Mansuryň indi ýumşamajagyna göz ýetiren Dumanlynyň razy bolmakdan özge çäresi galmandy. Şeýdip, Mansur ynançly magazin müdirleriniň haýsysyna näçe sany defisit haryt ýazan bolsa, onuň deň ýarysyny, şol ýeriň özünde nagt pulyny sanap berip ‘‘satyn’’ alyp galdy. Şu hili edip, Mansur özüne gelen defisit harytdanam bir entegini artdyryp galdyrypdy. Indi ol şol harytlary ýerleşdirmegiň ugryna çykmaly. Emma nähili edende bu iş hamyrdan gyl sogyrlan ýaly aňsat boljagyny entek ol
gowy bilmeýärdi. Bu işde-de ol Halyl Haýdarowiçiň özem “hökmän kömek ederin. Artdyrylan harytlary skladda köp saklamak bolonok’’ diýipdi.
Iş güni ahyr bolup barýardy. Mansur “Näme etsemkäm? Nätmelisini häzir daýymdan sorasammykam?’’ diýip içini gepledýärdi. Edil şol wagt ammara garaýagyz ýüzine gelşip duran ap-ak dişlerini ýyldyradyp, Jemşit gelip girdi.
-Oha! Jemşit, dostum! –diýip, Mansur elini uzadyp onuň öňünden çykdy. Mähirli salamlaşyp, soraşdylar. Jemşit Aşgabada inistituda gideli bäri kanikul döwründen başga wagtda köne dostlar seýrek duşuşýardylar. Ýöne Jemşit bir sebäp bilen Aşgabatdan öýlerine geläýse, Mansury görman gitmezdi. Jemşit häzir hem bir işi çykyp okuwdan üç güne jogap alyp gaýdypdy.
-Bah! Muňa seret-le! Student diýseňem-ä, özini alyp barşy professor ýaly-aýt!- diýip, Mansur dostuny başdan-aýak synlady.- Üçinji kursa daga-da geçäýdiň öýdýän . Beý, wagtam çalt geçýär-ow.
-Howa, öz-ä geçip dur. Göwnüme bolmasa geçdigi saýyn durmuşam, adamlaram özgerip, üýtgeşip, barýan ýaly-diýip, Jemşit ap-ak endigan dişlerini görkezip ýylgyrdy. -Ine senem tüýs söwda işgärlerine meňzäp duryberipsiň.
Olar bir salym gümür ýamyr etdiler. Mansur içinden howlugýardy. Ol tizräk Halyl Haýdarowiçiň ýanyna barmalydy, özüni alada goýýan hälki zat barada maslahat soramalydy:
-Jemşit, bagyşla dostum-diýip, Mansur gönülemeli boldy. -Men iş wagty gutarmanka edaramyza barmaly. Gowusy sen agşam öýe gel, arkaýynja, gürleşeris.
-Ertirden bäri şeý diýäýseň bolmaýarmy. Men bir eýýäm giderdim-diýip, Jemşit ýylgyrdy.-Mansur, wagtyñy alanym üçin bagyşla. Agşam öýede bararyn. Ýöne bu ýere gelmegimiň sebäbi, saňa birje ýumuşym bar.
-Ýumuşmy?... Näme ýumuş?
-Sende andatr telpek barmyşyn diýip eşitdim. Şondan birini puluma berip bilmezmiň? Jygyldykdan aljak bolsaň-a üç-dört bahasyna-da berenoklar. Onsaň studente kyn düşäýýä.
Mansur bir bada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Şu ammara geçen güni daýysynyň öýüne çagyryp, beren öwütleri misli gulagynyň düýbünde gaýtalanan ýaly boldy: “ Indi senden zat sorap gelen köp bolar. Birine bir zat beriji bolma. Iliň göwnüni aljak diýseň, öz jübiñe zyýan eti-rersin. Onsañam biriniň togsan dokuz gezek işini bitirip, bir gezek bitirmeseň senden ýaman adam bolmaz. Adamlaryň gurlyşy şeýle.’’
Howa, ol telpekden bardy… Iki üç gün oňräk aýdan bolsaň tapyp beredim. Indi gutardy. Öýkeleme Jemşit.
Jemşit onuň aheňindäki ýasamalykdan ýalan sözleýänini derrew aňdy.
-Indi gutardy, diýsene- diýip, Jemşit köne dostuna ahmyr bilen dowamly seretdi. Ol ýene, “Telpegiň-a gutarmadygyny gözlerinden görüp duryn, ýöne sende wyjdan, adamkärçilik diýilýän zatlar gutarypdyr’’ diýip aýtmakçy boldy, emme saklandy, onuň deregine:
-Bolýa, zyýany ýok. Onda men gitdim, hoş!-diýip gapa tarap ugrady.
-Häzirlikçe hoş! Ýöne agşam öýe gel! –diýip Mansur elini galgatdy.
Jemşit geplemän çykyp gitdi. Mansur dostunyň öýkelänini syzdy, özuniň etmişine ökündi “Näme üçin beýtdim? Birjejigini bersem näme bolardy? Jemşit köne, gadyrdan dostum, ahyryn.’’ Mansur bu etmişine näçe puşman etse-de,esasy işi ýatdan çykaranokdy. Ol howur-hala ammary gulplap, edara tarap eňdi.Ýöne ol gijä galypdy, Halyl Haýdarowiç eýýam giden eken. Ol “Indi nätsemkäm, öýlerine baraýsammykam’’, diýen pikr bilen köçä çykyp töweregine yaltaklap durdy. Şol wagt bir sary “Moskowiç’’ gelip, onuň deňinde saklandy. Maşyny sürüp oturan orta yaşlaryndaky, owadan ayallara meňzeş, koseleç adam gapyny açdy-da:
-Mansur jan, mün alyp gideýin- diýdi. Oslagsyz ýerde peyda bolan bu adamy tanajak bolup, Mansur oña siňe seretdi. Ýylmanak ak ýüzli, gara gaş, gara göz bu adamy Mansur öň hiç ýerde görmändi. Nätanyş Mansuryň ýaýdanyp duranyny añyp ony gyssady:
-Gel,mun! çekinip durasy zat ýok, inim.
Mansur geňirgenýänini bildirmejek bolup, ýylgyrjaklady:
-Çekinip name, men gyzmydyryn, ýaşuly-diýip, maşyna mündi, salam berdi. Nätanyş maşyny sürüp otyrşyna bir kemini goýman soraşdy. Ol Mansuryň asly-nesline belet bolara çemeli, hatda ejesiniňem adyny tutup, jan saglygyny sorady. Arasynda Halyl Haýdarowiç bilen hem gadyrdan aşnadygyny ýaňzytdy. Bir çatryga ýetende bolsa:
- Mansur jan, bir gören tanyş, iki gören garyndaş diýipdirler. Gowusy, biziňka gideli. Bir sellem oturarys, ýüzleşeris. Nähili görýäň?--diýip ýaşynyň bir çene baranyna garamazdan henizem lowurdap duran gara gözlerini gyrpdy.
-Ýok, ýaşuly. Sag bol. Ine şu çatrykdan geçenden soň men duşýän, öýümiz şu ýere golaý.
- Onda, bu gezek seniňkide bir käse çaý içäýeli-diýip ol maşyny göni Mansurlaryň gapysyna sürdi. Mansur bu adamyň bolşuna haýran galyp, näme diýjegini bilmän dilini dişledi. Ol bolsa:
-Näme dymýañ, inim? Ýa-da bir käse çaýyñy gysganýañmy? –diýip, ardynjyrap goýberdi. Mansur çaýyny gysganmasa-da, bu adamy näme üçindir öýüne eltmegi islemeýärdi. Onda-da näme, türkmençilikde öýüne barjak diýip duran adama zat diýip bolýarmy. Içinden ýaman görse-de, daşyndan güler ýüz bilen mürehet etmeli boldy. Natanyş çaýyň başynda özüni tanyşdyrdy.Yştymagy gelip çykysyna çenli gurrun berdi:
- Maña Hojamguly Bazarow diyyaler. Meni şu etraplarda tanamayan adam yok, inim.Kakam pahyram il içinde tanalýan adamlardan bolupdyr. Onun ady diñe Bazar bolman, özu-de tuys bazar adamsy bolupdyr. Ol, pahyr mañada: “Oglum, baýyň ogly bolandan, bazaryň ogly bol. Hiç haçan hor bolmarsyn" diýerdi. Howa, inim.
Hojamguly ine şu giriş sözünden soň, esasy maksada geçdi:
-Inim Mansur jan, hazirki zamanda hemme kişä syr bildirip, ynanyp bolonok. Mundan beýläk näme algy-bergi bolsa ikimiziň aramyzda bolsun. Meniň bilen iş salyşsaň zyýan görmersiň. Pul diýseň-ä bizde hemişe nagtdyr.
Mansur bu adamyň biderek yere ilişip gelmänini öňden syzýardy. Ol täze tanşyny synlap oturşyna, atiýaç edip geplemedi.
Hojamguly owadan gözlerini gyrpyldadyp, jogaba garaşýardy. Mansur bolsa daýysyndan geñeşsiz oňa hiç zat aýdyp biljek däldi. Hojamguly misli Mansuryň pikirini okan dek:
-Meniň bilen aragatnasyk etseň, Halyl Haýdarowiç hem ters görmez, inim-diýip, endigan maýda dişlerini güjeňlap ýylgyrdy. Mansur: “Bä, bu adamyň owadanlygyny” diýip içini gepletdi. Soňra oňa ikuçly jogap berdi:
-Aý, entek göribereris, Hojoguly aga.
-Sen, görübereris diýip gümürtük etme, inim. Onsoňam bir zady ýadyňdan çykarma: Artykmaç harydy skladda köp saklamak bolonok. Artykmajyny beýleden gümüni çekmek gerek-diýip Hojamguly Mansura çiňňerildi, soňra mylaýymlyk bilen üstüni yetirdi-Meniň bilşime göra häzir sende on-onbäş sany defist haryt bar.
Mansur aşak bakyp dymdy: “Bä, bu mende nämäniň bardygyny nirden bilýärkä? Ýöne onuň, artykmaç harydy köp saklamak bolonok diýýäni dogry. Muny daýym hem aydypdy” diýip, ol içini gepledýärdi.
Hojamguly bu dymyşlygyň öz peýdasyna çözüljegini añyp, soñky sözüniñ täsirini has artdyrmaga çalyşdy:
-Näçe diýseňem pul bizde nagtdyr.
Mansur gözuni gyrpyldadyp oňa seretdi. Hojamguly gözlerini süzüp, uzyn ak barmaklaryny biri-biriniň daşyndan aýlap oturşyna jogaba garaşýardy. Henizem näme diýjegini bilmän oturan Mansur öňki sözüni gaýtalady:
-Entek görübereris, Hojamguly aga.
Hojamguly süzüp oturan gözlereni yalpa açyp, Mansura aýgytly garady:
-Görüp oturasy iş ýok, inim. Men ertir işiň soňunda maşyn bilen göni skladyň agzyna bararyn. Harytlary bagaja atarsyň. Bu gep şunuň bilen gutardy. Gel, indi bahasyny gepleşeli, nämäni naçeden berjek?
- Wah! Hojamguly aga, ýaman ynamly gepleýaňle,-diýip, Mansur güldi-maşynlyha beýlede dursun, seni garavulymyz pyýada-da baza goýbermez.
-Hojamguly bir gözüni gypyp yeserlik bilen güldi:
-Arkaýynja bolaý, garavul meniň öz adamym. Gowusy, ýol pulyny, gepleşeli, inim. Pul bizde nagtdyr.
Mansur onuň “Pul bizde nagtdyr’’diýen sözüni uçinji gezek eşidýärdi. Bir söz gaýtalanyberse adama öz tasirini geçirýän bolara çemeli, indi Mansuryň göwnüňe Hojamgulynyň bar yerinden puluň ysy kükäp duran ýalydy, şonuň üçinmi ýa-da bu adamyň üytgeşik owadanlygy üçinmi, garaz indi ol onuň gözüne birneme yssy görnüp başlady. Ýöne onuň yzyny üzmän: “Pul bizde nagtdyr”- diýip gürläp oturşyna Mansuryň gülkisi tutýardy, myhmanyň hatyrasy üçin zordan çydaýardy.
-Onuň ýaly maşynly girip bilýän bolsaň, pulyñy-da şol ýerde, harydy görenden soň gurleşeris-diýip, Mansur ahyrsoňy uç berdi.
Hojamguly hoşal bolup yylgyrdy:
-Tapawudy yok. Şeytşegem bolman durmaz. Haçan diýseň pul bizde nagtdyr.
Mansur indi gulman çydap bilmedi. Näme üçindigini bilmese-de oňa goşulyp Hojamgulynyň özü-de güldi. Şeýdip, ol çaýdan bolmasa-da, edilen gürrünüň netijesinden keýpini köklap gitdi. Hyrydaryň öz aýagy bilen gelenine Mansuram begenmäni durmady. Hojamguly gidenden ol hem Halyl Haýdarowiçlere tarap eňdi. Iş bitiren kişi bolup daýysyna öwünmekçidi.Ýöne ol Halyl Haýdarowiçiñ öýüniň deňine gelende birden aýak çekdi, göwnüne bir hili inkis gitdi. “daýysy onuň Hojamguly bilen eden gürüñini oňlamasa nähili bolar? Näme üçin oňlamasyn? Hojamguly, özüniň aýtmagyna göra daýysynyňam ýakyn tanşy ekeni, ahyry” Mansur şu hili inkise batyp duran bolsa-da, garşysyndaky hasamly jaýa nebsevurlyk bilen seredýärdi.
Halyl Haýdarowiç iküç ýyllykda öňki allanäme jaýyny ýykdyryp, onuň ýereni soňky döwürde moda öwrülen hywa stilinde belent gabaraly jay saldyrypdy. Jay tutuş bişen kerpiçden bolup, köçe ýüzi üýtgeşik haşamamlanandy. Ayratynam, onun karnizine, derweze, aýna jaýlaryň gyralaryna kerpiçden kesilip goýlan nagyşlar aklyňy haýran ediji derejede nepisdi. Bu nagyşlary ýekeje gezek synlan adamam beýle iş diňe öz käriniň hakyky ussady bolan kişiniň elinden gelmegi mümkindigine göz ýetirerdi. Batyp barýan günüň elwan şöhlesine çaýylan bu nagyşlar Mansuryň gözüne has nepis, has üýtgeşik bolup görünýärdi. “Hywa derwezeli jaý’’ diýip atlandyrylýan beýle jaýlar soňky wagtda şäherde köpelip ugranam bolsa, onun göwnüne daýysynyň jaýyna taý gelýäni ýokdy. Mansur derwezeden girenden, bir burçynda zynjyrlanan ala köpek üýrüp ýerinden galdy. Itiniň sesine içerden eýwana çykan Halyl Haýdarowiç Mansury görüp şähdiaçyklyk bilen dillendi.
-Gel, gel Mansur. Görýämiň seýrek gelýaniň üçin itimizem seni tananok.
Daýy, ýegen tirkeşip, poluna burnuñ gany yaly paýandoz ýazylan giň dälize girdiler. Bu ýerden otaglara girýän goşa gabsaly, ýalpyldap duran dubdan ýasalan gapylara gözi duşen Mansur “Iki baş masgala munça otag nama gerekkä” diýip içini gepletdi. Halyl Haýdarowiç ony myhman kabul edilýän uly otaga alyp girdi. Bu otag kiçiräk zal eývan gornüşindedi. Diwar ýakasyna hatarlap goýlan, ýüzünde suratyň gornüp duran nemes garniturynyň reňki pola ýazylan Turkmen halylaryň renki bilen utgaşyp, gözüň ýagyny iýýärdi. Garşydaky diwarda bolsa Halyl Haýdarowiçiň suraty çitilen çaklanja haly asylandy. Ony Halyl Haýdarowiç bir topar pul berip, ýörite dokadypdy. Olar şol halynyň aşagyna goýlan pessejik stolyň başyndaky ýumşak kürsilerde otyrdylar.
-Geleniň gowy boldy ýegen. Menem ýeke özüm, içim gysyp otyrdy. Häzir kiçiräk bir zat gurarys. Akdanmy ýa konýak? – diýip Halil Haýdarowiç şelaýynlyk bilen ellerini owkalady.
-Tapawudy ýok,-diýip, Mansur ýylgyrjaklady. Işde gabagyndan gar ýagyp duran, talap ediji bu adam öýünde örän kiçi göwünli, mylaýymdy. Ol:
-Onuň ýaly bolsa, öňürti men gelnejeňden bir habar tutaýyn, naharyny tizleşdirýämika- diýip, çykyp gitdi.
Mansur töweregine nebsewürlik bilen göz aýlaýardy. Serwantlardaky gymmat bahaly hrustallar, perlamut serwisler, şuňa meňzeş sanardan köp dürli ownuk-uşak zynat şaýlary onuň gözüne el ýetmez baýlyk bolup görünýärdi. Mansur öňki gezek geleninde daýysynyň jaýynyň deňinden geçip barýan iki sany ýaşulynyň özara gürrüňini eşiidip galypdy. Ol häzir muzeýe giren oglan ýaly töwerek daşyny ýaltaklap oturşyna şol gürrüňi ýatlady. Ol ýaşulular şeýle gürrüň edişipdi:
-Sakgaldaş, diýýän-ä, dogrusyny aýdanda, şular ýaly jaý öň hywa hanynyň wezirlerinde-de bolan däldir.
-Hawa, bolan däldir. Durmuş häzir örän oňat bolup barýar diýseňem-ä, sakgaldaş, meniň bu diýýänimiň umumy durmuşymyz bilen baglanyşykly ýeri ýokmyka, diýýän. Sebäbi bular ýaly jaýy halal girdeji bilen ýaşaýan adamyň saldyraýmagy gaty ähtimal. Bu bir lomaý puluň etdirýän işi.
Şol wagtda Mansur bu gürrüňe o diýen üns bermändi. Häzir bolsa, name üçindir, onuň hakdygyny ykrar etdi.
Saçagyň başynda Mansur Hojamguly bilen şu günki duşuşygyny, eden gürrüňini daýysyna aýdyp berdi. Halil Haýdarowiç Mansur tä gürrüňini gutarýança geplemän, hm, hm diýip oturdy,. Soňundan:
Aýdyp gutardyňmy? – diýip Mansura hyrsyz seretdi, - Sen onuň name pikiriniň bardygyny nireden bildiň?
Mansur aljyrady:
-Özi aýtdy. Seni-de gowy tanaýan eken-ä….
-Gör, seniň samsyklygyňy! Meni, name, alyp satyjylardan başga kişi tanamaýandyr öýdýäňmi? Sen ilkinji gören adamyň kimdigine göz ýetirmän name üçin syr bildirdiň?!
Mansur ýüzi ak tama döndi. Muny gören Halyl Haýdarowiç birden gowşady. Bulgurlara konýak guýdy:
-Göter! Mundan beýläk oglanlyk etme. Seni şeýdip öňünden gorkuzyp goýmasam boljak däl öýdýän. Biziň işimizde edil razwedkadaky ýaly konspirasiýa kadalary berk saklanmaly. Şuny ýatdan çykarma! Hojamguly bilen iş salyşsaň bolýar. Ondan ýamanlyk ýok.
Mansur ulydan dem alyp, daýysyna “nätdiňaýt” diýen manyda ýyljyraklap garady. Şundan soň ýenede bulgurlar birnäçe gezk dolup boşady. Mansur öýüne keýpini kökläp gaýtdy.
Halil Haýdarowiçiñ aýdyşy ýaly Hojamguly iş salyşmaga bolýan adam eken. Muňa ilkinji gezekden göz ýetirensoň Mansur onuň bilen arany sazlap ugrady. Aradan bir ýyl geçip-geçmänka Mansur öý goşlaryny birkemsiz düzetdi. Indi bu öýde bir kem zat bardy, ol-da Nurjemaldy. Bu işem şeýle bir kynçylyksyz ýola goýuldy. Daýysynyň özi toýuň kethudasy bolup, gelin getirip berdi. Toýdan soň Mansur ýene-de uly höwes bilen işlemäge girişdi. Gün geçdigiçe öýüň bezegleriniň, sandykdaky gymmat baha zatlaryň sany artyp başlady.
Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýaly bolsa-da, bir zat Mansuryň maňzyna batanokdy. Onuň işi rowaçlandygy saýyn Nurjemalyñ gabagyny bulut büräp barýardy. Ol muny aýallaryň ynjyklygy, näz-kereşmesidir, “düzeler gider” diýipdi. Emma bu bulut ötüp gidibermedi. Gaýtam ol gümmürmamanyň sanajyna aýlanyp, ýyldyrym çakdyryp göýberdi.
Günleriň birinde Mansur çakdanaşa hoşwagt görnüşde öýüne gaýtdy. Ol jaýa gereninden, Nurjemaly bagryna basyp, onuň gözlerine seretdide:
-Bilýäňmi name?-diýdi.
-Hä, name bolupdyr?
-Ýene bir hepdeden gapyň agzyna "wolga" gelip, hyzmatyňda taýar durar.
-Maşyn aljakmy?
Mansur gülüp duran gözlerini ulumsylyk bilen süzüp, başyny atdy.
Nurjemal ynjalyksyzlandy:
-Nähili edip… onça puly nirden aljak? –diýdi.
-Miýwesini iýiber-de, bagyny sorama, diňe bagbanyndan minnetdar bolsaň bolany….
Mansur sözüni gutarmanka, Nurjemal onuň gujagyndan çykyp diwanyň üstüne baryp, tukatlanyp oturdy.
Mansur çydamly adamlara has bolan görnüşe girip, esli wagt dil ýarmady. Soňra ol agras ädimläp baryp, aýalynyň ýanynda jaýlaşdy-da, ýuwaşlyk bilen gollaryndan tutup, ony özüne bakdyrdy.
-Nurjemal, sen name üçin beýle?
Nurjemal sowukdan demine aldy. Başyny galdyryp, batyrgaýlyk bilen äriniň göreçlerine garagyny dikdi, ýuwaşja gepledi.
-Görýän weli, Mansur açyk gepleşmeli wagt geldimikä diýýän… Men köp wagta çenli saňa düşünibilmän ýördüm, soňra özümde dörän gapma-garşylygy çözübilmän hynaba barany ýuwutdym. Ahyrsoňy….
-Ýeri? –diýip, Mansur onuň sözüni böldi.
Nurjemal oňa tukatlanyp seretdi-de, şeýle diýdi:
-Mansur, söýgümiziň hormaty üçin, haýyş edýän, şu işiňi goý, gaýt şu ýoldan!
Mansur ornundan tutup, otagyň içnde gezmeläp, çilimini tütedýärdi. Biraz salymdan soňra ýene öňküsi ýaly agras ädimläp, Nurjemalyň garşysyna gelip aýak çekdi:
-Sen niçik sada, Nurjemal! –diýip, ýuwaşjadan mylaýym gepledi.-Entek köp zatlara düşünmeýärsiň.
Nämelere düşümeýämişim?-diýip, Nurjemal geňirgendi.
Mansur "düşündirdi":
-Durmuşa, ezizim durmuşa! – Ol sözlerini üýtgeşik bir äheň bilen aýtdy.-Sen pugtarak bir oýlanyp gör, hany durmuş diýen zat nämeka özi? Adama ýekeje gezek berilýän ömri öz göwnüň halanynça ötürmek dälmi?! Munyň ýoluny tapan adamam akyl satyp otursa, barypýatan akmaklyk, ahyry “Hasabyny tapan iki aşar” diýen sözi unutma!
-Dogrudanam, men seniň aýdyşyň ýaly, sada ekenim-diýip, Nurjemal ah çekdi,-sadalygyma seret, şeýle işleri şu mahala çenli gowy düşünmeýänligi üçin edýändir diýip çaklapdym.. Tersine, sen muňa düşünmeg-ä beýlede dursun, gaýtam, ony allaowarralardaky çüýrik pelsepelere esaslanyp edip ýörän ogşuýaň!
-Mansur muňa içýakgyç güldi.
-Bu çüýrik pelsepe däl, bilseň, dogry pelsepedir. Hawa, häzir ýörgünli pelsepedir.
Nurjemal soňky gezek öz güýjini synap görmekçi boldy.
-Eger şu dogry pelsepäniň soňuna gözüň ýetmeýän bolsa, men saňa bu işiň jemgyýet hem-de ýene nämeler üçin ters işligi barada aýdybam oturjak däl. Aýdanymyňam peýdasy ýok. Bular hakda-da seň öz pikiriň bardygy anyk. Ýöne ahyry soňy başyňa belany satyn alarsyň. Şoňa bir düşün ahyry! Seň bu işiň çaganyň şary çişirip oýnaýşyna meňzeýär. Şar çişdigi saýyn çaga guwanyýar, emma soñunda onuň ýaryljagyny bilmeýär.
-Bar, gorkyň şo bolsa arkaýynja bolaý, meniň şarym hiç haçan ýarylmaz! – diýip, Mansur gürrüňi gutardym etdi.
Uzak dymyşlyk ara düşdi.
Nurjemal ärine ahmyr bilen bakýarka, onuň ýüzi-gözünde şu wagta çenli göze ilmedik bir ýakymsyzlygy gördi. Şu mahal bu adam oňa ýedi ýat ýaly duýlyp, ýüregini allaniçigsi bir sowuk zat gurşap aldy:
-Seni bu ýoldan gaýtaryp bilmejekdigime gözüm ýetdi – diýip, Nurjemal ýadawlyk bilen gepledi.
-Gözüň ýeten bolsa, şundan şeýläk meniň işime aralaşma – diýip, Mansur ýuwaş, emma buýruk berji äheňde gepledi.
-Ýok, aralaşman-a ýaşabiljek däl, gowusy….
-Näme gowusy?
-Gitjek!
-Şeýlemi?Nirä?
-Obamyza!
-Hm… gözel göwnüň! – diýip, Mansur gahar eden kişi bolup çykyp gitdi. Şonuň bilen ol şu pursadyň özünde Nurjemalyň çykyp gidibermeginiñ öňüni almakçydy. Emma onuň bu pirimi başa barmady. Çünki ol gelende, Nurjemal eýýäm öýde ýokdy. Onuň ýaňyja oturan diwanynda bolsa öz ejesi gözýaş edip otyrdy.
****************
Nurjemalyñ gitmegi Mansura şeýle bir täsir etmedi."Nirä barýa, bir gün gaýdyp geler" diýip pikir etdi. Ol ençeme wagtdan bäri köňlünde besläp gelýän arzyly zady – "wolgany" hem ele saldy. "Wolganyñ" rulunda outran Mansur şu çaka çenli özüne mälim bolmadyk başgaça bir lezzetli dünýäniň gapysyndan ätlän ýaly boldy. Täze maşynynyň şäheriň tekiz köçelerinden suw ýaly süýnip gidişi, tanyşdyr nätanyşlaryň onuň yzyndan gözigidijilik bilen seredip galyşlary Mansuryň başyny asmana ýetirýärdi. Ol bu täze güýmenjäniň keýpinden şeýle bir serhoşdy welin, dünýäni suw alsada onuň topugyna çykjak däldi. Mansur ýaňy-ýaňylaram böwrüne sanjy bolup duran maşgala durmuşyndaky ýakymsyz iñirdi-ni-de hatda Nurjemaly-da unudana meñzeýärdi
*****
Adaty günleriň biridi. Mansur irden maşynyna münüp, işine ugrady. Bahar daş-töwerege gök kürtesini atypdy. Ýolyň iki tarapyny hem jähekläp oturan daragytlar tebigatyň peşgeş beren ýaşyl lybasyny geýinensoň, has-da göze ýakymly görünýärdi. Ertiriň salkyn howasyna goşulan alabaharyň atyr ysy adamy meýmiredip, ýüregini joşdurýardy.
Aýagynyň aşagynda täzeje maşyn bar adama bu zatlar aýratyn täsir edýän bolara çemeli, Mansuryň diýseň keýpi kökdi. maşynyñ radiosynda şirin aýdymyň ýaňlanyp duranyna seretmezden onuň özi hem hiňlenýärdi. Göýä täze maşyny hemmeler synlasyn diýen ýaly ol ""wolgany" öz maýdalyna göýberipdi. Ýuwaşja barýan maşynyň matory sessiz işleýän ýalydy. Şol wagt otuz-kyrk ädim çemesi öňünden barýan welisepedlä gözi düşende onuň ýüregi jigläp giden ýaly boldy. Mansur çala gözi kaklyşandan ony tanady. Ol Mansuryň köne dosty Jemşitdi. Mansuryň ony görmänine näçe wagt boldyka? Näçe oýlansa-da, Mansur muny ýadyna salyp bilmedi.Mansur Nurjemala öýlenende ol toýa sowgat salamly gelipdi. Toýdan soňam olar iki-üç duşuşyp, oturyşyp-turşan boldular, emma aralarynda hiç hili öýke-kine bolmadyk bolsa-da, dura-bara birek-birekden sowaşyp daşlaşypdylar. Şeýlelikde Jemşit inistituty gutaryp gelensoň hem ikisiniň baryş-gelişi bolmandy.
Mansur Nurjemaldan aýrylyşansoň, kalbynyň alla niresindäki ýalňyzlyk duýgusynyň ezýet berýändigi üçin bolsa gerek ol gadyrdan dostyny görenine diýseň begendi. Ol edil Jemşidiň deňine gelende, tormuzy bat bilen basdy. Maşyn bir göterilip gonan guş ýaly nyşana alnan nokatda silkinip saklandy. Beýle gödek hereketden tisginen Jemşit welisepetden böküp düşdi-de, sürüjä gazaply seretdi. Görse rulda Mansur ýylgyrjyrap otyrdy. Ony gören Jemşidiň biraz gahary gaçdy, köşeşen ýaly bolsa-da kinaýaly gürledi.
-Bo-how, baý aga, bu senmi?!
Mansur ýaňsylamany aňsa-da, oňa üns berip durmady. Maşyndan düşüp, onuň bilen gadyrly elleşip görüşdi, içgin hal-ýagdaý soraşdy.
-Jemşit dostum, bir-birimizi görmänimize näçe wagt boldy? Seni gaty göresim geldi…
Jemşit dostunyň göreçlerine siňe seredip durşuna olarda nämedir bir zady küýsemek alamatynyň bardygyny aňyp, onuň sözleriniň ýasama däldigine ynandy. Şeýle bolsa-da, Ol “göresiň gelýän bolsa, men Sibirdemi name, öýümi bilýäň, işleýän ýerimi bilýäň” diýip aýdasy geldi. Ýöne häzir beýle diýmekligi ýerliksiz hasap etdi-de, öňküsi ýaly assarly gepledi:
-Nurjemaly nä? Ony göresiň gelenokmy?
Garaşylmadyk bu soragdan Mansuryň gaşlary çytyldy. Diýmek, Jemşit ähli zatdan habarly eken-dä?
-Sen muny nirden eşitdiň?
-Nirden boljakdy, bütin şäheriň dilinde dessan ahyry sen!
Mansur bir zatdan gorkan ýaly, tisginip Jemşide seretdi.
-Bütün şäheriň diýýäňmi? Meň bilen bütin şäheriň ne işi bar?
Jemşit oňa sypaýyçylyk bilen seretdi.
-Nä işi barmyşyn diýişiñi, sen adamlaryň arasynda, jemgyýetiň içinde ýaşaýandygyňy unudaýypsyň öýdýän?
Mansur ulydan demine aldy, soňra dostuna müýnli seretdi.
-Jemşit, bes etsene bu gürrüňleri. Keseki, görüp adamlaryň gepini gaýtalap nätjek? Sen meň dostum ahyry. Gowusy, dostlugymyzy öňküsündenem berkideli. Baryş-gelişi kesmäli, oturyşyp turşaly. Gerek bolsa birek-birege hemaýat bereli.
Jemşit welesipedine atlandy-da aýaklaryny ýere diräp durşyna Mansura garap ajy ýylgyrdy.
-Men senden beýle hezzet-hormata garaşmaýardym, sag bol! Ýöne özüňiñ oturyşyp-turşup ýören ülpetleriň bilen bolyber. Meniňem özüme laýyk dost-ýarym bardyr. Hemaýat meselesine gezek gelse-hä, görýän welin, sen häzirlikçe hiç hili hemaýata-da, kömegede, mätäç däl ýaly.
Mansuryň ýüzi gamaşdy, Jemşide sözüni soňlamaga maý bermedi:
-Has dogrusy, meniñ entek hiç-hili öwüt-nesihata-da mätäçligim ýok! Sen bolsaň….
Bu gezek Jemşit onuň sözüni kesdi:
-Bagyşlarsyň, men saňa öwüt-nesihat etmekçi däl. Dogrusyny aýtsam, ýaňy-ýakynda bir adam maňa: “Sen birwagtlar Mansuryň ýakyn dostudyň, seniň maslahatyňa onuň gulak gabartmagy mümkin. Ony dogry ýola salmak gerek” diýdi Men bolsa oňa “Öz bähbidinden başga zat gözüne ilmeýän adama nesihat berýän adamyň özi nesihata mätäçdir” diýen köneleriň dana sözüni eşitmänmidiňiz? diýip jogap berdim.
Bu sözler Mansuryň hasam gaharyny getirdi.
-Hm, bolýa-da, gardaş. Sen elmidama-da özüňi menden akyllyrak saýadyň, henizem şol pikiriňi üýtgetmänsiň. Hany, göreli bakaly, şu bolşuň bilen nirä ýeterkäň? Ýöne bir zady unutma, wagty gelende, sen meniñ bilen başgaça gürleşmeli bolarsyñ!
Jemşidiň gaşlary kinaýaly ýazyldy:
-Ine, munyň bolýa, şun-a örän dogry aýtdyň! Eger-de şeýle wagt geläýse, belki seň bilen başgaçarak gürleşerin - diýip, welesipediniň pedalyny batly basyp gitdi. Mansur hem "wolgasyna" münüp, gaharyny maşyndan çykarjak bolýan ýaly gapysyny gütledip ýapdy-da, motory otlap, gazy şeýle bir batly basdy welin, maşyn duran ýerinden güýçli depilen pökgi ýaly atylyp gitdi. Jemşidiň deňinden dazlap geçen maşynyň ýelgini onuñ ýüzine ýakymsyz uruldy. Şol gün günuzyn Mansuryň keýpine sogan dogralan ýaly boldy gezdi. Emma “Bir tukatlygyň bir şatlygy-da bar" diýleni çyn bolup çykdy. Şol gün bolup geçen garaşylmadyk bir waka onuň göwnüni göterip, keýpini kökledi.
Iş güni tamamlanypdy. Ol öýüne gitmekçi bolup, maşynyň gapysyny ýaňy açan mahaly edil gulaklarynyň agzynda:
-Mansur agamyzyň bu gün gaşlary çytyk görünýä-le? – diýen ýakymly ses ýaňlandy. Mansur degişmä meýli bolmany üçin ýüzüni turşardyp yzyna gaňryldy, görse ýanynda özüniň işleýän söwda bazasyna ýaňy-ýakynda fakturaçy bolup işe geçen gyz ýyljyraklap dur. Mansur entek onuň adyny-da bilmeýärdi. Onuň göreçleri gyzyň bir geňsi jadylaýjy ot ýanyp duran gözlerine kaklyşanda, täze oýnawaja gözi düşen çaga kimin ýyrş edenini duýman galdy. Emma ol gyzyň degişmesine bada-bat nähili jogap bermegiň ebeteýini tapmady-da:
-Ýoldaş bolsaňyz alyp gideýin – diýip oňaýdy.
Gyz Mansura syrly bir ýylgyryş bilen garady-da:
-Sag boluň. „Dilenip alnan hezzet dyzyňa çykmaz“ diýipdirler. Şeýle bolsa-da, özüňizden bilmäniňiz üçin, beýle hezzeti diläp almaly bolduk – diýip, näzli gyzlara mahsus bolan bir hereket bilen towlanjyrap maşynyň yzky gapysyny açyp, gaýym ýerleşip oturdy.
-Näme üçin öňünde oturmadyňyz? – diýip Mansur ikuçly sorag berdi.
Gyzam ýaýdanyp durmady.
-Sizi aljyratmaýyn diýdim – diýip, içýakgyç güldi.
„Bo-how, ýaman ýeserje gyz oguşýa, bu gyz“ diýip, Mansur içini gepletdi.
Maşyn ýola düşdi. Mansur yzyny görkezýän aýnany usullyk bilen gyza dogrulap goýup, gözüniň gytagy bilen ony synlap başlady. Onuň bu hilesini gyz şo bada syzan bolsa-da, bilmediksiräp, arkaýyn oturyberdi. Gyzyň süýt ýaly ak dury keşbiniň düzülişinde tebigat hiç bir ýalňyşlyga ýol goýmandyr. Şonuň üçinem bir garaýyşda: „Owadanja gyz eken“ diýip kimem bolsa ykrar etjekdi. Emma Mansur oňa gözüniň gytagyny birki gezek aýlanynda, onuň ýüzünde aýal-gyzlaryň gözelligine aýratyn bir nepislik bagyşlaýan nämedir bir zadyň etmeýändigini duýdy. Şeýle-de bolsa onuň uzyn peýkamlarynyň aşagyndan ot saçyp duran gözlerinde erkek adamy özüne maýyl ediji bir üýtgeşik güýç bardy.
„Wolga“ uly köçä çykyp, maşynlaryň umumy akymyna goşuldy.
-Sizi nirä eltmeli? – diýip, ertirden bäri dymyp oturan Mansur dillendi.
-Gorkmasaňyz öýüme – diýip, gyz jakgyldap güldi.
-Onuň ýaly bolsa, siziň üçin bir gezek batyrlyk edäýeris – diýip, Mansur gyzyň gülküsine goşuldy.
-Emma men öýüňizi bilmeýän, ýoly salgy berip oturyň.
Gyz birnäçe wagta çenli „saga“, "çepe" diýip, buýruk berip oturdy. Ahyrsoňunda ol şäheriň çetiräginde salnan iki gatly tamlardan biriniň öňüne ýetende: „Saklaň!“ diýdi. Mansur maşyny gapynyň öňünden iküç ädim bärräkde saklady. Maşyn saklanandan soň gyz derrew düşäýmedi, ol nämedir bir zady pikir edip, bir salym dymyp oturdy. Soňra çynlakaý äheňde:
-Hany, düşüň, hyzmat hakyňyz üçin bir käse çaý içip gidiň- diýdi.
-Sagja boluň, ýene bir gezek...
Gyz maşyndan düşüp geldi-de, Mansuryň gapysyny açdy.
-Ygtyýaryňyz, ýöne siziň ýeriňize men bolan bolsam, ýok diýmezdim – diýip ýeserlik bilen ýylgyrdy.
Mansur gyzyň köp zatlary wada berip lowurdaýan gözlerine nazary kaklyşandan maşyndan düşenini-de duýman galdy. Gyz ikinji gata bakan ugrady. Mansur onuň yzyna düşüp basgançaklardan göterilýärkä, ony nähilidir öz erkine bagly bolmadyk bir güýç çekip barýan ýalydy.
Gyz soňky basgançaklardan ýüwrüp çykdy-da, gapysyna howlukmaçlyk bilen açar sokdy. Gyzyň bu hereketlerini synlap duran Mansur, onuň gaty tolgunýandygyny aňdy, şeýle owadan maşgalanyň ýüreginde gozgalaň turuzanyna monça boldy. ol ähli zada bir eýýäm düşünenem bolsa, alňasap gapyny açyp bilmän duran gyzyň ýeňsesinden gelip bilkastlaýyn sorady.
-Men sizi ejesiniň töründe oturan gyzmyka diýsem, ýeke özüňiz ýaşaýan ekeniňiz-ä?
-Ejeňizi hasaba almanda häzir sizem ýeke ýaşaýaňyz-a.
-Tüweleme. Men hakda maglumat köküni toplana meňzeýäňiz.
Gapy açyldy, gyz ýeňillik bilen dem alyp, näzli jogap gaýtardy:
-Gereginden toplandyrys. Giriň bakaly.
Darajyk dälizden geçip, garşydaky otaga girenden Mansur töwerek-daşyna göz aýlady. Otag sadaja bezelenem bolsa, onda aýal maşgalanyň yhlasly elleriniň yzy duýulýardy.
-Oturyň, häzir çaý getireýin –diýip, gyz çalasynlyk bilen stoluň üstünde galan gap-gaçlary ýygnaşdyrmaga başlady. Mansur onuň hereketlerini synlap durşuna aýgytly bir karara geldi. Ol gyzyň iki elindenem tutup, ony emaý bilen özüne tarap öwürdi. Gyz ne çekinjeňlik etdi, ne-de ol hereketleri geň gördi. Mansur ýagdaýa doly göz ýetirip şeýle diýdi:
-Bu zatlary bir salym goýup duruň. Entek siz maňa adyňyzy-da aýdaňyzok – diýip onuň gözlerine ýiti seretdi.
-Bazaňyzda işläp başlanym bäri bir aýdanam köp wagt geçdi, siz bolsa henize çenli meň adymy-da bileňizok.
-Bagyşlaň, bazada işgärler köp, hemmesiniň adyny ýatda saklamak kyn düşýär.
-Onda ýatda saklajak bolsaňyz aýdaýaryn.
-Hökman saklaryn!
-Adym Şemşat.
-Şemşat diýsene – diýip, Mansur birden „sizden“ „sene“ geçdi-de –sen Şemşat däl-de, Şetdat ekeniň – diýdi.
Şemşat Mansuryň näme diýmekçi bolýanyna düşünenem bolsa, mönsürän bolup, çetde duran diwana barmagyny çommaltdy.
-Baryň-da, indi şol diwanda oturyň.
-Oturansoň näme iş edýäs?
-Näme iş ederis öýdýäňiz, çaý içeris-dä.
-Şomy bar bolany?
-Ýeri, eýsem göwnüňiz nämeleri küýseýär?
-Göwnüm gaty köp zatlary küýseýär, Şemşat jan...
Şemşat jykyrdap gülüp goýberdi:
-Işdäňiz ýaman däl öýdýän? Bolýa, buýruň. Myhmanyň göwni näme islese, öý eýesi şony etmäge borçly.
-Onda maňa seret – diýip, Mansur çynlakaý äheňde gürledi. – Şäherde meniň maşynymyň nomerini gaty köp adam bilýär, seniňem şu ýerde ýaşaýanyňy bilýänler az-küş däldir. Şonuň üçinem men maşyny öýde goýup, birneme garaňky gatyşansoň geläýsem, arkaýynja oturardyk. Nähili görýäň?
Şemşat uýaldymy ýa-da näzirgäp diýdimi garaz, ýüzüni bir gapdala sowdy-da:
-Ygtyýaryňyz – diýdi.
Mansur onuň elini hyjuwly gysyp çykyp gitdi. Ol gaýdyp gelende stoluň üstünde dürli-dümen nygmatlar, konýakdyr bulgurlar lowurdaşyp durdy. Tördäki krowatyň ýapynjasy aýrylyp, onuň üstünde gar ýaly ap-ak pododeýalnigiň içine salnan atlaz ýorganyň ortasy ojakdaky köz ýaly gyzaryp, gözüň ýagyny iýeýin diýýärdi.
Şemşadyň çeňňegine hakyky altyn balyk düşüpdi. Aradan köp wagt geçip-geçmänkä, onuň barmaklarynda altyn ýüzükler, gulaklarynda tylla syrgalar peýda boldy.
Mansur bolsa „wagtyňy hoş geçir,döwran ýoluksa“, diýleninden ugur alyp, Nurjemalyň aýdan şaryny ýene-de zor berip çişirmäge başlady. Emma ol şaryň ýarylmaly gününiň ýetip gelenini bilenokdy. Gaýtam şol gün onuň keýpi hemişekisindenem kökdi. Çünki şol gün oňa iki sany göwnüni göteriji zat garaşýardy: Birinjiden işiň ahyrynda Hojamgula artdyrylan harytlary berip, gepleşilen baha boýunça puluny almalydy. Hojamgulydan alynjak paçkaly pullar göz öňüne gelende onuň keýpi ýene-de göterilip, göwni joşýardy. Ikinjiden oňa şu agşamam Şemşadyň näzli garaýyşlary, gyrmyzy dodaklary garaşýardy. Emma ol şol gün özüne garaşýan üçünji bir zatdan bihabardy.
Iş güni ahyrlapdy. Mansurdan başga ammar müdirleri ammarlaryny gulplap gidipdiler. Ol bolsa Hojamgula garaşýardy. Hojamguly köp garaşdyrmady, edil belleşilen wagtda sary „Moskwiç“ gelip, ammaryñ agzyna direndi. Ondan düşen Hojamguly maýmyna mahsus bolan çalasynlyk bilen maşynyň syrtyna geçip, bagažnigi açdy. Ýüküni tutan „Moskwiç“ Mansury-da alyp, bazadan çykdy.
Ähli ýerde işiň gutaran wagty bolany üçin köçede maşyn köpdi. Işden ýadap çykan adamlar öýlerine tizräk ýetip, dynç almaga howlugýardylar. Mansur bilen Hojamguly bolsa olardan beter howlugýardy. Şonuň üçinem sary „Moskwiç“ daz ýasap beýleki maşynlary kowup geçip barýardy. Emma bir çatrykda gyzyl swetofora dogry gelip, sary „Moskwiç“ saklanmaly boldy. şonda Hojamguly yzyndan gelýän „milisiýa“ diýen ýazgyly „Wolgany“ görüp galdy. Onuň ýüregine howsala düşdi:
-Mansur seret, yzymyzdan milisiýa gelýä-le – diýip, hüňürdedi.
-Baý senem gorkak bolupsyňow, Hojamguly aga. Ýöne geçip barýan maşyndyr-da – diýip, Mansur batyrlyk satan boldy. Mansur ýalňyşypdy. Ol ýöne geçip barýan maşyn däl ekeni. Çatyrykdan geçen badyna ol maşyn sary „Moskwiçi“ ýoluň gyrasyna gysyp çykaryp saklady.
Ine şeýdip Nurjemalyň sözi hak bolup çykdy: şar ýaryldy, dogrusy, partlady. Bu partlaýyşyň sarsgyny Mansury ýedi ýyllyk ýola zyňyp goýberdi.
***
Ine, häzir ol şol ýedi ýyllyk ýoly ädimme-ädim geçip gelýärdi. Tamburyň howasynyň dymyklygyndanmy ýa-da köp oýlanandanmy, Mansuryň başy daş asylan ýaly agyrlaşyp, agyrmaga başlady. Arassa howadan dem almak üçin aýnany açmakçy bolup synanýarka, prowodnik öz jaýyndan çykyp, oňa başdan-aýak şübheli nazar taşlady-da:
-Bimahal çak näme işläp ýörsüň? Ýatyp uklasaň bolmaýamy! – diýdi. Mansur hiç zat diýmezden, oňa müýnli garady-da, wagonyň içine girip ýerinde süýndi. Hany gözüne uky gelse. Ol her hili oýlaryň girdabynda tolgunyp ýatyrka, otlynyň tigirleri birsyhly „takyrryky-tark“ diýip seslenýärdi, göýä oňa: „Nirä barýaň, kimiň ýanyna?“ diýen soragy gaýtalaýan ýaly duýulýardy.
Dogrudanam, ol nirä, kimiň ýanyna barýardy? Önüp ösen şäherinemi? Hawa. Onda kimiň ýanyna? Onuň gelenine kim begenerkä? Hiç kim! Enesi bolsa ýalňyz oglunyň yzynda ýanyp-köýüp ölüp gidipdi. Jaýlary hökümet haýryna geçirilipdi. Daýysynam onuň yzy-süre ýygnadylar.
Nurjemalam...
Ýok. Nurjemaldan entek umydy üzülmändi. Nirede-de bolsa, ony Mansur gözläp tapjakdy. Baryp, günäsini ötmegi sorajakdy. Ol diňe Nurjemal üçinem şu taraplara gelýärdi. Çünki onuň şundan soňky durmuş ýoluny ýagtyldyp biljek ýalňyz şamçyragy şudy...
(Dowamy bar)...
Powestler