06:35 Garyndaşlyk / satiriki hekaýa | |
GARYNDAŞLYK
Satiriki hekaýalar
- Amandurdy gurgun işläp ýörenmidir? - Gurgun işläp ýörendir-dä. Ynha, indi iki ýyldyr ýolda-yzda-da gabat gelemok. - Ahaw, hany ol sende işlemeýärmidi näme? - Men-ä ony birçak işden kowdum. - Beh-beý. Ol, näme, düzgüni-dagy bozdumy? - Ýok, düzgüni bozanok. - Näme, aýtmajak bolýamyñ? - Aýdar ýaly, aýtmaz ýaly, näme Amandurdynyñ ilden çykgynç erbet häsiýeti barmy? - Göniñden gelsene, biderek arza ýazandyr-da... - Ýok, eger-eger, 14 ýyl işledi weli, erbet niýet bilen eline galam alan adam däldir. Bir-ä işe girenindäki arzasy, soñam her ýyldaky zähmey rugsadyna çykjak bolanyndaky arzasydyr. - Be, nädäýdiñ-aý?! Onda progul bolandyr. - Eger-eger. Sagar 9 bilen 6-nyñ arasynda ol bende kakylgy gazykdyr. Iş stolundan turmasy bolmaz. - Beh, sen-ä perişdäñ bäri ýany etdiñ goýaýdyñ. - Bolmalysam şeýle-dä. Işine ökde, iş wagtyna jür. Kollektiwde özüni göreldeli alyp barmakda Amandurdy çeniñ-çakyñ däl. - Aragam içenokmy?! - Näme içmän. Eýsem meñ özüm içemokmy ýa seb içeñokmy?! - Biz içsek toýda-tomguda, baýramçylykda il ugruna altmyş gram içýäs-dä. - Biz altmyş gram içsek, Amandurdy elli gramjyk dadýar. - Diýmek, onda ony hiç sebäpsiz işden kowupsyñ-da? - Şeýle boldy-da... - Ýerine alanyñ oñarjamy onsoñ? - Gaty beýle däl. - Iş oñaranokmy?! - Wah, oñ bilen oñuşjak-la. - Näme, işe wagtynda gelenokmy?! - Onsy bilenem ylalaşýan. Awansyny, aýlygyny, baýragyny jemläp, häzir öýüne özüm alyp barýan-a. - Näme, içegenmi? - Öte-le. Huşagetirijiden hoşlaşman, agşam ýene gelerin diýip gaýdýanlardan. - Beýle bolsa işden gümüni çekip bolanokmy?! - Kowmak añsat-la. Ýöne kadrlary terbiýelejek bolmaly-da. - Wah, oñaryp bolsa oña ýetesi zat barmy? - Hötde geljek bolmaly-da. Baýramalydaky bejeriş-zähmet profilaktoriýasyna hem iberdim. Bir hepde-de çydaman, gaçyp gaýdypdyr. Ýagşy onda, Atadurdy, hoş. Men-ä indi şu ýerde awtobusdan düşmeli boljak. - Näme, keýpinemi, gezelençmi?! - Şol ýañky, soñky aldym diýen işgärimiz hol obada ýaşaýar. Gyzym şoñ gelni. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||