GARYNLARYNY DOÝURMAK ÜÇIN SOPULARYÑ ÖZ ÝOLDAŞLARYNYÑ EŞEGINI SATYŞLARY HAKYNDA HEKAÝA
Sen bu hekaýaty sakla gursakda,
Ol köre-körlügiñ zyýany hakda.
Bir dili senaly Hudaýhon sopy
Düşledi bir jaýda ýol ugrundaky.
Bir ýerde oñ köne tanşy ýaşardy,
Oñam bir hor düşen eşegi bardy.
Eşek öläýmesin-diýip-ajyndan,
Ugruna seredip başlady çyndan.
Garaz, hor eşegiñ idegi ýetdi,
Ol gün-günden semräp, özüni tutdy.
Jaýy, maly goýup hyzmatkärine,
Sopy rowana boldy ýoluna.
Alnyñda niçiksi täleýiñ baryn
Ýamanam däl owalyndan añmanyñ.
Şo golaýda it deý aç, hor derwüşler
Birnäçe gün bäri ýaşap ýörmüşler.
Bilýäris biz - erbet açlyk-horlugyñ
Añmaz garyp-gasarlaryñ ahwalyn.
Ana, şol derwüşler maslahat kylyp,
Özgäñ eşegini satmakçy bolup,
Öz aralarynda dil düwüşdiler,
Şeýdibem, şum işe başyn goşdular.
Ol eşegi satyp, köp zat aldylar,
Iýer ýaly azyk-owkat aldylar.
Öz merhum tanşyny ýat eden sopy,
Onuñ eşegini ideden sopy
Beýlekileñ arasyna goşulyp,
Gezip ýördi olañ biri dek bolup,
Aç derwüşler indi düýpden başgady,
Ýerli-ýerden şowhun turzup başlady.
"Dişimiziñ kirin sorup ençe gün,
Ýetdik biz hetdine öljek-öljegiñ.
O bela-ha başymyzdan sowuldy,
Bol iýip-içmäniñ pursady geldi.
Tañry dözmez öz ýaradan zadyna,
Alkyş baryn aýdýas Onuñ adyna".
Iýip-içip, keýpden çykdy derwüşler,
Ol sopa-da gülüp bakdy derwüşler.
Hödür edip oña hormatly orun,
Berdiler iýmitleñ tagamly ýerin.
Gerk-gäbe doýup iýer-içerden,
Olar tans etmäge başlady birden.
Keýpi kök derwüşleñ şaññy sesinden,
Aýaklarnyñ batly tapyrdysyndan
Haýran edip eşideni,, göreni,
Tozan gaplap aldy daş-töweregi,
Ýaşansoñlar ömür gedaý durmuşda,
Öý-öwzarsyz hem eleşan görnüşde,
Käbir derwüşleriñ garny doýsa, bes,
Şondan başga zady eýlemez höwes.
Bakman öz gözgyny ýagdaý-halyna,
Ýürek bilen uýup Hakyñ ýoluna,
Şeýtanyñ mekrine-alyna gitmän,
Dürs ýoldan sowulman ýörenler köp däl.
Köp derwüşler saýlasa-da bu ýoly,
Kalplary her hili şumlukdan doly.
Gizlin däl doklugyñ oñat zatdygy,
Köpe çekdi derwüşleriñ şatlygy.
Dep kakyp, ýer depip, serden geçdiler,
"Eşek ýitdi!" diýip, gygyryşdylar.
Bu şagal mesligniñ şaýady bolan -
Biziñ sopymyzam içinde olañ.
Kem galar ýaly däl hiç birisinden,
"Eşek ýitdi, eşek ýitdi!" sesinden
Jaýyñ içi durşy bilen zenzele,
Olam deñ gygyrýar derwüşler bile.
Şeýdip, gije geçdi, jahan ýagtyldy,
Indi ýola düşmek pursady geldi.
Biziñ sopymyzy goýup haýrana,
Dargady derwüşleñ hersi bir ýana.
Olam ugramagyñ pikirni edip,
Başlady dessine ýol şaýyn tutup.
Ol köne tanşynyñ öýüne gelip,
Goşlarny eşege ýüklärmen bolup,
barsa, eşek nire? Ýatagy boşdy,
Birden oñ kalbyna gulgula düşdi.
Goşgular