09:58 Gök kitap | |
GÖK KITAP
Taryhy makalalar
ABŞ-nyñ "Disney Plus" kinostudiýasynyñ "Atatürk" serialyny surata düşürmek kararynyñ jikme-jiklikleriniñ üstünde durup geçesim gelýär: Birinji jahan urşy şol bir wagtyñ özünde propoganda urşudy. Mysal üçin, nemesleriñ propoganda maksatly poçta bukjalarynyñ daşyna ýelmenýän suratlarynda ýaranlary türkler edermen, garadangaýtmaz, gahryman, güýçli edilip görkezildi. Şol sanda nemesler ABŞ-ny öz tarapynda urşa çekmek üçin amerikan žurnalistlerini Berline çagyrdy. Russiýanyñ jöhitlere garşy nähili wagşyýanalyklary edendigini resmi maglumatlar bilen orta goýdy. Bu elbetde, ABŞ-daky jöhit lobbisini herekete geçirmegi maksat edinen propogandady. Iñlisler nemesleriñ elindäki jöhit propogandasyna garşy "ermeni kartyny" açdy! Häli-häzirlerem jedeli edilýän "ermeni genosidi" propogandasy şeýdip döredi! Angliýa bu propoganda ýaragy arkaly Osmanlynyñ Germaniýa ýaly ýaranlaryny kyn ýagdaýa salmagy maksat edinipdi. Edil şol wagtam olaryñ haýryna güýçli propoganda ýaragy-da geçdi: Osmanly hökümeti şonda bir bölek ermeniniñ "ýaşaýan ýerini üýtgetmek we göçürmek kanunyny" güýje girizdi: Tehjir (Deportasiýa) karary... Ine, iñlis hökümeti tarapyndan taýýarlanan syýasy propoganda maksatly "Gök kitap" şeýdip döredi. "Ermeni genosidi" gipotezalaryny öz içine alýan ähli ýazgylar, makalalar, kitaplar propoganda maksatly şu kitaba salgylanyp geldi. "Gök kitabyñ" içinde nämeler bardy? * * * "Gök kitap" (“Blue Book") birinji gezek 1916-njy ýylda Londonda çap edildi: “The Treatment of Armenians in the Ottoman Empire 1915-1916.” Kitap Angliýanyñ "Wellington House" uruş propogandasy uprawleniýesi tarapyndan taýýarladyldy. Bu tabşyryk Angliýanyñ Waşingtondaky ilçisi bolup gelen Lord Jeýms Braýsyñ ýolbaşçylygyndaky delegasiýa berildi. Lord Braýsyñ sekretary bolsa tanymal taryhçy Arnold Toýnbidi. Ýazyşym ýaly, bu kitap amerikan jemgyýetçiligine täsir etmek üçin ýazyldy we şol sebäpli-de mazmuny amerikan missionerleriniñ hatlaryna salgylandyryldy. Özem bu hatlar ABŞ-nyñ Ermenistandaky we Siriýadaky Haýyr-sahawat komitetiniñ ýollan ýazgylaryndan düzülipdi. Hatlaryñ haýsy birine göz aýlasañam, beýleki hatlaryñ aglabasynda bolan birmeñzeş sahnalar şekillenýärdi. Belli bir adamyñ ýa-da adamlaryñ elinden çykandygyny arkaýyn bilip bolýardy. Meselem, kimdigi näbelli "şaýadyñ aýtmagyna görä" jümlesi kitapda gaty köp ulanylýardy. Gürrüñi edilen wakalar we beýan ediliş stili-de hatlar bilen birmeñzeşdi: Osmanly esgeri obalara dökülýän, erkekleri öldürýän, aýal-gyzlary atyñ syrtyna basyp alyp gidýän basmaçylar we ganhorlar sürüsidi. Gürrüñ berilýän zatlar duýgulara agram berlip, şeýle bir inçe ýazylypdy welin, hatlary tolgunman, "talañçylary" ýazgarman okamak mümkin däldi. "Gök kitabyñ" Günbatar jemgyýetinde "bigünä ermeni, sütemkär türk" obrazynyñ emele gelmeginde täsiri uly boldy... * * * "Gök kitabyñ taýýarlanmagyna gatnaşan taryhçy Arnold Toýnbi soñky ýyllarda munuñ propoganda kitabydygyna düşünip, "bu işe dahylly bolanyna" puşman etdi: "Bilen bolsam, başda bu işe goşulmazdym". Ol 1966-njy ýylda ýazan "Ýatlamalar. Tanyşlarym" kitabynda bu barada gyzykly maglumatlary berdi. Angliýanyñ Daşary işler ministri Ostin Çemberlen 1925-nji ýylda Lordlar palatasynda "Gök kitaba" agyr tankydy bellikleri edip, kitabyñ "tutuşlygyna esassyzdygyny we uruş propogandasy" maksady bilen taýýarlanandygyny aýtdy. Professor Jastin Makkarti "Gök kitaba" girizilen köp sanly hatyñ bir adamyñ galamyndan çykandygyny subut etdi. Deportasiýa kanuny Netijede: "Deportasiýa kararynyñ" 1915-nji ýylda güýje girizilmeginden iñlisler ussatlyk bilen peýdalandy. Hiç bir taryhçy bu kitaba maglumat çeşmesi hökmünde garamasa-da, propoganda maksatly "Gök kitap" ABŞ-da hem, Ýewropada hem öz täsirini şu güne çenli ýitirmän gelýär... "Disneýe" heñkirsek heñkireliñ welin, ilki temeni özümize dürtüp göreliñ! Diñe soñky ýigrimi ýylyñ dowamynda döwlet bu gara propoganda garşy näme etdi? Ýalana garşy öñler jöhit lobbisi bizi goldardy, indi olary-da özümizden daşlaşdyrdyk... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||