14:14 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -5: dowamy | |
5.
Taryhy proza
Eşret Tuwagyň salgy beren ugry bilen gitdi, ýüzi gündogara tarapdy. Azaşman-tozaşman gitse, Hywa ýolunyň üstünde oturan oba barmalydy. Nätanyş ýerde ýoluň düzlükden düşmesin. Gije bolsa ne ýagşy, ýyldyzlardan çen tutup gitse boljak, ýaman ýeri gündizdi. Asmany bulut büräp, gün görünmedik halatynda nätjek? Nämeden nyşan tutjak? Eşret asmanyň açyklygyna şükür etdi. Howlugýardy. Zyba bilen bagly ýakymsyz göz önüne getirmeden dörän howsala kalbyndan çykmady. Ýuka biten ýaz otlarynyň sary samana öwrülip barşyny synlanda, möwriti öten sapanyň nyşany hökmünde, ähli ünsi Aýynjemalyň mazaryna gönügýärdi. Aýynjemala derek Zybany gördi. Ýoly pytrap ýatan kerpiçleriň, küýze döwükleriniň üstünden düşýärdi. Bu alamat bir mahal bolup geçen weýrançylyklary ýatlatmaga derek, gaýta ajy aýralygyň wehimini artdyrdy. Tebit alyp ýatan düzlügiň tukatlygyndan şol wehimi tekrarlaýjy many duýdy. Ýüregi howul aldy. «Aýhanyň akylly gyzy, eli çeper zehinli gyzy, meni derde goýma – diýdi. – Başyna bela-beter indimi? Bela-beter iliň başyndan inen ýagdaýynda, ejemiň-de, Tyllanyň-da perişan haly ýüregime gozgalan salmaly. Meni derde goýýan sen, aýralyk pursady täk seniň başyndan indimi, Zyba!». Alaşa duýdansyz büdüredi. Eşret tüwdürilip iki ädim öňe togalanyp düşdi. Alaşanyň öň aýagy garyma giden ekeni. Janawar burnuny ýere diräp aýagyny aljak bolup, azara galdy. Eşret jylawa ýapyşdy, hemaýat berdi. – Çü-üw-w, jyn urdumy seni, çü-ü-üw-w!.. Gamçysyny galgatdy, urmady. Alaşa aýagyny alyp, garymdan bäş-on ädim gapdalda oýturaklap durdy, süňňi saňňyldady. Ätiýaç bilen gamçynyň inerine garaşdy. Eşret onuň sagrysyny sypady. – Hatyrjem bolaweri, janawar – diýdi. – Dowzahdan sypyp-da, bi düzde boýnumyz oňrulsa, enwalla, karam bolar. Garymyň gädiginden tozan göterildi. Eşret garaňky boşlugy aňşyrsa-da, tozan ýatyşýança gözüne ilen zat bolmady. Soňra garymyň ýagty düşýän tarapynyň kerpiç diwardygyny gördi. Agryljyk ys burnuna urdy. Garymyň düýbüni gözi almady, kesek zyňdy, pažžylda meňzeş ses eşidilen ýaly boldy. Guýy bolmagy-da ähtimal diýdi. Gapdaldaky goşa tümmegiň bir böwri pytrap ýatan kerpiçdi. Aýak üstüne galanda, duran ýeriniň opurlyp barýandygyny gördi, böküp gapdala düşdi, alaşasyna topuldy. Eýere özüni oklanda, opurlan ýeriň güpürdisini eşitdi. Alaşany gamça basdy, ara açmasa, ýer hopar öýtdi. At gaýtarym meýdan geçip, yzyna garady. Asmana göterilip barýan ak tozany synlap, alaşasyna söz gatdy. – Hudaýa şükür edeli, herne, bizi ýer hopmady. Soňra bu alamatdan many gözläp, özüni horlady. Aýynjemal ýaly naçarlaryň zary, gargyşy bihasab-a gitmez diýdi, olaryň zory irde-giçde aýatda diri gezip ýörenleriň başyndan inmeli bolar. Eşrediň özi-de dirileriň biridi. Ol özüni aýry tutmady, gargyşa dahylsyzlygy barada pikir etmedi. Dirileriň ýazygy hakda oýlandy. Aýynjemalyň ömür tanapyny gyran adamlar heniz diridi. Ispendiýar beg diridi. Ähtimal, Galkan batyryň-da başy dikdir. Diriler her dem ölenleri ýatlamasalar, olaryň öňündäki etmişleri üçin toba etmeseler, olar ýazykdan sypmazlar. Eşrediň gözüne bu meýdan ölüleriň mekany bolup göründi. Ol heniz-de mazarystanlykdan barýandyryn öýtdi. Bu düzlügiň bimöçberligi ýaly, ölenler-de bi- hasapdy. Olary ýekeme-eke ýatlamak, atma-at seljermek dirileriň işidi, emmaki, diriler bu borjy ýaşaýşyň şertidir hasap etmeseler nätjek. Olar mazarlaryň çaltrak ýitip gitmegini küýseýärler. Belki-de, mazarlar olara şol borjy ýatladýandyrlar, şeýdip, dirileri oňaýsyz ýagdaýa salýandyrlar?.. Eşret gorpuň içindäki tümlükden eýmendi, öňünde ol dünýäniň gapysy açylan ýaly iňňän ýakymsyz duýga maýyl boldy. Ölüler oňa ýagty ýalançyda adamyň amanatdygyny ýatlatdy. Ol alaşasynyň basjak ýerine seresap garap gitdi. Küreniň aýtmagyna görä, Etrekden Hywa tarapyna üç ýol gidýärdi, Eşret ikinji ýola çykmalydy. Birinji ýol uzakdy, agyrdy, Hazaryň kenary bilen gidip, Uly Balkanyň ýeňsesinden geçýärdi, juda aýlawdy. Agyr kerweniň Hywa aşmasy üçin bir aý çemesi wagt gerekdi, ýene agyr kerwen bilen ol ýola çykmak hatarlydy, suw gytdy, guýy seýrekdi, düýeler agyz otuny alyp bilmän, ejir çekýärdi. Dogry, talaňçylyk azdy, bu ýoluň amaty täjirlere aýan-da bolsa, olar ikinji ýol bilen gatnanlaryny bähbitli görýerdiler. Ikinji ýol Uly hem Kiçi Balkanyň aralygyndan ötüp, gadymy Uzboýyň ugry bilen gidýärdi. Agyr kerwen ýigrimi günde Hywa ýetýärdi. Ot-çöp, suw ýagdaýy ganymatdy. Tekeler gündogara süýşenlerinden soňra, ýomut çarwalarynyň örüsi giňäpdi. Eýsem-de bolsa, ýoluň howpy azalanokdy, ägä bolaýmasaň, häli-şindi talaňçylaryň girisine düşäýmegiň ähtimaldy, düşýänler-de bardy. Üçünji ýol hakda gürlände, Küren ertekilerdäki aýdylýan üç ýoluň çepindäkisinden mysal tutdy, ony gitse gelmez atlandyrdy. Ýogsa, üçünji ýol gönüdi, gysgady, ýarym aýa ýeter-etmez Hywa baryp bolýardy. Etrekden çykanyňda ýüzüň gündogarady, süýji suwly çeşmeleriň, guýylaryň üsti bilen geçmelidi. Gyzylarbatdan ötüp, guma tarap öwrülmelidi. Ilki başda sataşjagyň gökleňler, dagdan çöle ineniňden soňra-da tekeler. Küren gönüsini aýtdy. «Ygtybarly goragyň bolmasa, kerweniň haly harap, galtamanlar gapdalyňdan geçirjekmi diý. Galtamanyň akyly gözünde, güýjüň zordugyny görüp durkalar, kerwenine daramakdan gorkýarlar. Şirgazy han öldi, Hywanyň-da injigi ýazdy, Hywa barýan kerwen-de, Hywadan gelýän kerwen-de aç itiň öňüne oklanan omaça döndi, bally. Gorkuly ýerden kerwen ötüp-de bilmez, gorkuly ýerde kerwen ýatyp-da bilmez. Ýol talaýan galtamanyň öz iline-de rehimi ýokdur. Ä-äý, öwrenilen pis gylyk örkleseň durjakmy diý, özbegi, pürsiýany gaýgyrman talaýan galtaman, ýomut gabat gelse-de talaberýär, ahyr pellede öz tekesini-de gaýgyryp durmaz. Ýomudyň ýomudy talanyna özüm-de şaýat. Galtamanyň ili-de bolmaz, güni-de bolmaz. Iliňe gep getirýändigi welin pis-daýt». Eşrediň maksady Hywadan gelýän kerwene daklyşyp, Çendire çykmakdy. Üçünji ýoluň howpy ony gorkuzmady. Meniň kerwenim geçip barýarmy näme diýdi. Oňa gysga ýol gerekdi, howlugýardy. Gündogarda keserip ýatan gum alaňy göründi. Eşrediň keýpi göterildi, Hudaýa alkyş okady: «Gurbanyň bolaýyn, Alla jan, ugrumy düz et, çaltrak sag-aman ilime gowuşsam, ýagty ýalançydan azap bilen öten naçarlara sadaka berjegim juda çynymdyr». Soňra Aýhanyň gyzy Zyba ýüzlendi. «Sen meniň kalbyma bitakatlyk salma, ýylgyryp gara. Meniň barýandygymy saňa Aý, Gün buşlamadymy, şemal gulagyňa çawuş çakmadymy? Kalby giň adamyň ýoly-da giňdir, kalbym saňa bagly, Zyba! Sen maňa alamat gönder, hoş sözüňi şemal bilen ýetir, ýüzüň nuruny Aýdan, Günden görerin». Ol günortanlar guýa ýetdi. Guýy uzakdan görnen çäge depesiniň ýeňse ýüzünde ekeni. Golaýdaky ýedi-sekiz öý üç bölek bolup otyrdy. Aşak çetki goşa öýüň gapdalynda ýatan ak köpek göwünsiz üýrüp, adam gelenini duýdurdy, ýerinden gozganjak-da bolmady. Öýden aýagy çepekli, başy şypyrtma telpekli ýetginjek atylyp çykdy, edep bilen salam berdi, Eşrediň atyny tutdy. Ýüzüne gün düşdügi ýetginjegiň bir gözi ýumulyp, bir taý dulugy ýokary çekilýärdi. – Inim, alaşa suwsandyr, suwa ýakaly janawary. – Bimaza bolman, agam, öýe giriň, enem oturandyr, dädem erte giçlik geler. Guýynyň daşyndaky guran Eşredi gyzykdyrdy. Ol alaşany idip barýan ýetginjekden galmady. Agaç nowa suwdan doly ekeni. Ýetginjek ezberlik bilen alaşanyň agyzdyrygyny ýazdyryp suwa goýberdi. Eşret guýynyň gapdalyndan salnan kerpiç howzy synlaýardy. Howuz dört gyraňdy, nowadan esli beýikdedi, meýdanda pytrap ýatan sargylt ine-dördül kerpiçlerden rejeli örülipdir. Howuz suwdan doly bolsa-da, syzýan ýeri ýokdy. Guýynyň agzyna-da kerpiçden aýlaw edipdirler. Ýetginjek: – Erkin hoja ussa getirdi, Hywadan alyp geldi, bi howzy şol ussa ýasady – diýdi. – Gündiz-ä zyr geplänok, gije-de basyrganýar, gygyryp ýatyr. Kerpiji Rüstem galadan getirdik, düýä ýükläp daşadyk. – Erkin hoja diýýäniň kim bolýar? – Dädemiň dosty. Ussa bildir öläýipdir, özüni asypdyr. Erkin hoja: men-de Hywada ýokdum diýýär, pahyr däliräpdir, däliremese özüni asjakmy diýýär. Rüstem gala kerpije gidemizde, ýolda tümmek görse, ol adam duruberýär, mazardyr öýdýär, aýat okap geçýär. Gidişinde durýar, gaýdyşyn-da durýar. – Bendäniň imany hemra bolsun! – Bi utuny diken-de şol ussa. Çarhy-da1, basrany-da2 Hywadan getirdiler. Ýetginjek höwes bilen gowa dakylan urgany guýa goýberdi, ýeňil aýlanýan çarhyň sesine diň saldy, guwanç bilen ýylgyrdy. – Bir hatar kerweni, täk özüm-de ýakyp bilýän. – Tüweleme. Guýynyň suwy golaýdady, bolaýsa bäş-on gulaçdyr. Depeden düşýän ýagta ýalpyldap göründi. Suw süýjüdi, sowukdy. Eşret hezil edip içdi. Soňra çetki öýe dolandy, salam berip bosagadan ätledi. Aş böwürde ýüň tüýdüp oturan erkek sesli aýal salamyny aldy. – Töre geç, myhman – diýdi. Daşardan gelendenmi, serpigi ýapyk öýüň içi Eşrede has garaňky göründi. Ýarym açyk gözenegiň öňünde oturan garanyň erkek adamdygyny saýgarsa-da, birbada onuň ýüz-gözüni aýyl-saýyl görüp bilmedi. Küreniň beren horjunyny gap dula taşlap, ojagyň başyna geçdi, garry aýalyň gabat garşysynda dyzyny epdi. Garry aýal tüýdülen gara ýüňi penjeläp gapdala taşlady. – Erkin hoja anna güni dolansa gerek – diýdi. – Gaýra galmawersin, gaýra galaýsa, bi oglandan ýaňa bize ýatuw-da bolmaz, turuw-da. – Ol hyk-çok bilen saçagy Eşrediň gapdalynda goýdy.– Nahar bişýänçä ýürekselik edin, myhman. Soňra saryýagly okarany alyp berdi. Eşret gözenegiň öňünde oturan adamyň ýüz-gözüni saýgardygyça geň galdy. Onuň näsagdygyny bada-bat duýdy. Mejalsyzlygyny ýüzüniň ýakymsyz reňki aýdyp durdy. Sakgaly-murty ösüpdir, owurdy çöküpdir, eňegi çürelipdir. Onuň meňzindäki näziklik ýaşlygyň alamatyny aňlatmady, seretdigiçe, ol alamat syrkawyň mejalsyzlygyny artdyrýardy, ýöne syrkawlara mahsus gam-gussa derek, uly gözlerinde bimöçber gorky bardy. Ol gorkuly gözlerini Eşretden aýyrmady. Eşret oňaýsyzlyk duýdy. Ýaş ýigidiň dörtgyraň özbek tahýasyna, syrdalan pagta donuna garap, onuň gaýralydygyny aňan-da bolsa, ýesirdir diýen pikir Eşrediň kellesine gelmändi, ýöne onuň gözlerindäki ýesirlere mahsus gorky oňa düşnüksizdi. Garry aýal ýene ýüň tüýtmäge oturdy. – Kiçigulyny ýer ýuwutsyn – diýip, käýindi. – Ol möjege öwrüldi. Şu golaýda entäp ýörenmiş, bi neresse çaganyň kastyna çykany gaty çyn. Parçalanyny az görýär, ganyny sormasam arkaýyn ýatman diýenmiş. Eşret iki aýagyny öňe atyp, arkasyny tärimiň ýüzünden asylan palas çuwala berip oturan ýigide gaýtadan garady. Garry aýalyň habar beren ahwalatynyň düşnüksiz ýerini ýigidiň bolşuny synlap biljek bolýan ýaly, seredişi juda içgindi. Gorkudan ýaňa ýaş ýigidiň gözleriniň hanasy giňedi, soňra aglap başlady. Gözlerinden ýaş akyp duran-da bolsa, birdem görejini Eşretden sowmady. Garry aýal hüňürdedi. – Bi nä boluşdyr diý, erkek adam uwlap otursa, murdar boljak ekeni. Ulmas jan, han ogul, ýüregiňe howsala salma-la. Kiçiguly saňa barmagyny batyryp biljekmi. – Soňra garry Eşrede ýüzlendi. – Myhman, bylaryň dilini bilýän bolsaň, düşündir-le şuňa. Meniň-ä diýip-diýip dilim syryldy. Erkin hoja dilimize düşýär, bi oglan bir dile düşmez bolup çykaýdy. Nandan-suwdan bizar... Şu gün irden mallar örä çykanda, ogry şagal ýaly Kiçiguly sümsünip gelipdir, bi görgüsi ýamana daş gözenekden pyçak görkezip gidipdir, öldürerin diýenmiş. Bendäniň çagasyna düşündirip aýt: oglumyň başy dik gezip ýörkä, şu gapydan ýaman niýet bilen içeri ätlemäge Kiçigulynyň gaýraty çatmaz. Aýt şeýle diý-de. – Wah, bularyň dilini bilmesem nädeýin, ýeňňe. Hany, mürähet edip göreýin, saçagyň başyna gelmezmikä. «Ulmas» diýeniň bi ýigidiň ady boldumy? Ä-äý, Ulmas, geç saçagyň başyna. Biziň türkmenler «gam iýme, nan iý» diýýändirler. – Saçagy önüne süýşüräý, gymyldamasy kynrakdyr. Bäş-on gün bäri daş çykmaga ýarady. Telim ýerinden pyçak sokupdyr, ölmän galşyny diý. Alla ýalkan Esengeldi jan, hernä, dadyna ýetişdi. Esengeldiniň ýapgysy bäri bakdyrdy muny. Sag-aman iline gowşawersin. Erkin hoja gaýdyş ýolda alyp giderin diýdi. Bu mahala çenli özi hakda gürrüň gidýändigini aňşyryp, iki adamyň sözüne düşünmese-de, olaryň ýüzündäki alamatdan many aňjak bolup, gözi elek-çelek, azara galyp oturan ýigit, Eşret saçagy süýşürmek üçin aýak üstüne galanda gygyryp, özelenip başlady. Hamala, üstüne topulynyp gelinýän ýaly, ellerini ýüzüne pena tutdy. Eşret hyýalyndan el çekdi. – Ýeňňe, biý-ä «öltürme many» diýýär. Hä-äý, zaňňar, işimi gördi! Men adam öldürjege meňzeýänmi diý. Bes et, haw! Adyň Ulmas bolsa... «ölmez» diýil digi bolýar, sen ölmersiň. – Ölmejegini düşündirip aýtsana. Ýigit başyny ýaýkap, özelenmesini dowam etdi. – Öltürma many... – Ýeňňe, men-ä çykyp gidäýmesem durar ýaly etmedi. – Öltürma many... Garry hüňürdedi. – Meni-de hol ýere goýberenok, bosagadan ätlesem gygyryp otyr. Dyzyňy epeweri, oturmasaň, ynjalmaz. Äý düşnüksiz çaga ekeni. Düýn eliniň, aýagynyň dyrnagyny bile aljak bolup otyr, päkisini elinden aldym. Beýle iş etme, toýuň-ýasyň bile geler diýdim, diýeňde näme, düşünmese, haýp! Ýaş ýigit gygyrmasyny goýsa-da, gözlerindäki gorky, howsala aýrylmady, göreçleri Eşredi sypdyranokdy. – Ýeňňe, men-ä ýüzümi galdyrmaga-da çekinýän. – Düşünmezmi, heý. Eý, işdäňi ýakyp oturma sen, iýiber. Garry tärimiň öňündäki çukura goýlan gorküýzäni egip, agaç tabaga düýe çal guýdy, tabagy Eşrede uzatdy. – Ýuwanrak-da bolsa, içmezçe däldir – diýdi. Onuň çöňňelen gözlerinde, at ýüzünde bada-bat göze ilmese-de, iňrikdäki zatlaryň kem-kemden saýgarylyşy ýaly, assa-assa duýulýan mähir bardy. Şol mähir göze ildik saýy garrynyň ýüzünden birmahal ýitip giden owadanlygyň alamatlary bildirip ugrady. Ýuka dodaklary, gönümel burny, egrem gaşlary, açyk maňlaýy heniz-de yşnagyny ýitirmändir. Gaýratlylygy welin, hereketinden, garaýşyndan me saňa mälim görnüp durdy. Ol gözenegiň öňünde oturan ýaş ýigidi unudan ýaly, mesaýy gürrüňe dolandy. – Möjek iti öldürse, itiň guýrugyny çöpe çykaryp gider. Haýwanu-ynsan, aç möjege duşan özüň bolma – diýdi. – Kiçiguly aç möjege döndi, ol hywala rehim etjek adam däl. Dördüsiniň damagyny tersinden çalyp, geýimlerini çepe atyp gidipdir. Ala-ýaz oglandy, guduza döndi. Uýamyň her süňňüne bir hywalyny alaryn diýýärmiş, ant içipdir, çyndyr. O-o ýyl, ady ýitmiş Şirgazy han Astrabat tarapa çapawul gönderdi. Gaýdyşyn gabat geleni-de gaýgyrmadylar. Bala-çaga Maşadyň mazarystanlygynda gizlenip başymyzy gutardyk, birgiden obany harap etdiler. Kiçigulynyň uýasy-da ýitirim boldy. Hudaýlygyňy sözlände, ar-namysa baş goşan adama gargamak ýagşy däldir. Eýsem-de bolsa, myhman, bi oglanda ýazyk barmy diý. Kiçigulynyň uýasy ýitirim bolanda, bi neresse ýumruk ýaly oglan-a! Kiçiguly, sen-ä şu ejiz çagany öldürmersiň, barmagyňy batyryp gor! Borjak jan öýdekä golaýa gelip bilmez. Borjagyň Gäwüre gidenini gören bolmaga çemeli. Myhmanyny gorap bilmejek bolsa, ondan türkmen boljakmy. Kiçiguly gaýta-da görünmezmikä, kesindi bilen çat maňlaýyna bererin. – Hamala Kiçiguly daşarda diň salyp duran ýaly, garry-da oňa sözüni ýetirjek bolýan ýaly, sesini has gataldyp gepledi. – Bi, beýnisi bekemedik çaga häli-häzir meniň törümde otyr. Ýurdy bilen-de işim ýok, milleti bilen-de işim ýok, saýrydyr öýtmäň, men saýry tutamok, perzendim ýaly görýän. Düýn öýde otyrdyk, neressäm «Apa, apa» diýýär. «Apa» diýdigi «ene» diýdigi, Erkin hoja-da maňa «apa» diýýär. Seretsem, aýasy doly kişmiş, maňa hödür-kerem edýär. «Apa, al iý» diýýär. Özelenip oturansoň almasaň-da gelşikli däl. «Apanyň jany itiňkiden sag, kişmiş saňa gerek, özüň iý» diýýän. Kişmişini alanyma begendi, erni ýerine gelmedi, öz dilinde madyrdap birgiden zat diýdi, düşünmedim, düşünýän kişi bolup, başymy atdym, nädeýin, gynanmasyn diýdim. Ýaş ýigit hoşniýetli gürrüňiň äheňini aňan bolsa gerek, ýylgyrdy. Gözlerindäki çagalara mahsus ýazyksyz garaýyş, çekýän derdiniň çökderdigini duýdurdy, oňa haýpygelijiligi artdyrdy. Ýetginjek gaýradan kerwen gelýändigini habar berdi. Soňra jaň sesi eşidilip başlady. Bu ses bilen guýynyň töweregindäki ümsümlige dabara aralaşdy. _______________ 1 Çarh – urgany aşak goýberýän tegelek agaç. 2 Basran – çarhyň içinden geçýän demir ok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |