18:35 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -7: dowamy | |
7.
Taryhy proza
Galkan batyryň gany depesine urdy. Iş bitirip dolanyp gelse, öňünde obasy ýok. Boşan ýurtda ejesi tomzak kimin gargap, başyndan gum sowrup otyr. – Jan oglum, han oglum – diýip, eňremäge başlady. – Binamys ile sen ýaly namysjaň ogluň derkary ýok ekeni. Garry eneňi, heleýiňi, çagajyklaryny, öýüňi-öwzaryny ymgyr çölde taşlap gitdiler. Ýanaý-dym-e-eý, köýäýdim-e-eý!.. Waý, o syrtynda oturan mekejin kim?.. Akmyrat, sen-de boş gaýtmadyk ýaly-la? Öýüňe gyrnak eltmäge gorkaňokmy, ynsaply ataň bardyr seniň. – Sülgün ýeňňe, bulara gyrnak diýme. Sülgün gotur buduny şapbatlap güldi. – Hä-ä, näme diýeýin? Atlaryny tutaýyn diýsem, atlaryny bilemok, ady ýitmişleriň. Doganyndan galan ýeke naçarmydy, Akmyrat jan? – Ol Akmyradyň syrtynda ýygrylyp oturan gelniň başyndaky mahmaldan çekdi, gelin mahmaly goýbermedi. – Muny kimiň ýorganyndan sogrup alyp gaýtdyňyz? – Gelin aglady. – Aglama, gelin, aglama, gözýaşyndan sil bolmaz. Ýürejigiň düşüşer, eliger1 gidersin. Biziň ile gelen gyrnak aglap gelse-de, gidende gülüp gidýändir, he-he-he. – Soňra ol Galkanyň syrtyndaky gyza garady. – Bujagaz towşany haýsy ýowşanyň düýbünden tapdyňyz? Galkan batyr azgyryldy. – Eje, bes et, sen bizi eglejek bolma. Olar gije ýol ýöräp, gün doganda Garaçöpe ýetdiler. Galkan öňi bilen Atanyýazyň gapysyndan bardy. – Ýaşuly, biz-ä gelendiris – diýdi. – Boş gelmedik, iş bitirip geldik. Atanyýaz keýpsizdi. – Meniň hyzmatym bilen gitmediň, ol sebäbe-de meni habardar etjek bolup durma. Galkan janagyryly güldi. – Gorkma, ýaşuly, melamaty meniň başyma – diýdi. – Namys işine gezek gelende, hyzmat böleklenmese ýagşy. Biziň iliň birligi namysynyň birligindedir. Galkan batyr sögündi: «Namardyň biri namart?! Hamyna poh dykylan gäp. Garantga! Şu tetelli nalajedeýini kethuda tutunýan oba gursun! Ot alsyn, ýer ýuwutsyn!». Ol ýemreli ilinden getirilen iki naçary Eşretleriň gapysyna taşlady. – Ýeňňe! – diýip, gözilginç dabara bilen Sona ýüzlendi. – Şü iki gyrnagyň erki-de, ajaly-da seniň eliňde, ýalkasaň ýaz, gargasaö gyş. Sona öňürti kirpi ýaly düýrülip, biri-birine gysylyşyp oturan gyz bilen gelne syn etdi. Bular haýsy ojakdan alnyp gaýdyldyka diýen pikir kellesine geldi. Tutulan guş kimin saňňyldap oturyşlarynda bimöçber zorlugyň alamatyny gördi. Şol zorluga özi dahylly ýaly boldy. – Seniň haram oýnuňa goşulyp, ärim näme gördi, äkideweri, äkideweri – diýdi. – Oglumyň başyny iki sany ejiz maşgala çalşyp oturyberer öýdüpsiň-dä. Akylyň-da gursun, etmişiň-de gursun. – Heleýligiňi etme, ýeňňe, maňa düşün. Seniň ogluňy oz aýaklary bilen getirip giderler indi. Hossar bardygyny bilendirler. Girewine sakla. – Derdimi artdyrma, Galkan, adam söwdasyny sen oňararsyň, biz oňarmarys. Maňa hossarlygyň çyn boljak bolsa, diýenimi bitir: bi naçarlary hossarlaryna gowşur. Galkan güldi, aňyrsy joş alany sebäpli gülmedi, Sonanyň, akmaklygyny töwerege aýan etmek üçin guldi. Soňra içýakgyç arkaýynlyk bilen: – Bulary, yzlap geljek bardyr öýdemok – diýdi. Iki naçaryň eňräp başlamagy Galkanyň ynamyna kepil geçdi. Başy tahýaly, egni solagrak çabytly gyz Orazyň uýasy ekeni. Ony ýeňňesi bilen alyp gaýdypdyrlar. Ol ýeke-täk penasyndan, ýeňňesinden jyda düşerin öýdüp gorkýardy. Gelniň golundan ýapyşyp, oňa ýelmeşip otyrdy. Kimiň kime pena bolup biljekdigine ynanar ýaly däldi. Olaryň ikisi-de ejizdi. Olar zorlukdan başga zada garaşanokdylar. Tylla ejesine ýalbardy. – Bizde bolubersinler, Oraz geler, alyp gider. Oraz gelmese, atama äkit diýsek äkider. – Ataň äkider ýaly, ataň getirdimi bulary? Kim getiren bolsa, şol-da alyp gider. Öýümde girewine adam saklap, gargyşa galyp bilmen, Hudaýyň gazabyndan gorkýan. Galkan, gargyşdan gorkmaýan diýseň, sen bulary öz öýünde sakla. Bize beýle hossarlygyň derkary ýok. Orazyň uýasy Sonanyň küleçesinden ýapyşdy, özelendi. – Agam jan gelmez, agam jan geler ýaly bolmady. Şu adam agam jany – Ol Galkana tarap garasa-da, agydan ýaňa çişen gabaklary oňly açylmady. – Agam jany... Aga jan-e-eý... agam-e-e-eý-ý... Gyz eňräp, ýel alan ýüzüni küleçä oýkady. Sona: – Galkan, Hudaýyň gazabyndan gork! – diýdi. – Ejize zorluk edýärsiň, bihasap däldir, hasaby bardyr. Bi naçarlary iline gowşur, ötün1 sora. Hudaýdan, bendesinden ötün sora. Galkan ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Enwalla, saçy uzynyň akyly kelte bolmaly-da! Iki naçara Sonanyň ýüregi awasa-da, olary öýünde alyp galmaga ätiýaç etdi. Eger alyp galsa, il-gün zorluga onuň dahyly bardyr öýder, Galkany çapawullyga ýollan-da Sonadyr diýerler. Gyzy, gelni suüýrelen il ýöne ýatmaz, Galkanda bar namys olarda ýokmudyr?! Oraz neresse öldürilen bolsa, onuň ili gan deregine gan sorar! Ýog-e-eý, eden etmişine Galkanyň özi hasabat berewersin! Sonanyň dulunda uly gyzy otyr. Ar-namysyň hasaby bilen gelenler seniň öýüňde ýitigleriniň oturanyny görüp, seniň gyzyna rehim-şepagat ederlermi diý?! Sona bu ýagdaýy gyzyna düşündirende, Tylla çydamady, aglady. Onuň gözlerinde gorky uçguny ýandy. – Eje, atama aýdaly, göçüp gideli. – Lal bolsana, biz ejize ganymlyk etdikmi, Hudaý bilýändir. – Eşret gideli bäri, ýüregimden gorky çykanok. Indi beter gorkaryn eje, Sülgün gotur öýüni bize golaý dikmesin. Obanyň ätiýajy artdy. Adamlara sustluk aralaşdy. Iki naçaryň girew hökmünde getirilendigine Galkan batyryň kepil geçip aýdýan sözlerine ynanýan azdy. Umuman, onuň etmişini unaýan adam bar bolaýanda-da, pikirini daşyna çykarmaga çekindiler. Girew getirilenleri Sonanyň gaýtarmagy şübhäni, gorkyny artdyrdy. Galkan batyryň etmişi, betbagtlygyň wehimini güýçlendirdi. Gyrmyzy topalaň turuzdy. Gaýyn enesiniň paýyş sözünden, äriniň awuly gamçysyndan gorkmady. Sonanyň gaýtaran naçarlaryny dolap getirenlerinde, olaryň döşünden itdi, ärine haýbat atdy. – Owarra et, güm et! – diýip gygyrdy. Sülgün gotur obanyň kybla tarapyndan, kiçiräk alaňyn ýeňse ýüzündäki takyr aýmançany ýurt ýer tutunyp, ýükleri düşürip, tärimi, ugy saýhallap, hä diýmen öý galdyrmaga başlajakdy. Gelniniň garaşylmadyk galmagaly onuň badyny aldy. Iň ýamany, galmagal açyk meýdanda, adamlaryň gözüniň öňünde başlandy. Ol gelnine ýapyşdy. – Gap sesini, mes baýtal! Galkanyň gamçysy Gyrmyzynyň depesinden indi. Gamçynyň awusyna Gyrmyzynyň daýanykly bedeni towlandy. – Öldür, ganymy iç, etimi dogram-dogram edäý! – Gamçydan gaçalak etdi, çaşyp ýatan öý goşlarynyň arasynda dört ýana urundy, sypyp bilmedi. Omzundan, sagrysyndan inýän gamçynyň şarpyldysyna bes gelip gygyrýardy. – Öňki gyrnagy bogaz edeniň azmy! Hudaýdan tap, Alladan tap! Galkan aýalynyň yzyndan ýetip, ýüzüni ýere basdy, saýgylamaga durdy. Gyrmyzy ýerde çabalanyp ýatyşyna örç alyp gygyrdy. – Mes eş-ş-ek!.. Heleýbaz!.. Sülgün gotur yzlaşyp ugran çagalara topuldy. – Demiňizi dartman, haram ganjykdan bolanlar. Gyrmyzy gamçynyň aşagyndan oňa jogap berdi. – Özüň haram ganjyk... Heleýbaz dogran künti... Bogaz gyrnagy nirä ýitirim etdiň!.. Galkan saýgylany bilen aýalynyň sesiniň galmajagyny bilip, onuň bokurdagyna ýapyşdy. Gyrmyzyýayň hykgyldysy eşidildi. Çagalar uly yzlaşyk bolup, ejelerine tarap ylgadylar. Ýygrylyp oturan gelin bilen gyz aýak üstüne galyp, nirä ökje göterjeklerini bilmediler, oda düşdüler. Sülgün gotur töwerege gygyrdy. – Ýetişiň-u-u, öldürdi-le-e-eý... Araçy baranlar Galkan batyry ýeňsä zyňdylar. Ol pyçagyny syryp topuldy, ýol bermediler. Töwerekden garap duranlar Gyrmyzyny ölendir öýtdüler. Çagalary gymyldysyz ýatan ejeleriniň daşyna üýşüp, onuň başyny galdyraryna garaşdylar, biri-birine gyslyşdylar. Sülgün Galkanyň üstüne heňkirdi. – Iş bitiräýdiň bolsa-da! Itiň güjügi ýaly edip, o burny sümükli çagalaryňy başyma dökjekmi? Başaranyň başyna-e-eý!.. Mende gurbat-da ýok, deramat-da. Duşman güldüren bolduň sen! Gyrmyzy süýrenip, zordan başyny galdyrdy. On ýaşlaryndaky oglan «eje!» diýip gygyrdy, jigileri alyp göterdi. Olar ejeleriniň ölmändigini töwerekdäkilere, bütin oba aýan etdiler. Sülgün gotur hüňürdedi. – Heleýiň jany itiňkiden berkdir. Şu sataşman geçen üçin ogluňa igenmelimi diý-le. Men samsyk, meni öldüreniň kesewisi gögerer. Zyba bu wakany başdan-aýak synlady. Ol Gyrmyzynyň ölmän galanyny görende, heşelle kakyp, şatlygyny duýdurjak bolmady. Kalbyna agram salan kemsitme-de ýeňlemedi. Ol ýene bir öwre tukat hem surnukdyryjy durmuşyň ajy tagamyny datdy. Galkanyň uran gamçysynyň awusyny öz teninde duýdy, ýene bu duýgy ony ýetim guşuň dolanyp gelmejegine göz ýetiren pursadynda dörän biperwaýlykdan halas edip bilmedi. Akyly dürs işlese-de, ýüreginde hemişeki howsala, tolgunma ýokdy. Ol şeýle pikiri tekrarlady: erkekleriň sütemi, zorlugy dowam etjek bolsa, bu ýalançyda aýal maşgala oňly durmuş miýesser etmez. Oňa sögerler, urarlar, sähel zady bahanalap öldürerler. Häzir Gyrmyzynyň ölmän galmagy Galkanyň ýüregine rehim inendigi üçin däl, ol ýetişmedi, oňa adamlar ýol bermedi. Hemişe adamlar ýetişip durýarmy. Erkekleriň kalbynda rehim diňe söýgi emri bilen döräp biler. Söýýän adam rehimdar adamdyr. Zybanyň Eşredi rehimdardy, ony ýitirim etdiler. Eşret ýaly rehimliler ýitip barýar, Galkan ýaly rehimsizler bet işini edip ýör. Ol Gyrmyzyny bu gün öldürmedik-de bolsa, ertir, ertir bolmasa, ýene bir gün öldürer, ojagaz çagalary ýesir goýar. Zyba adalatsyzlygy duýsa-da, oňa biperwaý garady. Biperwaýlyk oňa täsin aýdyňlyk berýärdi. Özüni dünýäniň ähli derdeserini görüp, ömrüni aýaklan dana kempire deňeýärdi. Kempiriň görjegi ýokdy, öňde dine ölüm garaşýardy. Zyba bu deňeşdirmeden gorkmady. Ol Aýhana ýüzlendi. – Däde, naçarlary galtamanyň elinden alyn, ýogsa, gan ýuwdarlar. Akmyradyň ogly Batyr Garaçöpe gelinýärke gyzdyryp başlapdy. Gyzamykdyr öýtdüler, ýeňil geçsin diýip eşegiň süýdüni içirdiler. Endamynda örgün görünmedi. Çaganyň ýüzünden, deminden howur göterildi. Nemli gabaklary açylmaly. Mähri: – Nobada habar edilse-de bolarly – diýdi – Örgün agyr bolanda, dutar çalynýandyr, Alla näme ýörär giderdi-dä. Jeren bu pikiri oňlamady. – Dutar bilen iş bitýän bolsa, Nobady gözläp, il söküp ýörmeli däl, dutaryň sapyny tutýan obada-da bar. Bu dert dutar bilen dep ederden çökder bolmasyn. Hudaý bize göz görkezýär, biz ejize ganymlyk etdik. Akmyrat aýalynyň nämäni ýaňzydyp aýdýanyna bada-bat düşündi, igenji eşidip oturmak agyr-da bolsa, sem bol diýip bilmedi. Manysyz dyzmaçlygyň, telek işiň ökünji oňa indi ýetişýärdi. Obanyň Garaçöpe gaýtmagy, adamlaryň ätiýajy, oňa pes duýduryş bolmady. Orazyň bigünä ölümi ony çykgynsyz derde, azaba, masgaraçylyga goýdy. Galkan bigünä adamy öldürdi, Akmyrat ony saklamady, saklmalydyr hem öýtmedi. Iki naçary atyň öňüne basyp, öz iline getirip, özüniň-de, töweregiň-de mertebesini galdyrmandygyna indi düşündi. Jeren Akmyrada ýalbardy: – Il-günüň başyndan belany sow, neresse çaganyň başyndan Ezraýylyň ýoluny sow. Alla sygnyp oturma, bigünä adam Alla sygynýandyr. Seniň günäň bar, sen Allanyň öňünde-de, bendesiniň öňünde-de ýazykly. Sen günäňi ýeňlet, haýyr iş et, naçarlary iline gowşur. – Aýaly ýalbardygyça Akmyrady der basdy. Jeren sust ýatan oglunyň üstüne bagryny gördi. – Gözüsi aç, balam, başujuňda dädeň otyr, dädeňe garaşdyň, däden geldi, gözüňi aç. Dädeň sesiňi eşitsem diýýär, diliň saýrasyn, balam. Dädeňe ýalbar, guzym, derdimi dep et diý, haýyr işde hasyl bar, haýyr işi har edeni Hudaý har eder diý, balam, Akmyrat çydamady, daş çykdy. Öýüni dikeldenler ojak gazmaga ýaýdandylar. Ot ýakyp, tagam bişirip, agaýana iýip-içip oturmaga pursat boljagyna şübhe döredi. Taýlak Garaçöpüň töweregine yz çalyp geldi. – Sähel yz bilýän adam biziň obany gije-de tapar – diýdi. – Ýemreliniň arasynda-da yzçy bar. Nedirguly hanyň yzçylaryndan-a Allanyň özi sowaýsyn. Ýemreliler ýeke gelmez. Gyzylbaşa bahana tapyldy, gurdy gündiz uwlady. Adamlar şemal turaryny dilediler, ýodalaryň düzlenmegini, yzlaryň ýitmegini küýsediler. Şemal turmady. Asman-da, howa-da durudy, çöp başy gymyldamady. Yssynyň, güýçlenmegi bilen çölüň imisalalygy artdy. Ümsümlik adamlara ýaramady, ýüreklere wehim saldy. Suhan gözüni süpürip, biraz ahmyrly saz urdy. – Nurýagdy bizden akylly bolup çykaýarmyka, janlarym. Onuň şübhesini inkär eden tapylmady. Üç atlyny gözegçilige ýolladylar. Çagalary daş bosagadan aňry goýbermediler. Dokma ýüwürden gelin-gyzlar darak kakmaga ätiýaç etdiler. Sülgün gotur gargynyp, sögünip öýüni dikeldýärdi. Töwerekden kömekçi barmady. Ol Galkana gyjyt berende, oba eşitsin diýip gygyrdy. – Namysjaň ýigit, sarpaň tutulyşyny gördüňmi? Artykmaç ilim bardyr öýdüp, tanapyňa towusmagyn. Öz ojagyny bil, galan zat jähennemiň teýine gitsin. Soňra ol iki ýesiri çekeläp turuzdy, işe saldy. Ýaşulular Atanyýazyň ýanyna maslahata ýygnandylar. Ýagyň gelerine garaşyp oturman, amanat maşgalalary iline gowşurmaly diýen karara gelindi. Ýöne Uly serdardan bigeňeş etmeli däl diýdiler. Adam ölüpdir, arada gan hasaby bardy. Uly serdar ýagdaýyň hilemüçik däldigini biler, derwaýys öýtse, Bagaja obasyna kömege geler, eger özi gelmese-de, näme etmelidigini aýdar diýen tama bilen Atanyýazyň inisi Annanyýazy ýola saldylar. Gün öýleden agypdy. Ol ertir irden dolanmalydy. Aýhan: – Sülgün bet adam, iki naçary horlaýmagy-da ähtimaldyr – diýdi. Orazsoltan gönüledi: – Juda ýüregiň awaýan bolsa, ogluň öýüne alyp baraýsaň bolmadymy, Aýhan... Aýhan Akmyradyň etmişi zerarly diliniň kelteligini bilse-de, beýle gönümel urga garaşmandy. Ol öýüne gelip, Mährä gazan atar diýdi, nahar taýýar bolanda, iki naçary getirmegi, damagyna seretmegi buýurdy. Mähin boş geldi, Sülgün ony bosagadan kowup goýberdi, ýüregini bulady. «Kakynly gyzyňyzy Eşret neressäniň boýnuna atjak bolup halys öläýdiňiz» diýdi. Elbetde, Mähri onuň sözüni Aýhana aýtmady. Garanky düşende Galkanyň obadan çykyp gidendigi aýan boldy. Onuň duýdansyz ýitirim bolmagy, adamlaryň, aladasyny artdyrdy. «Ol ýagydan başyny gutarmakçy bolandyr» diýýänlere bada-bat garşylykly pikir aýdyldy: «Maşgalasyny ýagyň eline berip gider ýaly, Galkan batyry namartdyr öýtmäň...» Galkan Kiçi serdaryň obasyna gidipdi. Atanyýazyň gözüne çiş kakyldy. – Orazsoltan, gonşy-golamdan habar tutan bolmady, özümiz aşa howsala düşüp ýören-ä däldiris? – Eşredi ýemreliniň gümlänine ynanýarmyň? – Iş işden geçdi, ynanmasak-da, ynanýas diýmeli bolar. – Aýatda diri bolup, bir ýerden çykaýsa, masgaralygy şonda görersiňiz. Atanyýaz häzir näbelli ýagdaýyň döretjek masgaraçylygy hakda kelle döwmek islemedi. Ol günüň dogaryna inisiniň getirjek habaryna garaşýardy. Inisi diňe söz bilen gelse, nägile boljakdy. Ol atly-ýaragly ýigitleri alyp gelmelidi. Eger Uly serdaryň kömege gaýraty çatmasa, Atanyýaz ony namartlykda aýyplar. Ol beýle mümkinçiligiň bolmajakdygyndan, gün doganda obanyň üstüne ýagy döküljekdiginden entek bihabardy. _______________ 1 Eligmek – öwrenişmek. 2 Ötün – ötünç. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |