18:17 Gazagystan. Iki döwüñ arasynda ýoluny tapyp bilmeýän ýurt | |
GAZAGYSTAN. IKI DÖWÜÑ ARASYNDA ÝOLUNY TAPYP BILMEÝÄN ÝURT
Publisistika
2021-nji ýylyñ 16-njy dekabrynda Garaşsyzlygynyñ otuz ýyllygyny baýram eden Gazagystanyñ häzirki bolşy 2.7 million km² meýdany bilen ymgyr uly, asuda ýagdaýda sessizligiñ we parahatçylygyñ adasyna meñzeýär. Soñky otuz ýylyñ içinde bu ýurtda türki we dünýä jemgyýetçiliginiñ ünsüni çekip biläýjek (Gyrgyzystandaky halk tolgunşygy ýa-da sosial sarsgynlar ýaly) hiç hili uly möçberli wakalar bolup geçmedi. Muña garamazdan bu ümsümligiñ ýalñyşdyryjy tarapynyñ bolşy ýaly howatyrlandyryjy taraplary-da bar. Ýalñyşdyrýan tarapy - otuz ýyl bäri, özgerişlikler, azatlyk, demokratiýa we adam hukuklary ýaly siwilizasiýalaşan dünýä mahsus normalaryñ we gymmatlyklaryñ durmuşa geçirilmegine uly umyt bilen garaşan gazagystanlylar lapykeç halda. Sowet diktaturasyndan halas bolan halk azatlyklara gurşalan ýurduñ gurulmagyna garaşdylar, gaýtam tersine, ýurt hemme zadyñ bir adamyñ we onuñ ýakyn adamlarynyñ öñünde eglip duran modern hanlyga öwrüldi. • Syýasy basyş atmosferasy Gazagystana täze gelen daşary ýurtly biriniñ ýurtdaky syýasy atmosferany, häkimiýetiñ halkyñ üstündäki basyşyny şobada duýmasy mümkin däl. Döwlet ýolbaşçysynyñ ullakan portretini ýa-da heýkelini görmek üçin Almatynyñ ýa-da Astananyñ köçelerinde gezmegiñiz gerek. Emma ýurduñ üstünde agyr basyş bar we bu häkimiýetiñ gözi J.Oruelliñ "1984" romanynda suratlandyryşy ýaly hemişe, her pursatda siziñ üstüñizdedir. Şonuñ üçin ýerli gazaklar daşary ýurtlylar bilen gepleşenlerinde diýseñ ätiýaçly we ünsli gepleşýärler. Sebäbi gepleşýän daşary ýurtlyñyzyñ KGB-niñ jansyzy bolup çykaýma ähtimallygy bardyr. Herhal adamlar nägileliklerini sosial mediýada dillenmekden çekinenoklar. Sebäp diýseñ, wirtual dünýä adamlaryñ öz pikirlerini erkin beýan edip bilýän ýeke-täk ýeri bolup durýar. Hökümetiñ sosial mediany doly gözegçiliginde saklap bilmejegini gowy bilýän ýaşlar pursat tapdyklaryndan nägileliklerini orta döküp durlar. "Freedom House"-niñ 2020-nji ýyldaky habarnamasyna görä, Gazagystan metbugat we söz azatlygy boýunça 100 ýurduñ arasynda 85-nji ýerde durýar. Ýagny, Gazagystan sözüñ doly manysynda metbugat we söz azatlygynyñ bolmadyk ýurdy. Gazak hökümeti söz azatlygyny hasam gysmak üçin her gün täze çäreler kabul edýär. Bulardan biri-de ýakynda işlemäge başlan senzura gullugydyr. Mundan beýläk žurnalistler belli-belli temalara ýüzlenmek üçin senzura gullugynyñ razylygyny almaly bolarlar, şeýdilmedik ýagdaýynda kanunyñ bozuldygy hasap edilýär. • Parahorlyk we korrupsiýa Parahorlyk Gazagystanda durmuşyñ aýrylmaz bölegi. Döwlet edaralaryna işi düşýän islendik kişiniñ ýoly paradan geçýär. Emma gazak hökümetiniñ soñky ýyllarda kabul eden öñüni alyş çäreleri netijesinde ownuk-uşak parahorlygyñ kynlaşýandygy aýdylýar. Orta we uly göwrümli parahorlyk welin gyzgalañly dowam edýär. Däp bolan parahorlyk mehanizmi şeýle işleýär: Prokuror gowy işleýän restoranyñ ýa-da dükanyñ eýesinden gündelik düşýän girdejiniñ belli bir bölegini talap edýär. Telekeçi görgüli mundan ýüz dönderdigi - işiniñ gaýtdygy. Dessine barlag üstüne barlag dökülýär we telekeçiden hökman bir kemçilik tapylýar, ýa-da "kemçilik" toslanyp tapylýar-da, telekeçiniñ aşagyndan çykyp bilmejek uly jerimesi salynýar. Telekeçiniñ degişli prokuroryñ üstünden ýokary gulluklara arz edeniniñem hiç hili haýry ýok. Sebäp diýseñ, şol prokurordan ýokarda oturanlaram bu zatlaryñ barsyndan habarly we olaram öz gezeginde paradan paýlaryny alyp durlar. Bu meselede köp dile düşýänleriñ birem Nursoltan Nazarbaýewiñ inisi Bolat Nazarbaýew. Elli bäş ýaşly Bolat Nazarbaýewiñ girdejisi gowy köp sanly hususy kärhanalary we zawod-fabrikleri gorkuzyp, döwlete degişli birnäçe ýeri ele geçirendigi aýdylýar. Almatyda täze açylan uly "Grand Park" söwda merkeziniñem Bolat Nazarbaýewe degişlidigi hakda gep-gürrüñler bar. • Ilaty Gazagystan Hytaýyñ ýa-da Hindistanyñ ululygyna golaý meýdany eýeläp oturanam bolsa, ilatynyñ sany 18 million töweregi. Sowet döwründe Moskwanyñ alyp baran kolonial syýasaty netijesinde öz watanynda diaspora ýagdaýyna düşen gazaklar häzir 72%-e çykyp, ruslar 20%-e çenli peseldi. Ilatyñ galan bölegini ownukly-irili 100-e golaý halk düzýär. Bularyñ iñ esasylary uýgurlar, tatarlar, özbekler, kawkazlylar we koreýlerdir. Ilatyñ agramly bölegini düzýän gazaklar öz aralarynda şäherlilere we obalylara bölünýär. Oba ýerlerindäki we posýoloklaşan ýerlerdäki bilimi pes, eklenji az gazaklaryñ hemmesi diýen ýaly gazakça gürleýär, şäher ýerlerindäki geýnüwli zamanabap gazaklaryñ gepleşik dili bolsa rusça we olaryñ hiç biri gazak dilini bilenok. Iki gatlagyñ arasynda göze görünmeýän diwar bar, iki tarapam biri-birlerini başga dünýäleriñ adamlary hasaplaýar. Obaly gazaklar şäherli gazaklary assimilleşen, ýok bolan jemgyýet hasaplasa, şäherli gazaklar obaly ildeşleri bilen bir ýurtda ýaşaýandygyna utanýar we olara ýokardan seredýär. Muña garamazdan her iki gatlagam iñ soñky derejede nasional duýgulara eýe, olar ýurtlaryna garşy iñ ownuk ýerliksiz tankyda ýa-da hüjüme garşy dessine goraga geçýärler. Olar üçin Gazagystan - ähli çekişmelerden, çaprazlyklardan we ideologik aýratynlyklardan ýokarda saýylýan mukaddes gymmatlykdyr. • Gazaklaryñ rus söýgüsi Gürrüñsiz, Russiýa - Gazagystan üçin dünýäniñ iñ ähmiýetli ýurdy. Şonsuzam Gazagystan bilen 7600 km² araçäkleşýän Russiýa bu ýurduñ iñ uly söwda, harby, syýasy ykdysady partnýory bolmagynda galýar. Gazaklaryñ iñ gowy görýän halky-da ruslar. 250 ýyla golaý wagt golastynda bolanam bolsalar, ruslardan nägile ýa-da Russiýany özlerine howp hasaplaýan gazaga duşmak kyn. Tersine, rus kolonializmi we assimilizasiýasy şeýle bir şowuna bolupdyr welin, häzirki wagtda döwrebabyndan dindaryna, obalysyndan şäherlisine, işçisinden işewürüne çenli jemgyýetiñ hemme gatlagyndan bolan gazaklar Orsyýede we rus medeniýetine söýgi bilen garaýar. Gazak ilatynyñ üçden birini emele getirýän döwrebap gazaklar ene diliniñ deregine rusça gürleýär we öz ene dillerini bilmezlik olary hiç hili ynjalykdan gaçyrmaýar. Tersine, rusça geplemek - olaryñ özlerini hasam döwrebap duýmalaryna we döwür bilen aýakdaş gitmeklerine ýardam edýär. Gazagystanda adamlar öñki öwrenişen häsiýetleriniñ dowamy hökmünde hemme zada rus penjiresinden garamagy gowy görýärler. Gazak jemgyýetçiligi garaşsyzlygynyñ üstünden otuz ýyl geçendigine garamazdan, häzirem dünýä habarlaryny rus metbugatyndan öwrenýär. Ýerli metbugatyñ özüniñem bu babatda öwerlikli ýagdaýy ýok, bolaýanda-da häkimiýetiñ gözegçiliginde tarapgöý gepleşikleriñ berilýändigi sebäpli, olaryñ halk köpçüliginiñ arasynda ygtybary ýok. Gazagystanyñ aglaba köpçüligi (az sanly adamlaryndan başgasy) Russiýany Gazagystany islendik howp-hatardan goraýan hossar "agasy" hökmünde görýär. Bir topary Russiýa bolmasa Gazagystanyñ häzirki garaşsyzlygyny dowam etdirip bilmejekdigini, ýerleriniñ ABŞ, Ýewropa Bileleşigi ýa-da Hytaý ýaly uly güýçler tarapyndan böleklenip, talanjakdygyny oýlaýar. Täsin ýagdaý: birküç sanysy bolaýmasa, gazak halky Russiýanyñ sowet giñişligindäki basybalyjykly hereketlerinden we harby operasiýalaryndan ynjalyksyzlyk duýmaýar, tersine, gaýtam olaryñ käbiri Krym okkupasiýasyny dogry çäre hasaplaýar. Köp sanly gazagyñ pikiriçe, Krym öñdenem ruslaryñ ýeridi we Russiýanyñ gaýtadan ol ýerlere eýe bolmagyndan kanunalaýyk zat ýok. • Hytaý bilen gatnaşyklar Gazagystan üçin Russiýadan soñky iñ esasy ýurt onuñ günorta-gündogaryndaky Hytaý Halk Respublikasydyr. Gazagystan üçin Russiýa sebitiñ goragçy polisiýasy, Hytaý bolsa bankydyr. Hytaýyñ iñ zerurlyk duýýan iki zady Gazagystanda artykmajy bilen bar. Bularyñ birinjisi energetika, ikinjisi bolsa ýer. Seýrek ilatly gazak sähralary, ýurduñ çogup ýatan energetika çeşmeleri, heniz el degrilmedik ýerasty baýlyklary Hytaýyñ işdäsini açýar. Garaşsyzlygynyñ ilkinji ýyllaryndan başlap, Gazagystan Hytaý bilen bir topar söwda, ykdysady we maýa goýum şertnamalaryny baglaşdy. Häzirki wagtda Hytaýyñ Gazagystandaky maýa goýumlary milliardlarça dollara ýetýär. Gazak nebitiniñ üçden bir bölegi Hytaýa akýar. Häzir Gazagystandan Hytaýa akýan nebit geçirijilerine ýanaşyk demir ýollar we gara ýollar geçýär. Pekinden Londona uzaýan 15 müñ kilometrlik demir ýoluñ 2 müñ 500 km-i Gazagystanyñ içinden geçýär. Hytaýyñ daş-töweregine gol-pudak ýaýratmagy ruslaryñky ýaly tanklar bilen däl-de, ýurtlaryñ tebigy baýlyklaryny söwda ylalaşyklaryny baglaşmak arkaly ele geçirme görnüşindedir. Hytaýyñ Gazagystanda bu babatda gol gowşuryp oturmaýandygy belli, ýöne Hytaý Gazagystany we onuñ "uly agasy" Russiýany birahat etmejek şekilde diýseñ assa-ýuwaşdan we eserdeñ hereket edýär. Şeýle-de, Hytaýyñ birnäçe ýyl öñ Gazagystanda örän uly ekerançylyk meýdanlaryny 50 ýyllygyna kärendä almaga synanyşmagy güýçli garşylyga uçrapdy. Birnäçe şäherde Hytaýa kärendesine ýer berilmegine garşy köpçülikleýin çykyşlar bolup gecdi, ýagdaý şeýle bolansoñ Prezident N.Nazarbaýew agzalyp geçilen şertnamany 2022-nji ýyla çenli togtatmaga mejbur boldy. Gazaklar bu synanşykdan häzirem gahar-gazap bilen söz açýar. • Nazarbaýew we onuñ üýtgeme ähtimallygy Gazagystan diýlende, türki we dünýä jemgyýetçiliginiñ göz öñüne gelýän birinji zat - 1989-njy ýyldan bäri ýurduñ jylawyny elinde saklap gelýän Nursoltan Nazarbaýewdir. 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan edenden bäri ykdysady liberallaşma we syýasy awtoritarizmden ybarat hytaý modelini güýje girizen Nazarbaýewiñ gazanan iñ uly üstünliginiñ biri-de, ownukly-irili 100-den gowrak halklardan we etniki toparlardan ybarat köpmilletli gazagystanlylary bir supranyñ başynda etniki tarapdan agzybir saklap bilmegidir. Soñky otuz ýylda birnäçe öñki sowet respublikalarynda bolup geçen gandöküşikli wakalary nazara alanyñda, bu artykmaçlyga göz ýumup geçip bolmaz. Onuñ ýene bir üstünligi bolsa, diaspora ýagdaýyna düşen gazaklaryñ sanyny ruslarw we beýleki halklara ala bakmazdan yzygiderli artdyryp, häzirki wagta çenli 72%-e geler ýaly etmegidir. Nazarbaýewiñ adyna ýazyp boljak ýene bir belläp geçmeli üstünlik bolsa, ýurduñ paýtagtyny Hytaýyñ çägine golaý ýerdäki Almatydan ýurduñ ortasyndaky Astana şäherine göçürmegidir. Şeýle-de bolsa, Nazarbaýew nebite baý ýurdunda ykdysady galkynyşy döredip bilmeýşi ýaly, ýurduñ uç-bujaksyz ýerasty baýlyklaryndan düşýän girdejini halka deñgyrañly we adalatly paýlap başarmady. Muña derek Nazarbaýewiñ özüniñ we maşgala agzalarynyñ ady dürli korrupsiýa wakalaryna we syýasy skandallara köp bulaşýar. Nazarbaýewiñ otuz ýyllyk hökmürowanlygyndan bizar-peteñi çykan gazagystanlylar wagtal-wagtal o taýda-bu taýda ownuk-uşak çykyşlar bilen orta çykyp, nägileliklerini dile getirip başladylar welin, üýtgeşme üçin inçe umyt döredi. Halkyñ umydy we tamasy - Günbatarda bilim alan, modern dünýäni bilýän we ösen tehnologiýa düşünýän täze nesilden biriniñ ýurduñ dolandyryşyny ele almagydy. Halkyñ nägileligini gören Nazarbaýew gartaşan ýaşynyñam berýän ýadawlygyndan ýaña (82 ýaşynda) duýdansyz wezipesinden gidenem bolsa, ýurduñ jylawyny elden bermedi. Öz ornuna hemişe arkasyndan özüniñem dolandyryp biljek wepaly ýakyn adamy häzirki Prezident Kasymjomart Tokaýewi oturtdy. Tokaýewiñem wezipä gelip birinji eden işi, ýurduñ paýtagtynyñ adyny üýtgedip, Nursoltan etmegi boldy. Şeýdibem, gazagystanlylaryñ üýtgeşmä garaşan umyt-tamasy puja çykdy. Emma çuññur lapykeçlige gark bolan gazagystanlylaryñ häzirki sessizligi gowulygyñ alamaty däl. Ýagdaý hamana uly harasadyñ öñinçäsi bolýan ümsümligi ýada salýar. Nämeleriñ bolup geçjegini wagt görkezer, biziñ paýymyza garaşmak düşýär. Esedullah OGUZ, owganystanly türkmen žurnalisti. 19.12.2021 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |