10:48 Golaýlyk | |
GOLAÝLYK
Goşgular
Men zemine golaý, Aslym toprakdan. Onda köküm, ösdüm garyş-garyşdan. Pespäl boldum, gara ýere meñzedim, Umyt ýüpüm sallansa-da Arşdan. Men jahana golaý, Söýgim dünýäden. Myhman bolup saýlap aldym ak ýoly, Bu dünýäniñ gursagyna ýazýaryn, Maña berlen jahan ýaly ykbaly. Äleme golaý, Men älem bölegi, Duýup ýörün mydam Hakyñ nazaryn. Ondan gelýän beýik yşky, dowamy, Kagyza däl, ýüreklere ýazýaryn. Men özüme golaý, Menden Men çykdy. Bar zada çaýlan mähriban keşbim. Eý, azaşan düş yzyma ýagty bar, Ol meniñ barlyga baglanan yşkym. * * * Salam dünýä, Salam gözel tebigat, Ýazlaryńa salyp meni gujakla. Uklan duýdularymyñ donuny serpip, Ýüpek şemal mähriñ bilen gyjykla. Göwräm ýerde, ruhum asmana bagly, Ummana goşular ömür akymym. Bir şygyr ýazaýyn ynsan kalbyna, Yşky senden bolsun, Menden akylym. Depelere surat çeken jümjüme, Çygly teli bilen sypar etegim. Men saña bir aýdym getirdim jahan, Iller bilsin soñky perdä ýetenim. Sen taryñy çek, Menem sesimi, Bu ýaýlalar yşkymyza üwreler. Asmanyñ mährine gaýnan toşaby, Dadylmasa, Dünýäñ göwni düwr alar. Ömrüm bägül, Menem oña kebelek, Jahan söýgüsinden kalbym ümmülmez. Bu yhlasyñ pelle-pelle ýolunda, Golaýlaýar, asman seniñ gümmezleñ. Ummanyñda akyp ýatan çeşme men, Men saña dönerin bir gün birigip. Ruhum täze, Täze dünýä garaýşym, Maña pata berýär Beýik Dirilik. * * * Ümsümligiñ köli ýatyr kalbymda, Söhbet küýsär onuñ gözel gyrasy. Gök gotazny suwa batyran gamyş, Şemala daralan zülpün yrady. Daşym rahat, Içe joşgun syganok, Dünýä umman, men bir bölünen damja. Teline ak güneş çolanan güli, Tomaga ýasaplar saçyma sanja. Belentlere gidýär meniñ bu ýolum, Eselmän, peselmän barýar pespälli. Ak ertire çyra ýakdy yhlasym, Dowamatyñ dowamyny kesmäli. Dünýä oñat, Bizsm bolaly oñat, Jahany ýagtyldar beýik sazlaşyk. Süýji duýgy kalba tohum sepipdir, Mähir tapan günler barýar ýazlaşyp. Ýollar aýna, Kimdigiñi aýdyp dur, Bu ömür bolmasyn bir tutum gamyş. Köñlümiñ içinde saz çalýan gözel Meni däliretme ~ Sen maña tanyş... * * * Güneşe dolupdyr göwnüñ ülkesi, Ýagşylyga elter ýagşa uýmalam. Boz çägeler göýä tylla külkesi, Ýer deý giñ men, Gökden bir zat duýmalam. Oñat pikir çyra ýakar kalbymda, Päk duýgular yşka barýan kejebe. Aldanypdym soñsuz zada, Salgyma, Ýada düşse jiger tili pejiger. Eý, gylygym, erbetligi öwrenme, Soñ maña iş bolar seni örklemek. Duşsam bir gün söz naşynlan mergenme, Razy dünýä, Eý, degresi görk melek. Bir sözi ezipdir şygyr pyýalam, Añymda paýhasa batyrlan jümle. Sözüm ~ dana, Yşkdyr ýazan syýalam, Bir gün ýol tapasyñ, Sen meni diñle. Bir-birekden gözlemäli bahana, Saz bolaly, Döremesin doñaklyk. O:t bermäli, a:t bereli jahana, Oñatlykdan dörär gider oñatlyk. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |