09:12 Gaýyp bolan çagalygmyz | |
GAÝYP BOLAN ÇAGALYGYMYZ
Goşgular
![]() Ikimize ejemiziñ, Gujak geren günlerini. Seniñ diñläp, meñ erteki, Aýdyp beren günlerimi. Bolsady yzyna dolap. Ýagyş ýagsa heýjanelek, Oýnardyk bukuldym bilen, Gözdañdy hem elek-çelek. Gar ýaganda gar tokgalap, Gardan adam ýasaýşymyz. Ýadyñdamy? Gyş gijesi, Öýe odun daşaýşymyz. Odun peçde odun ýakyp, Çoýunardyk añzak gyşda. Ertekileñ iñ ýagşysyn, Uklardyk biz eşde-eşde. Gidip ýazda kömelege, Gijä galyp egleneñde. Unudardym ähli kinäm, Ahyr yza köwleneñde. Özgeripdir ähli kada, Öýüm, ojagym başgalap. Indi mydam egleneñde, Men däl, garaşýar maşgalañ. Bagra bassam perzentleriñ, Çagalygmyñ yzyn görýän. Ýaradana müñ şükürler, Bir eýjejik gyzyñ görýän. Gözlemäli özge ýerden, Gaýyp bolan çagalygmyz. Megerem bu ikimiziñ, Gaýdyp gelen çagalygmyz. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||