17:32 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -2: dowamy | |
2.
Taryhy proza
Küreniň kerweni Etrek derýasynyň olumyndan indi. Eşrediň alaşasy towlanyp akýan suwdan kürügip, öň aýaklaryny ýere diredi, gulaklaryny keýerdip düýrükdi, janawaryň aýaklary saňňyldady. Aňry ýüzde garaşyp duran Küren tomaşa bilen güldi. – Wä-ä, ol işigaýdan suw-da görmändir çaky. Suw boldumy diý, torgaýyň topugyndan. Ýükli düýeler äwmän alaşanyň gapdalyndan geçip başlady. Kerweniň hatary uzyndy. Ispendiýaryň mekanyndan gaýdylanda ýigrimi düýedi, dört günüň dowamynda dört ýerde kerwen goşuldy, düýeleriň sany kyrk ýedä ýetdi. Atlylaryň sany-da artdy. On sekiz atlynyň onusy söwda dahylly adama meňzemedi, ýaraglary guratdy, atlary jylawyna towusýardy. Kerwene dahylsyzlygyndanmy, başdan Eşret özüni del saýdy, öwrenişip bilmedi. Alaşa-da eýesiniň ýagdaýyny adýan bolsa gerek, boýny salykdy, susty pesdi. Ýyndam atlaryň gapdalyny küýsemedi, düýelere ýeýak goşup, näbelet ýoluň howpuny jähenneme urup, ýere garap gelýärdi. Kerwene goşulýanlaryň gözüne Eşret del adam bolup görünýän bolmaga çemeli, oňa geňirgenme hem biraz şübhe bilen garaýardylar. Soňra onuň kimdigini aýan edýändirler-dä, gaýdyp üns bermediler. «Men olaryn gözüne kim bolup görünýärkäm?». Eşret bu sowala özüçe jogap bererdi: «Olar seni Küreniň guly saýýandyrlar». Ol azatlygyň, erkinligiň keýpini duýmady. Küren: – Söwdagär diýeniň galandar pisint adam bolar – diýerdi. – Töwekgel bolmyýan adamdan söwdagär boljakmy, Hudaýa sygnyp baryberýär. Atly-ýaraglynyň baryp bilmejek ýerine söwdagär barar. Kimiň husutdygyny gedaý biler, il-günüň ýagdaýyny-da söwdagär biler. – Bilýeniň çyn bolsa, sen bize pürsiýanyň heleý alşyny aýdyp ber. Ilkinji gije nädýär diýdiň? Maňlaýy tüňňi gartan adam ýogyn dilini titredip güldi. Ol atynyň böwrüne depip, jylawy Kürene golaý tutdy, öň telim ýola eşiden gürrüňini täzeden eşitmäge häzirlendi. – Pürsiýandan emel gutuljakmy diý. – Küren çynlakaý gürrüňe başlanda, ony gülkä ýazdyrmagy ýokuş görerdi. – Esen, eşidip otyr, pürsiýanyň-da ajap däpleri bar. Gelin gapydan gelende, ýigit tylla jamy golunda göterip önünden çykdy. Jamyň içine gülüň suwy guýlan diýdiler. Bi nä alamat boldy diýdim. Alla oňlasa, gelniň ilkinji çagasy ogul bolar diýdiler. – Gül suwy bolmanda, eýse, şol gyrnaga ogul dogurdyp bolmazmy?! Esen ýene ýogyn dilini titredip güldi. Küren oňa üns bermedi. – Söwdagäri toýa-da çagyrýarlar, öýüň töründe orny-da bar – diýdi. Soňra Eşrede garap dowam etdi. – Ajap harydyň bolanda, ýarag derkarmy diý, serdaryň öňünde ýapylýan gapy söwdagäriň önünde açylýandyr, ballym. Biziň dädemize Ylýas täjir diýerler, söwda işinde gazap bolan adam, özi-de beter bilimsekdi. Äý, pürsiýanyň dilinde geplände munuň gazabyny gören bolsadyň, özleri-de haýran galardylar. Astrabatda, Şahrudda dädemi heniz-de ýatlaýarlar. Tähranyň, Ispyhanyň bazarynda Ylýas täjire garaşýan ekenler. Barmadyk ýeri galdymy, Maşat-da baran ýeri, Nişapur-da baran ýeri, «Gul-gyrnakda gözüň eglenmesin» diýip, pent edipdi bende. «Hudaýyň bendesi haryt däldir, adam satyp gazanan puluň haramdyr, nesip etmez» diýerdi. Onuň ölşi-de geň-daýt. Ýetmiş ýaşy arka atdy, söwdadan galdy, galanda näme diý, kimiň ölesi gelýär. Meret aýy gelende, adamlar aljyrap galýar, her kimiň Ezraýyldan gorkuşyny görseň. Ýomutlar: «Meret aýy halkyny seçer» diýip, Ezraýylyň howpuny gazaba öwürdiler. Ezraýylyň gözüne ilmejek bolup, aýyt gijesi ýeke ýatýan barmy, her kim ýalňyz galsa, Ezraýyl ýakasyndan tutar öýdüp, haly harap, pis-daýt. Syryp-süpürip, ýuwnup-ardynyp, adam bary gara heläk. Uzakly gün biş-düş, ojaklaryň ody sönenok. Arassaçylygy, bolçulygy gören ýerinden Ezraýyl gidiberermiş. Özüm-de öýde ýokdum, Kümüşdepä gidipdim. Habar bardy, dädeň aýryldy diýdiler. Ezraýyl dädemi on dördi gijä ýetirmändir, kir güni alypdyr. «Kir güni Ezraýyl aýlanmaly däl-ä» diýip, heleýim saçyny ütýär. «Ä-äý, heleý, adamyň başyndan Ezraýylyň inmeýän güni bolmaz» diýdim. Bendäniň akyl sözleri bardy. «Duşmanyň gepine gidip, Görogly beg Bezirgeni öldürdi, geçirimsiz günä etdi» diýerdi. Çapara, ilçä, söwdagäre ýarag çekmek beter hebes işdir. Nedir-de baýnamaz. Nedir aýylganç perman berdi, türkmen ilinden söwdagär barsa, ýoluny ýapyň diýdi. Söwdagärden ätiýajy bar, türkmeniň atlysyndan ätiýaç etmese-de, söwdagärinden ätiýaç edipdir, gorkupdyr. Küren häli-şindi Eşrede gep atmak bilen, töwerekdäkileriň biperwaýlygyndan döreýän oňaýsyzlygy ýoga çykarjak bolup alada galýan ýalydy. Owkat iýlende, ony gapdalynda oturdardy. Eşrediň göwnüne bolmasa, Küren näçe ýakynsyrasa, töwerekdäkileriň biperwaýlygy şonça-da artýardy. Köne galada ýük ýazdyrylan gije, nahar-şamdan soň, her nim başly-barat gyşarma bilen boldy. Uzak ýol ýadadypdy. Eşret irkilip barýarka, golaýda Küreniň assa gepini eşitdi. – Söwdagäre güler ýüz, şirin söz, ýagşy haryt, bir-de hile gerekdir – diýdi. – Eger uklamasaň, men saňa bir baý-da1 aýdyp bereýin. Eşret: «Küreniň meni söwdagär etmek hyýaly barmyka» diýdi. Adamlar hor çekip ýatyrka, ertekiniň zerurlygyna geň galdy. Ýa-da, ukusy gelýän däldir, gepläp ýatsa, agzy ýadap, ahyry uklap galaryn öýdýändir. – Bir köse adam bir oglana söwda etmegi öwredipdir. Köse adamlara özüň belet, hile-dä olaryň başarýan zady. Olar bir çopana gyran ýarym pul beren, çopan-da olara bir guzy beripdir. Guzyny alyp gidenler, orta ýola ýetilende, köse yza gaýtmakçy bolýar. Çopana guzyny gaýtaryp berýär-de: «Hälki gyran ýarym pul-da seniňki, bi guzy-da seniňki, deregine başga zat ber» diýýär. Çopan-da bulara eşegini berýär. Eşret, Eşret, bi seniň diňlemejegiň çyn boldy, hor çekiberdiň-ow. – Ä-ä... gutardyňmy? Eý, al salýan adamdan adam bolmaz. – Adam bolsa, oňa köse diýjeklermi... Seniň-de çopanlygyň çyn ekeni. Ol agyr pallady, gaýdyp geplemedi. Çölüň üçünji güni Küren egri gylyç tapyp Eşrede berdi. – Egniňden asagaý, bi-de duşmana haýbatdyr – diýdi. Gapdalynda duranlar gülüşdi. – Bular tomaşa küýseýär, sen bulara garama, as-daýt egninden. Galtamanyň gözüie Alynyň Zülpükärinden zyýat görner. Diňe bir adam gülmän-yşman durdy. Eşret onuň garaýşyny başdan halamandy. Adyna Toýjan diýerdiler. Göwresi agyrdy, hamy galysdy, gün aşan bagyr ýaly, ýüzüniň reňkinde ýakym ýokdy, gözleri bulançakdy, wagtal-wagtal gan inýärdi. Kesesinden garap, bu adam kelle agyrynyň derdini çekýändir diýäýmelidi. Onuň derdi başga ekeni. Eşret egninden gylyç asan güni ol çydamady, ýaryldy. – Teke-de namartlyk etdi – diýdi. – Nedire topulmaly bolanda, tekede gaýrat bolmajak ekeni. Ýomut-da, gökleň-de, ýemreli-de, kürt-de topulmaga höwesek, tekede şol höwes, gaýrat ýok. Tekeler kömege ýetişen bolsady, Nejep soltan Nedirden basyljakmy diý. – Ol sözüniň esaslydygyny duýdurmaga howlukdy. – Dört ýyl ozalky söweşiň gürrünini edýän. Durunyň sebitinde Ybranym hanyň agyr goşunyny dargadan Nejep soltandyr. Maru-şahu-jahanyň ýomutlary dünýäň aňry çetinden kömege gelende, gapdaldaky teke baranok, ýemreli kömege baranda, teke baranok. Kürt är ekeni. Ybraýym hany gala dykdy. Bogazyny gysyberdi. Ybraýym han pyçak gören çebşe döndi, lägiriberdi. Gardaşynyň dady-perýady Nedire ýetdi. Nedir doganynyň dadyna ýetişýär, teke gapdalda arkaýyn gezip ýer. Ne sebäbe teke Nediriň ýeňsesinden urmady?! Eşret: – Bu wakadan men-ä bihabar – diýdi. Toýjanyň ýüzi gahardan garört boldy. – Namart hemişe bihabardyr. Sen bihabar bolsan-da, serdaryň bihabar däldir. Eger ol-da bihabar bolsa, siz adam-da däl, mahluk. Dört ýyl ozal kellesi guma garylmaly haramzada dünýä gan çaýkap ýör. Nediri aýdýan. Ony mergi-de alanok, bendesiniň oky-da alanok. Hudaýyň özi-de şol ganhoryň tarapynda. – Toýjan, küpür gepleme, toba diý, – Akylyna aýlan, haw! Toýjan töweregine azgyryldy. – Başyňyza selle orap, metjitde oturyň! Nedir maňlaýy gelen, bagty çüwen, aşygy alçy gopýar. Hudaý ol nejisiň işini rowaç etmese, öňküsi ýyl, Gürgeniň boýunda ýomut bilen gökleň basyljakmy! Astrabadyň öwgüli hany Muhammet Hüseýiniň çamalagyny çaşyran ýomut dälmi! Ýomudyň kimdigini gajardan sora! Gajary kül eden ýomut Nedirden basylaýmalymy? Hudaýyň özi Nediriň tarapynda. Günä-de bolsa, men şony diýýän! Ezraýyl gelsin-de, şu pursat janymy alaýsyn! Diýjek! Ýomudyň serdarlaryny Hudaý urdy. Muhammedaly, Hajymuhammet, Halmuhammet han hüşgärligi elden berjek adamlarmy! Hersi bir deräniň şiri. Olary Hudaý tutdy. Astrabatdan çykan atyň toýnak sesini Kümüşdepede eşidýän adamlar, heý, ynanar ýalymy, ýeňseden ýygyn dartyp gelýän Nediri duýanoklar. Hudaý olaryň gözlerini öer etdi, gulaklaryny ker etdi. Ýeňiş meýine maýyl bolup, dünýäni unutdylar diýjekmi? Ýeňiş meýini içerden irdi, entek Astrabady almalydy, entek gan dökmelidi. Meniň aýdýanymy ol adamlar bilenokmydy? Kim olara akmak diýip biljek? Haýsyňyz diýjek! Olary Hudaý tutdy. Gajar gyzlarynyň zülpüne daňlyp ýatar ýaly, olar heleý görmedik boý ýigitmi diý! Hudaý tutdy. Nediriň duýdansyz dökülmesiniň özi Hudaý tutanlygynyň alamaty. Ýomuda emel-de berlipdir, ýürek-de berlipdir, ýomuda bagt berilmändir. Ýomudyň batyrlygyny baryň-da, Nediriň özünden soraň. Üstüni basdyrany bilen ýomut ökje göterdimi?! Ölýänçä söweşdi. Yza serpilen bolsa, topulmak üçin serpilendir, Göroglynyň it urşuny görkezendir. Eger Nedir aýylganç düýş görýän bolsa, görýänligi-de çyn, ganhor düýş-de görer, gara-da basdyrar, Nediriň düýşünde görýäni ýomutdyr. Ýomutlar Nedirin hyzmatyna barsa, Nedir şol dem Astrabadyň gajarlarynyň ýüzüne tüýkürer. Ýöne ýomut barmaz, barana-da namart diýer. Jeňden gaça durana-da namart diýer. Tekeleriň arasynda «ýoluňda ýomut oturmasyn» diýen söz barmyş. Şol sözüň hakyky, çyn manysyny Nedirden soraň, gajardan soraň! – Toýjan janagyryly güldi, bogazyndan gülki sesi çyksa-da, gülkiniň alamaty ýüzüne ýaýramady, diňe gözleriniň gyzyly köpeldi. – Ýomut gajar bilen dil tapar diýsesiz, hä diýerin. Özüm-ä Nediriň gara kellesini togalajagymy bilsem, albassy bilen, Iblisiň özi bilen dogan okaşmaga häzir. Toýjan söz bilen ýüreginiň derdini gowzadyp bilmejegine düşünen ýaly, birden atyny gamçylap, adamlardan ara açdy, öňdäki baýra dyrmaşyp, depede jylawy çekdi, kerweniň ýeterine garaşdy. Küren: – Ä-oý, ýürek azary sabajakmy diý. Toýjanyň derdi gazap boldy, iki gardaşyny ýitirdi – diýdi. Soňra gamçysynyň nagyşly sapy bilen Eşrediň egnine kakdy. – Bally, sen göwün etme. Doganlarynyň aryny ýerine salmasa, bu adama gijede-gündizde ynjalyk bolmaz. Özi-de mert söweşi küýsäp ýören ýigit. «Ejize gylyç götermen» diýýär. Ýaragsyz gelene duşman diýiljekmi, Toýjan ýaraglyny gözleýär. Açyk meýdanda Nedirin äzi bilen ýüzbe-ýüz bolaýsa-ha, gurduny gündiz uwlady bil. Bary-ýogy ýigrimi-otuz ädim giňlikdäki pessejik olumdan geçmäge ýaýdanyp duran alaşanyň syrtyndan gamçy indi. Alaşa böküp suwuň içine düşdi. Eşrep tas yza serrelipdi. Seretse, ýeňsede gamçysyny galgadyp Toýjan dur. Onuň ýüzünde oýnuň-degişmäniň alamaty ýokdy, hyrsyzdy, garaýşy ýowuzdy. – Teke, sowul ýoldan, aýakbagy bolma – diýdi. Onuň golaýlaşýandygyny duýan alaşa awuly gamçynyň gaýtadan inmeginden ätiýaç eden ýaly, gybyrdyklap suwuň içi bilen ýöräp ugrady. Asman arassady. Depä galan günüň howry artdy. Eşret derýanyň hanasyndan çykyp, belent depäni üstünde alaşasyny saklady. Öňdäki düzlük ony haýran etdi. Ol çäksizdi, asman ýaly giňdi. Sary samana öwrülip barýan otuň reňkini alan meýdanyň üstünden düşen kerwen ýoly akjaryp, gaýralygyna gidýärdi. Gözýetime ýetmän, ýoluň sudury ýitýärdi. Ol sähranyň bimöçberdigini aňladýan alamata öwrüldi. Aşak tarapdan salkyn şemal öwüsdi. Eşret bu şemaldan entek sowulmaga ýetişmedik ýazyň demini duýdy. Soňra gök otuň salgym ýaly ýitip barýan öwüşginini çala saýgardy. Ol öwüşgin eňek atyp ýatan hassanyň janlydygyny mälim edýän alamat ýaly alamatdy. Sähel wagtdan ýitip gitmelidi. Uç-gyraksyz meýdan Eşrediň atygsap duran ýüregine gozgalaň saldy. Aýralygyň azary sanjy bolup ýüregine ornady. Gideli bäri är ömri ötendir öýtdi. Sag egninde dag, çep egninde düz. Ýollar dagdan düze inýärdi, düzden daglara dyrmaşýardy. Eşret yzyna gaňrylyp, gelen ýoluna esewan boldy. Agzyny açyp duran giň jülgäni gördi. Jülgäniň gözýetimi ýeňiljek dumana dulanyp gidýärdi. Dumandan bärdäki meýdan gök öwüsýärdi. Sähradan garana jülgäniň ýazy sowulmajak ýalydy. Eşret salkyn, sapaly görünýän jülgäni aýylganç aždarhanyň agzyna meňzetdi. Ol meni sypdyranyna gynanýandyr diýdi. Daglardan daşlaşasy geldi. Öz erkinligini sary sähranyň giňliginde gördi. Ýüregine hyjuw, kalbyna giňlik aralaşdy, göwün joşgunyny aýan edesi geldi. «Dünýä inip, gözümiň gördügi, sähra, gel, ikimiz ömürlik syrdaş bolaly – diýdi. – Aýak bitip, ýöredigim ýollar, gel, ikimiz ýoldaş bolaly. Taňrynyň mesgeni bolan gök asman, sen meni ýola sal, garaňky gijeler azaşdyrma, meni ilime ýetir». Eşret Küreniň sesini eşidende, onuň gapdalyna gelenini bilip galdy. – Bally, seniň ýoluň bi tarapdyr – Küren gamçysynyň sapyny gündogara uzatdy. – Dagy gapdallap gidibermelidir, Gyzylarbada ýetip-de, ýüzüňi çöle öwrersiň. Äý, bi ýol bilen ýarym aýda Hywa barsa bolýar. – Soňra gamçysyny demirgazyga aýlady. – Balkanyň ýoluna-da seret. Maşady-Misserianyň düzi-de şu tarapda. Bi şemal-da derýanyň1 üstünden öwsüp durandyr. Seniň özüň derýany gören dälsiň-daýt? – Göremok. Küren şowhun bilen güldi. – Wä-ä, bally, derýany görmeseň, seniň dünýäni görendigiň ýalan bolar. – Küren. – Hä, bally? – Agam, sen meni boşat, rugsat et, ilime gaýdaýyn. Sen meni Ispendiýaryň zyndanyndan boşatdyň, haýyr iş etdiň. Bege näme bereniňi bilemok, agam, näme ýagşylyk edeniňi-de bilemok, aýtsaň, men-de eşitsem. Begiň ýüregine rehim inmedigini bilýän, meni boşadyp, saňa peşgeş etmedigi-de belli. – Begde berim bolýarmy diý. Seniň bahaň bir igdiş boldy, bally. – O diýeniň näme, agam? – Äý, gowy bir tohum at. – Bahasyny jaý edeýin, Küren, bahasyny aýt, meni saklama! Bi sähra, bi ýollara gözüm düşdi, ýüregim ýarylyp barýar. Kabul bilseň, alaşamy al. Bolmasa-da, Hudaýlyk sözüme ten ber, Gurhandan ant içeýin, seniň bahany getirjegime ynan, agam. Küren buduna şapbat urup güldi, ol şatlygyna gülenokdy, kalbyndaky närazylygy duýdurjak bolup gülýärdi. Eşret gyssandy. – Ýola saldyň, telim gün engam berdiň, duz hakyny-da töläýin, daş ýany bilen töleýin agam. – Tüket-daýt! Eşret Küreniň ýitelen gözlerindeki gahary, närazylygy görüp, ýüzüni asdy, bada-bat ýalbaranyna, ejizlänine ökündi. Kürenin göwni galdy. – Ýigid-aýt, sen biziň, ýagşylyga düşünmediň – diýdi. – Pürsiýanyň zyndanynda goly bagly türkmen balasyny görüp-de, jähennem diýjek bolsam, menden-de türkmen bolarmy diý. Igdiş diýeniň tapylman duran zatmy. Ýat ilde ölüp galsaň, seni kim tapjak. Menin sözümde alamat gördüňmi sen, ýüzümde alamat gördüňmi sen, ne beýle ýaramaz söz diýmäge diliň bardy? Beter göwnüme degdiň! – Aňmandyryn, günämi öt, agam. Küren: – Günä boljagyny aýtmankaň duýmadyňmy sen? – diýip, jibrindi. – Äý, men-ä eden işime guwanyp gelýän, sen-de guwanjymy ýele sowurdyň goýberdiň. Men söwdagär-de bolsam, beren duzuma baha kesip ýören haramzada däldirin. Ýomudyň-da ýagşylyk etjegne ynangyn, bally, ynanman gitseň beter pis bolar. – Ynandym, agam. – Haçan ýola düşsen rugsatdyr, isleseň häzir git, Alla ýaryň bolsun. – Seniň öýkäňi ýazman gitmen, agam. Olar kybla tarapa ýüzüni öwren kerweniň yzyna düşdüler. Derýany goltuklap, belentli-pesli meýdan uzalyp gidýärdi. Baýyrlaryň aralygyndaky ýerler takyrdy. Belentden gaýdan ýagyş suwunyň gazan joýalary tygdan galan yz ýaly bolup görünýärdi, Küren: – Bir meýdan ýöresek oba ýeteris – diýdi. Onuň bolşunda uzak ýoluň sag-salamat tamamlanýandygyna kanagat edip oturan adamyň arkaýynlygy ýokdy. Biynjalykdy, aýtmaly möhüm sözi bar ýalydy, aýdyp dynmasa ynjalmajak ýalydy. Eşret: – Agam, göwnüňizdäkini aýdyň, ýürekde arman galmasyn – diýdi. Küren hoşamaý güldi. – Ýany gidiberen bolsaň gynanjakdym, bally. – Ol kanagatyny aýan edýän şekilde uludan demini aldy, günortadaky daglara, günbatardaky düzlüge göz aýlady, höwesli gepledi. – Adam diýeniň gyzyk zat. Ispendiýar beg zyr pürsiýan, türkmeni ýigrenýäni-de aýan. Ýigrenýän-de bolsa, türkmen bolup, pürsiýanyň dilinde gepleseň, şoňa-da ýaraýar. Söwdagär bolup-da, gapysyndan barsaň, duz-çörek mürähedi bar. Eýranda derwüşe, bir-de täjire degmez ekenler. Söwdagäriň ýoly açyk bolanda, Eýran rowaç bolupdyr. Söwdagäre hormat pürsiýanyň ganynda bar, Nedir perman bilen şol hormaty bir günde ýok ederin öýdýär. Nedir baýnamaz, Nediriň görjek güni pis bolar. Şirgazy han-da ile-güne gazap boldy. «Haýynlyk etdi, orus baýaryny öldürdi, adamlaryny gyrdy» diýip, dädem gürrüň bererdi. Dedem pahyr iki mertebe Müňgyşlaga kerwn gurady. Äý, orusyň ak gandynyň tagamy heniz-de agzymdan gidenok. Dädem öýüň düýbünden orsuň gulaç boýy aýnasyny asyp goýdy, men-de ýetginjekdim, depämden dabanyma çenli görkezip dur-aýt. Heleýleriň-de güni geldi. Dädem söwda gitse, olar-da bizden çykanok, öýüň içinde oturmaga orun boldumy diý. Bir gawuja gyz bardy, ady-da Abadandy. Eý, şu Abadan täze köýnek geýip aýna seretse, men-de Abadana seredýärdim. Çykyp gitse-de, suraty aýnanyň ýüzünde galan bolmasyn diýip serederdim, bally. – Küren şowhun bilen güldi. – Hä diýmän, şol Abadany-da biziň öýde görersiň. Hywa tarapdan gelen okumyş pir dädemi tanaýan ekeni, myhman bolup geçdi. Aýnany oňlamady, dädeme: «Käpiriň zadyny ýok et, başyna bela geler» diýdi. Aýna gitse-de, aýnadan-da zyýat gyzy getirip, şoňa garap oturyberdim. Dädem: «Şirgazy hanyň haýynlygy orus täjirleriniň-de badyny aldy» diýerdi. Täjiriň ýoluny baglaýan ýaragdyr, bally. Täjiriň rowaç bolan ýerinde, ýaragyň ýüzüne serediljekmi! Ili il bilen, ýurdy ýurt bilen aşna edýän-de täjirdir. Täjiri bolmadyk ilde bereket-de bolmaz, agzybirlik-de, dynçlyk-da bolmaz. Äý, biziň zaman pis zaman boldy, türkmen-de türkmene ynam edemok, ýaramaz gylygy üçin-de azamat görýär. Dogan dogana Hyýanat etse, ojakdaky ot söner, ot bolmasa, ojak boljakmy, ojak bolmasa, öý boljakmy, öý bolmasa ýurt boljakmy diý. Goňşy okara ýiten dessine, agzybirlik-de gutarýar, bally. Goňşokara tekäniň-de, ýomudyň-da, gökleňiň-de arasynda aýlanmasa, iliň gününe it aglar. Biziň aslymyz-da bir, dilimiz-de bir, dinimiz-de bir, rysgalymyz-da bir bolsa ýagşy. Tekäniň kerweni ýomuda, ýomudyň kerweni teke gitse ýagşy. Ikisi birigip-de, Eýrana, Hywa, Buhara gitse, gazap bolar. Eý, akyl sözi türkmeniň beýnisine guýýan-da ýok, her kim öz öýünde üýrüp otyr, bosagadan aňyrdaky zady bolsa görenok. Her kimin gahary – ýoldaşy. Gahar bolan ýerde akyl söze orun ýok-daýt. Asmandan Hudaý gygyrsa diýýän, türkmeniň öz dilinde gygyryp aýtsa diýýän, eý, türkmen, akyl söze gulak goý diýse, ýadyňky ýat, ahyry bibat diýse, dogan ili özüne ýat tutan iliň soňy bibatdyr diýse... Hudaýdan başga, bi pytran türkmene kimiň sesi ýetjek diý... Küren başyny ýaýkady, soňra öz pikirinden özi ýadan ýaly gaýdyp geplemedi. Näme üçindir, Galkan batyr Eşrediň göz öňüne geldi. Häzir adyny aýtsa, Küren ony tanajak ýalydy. Emma gep onuň tanalyp tanalmazlygynda däldi, gep Eşrediň kalbyny gaplap alan düşnüksiz bir howsaladady. _______________ 1 Biwazy – ýaramaz adam. 2 Baý – erteki (ýomut şiwesi). 3 Derýa – deňiz manyda. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |