16:10 Garaşsyzlyk buýsanjy | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ GARAŞSYZLYK BUÝSANJY Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe türkmen halky gazaply, ganly-gowgaly, ýeňişli – ýeňlişli günleriň, ýyllaryň, asyrlaryň içinden geçip geldi. Beýik Garaşsyzlyga akyl ýetirmek üçin garaňky hem perýatly asyrlarda halkymyzyň ýitgilerine, pidalaryna, gam-gussalaryna göz ýetirmek zerur... Ýetmişinji ýyllarda döredijilik bilen çynlakaý iş salşyp başlan biziň neslimiziň wekili hökmünde men özümiň Ikinji Derejeli adamdygyma akyl ýetirdim. «Bagtyýar Diýarym!» diýip adyna buýsanýan Türkmenistanyň respublika, döwlet däl-de, kesekiniň erkindäki welaýatdygyna, çig mallar welaýatydygyna, «Pylança million tonna pagta», «Pylança million tonna nebit», «Pylança milliard kubometr gazy» watana tabşyrmaga borçly welaýatdygyna göz ýetirdim. Merkez ýylyň aýagynda täze ýylky tabşyrmaly zatlaryň planyny kesgitläp berýärdi, öwezine näme berse, ynsap özündedi. Oňa: «Pylança ber!» diýip biljek ýokdy. Ikinji Derejeli adam! Dünýä gözüne ýurtda Birinji Derejeli adam Türkmendi, emma Ikinji ýurdy dolandyrýardy. Şeýle nusga raýonlara, posýoloklara çenli dowam edýärdi. Biz dünýäni görkezme bilen berlen kitaplardan öwrendik, biz öz taryhymyz diýip keseki taryhy ýat tutduk. Merkezi telewideniýede berilýän «Syýahatçylar kluby» arkaly dünýäde jennete berimsiz gözel-gözel ýerleriň bardygyny gördük. «Nadan hem garaňky» diýlen geçmişde Magtymguly Hindistana, Rumustana, gaýry birtopar ýurtlara syýahat edipdir, biz bolsa oňa hyýal hem edip bilmän, Ý.Senkewiç bilen telewideniýe arkaly aýlanyp oňduk. Men, ikinji derejeli adam, nemes dili boýunça spesialistdigime, nemes dilini gowy bilýändigime garamazdan, diri nemesi 1992-nji ýylda gözüm bilen gördüm. Kapasa kapasa bolýar! Ikinji derejeli adamyň pikiri hem ikinji derejeli bolýar! «Gul myrady – gaçmak» diýlenem bolsa, Türkmenistan birzaman özbaşdak döwlet bolar diýen pikir kalbyň bir çuňlugynda ýatanam bolsa, pikirimiz eýýäm ikinji derejelidi. Biriniň powestinde okanym ýadyma düşýär. Baý bir zaman çet ýurtdan satyn alyp, ulaldyp kemala getiren guluna rugsat berýär. Gul: «Men seniň döwletli gapyňy taşlap niräk gideýin?» diýip, bar-bar bagyryberýär... Ol ýyllar bizde «türkmen halky, Türkmenistan özbaşdak döwlet bolup bilmez» diýen göwnüçökgün pikir kemala geleňkirläpdi. Ikinji derejeli adam diýen mertebämize kaýyl gelip, çagalarymyza rus dilini kemsiz öwredip, Moskwada okadyp, şol ýerlerde işe galdyrmak, şeýdip hem neslimizi birinji derejeli adam etmek pikirini edýärdik... SSSR-iň ir-u-giç synjagyna teoriýa taýdan akyl ýetirip bolýardy, emma tutuş dünýäni sandyradyp duran beýle kuwwatly döwlet birden synyp oturyberer diýip akylyňa sygdyryp bolmajakdy. Kuwwatly döwlet entek-entek synar öýdülmeýärdi. Ynha, indi sen Birinji derejeli adam! Ýurduň hem Birinji derejeli ýurt! Garaşsyz, Özbaşdak, baky Bitarap ýurt! 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry! Şu seneden täze türkmen eýýamy başlady! Tutuş türkmeniň akyl-paýhasyny, güýç-gaýratyny, talantyny, hanymanyny, janyny gaýgyrman işlemeli, zähmet çekmeli, göreşmeli pursaty geldi. Şeýle beýik taryhy pursatda berlen mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň güýç-kuwwatyny artdyrmak, mizemezdigini berkarar etmek, ganat ýaýmagyny gazanmak – biziň halkymyzyň başarnygyna, akyl- -paýhasyna, ýurt söýüjiligine bagly! Bu mukaddes, keramatly, taryhy wezipä lükgeligi bilen berilmek her bir türkmeniň, her bir ildeşimiziň jana-jan borjy! Bu biziň bagtymyzyň bir bölegi! Ikinjiden, merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ganatynyň astynda Türkmenistan bir sistemadan ikinji sistema geçip başlady. Indi zähmetkeş hormatly at, orden-medal, ölmez-ödi aýlyk üçin işlemeýär! Indi her kim öz ýurdunyň baý bolmagy üçin, hut özüniň baý bolmagy üçin işleýär. Ýer al, mülk edin! Kärhana aç, zawod gurun, fabrik gurun, özüňki! Ähli gazananyň özüňki! Üstesine, döwlet karz hem berýär, kömek hem berýär, işläň, zähmet çekiň, dörediň, guruň! Özi üçin işlemeýän adam hepbesizdir, bikemaldyr! Şeýle ajaýyp döwletiň barka hepbesiz, bikemal bolmak aýyp. «Hakyda diwanynyň» döremegine mukaddes Garaşsyzlygymyza, onuň ägirt uly üstünliklerine buýsanç badalga boldy. Myradyna ýeten türkmeniň bu topragynda döretmän, ýazman oturmak mümkin däl. Meniň bu ýazgylarym köpi gören, köpi diňlän ýaşululardan eşiden gürrüňlerim, okan zatlarym esasynda dörän pikirlerim. Ýatdan çykyp gider ätiýajy bilen men olary maý tapdygym belläp, ýazyp goýupdym. Size hödürleýän bu diwanym Garaşsyzlyk ýyllary içinde taplanan dürli tymsallar, wakalar, pikirler. Men olary bir sistema saljak bolup oturmadym. Ýazgylaryň döreýşi esasynda diwana ýerleşdirdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |