16:41 «Gelin» / ýumoreska | |
«GELIN»
Satiriki hekaýalar
― Halypa, aýak çeksene, men saňa «Horaz» sesini eşitmedik bir täzelik aýdaýyn. ― Arkamda bir ganar «Ak altyn» bar-da. ― Goý, ol şu ýerde «Dursun». ― Onda «Gündogara tarap on ädim» süýşeli. ― Ýok, ozalky süýşenler näme tapdy. Gel, duraly, «Aşyr aganyň hötjetligini» etmesene. ― «Japbaklar» ýaly ili güldürip durmaly, aýdyber bakaly, eşideli. ― Eşider bolsaň, men şeýle bir wepaly, şeýle bir akylly «Gelin» gördüm. ― Be, beýle «Gelin» haýsy maşgalada gördüň? ― Iki gezek 25-iň jeýhuny bolan Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda. ― Ol maşgala «Ýuwaş gelinmi?». ― Nädip tarypyny ýetdirjegimi bilemok-da. «Ýuwaş gelin-ä» däl, başga hili asylly häsiýeti bar. ― «Uzakdaky gelinlikli?». ― Ýok, öz-ä golaý ýerden, gum içinden bolmaly öýdýän. ― Adyna «Dursun» diýilýämi? ― Ýok, «Dursunam» däl, «Aýna-da» däl. ― Aý, onda «Şükür bagşyň» bir zatlarydyr. ― Däl, bilmediň. ― «Magtymgulynyň» bir zady bolaýmasyn. ― Asla golaýlaşmadyň. ― Bildim, bildim, ol-a «Gyrnak» bolmaly. ― Beýle çaklap urmasana. ― «Ak altyn» ussadymy? ― Däl. ― Käri «Prokurormy?». ― Ýok. Bir ýaşulynyň frontda wepat bolan «Çopan oglunyň» sarpasyny saklap, «Maşgala namysy» üçin otyr. Onuň söýgüli ýary «Ýalynly furgonyň ýoly» bilen «Aýratyn tabşyryk» alyp, Watan goragyna gidipdir. Ol «Men gaýdyp gelerin» diýipdir. ― Şeýle «Gelniň» sadagasy bolsaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |