11:16 Gara ýyldyrym / taryhy roman | |
GARA ÝYLDYRYM
Taryhy proza
Ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewiň «Gara ýyldyrym» romany XVIII asyryň birinji ýarymynda türkmenleriň teke iliniň oturymly ýurt gözläp sergezdançylyk çekip ýören döwrüni suratlandyrýar. Içki hem daşky çaknyşyklar halkyň ýok bolup gitmegine wehim salýardy. Taýpalaryň ruhy birligi iň möhüm zerurlyk. Romanyň baş gahrymany Eşret şu zerurlyga Eýranda bendilikde ýörände, Döwletmämmet Azada sataşandan, Nediriň agyr jezasyna sezewar bolanda has önjeýli düşünýär. Düşüneni üçin hem agyr synaglara döz gelýär. B I R I N J I B Ö L Ü M 1. Asmany bürän gara bulut Zybanyň süňňüni agraltdy, günortana golaý dokap oturan halysynyň üstünde süýnüp, uklap galdy, ýakymsyz düýş gerdi. Ony hiç kim oýarmady, özi oýandy. Aýagujuna ýorgança atypdyrlar. «Ýeňňem atandyr» diýdi. Üzüge damýan ýagşyň şytyrdysyny eşitdi. Tüýnügi ýapypdyrlar, öýüň içi garaňkydy. Mähri serpigi çekmedik bolsady, ýagyş Zybanyň ýüzüne damardy, ony oýarardy, düýş görmäge ýetişmezdi. Ol gören düýşüni göz ösüne getirdi, aýdyňlygyna geň galdy, gorkdy. Jylawyna towusýan haýbatly atlaryň üstünde mäkäm oturan adamlar Eşredi gabapdyrlar. Eşrediň ýüzi hüýt gara. Atlylar onuň gursagyndan itýär. Eşret arkan ýykylýar. Ýüzünden waglap siňek göterilýär. Atlylar yza serpilýär, çar ýana pytrap gidýär. Zyba daş çykdy. Siňňitli ýagyş asman-u-zemine asudalyk getiripdir. Bu asudalyk aldaw bolmasyn?.. Çölüň depesini örten aksowult bulut ýumşapdyr, tekizlenipdir. Gözýetimdäki gara daglar görünmedi. «Eşret, sen gara daglaryň arasynda galan-a dälsiň?». Yzgar alan toprakdan ýakymly ys göterilýärdi. «Eşrediň ýüzüni örten siňek nämäniň alamatyka?». Zyba Akmyratlaryň ojagynda ýanýan çerkeziň şatyrdysyny eşitdi. «Bu gün Akmyrat dädemler toý edýändir-ä, il deňinde toýa baran bolsam, uklap galmazdym, düýş-de görmezdim...». – Zyba, sen öýdemidiň? – Mis kündügi göterip, Aýhan ýeňseden çykdy. – Ih, bolsa-da, Akmyratlarda görmedim-ow seni. Bar, gyzym, barmasaň, gelşiksiz bolar. – Bararyn, däde. Aýhan öz bolýan öýüniň gapdalynda täret gylmaga oturdy. Ýatyş telpegini dyzyna geýdirip, çal kellesini öl barmaklary bilen sypady. – Akmyrat Nobady gönendirdi, serpaý ýapdy. Serpaýyny gutlamasaň, Nobat daýyň senden göwün eder. Zybanyň agasy Akmyrat kiçi ogly Batyryn galpagyny syrdyrypdy. Hatar oturan dört öýüň ýokary çetkisi, sekiz ganat ak öý Akmyradyňkydy. Gapysynda aty kişňäp dur, örüde maly bar. Akmyradyň baý bolasy gelýärdi. Akmyrat baýasa, ol adam äsgermez. Häzirden etjek işi üçin dädesine sala salmajak bolýar. Geçen ýyl Galkan batyryň yzyna düşüp, alamana gitdi, dädesine gidýän diýmedi. Aýalynyň doganyny-da alyp gidipdir. Alamandan soň, olaryň gatnawy kesildi, bişowluga uçurapdyrlar, sözleri azaşypdyr. Jeren äri bilen doganynyň arasynda janserek bolup galdy, nätse-de, tersleşigiň asyl sebäbini bilmedi. Iki tarap hem gara ýer ýaly dymýardy. Däbe garanyňda çaganyň galpagyny daýysy syrmaly. Jeren doganynyň çagyrylaryna garaşypdy. Akmyrat Nobady çagyryp, hem-ä aýalynyň umydyna palta urdy, hem-de Mährini oňaýsyz ýagdaýa saldy. Nobat Mähriniň doganydy, müjerretlikde ömrüni paýawlap barýan betbagt adamdy. Gyzyltakyrda mesgen tutulanyna bir ýyl çemesi wagt geçdi. Obanyň maly golaýdaky depeleriň ot-çöpüni iýdi, ýalaňaçlady. Adamlaryň oturymly mesgene ynamy artdygyça, gara öýlerin gapdalynda sazakdan, sözenden agyllar dikildi, her kowum özüne tamdyr ýasandy. Ejesi ölende, Zyba ýedi ýaşyndady. Hajar köne ýurtda öldi, mazary bu taýdan juda uzakda, gumuň içinde galdy. Ondan bäri telim ýurt taşlandy. Her saparky taşlanan ýurt Zybanyň kalbynda ýetimligiň, ýalňyzlygyň derdini artdyrýardy, ony dogan-garyndaşdan daşlaşdyrýardy. Ähtimal, töwerekdäkiler onuň ejesini bireýýäm unudandyrlar? Pahyry Akmyrat hem agzanok. Zyba olaryň biperwaýlygyny ýigrenýärdi, özi ölse-de ýatlanmajak ýalydy. Gara ýeriň astyna girip bildigiň bes, adamyňky gutarýan ekeni diýerdi. Agysy tutardy, ejesiniň armanly ölümi olaryň derdini birleşdirýärdi. Ejesiniň agysyny aglamak täk özüne galandyr öýdýärdi. Ejesi ýedi çaga dogrupdyr, dördüsiniň hijran oduna ýanypdyr. Pahyr gara daglary görmegi, iň bolmanda, olara uzakdan syn etmegi arzuwlap ýetdi. «Daglaryň içinde watanym galdy, daglaryň içinde ýaşlygym galdy» diýip zarlardy. Daglary görüp bilmän hem ölüp gitdi. Häzir gara bulut gözýetimi ýapyp, daglary görer gözden gizläpdir. Daglaryň öňi açylmasa, Zybanyň kalbyna çeken gussa aýrylmaz. Hernä, Akmyradyň gelin toýuny görmek Hajara nesip etdi. Ejesiniň ölüminden üç ýyl soň, Nurmyrady öýlendiripdiler. Aýhan iki ogluna oý dikip, rysgallaryny aýralady. Zybanyň ýetişerine, durmuşa çykarylaryna garaşmady. Mährini öýüne getirdi. Ogullary dädelerine gaty-gaýrym söz diýmediler, esli wagt Mährä salam bermän, ýokuş görendiklerini duýdurdylar. Görgüsi ýaman Mähri! Zyba-da başda ony ýigrenipdi, onuň uzadan nanyny almandy, guýan naharyny iýmändi. Dädesine eden gaharyny Mähriden çykarjak bolupdy. Dädem ejemi unutdy, oz unudany bilen oňman, bize-de unudyň diýýär, dili bilen diýmese-de, Mährini aş dulda oturtdy, başga merk gerekmi! Mähriniň betbagtlygy hakda aýdylýan sözlere gynanmandy, begenipdi. Mähri önelgesiz diýýärdiler, gaýyn öýünden çykyp gaýdypdyr. Başga aýal almaga ärine rugsat beren-de özümiş. Äri oňa git diýmändir, otur, üstüňe ak öý dikip bereýin diýipdir. Mähri gaýdypdyr. Gaýdany bilen owarra bolup, başga ýana gitse bolmadymy! Bäri gaýdaýmalymy! Akmyratdan kiçi agasy Nurmyradyň ölüminden soň Mährä bolan gatnaşyk üýtgäpdi. Nurmyradyň başy ýassyga ýetip, ýatany bary-ýogy bäş gün. Ýanar oduň içinde ýatdy, gyzgyny peselmän jan berdi. Mähri gijelerine-de onuň çagalarynyň ýanyndan aýrylmady. Ajy aýralyga kaýyl bolup, ýüregi düşüşýänçä, Nurmyradyň aýalynyň eline, aýagyna, gözýaşyna öwrüldi. Zyba: ejemiň-de hyzmaty bolaýsa, Mähriniňkiçe bolardy diýip, boýun aldy. Eger Mähri bolmadyk bolsady, bu alada Jereniň başyna düşerdi. Jeren Mähriniň edýän hyzmatynyň ýarysyny-da etmezdi, il-günüň gepine galardy. Mähri ony agyr aladadan dyndarypdy. Akmyrat hem ýagdaýa düşünip, mundan bu ýana Mähriden ýüz öwrüp ýörmegi uslyp bilen däldir-dä, Nurmyradyň kyrky güni Mährä salam berdi. Sinnitli ýagşyň endigan şybyrdysy Zybanyň kalbyna has beter gussa saldy. Çogdam-çogdam dikilen gara öýleriň görnüşinde ýas ýerindäki aýallaryň bürenjeklerini çümre bürenip, çommalyp oturyşlaryna meňzeşlik bardy. Akmyradyň aty kişňedi, horguryp, gazygynyň daşynda aýlandy. Obanyň tukatlygy at janawaryň-da ýüregine düşen bolsa gerek. Zybanyň Akmyratlara aýagy çekmedi. Ol Akmyratdan gorkýardy. Dädesinden çekinenokdy, Akmyratdan çekinýärdi. Iň bärkisi, agasynyň seredişinden gorkýardy, ýakymsyz many duýýardy: bi gyzam-a ýetişipdir, söwdasyny sap edip goýbermeli diýýän ýalydy. Akmyratlara barsa-da, aglaba, agasynyň öýde ýok mahaly barardy. Akmyradyň bar mahalyndan ýok mahaly köpdi. Gylyjyny dakynar, atyna müner, zym uçan ýalydyr. Wagtal-wagtal on bäş-ýigrimi gün eglenerdi. Nirä gitjegini dädesine-de aýtmazdy, sala-da salmazdy. Jerenden eşiderdiler: «Pylan täjiriň kerwenini Hywa çenli ugratmaga gitdi». Onuň näme edip, näme goýup ýörenini hudaý bilsin. Galkan batyryň yzyna düşüp, alamana giden adamdan her şumluga garaşsa bolar. Kim gitse-de, Akmyrat gitmeli däl-ä! Akmyrat gyrnakdan bolan, ejesi alamanyň pidasy. Alamana gidip, ol ejesiniň mazaryny depeledi. Zyba bu pikirini agasyna aýtmaga çekinipdi. Gözýetim açyljaga meňzänokdy, gara daglar bu gün görünmez. Bu gün garaňky ir düşer. Zyba gijäniň tümlüginden ýaýdandy. «Eşret obadamyka?» diýdi. Oba ilerden gaýra uzalyp ýatan takyryň ýokary gapdalyndaky alaňlaryň eteginde otyrdy. Eşretleriň hatary ses ýetim ilerdedi, aralykda kiçiräk depe keserip ýatyrdy. Zyba Eşretden habar eşitmese ynjalmajagyny bildi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||