13:24 Gara ýyldyrym / Ikinji bölüm -9: dowamy | |
9.
Taryhy proza
Dawa sowuldy, gahardan ýüregi çişen adamlar-da sowady. Özbek ýigidiniň tyg ýarasyndan sowan bedeni gaýdyp ýylamaz. Ertir gün dogar, äleme ýagty çaýylar, zeminiň süňňi ýylar, jesedi gara ýeriň goýnuna salarlar. Ýaradanyň emri bilen, toprakdan ýasalan bende, ýaradanyň islegi birle, topraga garylar. Bu hemme adamyň başyndaky bar zat. Takdyryň ösünde ynsanyň alaçsyzlygy adamlarda lapykeçlik, biperwaýlyk döredäýjek ýaly, eýsem-de bolsa, adamlar biperwaýlyga per berenoklar. Ölüme heläkçilik, betbagtlyk hökmünde garaýarlar. Ölüme sebäp bolan ýagdaýy seljerýärler, adalaty agtarýarlar... Olar Allanyň işine gatyşýan-a däldirler? Bu sowal Döwletmämmedi aljyratdy, emma pikir onuň gorkusyna tabyn bolmady, dowam etdi. Islese, Alla ýazyksyz ýigidi öz penasynda saklap-da bilerdi, islese, Kiçigulynyň pyçak tutan elini ysmaz edip-de bilerdi. Etmändir. Eýse, bu zorluk, adalatsyzlyk Allanyň islegi bilen bolupdyr-da?.. Gönümel, aýylganç sowal tyg bolup Döwletmämmediň ýüregine dürtüldi. Ol gara dere batdy. Paýhasa, ylma gol ýapmaýan ýa-da ondan bihabar adamyň kalbynda döräýjek ýakymsyz pikiriň özünde döremegi ony haýykdyrdy. Janly-jandaryň ukuda mahaly, zemine ümsümligiň aralaşan mahaly, ol hudaýa göz edip, ýaradanyň keramatyna şübhe edýändigini oňa duýdurjak bolup oturan bolmasyn? Iň bolmanda, biribaryň şeýle manyda düşünmegi ähtimaldy. Ol toba etdi, meniň şübhä maýyl bolan pursadym bolandyr diýdi. Ýüreginiň pynhan gatynda gizlenen şübhäni Iblis çekil çykarýandyr, ony hudaýyň öňünde ýüzügara etjek bolýandyr. Iblis bir lek goşun bilen meniň süňňüme ornapdyr diýdi, et bilen deriniň arasynda mesgen tutup, süňňümde at çapýar. Olaryň islegi aldaw, olar seniň imanyňy ýuwutjaklar. Olaryň bihasaplygyndan Döwletmämmet elheder aldy. Olar adamlaryň aýak basýan topragyna, dem alýan howasyna garylan. Bet işleriň rowaçlygyna görä, olaryň sany-da artyp barýar. Birinden mün döreýär. Bahar pasly ýyly ýagşyň gök ota ýakymy ýaly, dünýädäki zorluk, sütem, haramlyk, nebis olara ýakym berýär. Ejiziň erkini elinden alýar, özüne tabyn edýär: meniň gözüm bilen gözle, meniň dilim bilen sözle diýýär. Iblisiň indegine gidilse, din ýiter, iman ýiter! Eý, Tanry! Sen günäli bendäňe hemaýat et, gözüni aç, paýhasyny ýitelt, haýyr bilen şeriň çägine parh goýsun! Şer işi düzgün edinen adam öz tekepbirliginden beleň alýar. Bir adamyň tekepbirligi ikinji adamy kemsitmä uçradýar. Döwletmämmet Allanyň ýekedigine, belentdigine şükür etdi, guwandy. Allanyň sabry, geçirimliligi göwnüne teselli, dünýäsine giňlik berdi. Guwanjyny, kanagatyny daşyna çykarmasa oňmady. – Lailaha illalla!..1 Hakyň ýoly jebirdir, hupbatdyr. Döwletmämmet bu ynanjyny piriň2 paýhasy bilen äşgär etdi: «Haka aşyk bolgan bolsaň, jandan ötgül. Säherlerde ir turup, Hakyň zaryny çek, ganlar ýuwut!». Hakyň ýoly adalat çeşmesidir. Hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa3 Hakyň nurundan şöhle alandyr. adyldyr. Ol barça musulmana adyllygy buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa Taňrynyň saýasydyr. Onuň ýurdundan mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de Haktagallanyň mähridir, gahary-da Haktagallanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol Hakyň emrini tutar. Adyl patyşanyň emrini berjaý kylmak onuň raýatyna buýrulandyr. Döwletmämmet aýat okady, aýatyň mazmuny: «Boýun sunuň Hudaýa, boýun sunuň pygambere we häkimleriňize». Ol aňkaryp oturan Eşretde ünsüni eglemedi, pikirine, hyýalyna maýyl boldy. Şu pursat gursagynda göterip ýören arzuwynyň ham-hyýal däldigine ynandy. Ylmyny, paýhasyny, umydyny il-gününe ýaýmakdan ötri, ýazyljak kitabyň aýry-aýry setirleri hakykata öwrüldi. Şirgazy han öleli beri Hywanyň weji ýok, kuwwaty gaçypdyr. Aldaw, hile, zorluk, bihaýalyk, sütem, çaknyşyk barlylaryň matlabyny garamaýak ile göz etdi. Ahlaksyzlyk durmuşyň kadasy, ýörelgesi. Bir teňňe peýdasyny arap, dogan dogany kemsitmekden gaýdanok. Ahunlaryň, molla-müftileriň dilinde Hudaýyň senasy, ýüreklerinde häkimligiň galmagaly, gara bähbidiniň aladasy, garyp-gasaryň gara güni hanyň-da, begiň-de, baýyň-da, täjiriň-de gözüne ilenok. Döwletmämmet tozgunçylygy gözi bilen görüp gaýtdy. Şirgazynyň rowaç mahaly Hywada okapdy. Türkmeniň başyna sansyz pidalar getiren han häkimlik süren ýyllary ýurduna zorlugyň, ähtiýalanlygyň, hiläniň tohumyny sepipdi. Hapa-haşal otuň toprak dannamaýşy ýaly, sepen tohumy paşyrdap galdy, gülledi, ýene tohum berdi. Bisähet öwsen ýeller ony dumly-duşa ýaýratdy. Bagy-bossan, ekinzarlyk haşal otuň pidasyna öwrüldi, toprakdan bereket, süýjülik göterildi, datly miweleriň tagamy gaçdy. Semender atly haýwanyň hemişe oduň içinde ýaşaýşy dek, Şirgazy han-da gorkyny, şübhäni özüne mesgen edip saýlady. Semenderiň derisinden tikilen telpek kirlände, ony oda zyňypdyrlar, telpek ýanmandyr, kir ýanypdyr. Şirgazy hanyň berkarar eden häkimliginde adalat ýanyp, kir-kimir galdy. Musa pygamber öz elini pis açdyryp, özi-de dermanyny tapdy, bejerdi. Şirgazy han sepen tohumy kalbynda şineläp, azap berip ugranda, dertden özüni halas edip bilmedi. Ähtiýalanlyk, gorky hemişe söbügini basyp gezdi. Şerap uzadylsa, zäherdir öýtdi, hoş sözi aldawdyr öýtdi, ýylgyryp garalsa, hiledir öýtdi. Rus patyşasynyň ýollan ilçisini hoş söz bilen garşylap, soňra-da ähtiýalanlyga ýüz urup, ilçiniň-de, nökerleriniň-de kellesini aldyrandan soň, gorkusy artdy diýýärler. Eýsem-de bolsa, Şirgazyny bigünä adamlaryň nähak gany derdesere salan däldir, ol rus patyşasynyň wehiminden gorkusyna basga düşendir. Düýşünde haremhanasyny kapyrlar eýeleýärmiş, söýgüli hatynyny kapyryň gujagynda görýärmiş diýen hyşy-wyşy gürrüňler talyplaryň darajyk hüjürelerine-de ýetýärdi. Kerwen ýollarynyň howpy artdy, Müňgyşlak tarapdan gelýän täjirleriň höwesi gaçdy. Ilçiniň başy kesilenden soň, täjir nämemiş? Ilçiniň janyna kast eden häkimiň ähtine kepil geçmek çetindi. Hywa ynam gaçdy. Türkmeni biri-birine it kimin öjükdirip, her ili aýratynlykda çapan, tozduran Şirgazy han öldi. Rumly hem şamly türkmenleriň goldawy birle, Eýranyň tagtyny eýelän Ysmaýyl Hataýynyň berkarar eden sefewi sülsülesiniň1 häkimlik ýoly-da ahyr pellä ýetdi. Emelsiz, nalajedeýin Tahmasp şa gyzylbaşyň çemçeläp ýygnanyny çanaklap dökdi. Owganyň sünnüleri şaýylaryň häkimliginden çykýandyklaryny yglan etmek bilen oňmadylar, Eýranyň ençeme welaýatyny basyp aldylar. Gyzylbaşyň häkimligi müdimilik däl ekeni, onuň-da çäresi boljak ekeni. Häzir awşardan dörän agzy ganly möjek, girisine düşen guzyny tagta çykaryp, töwereginde dişini çarhlaýar. Guzyny ýuwutjagy hak. Hanaly han Nediriň üzeňňisinden ýüz mertebe geçse-de, türkmen Nediriň raýatynda asudalyk, döwlet tapmaz. Köne duşman dost bolmaz. Nediriň döken nähak gany ony adalat nurundan mahrum etdi. Nedir raýatyna Iblisiň gözi bilen garaýar. Döwletmemmet Eşrediň, gaýtaran diwanyny aldy. Diwan agyrdy, juda agyrdy. Onuň agyrlygy agramynda däldi, onuň agyrlygy Döwletmämmediň kalbyna dolan alada bilen, has takyk aýdanyňda, ýaýdanç bilen baglydy. Häkimlik diýen sözüň manysyna Nowaýydan belet adamy tapyp bolarmy diý! Munuň subutnamasy Döwletmämmediň elinde, ol ussadyň «Haýratul-Abrar»2 kitabyny golunda saklap otyr. Nowaýynyň ahyrky eseri «Mähbubul-kulub»3 dyzynyň üstünde ýatyr. Iki diwanda ýazylan pähim-paýhasyň manysyny saçdygyça, Döwletmemmet wezipesiniň abyrsyzdygyna düşündi. Döwleti edara etmegiň agyr labyryny gerdeninde çeken Nowaýynyň dogruçyllygy, batyrlygy ony haýran edýär. Onuň pähimlerine gulak asdygyça, Döwletmemmediň kalbynda mahal-mahal adyl hökim hakdaky ýagşy niýetleriniň bolup biljegine şübhe-de döremän duranok. Ol ýene-de Nowaýa ýüzlendi: «Her sözi paýhasdan ýasalan ussat! Seniň pähimiň gylyçdan kesgir, naýzadan ötgür. Sen Ferdowsiniň, Nyzamynyň, Jamynyň paýhas çeşmesinden gözbaş aldyň, özüň-de çeşmä öwrüldiň». Ol Nowaýynyň pähimini tekrarlady: «Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygyny unutma! Pygamberiň sargydyny unutma. Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagtyň-da, bossanyň-da seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň süriň seniň halkysdyr, sen onuň ygtybarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkanar. Bagy-bossan taşlansa, agaç gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, iňňäniň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan iljegini unutma! Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-gününi talap, köşgi-enwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, imanyny, ynsabyny ýuwdandyr. Ol Hudaýyň ygtyýary birle häkim bolsa-da, halkyň ondan göreni horluk, zorluk, talaňçylyk boldy. Eý, häkim, Hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçsin!». Döwletmämmet Nediriň häkimlik ýoluny Nowaýynyň pähiminden geçirdi. Şa diýip jar çekdirmese-de, Eýran Nediriň hökümine tabyn. Ol häkimlige adalat bilen barmady, hile, zorluk bilen bardy. Onuň adalata, hakyň ýoluna dolanjagyna şübhe etdi. Nedir türkmeniň pytyraňňylygyna, döwletsizligine şükür edýär. Hanaly tetelli pena isläp, hyzmatyna baran köwek hanlaryň her birine gök monjuk gysdyryp, hanlaryň hany bolmakda esasy päsgelçiligi goňşy iliň duşmançylygyndan görýändigini häkime mahsus ynam bilen aýdýar. Häkimiň sözüni şek-şübhesiz hakykatdyr öýdüp oturan köwek hana başga delil gerekmi diý. Kesekiniň goldawyna daýanyp, öz halkynyň hökümdary bolmagy ýüregine düwen adamyň esasy ýagysy-da öz halky bolar. Onuň öji juda aýylgançdyr. Hywanyň, Eýranyň kuwwatynyň kemelen çagy Döwletmämmet hyýal atyna atlanypdy. Ol külli türkmeniň bir döwlete jem bolup, bir döwlete gulluk etmegini isleýärdi. Türkmeniň öz içinden adyl şanyň döremegini küýseýärdi. Islegini halkyna ýetirmegiň aladasyndady. Her il öz tekepbir hanynyň, kethudasynyň gedemligikden gözbaş alýan çäkli hem ýüzleý bähbidi tutaryk edinip, diňe şol bähbidiň ykrar edilmegini talap edip oturjak bolsa, beýle ýagdaý ylalaşyga getirmez. Hakyň ýolundan nur alýan üýtgewsiz adalat bar. Şoňa Allanyň bendesi-de, her taýpa-da, il-de, han-beg-de, serdar-da, patyşa-da boýun synmaly bolar. Bu halk tutda-baslykdan gaýry ahwalat görmese nätjek. Muňa parahat durmuş, böwşeňlik miýesser etsedi! Baryş-geliş, alyş-çalyş, söwda-satyk, bir il beýleki iliň halyndan habar aljak, ýagdaýyny biljek. Ýogsam-da bolsa, aslynyň bir daragtdan dörändigini, bir dilde gepleýändiklerini unudar gorkusy bar. Bir supradan duz iýendikleri ýada düşenok, emmaki jeň meýdanynda duşuşandyklary ulynyň-kiçiniň hakydasynda. Dogan-doganyň, il-iliň kastyna çykyp, haçan batyr, edermen adyny alanmyş!.. Eşret: – Molla aga, Ryza pürsiýan «Siz möjekden dörän diýäýdi-le!» – diýdi. – «Siz ýyrtyjy, sürä jem bolmak ýyrtyjy haýwanyň häsiýetinde ýokdur» diýýär. Döwletmämmet ajy ýylgyrdy. Bu pikiri ýen hem telim öwre eşidipdi. türkmeniň jem bolmagyny, agzybirligini küýsemeýän adamlaryň delili ony kemsidýärdi. Olar bu pikiri puja çykarjak başga pikiriň bolup biljegini inkär edýärdiler. Döwletmemmet öz pikirini aýtman oňmazdy. Näçe mertebe gaýtaladygyça, kalbynda mamladygyna ynam şonça-da berkeýärdi. Döwletmämmet pikirini Eşrede-de aýan etdi. Dört tarapy gabalan haýwandan mysal tutdy. Gabalan haýwany hala ýyrtyjy bil, hala bilme, parhy ýok, gaçyp gutulara çykalga gözleýär. Ortada dört ýana urunýar. Golaýyna gelen ony urjak, ýarag saljak. Ahyrsony janawar gabanlaryň üstüne topulýar, agyz salýar, depýär, gapýar, oňa başga alaç galanok. Agşamky ineriň bolşundan paýhas al. Agyr ýüke, zora, taýaga çydaman dälirän haýwanyň bolşy, eýse, türkmeniň bolşuny ýatladanokmy?! Döwletmämmet Nesiminiň sözlerini ýatlady: «Jümle elem, bil ki, Alla özüdir, adam – ol jandyr ki, Güneş – ýüzüdir». Mundan aňry gitmedi. Mansur Hallajyň, Seýit Nesiminiň töwekgelligi, gaýduwsyzlygy olary agyr jeza duçar etdi. Mansury dardan asdylar, Nesimini dabanyndan soýdular. «Men – Hudaý» diýip gygyrmak, elbetde, gaýduwsyzlykdy, beýle gaýduwsyzlykdan Döwletmemmet gorkdy. Ekin günüň nurundan paý almasa, ösenok, eýsem Hudaýyň nurundan paý almasa, ynsanyň merhemedi bolarmy?! Ynsan Hudaýa ynanýar, Hudaýyň jemalyny görsem diýýär, aşyk bolýar. Haka aşyk bolan adam Hudaýyň zaryny çekýär, ýüreginde Hudaýyň merhemedi, diliniň senasy-da Hudaý. Owazy guluň zaryny çekýän bilbiliň owazyna ogşaýar. «Men – Hudaý» diýmek, haka aşyk bolanyň bisabyrlygyndan dörän tekepbirlik bolmasyn? Özüni Hudaý saýýan ynsana özüne aşyk bolmakdan özge näme galýar? Özüne aşyk adamda öz belentligine buýsanç döremezmi? Buýsanç tekepbirligi, gedemligi döretmezmi? Bu sowallar Döwletmämmedi hemişe ýaýdandyrypdy, ol häzir-de ýaýdandy. Allanyň birligi hemişe onuň Biribar hakdaky oý-pikirine aýdyňlyk, mizemez sagdynlyk berýärdi. Bu ýerde dawa-jedele orun ýokdy. Dawa-jedel, şübhe zeminde başlanýardy. Allanyň bendesine gezek gelende pikir bulaşýardy. Muňa adamlaryň köplügi, ykballaryň dürlüligi sebäp bolýan bolmasyn? Şeýtan hem ynsanyň başyndan inen towky. Adamyň ýüregini bulamak, kalbyna müňkürlik salmak onuň edähedi. Müňkürlik adamyň kalbynda döreýän sowalyň köplüginden gözbaş alyp biler. Mahal-mahal öz kalbynda döreýän sowallaryň köplügi Döwletmämmedi eýmendirerdi. Ol sowallar ýeke-tek, bitewi, aýdyň jogaba tabyn bolanokdylar. Her sowal ony bir tarapa çekýärdi. Ol Allanyň bendileri babatda-da aýdyň, bitewi jogaby küýseýärdi, şonuň gözlegindedi. Häzir Eşret bilen otyrka-da şol jogaby tapmagyň aladasy ony erkine goýmady. Möhüm jogaby tapmak höwesi, özüni hem gapdalyndaky sada ýigidi kanagatlandyrmak höwesi ona erkinlik berdi, gyssady. Ýalňyşmagynyň ähtimaldygyny aňsa-da, göwnüne gelen pikiri aýtmakdan çekinmedi. Adam daragta meňzeýär diýdi. Daragt ýekeje tohumdan döreýär. Tohum topraga düşüp, ondan nahal çykýar, nahal ösüp, daragta öwrülýär. Daragtyň köki, gabygy, şahasy, pudagy, ýapragy, güli, miwesi bolýar. Ýekeje tohumdan birgiden zat emele gelýär. Bu köplük Hakyň emri bilen, ozalynda tohuma buýrulandyr. Adamata ynsan daragtynyň tohumydyr. Halk tohumdan dörän äpet daragtdyr, her il onuň bir pudagydyr, adamlar ýapragydyr. Daragtyň gülüni patyşa diýip bilseň, miwesi döwletidir. Agajyň gülüne görä miwesi bolar, patyşasyna görä-de döwleti bolýandyr. Adyl patyşanyň edara edýän döwleti-de adyldyr. – Günhanyň wesýetini unudan halk, eýsem-de bolsa, bir tohumdan kemala gelen daragtdygyny unudan bolmasyn? Agyr sowaldan soňra Döwletmämmet oda garap dymdy. Eşret: – Sizin akylyňyz kesýär, molla aga, il-güne ýatladyň – diýdi. – Bir şahanyň tutuş daragt däldigini çaga-da bilýär. Döwletmemmet pikire batdy. Jan adama amanat berilýär diýdi, möhleti dolan pursatda Alla beren janyny göwreden sogrup alýar. Ruh taňrynyň öz ruhundan hasyl bolýar. Belki, jan jana birleşmeýän-de bolsa, ruha ruh bilen birleşmek mahsusdyr? Ruhuň birikmesinden maşgala birligi, tire, taýpa, il birligi döreýändir? Belki, ynsanýetiň rowaçlygy ruhuň birligindendir? Daragtyň berkligi onuň köküniň sagdynlygynda. Belki, ruhuň birligi, gaýymlygy il-günün sagdynlyk çeşmesidir? Ruh göze görnenok, göze görünmeýän zady bisowat iline nähili tär bilen düşündirersiň? Ähtimal, bilimden bihabar adam oňa hiç mahal-da düşünmez? Bisowat «mähir» diýen söze düşünýär, ony duýany üçin düşünýär. Belki, ruhy-da duýmalydyr, duýmasa düşünmez? Nädeniňde ony duýdursa bolar? Ol gapdalyndaky kitaplardan dalda gözledi. Eşret gyzykdy. – Ylymsyz adamyň beýnisi sürçek bir zat bolmaga çemeli, alymlaryň akyl sözüni seljermäge biziň beýni ejiz gelýär. Akylym kesmese-de, ýagşy niýetiňize düşündim, molla aga. Ýamany görmeseň, ýagşa düşünmersiň diýýärler. Türkmen ýamany göre-göre gelýär, türkmen ýagşyny görenok. Ýagşy söze-de düşüner, il-gün dana sözüň aşygy. Eý, düşüner ýaly edip aýdylsa, her sözi doga gaplap boýnumyzdan asmajakmy! Nowaýy şahyr türkmeniň dilinde ýazmandyr diýdiňiz, molla aga, heniz-de haýran galyp otyryn. Döwletmemmet gapdalyndaky diwany usul bilen göterdi, sahypalary agdardy, soňra oduň ýagtysyna golaý tutup, wajyp hem belent äheňde okamaga başlady. Labzy süýjüdi, käbir sözleri süýkdürip, setirlere heň berýärdi. Ýüzündäki agraslyk, gözlerindeki teşnelik okalýan setirlere, olaryň manysyna juda hyrydardygyny bildirdi. Haýp, Eşret ol manyny alyp bilmedi. Aýry-aýry tanyş sözler gulagyna ilse-de, näme hakda gürrüň gidýändigi oňa düşnüksizdi. Döwletmämmet düşündirdi: patyşalaryň patyşasy, danalaryň danasy Süleýman pygamberiň şöhraty Magryba hem Maşryga doldy. Dünýäde onuň kesgir akylyna döz gelen syr bolmady. Garaguşuň ganatynyň ýetmejek çölünde ajaýyp köşk bina etdi. Ýörüşe çykanda, şemaly at edinip, bulutlaryň üstüne haly düşek ýazdy. Döwleri, perileri, ýagtyny, tümi özüniň meşhur ýüzügine tabyn etdi. Ýüzüge ýazylan sözleriň belent manysy şeýledi: «Seniň halasgäriň hakykatdyr!». Eşret kanagat bilen ýylgyryp: – Beýnime ýetdi, indi düşündim – diýdi. Emma Eşrediň kanagaty Döwletmämmede ýetmedi. Her ussady öz dilinde, öz heňinde okasaň ýagşy. Ilhalar aýdymyň ötgür sözünden başga-da, şol sözi belende galdyrýan sazy, heňi bolýar. Nowaýynyň diline mahsus sazdan, heňden Eşret bihabar. Eşret bezegini, sazyny, heňini ýitiren gury mazmuny eşitdi. Ol bedew ata derek ýükçi alaşany gördi. Ussadyň ýiti zehininden kämil tapan sözler, aňlatmalar Döwletmämmediň göwnüne, akyla, pelsepä juda tabyndy. Herki şaý-sep öz galypyna görä ýasalýar. Söz senedinde Nowaýy täsin galyp tapdy, ony kämil derejä göterdi. Döwletmämmediň gapdalynda oturan ýigit şol galypyň kämilliginden bihabar. Düşünmeýän adamdan göwün etmegiň özi akmaklygyň alamatydyr. Döwletmämmet agyr alada galdy. Härki dil öz sözüne, öz heňine, öz ölçegine, öz häsiýetine laýyk ýörelgäni, galypy küýseýär. Sen şony döredip biljekmi? Il-günüňe aýtmaga niýet edinen wagyz-nesihatyňy halkyňa düşnükli dilde beýan edip biljekmi? Ol gönümel sowallaryň saýgyjyna düşdi. Ony Eşrediň islegi saýgylady. Eşrediň islegi Döwletmämmediň ylym eýeleriniň elinde okap alan taglymatyna, ýörelgesine, ynanjyna çapraz gelýärin. Her kim öz pişesine, hünärine, mertebesine, emeline laýyk lybas geýýär. Patyşanyň eşigi weziriňkiden, weziriňki täjiriňkiden üýtgeşik. Daýhan bilen küýzegäriň geýiminde tapawut bar. Derwüşiň hasasynyň, betbagt kädisiniň nökere derkary ýok, nökeriň düýrme gylyjyny, aýpaltasyny derwüşiň eline-de aldyryp bolmaz. Geýimlerinde bolşy ýaly, olaryň pikirinde-de, dilinde-de tapawut bar. Her kim okan ylmyna, pişesine görä söz saýlaýar. Döwletmämmet ylym eýesi. Ol dürli dilde telim kitabyň manysyna ýetdi. Belent manyny aňladýan belent sözler aýrylmaz birlik hökmünde beýnisine ornapdy. Arap, pars, türki dillerde kebşirlenen, kämil galypa salnan aňlatmalar oňaýlydy. Olar Hakyň keramatly ýoluny beýan etmekden ötri, şol keramatyň şöhlesi çaýylan mysaly, göze, gulaga ýakymlydy, olaryň owazynda, heňinde keramatyň alamaty bardy. Olar ertiriň asuda çagynda töwerege ýaýran azanyň belent äheňine mahsus güýç bilen pikire dabara, çäksiz ähmiýet berýärdi. Döwletmämmet entek dowam edýän ýoluň belentligine ýetmegi küýseýärdi. Ol alymlygyna bil baglady. Kerwen Etrege ýetende, olar hoşlaşdylar. Eşret aýralyk pursatyna mahsus gynanç hem tukatlyk bilen Döwletmämmede garady. – Molla aga, siziň il biziň ilden sowaşyk, baryş-geliş ýok – diýdi. – Bihabar-da bolsam, men-ä ýomudyň sözüne ynanmadym. «Gaýraty azalan ilde molla köpeler» diýdi. Özüm-ä, enwalla, siziň ýaly mollanyň köpelmegini dilejek. Döwletmemmet çala ýylgyrdy. Bu ýylgyrma Eşrediň aýdanyna minnetdarlygy däl-de, onuň gahar pursadynda aýdylan biderek sözlere üns berip ýörmesine haýpygelijiligi aňlatdy. – Jygaly begiň Görogla beren öwüdinden habarlysyň – diýdi. – Ýatdan-da aýdyp biljek. – Halk bala-çagasyny öwüt bilen ulaldýar. Ejize ganymlyk et, haramlyk et diýip-de, çagasyny şeriň ýoluna taýýarlap oturan adam görmedim. Enäniň ak süýdi mukaddesligiň alamatydyr, il-günüň öwüt-nesihaty-da, ene süýdi kimin mukaddesdir. Halka ýyrtyjy diýmek hebesdir, günä işdir, töhmetdir. Akgam: «Töhmet asmandan agyr» diýerdi. Bende garyplygyň derdini çeken adam, kyrkda perzende ýüzi düşüpdir. Ýonaçylyk ederdi. Göwnüniň hoş çagy şygyr-da düzüberýän ekeni. Barly adamyň göwnühoşlugy baýlykda, garybyňky sözde. Ýagşy söz jahandan giňdir. Häkimiň jebri-sütemi ýanar otdur, köýdürer taşlar – Döwletmemmet Etrekden ilerde görünýän daglara garady. Garaýyşynda uzak ýurtdan dogduk mekanyna dolanyp gelýän adamyň kanagaty, şatlygy duýulmady. Agyr alada ýüzüne ýygyrt bolup indi. Garrady. – Nedir nireden döredi diý-le, döremän geçmiş... Bi imisalalyga yrylmaň, aldawdyr. Asmanda gaýyp ýören bürgüdiň arkaýynlygy hiledir. Nedir şol bürgüdiň gözi bilen bize garaýandyr. Döwletmämmet eýeriň gaşyna garap, bir pursat dymdy. Ol göwnaçyk ýigidi maşgala ýagdaýyndan habardar edip, oňa ysnyşandygyny duýdurmakçy bolupdy. Iki oglunyň bardygyny, bu gün-erte ýene bir perzende garaşýandygyny, eger ogul bolsa, ýaşululara geňeş salyp, oňa akgasynyň adyny dakmagyň höwesindedigini aýtjakdy. Hyýalyndan el çekdi. Kalbyna gurşun kimin çöken alada, onuň birdem galkan öewesini ýoga çykardy. Döwletmämmet Eşrediň ýagyrnysyna elini goýdy. – Sag-salamat il-güne gowuş, Alla ýaryň bolsun. Eşret alaşanyň başyny gündogara öwürdi. Ses ýetim meýdan ara açyp yzyna garanda Döwletmämmedi görmedi. Oňa aýralygyň ajysy, nätanyş ýoluň ýalňyzlygy ýetişdi. Alaşasyna söz gatdy: – Eý, janawar, boýnuny sallama, düne dursun – sen dur, gyzylbaşyň dowzahyndan sypdyk, bize zowal ýokdur, toýnagyňy gyzdyraweri. Gün galdygyça, howry artdy. Eşret kalbynda rahatlyk duýmady. _______________ 1 Alladan özge Hudaý ýokdur. 2 Hoja Ahmet Ýasawy. 3 Muhammet pygamber. 4 Sülsüle – dinastiýa. 5 Dogruçyllaryň howsalasy. 6 Ýürekleriň aşygy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |