07:27 Garaşmak | |
GARAŞMAK
Goşgular
Sen gitdiň, giň dünýäm daraldy meniň. Öz äkiden şatlygyňy alyp gel. Gaşlaryňy çytman, kalbyňa, gülüm, Diňe täsin umytlary salyp gel. Ýola çyksaň belent arzuwlar bile, Öýkedir kinäni sowurgyn ýele, Açylan bägüle meňzäp sen ýene, Meni bilbil saýyp, oýnap-gülüp gel. Sen şeýle jadyly, şeýle zyýada, Meni kä doňdurýaň, kä salýaň oda, Eger bagtsyz bolmazlygmy dünýäde Isleseň, öz zerurlygyň bilip gel. Duýar bolsaň, kändir yşgyň-öwrümi, Haýyr-şerden ýasalandyr her güni. Bir öçügsi ýyldyz däl-de, ömrümi Nur bilen bezejek Günüm bolup gel. Olam başartmasa... Tapman alaç men, Örtenip galsam-da, bil, senden geçmen. Görsem bes!.. Dert bolup gapymy aç sen, Ezraýylyň mukamyny çalyp gel. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |