16:01 Garaşsyzlygyñ täsiri | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶GARAŞSYZLYGYŇ TÄSIRI Ol Lenin bagyndan çykyp gelýän eken. Birek-biregi ýitirip tapan ýaly garşyladyk. Köp ýyllar işleşen adamyň, hakykatdanam, ýakynyňa öwrülip gidýän eken. Men, gyssanýandygyma garamazdan, saglyk-amanlyk soraşmak prosedurasyna girýän gerekli-gerekmejek ähli zatlary soraşdyrdym. Ol okumyş, dana adam. Bilmeýän zady ýok diýilýänlerden, janly ensiklopediýa hem ondan asgyn geler. Onuň bir ajaýyp jümlesi bar, men şol jümlesini aýdarmyka-aýtmazmyka diýip garaşdym, emma ol uzak garaşmaly etmedi: – Osman, men her çatrykda akyl berip ýören däl, emma saňa bir akyl bereýin: işle, işle, diňe işle! Ýazanyň galýar eken! Men myssa ýylgyrdym: şol jümlesini aýdany üçin, hem... Eý-ho, bu ýazylýan zatlar galanynda dünýäni kagyz alaýmazmy? Bu ýazylýan zatlaryň ýüzden biri, müňden biri galanynda hem dünýä atom bombasy zerarly ýok bolmaz, bir ergeneksizje oglan ogryn çeken çilimini taşlamasyz ýere taşlar hem, kyýamat ody tutaşar! – Bu adamlara men düşünip bilemok, bulara, walla, ýokary bilim hakyndaky diplom «gaýdyp eliňe kitap alaýma» diýlip berilýän ýaly... Gazete makala eltýän, bölüm müdiri bolup oturan kişi... (Ol bölüm müdirligine şeýle bir ähmiýet berip aýtdy weli, Pyragynyň «Pygamber ornunda oturan kazy» diýen setirindäkiden hem beýik ýaňlandy) näme diýýär-ä... «Ýaşuly, türkmeniň elipbiýi bolmandyr!..». Men aýdýan: «Ahmet Bekmyradowyň makalasyny okamadyňmy? Şeýdaýynyň «Gözel ýigrim bäş» goşgusyny okamadyňmy?» Men gyssanýanym üçin üç ýola ötünç sorap, köçä tarap ugradym. Ol meniň birmahalky tanşym, akyldar tanşym kommunist, uly-uly wezipelerde işlän ideolog öz-özi bilen gürleşip, Lenin bagynyň daşyndaky goýry kölegä düşdi. Gynandym. Göwnüme bolmasa, ol gözel bagda gezelenç etmeýärdi, ol özüne beýikden beýik wezipe beren daş heýkeliň – Leniniň daşyndan aýlanmaga zyýarata gelen ýalydy, hamana, ýakyn garyndaşynyň mazaryna aýlanmaga gelinişi ýaly. Onuň deňinden geçip barýarkam synladym: bende özi bilen gürleşip, gollaryny dokmaçynyň gollary ýaly galgadýardy. Ýazyjy, şahyr bütin ömrüni öz içki «meni» bilen gürleşip geçirýär... Eger içki «meniň» bilen daşyňdan gürleşip ugrasaň ýagşylygyň alamaty däl... «Türkmeniň elipbiýi bolmandyr!»... Türkmeniň elipbiýi hakyndaky gürrüň köp gozgalýan tema!.. Hamana, her bir halkyň öz elipbiýi bolmaly ýaly. Amerika, Angliýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Türkiýe, tutuş Ýewropa bir elipbiýiň harplary bilen oňup ýör. Milliard halk oňýar, emma türkmeniň weli geçmişde hökman öz elipbiýi bolaýmaly ýaly! Ynha, Hudaýa şükür, köne, otuzynjy ýyllarda ulanan elipbiýimize geçdik, islendik kompýuterde işläbermeli! Merhemetli Prezidentimiz siwilizleşen dünýä bilen arada galan ojagaz serhedem aýryp goýberdi! Otuzynjy ýyllar Magaryf ministrligi respublikada açylan mekdeplere täze elipbiýi iberýärmiş. Sebäp okuw kitaby ýok, taýak gelýänçe ýumruk, «şuny okadyberiň» diýip. Bir mekdepden hat gelýär: – Hormatly ministr, ol iberen elipbiýleriňizi geçip gutardyk. Täze elipbiý iberiň!.. Yslama çenli türkmeniň öz elipbiýi bolupdyr, yslamdan soňam arap elipbiýi tutuş yslam dünýäsine giren halklary üçin allanäme elipbiý bolup hyzmat etdi. Biz sanalgyja ýyl Garaşsyz ýurtda ýaşaýarys! Eýýäm düýnki: «Kommunistik partiýam» diýip gygyrýan, dört öýli nadan türkmeniň maňlaýyndan Leniniň partiýasy diredi diýip partýygnaklarda agzyndan ot sowurýan: «Ene dilini bilmeseň bilmän geç, emma sowet döwletiniň edarasynda işlejek bolsaň, beýik rus dilini hökman biläýmelisiň» diýip gygyrýan, öz diýýän zatlaryna halysalla ynanýan kişi – partiýa çinownigi köne türkmen elipbiýi hakynda makala ýazýar! Ynha, ynsan aňyndaky öwrülişik!!! Türkmen özgerýär! Halk özgerýär! Watan özgerýär! Uzak taryhy eýýamda amala aşýan çylşyrymly taryhy hakykat hut gözüň öňünde amala aşýar. Bagtly bolmak üçin başga näme gerek saňa! Rewolýusiýadan ozal dürli ýurtlara bakna, ýarymbakna, dagynyk halda ýaşaýan türkmen indi ullakan bir döwletiň gujagynda içi zynjyrly mahmal gandally doganlyk respublika däl! Ol indi Garaşsyz döwlet! Özbaşdak döwlet! Bitarap, baky Bitarap döwlet! Amerikada Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde ýaşyl Baýdagy pasyrdap duran döwlet! Ol ýaňy Garaşsyzlygyny alyp, döwletleriň yzyndan nobata duran döwlet däl, turuwbaşdan pilmahmyt gadamlary, öz syýasaty, öz ýoly bilen ösen döwletleriň, sarpasy saklanyp agzyna bakylýan döwletleriň birine öwrülen döwlet! Bagtly bolmak üçin başga näme gerek! Biz örän ajaýyp taryhy zamanda ýaşaýarys. Biz öz zamanamyzy taryh eden adamlar, emma aglabamyz şindem nähili beýik zamanamyzyň adamlarydygymyza, Garaşsyzlyk diýilýän zadyň nämedigine akyl-paýhasymyz bilen, katdymyz-düýrmegimiz bilen, akyl ýetirip bilmeýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |