09:45 Kartanyñ soñy | |
KARTANYÑ SOÑY
Publisistika
Besdir indi, gereksiz sypaýylykdan irdik. Ilýutrasiýa: Tomas Lewinson / The Daily Beast Orta Gündogar adalgasynyñ şindizem spesifik geografiki kesgitlemesi ýok. Köne kolonial sistema Uzak Gündogardan tapawutlylykda bu ýerleri Ýakyn Gündogar diýip atlandyrdy. Amerikan strategistleri bu ýerleri Orta Gündogar diýip atlandyrdypar we kartany Päkistana çenli giñeltdiler. Her gün irden Eýranyñ Uzak Gündogary eýelemek ugrunda haýsy etapdadygyny görmek üçin hemmämiz gazetlere göz aýlaýar. Tähranyñ mukaddes missiýany ýaranlaryndan birine berme edähedi bar. Ol Erbiliñ bombalanan wagtyndan bäri garaşylmadyk zar ýurtlaryñ territorial bitewiligine hüjüm etme we dünýä kanunlaryny äsgermezlik etme jogapkärçiligine girmegidir. Päkistany bombalap, Uzak Gündogarda Hindistana we Hytaýa baryp ýetmezden öñ Orta Gündogardaky iñ soñky ýurduñ üstüne çökdi. Erbili urmazdan öñ ogryn ýa dogryn äşgär edilenem bolsa, Eýran görnetin hüjümlerden gaça durýardy. Hiç kim husileri Kim Çen Yn ýaly ýaranyñ ukyp-başarnyklary bilen öndürip biljek strategiki pähimdardygyna ynanjak derejede akmak däldir, emma ýadro ýaraglary boýunça goşmaça gepleşikler-de dahyllylykda birnäçe sebäplerden üçin Eýranyñ boýun almazlygyna ynanmagy Amerikanyñ bähbidinedir. Donald Tramp 12 ýyl dowam eden gepleşikleriñ yzyndan Eýran bilen baglaşylan şertnamadan çekilende ýalñyşlyk goýberdi we hemme zady nuldan başlamaly etdi. Şeýdibem sebitiñ her künjümde şantaž gapylaryny täzeden açdy. Eýran goñşularynyñ territorial bitewiligine we howpsuzlygyna gönükdirilen islendik hüjüme milli bahanasyny tapyp ýetişýär. Erbile edilen hüjüm "Mossady nyşanalaýan hüjümdir". Ýogsa-da, nämüçin bir ýa-da on ýyl öñ däl-de, häzir? Hiç kim bilenok. Erbiliñ bombalanmagy palestin dawasynyñ ýeñişimi ýa-da Yragyñ territorial bitewiliginiñ bozulmagymy? "Times of India" gazeti sebitiñ hemme ýeriniñ kynçylykly döwürde doly sünni sebiti nyşanalaýandygy üçin bu hemläniñ ullakan ýalñyşlykdygyny nygtaýar. Bir ujundan beýleki ujuna çenli ýeke uçgunda ot alyp tutaşýan sebit. Bu ot-ýalynlar ünsleri Gazadaky wagşy aždarhadan uzaklaşdyrýar, Gazadaky manzaralar jenap Blinkeniñem nebsini agyrdýardy. Meseläniñ örän ownukdygyny bilmeli. BMG-daky wekiline Howpsuzlyk Geñeşinde ýaraşyga gelmek barada teklip berilende, weto ulanmazlygy üçin görkezme bermegi ýeterlikdir. Eger hökümetimiz uruşy we uruşyñ geriminiñ giñelip gitmeginiñ öñüni almak babatda çynyny edýän bolsa, ABŞ-nyñ Daşary işler ministrine at çapyşygy lotereýaçylarynyñ "görkezme" diýýän zadyny teklip edesim gelýär. Baýdenem (gijem bolsa), Eýzenhaueriñ Suweýş uruşynda Müsüre gönükdirilen üçtaraplaýyn hüjümde edenini etsin. Netanýahuwa aç-açan duýduryş: - Dessine hüjümleri duruzyñ, ýogsa biz duruzarys. Besdir indi, gereksiz sypaýylykdan irdik. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 20.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |