14:26 Gaýdyp gelmek | |
GAÝDYP GELMEK
Goşgular
Käre şeýle bolýar, alaç ýok oňa, Hiç ýetip bileňok öňden bellänňe. Garaşmadyk zadyň çykýar ýoluňdan, Garaşmadyk pikriň gelýär kelläňe. Menem agşam kän oýlandym. Bir goşgy ýazmakçydym. Arman, arzuw paşmady. Hyýalymda birmahalky tanyşlam – Ölenler dirilip gezip başlady. Olaryň her haýsy bir ýoldan gitdi, Her haýsy bir zadyň yzyn-yzlady. Açlygyndan ölen husyt, dirikä Gömüp giden baýlygyny gözledi. Ahyram tapdy ol. Soňra kepennem Çykardy-da gömdi, dyzyn epmedi. Gitdi köne donly, ýönekeý biýzä Husyda görde-de nesip etmedi. Aýsyz gijeleri ýüzüne sylan Ogry ogrulykda tutuldy ýene. «Senden ozal zordan dynypdyk» diýip, Südürläp eltdiler gelen ýerine. Ölmänkä özüni Hudaý hasaplan Şahyram heýkelin synlamakçydy. Özi hakda soňky dörän nesilleň Düzen aýdymlarny diňlemekçidi. Bolmady, adynam eşdip bilmedi Bir günlük şöhrata ynanan şahyr. Özüniň wagtynda ýogalandygna Begenip, yzyna dolandy ahyr. O senetkär bolsa dirikä özün Ýönekeýje ussa hasap edipdi. Ölümne däl, işin soňlap bilmänne Başyn ýaýkap, bu dünýäde gidipdi. Häzirki diriliş pursadynam ol Bagyşlady soňlanmadyk işine Gutardy, ýürekden şatlandy ýigit, Ýaş goşulan ýaly boldy ýaşyna. Gaýtmakçydy. Birden gözi kaklyşdy. Bir äpet heýkel bar: – Be! Men ýaly-la? «Hawa, men seň ömrüň dowanty» diýip, Heýkel süýşüp geldi onuň ýanyna. Heýkel süýşüp geldi onuň ýanyna, Ýadaw ýigit synlap, göwün hoşlady. ...Şeýdip, hyýalymda köne tanyşlam – Ölenler direlip gezip başlady. Oýlandym. Begendim diri biz heniz, Ýöne ýürek baky urmaz gursakda. Biriniň aňynda janlansak soňra, Nämeler görerkäk?.. Oýlan, pursat bar! Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |