. Galkan ýola çykanda, töwerek-daşyna garap, adam-garanyň gelýänini biljek bolup azara galmazdy. Bu aladany Garaguşuň boýnuna atardy. At janawar düşbüdi, awçynyňky ýaly gözi degre-daşyndady. Alysdan gelýän atlynyň bir menzilden ysyny alar, gamyş gulaklaryny jüp tutup, hokranar, uýanyny siltäp, eýesine duýduryş berer: hatyrjem bol! Giň meýdany garşydan gelýänden gabanar, haýbat bilen düýrüger. Galkan: «Seniň başyň dikliginde meni gapyl basan bolmaz» diýdi. Ol taý atyny agylda ösdüripdi. Balkan bilen aralykda obanyň kül dökmedik ýeri galdymy! Her gezek täze ýurt tutulanda, Galkan öňi bilen Garaguşy göripleriň ýakymsyz gözünden gizleýän ýaly, sazakdan, sözenden belent agyl galdyrýardy. Janawar töweregi görmekden binesipdir, haçan görseň boýnuny süýndürip, asmana garap durandyr. Golaýda kimin bardygyny gözi bilen görmese-de, sähelçe gymyldyna duýmaga, ys alyp tanamaga ezber bolup gitdi. Galkan Garaguşy gynap, ahyrsoňy myrat-maksadyna-da ýetdi. Juda deprenmedik bolsam, al-asmanda owsun atýan boýun boljakmydy diý, aç gurt beýlede dursun, haram şagal seni gapyl basardy. Garaguş, sen maňa perzentden ileri. Heleýleriň tohumy tükenmese, perzent gytçylygy bolmaz. Bilde kuwwat barka, heleýler dogurmaly bolar. Perzent tapylar, seni tapmak çetin. Çagasyny elkin saklan akmak ölmänkä dat eder. Möjek çagasyny eý görýän dälmidir? Emmaki, goýna rehim etginiň diýip, çagasyna pent edýän däldir. Möjegiň düzgüni bilen ýaşamaly. Diňe dişiň ýitiligi, aýagyň ýyndamlygy bilen ajaldan gutulyp bolar. Dişimiň ýitiligi egri gylyçda bolsa, aýagymyň kuwwaty sendedir, Garaguş! Sen menden artykmaç rehime garaşma, rehim ejizlikdir, ejizlik ölümdir! Galkan oba dolanyp, Garaguşy seýislemege başlady. Adamlar onuň ýola atlanjagyny aňdylar, alamana gider öýtdüler. Onuň haçan ýola düşjeginden köpçülik bihabar galar. Alamanyň düzgüni şeýledi. Alamanyň serdary sähetli güni saýlap tutar, mollanyň ak patasyny alar, soňra belleşikli adamlara gizlin habar ýaýrar. Her kim ýüzüni garaňka tutup, ýeriň pesi bilen obasyndan çykar, mälim edilen ýere ýygnanarlar. Kasam ederler, bir çukura tüýkürerler. Bu düzgün Galkana gyzyk berýärdi. Öýlenýän ýigidiň ýakymly garaşmasyna meňzeş duýgy höwesini artdyrardy, şol höwesi duýmasa ol ýola düşmezdi. «Bu düzgüni men oýlap tapmandyryn, men ony galdyryp-da bilmen – diýip, alamany agyr güne saýýan adamlara gaýtawul bererdi. – Men gitmemde-de, beýlekiler gider. Meni öldi diýiň, ynha, men ýalançyda ýokmuşym-da, şonda-da alaman galmaz. Gyzylbaşyň soňuna çykylsa, ana, şol gün alaman galar. Gyzylbaş azdy, käpire öwrüldi, pygambere hyýanat etdi. Gyzylbaş atan okuny Omara degsin diýip atýar. Men şeýdilmegini Muhammediň ummatyna namys diýip bilýän! Galamasyny, baryň, Tagan molladan soraň!». Galkan gyşy alamansyz geçirdi. Ýaz çykdy, howa maýlady, alamany küýsedi. «Mör-möjek ýaly, pürsiýanlar hininden çykandyrlar. Çyksalar-da gorkulary gözündedir. He-he, arkaýyn boluň, haýsy akmak gündiz siziň üstüňize döküler. Ýarygijäniň garaňkysyndan aýlanaýyn. Duýdansyz üstüni aldyran pürsiýan kapasa düşen guşdur, diňe pysyrdysyny eşidersiň. Ýalanaç gylyjyny görseler, janlary çykar. Biri beýlekisiniň goluny daňyp durandyr. Beýle namart adamlar gul bolup ýaşamaga mynasypdyr». Ol Garaguşy meýdana alyp çykdy. «Alamandan öňünçä ikimiziň başga aladamyz bar, Garaguş – diýdi. – Öz türkmeniň kemsitse, kesekiden çökder boljak ekeni. Biz olara kemsitmeli möjek däldigimizi duýduraýsak neneň görýäň, mahaly gelen bolsa gerek. Maňa gawryş gitmejegini bilýän, janawar. Eýsem-de bolsa, meniň maslahatyma gulak as. Agralypsyň, Garaguş, ýeňlemesek ýola düşmek hatardyr. Agralan guşy mekir tilki kowalap alyp biler. Kethudalaryň bihuda gürrüňlerine gereginden artykmaç gulak gabardan bolmagym-da ähtimal, seniň agralanyny duýmandyryn, düýn golaý menzilde duýup galdym». Garaguşy iýmden kesdi. Uzak aralyga çapdy. Takyr ala düşende Garaguş şemala öwrüldi, alaň çägelere dyrmaşanda, burnunyň parryldysy çerkez-çetiniň astynda oturan towşanlary ürküzdi. Janawaryň jan deri endamyndan sarkdy. Galkan ony suwa ýakdy. Atyň teşneligini halamady. Garaguş içindeki ýangyny çaltrak öçürjek bolýan ýaly, suwy hopurdadyp içdi. «Betnebislik etme, Garaguş, käşgä, damarlaryňda ot aýlanýan bolsady. Bedenine haram ýag ýygnanypdyr. Haram ýagyň soňuna çykmasak, sen ganmarsyn». Galkan agralan atyna has-da dözümli daraşdy. Ýaltanmady, gaýta Garaguşy gynadygyça höwesi artdy. «Içen suwuň bedeniňde gaýnamasa, ýagyň eremese, menden rehime garaşma. Haram ýag etini ýumşadypdyr». Ol burnunyň deşiklerine ýumruk sokaýmaly atyň parryldysyny äsgermedi, gamçy çaldy. At öýke bilen ýüzüni kese sowup çapýardy. Galkan: «Ikimiz soň ýaraşarys» diýip gygyrdy. Agşamlyk atyna ýeke desse ýorunja bedesini berdi. Güýz pasly Durun sebitindäki obalardan tomusda ýatyrylan ýorunjanyň bedesini alyp gelýärdi. Uzak ýola gidilende, ata ýörite ýasalan doňdurma bermeseň bolanok. Doňdurma arpanyň, saryýagyň, ýumurtganyň garyndysyndan ýasalýardy. Ýumurtgany-da Durunyň obalaryndan tapmalydy. Galkan ahyryň gapdalynda çommalyp oturyşyna gury ýorunjany gütürdedip çeýneýän atyny höwes bilen synlady. Gözüne guwanç, yssy mähir indi. Eger Garaguş başyny galdyryp ýüzüne garaýsa, uzak gün görkezen görgüsi üçin ötünç soramaga häzirlenip oturana meňzedi. At başyny galdyrmady. «Iýiber, noş bolsun, gury çöp saňa melhemdir – diýdi. – Gury çöp endamyňdaky artykmaç suwy sorar». Ol atynyň teşneligi sowulýança, ony erkine goýmady. Çapdy, suwa ýakdy, ýene çapdy. Içiren suwuny atyň sünnündäki gyzgynlygyň derejesine ýetirýänçä çapdy. Garaguşuň tenindäki ýalpyldy azalanda bedeniniň gatandygyna ynandy. Sosra Atanyýazyň huzyryna bardy. – Rugsatmydyr? – diýdi. Atanyýazyň gaşlary çytyldy. – Bolsa-da, sen ýürege düşdüň, Galkan batyr. – Ol «batyr» sözüni heçjikläp aýtdy. – Namysa gezek gelende, adamdan rugsat soralýanmydyr. Galkan syçrap ýerinden turdy. – Biz bäş atly, ýola düşenimizi adam ogly bilmez. – Ýerin astynda ýylan gäwüşese bilinýändir. – Bilmezler! Göz baglananda, Ajyguýynyň başyna ýygnansak... Atanyýaz diňlemedi. – Size şärikçnligim ýok, halanyňy et – diýip, ol gep-gürrüňiň tamamdygyny äşgär etdi. Galkan batyr käýindi: «Garny ýasy namarat, akja guş boljak bolýar, tohumy düşnüksiz ykmandadan bolan, biwazy».1 Atanyýaz iç gözenekde gyşaryp ýatyşyna, Uly serdara piçjiň atdy: «Saňa geregi şü dälmidi? Är kimin yzynda durup bilseň, biz-ä başlandyrys» diýdi. Hä diýmän, Bagaja obasynyň ady külli teke iline ýaýrar, her ojagyň başynda Atanyýazyň ady tutular. Atanyýaz geňeş ýerinde Uly serdaryň orta atan pikirlerini serinden geçirip, Galkan kysmy dyzmaçlaryň elini-aýagyny baglap goýara sebäp görmedi. Galkana tutaryk bar, ýakyn garyndaşy – Eşret ýitirim boldy, ýemrelileriň hanynyň zyndanynda oturan bolsa kim bilýär? Emma deliliniň ýabygorludygyny aňýardy. Gidenlere şärikçiliginiň ýokdugyny duýdurany bilen arkaýynlaşmady. Uly serdaryň ündän hatyrjemligi ägirt alada bolup başyndan indi. Galkan turup gidenden soň, agyr ýüki has önjeýli duýdy. Süýji suwly guýyny taşlap, başga ýere göçmek ýokuş degjekdi. Her näme-de bolsa, ol entek ýüreginiň pynhan gatyndaky umyda bil baglady. Galkan batyr çakgandyr, yzyny düzlemegi başarar... _______________ 1 Amuhta – ökde, tejribeli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |