16:25 Gatykly galmagal / satiriki hekaýa | |
GATYKLY GALMAGAL
Satiriki hekaýalar
Siz gatykly aş diýip eşidensiňiz, emma gatykly galmagal diýen sözüň siziň üçin geňräk eşidilmegi mümkin. Men agşamara konsertiň öňýanynda naharhana bardym. Näme iýmeli? Näme iýmeli däl? Äpet sorag belgisi açlykdan ýaňa ümezläp duran gözlerimiň öňünde çalaja sudur bolup görünýärdi. Borşş iýmelimi?! Biz oňa borşş däl-de borç diýýäs. Ony iýmekligi bolsa herkesiň mukaddes borjy hasap edýäs. Ýok, şeýle-de bolsa men borşş iýjek däl, besdir şunça ýyllap iýenim. Iýerdim eger naharhananyň direksiýasy meni höweslendirse, «Otuz ýyllap birkemsiz yrman zirk ýaly borşş iýenligi üçin» diýen hormat hatyny berse. Şşi iýmelimi?! Onam iýjek däl. Şşi diýmek işşi diýmek, terjime etsek, gözle diýen manyny aňladýar, ýagny içinden kelemiň özenini gözle diýildigi bolýar. Eger naharhanalar tresti «Şşi iýmekde şöhrat gazanan» diýen at bersedi, men iýerdim. Ýogsam iýjek däl, onsoňam konsertiň öňýanynda naharhananyň suwly naharyny iýip, hyklap, julk-julk edip oturmagam gelşiksiz. Özümem ikibaka yranyp saz çalýan sazanda. Uzak wagtlap pikir edenimden soň, men ahyrsoňunda belli bir karara geldim. Gatyk iýmeli, gatyk. Örän oňat pikir. Sebäbi Azerbaýjandaky, Abhaziýadaky 150 ýaşy beýläk atýan pyýadalar hemişe agşamlaryna diňe gatyk iýýän ekenler. Olar ertirlik naharyňy doganyň bilen, günortanlyk naharyňy dostuň bilen iý, agşamlyk naharyňy duşmanyňa ber diýip, gatyk iýýän ekenler. Menem şol pisint adamlardan özüm. Agşamlaryna diňe gatyk iýip, 200 ýaşamagy özümde borç edinip goýdum. Ýöne men agşamlyk naharymy duşmanyma beremok. Sebäbi bu jelegaýda meň duşmanym ýogam. Şoň üçin men agşamlyk naharymy holodilnikde goýaýýan. Irden gyzdyryp iýýän, wessalam. Hawa, men naharhana baryp, bir stakan gatyk aldym-da, boş stollaryň birini eýeledim. Gatykdan owurtlanymam şoldy weli, gözlerim peträp, hanasyndan daşary zompa çykaýdy. Asyl olar ýaňaklarymyň ýüzünde gökje damardan asylyşyp dursalar nädersiň. Turşy nar, zirk ýaly limon, bişmedik ülje, heniz alagta-da bolmadyk erik dowçasy dagy ýaňky gatygyň ýanynda allanäme süp-süýji bir zat-da. Men uzak wagt ejir çekip oturmadym-da naharhananyň direktoryny ýanyma çagyrdym. Gaba saçly, daýaw, intelligent adam ýanyma geldi. Men ony daşyndan tanaýan. Oňa Oraz aga diýýärler. ― Hawa, han ogul, nägile bolýan zadyňyz näme: aýdyp oturyň, eşideli ― diýip, direktor maňa ýüzlendi. Men arzymy beýan etdim. ― Ýoldaş direktor, bu gatyk diýip satýan zadyňyz-a deri eýläbermeli tüýs aşgar-la ― diýip, gatykly stakany oňa tarap süýşürdim. ― Ýok, ýagşy ýigit, beýle bolmaly-ha däldir. Biz bu hepdäniň içinde gatyk alamzok ahyry ― diýip, direktor aşpeze tarap seretdi. ― Gatyk almadyk bolsaňyz, onda, belki, aşpeziň öz sygry bardyr, ol güžžül-güžžül edip sagýandyr ― diýip, men degişme äheňinde aýtdym. ― Höwlüm-höwlüm diýip hiňlenýändir ― diýibem sözümiň yzyny ýetirdim. ― Näme, gatyk zaýalanypmy ― diýip, direktor boş oturgyja geçip oturdy-da, gatygy ysgap gördi. Ýüzüni erbet kürşertdi. ― Ýeke owurtlamda gözlerimi çykardy, otuz ikimi gamaşdyryp, otuz iki günläp duz datmaz ýalt etdi, ýagyrnymy jümşüldedip, edil gerşine alahekge gonup çokýan ýagyr eşege dönderdi ― diýip, men jan ýandyryp gürrüň berdim. Meniň bu sözüme direktor tas pyňkyrypdy. Keseden biri «Görýäňmi, artist-dä, gep tapaýşyny» diýip lak atdy. ― Aý, han ogul, baryny beren uýalmaz diýipdirler ― diýip, direktor ellerini owkalady. Onýança «Konsert başlanýar!» diýip biri gygyraýdy. Menem howlukmaç turdum. Ýaňky gatygy ýatladygymça-da agzym suwdan dolup, ernimden şabyrdap gyllygym akýardy. ― Sen häzirki konsertde esasy sazandaň biri bolmaly, beýleki tüýdükçimiz bufetden köne balyk iýip, zäherlenip keselhana düşüpdir ― diýip, režissýor maňa bil baglaýandygyny duýdurdy. ― Hany, tüýdügiňi sazlaşdyr bakaly, basymam konsert başlanýar ― diýip, ol aýtdy. Meniň bolsa agzymdan sary suw gelmäge başlapdy. Dilli tüýdügi üfläp gördüm, eger-eger, ses-üýn ýok. Başga wagty sesi dünýäni göçürýän tüýdük lal-jim. Hany «Ageşekli», hany «Aýjemal», ol sazlardan nam-nyşan ýok. Tüýdük dymýar. Hatda garnyndan basylan gurbaga ýaly «gur-r-r» hem edenok-da. Gaýtam beýle tarapdan suw pürkülip başlady. Muňa-da girrik režissýorymyzyň geldi gahary. ― Han ogul, bu nä boluş? ― diýip, režissýor ýeňsesindäki galanja saçynam ýolup başlady. ― Konserti ýatyrdanyň üçin, tomaşaçyny mähetdel edeniň üçin muzduň KZOT-yň iň ýowuz maddasy bolar, han, hany, ugra şu ýerden, görünme gözüme! ― diýip, ol meni kowdy. Men gaharyma ýene naharhana geldim. Ýaňy gatykly galmagalyň yzyny, ikinji seriýasyny dowam etdirip ugradym. ― Getiriň fakturaňyzy, narýadyňyzy, nämäňiz bolsa getiriň ― diýdim. Naharnahada galagopluk döredi, ähli sülsady aýaga galdy. Herkim ýuwusgadan ätlän ýaly reňkini ak tam edip daşymda pelesaň kakýardy. Birdenem olaryň reňki düzeläýdi. Direktor ýanyma gelip: ― Han ogul, hormatly müşderi, halypa tüýdükçi, biynjalyk bolmaň, siz bir stakan gatyk alyp on köpük töläpsiňiz, ol-a kyrk köpük bolmaly ekeni. Ýene-de otuz köpüjegi kassajyga töläpjik, abraý bilenjik gidäýseňiz, gowy bolarmyka diýen hoşniýetli pikir meni gurşap aldy diýsem, öte geçdigim bolmazmyka diýip umyt edýärin ― diýip, sözlerini çeýnäp-çeýnäp aýtdy. Sebäbi ol uniwersitetiň ýanyndaky naharhananyň direktory bolup işlän döwründe filologiýa fakultetini gutaryp diplom alypdy. Oraz aga gaharyndan ýaňa titreýärdi: ― Özüňizem tüýdügiňizi Sarygamyşyň çybynlaryna çalyp beräýseňiz, ýagny medeniýetli edip aýtsam, daşrakda zorruldaýsaňyz kem bolmazdy ― diýdi. Menem kejeňekligime tutdum. ― Ýoldaş direktor, bir stakan gatyk on köpük, şonam öň töläpdim, indiki otuz köpügiňizi eger top süränem gelse tölejek däl ― diýdim. ― Han ogul, hat okap bilýäňmi?! ― diýip, direktor titr-titr etdi. ― Hawa, onýyllykdan soňam sazçylyk uçilişşesini tamamlapdym ― diýdim. ― Tamamlan bolsaňyz, äýneksiz görüp bilýäňizmi?! ― diýip, direktor üstüme abandy. ― Görýän ― diýip, men oňa tarap owsun atdym. Şondan soň direktor maňa narýad-fakturyny görkezdi. Men ony okap, urgany üzülen öý ýaly lagşaýdym. Gözlerim garaňkyrady. Sowuk der geldi. ― Ä-hä, han ogul, ýykylan göreşden doýmaz diýlişi ýaly ýene dawa-jenjel meýliň barmy?! ― diýip, direktor dokumentleri aşpeze äberdi. Asyl häliden bäri gatyk diýip, uly goh turuzup, ala-galmagal edip oturan zadym gatyk däl-de, gaýmak bolsa nätjek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |