GÖMLEN GURRUK / rowaýat-poema
Bir gije nikasy gyýylan naçar,
Guşak çözüp durka bir nagra çekdi.
Diýeninde ’’Gara bagtym günäkär"
Agzyndan çabyrap ot ýalyn çykdy.
Munyñ sebäbini soranda ýigit,
Gyz möññürdi gam-gussanyñ badyndan.
Ýigit hakykata kaýyl men diýdi,
Kasam etdi duz çöregiñ adyndan.
Gyz gür berdi ýürekdäki hesretin:
Meniñ ýüregimde ýanýan bir dag bar.
Söýgi diýen zatdan siz heder ediñ,
Ah çekip yzymda aşygym aglar"
Ýigit köşeşdirdi başyn sypalap,
El urmady nikalaşan gyzyna.
’’Günämi geç" diýip, oña bagt diläp,
Gaýtardy ol gyzy basym yzyna.
Gözel gelip öz ýarynyñ ýanyna,
Bolan işi birin- birin aýtdy.
Eger ony kabul etse, ýary-da,
Şol ýigitden namart borun öýtdi.
’’Mert ýigitden gaýdan mähriban!" diýip,
Hoş söz aýdan bolup yşgyñ gyzyna.
’’Menem mertligimi synaýan!" diýip,
Aşyk hem gaýtardy ony yzyna.
Duşmanyñ şarpygy garaşylýan zat,
Duýdansyz urgada ýürekler çydar.
Duýgydaşyñ bolsa, kyn günem añsat,
Dostuñ şarpyk çalsa çekmekde iş bar.
Obadan ep-esli saýlanyp birden,
Gañyrlyp yzyna garanda şol gyz.
Şol soñky bakyşy beýan ederden,
Dostlar menem ejiz, kagyzam ejiz.
’’Nirde sen' nirde sen, meniñ namysym,
Meni depeletme mertlik tap basym.
Nadan adamlara boýnuñy burma,
Ýa-da sen, ýa-da sen, namys dälmisiñ?!
Diýdi-de gyz girip harabalyga,
Lebin diýşläp, göz ýaşyyny saklady.
Harabalykdaky düýpsüz gurruga,
’’Eje jan tut" diýip özün oklady.
Guýynyñ daşynda gadymdan bäri,
Şol gözeliñ yzy täp-täzeje dur.
Şondan bäri ejizläne şol gurruk,
’’Oklaweri, balam" diýip gygyrýar.
Dostlar, gurruk size tanyş gurruk ol,
Ol ’’täleý" diýilýän köne gurrukdy.
Tä düşýänçä, täze ýola Gündogar,
Gör, näçe ykballar şonda surnukdy.
Italmaz AKMYRADOW.
Poemalar