03:21 Garadrin / satiriki hekaýa | |
GARADRIN
Satiriki hekaýalar
Biz etrabymyzyñ "Täze ýol" daýhan birleşiginiñ hasapçysy Berdi Garaýew bilen gysgaça, emma döwletli gürrüñ etdik. Aşakda şol gürrüñiñ stenografik ýazgysyny okap görüñ: - Berdi, sen ýaş başyñdan daýhanlaryñ daban azabyna degişli pullary öz kisäñe urmagy, umuman, mugt iýmegi kimden öwrendiñ? - Gowaca düşýän garadrin diýen gurçukdan öwrendim. Şol meniñ halypam hem mugallymym. - Düşnükli. - Düşnükli bolman bökerem. - Berdi, seniñ ýazan galp tabeliñe 5-nji daýhan hojalygyñ brigadiri Kuly Myradow, daýhan birleşigiñ baş buhgalteri Keýik Begliýewa, baş ykdysatçy Ýazym Italmazow dagy nädip gol çekýärler? - Gözlerini pugta ýumup. - Gaty düşnükli. - Düşnükli bolman oýnaram. - Ýumrugy ýekedaban ýaly daýhanlara aýda 25 manat, a işlemän ýatan näzik, çepiksijelerem 180 manat gazanýarlar. Sebäbi näme? - Dogan-garyndaşa, tanşa, dost-ýara sarpa goýýas. - Jogaby nagt etdiñ. - Bizde gümmi-sümmi bolmaz. - Oguljahan diýen birine aýda 190 manat ýazypsyñ. Bu kim? - Brigadiriñ aýaly. Munuñ özi işe çykanok. 5-nji klasda okaýam gyzy Näzik oña derek işleýär. Näzige-de hak ýazýan. Ony siz görmediñiz. - Aýjahan diýlen birine 180 manat ýazypsyñ. Bu kim? - Ol meniñ öz enem haw. Onuñ ýerine Ejegûl diýen gyz jigim işleýär. 7-nji klasda okaýar. Ejegüle-de hak ýazýan. Ony siz añmadyñyz. - Ogulsenem diýen birine 240 manat ýazypsyñ. Bu kim? - Ol meniñ hut öz aýalym ahyry. Ýazman bökersiñem. - Işe çykýamy? - Oña derek özüm çykýan. Ýazyna ýorunja suw tutýar, gyşyna ders çekýär diýip ýazýan. - 190 manat ýazylan Bike Nazarowa seniñ nämäñ? - Aýal doganym. Durmuşa çykan. - Çaga dogrulýan öýde ýatyrka-da işledi diýip hak ýazypsyñ-la oña?! - Jan ýaly, süýtdeş doganyñ bolsa senem ýazarsyñ. - 140-luk Bibi Haýdarowa kim? - "Gadyr gaýyn bilen giýewde" diýlen sözi eşitmänmidiñiz?! - Gudañmy?! - Bardyñ üstünden. - Geldi Garaýew diýilýän oglanyñ obadan 160 kilometr uzaklykda işleýän kakañ ýanynda bolýandygyny eşitdik. Oña aýda 180 manat bikanun hak ýazypsyñ-la! - Elimden gelýä. - Kakañ Gara Ahmedow hem öz ogly Geldä balçy diýip, aýda 190 manat hak ýazypdyr ahyry. - "Bal tutan barmagyny ýalar" diýlen söz bar-a. - Söz başga, kanun aýry. - Biziñ-ä kanunymyz şeýle. Ony az görseñiz 4-nji klasda okaýan inim Jepbar Garaýewe 180 manat ýazyp ýörün. Görübilmedigiñ gözi çyksyn, ýamanlar ýarylyp ölsün. - Bu ýerde birküç sany işgäre, Oguldöndä, Bahara, Agamämmede aýda 140-160 manatdan basypsyñ-la?! - Olar menden ýalbaryp almaýarlar. Gözüñe basyp alýarlar. Olar brigadirimiziñ çagalary ahyry. Ýogsam olary külembikesinde pyrlap biljek daýaw daýhanlara aýda 30-40 manady zordan nalaç ýazýas. - Diýmek, siziñ daýhan birleşigiñizde galplyk, garyndaşlyk ýetjek derejesine ýetipdir-dä?! - Ýokardan tanapymyzy dartýançalar entegem gideris. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |