Mansur sözüni soňlap bilmedi, hamsykdy. Sözüniň dowamy hökmünde has köneleşen botinkasyny görkezmek üçin bir aýagyny ýokary galdyryp goýberdi.
Jemşit ony synlap otyrka, birwagtlar gymmat bahaly kostýumlar geýip, özüniň hususy „Wolgasynda“ gezýän bu gedem adamyň, indi naçar görnüşinde ejizläp oturyşyna ýüregi awady. Ol Mansuryň çökgün göwnüni götermekçi bolup ýerinden turdy, ýanyna baryp, alçaklyk bilen bir elini onuň egnine goýdy, mylaýym gürledi.
- Boljak iş bolup geçdi, Mansur. Durmuş saňa sapak beren bolsa gerek. Indi men saňa elimden geldiginden kömek etmäge taýyn.
- Sag bol! Men senden kömek sorap gelemok- diýip, Mansur birden kejine tutdy. – Özüm ýykyldym, özümem aýaga galjak bolup görerin, „özi ýykylan oglan aglamaz“ diýleni, öz ýolumy tapyp giderin.
-Ýollar dürli-dürli bolýandyr, Mansur – diýip, Jemşit agraslyk bilen gepledi. – Bilmedim, indi sen nähili ýol bilen giderkäň?
Mansur dostunyň sözüni-de soňlatman gyzyp başlady:
-Çem gelen ýol bilen giderin welin, nätsemem ozalky kaddyma ýeterin! Saňa, oňa, adamlara entek elimden nämeler gelýänini bir görkezerin! Islesem, ýene-de şarňyldap duran öýüm, maşynym, käbir agzy açyklaryň düýşüne-de girmeýän näzeninlerim hem bolar!
Jemşit Mansuryň gany gyzanda agzyna gelenini gaýgyrmaýan gylygynyň bardygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol dostunyň sözlerini soňuna çenli çydamlylyk bilen diňledi.
-Näzeninem däl, näzeninlerim hem bolar diýsene- diýip, Jemşit ajy ýylgyrdy.
Mansur özüniň çendenaşa gidenini aňdy:
-Ýaňsa aljak bolma! – diýip hüňürdedi.
Emma Jemşidiňem jany ýandy:
-Mansur, men seni paltasy daşa degensoň ýalňyşlaryna düşünendir, toba gelendir, diýip pikir edipdim. Sen-ä entegem düzelmänsiň, şol bolşuňa-da galypsyň- diýip, daljykdy.
Emma Mansur nämedir bir zat aýtmakçy bolup ykjamlandy, birden bogazy dolup, gepläp bilmedi. Ol ýerinden turdy-da ýuwaş ädimläp, çala açyk duran äpişgäniň öňüne bardy, göýä howa etmeýän ýaly, ony ýene birazyrak açdy, uludan demini aldy.
-Bagyşla! Bu sözleri içim ýanany üçin aýdyp goýberenimi özümem duýmadym. Aslyýetinde bolsa bar zada bireýýäm göz ýetirdim. Kör gözüm açyldy!
Orta agyr ümsümlik düşdi. Mansur jübüsinden otluçöp çykardy, ýene nämedir bir zat gözläp, beýleki jübüsini dörüşdirip başlady. Onuň çilim çekmekçi bolýanyny aňan Jemşit dostunyň ýanyna baryp, oňa özüniň filtrli sigaretini uzatdy. Mansur bolsa özüniň „Pamirini“ çykaryp, birini otlady-da, nebsewürlik bilen üç-dört gezek sordy:
-Ine şuňa öwrenişipdirin, filtirinlini halamok.
Şol wagt gapy çalaja açylyp, sekretar aýalyň kellesi göründi.
-Bagyşlaň, iş wagty gutardy, men gidibersem bolmazmyka? – diýip, ol Jemşide ýüzlendi.
-Gidiberiň, bizem häzir çykarys.
Gapy ýapyldy. Jemşit sagadyna seredip durşuna:
-Bä, sekretar daýzany mazaly garaşdyrypdyrysow, diýdi. –Bizem gideli, näme gep-gürrüň bolsa öýde gürleşeris.
-Öýüňde näme iş etjek meni, gowusy myhmanhana baraýyn, eger iş dagy tapyp berseň, ertir geläýerin-dä.
Jemşit ony goltugyndan tutup daşary alyp ugrady.
-Bolşuň nähilaý seniň? Men seni hergiz myhmanhana ibererinmi? Hany gitdik. Hal-ahwaly gök çaýyň başynda soraşybereris.
Mansuram garşylyk görkezip durmady. Köçede täzeje „GAZ-69“ durdy. Jemşit dostuny maşynyň ýanyna eltdi-de, çalasynlyk bilen sag tarapky gapysyny açyp, Mansury oturtdy. Özi bolsa ruluň başyna geçdi-de maşyny dazladyp, sürüp ugrady. Onuň bu hereketlerini birinji gezek görýän adam: „näme, maňa minnet edýärmi?“ diýip oýlanmagy mümkindi. Emma Mansur dostunyň ähli gylyklaryny ýaşlykdan bilýäni üçin onuň bolşuny geň görmedi. Ol ýuwaşja gülüp:
-Henizem şol öňki bolşuň, üýtgemänsiň. Bir iş edeňde, göýä yzyňdan ýagy kowup gelýän ýaly-da seniň – diýdi.
-Häzirki döwürde durmuş şuny talap edýär. Dähedem-dessemläp ýöräbem bu uly şäheri dikeldip bolarmy?
-Munyň dogry. Emma şeýle uly şäheri gurýan gurluşyk ýolbaçylarynyñ biri özi maşyn sürüp ýörse birhili geňräk ýaly, näme sürüjiñ ýokmy? – diýip Mansur dostunyň maşynyny özi sürüp barýany bilen gyzyklandy.
-Ýok diýseňem boljak, bar diýseňem.
-Muňa nähili düşünmeli?
-Ştat bar. Emma özümiň başarýan zadym üçin başga bir adamy işden goýasym gelenok.
-Hä, şeý diýsene. Men-ä seniň ýeriňe bolsam, maşyny sürüjime sürdürip, özüm ýanynda gaýşaryp oturardym – diýip, Mansur degişme bilen aýtdy.
-Ol meniň ýek görýän zadym. Men beýle bolmagy asla halamok.
-Biz biri-birimizden bütinleý başga hili adamlar ekenik dostum. Näme üçin seniň halamaýan zatlaryňy owal başdan menem ýaman görmedimkäm? – diýip, Mansur özüne sorag berdi.
Jemşit hiç zat diýmän, dostuna mähirli seretdi.
Dostunyň bu garaýşynyň manysyna düşünen Mansur:
-„Hä, indi adam bolsaň gerek“ diýip pikir edýärmiň? – diýdi.
-Hawa, hut şeýle. Sen öňem synçydyň, adamlaryň hereketinden olaryň pikirlerini bilýardiň. Emma edýän işleriň welin samsyk adamyň işine meňzeýärdi. Men hemişe şoňa, haýran galardym.
-Bu zatlara indi meniň özümem haýran. „Soňky tüýkülik sakgal ezmez“ diýlişi ýaly, indi öz etmişlerime her näçe ökünsem-de, onuň peýdasy degenok.
Şondan soň olaryň hiç birinden ses-üýn çykmady. Olar dymmak bilen ýoly dowam etdirdiler.
***
Mansur töweregine synçylyk bilen ser salyp barýardy. Ýaňyja gurlup başlan şäher onuň bar ünsüni özüne çekdi. Ähli ýerde gurluşyk işleri giň gerimde alnyp barylýardy, zähmet gaýnap joşýardy. Şadyýan zähmetiň şowhuny ony gujak açyp garşylaýan ýalydy. Mansur özüniň bu ýere gelip, ýalňyşmanyna düşündi. Bu zähmet gujagyndan öz bagtyny, öz ýoluny tapjakdygyna ynanasy geldi. Göwnüniň bir çetinde dörän bu umyt uçgunlary az hem bolsa onuň ruhuny göterdi.
-Görýäňmi, nähili gigant şäher gurýas? – diýip, Jemşit buýsançly aýtdy.
-Hawa görýän.
-Görýän bolsaň, aslynda, sen hem gurluşykçy, indi özbaşdagam bir işläp gör-dä?
-Işläp görmänimi nireden bilýäň? Belki işländirin, meni görmedigiňe ýedi ýyldanam köp boldy ahyry.
-Bagyşla dostum, bagyşla! Men munam oýlanman gepläpdirin. Ýagny, näme iş etdiň? Prorablyk edensiň-dä?
Mansur dostunyň ýüzüne gazaply seretdi.
-Muny hem oýlanman aýtdyňmy ýa-da meni oýnajak bolýaňmy?
-Garaçynym Mansur, näme üçin oýnaýyn? Men seniň näme işläniňi nireden bileýin?
-Muny bilmeseňem, meniň näme üçin tussag edilenim-ä bilýänsiň? Maňa maddy jogapkärçiligi bar işi ynanarmydylar, ahyryn.
-Bagyşla dostum, bagyşla! Men munam oýlanmandyryn. Ýagşysy, özüň aýt näme iş etdiň?
-Beton guýdum, kerpiç ördüm, suwagçylyk etdim. Umuman hemmesem elimden gelýär! Maňa iş tabşyrmakçy bolsaň, haýsyny diýseňem men taýýar!
Jemşit biraz dymdy. Soňra:
-Her zadam bolsa, sen orta bilimli gurluşykçysyň. Saňa ýönekeý iş bermeris. Bizde boş duran prorablyk orunlar bar.
-Sen başlyk bolsaňam kanuny bilmeýäň öýdýän? Men saňa näme diýdim? Maňa kanun boýunça maddy jogapkärçiligi bolan işi İynanmak gadagan- diýip aýtdym ahyry.
-Näme üçin? Sen jezaňy çekip, aklanyp çykan adam ahyryn. Indi sen hemmeler bilen deň hukukly graždanin. Men sen hakda ulular bilen gepleşip görerin.
-Gerek däl, Jemşit. Maňa ýönekeý iş berseň, senden müň-de bir razy. Geçen ýedi ýylyň içinde el bilen edilýän işi, halal zähmet diýen zady gaty oňat öwrendim. Onuň gadyryny bildim.
-Bolýar, seniň iş meseläňi ertir edarada çözeris. Ynha, öýe-de ýakynlaşdyk.
-Onda magazine baka sür. Öýüňe birinji barşym, çagalara bir zatlar alaly, boş barmaýyn.
Jemşit ýylgyrdy. Munuň manysyna düşünen Mansur özüniň perwaýsyzlygyndan käýindi:
-Bagyşla, Jemşit, men öz derdim özüme ýetik bolansoň seň maşgalaň hakda soraşmandyrynam. Öýlenensiň. Çagaň barmy?
-Bar welin, ol entek hiç zat iýmeýär. Şonuň üçinem magazine barmagyň geregi ýok – diýip, Jemşit ýylgyrdy.
-Şeý diýsene, bolany gowy, ogulmy, gyz?
-Entek ony hem bilemok, nesip bolsa ýene üç aýdan belli bolar.
-Şeýle diýsene. Men seni häli üç-dört çaganyň atasy bolandyr öýdüpdim.
-Ýok dostum. Bu ugurda men ekin ekmekde biraz gijä galan daýhana meňzeýän – diýip, Jemşit güldi. Öýlenenime entek bir ýylam bolanok.
-Bä, şeýle diýsene. Aýalyň şu ýerlimi?
-Ýok. Moskwaly. Daşkent gurluşygyna gelen inženerlerden – diýip, Jemşit Mansura seretdi.
-Şeý diýsene, diýmek, bu gün borşdan bir doýýan ekenik-dä onda? – diýip Mansuram degişdi.
-Ony nesibäň bilýär, belki saňa başga nahar taýýarlanar? Ol milli naharlary hem gowy bişirýär.
Maşyn alty gatly jaýyň öňüne gelip saklandy.
-Ine, geldik. Içerik gireli. Sen çaý-paý içýänçäň men maşyny goýup gaýdaýyn. Garaž şujagaz ýerde, ýakyn.
Olar maşyndan düşüp, üçünji gata çykdylar. Jemşit jaňy basdy. Gapyny ýigrimi bäş ýaşlar çemesindäki saçlary altynsow towlanyp duran mele gelin açdy.
-Liza, ynha men myhman alyp geldim. Myhmany kabul etmäge gurbuň çatjakmy?
-Baş üstüne, giriberiň, hudaýa şükür hemme zat bar – diýip, ol çagalaryňky ýaly şadyýan äheňde gürledi.
Mansur salamlaşýarka onuň özüni synlaýandygyny aňyp biraz oňaýsyz ýagdaýa düşdi.
Liza olary myhman kabul edilýän uly otaga alyp bardy:
-Geçiň, oturyň – diýip, mylaýym gürledi.
Jemşit aýalyna ýylgyryp seretdi-de:
-Ilki men seni myhman bilen tanyşdyraýyn – diýdi. Mele gelin ellerini fartugynyň etegine süpürip durşuna çekinibräk Mansura bakan ýöredi.
Jemşit oňa ýüzlenip:
-Liza, bu meniň partadaş dostum Mansur – diýdi. Bu sözleri eşidende, Lizanyň ýüzündäki şadyýanlyk alamatlary zym-zyýat boldy. onuň ornuny gynançmy, gaharmy birhili alamat eýeledi.
Lizanyň bu bolşuny gören Mansur özüniň kimdigini onuň ýagşy bilýändigini, özi hakda bu öýde ençeme gürrüňiň bolanyny derrew aňdy.
Liza onuň bilen elleşip görüşip durşuna:
-Tanyşanymyz üçin şat – diýdi.
Mundan göwni biraz aram tapan Mansur baryp burçda duran kürsüde oturdy. Jemşit bu ara düşen oňaýsyz ýagdaýdan çykalga agtaryp, bir aýalyna, birem Mansura garady.
-Men gitdim. Maşyny goýup, derrew gelerin – diýip çykyp gitdi.
Liza aşhanasyna çykdy. Otagda ýalňyz galan Mansur töweregine ser saldy. Bu otagyň çar tarapynda „maşgala“ diýilýän mukaddes zadyň özüne mahsus täsiri mese-mälim duýdurýardy. „Maşgala bolup ýaşamaklyga nä ýetipdir?“ diýip Mansur göwün ýüwürdýärkä, mejmede çäýnek-käse göterip, içerik Liza girdi.
-Köp garaşdyraýdym öýdýän? Ynha, çaý. Häzir Jemşidem geler – diýip, Mansuryň oturan kürsüsiniñ ýanyndaky stolda mejimäni goýdy, özü-de gapdaldaky kürsüde oturyp, käselere çaý guýdy.
-Alyň, içiň.
-Sag boluñ.
Mansur çaý owurtlaýarka, biygtyýar Lizanyñ keşbine göz aýlady. Biriniñ maşgalasyna tiñkäñi dikibermek biedeplikdigi ýadyna düşüp, derhal gözüni aşak goýberdi. Bir pursatlyk gözi düşeninde-de Lizanyn keşbi gözöñünde galdy. Onuň asly rus bolmagyna garamazdan, goňras gözleri, süýtden dury ak ýüzi bilen altyn ýaly towlanjyrap duran saçlarynyň ýanynda gap-gara bolup görünýärdi. Onuň bakyşlaryndaky ýumşaklyk Nurjemalyň öňki mähirli garaýyşlaryny ýatlatdy. Ol çaýdan bir owurtlap, uludan dem alanyny duýman galdy.
-Jemşit sizi tiz-tiz ýatlaýardy – diýip, Liza agyr dymyşlygy bozdy, - ol size, size... – diýende, Mansur kömege ýetişdi:
-Gynanýardy diýmekçimisiňiz? – diýdi.
-Bagyşlaň.
-Ötünji günäkär adam soraýar, Liza. Siz bolsa gönüsinden gelmekçi bolduňyz. Bu aýyp däldir. Maňa gaharlanmalymy ýa-da gynanmalymy, muny welin häzire çenli özümem bilip bilemok – diýip, Mansur käsesindäki çaýkanyp duran çaýa dikanlap seredip, oýa çümdi.
Şol wagt içeri Jemşit girdi.
-Bu näme boldugy, Liza? Stoluňda henize çenli hiç zat görünmeýär-le? Myhmany gep bilen naharlana meňzeýäň-le – diýdi.
-Häzir hemme zat taýýar bolar. Biraz tagapyl ediň – diýdi-de, Liza ornundan turup, aşhanasyna gitdi.
-Mansur, ýör, saňa wannamyzam görkezeýin. Nahar taýýar bolýança ýuwnup-ardynaly.
-Beýle bolsa hasam gowy. Şu mahal ýuwunaýsak kem boljak däl özi. Ilki sen ýuwun, soňra menem bararyn.
-Näme üçin? Bile ýuwunarys. Ol ýerde duşam bar. Men duşda, sen bolsa wannada ýuwunarsyň. Oglankak suwa düşmäge hemişe bileje giderdik, ahyryn. Indi, näme menden utanýaňmy? – diýip Jemşit dostuna ýylgyryp seretdi.
-Bolýar. Sen menden utanmasaň, men senden utanmaryn. Olar wannaly otaga girip çykaryndylar. Jemşit wanna suw dolduryp bermek üçin kranlary açyp goýberdi. Mansur wannanyň dolaryna garaşyp, onuň bir gyrasynda ellerini dyzynyň üstüne goýup oturdy.
-Şu oturyşyň gadymy grekleriň ýalaňaç hudaýlarynyň heýkellerine çalym edýär – diýip, Jemşit dosty bilen degişdi.
-Aslynda adamlar hem şol hudaýlara meňzeş ýalaňaç ýöremekligi özlerine adat edinende ýagşy bolardy – diýip Mansur ýarym degişme äheňinde gepledi.
-Näme üçin? – diýip, Jemşit gyzygyp sorady.
-Näme üçindir öýdýäň, geýim-gejim, mal-dünýä diýip, meniň ýaly bir topar adammlaryň bagty garalmazdy.
-Ajaýyp pikir! Arhimet özüniň meşhur kanunyny wannada tapan eken. Sen bolsaň wanna girmänkäň beýik bir hakykaty açdyň – diýip, Jemşit güldi.
Mansur dostunyň bu degişmesine näme diýip jogap berjegini bilmän, suwdan dolup barýan wanna girdi. Dostlar ýuwnup çykanda, Liza saçak ýazyp, olara garşyp otyrdy. Stol başyna geçip oturanlaryndan soň Jemşit:
-Hany dostum, konýakdanmy ýa-da akdan? – diýip sorady.
Mansur başyny ýaýkady-da:
-Hiç haýsyndan – diýip jogap berdi.
-Nämüçin? – diýip Jemşit geň galyp sorady.
-Içip bozaýmagym mümkin.
-Goýsana. Baý senem bolmajak zady aýdyp oturyberýäň. Şeýle günde içmän bolarmy ahyryn?
-Ýok, men içjek däl. Isleseňiz Liza bilen içiberiň.
-Keçjallyk etmesene, iň bolmanda ýüz gramjyk içeli.
-Senem düşünsene, Jemşit. Ýüz gramjyk içsem, soň bu iki çüýşäňi ýeke özüm içerin – diýdi-de, Mansur çekinibräk Liza seretdi.
-Seniň öýüňde özüm hakda ýene-de erbedräk pikir döretmek islämok.
Liza söze goşuldy:
-Içmese azar berme, Jemşit.
-Bolýar-da. Bu aýallara galsa-ha, erkekler agyzlaryna gazly suwam almasa, şonça şatlanjaklar – diýip Jemşit sözüniň soňuny degişmä ýazdyrdy.
Olar içgisiz hem ýary gijä çenli oňat gürleşip oturdylar.
Bu ýerde Mansuryň göwni güýçli şemaldan gaçylyp gutulan kebelek ýaly aram tapdy.
***
Jemşit dostuny öz edarasyna garaşly kerpiç örüjiler brigadalarynyň birine brigadir edip belledi. Oňa ýatakhanadan jaý alyp berdi. Mansur işe düşen güni brigada tabşyrylan binanyň birinji gaty beton plitalar bilen ýapylyp, ikinji gatyna ýaňyja kerpiç örülýän eken. Irden işe başlamak üçin taýýarlyk görülýän wagtda prorab Mansury özi bilen samoswalyň kabinasynda alyp gelip, brigadanyň agzalary bilen tanyşdyrdy. Prorab gidensoň, bir ýaş ýigit onuň ýanyna geldi-de:
-Halypa, siz işleýän brigadirlerdenmi ýa-da işlemän hak alýanlardanmy? – diýdi.
Mansur beýle ýagdaýlara ozaldan öwrenişeni üçin asuda jogap gaýtardy:
-Men düşünşime görä, brigadir gözekçi däl, onuň hemme bilen deň işleşmegi gerek.
Ýigit ýene sorag berdi:
-Siz işlemegi, ýagny kerpiç örmegi bilýäňizmi?
Şu pursatda Mansur gahary gelen bolsa-da, özüni basarak tutubam biljekdi, ýöne häzir onuň wagty däldigini aňyp gazap atyna mündi:
-Men kerpiçden seň ýaly işçisumaklaryň heýkelini hem ýasapdym – diýdi.
Beýlekiler bu gürrüňe hezil edip gülüşdiler. Olara goşulyp, ol ýigidiň özi hem ýylgyrdy-da, garaşylmadyk ýagdaýda birhili müýnürgäp:
-Bagyşlaň, halypa – diýdi.
Mansur ýuwaşja ýylgyrdy-da, goltugyna gysyp gelen täzeje öňseligi tutup, baglaryny mäkäm daňdy. Şondan soň hemme ýokary çykdy, iş başlandy. Mansur adamlara etmeli işlerini görkezenden soň, özi hem işe girişdi. Mansuryň ýedi ýylda zähmetde taplanan, kerpiç örmäge öwrenişen elleriniň hereketine ýerli-ýerden nazar salýan ýigitler onuň ýaňky ýigide beren soňky jogabynyň hakdygyna şo wagtyň özünde göz ýetirdiler. Şo gün Mansur hem brigadadaky dokuz ýigidiň nähili adamlardygyna biraz göz ýetirdi.
Brigadanyň işçileri ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen, dürli milletiň wekillerinden ybaratdy. Olaryň hemmesi hem ýaş, zähmetsöýer ýigitlerdi. Olaryň arasynda käbiri degişgen, şadyýan, käbiri agras bolsa, başga birleriniň azda-kände gyňyrlygy hem ýok däldi. Mansur bu adamlaryň hemmesi bilen bir bada oňuşyp gidibermejekdigini birinji günden aňdy. Şonuň üçinem ol her haýsysynyň özüni alyp barşyna görä hereket etmelidigini ÿüregine düwdi. Brigadada ýigitlerden başga Sonýa atly krançy gyz hem bardy. Adynyň rusça bolmagyna, rusçany gowy bilmegine garamazdan, Sonýanyň rus däldigine diňe onda gündogar gyzlaryna mahsus bolan şar gara gözleri şaýatlyk edýärdi. Adamlar onuň özüne „Sonýa“, „Soneçka“ diýseler-de, kesesinden weli „Garry gyz“, "Garry gyzymyz“ diýýärdiler. Şeýle-de bolsa, onuň ýaşynyň näçedigini hiç kim anyk aýdyp bilmeýärdi. Ýigitleriň käbiri oňa söz gatsa, Sonýa olaryň gepine görä gep gaýtaryp duzlap giderdi. Mansur işe gelen güni onuň bu hili gylygynyň bardygyny duýdy.
Günortan wagtydy. Daş-töwerekde işleýänler ýekän-ýekän nahara ugradylar. Emma Mansuryň brigadasyndaky ýigitleriň nahara gitmek isleginiň ýoklugy hereketlerinden bilnip durdy. Olaryň bir-birlerine syrly garaýyşlaryndan üm-yşaratlaryndan bir gepiň bardygyny Mansur derrew aňdy. Ol öňseligini çözüp, özi işläp duran diwaryna iki gatlap ýazdy-da, şemal uçuryp gitmezligi üçin üstüne bir kerpiç goýdy. Soňra ellerini owkalap, kerpiç galyndylaryny düşürişdirdi-de:
-Hany ýigitler, dänimizlige bir zat atmaga gitmerismi? – diýip olara ýüzlendi.
Ýokarda öňseliklerini çykaryp aşak düşmäge taýýarlanyp duran ýigitler bir-birlerine syrly bakyşyp, hiç zat diýmediler. Aşak düşüp çilim çekýän Gylyç diýen aşgabatly ýigit Mansura garap ellerini agzyna tutdy-da:
-Aşak düşüberiň, aşgazanyň maslahatyny etmekçi – diýdi.
Hemmeler aşak düşdüler. Gylyç Mansuryň ýanyna gelip:
-Garşylyk görkezmeseňiz, bu gün şu ýerde naharlanaýsak nähili bolarka? Ynha derrew iki kerpiçden oturgyç alty kerpiçden stol bejereris – diýdi.
Mansur:
-Naharhana baranymyz gowy dälmi? – diýip sorady.
-Gowy welin, ýöne...
-Ýönäň näme? Bu gün bir zadyň baryny özümem aňypdym-la. Ýeri, näme gep bar?
-Dogursyny aýtsam –diýip, Gylyç has dogumlanyp gepledi. – Şu gün siziň işe geleniňizi ýüz-ýüzden ýuwup goýbersek diýipdik. Hemme zat bar. Iýmeli zatlary hem, „ýuwulýan“ gurallary hem taýýar edip geldik.
- Razylyk beräýiň, Mansur aga, diňe ýüz gramjyk, başga artyk zat ýok diýip, başga bir ýigit söze goşuldy.
Mansur ýigitleriň raýyny ýykyp, özüni turuwbaşdan ýigrentji görkezmek islemedi.
-Munyňyz-a erbet maslahat däl welin, ýöne bu wagt-iş wagty-da. Birden biri görüp, ýüz gram üçin adamyň öňünde gyzarylyp durmaly bolaýmalyň?
Birbada hiç kimden ses-seda çykmady. Ýöne Gylyç saklanyp bilmedi.
-Aý goýsaňyzlaň, ýüz gram üçin syn-deramat edilip durasy ýok-la. Biz işi taşlap meslik edip ýöremzok, ahyryn.
-Bolýar, bolýar. Emma bu meniň işe gelişimi ýuwmak üçin bolsa, biraz howlukmasaňyz özüm ýuwardym-la?
-Onda işden soň arkaýyn oturyp, çynlakaý ýuwarys-da, oglanlar – diýip, ir bilen „paýyny“ alan ýigit ýyrşaryp gepledi. Gylyç onuň sözüni makullaman, oňa hyrsyz seretdi-de, ylgap gidip gizläp goýan ýerinden uly bir sebedi göterip geldi. Bir ýerde gazetden saçak ýazyldy. Şol wagt Sonýa hem krandan düşüp naharhana tarap ugrady. Oňa gözi düşen hälki ýigit dilini saklap oturyp bilmedi.
-Soneçka daýza, geliň saçak başyna, duz dadyp gidiň!
Sonýa ýylgyryp, üýşüp oturan ýigitler tarapa ýöneldi. Onuň göwresini dik tutup, çalt ädimläp gelşine garanda duz datmakdan „daýza“ diýeni duzlamak niýetiniň güýçlidigi görnüp durdy. Ol ýigitleriň oturan ýerine gelende, ortadaky boş doñdurma gutularyny görüp ýylgyrdy. Mansur oňa irden işe geleninde pete-pet gelipdi, emma ýüzüne dikanlap seredip bilmändi. Ýöne Sonýanyň welin özüne gabak astyndan yhlasly seredenligini duýupdy.Mansur ony ogrynça synlamaga durdy. Onuň gözleri ýanyp durdy, şadyýandy, güne ýanan ýüzine şeýle seredeniňde, ýaş gyza meňzeýärdi. Emma içgin synlan adam ýigitleriň ony „garry gyz"“ diýip atlandyrmagynyň ýerliksiz däldigini aňardy. Ýaşy biraz ötüşenine garamazdan bir seretseň juwan gyzlary, bir seretseňem, ýaşy durugşan akylly-başly bir aýaly ýatladýardy. Hatda ýaglygynyň aşagyndan görnüp duran gap-gara saçlaryna ornaşan tozanda hem özüne mahsus bir üýtgeşiklik bar ýaly bolup duýulýardy.
Sonýa hiç zat diýmezden ortadaky çörekden datdy-da, lak atan ýigide seretdi:
-Çöregiň duzuny datsam bolanymy ýa-da morožny gutyňdakydan hem datdyrjakmy?
Şonda Mansur onuň agzyndaky owadanlyk üçin goýlan tylla dişleri görüp, näme üçindir, ondan öňki yhlasy sowaşdy:
-Indi ýaman görmäň, täze brigadirimiziň gadamy batly, işi şowly bolmagy üçin biraz oturyşmakçy. Isleseňiz oturyň, içgi guýup bereýin, islemeseňiz siz üçin bir guty morožny getirip bereýän. Oňa çenli siz brigadirimiz bilen hem ýagşyja tanyşarsyňyz – diýip, şol öňki ýigit ýene oturyp bilmedi.
-Brigadir bilen biz deňeçerräge meňzeýäs, sensiz hem tanyşyp bileris. Sen bolsa morožnyñy getir-de maňkaňy süpürip iýiber. Habardar bol maňkaň morožna çyrşalaýmasyn! – diýip, ýigide garady. Oturanlar pakyrda berdiler.
-Berekella, Sonýa, muny-ha oňardy – diýip, Gylyç gülki aralaş gepledi.
Sonýa gitdi. Ýigitler ol ýigide yza berip başladylar:
-Bir nol bolaýdy öýdýän?!
-Munuň Sonýa degip nol bolmadyk wagty barmy?
-Muňa näçe gezekler aýdyldy, şonuň bilen eňekleşme diýip.
-Geçiniň taýak iýesi gelse, çopanyň taýagyna süýkenermiş.
-Indi lak ataýsaň, tumşugyňa ýelmär.
Mansur gürrüňe goşuldy:
-Bu hakykatdan hem tumşygynyň gögererine garaşýar öýdýän? Ýa taýaga mätäçmiň?
-Ýok, halypa, az-kem pula mätäçligim bar-da, ýöne taýaga mätäçligim ýok – diýip, ol boýnuny pyşdylyňky ýaly edip içine çekdi.
Bu günki arakesme örän oňat geçdi. Sonýa ýene kranyň çür depesine çykyp işe başlady. Soň beýlekiler hem öz işlerine tarap haýal ýöreşip gitdiler.
„Dünýä tötänliklere, täsinliklere baý“ diýleni dogry eken. Mansur hem öz durmuşynda birnäçe täsin wakalara duş geldi. Emma onuň ýüreginde çuň yz galdyran täsin wakalaryň biri Nurjemal bilen ýolda bolan duşuşyk bolsa, ikinjisi şu gün ýüze çykdy.
Mansur göteriji kranyň garşysyndaky diwara kerpiç örýärdi. Özüne mahsus hysyrdy talap edýän bu zähmetiň ýakymlylygyndanmy ýa-da ýüz gramyň keýpindenmi, ol adatdan daşary hyjuw bilen işleýärdi. Şol wagt onuň aýdym aýdasy gelýärdi. Bu ýerdäki adamlaryň hemmesini bagryna
basyp: „Siz nähili ajaýyp adamlar!“ diýesi gelýärdi. Ol içki şatlygyny daşyna çykarman durup bilmedi. Haýsydyr bir aýdyma hiňlenmäge başlady. Şu wagtam kimdir biri heňe salyp sykylyk çalyp, onuň hiňlenmesini kesdi. Mansur sykylyk çalynýan tarapa seretdi. Gözi kranyň üstünde oturan Sonýa düşdi. Sykylyk çalmak aýal-gyzlaryň arasynda seýrek zat bolany üçin, Mansur gülümsiredi-de ýokary garap gygyrdy:
-Bu özüňizmi ýa-da kabinaňyzda birini gizläp goýduňyzmy?
Sonýa hiç zat diýmezden gyzyl dişlerini ýaldyradyp bir seretdi-de, sykylygy has belendräk, has anygrak çalmaga başlady. Mansur işini dowam etdirip, oňa gulak goýýarka, näme üçindir, ondan täsin lezzet aldy. Bu heňi Mansur halk arasynda-da, radioda-da, eşitmändi, bolsa-da, ol heň oňa öňden tanyş ýaly bolup durdy. Kranyň kabinasyndan oňa nazar salyp oturan Sonýa Mansuryň diňleýänini bilip:
-Size ýarady öýdýän, ýoldaş brigadir? Aýdymyny hem aýdyp bereýinmi?-diýdi.
Mansur başyny göterip oňa seretdi:
-Hä, aýdyň bakaly, eşideli!
Sonýanyň çagalaryňky ýaly dury owazy ýaňlanyp ugrady:
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Biziň bagda köpdür güller.
Geliň, geliň saýraşaýlyň,
Jakjaklaşyp gülüşeliň!...
Mansur duran ýerinde doňdy galdy.
- Ahow, alyň elim ýadap gitdi-le, diýen sözi eşidip, gapdalyna seretse, kömekçi ýigit henizem bir kerpiji uzadyp durdy.
Mansur başga bahana tapman:
-Goýup dur. Bir çilim çekeli – diýip, ol sigaretini tüsseledip, diwaryň üstünde oturdy. Aýdymyň sözlerini içinden gaýtalady:
Eý bilbiller, jan bilbiller
Biziň bagda köpdür güller.
Ol bu setirleri ozaldan ýatdan bilýärdi. Şol wagtam onuň göz öňünden doglan şäheri, çagalyk ýyllary, goňşulary Setdar Salyhlaryň nagyşly derwezesi birin-birin geçip başlady. Bir gezek ýadyňyzda bolsa şu derwezeden Sümbül atly gyz çykyp ony öýüne alyp gidipdi. Ullakan otagdaky pianinoda şu heňi çalyp beripdi. Şonda olam edil häzir Sonýanyň soraýşy ýaly „Aýdymyny hem aýdyp bereýinmi?“ diýip sorapdy. Şonda ol bu aýdymy birinji gezek Sümbüldan eşidipdi.
Çagalygyň ýatkeşligi bu aýdymyň sözlerini hemişelik ýatda galdyrypdy. "Bu kim? Sümbülmi? Ýa-da Sümbüli tanaýan, onuň aýdymyny eşiden maňa meňzeş birimi? Sümbül bu ýerde näme işlesin? Setdar Salyh ýaly döwletli adamyň gyzy heý krançy bolup işlärmi? Ol bireýýäm ylymlaryň kandidaty ýa-da doktory bolandyr? Emma kim bilýär, takdyryň işi bu...“
Ol Sümbül bilen Sonýanyň arasyndaky meňzeşligi tapmak üçin çagalyk ýyllaryny göz öňüne getirmäge çalyşdy. Gap-gara ýüpek saçlary arkasyna düşen, gara gaşlarynyň aşagynda gap-gara gözleri gülüp duran enaýyja gyzjagaz göz öňüne geldi. Mansur erksiz kranyň depesine Sonýa tarapa seretdi. Gara gaşly, gara gözli Sonýa birdenkä Sümbüle meňzedi, emma şol wagtyň özünde-de birden-kä Sümbüle çalymdaşlygyny ýitirdi.
Şondan soň Mansur perişan halda öňküsi ýaly hyjuwly işläp bilmedi. Gijara, iş wagty gutaransoň, Mansur iň ilki aşak düşdi. Ol ygtyýarsyz kran tarapa seretdi. Seretse bäş-alty ädim gapdalynda başyndaky ýaglygyny elinde tutup, altyn dişlerini güjeňleýän ýaly Sonýa gelýärdi. Ol Mansuryň özüne bir geňsi seredip duranyny görüp: „Bu erkekleriň hemmesi hem bir suw“ diýen manyda ýüzüni sowa tutdy-da, tiz-tiz ädimläp geçip gitdi.
Ýatakhana gaýdyşyn Mansur ýigitleriň gülkisine-gepine goşulmazdan, yzrakda öz pikir-hyýallary bilen gümra bolup, geplemän gelýärdi. Gylyç ýuwaş ýöräp onuň deňine geldi-de, egniniň üstüne elini goýup:
-Näme boldy Mansur aga? Birhili sus görünýäňiz – diýdi.
-Ýok-la sus däl-le. Bir hyýal alyp gaçdy – diýip, Mansur ýylgyran boldy.
Gylyç onuň şu wagt hiç kim bilen gepleşmäge meýliniň ýoklugyny aňyp geplemedi.
Olar ýatakhana baryp ýuwundylar. Geýimlerini çalşyrynyp, naharlanmak üçin naharhana girdiler. Mansur nahar wagty hem pikire çümüp otyrdy. Ony munça azaba goýan zat Sonýanyň birdenkä Sümbül bolup çykaýmagy ýa-da çykmaýanynda-da onuň çagalyk dünýäsinde çuňňur yz galdyran şol çepiksizje gyzjagazyň takdyrydy.
Eger ol Sümbül bolsa, nädip bu ýerlere düşdükä? Ol bu soraglaryna jogap tapmaýança ynjalyp biljek däldi.
Nahardan soň Mansur Gylyjy goltuklap daşaryk alyp çykdy. Onuň hereketlerinden anyk bir karara gelendigi görnüp durdy. Olar naharhananyň öňündäki çilim çekişip, gürleşip duran ýigitleriň ýanyndan ötüp, çete çykdylar. Mansur ýoldaşynyň ýüzüne seredip:
-Ýogsa-da Gylyç, sen Sonýanyň nirede ýaşaýanyny bilýäňmi? – diýdi.
-Bilýän. Hä näme? – diýip, Gylyç bu garaşylmadyk sowaldan biraz howatyrlandy.
-Bilseň senden bir haýyş bar, meni şol ýere eltsene. Onuň bilen zerur gürrüňim bar.
Gylyç oňa: „Ertirden hyýal ýüwürdýäniňiziň sebäbi şu eken-dä?"diýen manyda gülümsiräp seretdi-de:
-Bir göreňde ýüregiňizden turan eken-dä – diýdi.
-Biderek zady aýtmasana Gylyç. Meniň bütinleý başga işim bar, soň saňa gürrüň bererin, şonda hemmesine düşünersiň – diýdi.
Gylyç Mansuryň ýüzüne seredip durşuna meseläniň öz pikir edişi ýaly däldigini aňyp:
Beýle bolsa, bagyşlaň, ýörüň, elteýin – diýdi.
-Daşmy?
-Ýok, daş däl. Awtobusa münsek derrew bararys. Agşamky mekdepde okaýan bir boýdaşynyň öýünde bolýar. Men ony bir gezek profsoýuz ýygnagyndan soň ugradypdym.
Olar awtobusdan düşüp, biraz pyýada ýörediler. Gylyç dört gatly bir jaýyň deňine gelenlerinde saklandy-da:
-Ynha, şu jaýda. Şu podezden girilýär, emma näçinji kwartirada ýaşaýanyny bilemok.
-Sag bol, Gylyç. Indi sen gidiber, özüm taparyn. Ýöne biri eşidäýmesin. Diliňe bek bolgun.
-Ýok-la. Şeýle bir pähimsizem däldiris, Mansur aga – diýdi-de, Gylyç gitdi.
Mansur indi näme etmelidigini oýlanyp biraz durdy. Soňra şu ýerde oýnap ýören on ýaşlar çemesindäki bir gyzjagazy ýanyna çagyryp:
-Sonýa daýza nirede ýaşaýar, bilýäňmi – diýdi.
-Sonýa daýzamy? Ikinji etažda. Galina daýzalaryňkyda ýaşaýar, geliň görkezeýin.
Mansur gyzjagazyň yzyna düşüp, ikinji gata çykdy. Gyzjagaz ylgap baryp sag taradaky gapynyñ jañyny basýarka Mansur ýüreginiň gürsüldäp urýanyny syzdy. Birazdan soň şyrkyldap gapy açyldy.
Gyzjagaz:
-Sonýa daýza, bu daýy sizi soraýar – diýdi-de, ylgap aşak düşüp gitdi.
-Ýoldaş brigadir, eýgilikmidir?
Mansur näme diýjegini bilmän, edil çaga ýaly bolup ýaýdanjyrady. Soňra oňa günäli ýaly gülümsiräp seretdi-de:
-Siziň bilen gürrüňim bar, Sonýa – diýdi.
-Meň bilenmi?! Bolýar, aýdyň, eşideýin.
-Bagyşlaň, bu şeýle ýol üstünde aýdylýan gep däl-diýdi-de, Sonýanyň ýüzünde dörän üýtgeşmäni aňyp:
-Göwnüňize müňkürlik gitmesin, men siziň bilen oýuňyzda bolmadyk bir zat hakda gürleşmekçi – diýip duýdurdy.
Sonýa onuň bir möhüm zat aýtmakçydygyny aňdy.
-Bagyşlaň, içeri griň hem dýmändirin – diýip, Mansura ýol görkezdi. Mansur içeri girip, gapa ýakyn goýlan iki adamlyk kiçi diwanda oturdy.
-Çaý içermisiňiz? – diýip, Sonýa ondan sorady. Mansur içesi gelmese-de, özüni ele almak üçin wagt geçirmekçidi:
-Ygtyýaryňyz, eger kyn görmeseňiz – diýdi.
Sonýa çaý taýýarlamak üçin aşhana çykdy. Mansur töweregine syn etdi. Bu iki otagdan ybarat jaýda pola ýazylan insiz halydan başga ünsüňi çekiji artykmaç zat ýokdy. Mansur, näme üçindir, şol wagt Setdar Salyhlaryň haşamlanan öýüni, poluna türkmen halylary ýazylan, pianino duran uly otagyny ýatlady. Sonýa çaý demläp geldi. Stoluň üstünde gant, çörek getirip goýdy-da, Mansura ýüzlendi:
-Hany çaýa ýakynyrak geliň!
Olar garama-garşy oturyp, bir-birine soragly nazar bilen seredip oňaýdylar. Sonýanyň bakyşynda: „Näme gürrüňiňiz bar? Indi aýdyberiň“ diýen many bar bolsa, Mansuryň garaýyşynda: „Sen kimsiň?“ diýen soragy okamak mümkindi. Şeýle bolsa-da, Mansur birden esasy maksada geçmekden çekinip, gepi başga zatdan başlady.
-Sizi boýdaşy bilen ýaşaýar diýipdiler. Öýüňizde hiç kim ýog-a?
-Hawa, boýdaşym otpuska alyp, ejesi bilen Astrahana daýysynyňka gitdi. Häzirlikçe ýeke özüm.
Mansur onuň bilen arkaýyn gürleşip biljekdigine begendi. Günüň ýaşmagy bilen penjireleri gündogara seredip durany üçin otagyň içi garaňkyrap başlady. Sonýa ornundan turup, burçdaky gyzyl gapakly stol çyrany ýakdy. Otag ýagtylyp gitdi.
Sonýa ýerine gelip oturansoň „Ýeri, näme gepiňiz bolsa aýdyberiň“ diýmekçi boldy, emma onuň deregine:
-Gepläp oturyň – diýip, ýuwaşjadan aýtdy.
Mansur onuň bitakatlanýandygyny aňyp:
-Bilýäňizmi Sonýa, adama hemişe özüniň geçmişi eziz bolup duýulýan eken. Şonuň üçin bolsa gerek, köne dostlar täzesine garanda ýakynrak bolýar. „Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi“ diýip, şonuň üçin aýdylýandyr.
Sonýa käsesindäki çaýy owurtlaýarka Mansura gülüp bakdy-da:
-Bu diýýäniňiz dogry, Mansur aga, emma munuň bize näme dahyly bar? –diýdi.
-Eger men ýalňyşmasam, dahyly bara meňzeýär, emma men nämeden başlajagymy bilmän otyryn.
-Bolsa-da – diýip, Sonýa oña bir hili tolgunyp garady..
Mansur hem ony mundan artyk tolgundyrmak islemän:
-Gowusy, gürrüňi şu günki siziň aýdymyňyzdan başlaýsak näder:
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Biziň bagda köpdür güller.
Geliň, geliň oýnaşalyň,
Jakjaklaşyp gülüşeliň!
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Sizi küýsär biziň güller.
Mansur aýdymyň sözlerini aýdyp gutarandan soň Sonýa gülüp goýberdi, soňundanam şeýle diýdi:
-Muňa seredñ, bir gezek eşidende ýat tutaýypdyr!
-Ýok, men bu goşgyny öňdenem bilýärdim.
-Öňden hem?!
-Hawa!
-Geň galaýmaly! Mümkin däl!
-Näme üçin?
-Çünki ony menden başga hiç kim bilmeýär. Ol goşgyny özüm düzdüm, ahyry.
Mansuryň anyklamakçy bolýany hem şu zatdy Ol uludan dem aldy: - Diýmek, sen Sümbül-dä!
Sonýa Mansura ýalt edip seretdi:
-Hawa, ýaşlygymda maňa şeýle diýip ýüzlenýärdiler. Aslynda siz kim bolmaly onsoň?
-Ýaşlygymyzda siz Bürgüt diýen oglany bilýämidiňiz?
-Bürgüt? – diýip, Sonýanyň geň galmakdan demi tutuldy. Hä-ä, Bürgüt diýseňiz-le? Bilýän! Onuň hakyky ady Mansur bolsa gerek? Näme üçin ýadymda bolmasyn! – diýip, Sonýa birdenkä ejizldi – Hemmesi ýadymda. Hatda bir gezek „Sen bürgüt däl-de, serçesiň“ diýenim üçin taýak iýenim hem ýadymda.
Sonýa sözüni tamamlap, Mansura esli wagtlap aňalyp seretdi, oturdy. Ol göýä şu wagt Mansuryň keşbinde özüniň uzak geçmişini, şadyýanlyklardan doly çagalyk ýyllaryny görýän ýalydy.
Mansur ýüzüni keseräk sowup, birbada sowukganlylyk bilen dillendi:
-Meniň bilen duşuşaryn diýip kelläňize-de gelmedik bolsa gerek.
-Gelipdi. Çagalygymy ýatlasam, hemişe sizi ýatlaýardym. Bir gün bolmasa, bir gün siziň bilen bolmagy mümkin duşuşyşygy göz öňüne getirip, şondanam lezzet alardym. Ýöne bu buduşuşygymyz bir hili boldy...Üýtgeşik tolgunma-da ýüze çykmady. Geň galaýmaly...
Mansur öz gezeginde:
-Dogrusyny aýtsam, men size bu ýerlerde duşaryn diýip oýlanmandym. Kakaňyz gaty döwletli adamdy. Sizi okadyp, eýýäm ylymlaryň kandidaty ýa-da doktory edendir diýip oýlapdym – diýip, gyzyň pikirini bilmäge çalyşdy.
Sümbül Mansura hasratly garap, uludan demini aldy.
-Onuň döwletli kagyzdan ýasalan oýunjak öýe meňzeýän eken. Bir şemalda hemmesi uçup gitdi.
-Näme üçin? – diýip, Mansur aladaly seretdi.
-Şol gören döwletiň halkyň hasabyna toplanan haram baýlyk eken. Hemmesini gaýtaryp aldylar. Baýlygy bilen bile özüni hem alyp gitdiler. Şo gidişinden gaýdyp gelmedi.
Bu habary eşidip, Mansur allaniçigsi bolup tisgindi. „Diýmek, bu ýoldan gaýdyp gelmedikler hem bar ekeni-dä? Meniň bagtym bar eken, gaýdyp geldim“ diýip içini gepletdi.
Sümbül sözüni dowam etdirdi:
-Men hem ençeme hasratlary başymdan geçirip, şu ýere nesibämi çöpläp geldim. Kwartira alamsoň ejemi alyp gelerin. Ol häzir obada ýaşaýar. Ejem gelensoň agşamky mekdepde okaryn. Görýäňizmi, meniň uly arzuwlarym bar entek.
Mansur Sümbüliñmi ýa-da öz takdyrynymy oýlanyp esli wagt aşak bakyp oturdy.
-„Öňüm bolandan soňum bolsun“ diýipdirler – diýip, Mansur başyny galdyryp, Sümbüle seretdi.
Sümbül:
-Eger siz aýal maşgala bolan bolsadyňyz, boýnuňyzdan gujaklap, tä mährim ganýança aglap ogşardym.
-Näme üçin aglamaly? – diýip, Mansur oňa ýylgyryp bakdy.
-Bilemok. Şeýle edesim gelýär.
-Munyňyz bolanok. Birwagtlar maňa bir adam: „Durmuşda hemişe gülkiniň gaýgydan, şatlygyň gamdan üstün çykmagy gerek“ diýipdi.
-Şol adam dogry aýdypdyr – diýip Sümbül çagalyk wagtyndaky ýaly ýakymly ýylgyrdy. Soňundanam: - Wiý, ýogsa-da, biz näme beýdip, bir-birimize bakyşyp otyrys-a? Öýden gury gitmek bolmaz. Häzir men garbanar ýaly çalt bir zat taýýarlaýyn – diýip ýerinden galdy.
-Ýok, ýok, alada edinmäň. Gürleşip oturanumyz müň paý gowy.
-Onuň hiç hili aladasy bolmaz. Heýde men sizi duz - çörek dadyrman goýbererinmi? Bu boljak zat däl, ahyryn- diýip, Sümbül aşhana tarap çykyp gitdi.
Öýde ýeke özi galan Mansur hyýal deňzine gark boldy:
„Aslynda durmuş diýilýän zat oýlaýşyňdanam üýtgeşigräk ekeni! Munda hyýalyňa gelmedik zatlar bolup, oslanmadyk adamlara-da duşuraýjak ekeni! Durmuş özüniň ajy hem süýjüligi, alada ýugrulandygy, ynsana hem şatlyk hem gussa getirýänligi bilen gyzykly hem çylşyrymly ekeni! Şeýle hem adamy özüne bent etmegi başarýan ekeni! Şonuň üçinem agyr günlerde-de, gussaly möwritlerde-de biwepa ýardan ýüz dönderen kimin ondan ýüz döndermäge milt edip bilmeris! Sebäbi geljege alyp barýan durmuş gämisiniň öňünde, hemişe maýak bolup umyt uçguny ýanyp dur, ahbetin! Şeýle halatda durmuş girdabyna bir säw bilen gark bolan ynsanyň şol umyt uçgunyndan güýç alyp, ýene-de kenara sag-aman çykyp, durmuşyň şa ýoluna ymykly düşmegi, özüne bagt, göwnejaý rahatlyk tapmagy mümkin ekeni“.
Soñy.
Reýimbaý SABYROW.
Powestler