17:35 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -3: dowamy | |
3.
Taryhy proza
Oba ýetilmänkä, ýetginjek ýigit atyny gamçylap kerweniň öňünden çykdy. Ol alysdan gelýärkä, Küren onuň oňly habar getirmejegini aňdy. – Eýgilik bolsun, – diýip samyrdady. – Ýagy çapdymyka, ölen-ýiten barmyka? Maňlaýy tüňňi, gözleri çukur, eňegi çüri, burunlak ýigit ata derek özi çapyp gelen ýaly haşlady. – Küren däde, ýet, Maşan... Maşan syrkaw... Maşan... Küren jynssyz gygyrdy. – Ä-ä-äýt!.. Eşret Kürenden galmady. Olar üç atly bolup kerwenden saýlandylar. Oba ýetdiler. Bimöçber giň meýdany gysganýan ýaly, birek-birege egin berip, gysby oturan öýleriň arasyndan dabyrap geçdiler, ileri çetdäki üç öýüň öňünde togtadylar. Märeke atlylara tarap öwrüldi. Ýüzi urba sepilen ýaly ak, gorkudan, howsaladan gözleri ýakymsyz ýitelen aýal okdurylyp Küreniň üzeňňisine ýapyşdy. – Waý, Hudaý tutdy-le-eý... – diýip eňredi. – Dil boldy, göz boldy... Sen-de Gaýtarmyş atanyň ýoluna göwnüňden çykaranyny aýt, gaýtarsyn, dep etsin! Küren atdan böküp düşdi. – Gaýtarmyş atanyň ýoluna bir dowar. Küren märekä tarap gaýtdy, aýal ondan galmady. – Kümüşdepeden irden geldi, dünýä serine däl, başy ýassyga ýetdi. Eşret bu aýaly Abadandyr öýtdi, çakyna-da ynandy. Märeke olara ýol berdi. Eşret eňňit dikilen pytanakly agaçdan asylan argyş çuwaly gördi. Çuwalyň agzyny içine salnan adamyň bokurdagyna ýetirip bogupdyrlar. Ýalaňaç kelle çykyp durdy. Adamyň ýüzüni görmäge, synlamaga maý bolmady. Çuwalyň iki ýanyndan tutup duran kelte donly lopbuş adam elini aýryp gaýra çekildi. Çuwal pyrlanyp başlady. Lopbuş: – Hä-ä... hä-ä! – diýip, edýän emeline gyzykdy. – Lukman hekim, senden medet! Hä-ä... Ol çuwalyň towy gutaryp, pyrlanmasy galýança gygyrdy. Töweregini alyp duran märekäniň gozgananyna-da, Küreniň golaý gelenine-de asla üns bermedi. Ýene çuwala ýapyşdy, bir zatlar samrady, çuwaly aýdap, ýaňadan tow bermäge durdy. Mejalsyz kelleden iňläp ses çykdy. Lopbuş adam üns bermedi. Emeliniň ähli manysy çaltlygyna bagly ýaly, has gaýrata galdy, çuwal asylan ýüpi towlady. Küren onuň eline ýapyşdy. – Dur-daýt! Lopbuş adam: – Çekil! – diýip, gygyrdy. Sesi inçedi, haýbatlydy. Küren çekilmedi. Şondan soň lopbuş geleniň ýüzüne garady. Kürenii otlukly garaýşy onuň badyny aldy, sypaýyçylyk etdi. – Hekeme päsgel berme, gaýra dur. – Ahmet-daýt sen. Seni Astrabatda Şajanyň öýünde görenim-de ýadymda. Lopbuş gowşady, Kürene ýöwsel garady. – Biz hekemdiris – diýdi. Küren onuň sözüne üns bermedi. Gapdalynda duranlara üm bilen çuwaly tutmagy tabşyrdy, özi-de jöwher pyçagyny çykaryp, ýüpi kesmäge durdy. Lopbuş oda düşdi, zowzuldady. – He-eý, dur, kesme, kesme! – Pyçaga ýapyşmaga het edip bilmedi. – Bi oglany sakyrtga dişläpdir, zäherli sakyrtga dişläpdir, zäheri çykmasa, öler, zäher içine dolupdyr. Süýt içirdim, Sakyrtganyň özuni ýuwutsa, has-da gowy. Sakyrtga ýok, bu ýerde sakyrtga ýok. Küren oňa azgyryldy: – Seniň diýýen sakyrtgaň Kümüşdepede-de ýok. Ol ýere düşürilen çuwalyň agzyny giňden açdy. Abadan syrkawyň mejalsyz kellesini dyzynyň üstünde goýdy. – Balam, gözüňi aç – diýip, oglanyň maňlaýyny emaý bilen sypady. Syrkaw gözüni açmady. Ýüzüne öliniň reňki urupdyr, sap-sarydy. Çekge damarlary gök öwüsýärdi. Agaryp, esgä dönen dodaklarynda howur oýnady. Bäbeneginiň ýumrusy çakdan uly göründi. Küren Maşanyň salnan çuwalyny gahar bilen gapdala zyňdy. Syrkawyň kükreginde ägirt güýç müňzedi. Ysgynsyz göwrä jan girdi, towlandy. Abadan ony bagryna basdy. – Jan ballym, jan guzym... ynjal, guzym, dädeň geldi, ballym... Syrkaw ögedi, soňra agzyndan sap-sary porsy suwuklyk akyp başlady. Adamlara seretmek ýakymsyz-da bolsa, ýüzlerini çytsalar-da, şatlyga hem betbagtlyga tomaşa etmek, şaýat bolmak endigi, olaryn ýekesiniň-de butnamagyna ýol ber medi. Käbiri samyrdap, azap çekip ýatan syrkawa ýürek awusyny duranlaryň gulagyna ýeter ýaly edip aýdýardy. Başga biri Maşanyň ene-atasynyň bolşuna gyzygyp, şolaryň ýagdaýyna garap, syrkawa bolan umydyň möçberini kesgitleýärdi, Käbir adama Ahmediň ýagdaýy gyzyklydy. Ahmet galmagal turuzdy. – Serediň, serediň, zäher çykýar, sakyrtganyň zäheri süýde siňipdir. Ol sakyrtganyň zäheri ýaman. Pürsiýanlaryň dilinde ol sakyrtga şebgez1 diýýerler. - Serediň, sap-sary! – Ol öňünde duranlaryň gygygyp, bir ädim ileri süýşenlerini görende, has-da erjellik görkezdi, donuny galgadyp, bir ýerde durup bilmedi. – Ýigide döw-de çalmaz, enşalla, başyny götär. Neresse sakyrtga dişlejegini bilen däldir. Astrabatdan aňry geçseňiz, äge bolaýyň. Meni dişlänok, dişläp-de bilmez. Men emel edýän. – Ol duranlaryň ünsüni syrkawdan sowdy. – Meniň öwredişim ýaly etseňiz, sizi-de sakyrtga dişlemez. Myhman ýeriň ojagyndan kesek alyň-da, agzyňyza atyň. «Men keseki däldirin, men şu ýerin adamydyryn» diýiň, sakyrtgalar eşider, size degmez. – Ol ündeýän emeline gyzyk berip güldi. Onuň kentlewügi galyňdy sary dişleri maýdady. – Kesekidigini bilseler, işiň gaýtdy, süri bolup çozýarlar. Ýaňky emeli maňa pürsiýanlar öwretdi. Öz sakyrtgalary bolansoň, gylygyna belet olar. Küren ýene azgyryldy. – Geplemän dur-aýt sen! Maşanyň başga derdi bar. Ahmet dawa tutdy. – Bi oglanyň derdini sen bilenok, men bilýän, seniň aýdanyma ýok diýmegin. Zäherden bilýän! Siz ol sakyrtgany gören dälsiňiz, men gördüm. Zäher çykmasa ölerdi. Indi ölmez, neresse ölümiň penjesinden sypdy. Allatagala «bendäm bendäme sebäp» diýipdir. Eşret Ahmedi özüne çekdi. – Gardaş, tagapyl et, syrkawa ynjalyk ber. – Sen kim bolarsyň! – Özüň ýaly Hudaýyň bendesi. – Ed-dil men ýaly dälsiň, bolup-da bilmersiň. Ahmet siltäp, Eşrediň, elinden ýeňini sypdyrdy. Syrkaw gaýta-gaýta ögedi, agzyndan zat gelmedi. Ahmet: – Süýt bermeli, süýt getiriň – diýip gygyrdy. Syrkaw kynlyk bilen başyny ýaýkady, zordan gepledi. – Däde... – Ýanyňda otyryn, Maşan jan – Küren oglunyň ysgynsyz elini aýasyna aldy. – Aýdyber, dinleýän, ballym. – Ýatjak... başym aýlanýa... – Ýatyrys, balam. Küren syrkawyň ysgynsyz göwresini emaý bilen göterip, ortaky öýe saldy. Ahmet girmäge çekindi, adamlaryň arasynda galdy, göwnüne deglen adamyň öýkesi bilen janygyp başlady. – Oglanyň süňňünden entek-de zäher aýrylanok, aýrylmasa, azar berer, heläk eder. Bolmaz iş bolaýsa, mende günä ýokdur, adamlar, etjegimi etdirmediler. Bendesine ynanmadyk, Hudaýa ynansa ýagşy. Men Hudaýdan daş düşüp ýören adammy diý. Syrkawyň içinden howur çyksa-da, teniniň gyzgyny ýokary däldi. Üşütmedi. Agyra çydamaýan ýaly iňledi. Dişleriniň agyrýandygyny aýtdy. Meňzi has-da saraldy, ilki dodagyna, gabagyna, soňra tutuş ýüzüne çiş ýaýrady. Bu alamatlar zäherli sakyrtganyn işi däldi. Küren Kümüşdepede oglunyň gyzdyrma ýolugandygyna ynandy. Abadan maňlaýyny ýumruklady. – Meni öldürmeli, daýyň sadakasyna gidipjik geläý, dädeň-de öýde ýok, biriňiz barsaňyz daýyň-da göwni biter diýdim. Dilim gurasyn! Ballymy derdiň üstüne ýollaýsam nätjek. Aýallar: – Allanyň etjegini öňünden bilip bolmaz – diýdiler. «Gyzdyrma» sözüni eşiden märeke gorky bilen dargady. Her bäş-on ýyldan Gürgen derýasynyň aýagyndan, Mazanderanyň, Gilýanyň batgaly kenarlaryndan baş göterýän aýylganç bela-beteriň il-güne getirýän sansyz pidasyndan adamlar habarlydy. Dogan-garyndaşyny, ilen-çalanyny, dost-ýaryny ýitiren öý saýy tapylýardy. Gurby ýeten gaçyp gutuljak bolar, günüň howry artyberse, Gürgenden, Etrekden ýeňsä geçer, Dehistanyň düzüne malyny sürer. Gozganmaga gurby çatmadygyňky-da belli zat, Allanyň rehimine bil baglap, ajal bilen ýüzbe-ýüz bolup galar. Ahmet: – Gyzdyrma keseli pürsiýanlardan ýaýraýar – diýdi. – Pürsiýanyň emine men belet, pürsiýan garpyz iýdiriberýär. Häzir garpyz tapyljakmy diý. Pürsiýanlar hyna-da içirýär. Hyna tapsa bolar, ýöne pürsiýanyň eminden türkmene nep bolarmyka? Bu kesel pürsiýanyň gargyşyndan döreýär. Gargyşyň ýetmejek ýerine gidiň, göteriliň! Gargyşdan dören derde derman kär etmez. Ahmet çal baýtalyny gyssap, demirgazyk tarapa gitdi. Eşret onuň gidenine begendi, özüni biraz erkin saýdy. Syrkawa hyna içirdiler. Ahmediň galdyryp giden şübhesi adamlaryň kalbyndan çykanokdy. Olar birek-birege göwünlik berseler-de, öz şübhelerine gezek gelende ejizdiler. Syrkaw bäri bakmady. Büs-butin işdäden galdy. Bedenindäki agyrynyň, aýratyn-da, diş agyrynyň azaryna çydap bilmän gygyrdy, gygyrdygyça-da ysgyn-mydary peseldi. Alaçsyzlygyňa düşünip oturmakdan aýylganç dert ýok. Adamlaryň kalbyna umyt uçgunyny salmalydy. Eşret: – Maňa arpa tapyp beriň – diýdi. Adamlar nätanşa ünsli garadylar, onuň kimdigini, nireden gelendigini soradylar. Emma sowalyň jogabynda hiçimiň ünsi eglenmedi. Olar nätanyşdan gudrata garaşdylar. Eşret ýeňil gopdy, etjek işiniň dürsdügine kössüz ynanýan adamyň keýpi bilen goluny çyzgap başlady. – Maşan han hä diýmän aýaga galar, adamlar, Maşan hana sähelçe söýget gerek. Gyzdyrma keselinden biziň-de habarymyz bar. Bi kesel garry-gurta degse ýamandyr, Maşan kimin gaýratly ýigitleriň gerdenine münüp, uzak çapmaz, biz ony batdan ýykylan ýaly ederis, enşalla. Çanak doly arpany Eşrediň öňünde goýdular. Arpa arassady, däneleri dokdy, Eşret goşawujyny susup aldy, ýokary galdyrdy. – Gurbany boldugym, bi dänelerde keramat bardyr – diýdi. Barmaklarynyň arasyndan däneleri aşak akdyrdy, kanagat bilen syn etdi. – Munuň salymy-da bolmaz, kyrk günde ýetişýär. Aç iliň halys ölüp ýetýäni, maňlaýyny direýäni şu dänelerdir. Pygamberler arpa çörege aýratyn parh goýupdyrlar. Ýemreli ilinde daýhan ýigit bar, adyna Oraz diýýärler, halal ýigit, alabaharda aýagy deňlendi. Toýunda bolmak miýesser etmedi, ä-äý, soňy düz bolsun, alkyşymyz Hudaýa ýetendir. Oraz aýtmyşlaýyn, arpa göwnejaý tohum alyp dik össe – bolçulygyň alamaty, ýyl bereketli gelmeli. Eger seýrek bitip, egri össe, ýylyň ýakymy bolmaz, oňullyga garaşma diýýär. – Eşret eliniň aýasyndaky arpany emaý bilen sypady. – Bi däneler Maşanyň derdini dep eder. Allatagala «Bendem bendeme sebäp» diýipdir. Ahmet Allanyň sözüni aýtsa-da, juda bisabyrlyk etdi. Garry enem: «Tebibiň sabry zyýat bolmalydyr» diýer. Tebip aljyrasa, keseliň güni gelermiş. «Gul garrasa, garyp bolar, aýal garrasa, tebip» diýilýändir welin, biziň enemiz işsizlikden tebipçilik etmändir, baryp-ha, gelin bolup gelende, ýüz derdiň dermanyny bilýän ekeni. Enem: «Arpa çöregini iýýän adamyň gany arassadyr, gan aldyrmasa-da bolar» diýerdi. – Eşret ýene arpa dänelerine maýyl boldy. Bi däneleriň güýji Maşanyň güýji bilen birleşer, biziň yhlasymyz, alkyşymyz-da urna bolar, äý, soňra derdiň güýji assa-assa gaçyberer, dep bolar gider. Içerdeki adamlar indi çanakdaky arpa üýtgeşik nazar bilen garaýardylar. Olar keramata seredýändiklerine ynandylar, birek-birege gep atmaga-da çekindiler. Burunlarynyň deşigi çöwrülip duran garaýagyz, hor aýal Abadanyň gulagyna çawuş çakdy. – Şu myhman Hydyr aleýhissalamyň özi bolagaýmasyn? – Agzyňdan Hudaý eşitsin-de!.. Eşret ilki arpa suwuny taýýarlady. Arpany gaýnatdy, goňras gyzyl reňk çykýança gaýnatdy, soňra süzüp, suwuny aldy. Şol suwdan syrkawa içirdi. – Içiniň gyzgyny gowşar, endamy ýumşar – diýdi. Öz ýanyndan garry enesine ýüzlendi: «Şu ýigit bäri baksa, depäm gök dirär, ene jan. Şu ýigidiň derdi dep bolsa, teke iliniň abyraýy galjak, ene jan. Özünden medet, Lukmandan medet, Alladan medet!». Soňra arpadan bulamak bişirdi. Syrkawyň işdäsiniň açylaryna garaşmady, agzyna çaldy. Kuwwaty artar diýdi. Arpa suwuny künji ýagy bilen gaýnatdy. Suw çekilenden soň, galan ýagy syrkawyň endamyna çaldy. Üç günden syrkaw bäri bakdy. Eşret entek begenjini duýdurmasa-da, içinden garry enesine göwnündäkini aýtdy: «Dolanýançam garaşgyn, ene, öz elim bilen jaýyňy gazaryn, üstüňe gümmez galdyraryn, ene jan! Ezraýyldan nadyl bolup ýörme, hasabyna gezek gelende Ezraýyl ezberdir. Men dolanýançam Alla seni penasynda saklasyn». Bäşinji gün ýassykdan başyny göteren syrkaw islegini aýtdy. – Ata çykasym gelýär. Göwnüne degmediler, ata çykardylar, öýüň töwereginde öwrüm berip düşürdiler. Eşret Küreniň ýüzüne dogry garap: – Ölüm howpy sowuldy, agam, ogluň sagalar – diýdi. Küren ony garsa gujaklady. – Sagaljagyny men-de bildim, ömrüň uzak bolsun, bally. – Onuň bogazy doldy. – Sagalmajak bolsa, Hudaý meni saňa sataşdyrjakmy diý. Abadan gözünden boýur-boýur ýaş döküp aglady. – Asmandan inen perişdemiň sen, ýagşy ýigit – diýip, Eşredi boýdan-başa guwanç bilen synlady. – Biziň ilde gal, halan gyzyňy alyp bereli, üstüňe ak öý dikeli. Küren: – Biziň heleý dil ujundan söz diýmez, ýüregindäkini zywyrdym1 diýer – diýdi. – Eý, biziň keýwany gazapdyr, meniň islegimi-de soraman bilýändir. Orusyň aýnasyndan zyýat-da bi. Hudaýa ýüz kerem, müň kerem şükür, orusyň aýnasynyň ornuna biziň öýe gelen perizat şu bolmaly. Küren hezil edip güldi. Megerem, söwdadan geleli bäri, ol ilkinji gezek gülýärdi. Eşret rugsat sorady. Oňa niýetläp, işek goýnuň damagyny çaldylar. Bogazdan çüwdürlen al gan mertebesi belent myhmanyň aýagyna syçrady. Mundan zyýat hormat ýokdy. Onuň egnine serpaý ýapdylar, dabanyndan depesine çenli birlaý täzeden geýindirdiler. Telim günlük owkadyny alaşanyň syrtyna bökderdiler. Eşret Taraş baýyň obasyna barjakdygyny aýtdy, Küren ony tanaýan ekeni. – Ak atabaýyň kowmundandyr ol – diýdi. – Biziňkiler japarbaýdyr, derýanyň ýakasy biziň ildir. Gyssanyşyň gazap-daýt, ýogsa men seni derýa äkidip-de bilýän. Naw-da2 münen dälsiň sen. Wä-ä, çapak balygyň gaýtgynydyr häzir. Etregiň aýagyna ekideýin, tamaşany özüň gör. Balygyň köplüginden suw-da akyp bilenok. «Gudraty görsen daglara bar» diýilýär. Çarkäni3 görmedigiň aýdan gepidir ol. Çyn gudrat Çarkände bar. Ýerden ot çykyp dur-daýt. Bally, Taraşy nireden bilip ýörsün sen? Eşret Küreni habardar etdi, kalbyndaky ýaýdanjyny ondan gizlemedi. Taraşyň obasyny idäp gitmegi ýük görenokdy, borjy diýip bilýärdi, oba barany bilen, Aýynjemaly göreni bilen kime peýda boljagyny anyklap bilmän kösendi. Aýynjemal bilen ýüzbe-ýüz boljagyna-da ynamy azdy. Ol gyrnak-da bolsa, Taraşyň aýalydyr, Taraş aýalyny nätanşyň gözünden gizlese gerek. Eger-de maý tapyp, Hurşydyň zarlap ýörenini duýduran halatynda, naçaryň ýagdaýy ganymatlaşarmy, gaýta ýarasy täzelenip, öňküden beter aýralygyň derdini çekmezmi?.. Her neneň ýaýdansa-da, Aýynjemaly öz gözüm bilen görsem diýdi. Kalby täk umyda baglandy: Taraş baý gojalan bolsa, uzak ömür sürmez, Aýynjemalyň başy boşar. Başy boşan güni, men indi kime derkar diýip, pelegiň oýnuna kaýyl bolagadan, ýat ilde galyberse, Gülnäz gyrnaga öwrüler gider. Ýagdaý boldugy iline dolansa ýagşy. Uzak aýralykdan soň dolanmak isleýän adam özüne bisabyr garaşylýandygyiy bilse, onuň dolanmaga höwesi juda-da artar. Küren: – Seni ýalňyz goýberip bolmaz, Tuwak Taraşyň obasyny tapyp berer saňa – diýdi. – Taraş gazap adamdyr, seresap bol, bally. Eşret kerweniň öňünden çykan ýigit bilen ýola düşdi. Olar uzakly gün takyr düzlükden gitdiler. Gözýetimde tolkun atýan salgym diýäýmeseň, töwerekde başga göz eglenere zat ýokdy. Salgym welin täsindi. Sähra düşen ýolagçyny aldamak üçin tebigatyň oýlap tapan oýnuna mäňzeýärdi. Ýerden göterilýän howurdan gök reňk köl ýasaýardy, ýowşan düýplerinden bag, adam boýy depelerden dag ýasaýardy. Günüň howry, bir meňzeş meýdan, ýoluň tükeniksizligi adamy höwessiz pikirlere iterýärdi. Kä ýerde entäk guramaga ýetişmedik kaklar gabat gelýärdi. Sadyr bolup ýatan suwuň redki-de, tagamy-da üýtgäpdir. Adamsyz sähranyň tukatlygy bilen şu suwuň arasynda meňzeşlik bardy. Suw bir ýerde ýatany üçin däl-de, töweregiň tukatlygy zerarly saralan ýalydy. Eşret Hurşydyň gargyşyny ýada saldy. Bu meýdana Aýynjemalyň ajy gözýaşy, Hurşydyň gargyşy sidendir. Taraş baý ýaşajyk, owadan gyrnagyny adamlardan gizlejek bolup, owarramyň teýine gidendir. Eşrediň göwnüne bolmasa, Tuwak ikisi näçe ýöreseler-de, Taraş baýyň mekanyna ýetmezler. Baý Eşrediň islegini aňandyr. Haýsydyr bir ykmandanyň Eýrandan ýakymly habar getirip, söýgüli gyrnagynyň kalbynda umyt oduny tutaşdyrjak bolmasy, onuň ynjalygyny alar, oda-köze düşürer. Eşret jöwzaly sährany mesgen edinen gara döwi göz ösüne getirdi. Töweregiň tukatlygyndan, ümsümliginden aldaw duýdy. Olar gün ýaşanda köne galanyň harabasyna ýetdiler. Galanyň gaýra tarapyndaky boşluk Tuwagyň badyny aldy. – I-i-i, Taraşyň obasy ýok-daýt – diýdi. – Göçüpdir, täze ýurdundan bihabar men. Ýelede ot ýandy, oda tarap sürdüler. Köse sakgal, maňlaýyna juda köp ýygyrt düşen, gojalygyna garamazdan gözleri ýiti adam gandymyň oduna gömme bişirip oturan ekeni. Ol Taraşyň täze ýurduny aýtmady. – Hä-hä, bi düzde gonany gol biler, göçeni ýel – diýdi. – Şemaldan soraň, Aýdan, Günden soraň, adamdan soramaň. Adam-da bilmez, haýwan-da bilmez. Ol ýalan sözleýärdi. Gijäniň dowamynda, üzlem-saplam-da bolsa, onuň aýdan habary Eşredi Aýynjemaly görmek aladasyndan dyndardy. Pahyr geçen güýzde ýagty ýalançy bilen hoşlaşypdyr. Ony galanyň içindäki öwlüýäde jaýlapdyrlar. – Gyrnagy ölende, Taraş işigaýdan ejizle-dow, bir garasam, gözünde ýaş bar. Indi eşek aglar diýse, ynanaý. Ähli derdiň şu gyrnak boldumy diýdim. Gyrnak bir gezek gaçyp gitdi, Etregiň boýundan dolap getirdiler. Gapydaky gul bilen aýşy-eşret sürmese, ol gyrnak gaçarmydy? Pürsiýany hossarlary satyn alyp gitdi, gyrnak şondan soň gaçdy. Taraş ony öldürer diýdik, he-he, öldür nire, il gözüne ýençdi goýdy. Eý, soňra uzak ýaşamady şol gyrnak, iýgiden-içgiden galdy, ölýänçä-de dynman aglady diýip, heleýler aýdýar. Eşret gaýgyly kyssadan habarlydygyny aýtmady, ölen pahyryň gubryny görkezip, aýat okap bermegini sorady. Köse adam: – Gyrnaga aýat derkarmy? – diýdi. Tuwagyň gahary geldi, azgyryldy. – Mazary görkezseň bolany, aýaty özümiz-de okap biljek. Köne galanyň içi at gaýtarym meýdan ekeni. Takyryň ýüzi ýumurtga togalabermeli tekizdi. Mazar tümmekleri ileri ýakany tutup ýatyr. Şemal degerden gabşal-da bolsa, ýagyş-ýagmyr köne mazarlary ýer bilen deňläpdir. Düýbi opurylyp, depesi ýumrulan diwaryň eteginde gyzgylt reňk kerpiçler dyr-pytrak. Aýynjemaly diwaryň düýbünde jaýlapdyrlar. Olar mazara golaý baryp bilmediler. Tümmegňn depesinden kepjebaş ýylan başyny göterdi, alkymyny çişirip, golaý gelenlere haýbat atdy. Köse adam yza serpildi. – Her-hal, duýdurany ýagşy – diýdi. – Edil-de gyrnagyň mazarynyň üstüne çykyşyna sered-aý, ýagşylygyň alamaty däldir bi. Mazar abatdy, çöp-çalamdan arassady. Ygal toýun topragyň ýüzüni bir gat gatadypdyr. Ýylan mazary taşlap gitjege meňzemedi, gaýta heşerlenişip duran adamlaryň gitmegini talap edýän ýaly, kellesini yrap, has-da dikeldi. Ýaňy dogan günüň şöhlesine onuň tekiz hamy kümüş suwy berlen ýaly ýalpyldady. Täsin reňk göze ýakym bermedi, ýylanyň durkunda ajalyň alamaty bardy. Özi gidäýmese, ony kowup-da boljak däldi, mazara tarap daş atmak günädi. Bu alamata Eşret özüçe many berdi. Ýylan olaryň mazara golaýdaşmaklaryny islänok, olaryn aýat okamaga ýüzügaradyklaryny duýdurýar, gyrnagyň gören jebri-jepasyna düşýän günäni bir aýat bilen ýuwup bolmajakdygyny duýdurýar. Eşrediň göwnüne, Aýynjemalyň özi olara ýylanyň gözi bilen garap duran ýaly boldy. Köse adam elini galgatdy, buduna şapbat urdy, duran ýerinde bökdi. – Hş-ş-hş-ş – edip haýbat atdy. Ýylan hatyrjem düýrükdi. – Bi bir alamat, bi taýdan giden ýagşydyr. Köse adam haýdap gitdi. Tuwak ýaýdanyp, göwünsiz onuň yzyna düşdi. Eşret butnamady. Ýylan «Sen näme gideňok?» diýen manyda owsun atdy. Şu pursat Ryzanyň sözi Eşrediň hakydasyna geldi. «Adyllyga dalaş edýäniň çyn bolsa, adyllygy öňürti öz ýurdundan gözlegin». Ol Ryzanyň mamladygyny boýun aldy. Emma alakjap, galadan çykyp barýan köse adamynyň bu hakykata ten berjegine ynanmady. Mazarçylykdan saýlanyp, Eşrede garaşyp duran Tuwagyň ynanjagyna-da bil baglamady. Galkan batyr asla ynanmaz diýdi, ol ýaňsa alar, pürsiýanyň pikirini ykrar edýän türkmene namart diýer. Eýse, Galkan batyryň tekepbirligi türkmeniň batyrlygyna dalaş edýärmi? Ol paýhasa däl-de, gylyja daýanyp gün görmegi ündeýär. Onuň ündeýän ynanjy Kürene ýaranok. Batyrlyk gara bähbide, manysyz buýsanja, süteme, zorluga gulluk etse, bu ýalançyda agzybirlik-de, dynçlyk-da bolmaz, adamlarda belli mekan-da bolmaz. Eýsem-da bolsa, bu hakykat daşa ýazylan ýaly, adamlaryň manlaýyna ýazylan deldir-ä? Ryza ýaşulyny diňleseň, maňlaýa ýazylan ýaly, ol adamlaryň betbagtlygyna gutulgysyz ýagdaý hökmünde garaýar. Ol biperwaýlyga gol ýapypdyr. Onuň biperwaýlygynda özüniň mamladygyna buýsanýan akyldaryň tekepbirligi bar. Häzir Eşrediň gapdalynda Ryzanyň ýokdugy gowy zat, bolan bolsady, belki, gyrnagyň mazaryna garap, mamladygyna buýsanardy. Onuň buýsanjyndan kimiň derdi ýeňlejekmiş?! Eşret gyssandy. «Men ýagşy habar bilen gelipdim, Aýynjemal – diýdi. – Ähtimal, meniň habarym seni ölümden dyndarardy. Umyt adamyň sabryny artdyrýandyr. Arman, ýetişmedim». Ýylan başyny ýatyrdy. Ýeke galan adamdan howp bolmajagyny aňlan ýaly, howlukman, mazaryň böwrüni sypap aşak indi, galanyň düýbündäki sary çöpüň arasyna siňip gitdi. Eşret mazara golaý bardy, dyzyny epip oturdy, aýat okady. Aýat okap otyrka, sähradan gaçyp barýan gyz göz öňüne geldi. Gaçyp barýan gyz Aýynjemal däldi, gaçyp barýan gyz Zybady. Ýüregine howul düşdi. Birden-de, Zyba ak öýmeli gyza öwrüldi. Ol Taraş baýdan gaçanokdy, Eşretden gaçýardy. Salym bermän, ol ýene Zyba bolup göründi. Zybanyň kimden gaçýandygy düşnüksizdi. Eşret siňekden goranýan şekilde, ýaramaz göz öňüne getirmelerden dynaryn umydy bilen, aýata ünsüni jemlejek boldy. Bolmady, gaýta has mojuk ahwalat kalbyna doldy: Zybanyň mazarynyň başynda oturandyryn öýtdi. Aýady nähili soňlanyny bilmedi, alňasap ýerinden turdy, haýdap mazarçylykdan çykdy. Howsala kepjebaşa öwrülip, onuň yzyna düşdi. Ol Tuwagyň yzyndan ýetdi, janykdy: – Gardaş, Hudaý möjegi haýwan edip ýaradypdyr, adama möjek bol diýmändir – diýdi. Tuwak oňa üşerlip garady, pelsepäniň manysy oňa ýetmedi. Eşret üns bermän dowam etdi. – Adamyň haýwana öwrülmejegi çyny bolsa, gardaş, adamçylyga gol ýapmaly bolar-a, ynsançylyga parh goýmaly bolar-a! Birek-biregiň haýyr-sahawatyna guwanmaly bolar-a! Bir dilde gürlesek-de, birek-biregi diňlämzok, gardaş! Akyl sözüň manysyny diňlän biler. Adam adamy diňlände, dost-ýar bolar, il ili diňläp, döwlet tapar. Adam adama hemaýat bermese, belent galalar galynjakmy diý. Adam adamdan azaşmasa, bi galalar ýumruljakyy diý. Ýumrulan galalaryň içini mazardan dolduran kim diý?! Eşret sesini gataldyp, mazarystanlygyň ümsümligini bozanyna uýalan ýaly, birden kürtdürip durdy. Şol pursat sähradan ümdüzüne tutduryp barýan Zyba ýene göz öňüne geldi. Ol Tuwakdan bizar, haraba öwrülen galadan gyssanyp çykdy. _________________________ 1 Şebgez – gije dişleýän. 2 Zywyrdym – tutuş. 3 Naw – gaýyk. 4 Çarkan – Çeleken. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |