14:17 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -6: dowamy | |
6.
Taryhy proza
Hywadan gaýdan kerwen bir hatara düzülip gelen-de bolsa, guýuda dörän agzalalyk zerarly iki bölündi. Galmagal inerden başlandy. Janawar däliräpdir diýdiler. Onuň eýesine Muhammetguly diýýän ekenler. Eşret töwerekdäkileriň gürrüňinden Muhammetgulynyň gökleň ilindendigini, kerweniň ýarysyna eýelik edýändigini bildi. Ol eginlek, daýanykly adamdy. Ýüzi tegelekdi, burny paşykdy, deşikleri giňdi, hemişe ýel alyp duran ýalydy. Dik ýygyrt maňlaýyny, eňegini ikä bölýärdi. Eşret kesesinden garap, onda pälwanyň sypatyny gördi. Ol kimedir birine haýbat atýan şekilde dabyrdap gepleýärdi. – Janawara esweg1 etdik, Gäwürde-de2 ýüküni ýeňletmedik, çökenine namys etdi haýwan. Gahar adamy-da däliredýär. Biziň bolşumyz haýwanyňkydan oňlymy. Kesgin3 bereliň, köşeşer. Ol adamlaryň gallawyna düşen inere umytly garady. Ineriň höziri ýaňy başlanypdy, ýaşy dokuzdan geçdi, süňki gatady, güýje girdi. Ýigrimi-ýigrimi bäş batman4 ýüki islendik menzile aşyryp biljek. Nowala5 ber-de, ineri hatarda gör. Iýjegi nowala bolsun, nowalasy taýyn. Janawaryň nowala bilen-de, iri çöp bilen-de seri ýok. Akrapda esräp başlady, bu mahala köşeşäýmeli ýaly, köşeşenok. Göz degen bolmagy-da ähtimal. Hywadan gaýdylaly bäri juda-da haly harap. Eýesini-de äsgermän çarbaýlyk etdi, Muhammetgulynyň halys degnasyna degdi. Agyr ýüküň astynda surnugsa näderkä? Ineriň ýüküni artdyrdylar. Gäwüriň batgasynda çöküp, bagyrýan inere eýesiniň haýpy gelmändi, gaýta ýenjipdi. Muhammetgulynyň gahary ýatyşdyksaýy, inere zorluk edenine ökündi. Haýwanyň derdi bar diýdi, gahar bilen onuň derdini dep edip bolmaz. Bu ineriň enesi dogumlydy. Bäş ýaşy dolmanka, mahalyndan öň gaýana6 oturdy, karamlyk etdi, karam köşek dogurdy. Ilkinji köşek häzirki esreýän iner bolmaly. Ähtimal, enesiniň karamlygy bilen ineriň derdiniň arasynda ilteşik bardyr? Sowal artdygyça Muhammetgulynyň inere haýpy geldi. Uzyn boýly inçe ýüzli adam juda ezberlik görkezdi, özüniň mamladygyna birjik-de şübhe goýmady. – Meniň diýennmi etmeseň dynmarsyň. Sen gahar diýýärsiň, gaharyň işi däl. Kesgin-de berildi, köşeşenok. Üç düýä topuldy, adamlara-da topular. Muhammetguly, akyl söze gulak as, bi gaharyň işi däl, bi al-arwahyň işi, ineri arwah urupdyr. Arwahy kowmasaň, bela-betere garaşaý! Janawaryň beýnisinde arwah otyr, gözünde arwah otyr. Arwahy kowmaly, başga alaç galmady. Janawaryň bolup durşuna syn kyl, sen!.. Dogrudan-da, ineriň görnüşi-de, bolşy-da gözgynydy. Garnynyň ýarysyndan aşagy tutuş dört aýagy bilen batga çümüpdi, tüýlere ýelmeşen palçyk gurap, ineriň kuwwatly, haýbatly keşbine gülkünç alamat berýärdi. Iň ýamany, janawar agzyndan ak köpük saçyp, aýylganç ses bilen bagyrýardy. Bagyranda, tüýlek boýnuny asmana uzadýardy. Derdine adamlaryň düşünmeýändigine jany ýanyp, asmana nalyş edýän ýalydy. Inçe ýüz adam: – Arwahlar bogup alyp barýar janawary – diýdi. – Ysytma tutýarmy diý, sandyraýşyna gara. Gorkusyna sandyraýar. Her bogunda, her damarda bir lek arwah otyr. Ineriň sandyraýany çyndy. Kesesinden mähnet görünýän haýwanyň gysga, süňklek aýaklarynyň agyr göwräni göterip bilmän epiljegine garaşybermelidi. Eşret ineriň ýüke çydamly arwana bilen tosun bugranyň arasyndan alynýandygyny, hatarda iner bolsa, ýüküň ýerde galmajakdygyny bilýärdi. Eýsem-de bolsa, onuň öz ilinde inere hyrydar azdy. Ineri saklamagy biamat görýärdiler. Ineriň gahary ýamandy. Ýöne mundan öň ineri beýle gözilginç halda görmändi. Adamlar ineriň süňňüne ornan arwah-jynlary kowmaly diýen karara geldiler. Beýemçilik inçe ýüz adama geçdi. Ol uzyn donunyň etegini galgadyp, gyzykly oýna çykan çaganyň höwesi bilen serenjam berip başlady. Oglan-uşak, aýal-ebtat golaýda durmasyn, haýwanyň sabry-takaty, rehim-şepagaty arwahyň ygtyýaryndadyr. Arwahyň ýagysy-da adamdyr, arwahyň hökümi birle, ineriň adama topulmagy ähtimaldyr, hemme kişi ägä bolsun diýdi. – Iner bilen ýylanyň agzy jäheksizdir – diýip gygyrdy. Iner töwerekdäki gaýda-gaýmalaşykdan beleň aldy. Kellesini asmanda galgadyp, üznüksiz bagyrmaga durdy. Özüni nirä urjagyny bilmän, dört ýana aýlandy. Ak köpükler gaýyp ýere düşdi. Eşret adamlaryň köpdügine haýran galdy. Öýleriň daş bosagasyna çykyp seredýän-de, suwa inen düýeleriň töwereginde duranlar-da bardy. Ýaraly ýigit hem öýde oturyp bilmändir, galmagala daş çykypdyr. Kerweni goraglap gelen atlylaryň, çagalaryň gaýmalaşygy pajygaly bir pursadyň golaý gelýändigini duýdurdy. Gün ikindi ýerine barypdy, takyr düzlük bilen aralykda ýatan uzyn alaňyň ýeňse tarapyna, gijäniň golaýdygyny duýdurýan kölege inipdi. Oglan-uşagy öýlere kowdular, ineri çete çykardylar. Iner bir ýerde durup-da bilenokdy, bagyrmasyny-da goýanokdy. Paşmaklarynyň aşagyndaky çäge gora öwrülip, howry ýüregini gowrup barýana döndi. Häzir tüýleriniň arasyndan burugsap tüsse çyksa-da, hiç kim geň görmese gerek. Töwerekleýin dört-bäş ýerde ot ýakdylar. Iner oduň arasynda ikiýana urundy. Inçe ýüz adam: – Arwahyň ýagysy ot bolmaly, ody görse, durup bilmez – diýip, gygyrdy. – Ot sönmesin, ody beýgeldiň. Soňra ýaga sokulan letdeleri taýagyň ujuna orap otladylar. Bäş adam halka gurap, belli aralyk saklap, deň ädim bilen inere tarap ýöneldi. Inçe ýüz adamyň galmagaly köpeldi. – Seresap boluň, adamlar, seresap boluň. Hä-äý, ady ýiten, arwah, sen bi janawaryň halyny perişan kyldyň. Baryberiň, golaý baryberiň, seresap boluň. Elimde keramat ody... meniň sözümi siz-de gaýtalaň. Elimde keramat ody, gözümde batyl ok. Arwah, seniň halyň harap... Töweregine uçgun syçradyp ýanýan oduň ýagtysy adamlaryň ýüzüne düşdi. Inere golaý baryldygyça, olaryň ýüzünde ätiýaç artdy. Adamlarda gymyldy galdy. Iner otly halka gysyldygyça, alaçsyzlykdan sähel ýerde aýlanyp başlady. Bu çaka çenli onuň bagyrmasyndan derdiň azary duýlan bolsa, häzirki ýüregiňi gopduryjy sesi haýwanyň adamlara nalyşy bolup eşidildi. Eşrede golaý duran adamlaryň biri: – Bähewwedin piriň ýoluna janly gurban etmeli ekeni-dä – diýdi. – Haýwanyň derdi dep bolardy. Janawary horlaýmasalar diý. Inçe ýüzli adamyň otly taýagy ineriň burnunyň aşagynda galgady. Iner ody goşanç görüp, boýnuny asmana uzadyp, üznüksiz bagyrmaga durdy. Inçe ýüz adam ikiýana böküp, geň hereketler etdi. Ol bir zatlar diýip gygyrýardy, düýäniň galmagaly onuň sözüni Eşrede ýetirmedi. Golaýdaky adamyň sesi zaryn äheňe geçdi. – Dag ýaly iner ekeni! Men-ä şularyň edýän emli bilen arwah kowulanyny görmändim. Hä-äý, haýwany horlajaklar-da. Iner ysgynsyzlykdanmy, ýa-da aşa gorkudanmy, birdenkä öň aýaklaryny epdi, çökmedi. Artky aýaklary sandyrap, agyr göwrä zordan direg boldy. Guýrugy dek durmady, iki taý buduny saýgylady. Ineriň kellesi çäge oýkandy, indi onuň bagyrmasynyň nalyş kemi ýokdy. Inçe ýüz adam bökjekläp, ody düýäniň tüýli kellesine degirdi, gaçdy, degirdi, gaçdy. Beýleki biri ineriň syrtyndan bardy. Gamçy kimin bulanýan guýruk taýagyň ujundan otly letdäni gapdala zyňyp goýberdi. Töwerege ýanan düýe ýüňüniň ysy ýaýrady. Eşrediň golaýyndaky adam durup bilmedi, gygyrdy. – Diriligine ýakmajak bolsaň, bes et! Onuň sesi inçe ýüze ýetmedi. Inçe ýüz pil sapyna geýdirilen ýaly hopul-sopul donuň içinde hor bedenini çeýelik bilen oýnadyp, bolmajysy boldy. Ineriň kellesini, gerşini telim gezek daglady. Haýwan bu gödek oýna çydamady. Agyr göwre atylyp ýerden galdy. Iki öwre aýlandy, töwerege haýbat atdy. Otly adamlaryň serpilenini göreni bilen ynjalmady, topuldy. Iki-üç bökende çal çäkmenliniň yzyndan ýetdi, çigninden agyz saldy, al-asmana göterdi. Adamlaryň galmagaly, töwerekdäkileriň haýbaty ineriň piňine-de däldi. Ol asyl-asyl bolup duran adamy gaýta-gaýta siltedi. Otly taýak, gara telpek ýere gaçdy. Aýylganç ses adamlaryň depesini düýrükdirdi. Iner agzyndaky adamy çägäniň üstüne pylçap urdy. Basgylar öýtdüler. Iner ýerde bulanyp ýatan adamy basgylamady, bögürip gündogara tutdurdy. Ýatanyň daşyna üýşdüler. Bir adam ýürekýargynç gygyrdy. – Goluny sogrupdyr. Beýleki biri biraz sabyrly gürledi. – Hajynyň goluny zaýalapdyr, al kakmyş. Inçe ýüz adam ody sönüp, tüsseläp duran taýagyny galgadyp, töwerekde zowzuldap ýörşüne: – Diýenim boldy-da, arwahyň adamdan başga ganymy barmy – diýdi. – Janawar haýwanda ýazyk ýok, arwahyň işidir bi. Onuň sesi galmagalyň arasynda ýitip gitdi. Eşret öýleriň töweregindäki oglan-uşagyň, aýal-ebtatyň haýdaşyp bäri gelýändigini gördi. Iki ýigit atlaryny gamça basyp, ineriň yzyna düşdi. Olaryň elinde naýza bardy. Muhammetguly boýy uzyn, çal telpek adamy gyssady. – Rejep, adamlaryňy gaýtar – diýdi. – Ä-äý, şol iner gursun! Gäwürde ýer hopmalydy, ýeriň teýine giden bolsady! Hajynyň şum bagtyndan çykan bela boldy. – Rejep adamlaryny gaýtar diýýän. – Gül ýaly ýigidiň şirin jany, eýse, şol däli inere degmeýän boldumy! Rejep bokurdagyna sygdygyndan gygyryp gepledi, haýbat bilen ýüzüni ýokary tutdy. Eňeginiň kelteligindenmi, ol juda tekepbir göründi. Ýüzi iki tarapyndan gysylan ýaly, maňlaýy ýemşikdi, gözleriniň hanasy deň däldi. Göreçleriniň ýitiliginde şere ýakynlyk bardy. Rejebiň ýomutdygyndan, kerweniň ýarysynyň şoňa degişlidiginden Eşret habarlydy. Muhammetgulynyň daşyna-da, Rejebiň daşyna-da dyzmaç ýigitler üýşdi. Gözlerinde ýigrenç, ýüzlerinde gahar, dillerinde paýyş söz. Iki tarapyň-da namysy basgylanyp, mertebesi ýele sowrulyp barýana döndi. Paýhasa gol ýapmagy iki tarap-da özüne kiçilik biler. Agyr ýolda birek-birege berlen hemaýat, duz-çörek häzir hiç kimiň ýadyna düşmez. Olar diňe agzalalyga sebäp bolan hem-de sebäp bolup biljek pursady gözlärler. Şony gahara, kine gaplap, birek-biregiň ýüzüne urarlar. Olary kesesinden synlamak Eşrede hupbat berdi. Olar başlaryndaky telpegiň, eginlerindeki lybasyň birmeňzeşdigini unutdylar, olar atlarynyň meňzeşdigini, bir dilde sözleýändiklerini unutdylar. Bir dilde gepleýän enäniň göwresinden çykyp, ak süýt emip, bir dilde, bir heňdäki hüwdini diňläp, hemmä düşnükli «eje, ene» sözüni gaýtalap ulalandyklaryny unutdylar. Olar türkmendiklerini, bir kökden dörän daragta şahadyklaryny unutdylar. Şu pursat olaryň eline palta berseň, biri beýleki şahany kesip taşlar. Ýerliksiz gahardan ýaňa, olar mertebeleriniň peselýändigini bilenoklar. Olar ýaşulyny, ýaşkiçini saýgaranoklar, garşysyndakyny depgileseler armanlary ýok. Olaryň häzirki ýagdaýyny synlap, Eşret bir ýagdaýa geň galdy: olar neneňsi edip uzak ýoly bile geçdilerkä? Eşret erksizligkne, alaçsyzlygyna ahmyr etdi. Wah, şu pursat oňa keramatly güýç berilsedi! Göwneýakmaz söz aýdýanlaryň dillerini lal açdyrardy. Ýaraga ýapyşan elleri ysmaz ederdi. Ýigrenç bilen garaýan gözlere garasuw indererdi!.. Rejep gahardan beleň aldy, Muhammetgulynyň üstüne süründi. – Ineriň dälirese diý, Allanyň öňünde ýazygyň bar. Allanyň öňünde ýüzüňiz gara. Siz Käbäni ýumurdyňyz. Käbäniň asly mekany Dehistanyň düzi, Allatagala türkmeniň batyrlygyna sarpa goýupdyr, Käbe şu ýerde bolmaly diýipdir. Allanyň binasyny weýran eden-de, seniň ataň. Gökleň diýlen bolsa, aýagynyň agsaklygy üçin diýlendir. Allanyň gargyşyna galan adamyň aýagy abat bolarmy diý. Bi ýurduň harabasyna gara! Wä-ä, heniz-de ineriň däliredi, şükür et, boýnuň omrulsa nädersiň, kerweniňi ýer hopsa nädersiň?!. Iki tarapyň-da gylyja ýapyşmaly pursadynda daýanykly, peşeneli adam ara girdi. Onuň boý-syratyndaky wajyplyk gany depesine uran adamlary togtamaga mejbur etdi. Tämiz ýüzündäki sypaýylyk, dury gözlerindäki akyl-paýhas ony dawa-şerden belent görkezdi. Şol belentligi duýan ýaly, adamlar oňa sabyrly garadylar. Ol Rejebe, Muhammetgula taýly gezek seretdi. Olaryň gahardan ýaňa çalaran gözleriniň Adamy saýgarmagyny küýsedi. Her kim garşydaşynyň keşbinden Adamyň şekiline derek, arwahyň şekilini görýändir. Adam şekiline dolanýançalar, olar paýhasa per bermezler. Olaryň damarynda at çapýan gyzgyn ganyň sowamagy derwaýys, gan sowamasa, paýhasa orun ýokdur. – Eger haýwanyň süňňüne ornaşan arwahy ataş bilen kowup bolýan bolsa, onda, ynsanyň erkini alan arwahyň çäresi nämedir? Ol gaharly ýüzlerden jogaba garaşdy. Rejebiň sag egninden garap duran eňegi süýri adam jabjyndy. – Munuň özi-de şolardan – diýdi. – Kitapdan gaýry zat-da almady, bar ýüki bir horjun kitap-daýt. Ýeňseden ýene biri gygyrdy: – Gaýraty azalan ilde molla köpeler, gökleňde molla köp. Ortada duran adam bu sözlere pitiwa kylmady. – Arwahyň asly Iblisdir, Iblisiň dawa-şerden gaýry pişesi bolmaz – diýdi. – Siziň nazaryňyzda Iblisiň şerini görýärin. Iblisiň idegine gidilse, din-de ýiter, iman-da ýiter. Iblisiň islegi birle, siziň goluňyzyň tutjagy haram bolar, diliňiz ýaman sözi küýsär, gulagyňyz-da haram sözi eşitsem diýer, aýagyňyz haram işe gitsem diýer, gözleriňiz nämähremi görer, burnuňyz daýym ganyň ysyny alsam diýer. Bet işleriň ahyr pellesi dowzahdyr. Haýyr işi ýatlaň!.. Sözüni soňlamaga maý bolmady. Taýak atym gapdalda, ineriň giden ugruna garap duranlaryň galmagaly asmana galdy. Eşredi garşylan ýetginjegiň sesi juda gorkunç eşidildi. – Ineri öldürýärler!.. Üç tarapyny çäge gurşan takyr meýdanda agzyndan ak köpük saçýan däli iner bilen iki ýigidiň söweşi dowam etdi. Ýagdaýdan bihabar adam atlylaryň gaýdyrylyp ýörşüni görüp, olar burnuna ýel düşen ineri gaýtarjak bolýandyr diýip çaklamagy-da ähtimaldyr. Günorta tarapdaky takyr ilerdäki ümmülmez düzlüge birigýärdi. Ýigitleriň çemeli pursady peýleýändikleri aýdyňdy. Naýzany ýeke gezek urmalydy, jaýdar ýerden düşse, agyr göwre agdarylmalydy. Gyltyz urup, ýara salyp, kowalaşyp ýörmäge maý bolmajagyny bilýärdiler. Muhammetgulynyň adamlarynyň tomaşa edip durmajaklary bellidi. Olar meýdana girse, naýzanyň ugruny inerden sowmaly boljakdy. Ineriň agyr göwresine haýran galaýmaly ýeňillik aralaşdy. Gapdala öwrülişine, yzyna dolanyşyna, arkan serpilişine göz ilmedi. Ol naýzanyň nirä çenelýänini aňyp, nyşana almaga pursat bermän, dört ýana urnup ýören ýalydy. Bagyrmasy galanokdy. Uzaga çekse, bu ýagdaýa çydamajakdygyny duýdurýan şekilde, adamlary kömege çagyrýardy. Janawaryň boltuna ed-dil şu manyda düşünen ýetginjek gorky bilen gygyrypdy. – Ineri öldürýärler!.. Mereke ses çykan tarapa agyp gitdi. – Adamlar, pähim-paýhasa gol ýapyň! – Peşeneli adamyň äheňinde haýbat ýokdy, ol ýalbarýardy. – Haýwany gynamak size buýrulmandyr. – Ol haýdaşyp barýanlaryň aýak çekerine garaşdy, gyssandy. – Haýwanu-ynsana mähribanlyk buýrulandyr, birek-birege rehim-şepagatyňyz bolsun! Onuň sesi galmagala garyldy. Iki-ýeke göwni bölekler ädimini haýalladyp, peşeneli adamy ýeke galdyryp gitmegi uslyp bilmän, onuň-da özleri bilen giderine bitakat garaşdylar. – Keýgiň owlagyny rehim kylan Söbüktegin hezreti-pygamberiň şepagaty birle dowzahyň odundan gutuldy... Takat edip, onuň hekaýatyny diňlejek tapylmady, garaşmaga meýil bildirenler-de gitdi. Olar takyrdaky tomaşany has gyzykly gördüler. Iň soňa galan bir egni pes, agsak ýaşulydy. Ol: – Döwletmämmet, bu dünýä zehiniňi ýakmagyn – diýip, gygyrdy. – Bu dünýä geldi-geçeriň mesgenidir. – Haýwana zorluk eden ynsan birek-biregi-de gaýgyrmaz. – Akyl söz diýdiň, Döwletmämmet, arman haýp, haýp! Panyda şer iş ýol alar, akyl söz gury owazdyr, Döwletmämmet. Ýaşuly aýagyny süýräp, galmagala ýetmäge gyssandy. Inere edilen hüjüm uzaga çekmedi. Atlylaryň biri ineriň alkymyna golaý baryp, onuň ünsüni sowdy. Ikinjisi ýeňseden bat alyp geldi. Üzeňňä galyp, iki eli bilen naýzany depesine göterdi, göwresini biraz ýeňsä taşlady, ähli güýji bilen gapdal duran inere tarap naýzany atmalydy. Öňdäki atlynyň haýbatyndan beleň aldymy ýa-da yzdan gelýän güpürdini eşitdimi, iner gozgandy, gapdal duran göwre naýzala ugurdaş bolaýdy. Ýigit badyny saklap bilmedi, naýzany goýberdi. Naýza ineriň artky buduna gyltyz çümdi. Emma ýigidiň atdan kelemenläp gaýtmagy juda garaşylmadyk ýagdaýdy. Naýza zyňanda, badyny saklap bilmedimi ýa-da ineriň haýbatyndan gorkan atyň duýdansyz mahal gapdala zyňylmasy sebäp boldumy, garaz, ýigidiň göwresi togalandy, ýöne seňseläp ýatmady, erjellik bilen aýak üstüne galdy, iki ädim beýläk zyňlan telpegine topuldy. Telpegini alyp başyna geýmäge ýetişmedi, üstüne sürnüp gelýän ineri gördi. Sähelçe pursatda töweregine delmuryp garamaga ýetişdi. Gaçany bilen gutuljagyna ynamsyz ýaly göründi. Birnäçe adam onuň huşy başyndan göçendir, gaçmagy-da unudandyr öýtdi. «Gaç!» diýip gygyrdylar. Şol pursat ikinji ýigit çalasynlyk görkezdi, atyny ýüzin saldyryp onuň gapdalyna geldi. Birinji ýigit ýerden gop berlen ýaly, täsin ýeňillik bilen atyň syrtyna gondy. At inerden ara açdy. Muhammetguly hahahaýlap güldi. Bu gülki Rejebe gyjyt bolup degdi. Ol kellesini saňňyldadyp öňe süründi. – Gökleňiň tagamsyz gülküsine ýomut çydamaz. – Sen dagyň gyzylşiri1 ekeniň-dä, gazabyňy görkez-le. Bu haýbatdan soňra iki tarap çaknyşmalydy. Iki tarapyň-da ykjamlygy, dyzmaçlygy çaknyşygyň ganly gutarjakdygyny aňladýardy. Emma ýeňseden çykan aýylganç ses çaknyşygy saklady. Aýal sesi adamlary betbagtlygyň bolan ýerine çagyrdy. Olar çetki öýe tarap haýdap gaýtdylar. Öýüň daş ýüzünde özbek ýigidi süýnüp ýatyrdy. Onuň başujunda gymyldysyz oturan garry aýal sokynyň gara daşyna meňzeýärdi. Gün ýaşypdy, hä diýmän garaňky düşmelidi. Adamlaryň sessiz-sedasyz ýere garap duruşlaryny görende, Eşret öňdäki gijäniň tukatlygyny hem tükeniksizligini duýdy. Garry sandyraýan uzyn barmaklary bilen ýaş ýigidiň ýüzüni sypaýan şekilde, onuň açyk galan gözleriniň gabaklaryny ýumdurdy. Eşrediň göwnüne bolmasa, ýigidiň gözleriniň ýumulmagy bilen garaňkylyk artdy. Garry başyny galdyrman oturyşyna: – Kiçiguly namart ogul ekeni – diýdi. – Kiçiguly il-günüň dilini kelte etdi. Kiçigulynyň adynyň, agzalmagy bilen duranlaryň arasynda hyşy-wyşy, hümürdi artdy. Her kim bilenini gapdalyndaka aýtdy. Sähel salymyň dowamynda ýagdaý hemme aýan boldy. Adamlar dawa-jenjele gümra bolup, töweregi unudan mahaly, Kiçiguly çetki öýüň gapdalyndan duýdansyz çykan bolmaga çemeli, daş bosagada oturan ýigidiň ýalňyzdygyny görüp, ony pyçaklap öldüripdir. Onuň haçan gelendigini gören ýokdy, diňe gaýralygyna çapdyrylyp barýarka, goýun sürüp gelýän Tagangeldä duşupdyr. – Ol Taňry salamyny-da almady, ýüzüni kese sowup, ýüwrü-üp gidip barýar. Bä-ä, işigaýdany jyn urdumyka diýdim. Adamlar Tagangeldä ynandylar. Garry ahmyr etdi. – Al-arwah başymy aýlamadyk bolsa diý, men bi neressäni ýeke galdyryp, hol ýere gitjek däl-ä. Arwahy-da gursun, jyny-da gursun. Adam barynyň gözi gapyldy, akyly çaşdy. Arwah iner janawary däliredendir öýdüp oturmaň, arwah bizi däliretdi. Haýsyňyz degerli delil aýdyp, Erkin hojany ynandyryp biljek, ol hä diýmän Hywa geçip gitmeli. Borjagyň myhmanynyň başyna ýetip, Kiçiguly meniň oglumyň gazabyna duçar boljagyny bilmedimikä? Myhmana gazap edýän ilde döwlet-de, abraý-da galmaz. Ol depesindäki bürenjegi çekip aldy, emaý bilen ýigidiň ýüzüni ýapdy. Heniz-de ineriň bagyrýan sesi eşpdilýärdi. Ol ses adamlary utandyrýan ýaly, her kim has beter ýüzüni asdy. Eşret märekäniň bir çetinde hälki peşeneli adamyň durandygyny gördi, ony aşaklyk bilen synlady. Dogrusy, onuň başynyň dikligine gözi gitdi. Ol adamy bu duranlardan tapawutlandyrýan alamat onuň giň maňlaýy paýhasyň nyşany bolup göründi. Dury gözlerinde bimöçber sabyrlylyk bardy. Garry aýalyň ýowuz sözlerine ol utanmady, gaýta, dogry söze ten berýän adamyň kanagaty bilen diňledi. Garry dowam etdi. – Eý, Alla, adamlaryň ýüregine rehim-şepagat salmajagyň çyn bolsa, sen olaryň gözüni kör edeniň ýagşy. Bäbenegi gapylan bolsady, Kiçiguly ýol-ýodany yzarlap, ýazyksyz bendäni taparmydy diý. Ýaş ýigidiň meýidini öýe saldylar. Tukat hem tükeniksiz gijäniň garaňkysy düşdi. _______________ 1 Esweg – zorluk (gökleň şiwesi). 2 Gäwür – Boýadagdan gaýdýan sil suwunyň akýan ýeri, Gumdaga golaý. 3 Kesgin – möhlet (gökleň şiwesi). 4 Batman – 20 kg. 5 Nowala – arpa ununyň duz garylyp gatadylan görnüşi. Ol iým bolmadyk halatda düýä berilýär (gökleň şiwesi). 6 Gaýana – inen düýäniň erkege çekilýän mahaly. 7 Gyzylşir – arslan (gökleň şiwesi). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |