19:59 Gije ahwaly | |
GIJE AHWALY
Goşgular
Ýene garaýagyz gijäň Ýyldyzlar boýnuna düzler. Çal şemalyň goly gijäp, Başyn sypar dagdyr düzleň. Ýagty Aý ýüregne düwdi, Yşk hakda ýazmagy şygyr, Ýyldyzlara aýdyp hüwdi, Ol bu gije çeker şöwür. Açylar gök gulplary, Hüwdülände Aý ene deý. Ýassyk edip bulutlary, Uklar ýyldyzlar ýene-de. ...Otyryn diňläp ýüregmi Men. Hiňňildik. Giňiş howly. ( Egne atyp yşk ýüklerni, Şygrymy ýazmaly oňly! ) Sada, salkyn gije bilen Sere seýle ger ýatlama. Geçen güne gidebilmen, Ol del duýgy deý ýat maňa. Sebäp barmydyr aglara, Şat hem gussaly begenip. ...Günüň aýnasy ak Aýa, Şygrymy okap bererin. Ertekidäki tilki dek Duýgular aldar belki-de. Gije gussasyn terk edip, Göwne umydy berkider. Köne kinäň päk deý kirin, Ýat ýatlamalar ogurlar. Beýnimde güllän pikiriň, Galmaz hasyly orulman. Tümlük daňa gol berende, Säher sähra seýran kylar. Wagt jylawyn goýberer-de, Arzuwlaň nikasyn gyýar. Uka giden bu gije-de, Oýanar ertä öwrülip, Şeýde bu wagty giç ede, Geçer bir güni ömrümiň. Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |