14:09 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -4: dowamy | |
4.
Taryhy proza
Atanyýaz Galkan batyryň yzyna düşen atlylaryň toý-tomga, awa-şikara gitmediklerini bilýärdi, kelle kesilip, läş serilmegi-de ähtimaldy. Gaýratyna bäs gelmeýän dyzmaç ýigitlerden her neneňsi ahwalata garaşsa bolar, eýsem-de bolsa, bu ýagdaýa adaty çapawulçylyk diýip düşündi. Eger-de şu ynanjy adamlaryň kalbyna guýmak başartsa, Atanyýaz ölen-ýitene dahylsyz bolar. Ölen-ýiten diýlende, ol diňe ýemrelileri göz öňünde tutýardy. Çarwa ilde ata-baba synagdan geçen alamatlar bar. Olar nesilleriň paýhasyna şärik. Aýdaly, gyş ukusyna maýyl bolup, hine giren pyşdylyň ýüzi aňry bolsa, köpi gören adam gyşyň agyr geljekdigini aýdar. Ýylgynyň içini garynja köwen bolsa, bu-da agyr gyşyň alamaty. Mal eýesi beýle alamatlary görüp, olara biperwaý garamaz. Emma adam öz etmişinden döreýän alamatlardan sapak alaýmaly bolan pursatynda ezberlik görkezenok, kähalatda äsgermezlik edýär. Atanyýaz Galkanyň çapawulçylygyny äsgermedi, äsgermeýäni sebäpli-de, Bagaja obasynyň başyndan betbagtlyk iner öýdenokdy. Ynanjy şeýle-de bolsa, ätiýajy elden bermedi, göçermen boldy. Ilkagşam aýaly bilen maslahat etdi. Orazsoltan ogullaryny ýanyna çagyryp, mallary Garaçöpe tarap sürmegi buýurdy. Atanyýaz Uly serdara özüniň hatyrjemligini görkezmek islýedi. Gijäniň ýarymynda obany aýaga galdyrdy. Maksady gün dogýança göterilmekdi. Ondan gije galynsa, ýagynyň demine düşülmegi ähtimal diýdi. Bu delili obadaşlaryna aýtmagy niýetläpdi, ýöne bu delil sanja öwrülip onuň öz böwrüne-de girdi, çykmady. Biraz aljyrady. Galkan batyryň gideninden ýa-da gitmeninden nähili zyýan, nähili peýda boljagyny anyk göz önüne getirip bilmedi. «Adamlardan bimaslahat goýbermeli däldi» diýip, öküneniň indi peýdasy ýok, Galkan batyr dolap getirerden ara açandyr. Galkan batyry agzap oturmak gerekmi beri? «Ýagy» diýen sözüň özi obanyň göterilip gitmegi üçin ýeser bahana dälmi! Ýarygije süýji ukudan galan adamlar ýagyny anyklamak islediler: haýsy ýurtdan, haýsy ilden, haýsy tarapdan geljekler? Taýlak: – Mundan buýana ýagynyň ýoly bir ýoldur – diýdi. – Ýagy Eýran tarapdan geler. Nedirguly hanyň doganyna Ybraýym han diýýändirler, Nedir Ybraýym hany Horasana dikme edip goýdy. Ybraýym türkmeni Nedirden-de beter ýigrenýär. Bir mahal Maru-şahu-jahanyň türkmenleri gajarlaryň syrtyna depip şäherden çykardylar. Nedir Maşatda oturan ýerinden perman berdi. Ybraýym agyr ýygyna serdarlyk etmeli, özi-de baryp, türkmenleriň başyna itiň gününi salmaly diýdi. Şonda türkmenler Ybraýym hanyň dişine kakandyr. Ybraýym han namart duşmandyr. Galany alyp bilmän, Soltanbendi ýumrup gaýdandyr. Nurýagdy: – Taýlagyň ertekisi gutarmaz – diýip gygyrdy. – Biz Eýrana näme ýamanlyk etdik, ýurduna dawa etdikmi, suwuna dawa etdikmi? Taýlak ýene oturmady, köseleç sakgalyny sypap gyzygdy. – Nurýagdy jan, syýasatyň ýoly inçedir – diýdi. – Seniň ýetip bilmän ýöreniň heleýdi, heleýe ýetdiň, dünýe düzeldi. Sen heleýe ýetdiň diýip, dünýäniň syýasaty üýtgänok, dünýe-de düzelenok. Alkymynda oturan türkmeni elgarama etmese, Nedir diýlen adam nanyny huruşsyz iýýär diý-de biläý. Nedire tekäniň, ýomudyň, gökleňiň atarman-çaparman ýigitleri gerek. Nedir ýöne oturmaz, atar diýse-de, çapar diýse-de ynanaýgyn. Uly serdar çapar gönderipmi? Taýlak sowalyny Atanyýaza gönükdirdi. Atanyýazyň hasabat okasy gelenokdy. Umuman, ol geplemsek adamlary ýigrenýärdi. Taýlagyň sözündäki manyny inkär etmese-de, ol bilimsekligini mazamlap, juda ynamly gürlände, onuň bolşundan özüne kemsidiji alamat duýýardy, Taýlagyň goşulmasyz meselä goşulyp, adamlary ýoldan saklap durmasy, ornuňa, mertebäňe düşünmezlikdi. Atanyýaz muňa ýeňiýolugyň gedemligi diýdi. Atanyýaz gönüsinden geldi, Galkan batyryň ýemrelileriň üstüne gidendigini aýtdy, emma özüniň gös-göni habarlydygyny gizledi. Çopanlara salgylandy, çopanlar ony Ajyguýyda bir topar atly bilen görüpdir diýdi. Çopanlary şaýat tutunyp, ýalan sözleýändigine uýalmady. Asyl-ha ony galplykdyr hem öýtmedi. Galkan batyryň gideni hakykat bolsa, hakykaty nätüýsli habar bereniňde näme diýdi. Obadan gidenleri anykladylar. Galkandan başga-da üç adam gidipdir. Ikisinden geň görmediler, olar telim gezek alamana gidip gelen adamlardy, Akmyratdan geň gördüler. Aýhan: – Ýeseriň ýedi ýere kössi ýeter – diýdi. – Zergärleriň piri Dawut pygamberdir. Bir bende oňa kümüş getirip, maňa pylan hili şaý ýasap ber diýenmiş. Dawut onuň diýen şaýyny ýasanmyş. Ujypsyzja kümüş galypdyr. Dawut pygamber: Äý, ol muny nämä ýaratsyn diýýär-de, ýaňky galan kümşi eýesine bermeýär. Ýene işläp oturan. Erän kümşi aljak bolup elini uzatsa, eline ot ýapyşypdyr. Şeýle etmek bilen, Hudaý oňa alamat görkezipdir. Dawut pygamber haram iş edenine düşünipdir. Pygamberi gaýgyrmadyk Hudaý bendesini gaýgyrar öýtmän. Bigünä zorluk etmek has-da çökder günädir. Ýamanyň zory iline düşer. Adamlaryň gorkusy artdy. Taýlak juda ynamly gep urdy. – Wakanyň soňy syrygyp, meniň aýdanyma geler. Ýemreliniň hany Galkan batyra alkyş okar diýilse, men ynanjak. Ýeser bahana ýüze çykdy diýip, alkyş okar. Nedire, Nedir bolmasa, Nediriň dikmesine, dat-bidat, ýetiş diýer, tekäniň gyýgy ajady, tumşugyna kakylmasa, size-de ýazgynlyk bermez diýer. Nedire-de geregi şoldur. Eý, Nedirin diýeni boljak. Teke bilen ýomuda gezek gelende, Nedir diýlen adam atylan okdur, Ezraýylyň ajal oky Nediriň elindedir. Taýlaga garşy çykan tapylmady, howpuň golaýlaşýandygyny duýanda, adamlar dymanlaryny kem görenokdylar. Sähet aga Hudaýdan nadyl boldy. – Senden biidin çöp başy gymyldanok. Eýsem-de bolsa, ýagşysyny azaşdyryp, ýamanyny rowaç etmäňde bolanokmydy, gurbany boldugym. Hiç kim ona küpür gepleýärsiň diýmedi. Onuň ýagşy diýende, Eşretden, ýaman diýende Galkandan mysal tutup aýdanyna düşünýärdiler. Gün dogýança göç ýola düşmäge taýýar boldy. Çagalardan ses çykmady. Düýäniň üstünde enelerine busup, uklany uklap ýatyrdy, uklamadygy-da mölterilip, gorky bilen ýerde gaýmalaşyp ýören erkeklere garaýardy. Itleriň ýekesi-de üýrmedi. Mal-halyň daşynda seňkilläp ýörüşlerine, biri beýlekisiniň garaýşyndan many alýardy. Alaňyň depesine çykan iki köpek ümsüm ýatyşyna, gözetimiň imisalalykdygyny duýdurdy. Zyba öý goşy ýüklenen düýäniö üstünde Nurmyradyň iki çagasy bilen otyrdy. Gaýda-gaýmalaşyk büs-bütin özüne dahylsyz ýaly biperwaýdy. Zyba ýetim guşunyň dolanyp gelmejegine ynanan pursadyndan bäri, Eşret bilen aýralyga öwrenişipdi. Ölenleriň gaýdyp gelmejegi dirileri howsala salanokdy. Eşredi ölendir güman etmegi Zyba günä saýýardy, emma ölüm göz öňüne geläýende-de, ondan hemişeki howsalany duýmazdy. Eşret dolanyp geläýse, obany tapmaz, kösener diýen pikir kellesine geldi, ýöne alada galmady. Ölen adam hakda ahmyr edilip, ölmedik bolsa, pylan zat bolardy diýlişi ýaly, bu pikiri duşundan geçirdi goýberdi. Beýleki düýede oturan ýeňňesiniň aglaýanyny gördi, görse-de gyzygmady. Jereniň gabaklary çişip gidipdir, gaýta gyzaran gabaklary synlap, olar agyrýandyr, el degirseň, awar durar diýip bimaza boldy. Jeren baldyzyna ýüreginiň awusyny pürkdi. – Agaňa sataşyp gören günüm ýokdur – diýdi. – Akylly-başly agaň bolanlygynda, atasyna gulak asardy, iliň gargyşyna galmazdy. Hudaý jan, çagalarynda ýazyk ýokdur, bela-beteriň ýoluny biziň başymyzdan sow hernä! Zyba ýeňňesiniň mamladygy, däldigi hakda pikir etmedi, pikir etmek hakydasyna-da gelmedi. – Ýeňňe, aglamasana, gabaklaryň çişipdir – diýdi. – Çişip ötsün! Hernä, eräp akaýady-da, bolmanda-da, gözli bolup, oňly gün göremok. Guýyny gömüp, üstünden goýun sürüsini geçirdiler. Obanyň örki üzüldi. Suhan pessejik taýhara uzyn satanyny atmazdan öňinçä, çorbaly gözüni yhlas bilen süpürdi. – Iki göç-de – bir talaň – diýdi. – Tärim çagşady, uk döwüldi. Towşan ejäni Ezraýyl unutdy diýip, taşlap gidip bolmaz bendäni. Argyş çuwalym bardy, nirä düşenini bilmedim. Göçhä-göçlük bolsa itlere gözüm gidýär. Goş ýygnama aladasy ýok janawarlaryň. It bolup dogulmaly ekeni, tur diýilse, seňkille-de ötägit. – It bolsaň üýrmelem-ä bolar. – Üýrmek hiç-le, Allaberdi jan, sen ýarmagy aýt, biz ýalylara ýarmak kyn düşer, diş barmy bizde, süňk gemrip bilýärismi. – Diş nämä gerek, uzyn satanyň bar, ýyndam tazy bolaý. Allaberdiniň sözüne gülenler boldy. Düýäniň üstünde oturan Umsa eje: – Bi yşaratlaryň gülki ýadyna düşýär, toba – diýdi. Suhan giňlige saldy. – Gülsünler, ýeňňe, degme gülsünler, adam pahyr ýene gülende gelşigine gelýändir. Janyň ýanýan ýeri, biziň gülkimiz içi ýananyň gülküsi bolaýýar. Diňe Gülnäz gyrnagyň diýeni boldy, arzuwyna ýetdi. Ony kürrelemekden galan gök eşege mündüripdirler. – Atanyýaz eşek berdi, Atanyýazyň ömri uzak bolsun – diýip, her kimiň gapdalyna baranda ýaltanman gaýtalady. – Eşek münüp, ilerki daglara gitjek, daglarda öýümiz bar, ejem jany görjek, Banu jany görjek. Erik agajymyz gülläpdir. Ýuwaşja eşek ekeni, ýykylman giderin, ilerki daglara gitjek... Kempiriň şatlygy adamlary gamly oýlanma iterdi. Olar Tagan mollanyň pata bererine garaşdylar. Molla arkasy ýasy baýtalyna münüp, ýola düşmäge häzirlenip oturyşyna, aýasyny gerip, yhlas bilen doga okady. Guýynyň oýuna haýdap inen Sülgün adamlaryň arasyna kürsäp özüni urdy. Doga gutararyna mähetdel, galmagal turuzdy. – Weý-weý, Galkan batyra garaşmajakmy siz! Namys diýip, ata çykan goç ogullara garaşmajakmy siz! – Ol ýüzüni asyp duran Salyh aganyň alkymyna topulyp bardy. – Siz dilden-agyzdan galdyňyzmy? Şumy siziň hossar bolşuňyz? Abraý batyryň ölenini bildiräýdiňiz bolsa-da! – Ol Salyhyň jogabyna garaşman, Aýhana tarap topuldy, onuň alaşasynyň jylawyndan tutdy, siltedi. – Jan ýaly perzendiňe garaşmajakmy, aksakgal! Depä çykyp, Akmyradyň ýoluna garap oturanyňda bolmadymy? Sülgüniň gany gaçgyn ýüzüne, köpürjikli dodaklaryna, hanasyndan çykyp barýan şerli gözlerine garamak Aýhana ýakymsyzdy. Onuň çaltrak aýrylaryny tama edip jogap berdi. – Olar bizden rugsat sorap gitmediler. – Weý-weý, galat sözlemäň, galat söz diýmäň, ýalan söz hunaba ýuwutdyrar. – Sülgün garaşylmadyk ýagdaýa oňaýsyz garap duran adamlara azgyryldy. – Ýene haýsyňyz rugsat soramady diýjek? Kim diýse-de, Atanyýaz diýmez, hä-ä!.. Galkan batyr Atanyýazdan rugsat alyp gidendir. – Galat! Sen adamlary ýoldan goýma. Sülgün Atanyýazyň hemlesinden gowşamady. – Galkan batyrsyz gidilen ýol bela-beteriň üstünden elter. Oslanmadyk ýerden Nurýagdy gygyrdy. – Galkanyň özi iliň başyndan inen bela-beter-ä! Ogluň-da gura, özüň-de gura! Sen adam dogurdym diýip, hondan bäri bolup ýörme, möjek dogrupsyň, alajagözen dogrupsyň. Äriň-ä ýol urdy, il çapdy, öýünde ölmedi, ogluň-da äriňden oňly bolar öýtme, haýp, ölmänkä oba kessi ýeter, ile kessi ýeter. – Weý-weý, gulagyma gurşun guýuň, bu melgunyň sesini eşitmäýin-e-eý, gözümi çykaryň, bu melguny görmäýin-e-eý. – Sülgün ellerini galgadyp nadaralyk etdi. – Sallahlar, eý-weý, namys dälmidir size, Saraýyň baýnaman geçmişi ýeňňeňizi it masgarasy edip dur. Akyly çaşan goja, gulagyna gara keçe dykdylarmy? – Salyh butnamady, hiç kim butnamady. Adam-u-haýwan birdem hereketden, dilden galan ýaly doňdy. Bu aýylganç ümsümlik Sülgüni gorkuzdy. Ol başga alaç tapmadyk ýaly, göwresini ýere goýberdi, iki dyzy çägä batdy. – Binamys iliň namysyny goramak saňa galdymy, Galkan batyr! Galkan jan! Ol duluklaryna aýasyny goýup, başyny yrady, zaryn ses etdi. Başyndaky topbynyň mähnetdigi indi göze ildi. Topbynyň agramyna salparan göwresi çägä çümüp barýan ýaly göründi. Nurýagdy jotda eşegini gyra sürdi. – Adamlar, bi tut-da-baslyga men çydajak däl, men ýolumy aýralajak bolýan. Sülgün oturan ýerinden gygyrdy. – Hudaýym, gitse gelmeze gidäýsediň! Nurýagdy üns bermän dowam etdi. – Galkan kysmy ganojaklar araňyzda bolsa, enwalla, size dynçlyk bolmaz, däliden dogry habar. Kyrkyň onunda gezip ýörün, meniň-de perzende ýüzüm düşsün-ä. Ýaşyna guwanjak, boýuna guwanjak, oglum bolsa, dädem pahyryň adyny dakjak. – Arzylar ýaly dädeň bolandyr-ow. Sakgaly agaranda, ilden galan dul heleýe ýetendir. Döli sen boljak bolsaň, müjerret ötmeli ekeni. – Bi albassyny araňyzdan çykaryp kowuň. Siňegiň poh-yrryha üýşüşi ýaly, bela-beter albassynyň daşyndadyr. Nurýagdy eşeginiň ýüzüni gündogara öwürdi. Bugurçynyň üstünde oturan ýaşmakly aýal ärine gargaýan gotur heleýe gaýtawul bermäge hakynyň ýokdugyna jany ýanyp, gaharyny düýe janawardan çykarjak bolýan ýaly, owsary gaýta-gaýta siltedi. Bugurçy ýokuş gördi, kellesini al-asmanda galgadyp bagyrdy, eşegiň yzyna düşdi. Sülgün gum sowrup gargady. – Heleý guly diýerler saňa, gümlama gitmiş! Bagajany taşlap, perreňleriň külüni atjak atýitiren diýerler saňa! – Lal bol! Bütin süňdi bilen saňňyldap duran Salyhy görende, Sülgün haýykdy, gaýdyp dilini ýarmady, çäge maňlaýyny oýkap ses etdi. Obanyň ýüzi demirgazyga tarapdy. Adamlaryň sustlugyndan gölegçilere mahsus gam-gussa duýuldy. Guýynyň ýeňsesindäki kese alaňa ýetilende, düýäniň üstünden çykan çaga sesi hemmäniň gulagyna ýetdi. – Hol-ha, yzdan Gülnäz daýza gelýer! Söýünç äheňde eşidilen ses adamlary birdem togtatdy. Atanyýaza çenli hemme kişi ýadaw eşegiň üstünde salgym ýaly bolup görünýän gyrnaga garady. Göreçlere yssylyk aralaşdy. Olar garaşýandyklaryny gyrnaga duýdurýan şekilde biraz säginip, soňra agyr ýoly dowam etdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |