07:17 Garlawajyñ gaýy / powest | |
GARLAWAJYŇ GAÝY
Powestler
(Powest) Ugurlynyň ýaşaýan dünýäsinde-de «ýagşy ýigidiň ady köp» bolsa, gowy görülýän bolara çemeli. Şonuň üçinem, oňa «Ugurly» diýseňem «Hä!» berýär. ― «Ugursyz» diýseňem, «Ugralp» diýseň-ä, iküç gezek «Hä» berýär. Hiç zat diýmeseňem, öz-özi geň galyp, özüne «Hä?!» diýäýýär. Obada «Ugurjyk Alp» bolanam özüň bolma! Her öňýeten oýnajak: ― Ugurly ha-a-aw! Haý, Ugursyz-ho-ow! Ha-a-aw, Ugralp han-ow! ― Hä! How! ― Haý, daşymyzy duşman, dagymyzy duman alandyr-la-haw, haý, ýetişewergin-haw! Ugurly ýene öňküleri ýaly syçrap turup, bir bökende «Gyratyň» gerşinde häzir boldy, dembermez gylyjyny syryp, atyna bir gamçy urdy-da, «Ýa Alla!» diýip, duşman ýygnyna tarap at goýdy. Şol barmaşa, lummurdap akyp ýatan däli derýa munuň öňüne kese boldy. Ugurly jüp aýly gamçyny bir şuwladanda, «Gyrat» segräp, asmana göterildi. Ýöne, ýa-ha idi-yssuwady kemräk bolupdyr ýa-da bakysy aşarak düşüpdir, garaz, janawar derýanyň o kenaryna edil ýetäýmän, bir ädim bäri ýanyna pagşyldap düşdi. Atdan tüwdürilen Ugurlynyň maňlaýy kenarda Zulman kempiriň dişi ýaly aňňalyp duran ýeke daşa ras degdi-de, biziň Ugurhan Alp özünden gitdi. Az ýatdymy, köp ýatdymy ― birzaman gözüni açdy. Görse, Gyrat küje, gylyç küje... Bir ýyrtyk balak, bir ýeňiýoluk köýnek, birem ýalaňaç syryk... Onsoň Ugurly tükge düşüp, şol hälki daşa ýene maňlaýyny urup, hünübirýan aglady: ― Wah, men nirelere, nä günlere düşdüm?! Ýaşyl zümerretden köşgi-eýwanym, tylladan tagtym, astymda Gyratym, dembermez düýrme gylyjym, telim lek agyr goşunym bardy. Hany olar? Olar nirede, men nirede? Beýdip, bir dem salymda baryndan el ýuwup oturybir ýaly, men näme günä etdim, eziz Allam?! Men-men diýen begler-hanlar hol garagörnümde atdan düşüp, her ädimde iki epilip, tagzym edişip, salama gelerdiler. Hersiniň getiren üsti sylag-serpaýly düýelerini sanamagam meniň wezir-wekillerime uzakly gün iş bolardy. Hany ol begler, hany ol düýeler? Haýsy alamanyň awy boldular? Dek düýnem gaşymda hüýr-perizatlar sallanyşyp, sülmüreşip, näz edişip, gaş kakyşyp, meniň göwnümi tapjak bolşup, dert-azardylar. Hany meniň ol perizatlarym? Haýsy döw alyp gitdi, haýsy melgun galasyna gabady? Ýa bu zatlar düýşümmi ýa öňküler düýşümmidi? Ýa men bir jadygöýüň jadysyna uçradymmy?.. Ugurlynyň bu sowallarynyň hiç birine hiç ýerden, hiç kimden jogap bolmady. Diňe birhaýukdan, Ugurlynyň ýarym-ýaňalaç gerdenine bir el galtaşdy: ― Inim... Tur, inim! Beýdip ýatma! Ugurly ýüzüni ýerden galdyryp, maňlaýyndan syrygan ganlary ýumrugy bilen ýaňaklaryna çyrşaşdyrdy-da, ses gelen tarapa bakdy. Görse, gapdalynda sypaýy geýnen bir ýaşuly çommalyp otyr: ― Tur, Ugurly! Tur, Alpym! ― Sen kim, agam? Meniň gözlerimiň öňi ümezläp dur... Maňa bir zad-a boldy. ― Saňamy? Sen ýykylypsyň, inim, bijaýrak ýykylypsyň. Başga bolan zat ýok. Maňa bolsa Paşaguly aga diýýäler. Tanadyňmy meni? ― Wah, men özüm özümi tanaýanmy bu wagt, niräň patyşasy, niräň guly ― ony biler ýaly... ― diýip, Ugurly ýene maňlaýyny tutdy. ― Patyşa däl, Paşaguly men! Ugurlynyň perişde ýaly bolup oturan bu mährem adamyň raýyny ýykasy gelmedi. Üstesine, onuň ýüzem juda tanyş göründi: ― Tanadym, agam, indi tanadym. Sen düýn neme dälmidiň näme? Hol nemäň nemesi?.. Ugurly ýene uşlybyň ujuny ýitirip, pikiri bulaşan bolarly, ol näme sorajak bolanynam unutdy-da, kürtdürip, Paşaguly aganyň ýüzüne seretdi. ― Hä, howwa, inim! Batyryň kakasy-da men... Kakasydym. Sen Batyry bilmel-ä. Çagakaňyz, bileje oýnardyňyz... ― Howwa, agam, ýadyma düşýä indi. Men soň Batyry Hebeşistana ilçi edip iberipdim... Ugurly ýene kürtdürdi. Öz diýen zadyna özi utanýan ýaly, gyzaryp, ýalt-ýult etdi: ― Ýogsa-da, Paşaguly aga, hany Batyr? Paşaguly aganyň, näme üçindir, birden bogazy hykga doldy, onsoň ol gürläp bilmän, ýüzüni kesä sowdy-da, elini näbelli bir tarapa salgap goýberdi. Ugurlynyň gözleri tegelendi: ― A-how, Paşaguly aga, senem aglaýan ýaly-la? Meň aglanym azmy häli? Hany, aýtsana, näm boldy? Sen bagyşla, men... gaty ýykylypdyryn, häzirem başym aýlanyp dur, ters aýlanýa. Bir zatlar ― bir zatlar ýatlajak bolýan, bolanok. Öçýä... Paşaguly aga sesini çykarman, penjeginiň içinden biline daňlan akja ýaglygy çözüp aldy-da, Ugurlynyň ýüz-gözüni ýuwuşdyryp, soňra onuň kellesini daňmaga durdy. ― Paşaguly aga, sen Batyr diýdiň-de, yzyny aýtmadyň-la? Ýa aýdanam bolsaň, biljek däl. Meniň kelläm häzir zat tutanok. Düýe depen ýaly... Paşaguly aga daňysyny boldum edip, iki eli bilen Ugurlynyň kellesiniň iki tarapyndan tutup, onuň gözleriniň içine seretdi. Seretdi-seretdi-de: ― Inim, saňa bolan zat ýok! ― diýdi. ― Sen diňe ol nemeligiňden açyldyň. Munyň seň gowulygamy ýa erbetligemi ― biljek däl, ýöne sen gutuldyň, inim... Şo-ol kiçiräkkäň, tamdan ýykylanyň bäri, nemedip ýörşüňdi-dä. ― Paşaguly aga yzyny öz-özüne gürrüň bermäge başlady. ― «Eger dogabitdi däl-de, urgy-şikesden bolsa, şoň ýaly ýene bir güýçli urgudan kelle ýene ýerine gelibem bilýämiş» diýip eşidýädik welin, ugrunda bar-ow! ― Näme, Batyram ýykyldymy? ― diýip, Ugurly Paşaguly aganyň sözüni böldi. ― Batyry... ýykdylar, alyp dyndylar ony! Batyram meni ýykdy... Paşaguly aga ýene yzyny aýdyp bilmän, aňyrsyna bakdy. ― Kim aldy ony, kim ýykdy? Kim, nirede şol e... Ugurly gapdallaryny sermeledi, ýöne düýrme gylyç ýene eline ilmänsoň, haş-ş edip, Paşaguly aganyň elinden ýapyşdy: ― Agam... ― Äý, ýör, inim, beýdişip oturmaly! Bally Kaşaň görermi ― nädermi... Öýe gideli! Bu ikisi ýaňy düşekden galan ataly-ogul ýaly, bir-biriniň ellerinden ýapyşyp, hyk-çoklaşyp, ýola düşdüler. ― Agam, bi obadan, näme, il göçäýdimi? Bu ne beýle çolalyk? Düýnem beýle däl ýalydy-la? ― Düýnem şeýledi, inim, öňňinem. Indi näçe ýyldyr, bu oba gyrgyn degenine... Obanyň üstünde bolsa häzir tüweleýler towlanyp, harasat gopýardy. Ýöne bulut bary abanyşyp, uzakly gün apy-tupan tursa-da, asmandan çaňdyr tozandan başga ýagan zat bolmady. *** Alplar obasynyň üstünden öňem kän-kän haýhatlar geçdi: «Akly-gyzylly» gandöküşlik, wagtlaýyn Watan üçin turzulan Beýik Watançylyk urşy, nirededir bir ýerlerde eli tüpeňli gowakdan-gowaga köwejekläp ýören kakabaş alamançylaryň ýurdy üçin turzulan Owgan urşy... bary geçdi. Emma, ol uruşlaryň hiç birem bu obanyň erkeklerini tükelläp, tohumyny tükedip bilmedi. Gaýtam, şo uruşlar gutaransoň, obada şeýle bir Batyr köpeldi. Haýsy gapyny kaksaň, bir Batyr çykýar. Hany indi ol erkekler, hany ol Batyrlar? Bar olar. Barmyşdyk. Hersiniň elinde bir gap otluçöp, sygryň dili ýaly bir ýyldyrawuk kagyz, bir çümmüjigem akja «talhan». Şol talhan bilen derýany daňşyp, eplenişip ýatyrlar, «ýatan joralar». Kimsi bärde ýatyr, kimsi eýýäm ― aňyrda. Bu nädip beýle boldy? Wah, hezreti Magtymguly zynharlap-zynharlap gitmänmi: «Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda!» diýip. Degmedige degiberseň, öýüni-ýurduny depeläberseň, dagy näme, alkyş alarmyň?! Anha, «gowakçylaram» bir «bomba» zyňdy. Atomdanam aýylganç. Adam bombasy! Ne gümmürdisi bar, ne-de tarkyldysy. Diňe çalaja tüssesi çykýar, düşen ýerinden. Düşen ýerinem tütedip barýar. Her öýde agy, her öýde ― ýas. Anha, ol öýde ýetmiş ýaly, külembike ýalyjak bir kempir ýer bagyrtlap, ýer ýumruklap aglaýar: ― Wah, ýekeje balam beýle bor ýaly, Hudaýyň öňünde meniň näme günäm bardyka, iller?! Wah, seniň azapdan başga, azapdan başga, azapdan başga näme günäň bolsun! Seniň günäň ýok, käbäm! Ynha, bärde-de bir ata ak sakgalyny penjeläp, çekişdirip, ütüşdirip, ah urup otyr. «Wah, ogul gitdi...» diýip. Munda bir ýaş gelin bozlaýar: «Wah, ýüz oglan yşgyma düşüp, habar gatdy. Gelip-gelibem, şuňa sataşdym». Ine, şunça «wah», ana, şonça «waý»... Ýetmiş ýyllap «Din ― halk üçin tirýekdir!» diýip gelen Gyzyl imperiýa halkyň elinden dinini aldy-da, ýerine, geroini goýup gitdi. Waý günüňe, türkmen aga! Waý, günüňe özbek eke! Waý, günüňe gazak daýy! ...Hawa, ol belanyň geroin diýip üýtgeşik bir ady hem bar eken. Jumageldi bolsaň ― Jummy, Guldurda ― Gully diýip ýören ýalta türkmen, ýaňkynam gysgaldyp, gerre diýip at goýdy. Şeýdip, Alplar obasynyň taryhynda-da heniz görlüp-eşidilmedik täze bir uruş başlandy. Bu uruşda ýarag çenäp, top süýräp gelen bolmady. Hiç kime hiç ýerden çakylygam gelmedi, gykylygam. Munda döşüne birtopar ýaldyrawuk demir dakyp gelenem, pişegini süýräp gelenem, üç barmajjyk gara hat bolup gelenem, daşy gurşunly gapyrjaga girip gelenem... bolmady. Şonuň üçin, ilkibada, munuň uruşdygynam hiç kim bilmedi. Ýöne, hernätseňem, uruş ― uruş bolýar. Onuň öz alamatlary hökman bolaýmaly. Meselem, urşuň gahrymanam bolmaly ― gaçgagam, armanly ýesirem bolmaly ― bimany ölüp gidenem. Alplar obasynyň bir çetinden sessizje giren bu urşuň ilkinji gahrymany ― öňki uruşlaryň baryndan gaçyp sypan Bally Kaşaň boldy. Gahryman diýilse-de, ol bir, murtlaryny towlap, gözlerini alardyp oturan, edrenç, döwsypat, pyýada däl. Iki elli, iki aýakly, bir agyzdyr iki gözli, adaty bir adam. Gürlemäni, gülmäni hem iýmäni gowy görýär. Aldygyna iýýär, aldygyna gürleýär, arasynda-da «ha-ha-haýlap» gülýär. Şol garym-gatymda, onuň näme diýýänine, nämä gülýänine hiç kim düşünmese-de, «Tüweleme, şü Ballyň baran ýeri ala-ýaz-aý!» diýýäler. Ballam muňa monça bolýar. Onuň nämä gülýänini il bilmese-de, Ballynyň özi gowy bilýän eken... Özüň Bally Kaşaň bolsaň, bu dünýäde şatlyk kän. Ynha, «Pylany awariýa düşüpdir» diýip habar gelýär ― bir şatlyk. Pylanyň göleli sygry ýitipdir ― ýene bir şatlyk... Iň bolmanda, ýolüstünde gygyryşyp duran iki sany aýal-a görersiň, bolmadyk ýerinde, bu-da bir şatlyk... Diňe, öz deň-duşy, obadaşy Paşagulynyň belent küňreli, köşk ýaly howlusynyň deňinden geçende, Bally Kaşaňyň birhili keýpi gaçardy. Paşagulynyň, belki, habaram ýok bolsa ― ýokdur welin, emma, Bally Kaşaň bütin ömrüne özüni oňa basdaş hasaplap gezdi. Paşaguly bazardan bir geçi alsa, Bally ikisini alardy. Emma, Paşagulynyň geçisi ekiz guzlasa, Ballyňkylara gotur degip, köpeltmeden-ä geçen, dynsa kaýyl bolardy. Ekinde-de şeýle. Paşaguly sogandyr sarymsak ekse, bala döner, bahasam şo ýyl balyňkydan bäri bolmaz. Soňkusy ýyl Ballam eker welin, sogandyr sarymsagyň ýüzüne it deger, mugt berseňem, almazlar. Birwagtky, Watançylyk urşundanam Ball-a nä günlükler bilen gaçyp sypdy. Paşaguly bolsa sesini çykarman gidip, bir gujak orden-medaldyr bir iner ýüki abraý bilenem geldi. Eger-eger, ýekeje ýerini okam çyzmandyr. ...Bally ol howalaly, nepis jaýyň haşamly, agyr derwezesine, penjireleriniň daşyndaky birenaýy, owadan gözeneklere seredip, bir säginerdi-de, «Tükenmez pullaryň bardyr sen Guluň-eý...» diýip, hiňlenjiräp, ýoluny dowam ederdi. Mal-dünýe-de, malsyzlykdyr bişowlugam mydama bir adamyň başyny alyp duranok. Bu gün eliň gelenokmy ― ertir geler... Bally Kaşaňyňam ahyrsoň eli geldi. ...Günlerde bir gün «Bally Kaşaň obada çörek bişirilýän açanmyş» diýlen gürrüň çykdy. ― Äý, şü Ballyňkam asyl boljak däl-ow! ― diýip, şonda Paşaguly aga mys-mys güldi. ― Her kimiň tamdyry eliniň aşagynda, ýeri, seniň çöregiňi kim alsyn?! Etrapdan ýa şäherden gelip almajaklar-a belli... Hemişe, hemme zatda öz duýgurlygy, aňlylygy bilen alyp çykýan Paşaguly şu gezek ýalňyşdy. Başga-başga döwrüň gelip, başga-başga söwdalaryň başlananyndan ol bihabar galdy. Ana, şony ― niçiksi döwrüň gelenini bilmeseňem, galan akylyňdan peýda ýok... Ýene bir günem, «Bally Kaşaň bir maşyn un getiripdir. Özem arzanjakmyş!» diýlen habar ýaýrady. Bütin oba çozdy. Külembike ýalyjak bolup oturan Abadan daýza-da bu habary eşidip, ikiýana elewräp ugrady: ― Öwezberdi! Öwezberdu-u-uw! Wah, bu ýerler çekeni haýsy ýer çekdikä şu wagt?! Öwez-ä! Birdenem, onuň gözi köçeden at salyp geçip barýan Ugurla düşdi: ― Gyýw, Ugurly jan, Öwezberdini görmediňmi? Wah, meniňem salgy soraýan adamymy... ― Äk-ä... ― diýip, Ugurly gidiberjek boldy. ― Gyýw, Ugurly jan, duraweri! Sen galtak sürüp bilýäňmi? ― Bilýän, mäşinem sürüp bilýän. Bi-i-ip! ― Wah, indi şuňa diýsemmikäm, janlarym... Men guraýyn, Öwezberdem gurasyn, Ballyň unam gurasyn... Şo Ballyň unundan maňa bir halta getirip bilmezmiň, janym?! Puluny soň özüm bererin Balla! Abadan daýza diýäýgin... ― Äý, getir, daýza, mäşiniňi! Birsalymdan Ugurly düňk-düňk edip, üsti unly galtagy haýdadyp geläýdi: ― Bi-i-ip! Düýt! Un öýe girenden, Abadan daýza zenan edähedi bilen, haltaň agzynyň bir gyrajygyny dildi-de, undan bir çümmüjek aýasyna alyp, tüýkülikläp, aýasynda «hamyr» etjek boldy. Kibirdäp duran bu üýtgeşik unuň hamyr bolma hyýaly ýok. Soň Abadan daýza eliniň aýasyna birki damja suw damdyryp, ýaňky synanyşygyny gaýtalady. Un eräp barýar, ýöne hamyr bolanok. Abadan daýza un eýlän barmagyny diline degrip gördi. Tagam-tagsyr ýok. Ugurly bolsa eýýäm gözden ýitipdir. Birki sagat geçmänkä, Abadan daýza ýeke ogly Öwezberdä garaşyp, öýüň içinde-daşynda zowzuldap ýörkä, ýüzi, undanmy-nämemi, ak-tam Bally Kaşaň ýetip geldi: ― Abadan daýza, saňa un geldimi? ― Howwa, şo däli ýerçeken... ― Hany, görkez! Abadan daýza unly halta tarap elini salgady. Unly haltany eýdişdirip-beýdişdirip gören Bally Kaşaňyň birhili ýüzüne gan ýörän ýaly boldy: ― Abadan daýza, şu undan hiç zat almadyň gerek?! ― Ýog-eý, bizar-eý, un bormy onyňdan! Äkit, ýok et! ― Ýok, sen çynyňy aýt, Abadan daýza! Şü saňa düşen bir halta un zäherlimi, awulymy, dermanlymy ― bir zat bolmaly, o syçanlary, alakalary gyrmak üçin-dä... Ýaňyja etrapdan jaň edip aýtdylar... O däli zaňňara «Beýläk aýryp goý!» diýsem, eýýäm galtaga ýükläp alyp gaýdyberipdir. Abadan daýza düwdenekläp, agzyny çaýkamak üçin, suwa tarap ylgady. ― Sen ýöne, gaharlanma, Abadan daýza! Seň günäň ýok bu taýda... Men häzir bu uny äkidip, ýok edýän, ýerine-de iki halta wysşiý sort un iberýän... Abadan daýza ögäp durşuna, «Owarram bol!» diýen manyda elini salgady. Soň birsalymdan, daşarda ýene «Düýt-düýt!» sesi eşidildi. Ýöne bu gelen Ugurly däl-de, hakyky maşyn ― köneje «GAZ-69» eken. ― Abadan daýza, kabul et unlaryňy! ― diýip, «69-yň» eýesi dişlerini akjardyp, iki halta uny Abadan daýzanyň duluna söýedi. «69» yňranjyrap, siltenjiräp, bir eýläk-bir beýläk bolup, yzyna öwrülýänçä, Abadan daýza puljagazyny alyp çykdy: ― Gyýw, oglan, unlaryň birini alyp gid-uw! Iki halta meniň pulum ýetmeýä... ― Bu unlar saňa padarka! ― diýip, ýaňky ýigit ýene dişlerini akjartdy. ― Bally kakam «Weteranlara mugt berýäs!» diýdi. ― Weý, o nämäň beteranyka, janlarym? ...Şol bir maşyn arzanjak undan soň Bally Kaşaňyň ady «Bally jan» boldy. ― Bally janyň şo «beteran» diýen un-a ýaman gowy eken! ― diýip, bu öýde Abadan daýza alkyş baryny aýdyp otyr. ― «Bal-bal» diýeňde agzyň süýjemese-de, «Bally» diýeňde, süýjeýän eken... ― diýip, ol öýde Oraz goja ak sakgalyny sypalap, loh-loh gülýär. Ýaş-ýeleňler üçin Ballyň dükany bir, salgy berlip ― salgy alynýan ýere öwrüldi: «Ho-ol, Bally kakaň magazininiň gapdaljygynda» ýa-da «Ballyň magazininiň bir köçe beýlesinde...». Wah, görgüliler... Wah, görgüsi ýamanlar!!! *** Ýaşajyk beýni şo tamdan başaşak gaýdylandaky urgudan soň, şol wagtkyja durkuna duruberipmi ýa-da şondan soňky ýyllaryň dowamynda Ugurlynyň özem «Tur-otur, kersen getire» endik edipmi, Paşaguly aga bir ýumuşjyk buýranda, ol çaga ýaly böküp turdy-da, ylgap gidip, aýdylan zady derhal alyp geldi. ― Batyr janam kiçijikkä, edil seň şu bolşuň ýalydy, bir zat diýseň, ylgap gidip, bökübem gelerdi. Buýran ýumşuňa begenerdi, menem... ― diýdi-de, Paşaguly aga «Hyk...» etdi, biraz oturyp, ýene başlady. ― Wagty gelip, onuňam burnunyň aşagy garalyp, sesi ýognap, özem birhili zoňtarlanyp ugrady. Äý, o-da o ýaşda bolmaly zatdyr-da... Ýöne ynha, birdenem onuň dili şeýle bir süýjedi, teý, bolar ýaly däl. «Kaka jan, kakam jan, mähriban...». Menem muňa begenip bar-a... Pul gerekmi, me, Batyr jan! Mal gerekmi ― me, Batyr jan! «GAZ-24» gerekmi ýa «Gyz-24» gerekmi ― me, ikisem, Batyr jan! Ýeke ogla etmän, men dagy kime edeýin?! Bu mülki, bu döwleti, näme, men özüm bilen alyp gideýinmi?! ...Ilki-ilkiler-ä, «Äý, ýaş oglandyr, sowsun!» diýerdim. Soň-soň muňa pul çydatdyrman ugrady. Ynha, bir günem, sakaldaşlarymyň biri ýolda saklap, «A-haw, Paşaguly, bi ogluň seň Ballylardan çykanok-la, habaryň barmy seniň?» diýdi. Geň galdym, «Ballylarda göbegi gömlüpmi onuň?» diýip. Muňa tiz jogap tapyldy. ...Agzy hapalanan adamyň dili şeýle bir süýji bor eken, inim! Belläp goý şuny! ...Soň öýden ýeke-ýeke, ojuk-bujuk ýitip ugrady. Bu gün goýan zadymy ertir tapamok. Towuk keteg-ä ilki boşady... Üstesine-de, her gün turamda, görsem, gapyda bäş-on adam durandyr. «Paşaguly aga, Batyr ogluň bizden pylança alandyr» diýip... Şü, Annagurt gysykdan dagy gyşyň güni gar alyp bolýamy, şondanam, elli-altmyşy alypdyr-da bir tärini tapyp... *** Iň berk galalar içinden alynýan eken. Şeýdip, Bally Kaşaň «guluň» pullaryna tarap ahyr ýol tapdy. Olary Paşagulynyň oglunyň eli bilenjik getirtdi. Paşaguly aga bir ýylyň içinde garrady. Bally Kaşaňyň bolsa entegem şol ala-ýazlygy. Hem iýýär, hem gürleýär, hem gülýär. Öňki bolşy ýaly, onuň näme gürläp, nämä gülýänine entegem hiç kim düşünenok. Ýogsam, «Paşagulynyň ogluna dagy, çörege garyp berip öwredendirin... Sen hemişe, hemme zatda birinjidiň. Şu gezegem birinji bol, Paşaguly!» diýip oturanyny aňsalar aňardylaram. Diňe «Paşaguly» diýenine düşündiler. Soň bir gün görseler, Paşaguly aganyň penjireleriniň daşyndaky gözenekleri ýok, soň ýene bir gün ― penjireleriňem birki sanysynyň ýeri hoňkaryp dur. Basym Bally Kaşaň oba göz edip, äpet, iki gat jaý galdyryp ugrady. Ol jaýyň penjireleriniň daşyndaky gözenekler Paşagulyňkydanam berk hem owadan. Howlusynyň agzyndaky demirden guýlan derwezäni dagy, topa tutsaňam, mizejek däl. Paşagulynyň jaýy dargap, kiçeldigiçe, Ballynyň jaýy şonça-da beýgelýärdi. *** ― Hawa, men akmak ekenim, inim! Uly iliň görüp duran zadyny men iň soňda saýgarýan-da... Heniz Alplar obasynyň taryhynda bolmadyk şeýle aýylganç urşuň turanynam men bir ýyl geçensoň bildim. Bu urşa her öýden bir gurban bermeşek boldy. Bizem berdik Batyry... Ýeke ogly! Ýöne, Ybraýym aleýhissalam ýekeje ogly Ysmaýylyň gurbanlyk üçin damagyny çaljak bolanda, asmandan owaz gelipdir: «Dur!» diýip. Bize owazam gelmedi ― gykylygam. Gitdi ― bardy... ― Nirä? ― diýip, Ugurly gözlerini tegeledi. Onuň bar zady ýerli-ýerine gelse-de, gözleri entek oňly ýerine gelmändir, birden-birden agdarylyp-düňderilip, hyrlanyberýär. Soňam birden durlanýar. Paşaguly aga nirädigini aýtman, dymdy. Ol hiç hili sowala mätäç däl bolara çemeli. Ýene başlady: ― Öz ogluňy urmak... öz eliň ýa-da aýagyň ýa kelläň üstünden ýekedaban inderen ýaly ýa-da öz-özüňi dürre gamçy bilen saýgylan ýaly ýa-da «şahseý-wahseýleriň» özüni zynjyr bilen saýgylaýşy ýaly bir zat... Ondanam erbet! Ýaman yzaly! Ogluň endamyndan gögi gider, emma, seň ýüregiňden şo uran taýagyň yzasy gitmez. ...«Kaka jan, meni urma! ― diýdi. ― Meni Hudaý urupdyr, sen bir urma!» diýip ýalbardy. Men şonda-da urdum. Bagyrdyp urdum... «Hudaý seni uran bolsa, biz seni iki urarys!» diýdim. Ertesem, tursam, ho jaýda... ho taýda... ho... ho... ― diýdi-de, Paşaguly aga aglap goýberdi. *** Bally Kaşaňy henizem un satyp baýandyr öýdüp ýören obadaşlary Paşaguly agaň jaýynyň ýykylyp, Ballyň jaýynyň bolsa barha asmana galşyna uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärdiler. Şol tomaşaň gyzgynyna, olar öz ýeňselerinde näme-nämeleriň bolup ýöreninem aňşyrman galdylar. Bir görseler, öz jaýlarynyňam bir çetinden opurylyp, penjireleri hoňkaryşyp barýar. «Wah-h-h!!!» diýip, aýaga galdylar. Emma, indi giç eken. Sebäbi, her obada bir Bally Kaşaň, ýok, her on Batyr başyna bir Bally Kaşaň otyrdy. Bally Kaşaňyň nämä gülýänine Alplar obasy indi düşündi. Düşünibem, ony toýa-märekä çagyrmany goýdular. Bally Kaşaňam özüni çagyrtjak bolup durmady. Çagyrmadam. Çagyrmasa-da, olaryň özleriniň öz aýajyklary bilen geljegini ol gowy bilýärdi. Obanyň birwagtky atly pälwany Rüstem öküzi ol derwezäň agzynda sakçy goýdy, obanyň iň ýarak itinem gapysynda daňdy. *** «Bismilla!» diýip, bilini guşap, orta çykaly bäri ýagyrnysy ýeke gezegem ýere degmedik Rüstem öküzi bir gezek, daş obadan gelen bir pälwan erbet ýykdy. Ýykan-a ýykany, bir gapyrgasynam çatladan eken. Rüstem öküz muňa bir ölüp bilmedi. Gapyrga hiç-le... Emma, bu gapyrga bilen indi töwekgellik edip bolmajagyna-da göreşde köpigören Rüstemiň akyly çatýar. Ynha, günlerde bir gün, Rüstem öküz gazabyna bäs gelmän, namysa çydaman, ýer gemrip ýatyrka, oňa Bally Kaşaňdan çakylyk geldi. ― Rüstem inim, ertir şo pälwanyň obasynda uly toý bolýa, göreşli! ― diýip, Bally Kaşaň buşlady. Bu habara Rüstem öküziň begenmejegini bilip durka-da: ― Haklaşaryn diýseň, maý-a geldi ― diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýdip, Rüstem öküzi birsalym gynandan soňam: ― O toýa ikimiz bile gidýäs! ― diýdi. ― Häzir, ynha, keýpleri bir kökle! Ertirem! Soň nädersiň, şü... Soň, ertesi, Rüstem öküziň o pälwany depesinde näçe gezek pyrlanyny Öküziň özem bilenok, o pälwanam. Ýöne şo pälwanyň şondan soň bir hepdeläp bulamak ýalap ýatan-a hak. Emma, şondan soň Rüstem öküziň özem göreşe ýaramady. Anha, dur indem Bally Kaşaňyň derwezesiniň öňünde gara döw ýaly gazarylyp, käte bir sümügini çekip, öten-geçene gözüni alardyp. Kellede-de ýeke pikir: «Haçan gün ýaşarka, haçan ýeňsämden bir «Gel!» habary bolarka?». Rüstem öküzi bu ýerde daňyp saklaýan ýok. Onuň özi gidibilenok. Bar aýlygy, bar gazanjam ― günde bir çümmüjek «talhan». Ol gerräni çekýärmi ýa-da gerre ony çekýärmi, belli däl, garaz, ikisi bir-birinden aýrylyşyb-a bilenok. Gerre çekende, Rüstem öküz üýtgeşik bir dünýä baryp düşýär. O taýda bar zat gülala-güllük, şadyýanlyk. Soňra oňa şo hyýaly, şeýle owadan hem gaýgy-gamsyz dünýäden häzirki, hakyky, ýowuz dünýä gaýdyp gelmek örän ýokuş degýär. Şol gaýdyp gelişlikden soň, ol gaharyny kimden çykarjagyny bilenok. Aýdyşlaryna görä, adam beýnisi telim ýüz-müňläp, millionlap öýjüklerden ybarat bolup, her öýjükde-de birnäçe pikir hekgerip oturan bolmaly. Meselem, öý hakda, maşgala, çaga-çuga, ata-ene, dogan-garyndaş, goňşy-golam, il-gün, ýurt, Watan, ar-namys hakda... aý, garaz, kän. Ýene-de aýdyşlaryna görä, gerre şol öýjükleri bir çetinden paýhyna berip, diňe özüne gerejiginden galanyny ýok edýän bolmaly. Ine, onsoň, öýjügem ýok ― pikirem. Diýmek, öý-maşgala, çaga-çuga, ene-ata... hiç birem ýok. Diňe gerre bar! ...Rüstem öküz şo bir çümmük «talhan» üçin käte gijelerine-de işlemeli, Bally Kaşaňyň ýerzemininde onuň käbir bergidarlaryny «terbiýelemeli» bolýar. Rüstem öküziň küdüň ýaly ýumrugy birki gezek inip-galandan soň, bergidar bedibagtlar ertir iň soňky balagyna çenli satmaga kaýyl bolýarlar. *** Gije birçene baryp, il ýatyp, it-guş ýygnanansoň, çörek dükanlarynyň bary ýapylyp, alýanu-satýanlaryň hemmejesi süýji uka gidensoň, Bally Kaşaňyň dükanynyň syrt tarapy işläp başlaýar. Tä daň atyp, horazlar azana gygyrýança. Bally Kaşaňam torjagazyny gurup, garaşyp oturandyr. Kän salym geçmänkä, onuň torunyň daş-töweregi wyzzyldydan dolýar. Wyzz-da-wyz-a, hyz-z-da-hyz... Syrtlary ýyrtyk-ýyrtyk ýasama «Montana» balakly, aýaklary şypbykly, gözleri çylpykly, käsiniň goşary, käsiniň tirsekden aşak ýany hapa marly ýa-da kirli elýaglyk bilen saralgy... Bular bu ýere gan aldyrmaga däl-de, aň aldyrmaga gelýärler. Gelip bilen-ä özi gelýär, gelmäge gorkýanlaryň, utanjaňraklaryň dadyna-da Ugurly ýaly aň-huşuny öň aldyranlar ýetişýär. ...Kakasy, ejesi, agasy yzly-yzyna ýogalyp, sopbaş galan Ugurlydan bu işde ummasyz peýda görüp boljagyny Bally Kaşaň birwagt aňyp, ony köçeden ýygnapdy. Çakam dogry çykdy. Näme, ol bedibagtdan, gije bolsun ― gündiz bolsun, «Nirä barýaň? Nireden gelýäň? Nämişleýäň?» diýip sorajag-a ýok. Üstesine-de, ol bir zynjyrlama däli däl, azarsyz-bizarsyz, biçäre sähne... Hyzmatam ― mugt. Diňe ölmez-ödüsini berseň, bolany. «Däliniň belläni ― demirýol» diýlişi ýaly, Ugurlynyňam bir bellän zady ― ejesiniňmi, kakasynyňmy, «Bally daýyň... Bally daýyň...» diýip gürrüň edýäni. Şonuň üçinem, Bally Kaşaň onuň ýegenligini boýun alsa-da, almasa-da, ursa-da, sögse-de, kowsa-da, ýene aýlanyp şoňka baraýýar. Gerek ýerinde-de, ol neresse Bally Kaşaň üçin güýmenje, gülki-tomaşa-da bolaýýar. *** Bally Kaşaňyň salpygulak aw iti bilen Ugurlynyň arasynda geň bir sylaşyk bar. Awyň ölemeni Bally Kaşaň awa gidende, hernä, bularyň ikisinem alyp giderdi. Ol ikisiniň bir wezipesi ― towukdyr towşany örüzip, ürküzip, Bally Kaşaňa tarap kowmak. «A-how, bu birden biziň özümizi atyp goýberibermesin!» diýen pikir ikisiniňem kellesine gelenok. Bally Kaşaň bir zatjagaz urup, «Ýet, getir!» diýse-de, ikisi birden hasanaklaşyp, bir-biri bilen ýaryşyp ylgaýarlar. Köplenj-ä salpygulak ozýar, ýöne Ugurly öňürdip, urlan awy tapyp alaýanda-da, ony salpygulagyň agzyna tutdurýar-da, «Bar, Laýka, sen eltäý!» diýýär. Ýeri, onsoň, ony nädip sylamajak! Bally Kaşaňyň öýünde-de bu ikisiniň hersiniň öz ýagysy bar. Salpygulag-a, bir dalanansoň, howludaky ýarak köpekden, Ugurlam Rüstem öküzden gorkýar. Emma, Ugurl-a ol köpekden, salpygulagam Rüstemden asla eýmenenok. Munuň üçinem ikisi bir-birini biygtyýar sylaýar. Üstesine, ol ýarak köpegem Ugurlynyň iki aýagynyň arasyndaky ýogyn hem uzyn syrykdan gorkýar. Salpygulak janawara başga näme gerek! Bally Kaşaň bir gezekki awda Ugurla hezilden tüpeň atdyrybam gördi. Tüpeň depen Ugurlynyň arkan serrelip gidenini görübem, gülüp içi gyryldy. Şoň üçinem atdyrýa-da... Ýöne soňky gezeklerde, Ugurly tüpeňe öwrenişensoň welin, onuň eliniň şeýle berk, şeýle dürslügini görüp, Ballynyň imany uçdy. Ballynyň üç-dört okda zordan urýan çüýşesini, ol asyl, ýeke okda pytradyp otyr. Bally Kaşaň gaýdyp Ugurlynyň eline tüpeň bermedi. *** Dowamy bar... Kömek KULYÝEW | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |