18:36 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -8: dowamy | |
8.
Taryhy proza
Ýomutlaryň kerweni ýassynyň ön ýanynda ýola düşdi, gökleňler gijäni guýuda geçirmekçi boldular. Eşret düýelere esewan bolup ýören egin-başy pukara ýigitden peşeneli adamyň kimdigini sorady. – Gardaş, bilimi dag ýarýan molladyr ol! – diýdi. – Bir at ýüki kitap okapdyr. Sen Muhammetgulydan sora, Muhammetguly oňa belet. Hywadan çykamyzda... Sen Hywada barmydyň? Men-ä seni görmedim. – Eşret ýokdugyny aýtdy. – Hywadan gaýdamyzda gören bolsadyň!.. Hywada molla diýlen zat gyryň daşyndan bol. – Senden Hywanyň mollasyny soramok, oduň başynda oturan adamy soraýan. – Bisabyr adam ekeniň. Hywanyň mollalarynyň baryndan ökde, ökde bolmasa, ugratmaga geljekmi olar. Her biriniň sellesi gazanyň agzyndan uly. Bir süri molla ugratmaga çykdy. Adyna Döwletmemmet diýýärler, eşitmediňmi sen? – Eşidemok. – Garry molla diýip eşitmediňmi?.. Nätdiň aýt! Gerkezde oglan okadýar. Eý, sen biziň iliň adamy däl... Gardaş, bi adam ýetmiş iki dil bilýärmiş. Muhammetgulydan sora. «Haýwanyň diline-de düşünse, bi adama Süleýman pygamber diýäýmeli» diýýär. Hywada öz gulajygym bilen eşitdim, pürsiýanyň diline-de, hywalyň diline-de suwara, özlerinden zyýat bilýär. Akyl söz ýazmaga-da zabun, Muhammetgula okap beripdir, düşünmedim diýýär. Ä-äý, onuň ýazýan sözleri bi adamlaryň geplejek sözi däl diýýär. Ineriň dälirejegi şu adama aýan boldy, zor gördüm. «Iner namysjaň haýwandyr, abyrsyz jebir etmäň, çydamaz» diýdi. Muhammetguly gulak asmady, Türkmeniň gahary gursun, gahary gelende, Hudaýy unudýar. Sen, gardaş, Gäwürde-de ýokduň, sen nireden çykdyň aýt?.. Kim bolanda-da maňa parhy ýok. Gäwürde iner batga çökdi, aýagy jalawa1 gitdimi, ýüki agyr boldumy – ýigrimi bäş batman, how! – janawar galyp bilmän bagyryp otyr. Muhammetguly namys bildi şuny. – Ýigit ätiýaç edýändigini duýduryp, Eşrediň gulagyna çawuş çakdy. – Iner çökende buhar matasyna ýel degdi, jany bokurdagyna geldi, Muhammetguly husyt adam. Haýwana jebir görkezdi, gulak as, heniz-de ilerki takyrda bagyryp ýör. Bi gije köşeşmezmikä... Gardaş, molla aganyň bolşuna syn edýärmiň? Syn et, sabryna gözüm gidýär, bilimli adamyň sabry-karary artykmaç boljak ekeni. Galmagal turanda sen bardyň-a, gördüm-ä seni. Adamlaryň bolşy näteňet? Dargursagyň bir eli ýaragynda, topuljak bolup dur. – Ýigit ýene çawuş çakdy. – Muhammetguly molla aganyň ýanyna baryp bilenok, barmaga utanýar. Oduň şöhlesi Döwletmämmediň asuda ýüzünde, goç buýnuzly çäkmeniniň ýakasynda oýnady. Ol ýekedi, ýalyndan gözüni aýyrman otyrdy. Kerwen bilen gelen adamlar öýlere girmän, gijäni daşarda geçirmekçi bolup, iki ýerde ot ýakypdylar. Oduň biri sönüpdi, töweregindäki adamlar terslin-oňlyn gyşaryp, uka gitdiler. Eşret geplemsek ýigitden sypyp, oda tarap ýöneldi. Gündiziň goh-galmagaly çägä siňen ýagyş suwuna döndi. Töwerek asudady. Wagtal-wagtal uzakdan hüwiniň sesi gelýärdi. Agyr ýoldan gelen ýadaw adamlaryň zarply horruldysy, gäwüş gaýtaryp oturan düýeleriň dişini çalmasy, asudalyga zeper ýetirmän, onuň dowam edýändigini duýdurýan alamatdy. Döwletmämmet Eşrediň baranyny goşanç gördümi, ýekeligini gabanýan şekilde onuň salamyny höwessiz aldy, otur diýen manyda elindäki kesewini gapdala uzatdy. Eşret edep bilen görkezilen ýerde oturdy, gep atylaryna garaşdy. Döwletmämmet öz pikirine gümra, eýýäm Eşredi unudan bolmagy-da ähtimal. Eşret ony ogryn synlady. Döwletmämmediň giň maňlaýynda öň göze ilmedik ýygyrtlary gördi. Gyradeň, tämiz gara murty at ýüzüne gelişýärdi. Keseden garaýmaga ol süňklekdi. Eginleri giňdi, gollary berdaşlydy, barmaklary iridi, bogunlarynyň iç ýüzünde gatan gabarçaklaryň yzy bildirýärdi. Bu gabarçaklaryň kitap tutany üçin döremedigi belli zat. Bu adamyň ähli pişesi oglan okatmak däldir. Eline pil alyp, daýhançylyk edýär diýilse, Eşret ynanjakdy. Diýilmese-de ynandy. Emmaki, ýüzi tomsuň jöwzasyna, gyşyň aňzagyna döz gelýän ýüze meňzemedi. Sünküniň iriligi ýüzünden bildirenokdy, Akyly, paýhasy alamatlandyrýan sypaýylyk meňzine ýumşaklyk çaýýardy. Tekepbirligiň, doklugyň alamatyiy duýmakyna şükür etdi. Eşret gep atylaryna bisabyr garaşdy. Döwletmämmet içki syryny ot bilen paýlaşyp oturan şekilde, ondan gözüni aýyrman gürledi. – Günhanyň oguz iline ähtnamasy bolmaly. Rowaçlyk agzybirligiň hasylydyr, agzybir il Taňra ýakyndyr. Ýurtda bir han bolanda, ile rowaçlyk geler. Iki han agzalalygyň nyşanydyr. Iki gylyjy bir gyna salyp bolanok, iki dogana bir hatyn buýrulmandyr. Bir ýurtda iki häkimiň derkary ýok. Biz Günhanyň pendini unutdyk. Günhanyň akgasy Oguz hanyň alty ogly bolan. Üç ulusyna altyn ýaý, kiçilerine altyn peýkam galdyryp gidendir. Gadymyýetde ýaýy hökümdaryň, peýkamy ilçiniň nyşany diýip bilipdirler. Peýkam atylan ugra gidýär. Oguz hanyň pendine görä, üç ulynyň buýrugyna kiçiler boýun synmaly. Oguz hanyň wesýetini-de unutdyk. Eşret: – Oguz hanyň gürrüňini biziň ilde-de bilýän bar, molla aga – diýdi. – Aýhan aga diýýärler, käri ussaçylyk. Oguz han bir ýüz on alty ýaşap dünýäden ötüpdir diýýär, ýigrimi dört agtygy bolupdyr. Hala salynýan ýigrimi dört göli-de Aýhan aga Oguz hanyň agtyklarynyň sanyna garap düşündirýär. Döwletmämmet Eşrede siňe seretdi. – Ýigit, ötegçimiň sen? – Ötegçidiris, molla aga. Eşret başyna düşen wakany beýan etdi. Soňlaýança ot söndi, üýşmek közüň üstüni kül örtdi. Döwletmämmetden ses çykmady. Irkilip oturan bolmagy-da ähtimaldyr. Eşrediň sakyrdysy ýüregine düşäýdimikä? Ünsli diňlän bolsady, beýdip ümsüm oturmazdy, bir söz diýerdi. Diýmese, Eşret göwün etjekdi. Döwletmämmet: – Eşret, biraz gyşaraý, ýadansyň – diýdi. – Uzak gün kerwene garaşyp, bikär ýatdym. Äý, gapdalyňda bigünä adamyň jesedi ýatyrka, göze uky geljekmi. Adamlaryň arkaýyn ýatyşlaryna haýran. Ot ýakyp bereýin, molla aga, garankyda oturan adam sokyň gara daşyna meňzeýär. – Ähtimal, ähtimal... Döwletmämmet Eşrediň söhbet küýsäp gelenini bilýärdi, söhbede höwesi ýokdy. Ilkagşamky galmagal, soňra bigünäniň ölümi ony kemsidipdi. Ýaňy Günhanyň pendini gaýtalanda, her sözüň ornunda tohum dänesini gördi. Däne yzgarsyz topraga düşende gurap, köýüp gidýär. Söz bihuda ses däldir, söz tohumdyr. Ol adamlaryň kalbynda şine urmaly, gögermeli, hasyla durmaly. Tohumyň toprak saýlaýşy kysmy, söz-de adamyň kalbyna seredýär. Ýoldaşlarynyň bolşundan göwni geçipdi. Birek-biregiň üstüne ýarag çenäp, dyzynyşyp duran adamlaryň kalby gaharyň ýalnyna gurap ýatan meýdandy. Gök çöpe zar bolşy ýaly, ol meýdan paýhasa zardy. Olar ynsana buýrulan ýörelgäni unutdylar. Bu älemni bize bir jan edip ýaradan, dürli nygmaty zemine saçan beýik Hudaýyň adyna bihasap alkyş okamagy unutdylar, Hudaý dünýäni bagy-gülzar kyldy, güller reňbe-reň açyldy. Bilbiller gülüň zaryny çekip ýör. Hudaý janly-jandary özüne gözletdi, olary jan-dil bilen sözletdi. Olar Hudaýyň adyna alkyş aýdyp, Hudaýyň zaryny çekip ýör. Dag-daşlar taňrydan gorkularyna gözlerinden ajy ýaş dökýär. Suwlaryň şaglap akyşynda hudaýyň adyna alkyş bar. Zeminiň ýüzünde näme bar bolsa, her biri özüçe Hudaýyň zaryny çekýär. Hudaýa ymtylmaýan, intizar garamaýan mahluk görmedim. Adam ogly, bular seniň göreldäň bolmalydyr. Olar beýik göreldäni unutdylar. Olar beýik göreldäni unutdylar. Eşret ot ýakdy, garaňkylyk ýeňsä serpildi. Döwletmämmet Hudaýyň nuruny otdan müň kerem zyýat diýip bildi. Oduň nury garaňkyny kowýar, adamlar birek-biregiň ýüzüni görýär. Hudaýyň nury ynsanyň kalbyna nur saçýar, adamlar birek-biregiň kalbyna garaýar. Hakyň nury adamyň sabryny artdyrýar. Hakyň nurundan binesip adamyň kalby gijäniň tümüdir. Gijäniň tümi töwerekdäkileriň-de gözüni baglaýar. Tümlügi namart duşman, ogry-jümri, galtaman küýseýär. ýylanlar gijäniň tümlüginde hininden çykýar. Döwletmämmet pikirini Eşrede aýan etdi. – Ýaradanyň emrinden gorkmaýan adamlar, onuň edenine kaýyl bolmaz. – Kaýyl bolmajaga göz görkezsin, Hudaý kimden çekinýärmiş. Kiçigulynyň pyçak tutan elini ysmaz edip taşlasady, bigünä neresse ölermidi. Hudaýyň işine gatyşmaga hetdim ýok, molla aga, eýsem-de bolsa, Hudaýyň bigünä bendesi zorlukdan ölse, karam bolýar. Döwletmämmet gürrüňi dowam etmekden çekindi. Bu ýigidiň ýanyp duran gözleri kalbyndaky gozgalaňyň artykmaçlygyndan habar berýär. Ol eýýäm Hudaýyň işine gatyşdy, emma welin, gatyşýandyryn öýdenok. Adamlaryň zalymlygyndan döreýän adalatsyzlyga Hudaýyň emri diýip düşünýär. Hudaýyň emri birle, bendesine haýyr iş, rehim-şepagat buýrulandyr. Adamyň Hakyň ýolundan azaşmagyna Hudaýy ýazykly etmegiň özi şeýtanyň, albassynyň aldawyna gitmekdir. Her neneňsi bolsa-da, Eşrediň kalbyndaky ýagşy niýet, ejiziň keç ykbalyna dözmezlik Döwletmämmede ýarady. Entek oňa paýhas, sabyr, ylym ýetenok. Sabryň rahmandandygyny, äwmekligiň şeýtandandygyny seljerip bilenok. Döwletmämmet bu ýigide nesihat bermekligiň zerurdygyny şu pursat has aýdyň duýdy. Birdenkä onuň kalbyna güýçli höwes aralaşdy. Bu höwes önden döräpdi, häzir ol duýdansyz möwç urup, Döwletmämmedi lapykeçlikden, agyr hem ýakymsyz pikirlerden halas etdi. Ony Hywa gaýtadan getiren-de şol höwesdi. Kitapdan ýüküni tutup gaýtmagyna-da sebäp bolan şol höwesdi. Onuň iline nesihat ýaýasy gelýärdi. Garşysynda oturan ýigit nesihatyň juda zerurlygyny artdyrdy. Nesihaty tebsiräp ýatan teşne topraga berlen şerbet suwy diýip bildi. Bular ýaly ynsaply ýigidiň göwnüni şol toprak saýdy. Topraga düşen akyl söz şinelär, öser, göwnejaý hasyl eçiler. Göwni ýumşak adama öwüt-nesihat ýokar, çünki, ýumşak topraga ýagmyr ýagsa, peýdasy zyýat bolýar. Göwni daşa dönen adama nesihat ýokmaz. Üstünden suw aksa-da, daş hasyl öndürenok. Döwletmämmet gapdalynda ýatan haly horjunyň gözegini açdy. Gaýyş jiltli diwanlary çykarmaga başlady. Kitaplaryň her birini eline alanda, dünýä inen çagany ilkinji ýola eline alan dek, seresap tutdy, ýakymly tolgunma bilen seretdi, kanagatyny aýan edýän şekilde «Bissimilla» sözüni iňňän wajyp ähende gaýtalady. Barmaklary eda bilen gaýyş örtügi sypady, ondan mahmalyň ýumşaklygyny duýdy. Eşret: – Molla aga, bi kitaplaryň manysy size aýandyr? – diýdi. – Aýan, ýagşy ýigit, aýan. Eýsem-de bolsa, men derýadaky suwuň bir damjasy, men il-günüň bihabardygyna ýanyp otyryn. – Ýagşy zady eliňe alyp görseň, göwnüň jaý bolýar, rugsatmydyr, molla aga. Döwletmämmet kitaby emaý bilen uzatdy, Eşret iki elini gerip aldy, çalarak «Bissimilla» sözüni gaýtalady. Soňra teşne gözleriniň mylaýym nazary bilen diwanyň saralan, kir-kimir siňen gaýyş jildine syn etdi, dyzynyň üstünde goýup, sypalap gördi. Kitaby ters tarapyndan açdy. Çagalara mahsus höwes bilen arap hatyna garady. Birbada ters açandygyny aňşyrmady. Onuň bisowatlygy eýýäm Döwletmämmede aýandy. – Ýigit, sen kitaby tersinden açdyň. – Dürs däldigini özüm-de aňjak bolýan, molla aga. Eşret düşbülik bilen hatasyny düzetdi. – Biý-ä elip – diýip, süýem barmagyny sahypanyň depesine dürtdi. – Bi-de mim... bi-de nun, bi bükülip durana dal diýerler... Tagan mollanyň çybygy biziň-de kebzemizde oýnandyr. Daldan soň zal. Zal nirede – Eşret zaly gözläp, setirlere göz gezdirip başlady. – Eý, ýok, bi astyň-üstünlerden biziň başymyz çykmaz, asmanyň ýyldyzyndan-da gür. Okap-ýazyp bilmejek bolsaň, elipbiýi ýat bekläniň haýry näme diý. – Sowadyň başy elipbiýdir. – Oglan okadýar diýdiler, çaga bolan bolsadym, enwalla, sizden galman giderdim, molla aga. Gör-bak, bu kitaplarda nämeler ýazylandyr! – Okajagyň ylym bolsa, ýagşy ýigit, onuň iri-giji bolmaz. – Bizden ylym ötendir. – Eşret ýene golundaky kitaba maýyl boldy. Gadym zamandan galan bolmaga çemeli. – Kitaby emaý bilen ýapdy, soňra Döwletmemmede ätiýaçly garady. – Men lakgyldap otyryn welin, molla aga, bi kitap keramatly Gurhan-a däldir-de? – Seniň elindeki kitap Nowaýynyň diwany. Eşrediň gözleri ýiteldi. – Nowaýy? – Hawa, Nowaýy. Alyşir Nowaýy. – Beh, bi, şol Nobadyň aýdýan Nowaýysydyr-da? Eý, ol-a Alyşir diýmedi, Myraly diýdi. – Ýalnyşmandyr. Türkmeniň arasynda ol Myraly ady bilen meşhur. – Myraly boljak bolsa, men oňa belet. – Eşrediň guşy uçdy, ýüzi ýagtyldy. Ol kitaby gaýtadan açdy, juda hyrydar, juda ýeňil açdy. – «Gül ölenini sizden eşitdik, soltanym, neýlese bolar». Gül pahyryň ölenini Soltansöýüniň özüne aýtdyran Nowaýymy şü? – Ol sowalynyň jogabyny kitabyň içinden agtarýan ýaly, sahypalary çalasynlyk bilen agtaryp başlady. – Soltanseýün Gülüň ölenini kim habar berse, şonuň kellesini aljak diýýär. Biziň ilde Nobat atly bagşy kişi bar, Nowaýyny zabun aýdýar. Nowaýyň dessany şu kitaba ýazylanmy? Türkmeniň sözüni-de kitaba ýazypdyrlar-da? – Bu dessan Nowaýynyň öz dilinde ýazylan, çagataý dilinde. Eşret düşünmedi, kürtdürdi. – Nowaýynyň dili türkmeniň dili dälmidir eýsem? Nobadyň aýdyp ýören Nowaýysynyň dili-de, sazy-da türkmeniňki. Myraly keseki dilde geplenok, türkmeniň dilinde gepleýär. Bi kitap başga bir Nowaýy bolmasyn? Döwletmämmet mylaýym ýylgyryp jogap berdi. – Hemmesi-de bir Nowaýy. – Bir Nowaýy bolýan bolsa, ol bir dilde geplemeli bolar-da. – Eşret öz ynanjyny mysal bilen berkitmese oňmady. – Siz, molla aga, bir pursat maňa gulak goýuň. Dessan uzak, boýdan-başa aýtmaga meniň çakym ýok, Nobadyň zehinine berekella. Eýsem-de bolsa, iki-üç mertebe diňleseň, ýadyňda galjak ekeni. Nowaýyň dilewarlygyna men haýran, molla aga. Guýrukly ýyldyz görnen mahaly göwrede galýan çaga üýtgeşik akylly, zehinli bolarmyş. Şol alamat bilen dört çaga dünýä inýär, üçüsi oglan, biri-de gyz. Olar ulalyp, birek-biregi gözläp, tapyşýarlar, jem bolýarlar. Olary tapyşdyran alamat näme diý? Akyly, dilewarlygy! Soltansöýün ozal başda Edleti tapýar, ikisi birleşip, Nowaýynyň gözlegine çykýar. Il içinden akylyny barlap tapmaly diýýärler. Iki atly bolup aýlanyp ýörenler. Üç aý gözläp tapman, gel, çöle çykaly diýip, çöl etegine çyksalar, özleri deň-duş ýaş ýigit goýun bakyp ýer. Edlet gygyrdy: «Eý, ýigit, dokuzyň üçe ýetýermi?». «Serbeserdir» diýip, çopan säginmen jogap gaýtardy. Soltansöýün Edletden sorady: «Bi näme diýdigi boldy?». «Dokuz aýky bakanyň üç aýky gyşyna amanlyk bilen ýetýärmi, malyny abat saklaýarmyň diýsem, derhal sakynman jogap berdi, hutma-hut getirýän diýdi, diýenimizden many aldy». Soltansöýün aýtdy: «Men-de bir sowal bereýin, sen sesiňi çykarman dur. Hany, çopan bäri gel» diýdi-de, güpbe atdan düşüp, bardy çopanyň ýanyna. Salam-helikden soňra, ädiginiň gonjundaky gamçyny çykaragadan, sapy bilen çopanyň kellesine kakdy. Bi kakyp başlandan çopan-da dilini çykardy. Manysy şeýle. «Başa bela nemeden geler?» diýen yşarat bilen çopanyň kellesine kakdy. «Iki barmak dilden geler» diýen many bilen dilini çykardy. «Adyň näme?» diýdi, «Adym Myraly» diýdi. «Sen ertir patyşanyň huzuryna barmaly» diýdiler-de gidiberdiler. Ertesi çopan köşge barsa, düýnki kellesine kakan adam patyşanyň özi ekeni, wezprleriniň ortasynda otyr. «Gel, Myraly çopan!» diýip, aýagy çarykly, egni köne possunly çopany ýanyna geçirdi. Wezirler nar-nadyl. «Patyşa, sen akylyňdan azaşdyňmy? – diýdiler. – Bi edýäniň taňra-tama sygjak zatmy! Bizi basgyladyp, ütük çopany töre geçirdiň». «Sizden akyly zyýat». «Akyly zyýat bolsa, goýunyň yzynda entär ýörermidi». «Onda akylyňyzy deňeşdireris göräýeris – diýdi-de, wezirlerine sowal berdi. «Çyn bilen ýalanyň arasy näçe günlük ýol, şony aýdyp beriň». «Aýdyp bereris, patyşahym, bize möhlet ber» diýdiler. «Size dört gün möhlet». Wezirler kelle döwüp otyrlar. «Munuň çyn diýen-ä welaýatyň ady. Indi Ýalan diýen welaýatdan habar beriň». Ýalan diýen welaýat bolmasa näme! Äý, soňuny çaklama urdular, biri bäş günlük ýol diýdi, biri on günlük diýdi. Patyşa soňky sözüni aýtdy. «Siziň göwnüsiziň ýetmeýän çarykly çopanyny çagyryp, gapydan girende, ýaňky sowaly berjek, sakynsa gözüňiziň alnynda dar agaçdan asdyrjak». Çopany çagyrdylar, salam berip köşge girdi. Patyşa oňa diýdi: «Töre geçmezden burun, bir sowala jogap ber. Çyn bilen Ýalanyň arasy näçe günlük ýoldur?». Çopan başam barmagyny ýatyryp, dört barmagyny galdyrdy-da, töre geçiberdi. «Weý, bi akmak çopan dört günlük ýol diýäýdi». Patyşa wezirlerine azm urdy. «Sem boluň! Çyn bilen Ýalanyň arasy ynha! – dört barmak! – Patyşa göz bilen gulagyň arasyna dört barmagyny goýdy. – Gözüň bilen göreniň çyn, gulagyň bilen eşideniň – ýalan». – Eşret Nowaýynyň akylynyň kesgirligine çaga ýönekeýligi bilen haýran galyp ýylgyrdy, başyny ýaýkady. – Şonda patyşa Myralyny özüne baş wezir edip aldy. Eý, munuň yzy has-da gyzykly, molla aga. Eýsem-de bolsa, akyl sözi munda kebşirläp bilýän kişi türkmeniň dilinde geplemejekmi, ýazmajakmy diý. Geplemedik bolsa, Nobat nireden bilýärmiş? Uly kitap ekeni, molla aga, başdan-aýak manysyna ýetdiňizmi? – Eşret iki eli bilen tutup, diwanyň agramyny kesgitlejek bolýan şekilde, ony saldarlap gördi. – Beh, akyl sözüň agramyna seretsene!.. Döwletmämmet Eşrediň sadalygyna guwanyp otyrdy. Akyl söze hormat goýýan adamyň özi-de akyldardyr. Ol seniň kalbyňdaky oý-pikire, arzuwa düşüner. matlabyna sarpa goýar. Ýagşy hyýala maýyl bolup oturan Döwletmämmediň gürrüne höwesi artdy. – Nowaýy ýetmiş iki dilde saýran bilbildir – diýdi. – Haýsy halkyň bagyna düşse, şol bagyň bilbili bolup saýrandyr. Her kim öz bagyndaky bilbiliň sesine öwrenişýär, öz bilbilinden gaýry saýrak bilbil bardyr öýdenok. Bulaklardan derýanyň döreýşi kysmy, ýetmiş iki bilbiliň owazyndan dörän kitap seniň golunda, ýagşy ýigit. Täze owaz bilen saýranynyň sebäbi: oňa Nowaýy diýipdirler. Ol ylma bimöçber sarpa goýan alym ärleriň biri Jemşit jamyna garap dünýäni görüpdir, Nowaýy ylmy Jemşidiň jamyna öwürdi. – Döwletmämmet odun ýagtysyna has garalan töwerege, asmana seretdi. – Adamyň göreji tümlügi alanok. Ylym eýesi şol tümlüge garasa, tümlük ýok bolar. Ylym garaňky gijede ýanan çyragdyr. Jümle älemiň zynaty ylymdyr. Egerki, guşdan mysal tutsak, guşuň ganatyny ylym diýip bil. – Döwletmemmediň ýitelen göreçlerinde odun şöhlesi oinady. Ol hyjuwyna bes gelmän, ahyr pellede ýalyiy gujaklarly göründi. Dyňzap duran ýüregindäki sözleri çykarmaga howlugdy. – Eýesi beden bolsa, ýüregine ylym diýip düşün, eýesi oý bolsa, diregine ylym diýip düşün. Göwre diýseň, ol jandyr, il diýseň, ol soltandyr. Eýesini çöle ogşatsaň, ol bulakdyr. Eýesi jan bolsa, ol imanydyr, eýesi dert bolsa, ol dermanydyr. Ylym batyl gözi açýar. Ol gündiziň Güni, gijäniň Aýy. Ylym sogabyň ýoluny-da, günäniň ýoluny-da aýan edýär. Ylma gol ýapmaýan kişiniň mesgeni-de tümlükdir, gözüniň görýäni-de tümlükdir. Dowletmämmet garaňky asmana garap dymdy. Eşret gaýtadan kitabyň sahypalaryny agdarmaga oturdy. Ýanky gelşikli sözlerden soňra uz elden çykan keşdä dalaş edýän setirleriň jadyly syry has-da artdy. Seretdigiçe-de zehini ýandy. Onuň ýagdaýyna Döwletmämmet düşünip otyrdy. Ýaş ýigidiň ýiti gozlerine kitabyň sahypasy gijäniň tümi bolup görünýärdi. Onuň gözleri ýagtylygy görenok! Ol batyldygyna düşünýärmikä? Şu pursat düşünen bolmagy-da ähtimaldyr, emma kitap elden düşenden soň, ähtimal, ol bu hakda pikir hem etmez. Gider, iline gowşar. Mal bakar, suw tapsa, ekin eker. Bu çaka nähili güzeran gören bolsa, mundan bu ýana-da şol mydary bilen ýaşar ýörer. Ylym eýesi ondan ylym talap edenok. Talap edilmeýän zadyň zerurlygyna kim düşýär? Beýik ymaratlaryň, köşkleriň, medreseleriň ylym bilen galdyrylýandygyndan bihabar. Olaryn zerurlygyny duýmasa nätjek. Medreseleri bina etmäge hemişelik mesgeni ýok, galalary, şäherleri ýok. Kaşaň köşklerde mesgen tutup, ýurdy dolandyryp oturan hany ýok, patyşasy ýok. Ýurdy bar, döwleti ýok. Döwleti bolsa, patyşasy bolar, patyşasy bolsa, diwany bolar, diwany bolsa, emeldary bolar, emeldary bolsa, haty-petegi bolar, haty-petegi bolsa, ony ýazmaly, okamaly adamlar bolar... Döwletmämmet göwnaçyk sada ýigitden ýaşyryn pikir öwrüp oturmagy uslyp bilmedi. Duz-çöregini ýoldaşyndan gabanyp iýýän husydyň etmişini ýatlady. Bu ýigidiň kalby yzgary ýeten toprakdyr, göwnündäki arzuw-hyýalyň tohumyny gysganma. Ol Hywa gaýtmagynyň sebäbini has esasly beýan etmekçi boldy. _______________ 1 Jalawa – oý, çukur (gökleň şiwesi). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |