Daňa golaý Mansury uky basmarlady. Onuň uky basmarlan beýnisinde Nurjemalyň keşbi duman içinde ýüzüp ýören guş dek esli wagta çenli gaýyp aýlandy ýördi, aýlandy ýördi.
Mansury çagalaryň şadyýan gykylygy oýatdy. Ol gözlerini açanda, wagonyň äpişgesinden güneş garap durdy.
Mansuryň garşysyndaky polkada otuz ýaşlar çemesindäki bir gelin, onuň ýanynda alty-ýedi ýaşlaryndaky bir gyzjagaz, ýene bir kiçijik oglanjyk oturdy. (Olar otla daňdanlar münen bolsa gerek).
Ol gelin çagalryny köşeşdirjek bolýardy:
-Gygyrşyp, ana ol adamam oýatdyňyz – diýip çagalryna käýindi.
Mansur bolsa biparhsyrady:
-Zyýany ýok – diýdi-de, turup oturdy. Şonda Mansuryň gözi oglanjygyň elindäki rezin şara düşüp, bir zatlary ýatlap, allaniçigsi boldy.
Çagalar ol „zyýany ýok“ diýensoň ýene-de oýna başladylar. Oglanjyk şaryň agzyna dodaklaryny goýup, üflemäge başlady. Gyzjagaz bolsa:
-Ýararsyň, indi üfleme! – diýip, çyr-çytyr bolup, onuň elinden şary almaga çalyşdy. Oglanjyk şardan dodagyny aýyryp:
-Degme! Ýarylmaýar ol – diýip, gyzjagazy itekläp goýberdi-de, ýene üflemäge başlady. Birmahal şar „tars“ edip ýaryldy.Keýpi gaçan oglanjyk elindäki şara garap durdy-da aglap goýberdi.
-Özüň ýarybam nämä aglaýaň? – diýip, gelin çagany köşeşdirmek üçin kiçijik çemodandan bir gysym şokolad alyp, onuň eline tutdurdy. Çaga derrew köşeşip, ýylgyrjaklap töweregine göz gezdirdi. Onuň gözleri özüne täsin bir garaýyş bilen seredip oturan Mansuryň gözlerine kaklyşdy. Bu garaýyşyň manysyna düşünibilmän, çaga ondan gözlerini aýyrmady. Ahyram bu garaýyşda içgin bir duýgudaşlygyň barlygyny aňlan şekilli elindäki konfetleriň birini Mansura uzadyp:
- Me, alyň – diýdi.
Mansur aljagyny-da, almajagyny-da bilmän, oňaýsyz ýagdaýda ýylgyrdy.
Gelin:
- Alyň, çaganyň badyny gaýtarmaň – diýdi. Mansur konfeti alýarka, ojagaz oglana minetdarlyk bildirmek üçin „şaryň hiç haçan ýarylmasyn, jigim“ diýmekçidi. Emma bu gepiň manysyna özünden başganyň düşünmejegini aňyp:
-Berekella, bagtly bol – diýip oňaýdy. Çaganyň ýüzi açylyp, onuň bilen gepleşesi geldi. Ol:
-Bagtly bolanda nähili bolýar, daýy? – diýdi. Mansur aljyrap çaga näme jogap berjegini-de bilmedi. „Bagtly bolsaň, maşynyň bolýar, öýünde her hili gowy zatlaryň köp bolýar“ diýsinmi, ýeri näme diýsin?! Ol biraz wagtlap näme diýerini bilmän, dilini dişläp durdy.
Ahyrsoňy:
-Gowy bolýa, örän oňat bolýa-da – diýdi, şeýle ýönekeýje jogap tapanyna begendi. Bu jogap çagany kanagatlandyrmak bolara çemeli, ol gözlerini petredip durşuna:
-Bagtyň özi nirede bolýar-a? – diýip sorady.
Mansur indi çyny bilen aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Bu sowala-da onuň taýyn jogaby ýokdy, ahyry. Bagt nirede bolýa diýsin? Asmanda ýa-da ýerde diýsinmi? Şäherde ýa-da obada diýsinmi? Ýa-da bagt diýeniň bir
guş, gaýypdan gelip barşyňa gonýar. Eger eliňdäki şaryň ýarylsa, ürküp, uçup gidýär diýsinmi? Näme diýsin?!
Şu mahal olaryň sözlerine bar ünsüni berip, ol gelniň dyzyna söýenip oturan gyzjagaz hiç kimiň çözübilmedik soragyny özi jogap tapan dek ýüzi açylyp gitdi. Ol şaňňyja sesi bilen:
-Şonam bileňokmy? Bagt diýen adamyň içinde bolýar-da – diýdi.
Mansur bu söze ýylgyrsa-da, çaganyň sadaja düşünjesiniň aşagynda hakykatyň ýatandygyny ykrar etmeli boldy.
-Hawa jigijigim ol dogry aýtdy!- diýdi.
Soň ara dymyşlyk aralaşdy.
İkindinara otly haýkyryp şähere ýetip geldi. Mansur hemmeden öňürti goşhaltasyny egnine atyp, düşmek bilen boldy. Onuň kalbynda bir düşnüksiz galagopluk döräp, ynjalygyny gaçyrýardy. Otlynyň togtamagy bilen perronda duran mähelle wagonlara bakan akyp ugrady. Mansur gözleriniň ygtyýarsyz bakyşyndan kimidir agtarýanlygyny duýup, öz hantamalygyna içinden güldi. Ony garşy almak üçin kim çyksyn ahyry?!
Ol wagondan böküp düşdi-de, bu ýerdäki garşylamak, ugratmak dessuryndan bukulýan dek tiz-tizden ýöräp gitdi.
Mansur awtobusa-da münmän önüp-ösen şäheriniň köçelerinden pyýadalap ugranda, çagalygyndan tanyş binalar, görnüşler gözüne has-da yssy basyldy. Emma ol olara näçe yssy mähir bilen garasa-da, olar welin muňa ýat garaýyş bilen biperwaý seredişýän ýalydy.
Mansur aňyrdan niýet edip gelýän myhmanhanasyna bardy. Ýazuw-çyzuw işlerini gutaryşdyryp, nobatçy oňa oňatja ýerden bir jaý görkezdi. Ol äpişgäniň öňünde duran stulda oturyp, sigaret otlandy. Hamana diýersiň, häzir hiç zat barada oýlanmaýan, hiç zadyň aladasyny etmeýän ýalydy. Onuň oýu-da, gaýgysy-da hetdenaşa sarp edilip, gutarana meňzeýärdi. Ýöne öz önüp-ösen şäherinde özüni sergazdan ýaly syzyp, myhmanhanada oturmagy oňa diýseň agyr degýärdi. Ol ýadawdy, jysmany däl, ruhan ýadawdy. Şonuñ üçin bu gün gem-dynjyny alyp, ertirden başlabam Nurjemalyň soragyna çykmagy karar etdi. Ol ajyganyny duýup, myhmanhananyň restoranyna bardy. Restoranyň içi adamdan bireýýäm dolupdy. Adamlaryň açyk gürrüňleri, şowhunly gülküsi Mansuryň ýüregindäki düwni biraz ýumşadan ýaly boldy. Ol çeträkdäki boş erleriñ birine baryp oturdy-da tagamlaryň atlaryny gözden geçirmäge başlady. Şol wagt onuň gulagyna bir serhoşyň şaňňy sesi eşidildi.
-...Şeýle, inim, patyşa ýaly ýaşamagy başarsaň, şa bolmagyň hajaty ýok.
Mansur ýylan çakan ýaly tisginip, ses çykýan taýa seretdi. Onuň gapdaljygyndaky stolda iki adam otyrdy. Olaryň biri ýaňy ýigrimi bäşlerine giren uzynak görmegeý ýigitdi, ikinjisi semizliginden ýaňa alkymlary sallanyp ýatan orta ýaşly adamdy. Mansur oňa ganym duşmanyny gören ýaly alarlyp seretdi.
Ol Mansura bütinleý nätanyş bolsa-da, onuň nämesidir Mansura ozaldan tanyşdy. Dogrusy, bu adamyň edim-gylymy daýysyny ýatlatmanam duranokdy.
-Bu dana sözleri unutma – diýip, ol semiz adam sözüni dowam etdirýärdi. – Durmuş diýleni şeýle. Ýoluny tapsaň, döwran sürersiň, tapmasaňam jebrini görersiň...
Uzynak ýigit hem, Mansuryň bir wagtky bolşy dek, beg ýaly ýaşamak ýoluny gözläp ýören bolsa gerek, ýoldaşynyň gürrüňini höwes bilen diňleýärdi.
-Meniň aýdanymyň galady bolmaz, saňa ters ýoly berjek gümanym barmy? – diýip, ol semiz adam ýene gep nokatlaýardy. – Ýagşy diýiber, ýitirjek zadyň näme?
„Ýitirjek zadyň näme?!“ Bu söz Mansuryň kalbynda eýmenç ýaňlanyp gaýtalandy. Bu ýigit şu geplere uýup, nämeleri ýitirjegini bir bilsedi! Mansur erbet bir zada gözi düşen dek, ugry gaçyp, işdäsi tutuldy.
Ol jenaýata güwä bolmakdan çekinen ýaly, basym turup gitdi. Ol indi haýsy ýere baryp göwün açmak, naharlanmak mümkinçiligini oýlap, myhmanhananyň öňünde garalyp durdy. Dogrusy, häzir onuň ýüregi nämänidir isleýärdi, bu islegiň hem oňa bu gün gijesi bilen uky bermejekdigem hakdy.
Bu nähili isleg?
Mansur özündäki bu duýgynyň nämedigini anyklamaga çalyşdy. Kalbyny gaplap alan bu duýgy durmuş gözýetiminiñ öňüni bekläp duran perdäni ýyrtyp taşlamak, onuň aňyrsynda näme bardygyny tizräk görmek islegidi. Onuň üçin häzir bu meseläniň bir ujy baryp Nurjemala direlipdi. Diýmek, häziriň özünde Nurjemalyň gözlegine çykmak gerek. Eger ony yzlap tapmasa, onuň geçirimli, mylaýym gözlerine bakyp, aýagynyň astynda durmuş esasynyň barlygyna anyk göz ýetirmese, Mansuryň göwni takat tapjak däldi.
Ol karara öwrülen pikirleri bilen gümra bolup, şäheriň gündogar çetine gatnaýan awtobusa nähili müneninem duýman galdy. Ol awtobusdan düşüp seretse, şäheriň bu tarapy tanar ýaly däldi, özgerip gidipdir. Ýöne Nurjemallaryň obasyna eltýän uly ýola gözi düşen bada tanap, ýüregi jigläp gitdi. Bu ýol, göwnüne bolmasa ony durmuşuñ gujagyna göni alyp barýan ýeke-täk ýoldy.
Ýagyş ýagjakdygy bildirip durdy. Mansur oňa ähmiýet bermän, tiz-tiz ýöräp barýardy. „Şu ýöriş bilen gitsem, üç sagada bararyn. Eger bagtyma maşyn-saşyn sataşaýsa-ha işimiň oňdugy“ diýip oýlanýardy. Bir haýukdan yzyndan kuzuwy ýükli bir maşyn ýetdi. Mansur şatlandy. Dazlap gelýän maşyn derrew ýakynlaşdy. Mansur iki elinem deňine göterip ony duruzmaga synanyşdy. Maşyn Mansuryň deňinden biraz ötüp togtady. Kabinadan:
-Halypa, nirä barýaňyz? – diýen şadyýan ses eşidildi.
Mansur barjak obasynyň adyny aýtdy.
-Ýoldaş ekenik, münüň! – diýdi.
Mansur kabina mündi. Sürüji ýigit Mansur bilen deňräk bardy. Onuň ýüzünde ýakymly şatlyk alamatlary oýnap durdy. Onuň gözlerine Mansur dykgat bilen seredýärkä, otludaky kiçijik gyzyň
„Bagt adamyň içinde bolýar-da“ diýen sözlerini ýatlatdy. Mansur „Bu içinde uly bagty bar adam bolmaga çemeli, onuň bagty gözlerinde-de balgyldap dur“ diýip oýlandy. Şol wagt Mansur kabina oturdylan aýnada öz gözlerini görüp, ýüregi içinden sogrulan ýaly bolup gitdi. Ýoldaşynyň gözleri bilen onuň gözleriniň arasyndaky tapawut baýlyk bilen gedaýlyk arasyndaky ýaly.
Mansur aýnada öz keşbini görýärkä gussadan doly gözleri bilen üstündäki nähili reňkdedigi hem bilinmeýän köne kostýumynyň arasyndan nähili-de bolsa, bir umumy meňzeşlik tapdy. Şonda ol özüni bagtly hasaplan günlerini, gymmat bahaly kostýumlar geýip, öz maşynynda ýören wagtlaryny ýatlady. Onuň maşynynda-da hut şeýle aýna bardy. Maşynda gezelenç eden wagtlarynda ol her mahal şu aýna bakyp, özüne tomaşa ederdi. Şol wagtlardaky özüniň tutuş görnüşi, kaddy-kamaty, ýüz keşbi häzir hem onuň göz öňünde. Ýöne şol wagtlar onuň gözlerinde bu ýigidiňki ýaly bagt uçgunlary beri barmydy! Mansur muny hakydasyna getirmekçi bolanynda uly bir hakykatyň üstüni açdy. Şol döwürde-de onuň gözlerindäki uçganaklaýan bagt alamatlary dälde-de, ýasama buýsanç bilen gorky uçgunlarydy. Hakykatdan-da bu gorky duýgusy bagtyň ornuna onuň içinde mekan edinipdi. Gijelerine goňşularynyň gapysy gatyrak kakylsa-da, ol birhili howsala düşüp oýanýardy. Köçe-pöçede iki adam oňa garap özara gürleşip duranam bolsa, näme üçindir tisginerdi. Gysgasy, bu iç hümletmelere ýol bermezlige çalşyp, durmuş şerbetini has-da goýurak edip, içmek üçin, bezeg, zynatlar ugrunda hars urdy. Ýöne göze yşnakly görnen bu zatlar bagt lezzeti ýaly duýulmaýardy. Diýmek, ol şol mahallaram bagtly bolman eken-dä! Arman! Bu hakykata ol öz wagtynda düşünmedi.Masur hyýal derýasyna çümüp otuşyna gün ýaşyp garañky düşüp ugranyny-da duýmandyr.
Sürüji maşyny uly ýoldan gapdala sowdy. Mansur oňa soragly nazar bilen garady, sürüji bolsa:
-Şu ýerde, daýzamlarda meniň aýalym bar, şonam alyp öteli – diýip, sowulmagynyň sebäbini oňa düşündirdi, Mansur başyny bir atyp, ýene-de öz hyýallaryna gark boldy.
Maşyn egrem-bugram ýollardan biraz ýöränsoň, bir öýüň öňünde togtady. Sürüji maşyndan düşdi-de:
-Halypa, isleseňiz bir käse çaý içip gideli – diýdi.
Mansur:
-Giçden soň öý eýelerini azara goýmasak gowy bolardy – diýdi.
-Gözel göwnüňiz, onda men aýdyp çykaýyn – diýdi-de, sürüji içeri girip gitdi. Biraz wagtdan soň jaýyň işigi açylyp, dälizden kempiriň "Bally, gelniňi tiz-tiz getirip durgyn. Hoş-Hoş!“ diýen sesi eşidildi. Soňra sürüji ýigit bir aýaly tirkäp çykyp:
-Halypa, şu-da ortada otursyn – diýdi-de, özi kuzowa ildirilip goýlan bedräni alyp, maşyna suw guýmak üçin ýigrimi ädimlik aňyrdaky salma baka gitdi.
Ine, şonda garaşylmadyk bir waka ýüze çykdy.
Mansur kabinanyň gapysyny açanda, garşysyndaky aýal birden:
-Waý!..-diýip tisgindi. Mansur oňa dikanlap seretdi. Kabinadaky çyranyň yşygy garşysynda duran Nurjemalyň agaryp giden ýüzüni aýdyň görmäge mümkinçilik berýärdi. Mansur hemme zada düşündi-de, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly bolup, bedeni lowlap gitdi. Şol arada kempir gelip, gaýtadan hoşlaşmaga durdy. Soň Nurjemalyň adamsy gelip, aýalyny ýerleşdirdi-de, maşyny otlap ugramak bilen boldy.
Maşyn ýola düşdi. Nurjemal bolsa ortada Mansura hiç ýerini galtaşdyrmazlyga jan edip, ärine gysmyljyrap oturdy.
Güýçli urgynyň agyrysynyň dura-bara syzylyşy dek, bu rehimsiz jezanyň hem zäheri Mansuryň ýüregini para-para edip başlapdy. Ýöne syr bildirmezlige salyp, ähli gussasyny ýuwudyp geplemän otyrdy. "Näzir
Nurjemal nämeleri oýlaýarka? Kalbynda nähili duýgular peýda bolduka? Garaşmadygyna gynanýarmyka?“ diýen ýaly soraglar onuň beýnisine süri-süri bolup gelip geçýärdi. Maşyn uly ýola çykansoň, ýol birneme önüp ugrady. Birden Mansuryň kellesine: men indi nirä barýaryn? diýen pikir gelip, hanjar dek gezeldi. Emma geçmişiniň ýeke-täk hakyky bezegi bolan, indi bolsa bütinleý ýat bolup giden bu aýalyň ýanynda az salymam bolsa-da, galasy gelýärdi. Häzir ol Nurjemaly garalajagynam, aklajagynam bilenokdy. Emma ýüregindäki gahar-gazaby öz erkine goýberse, ol ony oňlulygyň üstünden alyp bararly däldi.
Öýländen bäri howany gaplap duran galyň bulut az-kem ýagyp, ýaňy dargamaga başlapdy. Aram-aram gök gürläp, asmanyň uzak ýerlerinde ýyldyrym çakýardy. Üç kişiniň arasyndaky agyr ümsümligiň syryndan bihabar oturan sürüji ýigit gürrüň açmaga çalyşyp:
-Şu günleriň buludyna hiç ynanar ýaly däl. Galyňlygyna seredip, suw-sil edip gidiberermikä diýseň, birden dyr pytrak bolup dargyýa gidiberýär.
Bir görseñ, ÿok ýerden peýda bolup, agyp başlaýar-diýdi. Bu sözler Mansury ynjalykdan gaçyrdy. Ol içini sowatmaga meýil etdi.
-Hawa, bulut diýeni şeýle durnuksyz bolýar. Haýsy tarapdan şemal güýçlüräk öwüsse, şonuň ugry bilen ygyberýär.
Bu sözleriň bulut hakda aýdylmandygyna düşünip oturan Nurjemal çydap bilmedi.
-Bagyşlaň, ol asla beýle däl. Nähak ýere buluda aýyp ýöňkeýärsiňiz!..
Mansur içini ýaryp barýan duýgusyny syzdyrmazlyk üçin ýuwaşlyk bilen:
-Siz bulut hakda şeýle oýlanýarsyňyzmy?- diýip sorady.
-Men häzir bulut hakda däl-de, asmanyň aňry burçynda çakyp giden ýyldyrym hakda oýlanýaryn. Ony, ine, bu uç-gyraksyz ýyldyzlar bilen deňeşdirýärin.
Sürüji ýigit aýaly bilen bu nätanyş adamyň arasyndaky täsin gürrüňe biraz geňirgendi. Ýöne bu gürrüňiň aňyrsynda basyrylgy ýatan syr bardyr diýip pikir hem edenokdy. Nurjemal bilen Mansur bolsa içki galagoplygyň täsiri bilen ony unudana meňzeýärdiler. Mansur Nurjemalyň nämäni nazarda tutýanyny hem anyk düşünmän:
-Ýyldyrymyň nämesi barada oýlanýarsyňyz? – diýdi.
Nurjemal:
-Ýyldyrym ýekeje gezek ýaldyrap görünjek diýip, derrew öçüp gidýär. Ýyldyzlara bir serediň, olar ýyldyrym ýaly gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldap görünmeseler-de, her haýsy bir tüýsli ýagtylanyp dur. Olar ömür boýy şol durkyny saklaýarlar. Siz häzir buludyň ötegçiligi hakda aýtdyňyz, gaýtam, siz ýyldyzlar bilen ýyldyrym meselesine köpüräk pikir beriň. Olaryň haýsy ötegçi?
Mansur ulumsylyk bilen:
-Men bular barada oýlanandyryn – diýdi. – Emma siz ýyldyrymy bir çakyp öçýär diýip, nädogry düşünýän ekeniňiz. Ol asmanyň bu çetinden bir çakyp öçeni bilenem aňyrky çetine baranda öňküdenem güýçliräk çaknaýandyr.
Nurjemal:
-Barybir ýene öçüp gidýä-de, bu onuň üçin kanun- diýdi.
Mansur näme diýjegini bilmän, dilini dişledi galdy. Hawa, bu ýyldyrym üçin kanun. Ol muňa ýagşy düşünen bolsa-da soňky sözüni buýsanjaňlyk bilen aýdypdy. Sürüji ýigit aýalynyň bu täsin çekişmede ýeňenine buýsanyp:
-Biziň keyweni kä ýarym şunuñ ýaly pelsepeli gürrüňleri ýagşy görýär- diýip goýberdi.
Nurjemal dikelip oturmakdan ýadan bolmaga çemeli, arkan gaýşyp köpjege söýendi. Şonda Mansuryň gözi onuň biraz güberlip duran garnyna düşüp, ýüregine köz basylan ýaly boldy. Bu zat oňa hälki gürrüňlerden on esse erbet täsir etdi. Gabanjaňlyga meňzeş bir ýowuz duýgy onuň içinde ýylan bolup towlanmaga başlady. Birden onuň beýnisine bir kölegeli pikir şuwlap indi. Maşyn bolsa tekiz ýolda okdurulyp barýar. Ýoluň çep tarapy jarlyk. Rula ýapyşaga-da bir bursa, wessalam! Şeýdip ol özüni durmuşa baglap duran iň soňky umydyny çym-pytrak eden bu adamlardan hem öj aljakdy, ýürek bagryny gemirip barýan içki azaplaryndan hem gutuljakdy. Beýnisinde nokat bolup dörän bu pikir ulaldygy saýyn ýüregi tarsyldap urmaga başlady. Ýöne bir ýagşysy, onuň bu ýowuz niýetiniň ýoluny beklär ýaly güýji bar eken. Ol birden:
-Sakla şu ýerde! – diýip gygyranyny hem bilmän galdy.
Aňk-taňk bolan sürüji birden tormozy basdy. Ol:
-Näme boldy - haw! – diýdi.
Mansur gapyny jarka açyp, böküp düşdi-de sandyrawuk ses bilen:
-Sag boluň!.. Bu ýanyna özüm giderin – diýdi. Sürüji bu adamyň şübheli hereketini aňyp, ondan tizräk gutulanyny kem görmedi gerek, hiç zat diýmezden sürdi gitdi.
Mansur garaňky gijede ýeke galdy.
Indi näme etmeli?
Bu sorag onuň öňünde ikinji gezek goýulýardy.
Birinji gezek bu sowal onuň öňünde tehnikumy gutaryp, buhgalteriň kömekçisi bolup işläp başlanynda, alýan aýlygy bilen hyýalyndaky zynatly durmuş hözürini görüp bilmejek bolup gynanan wagtynda goýulypdy. Gepiň tümmek ýeri, şol wagt bu sowaly öz öňünde özi goýupdy. Indi bolsa bu sowaly durmuşyň özi getirip, onuň öňünde goýdy.
Bir mahaldan ýoluň sag tarapyndaky elli ädim aralykda towlanyp akyp ýatan uly ýaba gözi düşdi-de, beýnisine gelen pikirden özem gorkup gitdi. Emma nähilidir bir gara güýç ony ýap tarapa itekläp alyp barýardy. Ol ýabyň boýuna gelip aýak çekdi. Suw sessiz-üýnsiz, emma batly akýardy. Ýabyň ululygy tiz akyşy gijäniň garaňkysynda örän elhenç görünýärdi.
Ýapdan gözüni aýyrman duran Mansur birden tapdan düşdi-de, aýak astyndaky gök otuň üstünde süýndi. Onuň kalby beýnisi haňkaryp galan köne haraba dek gugaryp durdy. Bu harabalykdan: „Näme ýatdyň? Bol tiziräk , tijen ahyry!“ diýen ses eşidilen ýaly boldy.
Şol mahal ýabyň aňyrsyndan traktoryň gürrüldisi, adamlaryň gygyryp gepleşýän sesleri eşidildi. Ol: „güýz sürüm, adamlar gijelerine-de durmuş zerurlyklaryna ulaşýarlar“ diýip oýlady.
Traktoryň sesi daşlaşdy, peseldi, adamlaryň birisi bir zat diýdi, beýlekisi şeýle bir jak-jaklap güldi weli, muňa Mansuryň ini jümşüldäp gitdi. Hamana, ol gülki janly zat ýaly onuň üstünden uçyp geçdi.
„Gülki, gör nähili ajaýyp zad-a! Ol ynsanyň ähli şatlyklarynyň jarçysy... Ýok ýaşamak gerek! Özüm hiç wagt şeýle gülübilmesemem, şular ýaly gülküleri eşidip gezmek üçin beri ýaşaýyn!“
Mansur şu pikirler bilen ýerinden turup gitdi.
Gök ýüzüni gaplap, häkimlik satyp duran bulutlar daňa golaý dargaşyp, nirädir zym-zyýat boldular. Asman giňişligi oňat arassalanan çüýşe ýaly ajaýyp görnüş aldy.
Daň tilkiguýruk bolanda, Mansur şähere golaýlady. Ol gijesi bilen paýy ýyýada ýol ýöränem bolsa, özünde ýadawlyk syzanokdy. Ol ölüm penjesinden gaçyp gutulan dek tolgunýardy.
Ynsan balasy agyr pursatlarda ýakyn hossaryny, mähriban adamyny ýatlaýar. Janymyz agyranda, ruhy taýdan ejir çekenimizde „ Eie jan“ diýip seslenmegimiz hem şondan bolsa gerek. Häzir Mansuryň hem içinde „Eje jan! Men indi näme iş etmeli?! Aýatda sen diri bolanda maňa ýol salgy bererdiň, ahbetdin!“ diýen nala ýaňlanýardy. Bu nala ony şäheriň çetindäki gonamçylyga alyp bardy.
Gonamçylyk! Bir giden meýdany tutup ýatan tümmek-tümmek mazarlar bir eýesiz şäheri ýatladýardy. Daňdanyň salkyn we arassa howasynda bu ýer adamyň gözüne has sowuk görünýärdi, inini tikenekledýärdi, ömür diýilýän zadyň wagtlaýyndygyna, ölümiň gutulgysyz netijedigine ynandyrýardy.
Mansur öz eli bilen jaýlamadyk ejesiniň mazaryny bu giden gonamçylykdan nädip tapjagyny bilmän daş-töweregine garanjaklap durşuna bir wagtlar Magtymgulydan okan setirlerini ýatlady:
Gör nä ärler ýatyr munda güm bolup,
Sen dünýäni tutajaksyñ kim bolup!
Gurşun ýaly saldamly bu sözleriň düýp manysyna Mansur diňe häzir düşünen ýaly boldy. Şol wagt onuň ýeňsesinden bir şygyrdy eşidildi. Ol tisginip, yzyna öwrüldi. Görse, garşysynda saçy- sakgally çuw ak bir garry ýaý ýaly egrelip durdy. Mansur onuň gonamçylygyň müjewiridigini aňdy, salam berdi. Garry başyny atyp, salamy alansoň, sandyrawuk inçe ses bilen habar sorady:
- Oglum, beýle bimahal näme işläp ýörsiň?
Mansur birbada näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Eger diýse diýere zat kändi. Bu dünýäniň ähli al-aladasyny terk edip, gonamçylygy özüne mesgen edinen bu garra içini dökse döküp oturmalydy. Emma ol öz derdine bu terki dünýä adamy şärik edip, oturmagyň geregi ýokdugyna göz ýetirdi. Gonamçylyga gelmeginiň sebäbini aýtmak bilen çäklendi.
-Meniň ejem şu ýerde bolmaly, ýöne men onuň mazarynyň nirededigini bilemok. Belki-de siz kömek edersiňiz.
Müjewür oňa manysyz nazary bilen dowamly seretdi, soňra:
-Ejeň kimlerden bolmaly? Haçanyrak jaýlanan? – diýip sorady. Mansur ikirjiňläp jogap berdi:
-Ejem... Halyl Haýdar diýip eşiden bolsaňyz, ejem şonuň dogany bolmaly. Jaýlananyna –da bäş ýyla golaýlady.
Müjewür çu ak ösgün gaşlaryny sypalap durşuna:
-Halyl Haýdar, Halyl Haýdar- diýip, gaýtalady- ýok, ýadyma düşenok oglum. Ýogsam, sen näme üçin ejeňiň mazaryny bäş ýyldan soň idäp ýörsiň? Öň niredediň, oglum?
Mansur geplemedi. Ol jogaba garaşýan müjewüriň ýüzüne-de seretmän gelen yzyna dolandy.
Mansur şähere gelip girende, köçelerde ýaňy hereket başlanypdy.
Ol tanyş köçelerden ötüp barýarka ýoly ýaşlygynyň iň bagtly döwri geçen ýeriniň üstünden düşdi.
Ine, Nurjemal bilen gol tutuşyp gezen tanyş ýodalary. Halha niçe duşuşyklaryň, niçe şirin posalaryň güwäsi bolan gadyrdan boýderek. Mansur derege ýakynlaşdygysaýy lowurdap duran gözleri onuň synasyndan nämedir bir zady agtarýardy. Geň galmaly zat, onuň agtarýan zady öz ýerinde ýokdy. Şonda onuň kellesine „Näçe ýyllar“ diýen pikir gelip, göreçleri derege ýarmaşyp, ýokary ýüwürdi.
Hol-ha, onuň agtarýan zady „ Nurjemal“ diýip oýulyp ýazylan ýazgy. Ýadyňyzda bolsa gerek, Nurjemal bilen Mansuryň söýgi-muhabbetiniň ilkinji sahypalary açylyp başlan wagtda şu deregiň ýanyndaky tapyşyklaryň birine Nurjemal gelmän galypdy. Şonda çüňker keýip bolan Mansur jübüsinden çakgysyny çykaryp, ýüregine söýgi tygy bilen ýazylan bu ady entek tyg düşmedik deregiň synasyna göçüripdi. Şeýdip birinji aýralygyň jebrini şärikleşip çekeni üçin derek oňa gadyrdan bolup galypdy.
Ol wagtlar ýazuw Mansuryň egni bilen barabardy. Häzir niçik? Indi Mansur oňa daraklygyna galyp, el uzatsa-da ýetip bilmedi. Ýyllar "Nurjemaly“ şeýle belentlige göterip, Mansury-da şunça aşakda galdyrypdy. Aslynda welin elýetmez belentlige göterilen zat diňe, Nurjemal atly söýgüli aýalyň ady bolman, durmuşdy, hut durmuşyň özüdi!
Mansur ysgyndan gaçyp derege söýendi. Ol şu durşuna öz ýüregine diň saldy. Onda ne arman, ne hasrat, ne-de şuňa meňzeş duýgy bardy. Häzir onuň içinde diňe güýçli ýer yranmasyndan soň bolýan elhenç bir asudalyga çalymdaş asudalyk höküm sürýärdi. Ol esli wagt şu ýerde duransoň, dünýädäki iň eziz zady bilen hoşlaşýan ýaly derege serede, serede ondan daşlaşyp gitdi.
Mansur birwagtlarky özüniň „Wolgaly“ gezýän köçeleriniň birinden kellesini aşak salyp, gözlerini ýamaly botinkasyndan aýyrman, lapykeç halda ýöräp barýardy. Ol käwagt başyny göterip, töwerek-daşyna gamgyn nazaryny aýlaýardy. Onuň bu köçeden geçmänine ýedi-sekiz ýyla golaýlapdyr. Şu döwrüň içinde köp zatlar özgeripdir. Bir wagtlar köçäniň iki gapdalyndaky körpe nahallar indi saýa salyp oturan äpet daragytlara öwrülipdir. Öňki pesejik görmeksizje tamlaryň ýerinde iki, üç gatly owadan jaýlar peýda bolupdyr. Bu zatlaryň ählisine Mansur birhili müýnli seredýärdi. Göwnüne bolmasa, ol zatlaram Mansury geň görýän ýalydylar.
Mansur gaty ýadawdy. Ol aýaklarynda ysgyn galmanyny syzyp köçäň ugrundaky dynç alyş bagyna sowuldy. Ol kölegeräk ýer gözläp barşyna şaglap akyp ýatan bir salmanyň gyrasynda saklandy, özüni aşak goýberdi. Ol ýumşak çaýryň üstünde aýaklaryna dynç berip otyrka, beýnisinde ýene dürli oý-pikirler at salýardy. „Önüp-ösen şäherime-de gaýdyp geldim, emma bu ýerde maňa kim garaşýar, men kime gerek? Nurjemaldan bolsa umydym üzüldi. Ejem pahyr indi ýok. Ýakyn-ýatlarymdan ýene kimler barka? Şemşatmy? Şemşadyň indi meniň bilen „salam-helik“ edişmekjekdigem belli zat. Men oňa kisämiň pully, işimiň şowly wagtynda gerekdim. Indi ol meni başyna ýapsynmy?.“
Mansur şeýle oý-pikirler bilen gumra bolup otyrka, salmanyň aňyrky gyrasynda pyrlanyp aýlanyp duran girdaba gözi düşende, oňa seretdi galdy. Onuň ünsüni çeken zat girdabyň däl-de, oňa düşen bir çöpüň ahwalatydy. Girdap toruna düşen çöpi özi bilen bile pyrlandyryp aýlaýardy. Ol çöpi ýene bir azrak şeýle aýlandyransoň, ýuwdup goýberjegi ikuçly däldi. Ol çöp bilen girdabyň başa-baş söweşine seredýärkä, edil stadionda oturan futbol humarbazy dek bu söweşde çöpüň ýeňip çykmagyny tüýs ýürekden isleýärdi. Birdenem girdabyň aýlanmasy güýçlendi-de, çöpi ýuwutdy. Muňa Mansuryň ýüregi agzyndan çykara gelip, hamala girdap çöpi däl-de, onuň özüni ýuwdan ýaly boldy. Emma köp wagt geçmänkä çöp ýene suwuň ýüzüne galkyp çykdy. Mansur ýeňillik bilen dem aldy. „Indi sähelçe hereket etse, girdapdan gutulyp gidäýmegi mümkin“. Emma girdap Mansuryň göwnüni görenokdy. Ol çöpi birsalym ozalkysyndanam güýçlüräk pyrlandyrandan soň, bütinleý ýuwudyp goýberdi! Şonda Mansuryň beýnisinde bir pikir ýyldyrym dek çakyp gitdi-de zöwwe ýerinden galdy.
„Her niçikde bolsa, men çöp däl! Janly adam, ahyryn! Näme üçin men täzeden öz bagtymyň gözlegine çykmaly dälmişim?!“
Mansur şu pikiriň goltgy bermegi bilen göni wokzal tarapa ýöneldi. Ol tiz-tiz ädimläp barýarka, şu günüň özünde agşamky otly bilen Daşkende gitmeli diýen berk karara geldi.
Ýer titremesinden soň bu äpet şäher mertligiň hem-de janypkeşligiň mekdebine öwrülipdi. Ol ýere çyn ýürekden zähmet çekip, özleriniñ doganlyk kömegini bermek üçin ähli ýerlerden barýan adamlaryň san-sajagy ýokdy. Goý, olam şol gaýnap duran zähnet gazanyna düşüp, bişip çyksyn. Belki, onuňam bagty şol ýerdäki zähmet gujagynyň bir ýerinde ýatandyr. Mansury Daşkende itekleýän zat diňe şu pikir, şu umydam däldi. Ol ýerde onuň çagalyk dosty Jemşit bardy. Mansur tussagdaka-da Jemşidiň ähli işlerinden habarlydy. Daşkentde ýer titremesinden soň, ol şol ýerde başlanan umumyhalk gurluşygyna gidipdi. Häzirem Jemşit şol ýerdäki bir trestde başlyk bolup işleýärdi. Ýeri, indi ol Daşkende näme üçin gidip barýar?
Jemşitden hemaýat isläpmi? Mansur kalbynyň nirelerindedir ýaňlanýan bu soraglara şu pursatyň özünde jogap tapmaga ejiz gelýärdi. Nähilem bolsa, ol Daşkende baran badyna ilki Jemşit bilen duşuşmagy ýüregine düwdi.
Otly haş-haşlap Daşkent wokzalynda saklandy. Mansur bu şähere ozallaram iş bilen telim gezek gelipdi. Görküne gözüň gidýän köçelerdir baglarynda seýil edipdi. Indi bolsa onuň käýerlerde ýykylan, ýumrulan jaýlaryny görüp, Mansuryň ýüregi awady. Ol kä tramwaýda, kä pyýada ýöräp şähere aralaşyp barýarka, entek arassalanyp ýetişmedik harabalara gözi düşende, olar bilen öz kalbynyň arasynda nähilidir bir meňzeşlik bar ýaly duýdy.
Erte-birgün bu harabalar arassalanyp, olaryň ýerinde owadan-owadan ymaratlar bina ediler. Munuň şeýle boljagy şübhesiz. Emma harabalyga öwrülen göwün ýaňadandan abat bolup bilermikä?! Entek bu zat Mansura näbellidi...
Mansur günuzyn soraglap Jemşidiň ýolbaşçylyk edýän trestiniň jaýyny tapdy. Ol kabul ediş otagyna girende, başlygyň kabinetiniň gapysy çalaja açyk durdy. Şol aradan gelýän Jemşidiň sesini eşidip, Mansuryň ýüregi jigläp gitdi. Ol gapa ýakynlaşyp, gözüniň gytagy bilen içerik seretdi, Jemşit ullakan stoluň aňyrsynda oturyp, ýanyndaky iki adam bilen bir zatlar hakynda gürrüň edýärdi. Kabulhanada oturan kätip aýal bu adamyñ ilki özünden soraman başlygyñ otagynyñ gapysyndan jyklap duruşyna geñ galyp:
-Size kim gerek? – diýdi. Diñe şundan soñ Mansur kabul ediş jaýynda sekretar aýalyň oturandygyny görüp oña salam berdi. Soñra:
-Başlygyňyzyň ýanyna girmekçidim-diýdi.
-Onuň ýaly bolsa birsalym garaşyň, ýanyndakylar çyksyn, soň girersiňiz
Mansur hatara goýlan otugyçlaryñ birinde çekinjeňlik bilen oturdy. "Jemşit ony nähili garşy alarka? Ähli bolup geçen zatlary ýüzüne basyp, paralanan ýüregine duz sepäýermikä? Ýa-da...“
Mansuryň kellesinde at salýan bu pikirler soňlanmanka içerdäkiler gadyrly hoşlaşyp daş çykdylar. Mansur ýerinden galyp, gapa tarap howlukdy. Ol içerik girip, gapyny ýapdy-da, sandyrawuk ses bilen:
-Mümkinmi? – diýdi.
Ol öz sesini tanamady. Gulagyna kesekiniňki ýaly bolup eşidildi.
Şol wagt oňa gözi düşen Jemşidiň kagyzlary ýygnaşdyrýan elleri stoluň üstünde ysmaza öwrülip doňup galdy.
-Bu.. Senmiň?..
-Hawa, men...
Mansur şu pursatda dostunyň tarsa ýerinden turup, özüniň öňünden çykmagyny, gujaklaşyp, mähirli görüşmegini isleýärdi. Emma Jemşit beýle etmedi. Ol agraslyk bilen ýerinden turup, stoluň aňyrsyndan elini uzatdy. Onuň bu bolşy Mansura gaty ýokuş degdi. Şeýle-de bolsa syr bildirmän, mähirli görüşip-soraşmakçy boldy, emma şol demde ýüreginde dörän duýgularyndan rüstem gelip bilmedi, dostunyň uzan elini sowuk-sala gysdy-da onuň garşysyndaky boş stula geçdi. Jemşit Mansuryň ýüzündäki ynjy alamatyny görüp, özüniň çendenaşa perwaýsyzlyk edenini aňdy, mylaýym söz bilen günäsini ýuwmaga çalyşdy.
-Sag-aman geldiňmi, Mansur... Bu ýerlere nädip düşdüň?!
Ullakan buz harsaňyny kiçijik şem çyra bilen eredip bolmaýşy ýaly, Mansuryň göwnündäki düwünem bujagaz mylaýym söz bilen ýazylarly däldi. Ol kineli gürledi.
-Sag bol. Duz nesibäni çöpläp gaýtdyk. Bu ýerik bolsa seniň bilen şol wadalaşan duşuşygymyz üçin geldim.
-Wadalaşan duşuşyk diýýämiň? Haçan wadalaşypdyk – diýip, Jemşit geňirgendi.
-Ýadyňdan çykypdyr öýdýän! Hawa-da, ýatdan çykar ýaly wagtam bolaýdy öýdýän. Ondan bäri ýedi-sekiz ýyl geçip gitdi.
-Näme diýmekçi bolýaň? Menä-ä hiç zada düşünemok.
-Häzir hemmesine düşünersiň. Seniň çyzgylaryňy welosipediňiñ syrtyna daňyp, işe gatnaýan günleriň ýadyňdamy?
-Elbetde ýadymda.
-Şol günleriň birinde men seniň yzyňdan „Wolgaly“ kowup ýetipdim, şonda ikimiz ýol üstünde esli wagt durup gürleşipdik. Ýadyňa düşýämi?
-Hawa, hawa, ýöne näme hakda gürleşenimiz hakydama gelenok – diýip Jemşit aýtsa-da, şol wagtky bolup geçen ähli gep-gürrüňleriň şu günki ýaly ýadyndadygyna gözlerinde uçganaklaýan hilegärlik alamaty güwä geçip durdy.
-Onuň ýaly bolsa ýatladaýyn. Şol wagt sen özüňi häzirkidenem sowuk-salarak alyp barypdyň. Seniň bolşuňa gaharym gelip, men: „Şeýle bir wagt geler welin, şonda sen meň bilen başgaçarak äheňde gepleşmeli borsuň“ diýip aýdypdym.
-Ä-hä, indi ýadyma düşdi – diýip, Jemşit oňa dikanlap seretdi.
-Ýadyňa düşen bolsa, şonda sen maňa näme diýip aýdypdyň?
Jemşit birneme ýaýdanybrak jogap berdi.
-Menmi? „Eger şeýle wagt geläýse, belki-de, başgaçarak gürleşerin“ diýipdim öýdýän?
-Hawa, edil şeýle diýipdiň – Mansur uludan demini alyp, dowam etdi. – Ine, şol aýdylan pursatam geldi. Ýöne ol meniň isleýşim ýaly däl-de, seniň isleýşiň ýaly bolup geldi. Sebäbi, bu gezek men seniň alnyňa "Wolgaly“ däl, ýamaly botinkada geldim.
(dowamy bar)...
Powestler