GIRDAPDAN KENARA
Otly gijäniň gara perdesini böwsüp, öňe tarap ümzük atyp barýar. Ýary gijeden agypdy. Ýolagçylaryň hemmesi sallançakda ýatan ýaly hezil edip, ýaýkanyşyp, uklap ýatyrlar. Diňe Mansuryň gözüne çiş kakylyp, asla ukusy gelenokdy. Ol tamburda duran ýerinde äpişgeden gijäniň garaňkylygyna garagyny sanjyp, sigaret sorup dur. Ol durmuşyň manysy hakda hiç haçan häzirki ýaly çynlakaý pikirlenip görmändi.
Dogry, mundan ýedi ýyl ozal edil şunuň ýaly kiçijik, emma galyň demir gözenekli äpişgäniň öňünde durup, bu hakda uzak oýlanypdy. Emma onuň şol wagtky, şondan soňky ýedi ýylyň dowamyndaky oýlary-da häzirkisi ýaly agyr oýlar däldi. Ol arzuw ganatynyň dyngysyz pel-pelleýän ýetginjeklik döwründe özüni durmuşyň her hili basgançaklarynda goýup gören bolsa-da häzirkisi ýaly ýagdaýa düşjegi barada asla-da pikir etmeýärdi. Aslyýetinde ol kim bolmakçydy. Emma häzir kim?!
Ol gözlerini ýumdy-da, maňlaýyny sowuk aýna degirdi. Aýnanyň sowuklygy ony üýşendirmedi. Gaýtam, ondan birhili lezzet alyp, geçmişiň alabeder sahypalaryny ýekän-ýekän agtaryp ugrady.
***
Mansurlaryň maşgalasy uly şäheriň çetki köçeleriniň birinde ýaşaýardy. Olaryň ýaşaýan jaýlary-da şu şäherdäki päk zähmeti bilen güzeran geçirýän müňlerçe ýönekeý adamlaryňkydan tapawutlanmaýardy. Mansuryň kakasy Ähmet aga bolsa sürüjidi.
Onuň gazanjy maşgalanyň eklenjine bolelin ýetip artýardy. Emma goňşysy Setdar Salyhlar ýaly zynat içinde ýaşamaga mümkinçilik bermeýärdi.
Setdar Salyhlaryň öýi özüniň kaşaň görnüşi, nagyşly derwezesi, gür bagy bilen beýlekilerden saýlanyp durdy. Ylaýat-da ýaz aýlarynda öýüniñ arka tarapyny gurşap alan bag howlyny gözel görnüşe getirýärdi. Şol wagtlar ýedi-sekiz ýaşlaryndaky Mansuryň bu jaýa gözi gidýärdi. Onyň nagyşly derwezesine nebsewürlik bilen seredýärdi. Käte bolsa şu derwezeden Setdar Salyhyň gyzy köçä çykardy.
Gyzjagazyň kapasa salnan guş ýaly öýünde içi gysýan bolara çemeli. Ol köçede her hili gyzykly oýunlar bilen başagaý bolup ýören Mansur daga gatyşmasa-da, olaryň oýnuny hezil edip synlardy. Oýnuň aýny gyzykly puirsatynda bolsa çyny bilen jak-jaklap gülerdi.
Günleriň birinde Msansur oýnamak üçin ýene-de köçä çykdy. Emma oňa deň-duşlarynyň hiç biri gara bermedi. Ol näme ederini bilmän ýaýdanyp durka. Salyhlaryň derwezesi çalaja açyldy-da, gyzjagazyň enaýyja göwresi göründi. Ol ýuwaşja ýöräp Mansuryň ýanyna geldi-de:
Gel, ikimiz bile oýnaýly? –diýip, owadan garaja gözlerini gyrpyldatdy. Mansur: „Seniň bilen näme oýnarkak?“ diýen manyda kibtini gysyp göýberdi.
Gyzjagaz oňa seretdi-de:
-Seniň adyň näme? – diýip, onuň garaşmadyk soragyny berdi.
Mansur bolsa buýsanç bilen: - Bürgüt – diýip jogap berdi.
Gyzjagaz gülüp göýberdi. – Şeýle-de bir at bolarmy?
-Näme bolman? Bu ady özüm tapyp goýdum. Oglanlar hem maňa Bürgüt diýýärler – diýip, Mansur oňa çyny bilen düşündirdi.
Gyzjagaz oglanlaryň ony „Bürgüt“ diýip atlandyrýandygyny eşiden bolsa-da, bu onuň adydyr öýtmändi.
Gyzjagazyň bilesigelijiligi artyp:
-Bu ady seň nireden tapdyň? – diýdi.
-Haýwanat bagyndan. Öňki ýyl kakam bilen haýwanat bagyna bardyk. Ol ýerde men bürgüdi gördüm. Bilýäňmi, ol nähili güýçli guş. Ulalamda men hem bürgüt ýaly güýçli bolaryn!
Mansuryň gepine gyzjagaz arkan-ýüzin gaýdyp güldi. Soñra ol:
-Bolýar, menem saňa Bürgüt diýiberjek onda- diýdi. Mansur „razy“ diýen manyda başyny atdy. Şol wagt haşamly derweze açylyp, içerden bir kempir çykdy-da:
Sümbül! –diýip gygyrdy.
Mansur gyzjagazyň gidibermeginden howatyrlanyp:
-Seniň adyň Sümbülmi? –diýip, sözüni dowam etdirmek isledi. Gyzjagaz hawa diýip baş atdy.
Kempir ene gygyrdy. Sümbül:
-Ýör, bizde oýnaly – diýip, onuň elinden tutdy. Mansur gitjeginem bilmedi, gitmejeginem. Gyzjagaz „Ýör-ýör“ diýip, ony ýene dogumlyrak çekdi.
Mansur gyzjagazyň emrine biygtyýar boýun bolup onuň bilen tirkeşip ugrady. Olar el tutuşyp derwezeden gireninde, Mansuryň ýüregi atygsap gitdi. Ol birden kürtduryp duranyny duýman galdy. Sümbül derwezäniň ýanynda doňan ýaly bolup galan Mansura geň galyp seretdi.
-Näme duruberdiň? Ýörsene, ho-ol howzuň ýanyna baraly, şol ýerde oýnarys.
Şonda Mansur öýüň tutuş gaýrasyny tutup duran bagyň öňündäki meýdançada bişen kerpiçden edil oýnawaç ýaly enaýyja edip bejerilen howzy, ondaky çüýşe ýaly dury suwy görüp, gözleri gamaşyp gitdi. Sümbül ony howzuň başyna alyp bardy. Kempir içeri girip, Sümbüliň bir oglan bilen gelenini habar beren bolmagy çemeli, öýüň bir tarapyndaky aýnaly eýwanyň gapysyndan kümüş reňk gülli halatly Sümbüle meňzäp duran aýal göründi.
-Ol goňşy şoferiň ogly ýaly-la, Goý oýnabersinler – diýip, ýanyndaky kempire ýüzlendi,Soňra ol çagalaryň ýanyna geldi. Mansur oňa çekinjeňlik bilen seretdi.
-Kimiň oglusyň? – diýip, ol aýal ýuwaşlyk bilen Mansurdan sorady.
-Kakamyň.
Oglanyň jogabyna ol biygtyýar gülüp göýberdi.
-Sen-ä oňat oglana meňzeýäñ, uruşmanjyk oýnaň, bolýamy?
-Men gyzlar bilen uruşmaýaryn.
-Oglanlar bilen nä?
-Degmeseler degemak. Degseler-ä gaýgyrjak däl.
Aýal mylaýym äheňini üýtgetmän:
-Oňat oglan hiç kim bilen hem uruşýan däldir – diýdi.
Mansur geplemedi. Aýal soragyny dowam etdirdi:
-Näçenji klasda okaýañ?
-Ikinjide.
-Ynha, Sümbülem mekdebe şu ýyl barýar –diýip ýaňky aýal enelik mähri bilen şatlygyny ýüze çykardy.
-Beýle bolsa mekdebe bile gatnabereris.
-Bolýar, uruşman oýnaň – diýdi-de, aýal içerik girip gitdi.
-Biz hiç haçan uruşmarys – diýip, Sümbül onuň yzyndan gygyryp galdy.
Indem içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Mansura Sümbül sorag berip başlady.
-Bürgüt, sen nähili kitaplary okadyň?
-Ertekili kitaplary. Öýde örän gyzykly ertekili kitaplarym bar.
- Meniňem ertekili kitaplarym köp. Men medebe barmasam-da okap bilýän, ejem öwretdi. Ejem maňa piýanino çalmany hem öwretdi. Ýogsa-da, sen piýanino çalyp bilýäňmi?
Mansur henize çenli piýanino diýilýän zada el hem degrip görmändi. Ol onuň suratyny kitapda görüpdi. Şeýle bolsa-da bilemok diýip aýtmaga Mansuryň buýsanjy ýol bermedi Ol:
-Bilýän-diýip göýberenini duýman galdy.
-Ýör onda. Öýde piýanino bar, çalyşaly-diýip, Sümbül gyzykly güýmenje tapanyna begendi.
Mansur oňaýsyz ýagdaýda galdy. Sümbül ony ýene-de öňki ýaly elinden tutup, içerik alyp ugrady. Olar uly otaga girenlerinde, Mansuryň haýran galmakdan ýaňa agzy açyldy. Otagyň içinde ýazylan gülli türkmen halylary, belent, giň aýnalardaky tolkun atyp duran ýüpek perdeleri, oňa nätanyş bolan ençeme bezegleri entäk bahyllygyň nämedigini bilmeýän çaga ýüreginde täsin duýgyny oýatdy. Onuň gözi jaýyň bir böwründe duran gara ýaldyrawyk zada düşdi „Hälki aýdany şu bolsa gerek“ diýip, ol oýlandy. Sümbül ony piýaninonyň ýanyna eltdi-de:
-Hany, bilýän heňleriňden birini çalyp ber - diýdi.
Mansur ýaýdandy. Ol gözlerini Sümbüle dikip:
-Men çalmany bilemok, piýananyň özüni bilýän-diýdi.
Sümbül Mansuryň piýanino sözüni-de dogry aýdyp bilmeýşine kikirdäp güldi.
-Onda men çalyp bereýin –diýip, elleriniñ barmaklaryny piýaninonyň klawişleriniň üstünde hereketlendirip başlanynda, ýakymly ses otagy doldurdy. Mansuryň gözleri ak sadaplaryň üstünde Sümbüliň ondan-oňa böküp ýörän enaýyja barmaklaryny yzarlaýardy. Sümbül biraz çalandan soň,Mansuryň gözlerine gülümsiräp bakdy-da:
-Aýdymam aýdyp bereýinmi? – diýdi.
Mansur „hawa“ diýip başyny atdy. Şondan soň
Sümbüliň piýaninonyň sesine goşulýan näzik owazy ýaňlanyp başlady:
Eý bilbiller, jan bilbiller,
Geliň, geliň saýraşalyň,
Biziň bagda köpdür güller.
Jakjaklaşyp gülüşeliň.
Eý, bilbiller, jan bilbiller,
Sizi küýsär biziň güller...
Mansuryň ini jümjüldäp, göwni göterildi. Şol wagt koridorda aýak sesleri eşidilip, otaga Setdar Salyh bilen ýene iki adam girdi. Sümbül aýdymyny tapba kesdi-de, kakasyna şelaýyn bakdy.
Setdar Salyh gyzynyň ýanynda ýadyrgap duran oglany görüp, otaga girip gelýän aýalyna gaşlaryny gerip, soragly nazaryny dikdi. Bu garaýşyň manysyny aňan Mansur Sümbüle seredip:
-Men gitjek – diýdi.
Sümbül rugsat diýen manyda başyny atdy-da, onuň bilen gapa baka ýöredi. Mansury derwezä çenli ugradyp:
-Şundan şeýläk hemişe bileje oýnarys, bormy, Bürgüt – diýdi.
Mansur:
-Bolýar –diýdi-de, öýlerine tarap ökjäni göterdi.
Mansur öýlerine gelende, özüne şu wagta çenli tanyş bolmadyk täze bir dünýäni açana meňzeýärdi.
Onuň hyýalynda Sümbülleriň öýi ertekilerde taryp edilýän patyşalaryň köşgünden bir-de kem däldi.
Şondan soň Mansur deň-duşlaryna känbir goşulmady, olar bilen bile oýnamady. Sümbüliň piýanino goşup aýdan aýdymy onuň ýadyndan asla çykmaýardy. Ol ony özüçe gaýtalap gezdi. Ol köçä çykanda, nagyşly derwezeden Sümbüliň çykaryna, özüni öýlerine çagyraryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Köçä tiz-tiz çykyp, Mansury göräýse, ony derrew öýlerine alyp gitmek Sümbüliň-de adaty endigine öwrülip gidipdi....
Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Günleriň birinde Mansur bilen Sümbül howzuň boýunda oýnap ýörenlerinde bagyñ töründen olara tarap bir tawus guş gelýärdi. Mansur oňa gözi düşüp:
-Sümbül, Sümbül! Ol guşa seretsene!!- diýip, gygyrdy-bu hol kitapda suraty çekilen guş-la!
- Hawa, tawus. Kakam ony Azerbeýjandan getirdi.
Mansur Sümbüle seredip:
-Bä, siziň şeýle guşuňyzam bar eken-ow – diýip ýylgyryp sorady.
Sümbül Mansuryň tawus guşa gözi gidýändigini aňyp, hezil edindi.
-Guýrugyndaky perleri gör nähili owadan! Ondan birini ýolup alaýynmy, Sümbül? – diýip Mansur oňa ýüzlendi.
-Bolýar. Ýöne alyp maňa bergin.
Bolýar – diýdi-de, Mansur tawusa tarap ýöneldi. Mansury gören guş yzyna öwrülip ýorgalap gaçmaga başlady. Mansur onuň yzyndan kowup barýarka, büdräp ýykyldy. Sümbül el çarpyp gülýärdi. Mansur ýerinden turanda, onuň gulaklaryna çenli çym-gyzyl bolupdy. Sümbül oňa beter gyjalat berdi:
-Sen bürgüt däl-de, serçe ekeniň-ä!
Mansur gyzjagazyň ýanyna ylgap geldi.
-Kim serçe?! – diýip, onuň
-Sen, sen-dä! Bürgüt diýeniň nähili guşam bolsa kowup ýetýär. Sen bolsa...
Mansur gyzjagazyň ýeňsesine düşüp duran gap-gara saçlaryna penjäni urdy.
-Ynha, saňa serçe! – diýdi-de, güýç bilen çekip, ony ýere ýykdy.
Sümbül:
-Eje-e! – diýip çirkin gygyrdy-da, Mansuryň bilegine agyz saldy.
Mansur agyra çydaman:
-Waý! – diýip gygyryp, gyzyň saçyny göýberdi. Sümbül ýerinden böküp turdy-da, Mansuryň bileginden syrygyp barýan gana gözi düşüp, aglap göýberdi.
Bu gykylyga içerden çykan Setdar gyzynyň aglap duranyny gördi. Ol ylgap çagalaryň ýanyna geldi-de, näme bolanyny hem soraman Mansuryň ýakasyndan tutdy.
-Bu ýere uruşmaga geldiňmi, eşek?! – diýdi-de, onuň dulugyna şapbat çaldy.
Mansur dyzap, Setdar Salyhyň elinden sypdy. Bar güýji bilen derweze tarapa ylgady. Ol öýlerine gelende ysgynynyň gaçyp gözüniň garaňkyraýandygyny aňdy. Mansuryñ bu ýagdaýyny gören ejesi „waý oglum, saňa näme boldy?“ diýip howsala düşdi. Derrew ak ýaglykdan ýyrtyp onuň elini mäkäm daňdy. Şu wagt öýe Mansuryň kakasy hem girip geldi. Reňki agaryp giden Mansury jaýa eltip, krowatda ýatyrdylar. Ejesidir kakasy näme bolanyny näçe sorasalar-da Mansur: -Köçede bir oglan bilen uruşdym. Şol dişledi, - diýmekden başga zat aýtmady.
Bu wakadan soň Mansuryň Sümbülleriň derwezesine öňküleri ýaly höwes bilen bakasy gelmeýärdi. Hatda onuň öňünden ötende hem, oňa gaňrylyp seredesi gelmeýärdi. Emma ol, näme üçindir, Sümbüli küýseýärdi, onuň bilen olaryň öýlerinde däl-de, köçede bileje oýnamagy isleýärdi. Sümbüli bolsa indi küçä göýberenokdylar.
Daňylgy eline gözi düşende, Mansur özüni Sümbüle görä köpräk günäli hasaplaýardy. „Özümden boldy ahyryn! Özüm ilki degdim!“ diýip, ahmyr edýärdi.
Şol günüň ertesi Mansur mekdepden gelip nahar edindi, soň biraz oýnap gelmek üçin köçä çykdy.
Ol Sümbülleriň derwezesiniň deňinden geçip barýarka arkasyndan:
-Bürgüt! – diýen ses eşidildi. Mansur biygtyýar yzyna öwrüldi. Ondan bäş ädim aňyrrakda Sümbül gözlerini güldirip durdy. Sümbül oňa golaýlaşdy-da:
-Bürgüt! – menden gaty gördüňmi? – diýip, ötünç soraýaň äheňde gepledi.
-Ýok, senden gaty göremak...
Mansur sözüni soňlamanka, Sümbül mylaýym, emma çalt bir hili hereket bilen ouñ elinden tutdy-da: - Bilýän sen kakamdan gaty görensiñ. Ejem onuñ bilen käýişdi. "Sen onuň kakasyny özüňçe görmäniň üçin urdyň – diýdi.
Mansur elini sümbüliň elinden çekip aldy-da:
-Ejeň ýalan aýdypdyr, meniň kakam seniňkiçe ýokmy? – diýdi.
Sümbül Mansuryň bu bolşyna näme diýjegini bolmän, nalajedeýin görnüşde oňa seredip galdy. Mansur onuň gözlerinde edil öz ejesiniň gözlerindäki ýaly mähriň bardygyny dýup, göwni bozulyp gitdi. Şundan soň Mansur Sümbül bilen köçede duşanda gepleşse-de bile oýnasa-da olaryň nagyşly derwezesinden ätlemedi.
Bir gün Mansur öýde ähli ünsüni kitaba berip, erteki okap otyrdy. Erteki örän gyzyklydy, onda bir batyr oglanyň döwleriň mekanyna düşüp, zordan onuň penjesinden sypyşy, soňra ýigit ýetip, döwden aryny alşy beýan edilýärdi. Mansur kitaby ýapyp, özüne şabpat çalan "döwden"aryny almagy arzuw edýärdi. Emma takdyr onuň özünden arly bolsa nätjek?!
Birden ol ejesiniň daşardan:
-Waý gara maňlaýym! – diýen agy gatyşykly sesini eşitdi. Ol tisginip gitdi. Şol wagt ejesi içerik howlukmaç girdi. Onuň gözleri gorkudan ýaňa tegelenip durdy. Reňki ak tam ýaly agarypdy. Mansur nähilidir bir betbagtlygyň bolanyny aňyp, ejesiniň gujagyna özüni oklady.
-Näme boldy eje jan?!
Wah bagtymyz ýatdy! Kakaň awariýa edipdir. Özünem dokdara alyp gidipdirler.
-N-n-nähili.... n-näme üçin?....
-Bilmedim, balam, bilmedim. Käwagt bir içäýmesi bardy. Rulda oturanda içme diýip näçeler aýtdym.
-Sen öýden çykman otur, men keselhana baryp geljek. Hernä jany bir bar bolsa ýagşy....
Ejesi ýarym-ýaş hamsygyp gelşi ýaly alňasap çykyp gitdi. Mansur näme etjegini bilmän, aňk-taňk bolup galdy. Onuň öz ýumrugy ýalyjak ýüregi gursagyna sygmajak bolýardy....
***
Ejesiniň „hernä jany bir aman galsa“ diýen umydy puja çykdy. Mansur kakasyz galdy. Ol bu betbagtlygy ejesine garanda merdana garşylady. Ejesine meňzäp, zol-zol aglabermedi. Emma uzak wagta çenli adatdaky şadyýanlygyny ýitirip, dymma bolup gezdi.
***
Kakasynyň ýyly geçensoň goňşy şäherde ýaşaýan ejesiniň dogany olara hossarlyk etdi. Ol doganyny öz erkine goýman, jaýlaryny satdyryp, öz ýanyna göçürip getirdi. Mansuryň daýysy Halyl söwda ulgamynda işleýärdi. Onuň durmuşy ýönekeý sürijiniñkiden has tapawutlanýardy. Onuň bäş otagly täze jaýy, kiçrägem bolsa gelşiklije bagy bardy. Bir mahallar ol bagyň bir burçundan iki otagly jaý hem saldyrypdy. Bu jaýy ol çaga-çugalary köpeliberse, olardan aýry dynç almak, gelen myhmanlary kabul etmek maksady bilen edinipdi. Emma onuň täleýi ters gelip, aýaly önelgesiz bolup çykdy. Perzent görmedi. Şol sebäpdenem bu öýi doganynyň maşgalasyna berdi. Halyl göç getirilen güni dogany bilen Mansury uly jaýynda myhman aldy. Mansur öýüň içini nebsewür synlaýardy. Bu otag Sümbülleriňki ýaly hem bezemen bolmasa-da örän oňatdy. Öýe gyp-gyzyl haly ýazylandy. Halynyň üstündäki stola hem çym gyzyl mahmal ýapylandy. Otagyň hemme ýerinde göze ilýän gyzyl reňkler semizlikde bir-birinden pes oturmaýan Halyl daýysy bilen onuň aýalynyň ýüzlerine hem ýokaşan ýalydy. Mansur öz hyýalynda kakasy bilen daýysyny deňeşdirip görýärdi. Olar daşky görnüşi boýunçada, häsiýetleri boýunçada biri-birine meňzemeýärdiler. Kakasy daýysyna garaňda, arrykdy, akýagyzdy. Geplemäge-de ýaltanýan ýaly köplenç ümsüm oturýan daýysynyň tersine, kakasy dilewar adamdy. Aýallaryň arasynda hem şeýle tapawudy saýgarmak mümkindi. Owadan goýun gözlerinde edil gyzlaryňky ýaly çekinjeňligi bildirip duran ejesiniň tersine, daýysynyň aýaly gödeksiligi hem-de eňegine jaň dakylan ýaly geplemsekligi bilen adamsynyň geplemek paýyny hem öz üstüne alan ýalydy.
***
Mansur bu täze ýagdaýa birnäçe wagtlap öwrenişip bilmedi, özüni ýat ýerde ýaly duýýardy. Emma iki-üç oglan bilen tanşyp, ýoldaş tapynan soň ýalňyzlygyň gussasyny unutdy. Indi ol ýarym gününi mekdepde geçirse wagtynyň galan bölegini hem köçede doslary bilen oýnap geçirerdi, öýde ertekili kitaplary okardy. Umuman, durmuş öňkisi ýaly öz akymyna gidip duran ýalydy. Emma tyg ýarysynyň tiz bitmeýşi ýaly, onuň ýaş kalbyndaky agyr hesret hem bütinleý aýrylyp gidibermandi. Käwagtlar onuň öz öýüni, oýnan köçelerini göresi gelýärdi. Kakasyny ýatlap pikire gidýärdi. Näme üçindir ol tiz-tiz düýşüne girýärdi. Düýşleriniň arasynda biri welin onuň hiç hakydasyndan gitmeýärdi. Bu örän täsin düýşdi.
Mansur gije üçege çykyp, asmandaky sansyz ýyldyzlara seredip oturanmyş. Birden asman gümmezinden kakasy oňa seredip, ýylgyryp ýüzüp gelýärmiş. Mansur ony görüp: „Kaka, kaka jan! Geldiňmi?“ diýip, gygyryp göýberýärmiş. Ol bolsa „Ýok, oglum. Entek gelemok. Emma tiz gaýdyp gelerin. Sen akylly oglan bolup ýetiş. Ejeň gepinden çykma“ diýýärmiş. Mansuryň „Siz nirelerde ýörsüňiz, kaka jan?“ diýen soragyna kakasy asmany görkezip: „Sen indi okap ýörsüň, kartany tanaýarsyň? Ynha şu asmandaky aýdyň ýyldyzlary görýäňmi? Men, ana şol tarapdadyryn...“ diýýärmişin.
Mansur oýanyp, gözüni ýalpa açsa, gapynyň öňündäki sekiniň üstünde ýatyr. Asman doly ýyldyz. Ýanynda ejesi parahat dem alyp uklap ýatyrdy.
Aýyñ ýagtysynda ejesiniň ap-ak nurana ýüzi juda owadan görünýärdi. Başyna atynan ýaglygy çözülip gidenligi sebäpli, uzyn, gara saçlary çöşlenipdi. Ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky kiçijik haly bolsa süýde atylan kişmiş dänesi ýaly galkyşlap durdy. Birwagtlar ol ejesiniň bu haly hakynda kakasynyň goşgy aýdanyny eşdipdi. Kakasy ejesini örän gowy görýärdi. Ol muny hemişe syzardy. Ejesiniň şeýle gowy görmegi, belkem, ol kakasyndan öwrenendir?
Mansur ejesiniň ýüzüne delmuryp bakýarka ýüregindäki çagalyk mähri akar suw ýaly tolkun atyp gitdi. Gör nähili oňat ejesi bar onuň! Mansur ejesi hakda hemişe şeýle pikirdedi. Oňa ejesiniň ähli hereketleri, ylaýta-da onuň özüne mahsus bolan merdemsiligi ýarardy. Ol ejesiniň birine baş egip ýalbaranyny hiç haçan görmändi. Hatda käwagt kakasy bir zat hakda ondan maslahat soranda ejesi:
-Gerek däl, onuň ýaly adamyň öňünde özüňi pes tutma! Başyňy dik tutarlar – diýip, gygyrardy. Ýok, ol gygyrmazdy. Ýöne ol bir zada gahary gelse, örän parahat, emma nähilidir bir içki hujuw bilen aýdardy. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň gahary gelen wagtlaryndaky aýdan sözleri edil gygyran ýaly bolup ýatda galardy. Mansur entek kiçijik wagtlarynda kakasy oňa:
„Gaharlanmak erbet zat“ diýip düşündirerdi. Emma bu „Erbet zat“ ejesinde hem, kakasynda hem beýlekilere garaňda seýrek ýüze çykardy. Şu tarapdan weli ol ne ejesine meňzärdi, ne-de kakasyna. Ol sähel zada-da gyzmalyk edip, sähelçe zadyň üstünde-de biriniň göwnüne degmegi eşekden palan alança görmezdi. Emma ol näçe tiz gyzsa, şonça-da tiz köşeşerdi. Ine, onuň bu häsiýeti hem mekdepdäki ýoldaşlary bilen dost bolup gidibermäge häli-şindi päsgel bererdi. Emma onuň dosty hem ýok däldi. Eger biri bilen dostlaşsa, oňa göwün bererdi. Dostuna wepaly bolmaga çalşardy. Mansuryñ mekdepdäki şeýle dosty Jemşitdi. Mansur Jemşit bilen üçünji synpda okap ýörän wagtlary dostlaşypdy. Bu garaýagyz oglan mekdebe täze baran günleri hiç kimi äsgermeýän ýaly, başyny dik dutar ýörerdi. Şonda-da ol Mansura ýaraýardy Mansura öz diýenli oglanlar ýaraýardy. Çünki Mansuryň özi hem şeýledi. Şonuň üçin ol aňkawlary, sölpüleri ýigrenerdi. Ikinji klasdan Mansuryň ýanynda oturýan Möwlam şeýle sölpülerdendi. Mansur ony ýumşak pagatadan ýasalan gurjaga meñzedýärdi, onuñ boluşyna içinden gaharlanýardy. Bir gün bir sebäp bilen Mansur gaharyny daşyna çykardy. Şo güni mekdepde sapaklar gutaransoň, çagalar adatdakylary ýaly, ala-galmagal bolşup, öýlerine gaýdyp gelýärdiler. Möwlam köpçülige goşulman, Mansuryň gapdalynda dymyp gelýärdi. Name üçindir Mansuryň oňa bolan gazaby hetden aşyp gitdi. Ol Möwlamyň ýaňagyna bir şapbat çalyp göýberdi. Möwlam entirekledi-de agyp düşdi. Çagalar el çarpyşyp gülüşdiler. Şol wagt Mansuryň ýanyna gelen Jemşit:
-Bu bolşuň bolanok, Mansur. Ejize ganym bolmazlar, ahyry – diýdi.
Mansur oňa-da gazap bilen seretdi-de:
-Şeýlemi?! Eger sen güýçli bolýan bolsaň, gel ýekeme-ýeke çykaýaly-diýdi.
Jemşit sowukganlylygyny bozmazdan:
-Men uruşsam-a senden galmaryn, ýöne uruşmak islämok-da – diýdi-de, yzyna öwrüldi gidiberdi.
Mansur birden allaniçigsi bolup, tisginip gitdi. Öz bolşundan utanyp, der basdy. Özüni daş töweregindäki oglanlaryň arasynda ganat-perlerini hüjjerdip duran urşagan horaza meňzetdi.
Mansur öýe gelensoňam, tä agşama deňiç ýüzüni sallap gezdi.Ejesi oňa bir zat bolanyny gelen badyna aňypdy. Her hili şelaýyň sözler bilen onuň göwnüni awlamaga çalyşdy. Mansur enäniň mylaýym sözlerine pagyş-para eredi oturyberi. Ýolda bolan wakany bolşy ýaly ejesine aýdyp berdi.
Ejesi bu sözleri eşidip, Jemşidiň tarapyny çalyp ugrady:
-Jemşit diýen oglan dogry aýdypdyr. Ol oňat oglan eken. Özünden ejize sütem etmek merdiň işi däl. Men seniň mert ýigit balmagyňy isleýärin, oglum. Ertir baryp Möwlamdanam, Jemşitdenem ötünç sora, oglum, bormy? – diýdi.
Ertesi Mansur öýkeläp, başga ýere geçip oturan Möwlamyň ýanyna bardy. Emma näme üçindir ejesiniň tabşyryşy ýaly Möwlamdan ötünç soramaga bogny ysmady. Ýöne ol Möwlama mylaýym garap, öz duýgudaşlygyny bildirdi:
-Ýör, bile oturaly, Möwlam, indi saňa degmerin, bormy -diýdi.
Hemme zada kaýyl bolan Möwlam ýene-de ýerine geçip, Mansur bilen bile oturdy.
Möwlamdan ötünç soramaga bogny ysmadyk Mansur Jemşide gezek gelende saklanyp bilmedi. Ol ýaňy Jemşidiň ýanyna baraýyn diýip durka, synpa mugallym girdi. Mansur arakesmä sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol Jemşidiň oturan tarapyna tiz-tiz gözüniň gytagyny aýlaýardy. Jemşit bolsa, adatdakylary ýaly hemme zady unudyp, mugallymyň sözlerini diňläp oturdy.
Jaň kakyldy. Jemşit Öňki bolşunda daşaryk ýöneldi. Mansur onuň yzyndan ýetip, elinden tutyp bir çete çekdi-de:
-Düýnkini bagyşla – diýip, Jemşidiň ýüzüne müýnli bakdy. Jemşidiň ýüzi açyldy. Garamtyl dodaklarynyň arasyndan ap-ak dişleri göründi. Ol Mansura elini uzatdy.
-Sen hem meni bagyşla.
-Näme üçin?
-Düýn men seni bezzat oglanmykam öýdüpdim, şonuň üçin.
Mansur geplemedi. Jemşit onuň goluny doslarça gysýarka:
-Sen oňat oglan ekeniň-diýdi.
Şu wakadan soň Mansur bilen Jemşit hasam ysnyşdy gidiberdiler. Olar biri-birleriniňkä tiz-tizden baryp, bile oýnaýardylar, sapaklaryna hem bile taýarlanýardylar.
***
Günler geçip durdy. Emma şu arada Mansurlaryň maşgalasynda az wagtlygam bolsa bir bolgusyz waka ýüze çykyp, birsydyrgyn durmuşyň mazasyny gaçyrdy. Soňky wagtlarda Mansuryň ejesi bilen daýzasynyñ arasynda sen-mene köpelip başlady. Daýysy-da käwagt doganynyň gepine gulak assa, käte aýalynyň gepine giderdi.Bu ýere gelenleri bäri Mansuryň ejesi bularyň ody bilen girip, küli bilen çyksa-da indi näme üçindir olara ýaraman ugrady. Mansur bu ÿagdaý barada häli-şindi pikirlenýärdi. Onuň sebäbibini agtarýardy.Bir gün mekdepden gaýdyp gelende bagdaky sekiniň üstünde ejesiniň aglap oturanyny gördi. Sebäbini anyklandan soň ol şeýle bir gazaplandy welin hatda ol özüne erk edip bilmän, öýe ylgap girdi-de, daýzasyna bir zatlar diýip çykdy. Ondan soň daýysy işden geldem bu öýde kyýamat gopdy.
-Şular ýalydan şeýle gep eşidip, bu öýde durmaryn! Ýa olar çyksyn, ýa men.... – diýip, daýzasy goh turuzdy. Mansur hem dymyp oturyp bilmedi:
-Näme beýle gygyrýaňyz! aýtmasaňyz hem gideris! Bu ýerde asla durmarys! – diýip pert jogap berdi.
Iki odyň arasynda galan daýysy şol güniň ertesi başga ýerden jaý tapyp, olary göçürip eltdi. „Özüm garaşyk edip duraryn. Hiç zada mätäç bolmarsyňyz“ diýip, teselli berip gitdi.
Daýysy „Garaşyk ederin“ diýeninden on güne golaý wagt geçensoň gelip doganyny şäherdäki naharhanalaryň birine aşpez edip işe ýerleşdirip gitdi. Ejesi işe girensoň köp wagt geçmänka bulara kiçiräk bolsada jaý berdiler. Şunuň bilen durmuş ýene-de öňki maýdalyna tigirlenip ugran ýaly boldy.
Dost agyr günde tanalýar. Jemşit hem şu aýgytly günlerde Mansuryň hemrasy boldy. Gussasyna şärik bolup, derdini deň çekişdi, göwnüni göterdi. Indi bolsa olar şu aladaly, agyr günlerden ýene şadyýan çagalyk dünýäsine gaýdyp geldiler.
***
Ýyllar kerweni ýük ýazdyryp geçip dur. Ulalyp, jahyl çykdyklaryça iki dostyň arasyndaky gatnaşyk hem has ysnyşýardy. Olar orta mekdebi gutaranlaryndan soň şu ýerdäki gurluşyk tehnikumyna bile okuwa girdiler. Tehnikumda hem olar ozalkylary ýaly beýlekilerden tapawutlanyp okaýardylar. Mugallymlaram olary gowy okuwçylar hökmünde hormatlaýardylar. Ýoldaşlary bolsa olaryň gylgeçmez doslygyna haýran galýardylar. Olaram şeýle doslugy höwes edýärdiler. Mekdep durmuşy bilen tehnikumyň arasynda uly bir tapawut bolmasa-da, Mansur-da, Jemşit-de özlerini çagalykdan saýlanyp ýigitlige gadam basan dek duýýardylar. Indi olaryň höwesleri-de, arzuwlary-da çagalyk arzuw-isleglerinden bütinleý tapawutlanýardy.
Durmuş olaryň dostlugyny synaýyn diýen ýaly ikisiniňem söýgü ýoluny bir çeşmäniň üstünden eltdi. Bu çeşme olaryň kursdaşy-Nurjemal atly gyzdy. Iki dostuňam ýüregi şu bir çeşmeden pynhan suw içýärdi. Emma olar şeýle gyl geçmez dost bolmaklaryna garamazdan, biri-birine bu hakda dil ýaranokdylar.
Nurjemal diýseň görmegeý gyzdy. Serwi kamat bu gyzyň garlawajyň ganaty ýaly gara gaşlarynyň aşagyndaky elmidama gülüp bakýan gözlerinde adamy özüne çekiji bir güýç bardy. Ýylgyranda gyrmyzy dodaklaryň arasyndan görünýän ap-ak dişleri onuň bugdaý reňkli ýüzüne aýratyn bir gözellik berýärdi. Şeýle bolansoň Nurjemala Jemşit bilen Mansurdan başgada hyrydar göz bilen seredýänler az däldi.
Nurjemal birinji kursdan bäri Jemşit bilen bile oturýardy. Ilkiler Jemşit oňa onçakly ünsem bermedi. Emma dura-bara ýigitlik duýgulary kämilleşip ugradygy saýyn, Nurjemal onuň gözüne yssy görnüp başlady. Soňabaka Jemşit özüni ýöne bir gyzyň ýanynda däl-de, oduň golaýynda oturan ýaly duýup ugrady. Ol şol oduň özüne ýakyndygyndan hem lezzet alýardy, hem oňa bir ýerim degäýmesin diýip ätiýaç edinýärdi. Ýaşlyk hyjywy bilen dek duryp bilmeýän el-aýaklaryň gapdaljygynda oturan gyzyň tenine degmejek gümany barmy? Degerdi. Käte eli eline degse, käte aýagy aýagyna degerdi. Şonda Jemşidiň ýüreginiň alla nirelerinde gizlenip ýatan pynhan duýgular ýüze çykyp, arkasynda garynja ýörän ýaly bütin endamy bir hili tisginýärdi. Nurjemal onuň beýle gödeksi hereketine nägile bolup, seredäýse, Jemşidiň hindileriňki ýaly garaýagyz ýüzi utanjyndan çym gyzyl bolýardy. Jemşit şeýle bir utanjagam däldi. Gaýtam ol batyrgaý hereketleri, dilewarlygy bilen deň-duşlaryndan saýlanýardy. Emma Nurjemal bilen iki çäk galan pursatlarynda bolsa bu batyrgaýlykdan, dilewarlykdan nam-nyşan galmazdy. Gyz bolsa onuň bu bolşyny gaty gowy düşünýärdi, ýöne syr bermeýärdi. Jemşit onuň synçy nazaryna döz gelip bilmän, soraglaryna jogap tapman aljyran mahallarynda zoraýakdan ýylgyryp, ýüzüni kese sowýardy. Bu ýagdaý köpden bäri dowam edip gelýärdi. Şeýlelikde olar tehnikumyň ahyrky kursuna-da geçdiler. Indi bu ýagdaýyň mundan beýläk dowam etmegi mümkin däldi. Sebäbi Jemşidiň sabyr käsesi püre-pür bolupdy. Ol pursatyny tapyp, Nurjemal bilen aç-açan gepleşmekligi ýüregine düwdi. Şeýle pursat hem uzak garaşdyrmady.
Şol gün Jemşit tehnikuma adatdakysyndan bir sagat öň gaýtdy. Ol okuw başlanýança mugallymyň tabşyran diwar gazetiniň adyny ýazyp, bezeglerini gutarmakçydy Suratkeşlik işine ökde bolany üçin öz kursunyň şuňa meňzeş işleri köplenç oňa tabşyrylýardy.
Ir ertir bolmagyna garamazdan, köçelerde bireýýäm janly hereket başlanypdy. Işine, ýumşuna howlukýan adamlaryň birnäçesi duralgada
saklanan awtobusa ýetişjek bolup ylgaşsalar, başga birleri daz ýasap barýan taksidir beýleki ýeňil maşynlara ellerini galgadyp saklajak bolup jan edýärdiler. Ýöne Jemşidiň pyýadalap barýan ýan ÿodasynda adam seýrekdi. Ýoluň iki ýan gyrasyny tutup oturan agaçlaryň altyn çaýylan kimin sarygylt öwüsýän ýapraklary-da seýrekleşipdi.
Güýz aýynyň ertirki tämiz howasy Jemşidiň şähdini açyp, ruhyny göteripdi. Öz aladasy, işi bilen başagaý bolup barýan adamlaram, agaçlaryň depesinden assa pyrlanyp gaçýan sarygylt ýapraklaram onuň gözüne birhili enaýy görünýärdi.
Şol wagt on ädim çemeli arkasyndan tanyş aýak sesi gulagyna ildi. Muňa ýüregi bir tüýsli atygsap gitdi. Howa ökjesi beýik köwüşli aýaklaryň çalasyn ädimlerinden çykýan bu ses Jemşide tanyşdy. Edil tans ýolyna kakylýan depregiň sesine meňzäp bu aýak seslerini nirede eşitse-de tanajakdy. Sebäbi iki-üç ýyl bäri ol bu sese gulak gabartýardy.. Gyzyň özü gözüne görünmese-de, diňşirgenip, aýak seslerine garaşýardy.
Aýak sesleri barha ýakynlaşýardy, ýakynlaşdygy saýy, onuň tyrkyldysy Jemşide ýüregine pitiklenen bolup syzylýardy. Jemşit artyk çydap bilmedi, ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi. Nurjemal hünji dişlerini güjeňleýän kimin ýylgyryp gelýärdi. Jemşit gyzyň ýylgyryşyna jogap hökmünde zor edip ýylgyran boldy. Ýöne munuň hakyky ýylgyrşa meňzemändigini özü-de duýdy. Gyz gelip salamlaşmak üçin elini uzadanda onuň ýüzündäki ýasama ýylgyryş hem zym-zyýat boldy.
Içki aljyraňňylygyny bildirtmejek bolup jan edýän Jemşit salamdan soň ilki söze başlady:
-Bu gün ýaman irläpsiň-le, Nurjemal?
-Sebäbi seniň şu gün ir gaýtjagyňy düýn eşidipdim,-diýip Nurjemal ýeserlik bilen güldi. Jemşit begenjinden howlygyp:
-Çynyňmy? Çynyň bilen diýýänmi, Nurjemal? - diýip özelendi.
-Görüp dursuňa, ýogsam men beýle ir nämişläýin - diýip, gyz gözlerini güldürip bakdy. Jemşit onuň gözlerine dikanlap seretdi. Gyzyň gülüp duran gözlerinde diýýän sözlerine kybapdaş gelýän many ýokdy. Bu gözlerde bütünleý başga derdiň ünjüsi uçganaklaýandygyny Jemşidiň ýüregi şol bada syzdy. Emma bir garaýşyň manysy ýürekdäki pynhan söýgi oduny nädip öçürsin? „Belki men ýalňyşýan bolaýmaýyn“ diýip, Jemşit umyt bilen içini gepledýärdi. Ýok. Jemşit ýalňyşmandy. Nurjemal, hakykatdanam, şu gün Jemşidiň ir gaýtjagyny eşidipdi. Şonuň üçinem ol ýola ir çykypdy. Ýöne beýtmekden onuň maksady başgady. Eginme-egin
ýöräp ugranlaryndan soň, Nurjemal assa-ýuwaş maksadyna ýakynlaşyp başlady.
-Jemşit diýýän-ä, men senden bir zady sorajakdym.
-Soraber.
Nurjemal ýaýdanýan ýaly edip dymdy.
-Soraber. Näme sorajak? – diýip, Jemşit gyza synlap seretdi. Nurjemal dillendi:
Bi.... ýakyndan bäri dostuň ýüzi salyk görünýä-le. Onuň sebäbi nämekä?
Bir bada Jemşit özüne berlen soragyň düýp maňzyna göz ýetirmedi.
Ol;
-Haýsy dostumyň? – diýip geňirgendi.
Nurjemal oňa ýylgyryp bakdyda:
-Meniň bilişimçe seň ýekeje dostuň bar, Jemşit. Olam Mansur-da - diýdi. Indi Jemşide bar zat düşünikli boldy. Ol sandyrawyk ses bilen:
-Mansur diýsene -diýip dymdy. Gyz hem onuň ýagdaýyny aňany üçin artyk geplemedi. Bir näçe sekuntlap dowam eden bu dymyşlykda Nurjemalyň köwşüniň ökjesinden çykýan tyrkyldy Jemşidiň gulagyna indi öňküsinden bütünleý başgaça - ýat bolup eşidilýärdi. Nurjemal dymmasyny dowam etdirsede, Jemşit onuň jogaba garaşýandygyny duýdy:
Ol azda-kände özüni ele aldy:
-Mansuryň ýüzi salyk görünýä diýdiňmi? Men-ä şoňa üns bermändirin. Onuň sebäbi näme bolup biler?
-Sebäbi.... söýýän gyzy bilen tersleşen bolaýmasa.
Jemşit ajy ýylgyrdy:
-Onuň entek söýýän gyzy ýok. Arkaýynja bolaý, Nurjemal.
Gyzyň ýüzi soňky „arkaýynja bolaý“ diýen sözemi ýa begenjinemi nar ýaly gyzardy. Jemşidiň ýüzi bolsa ak tama dönüpdi.
Nurjemal bilen bolup geçen bu duşuşyk entek ajy-süýjini dadyp görmedik Jemşit üçin durmuşyň ilkinji zarbasydy. Ähli umyt-arzuwlarynyň puja çykmagy oňa barha güýçli täsir edýärdi. Ol şol gün sapakda nädip oturanyny nämeler geçileneni hem seljerenokdy. Bir hili aňkasy aşan ýaly dymdy ýördi. Mansur dostunyň serinde nämedir bir zadyň güýçli täsiriniň bardygyny duýdy. Ýöne sapaklar gutarýança ol bu hakda dil ýarmady.
Öýe gaýdyşyn Mansur Jemşidi goltuklap, ýoldaşlaryndan saýlandy:
-Ýeri, halypa, saňa näm boldy? - diýip ol ýoldaşynyň ýüzüne tiňkesini dikdi.
-Näm bolsun. Hiç zadam bolanok - diýip, Jemşit zoraýakdan ýylgyran boldy.
-Sen näme meni gözi ýokdyr öýdýäňmi? Şu gün-ä seň öňküligiň ýokdugy görnüp dur, ahyryn, aýt näme boldy? – diýip, Mansur özelendi.
-Jemşit hyrçyny dişläp, dostunyň gözlerine seretdi. Onuň dodaklary bir zat diýjek ýaly müňküdedi. Ýöne geplemedi. Jemşit özüniň ret edilmeginde Mansuryň hiç hili günäsiniň ýokdygyny bilýärdi. Emma şonda-da bäsdeşine häzirlikçe kituwsiz seretmek kyn düşýärdi. Ýöne ol mert bolmaklyga, eý görýän dostuna görüplik etmezlige öz ýanyndan şert etdi. Indi ol Nurjemalyň göwnüniň kimdedigini Mansura aýtmalydy. Ýatsa-tursa kellesine gelmejek bu habary eşiden Mansur näderkä? Elbetde, begenjinden depesi göge ýeter. Şeýle gözel gyzyň söýgüsine mynasyp bolan ýigidem begenmez öýdýäňmi? Jemşit içini gepledýärdi. Emma ol bu gezek ýalňyşypdy.
-Näme, agzyňa suw alan ýaly gepläňok - diýip Mansur ortadaky dymyşlygy bozdy - Aýtsana, saňa näme boldy?
Jemşit häliden bäri aşak salyp gelýän kellesini galdyryp, ýoldaşyna köp manyly seretdi, soňra:
-Bolýan zady-ha saňa aýtmaly boljak - diýip, naýynjar ýylgyrdy.
Ýak walla, senem näziňi çekdirýäň-ow. Aýtmaly bolsa aýt-da - diýip, Mansur onuň arkasyna kakdy.
-Aýtsam, eliňi bäri al- diýip, Jemşit Mansuryň elini gaty gysdy – Tüýs ýürekden gutlaýan!
Mansur geňirgenip sorady:
-Näme bilen?
-Nurjemal bilen. Ol seni söýýär.
Mansur hahahaýlap güldi.
-Bar aýtjak zadyň şumy?
Jemşit Mansuryň bolşuna hem haýran galýardy hem gaharlanýardy. Ol:
-Saňa ýene näme gerek?-diýip azgyryldy.
-Men-ä täze bir zat aýdarmykaň öýdüpdim. Men onuň söýýänini bilýän - diýip, Mansur perwaýsyz gürledi.
Bilýän?! Sen onuñ bilen öňden gepleşip ýörmüň?
-Ýok, entek gepleşemok.
-Onda onuñ söýänini nirden dilýäñ?
-Onuň özi diýýä, her günem diýýä.
Jemşit dostuna öýkeli seretdi:
-Sen näme, meni oýnajak bolýaňmy? Ýaňyja gepleşemok diýdiň. Indem özi aýtdy diýýäň.
Mansur elini Jemşidiň egnine atyp, ony mähremlik bilen özüne çekdi:
-Beýle zatlary geplemänem aýtsa bolýar, ahyryn. Akyldarlaryň biri aýtmyşlaýyn, adymyň diline garanynda-da gözi köp zatlary aýdyp berer.
(Dowamy bar)...
Powestler