23:33 Golça gopuz göterip ozan geler | |
GOLÇA GOPUZ GÖTERIP OZAN GEZER
Edebi makalalar
Öňräk Daşkentde neşir edilýän «Fan wa turmuş» («Ylym hem durmuş») žurnalynyň 1978-nji ýyldaky sanlaryny gözden geçirip otyrkak, «Iň gadymy saz guraly» diýen makalanyň üstünden bardyk. Görüp otursak, dünýäniň iň gadymy saz guraly türkmen topragyndan –Altyndepeden tapylypdyr. Özi-de, şol saz guraly süýkelip çalynýan ekeni. Şeýle ýagdaýda adam gyzyl tapana dönýärsiň. Begenmez ýalam däl-ä. Biziň gyjagymyzyň taryhy, gör, nä zamanlardan gaýdýan ekeni! Mundan biziň saz taryhçylarymyzyň habary barmyka, bu babatda olaryň pikiri nähilikä diýip, türkmen dutarydyr gyjagynyň taryhy hakynda ýazylan işleri agdaryşdyryp ugradyk. Emma lapymyz keç boldy. Elimize ilki ilen kitap A.Ahmedowyň 1983-nji ýylda çykan «Dutaryň owazy – halkymyň sazy» diýen işi boldy. Onda gyjak hakynda şeýle ýazylypdyr: «Türkmen halkynyň saz sungaty üçin geçmişde gyjak saz guraly häsiýetli bolmandyr. Munuň şeýledigini Hally bagşy, Nobatnyýaz bagşy, Oraz salyr, Girman bagşy, Hydyr bagşy ýaly käbir tanymal «köne» bagşylardan saz ýazgylaryny diňlänimizde-de göz ýetirýäris. Olaryň aýdan aýdymlarynyň hiç birine-de gyjak saz guralynyň hemaýat beren ýeri ýok! Galyberse-de, türkmen saz folklorynda dutar hem tüýdük sazlary hakda getirere mysal kän. Emma «gyjak sazy» diýlen saz mirasynyň ýekeje mysalyna-da gabat gelnenok. Hatda häzirki wagtlarda-da, salyr-saryk ýolunyň Ödenyýaz Nobadow ýaly käbir görnükli bagşylary hem gyjak saz guralyny (taryhy milli guralymyz hasap etmeýändikleri üçin) ulanman, inkär edýärler». Biziň bu ýerde saz taryhçysy bilen uly jedele girmek hyýalymyz ýok. Ýöneonuň bu pikirlerine ylmy oýlanyşykly çuňluk ýetmeýänligini welin aýdasymyz gelýär. Düýpli oýlanyp, ölçerip-dökmän netijä gelmek hiç haçan hem barlagçylary hakykatyň üstünden eltmändi. Başgaça aýtsak, çürt-kesik netijä gelmezden öňünçä janyňy gowy barlap gören ýagşy. Bu ýerde ine, şu ýetenok. Diňe bu däl. Awtor kitabynyň başga bir ýerinde «Türkmenlere bolsa çarwa halklygy sebäpli geçmişde tans sungaty düýbünden häsiýetli bolmandyr» diýip ýazýar. Elbetde, biz bu ýerde temamyzdan sowlup, onuň bilen geçmişde türkmenleriň tans edendigi ýa-da etmändigi barada jedelleşip oturmakçy däl. Diňe ýüz ugruna käbir faktlary ýatlap oňmakçy. Meşhur taryhçy W.W.Bartold gadymky çeşmelere salgylanyp, seljuklaryň XI asyrda Bagdat şäherini eýeländen soň, türkmen ýigitleriniň özboluşly tanslary bilen ol ýeriniň halkyny aňk edendigi, şol tansyň hem ruslaryň häzirki «plýaska» tansyna meňzeş bolandygyny ýazýar. Bu bir. Indi başga bir fakt. Özi-de ol şol bir wagtyň özünde bize ozalky söhbetimizi-de dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. «Ýene döndi, Birege aýdar: –Merä, däli ozan, ýa maksadyň nedir? Birek aýdar: –Hanym, maksadym oldur, iki äre baran gyz galka oýnaýa, men gopuz çalam – diýdi. Meger Gysyrja ýeňňe diýrler bir hatyn bar idi. Oňa aýtdylar: –Merä, Gysyrja ýeňňe! Tur, sen oýna, nä biler däli ozan – diýdiler. Gysyrja ýeňňe turdy. Aýdar: –Merä, ozan, däli ozan! Äre baran gyz menem! – diýdi. Oýnamaga başlady. Birek gopuz çaldy». Bu epizod gadymy ata-babalarymyzyň çarwaçylyk dörüni beýan edýän «Gorkut Atanyň kitaby» eposyndan alyndy. Diýmek, geçmişde diňe türkmen ýigitleri däl, eýsem gelin-gyzlary-da tans edipdir. Ýöne esasy mesele munda däl. Biziň Biregiň Gysyrja ýeňňe tans edende çalan gopuz saz guralna üns bermegimiz gerek. Eýsem onuň gopuzy biziň häzirki agyzda çalynýan gopuzymyzyň gadymky nusgasymyka? Ýok, ol biziň häzirki gopuzymyzyň gadymky ata-babasy däl. Şol gopuz hakynda ýene eposyň özünden şeýle maglumat alyp bilýäris. Öňde-de belleýşimiz ýaly, onuň girişinde «Golça gopuz göterip ilden-ile, begden-bege ozan gezer. Är jomardyn, är näkesin ozan biler. Iliňizde çalyp, aýdan ozan olsun» diýen sözler bar. Dimek, gadym zamanlarda gopuzyň ululygy gol boýy bolupdyr. Belki, bu ýerde gopuzyň kädisiniň golça meňzeýänligi üçin «golça gopuz» diýilýän bolmagy-da ähtimal. Ine, şu «golça gopuz» hem biziň häzirki gyjagymyzyň gadymky nusgasy bolupdyr. Muny ilki bolup ýaşuly edebiýatçy Baba Weliýew belläpdi. Ol şeýle ýazypdyr: «XI-XII asyrlarda türkmen-oguzlar aýdymy türki halklaryň iň gadymy saz gurallarynyň biri bolan kobuz (iki tarly gyjak) arkaly ýerine ýetiripdirler. Dutar bolsa ilkinji gezek XV asyr awtory al-Hüseýniniň «Kanon» atly işinde ýatlanylýar». Alymyň gopuz-gyjak hakyndaky bu pikirini taryhy çeşmeler hem tassyklaýar. Mysal üçin, XI asyryň görnükli dilçisi Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde kobuzyň süýkelip çalynýan iki tarly saz guralydygy barada maglumat berilýär. Süýkelip çalynýan gopuz saz guraly hiç haçan hem türkmenleriň medeni durmuşyndan aýrylyp gitmändir. XVII asyrda Buharada ýaşan hem pars-täjik dilinde saz hakynda eser ýazan Hafyz Darwüş Aly Çengi hem gopuzyň süýkelip çalynýan saz guralydygyny belläpdir. Şol bir wagtyň özünde ol bu saz guraly dorusynda özboluşly bir hekaýaty ýazyp galdyrypdyr. Biz onuň mazmunyny ozalky makalamyzda gysgaldyp beýan edipdik. Önde-de bellenilişi ýaly, akademik W.M.Jurmunskiý ony türkmen hekaýaty hasaplaýar. Munuň şeýledigini hekaýatyň mazmuny hem aýdyp dur. Galyberse-de, Derwüş Aly türkmenleriň baryş-gelişli ýeri, olara goňşy oturan Buharada ýaşapdyrahyryn. Şol sebäbe görä-de, ol öz kitabyna gopuz hakyndaky bu türkmen hekaýatyny girizipdyr. Görşümiz ýaly, XVII asyrda-da türkmen halkynyň arasynda gopuzyň mertebesi uly bolupdyr. Ol hakda halk arasy da özboluşly hekaýat aýdylypdyr. Gopuz Magtymguly ussadyň döwründe hem halkymyzyň arasynda meşhur ekeni. Şahyr «Ýar senden» şygrynda «Gopuz alyp beýik nagra çaldyrsam» diýip ýazýar. Elbetde, häzirkiagyzda çalynýan gopuzymyzda «beýik nagra» çaldyrypbolmasa gerek. Biziň pikirimizçe, şahyr bu ýerde şol «golça gopuzy» göz öňünde tutýar. Edebiýatçy B.Weliýewiň aýdyşy ýaly, kobuz ýa-da gopuz türki halklaryň iň gadymy hem ýörgünli saz guraly bolupdyr. Hatda ruslaryň, ukrainleriň hem beloruslaryň «kobza» saz guraly hem şol gadymy «kobuzdak» gaýdýan bolsa gerek. Gadymy rowaýatlara görä kobuzy ilkinji bolup ýasan adam Gorkut Ata ekeki. Eýsem «kobuz» sözi nähili manyny aňladypdyr? Gadymy dilimizde «kobuz» sözi köwük, köwek manysyny beripdir. Bu sözüň irki zamanlardaky manysyny aňladyp, türkmen dilinde «gowuz» sözi häzir hem ýörgünli ulanylýar. Aslynda «kobuz-gopuz – gowuz» sözleriniň bir kökdendigini seljermek kyn däl. Şeýle bolsa, gadymy kobuz ýa-da gopuz bilen biziň häzirki gyjagymyzyň arasynda baglanyşyk barmyka? Biziň pikirimizçe, bar. Muny delillendirmek üçin şeýle bir fakta ýüzleneliň. Ozalky makalamyzda «Oguznama» eseri barada ýörite gürrüň edilen Salyr Baba şeýle wakany beýan edýär: Oguz han söweş saparyna çykýar. Şol döwürlerde oguzlaryň ýörişlere aýallary hem çaga-çugalary hem alyp gitmek dessury bar eken. Jigitleriň biri şu dessur boýunça özüniň göwreli aýalyny hem ýanyna alypdyr. Ýolda aýy-güni ýetip, ýaňki aýalyň burgusy tutup başlaýar. Ol bir agajyň köwegine girip, şol ýerde hem ogul dogurýar. Oguz han agajyň köweginde dünýä inendigi üçin oglana Gypjak diýip at dakýar. Taryhçynyň özi-de gadym zamanlarda içi köwek agaja «gypjak» diýlendigini, täze bolan çaga hem şuňa esaslanyp Gypjak adynyň goýlandygyny ýörite belleýär. Görnükli klassygymyz Nurmuhammet Andalyp hem öz «Oguznamasynda» bu wakany şeýle beýan edipdir. Anyň hatyny ýüklüg erdi anda, Hamylnyň derdi çün uçraşdy şonda. Girip çüýrük ýagaç içre olturdy, Töwelled kyldy, zahyrygy geltürdi. Anyň atyga Oguz han goýdy Gypjak, Boş agaç ady erdi bu oşol çak. Görşümiz ýaly, gadym zamanlarda içi çüýräp köwlen ýa-da içi ýöne köwük agaja «gypjak» diýlipdir. Indi iki sany sözi bir ýerde goýup göreliň: G y p j a k –g y j a k. Biziň, pikirimizçe, dil ýeňilligine görä «gypjak» sözündäki «p» sesi düşürilen bolsa gerek. Eger häzirki gyjagymyz şol gadymy «gypjak» sözünden gelip çykypdyr diýsek, bu many taýdan hem hakykata laýyk gelýär. Sebäbi hut häzirki günlerde hem türkmen gyjagynyň kädisi ýa-da gadymky aýdylyşy boýunça golçasy köwlüp ýasalýar. Diýmek, biziň gadymy ata-babalarymyz agaçdan köwülip ýasalan hem süýkelip çalnan saz guralyna «gypjak» diýip at beripdir. Gurluşyna, ýagny kädisiniň içiniň köwülip ýasalýandygyna, süýkelip çalynýandygyna görä, aslynda gypjak bilen gopuz bir saz guraly bolmaly. Başga hili sözler bilen aýtsak, gadymy atalarymyzyň arasynda şol bir saz guraly iki at bilen ýörgünli bolupdyr. Bu bolsa geçmiş türkmen saz medeniýetine häsiýetliýagdaýlaryň biri. Eger dessanlarymyzy alyp görseňiz, olarda «dutar» sözi onçakly ýörgünli däldir. Olarda dutaryň «tamdyra», «saz» atlary diýseň köp ulanylýar hem «ol eline sazyny alyp», «ol tamdyrasyny düzüp» ýaly söz düzümlerine häli-şindi gabat gelmek bolýar. Okyjylaryň bu ýerde «Eýsem geçmişde «gypjak» atly saz guraly bolupmy näme?» diýäýmegi juda ähtimal. Şonuň üçin hem uzynrak bolsa-da, şu ýerde belli edebiýatçy alymymyz Nazar Gullaýewiň şeýle sözlerini getiresimiz gelýär: «Faraby 940-941-nji ýyllarda ýene Orta Aziýadan Yraga ugraýar. Ol ýol ugruna Reý şäherinde Buweýhileriň weziri Sahyp Abbat bilen duşuşýar. Öňem belleýşimiz ýaly, Faraby hemişe öz sada milli lybasynda gezer eken. Şonuň üçin weziriň kabul edişligine gelen sada lybasly beýik alym hiç kimiň gözüne ilmändir. Hatda ony alymyň at-owazasyny eşidip, hormat üçin çagyran weziriňözem tanamandyr. Toý-dabara gyzyşyp, nobat aýdym-saza ýetende, Faraby ýanyndaky haltajykdan bölek-bölek taýajyklary çykaryp, olardan çilim kädini ýada salyp duran bir saz guralyny ýasap, onda dürli mukamlar çalyp başlaýar. Ol bir saz çalanynda, oturanlar şatlanyşyp, gülüşipdirler, ikinji sazy çalanda, gamlanyp, gözýaş edipdirler, üçünjini çalanynda bolsa hemmeler uka gidipdirler. Bu saz guralyny Farabynyň özi ýasan bolara çemeli. Onuň ady kä çeşmelerde «gypjak» diýlip berlipdir. Onuň kädä meňzeşdigini, süýkelip çalynýandygyny göz öňünde tutanyňda, ol gyjak bolmaly. Ýöne aslyýetinde «gyjak» sözüniň «gypjak» sözünden bolmagy-da ähtimal». Eger öňde getiren faktlarymyza arkalansak, edebiýatçynyň häzirki «gyjak» sözi Farabynyň çalan «gypjak» saz guralynyň adyndan bolsa gerek diýen çaklamasy köp derejede hakykata bap gelýär. Eýsem öz gyjagy bilen adamlary hem agladyp, hem güldürip bilen Faraby kim bolupdyr? Abu Nasyr al-Faraby (873-951) Gündogaryň beýik ensiklopedikalymy. Öz döwründe «mugallymy-sany», ýagny, ikinji mugallym» (Birinji mugallym Aristotel) diýen baha mynasyp bolan adam. Ömrüni Farabynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge bagyşlan görnükli özbek alymy, professor M.Haýrullaýew köp sanly irki çeşmelere salgylanyp «Farabynyň asly oguzlardan bolupdyr» diýip ýazýar. Oguzlaryň bolsa türkmenlerdigini subut edip oturmagyň hajaty ýok. Baryp XI asyrda Mahmyt Kaşgarly ilki kitabynyň başynda «Oguzlar –bular türkmenlerdir», sözlüginiň ahyrragynda bolsa, «Türkmenler bular oguzlardyr» diýip ýazyp gidipdir. Diýmek, Faraby bilen bagly bu fakta esaslansaň, türkmen gyjagy mundan müň ýyl ozal hem bar ekeni. Dogrusyny aýtsak, türkmen gyjagy ýaňy-ýakynda döräpdir diýen pikire gulluk edýän diňe A.Ahmedow däl. Şeýle garaýyş türkmen sazynyň taryhyna bagyşlanan beýleki işlerde-de, makalalarda-da göze ilýär. Ynha, geçen ýyl türkmen telewideniýesi meşhur gyjakçymyz Annageldi Jülgäýew hakynda ýörite gepleşik berdi. Gynandyrýan ýeri, ussat gyjakçymyz hem bu saz guraly ýaňy-ýakynda döredilipdir diýip tassyklady. Eýsem bu näme üçin beýle bolýar? Aslynda munuň ýönekeý sebäbi bar. Biziň saz taryhçylarymyz-da, sazan-dalarymyz-da türkmen sazynyň taryhy diýilse, W.Uspenskiý bilen W.Belýaýewiň «Türkmen sazy» diýen işine ýapyşýar. Bu belli bahasy bolmadyk işde bolsa gyjak hakynda şeýle ýazylypdyr: «Orta Aziýada şeýle giň ýaýramagyna garamazdan, gyjak W.Uspenskiniň aýlanyp çykan ähli türkmen taýpalarynyň arasynda diňe ýomutlarda hem çowdurlarda gabat gelýär. Galyberse-de, Babajan işanyň sözlerine görä, gyjak olarda bary-ýogy elli ýyl mundan öň peýda bolupdyr. Bu ýagdaý bir göräýmäge juda geň. Belki bu hem beýleki maglumatlar ýaly türkmen sazynyň diýseň özboluşlylygyna şaýatlyk edýändir». Munuň özi häzirki zaman alymlarymyzyň hem deslapky barlaglara esaslanyp aýdylan bu pikirden aňry geçip bilmeýändigini görkezýär. Nebsimiziň agyrýan ýeri, türkmen sazynyň köklerini yzarlap, taryhyň çuňluklaryna çümüberýän alymlar bizde ýok diýen ýaly. Ýogsam yhlas edilse, şol kökleri tapyp boljak. Ynha, öz gyjagy bilen gudrat görkezen Faraby. Ol diňe ussat sazanda bolmandyr. Beýik alym ilkinji bolup Gündogar sazynyň teoriýasyna bagyşlap üç sany saldamly iş ýazypdyr. Bagtymyza şol işler biziň günlerimize gelip ýetipdir. Farabynyň saz traktatlarynda Gündogar sazynyň perde, heň aýratynlyklary, owaz öwüşginlikleriniň özboluşlylygy, saz ritmleriniň hilbe-hilligi töwerekleýin hem jikme-jik beýan edilipdir. Olarda sesleri nota geçirmek, saz gurallaryny şol notalar boýunça çalmak ýaly möhüm meseleler hem işlenipdir. Häzirki günlerde gazak alymlary Farabynyň eserleriniň esasynda gadymy sazlary dikeltmegiň üstünde iş alyp barýar. Aslynda şeýle asylly işe ilki bolup türkmen saz taryhçylarynyň, sazandalarynyň, kompozitorlarynyň ýapyşmagy gerek. Eger şeýle edilse, gadymy ata-babalarymyzyň gopuzda ýa-da gypjakda çalan «gyjak sazlaryny-da» diňlemek bagtynyň miýesser etmegi bolup biljek zat ahyryn! 1989 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |