GONORAR
Ýaş ýazyjy Yhlas Geldiýewiçiñ bu gün öýde ýeke özüdi, oña aza beren bolmady. Ol kimdir biri bilen göreşe çykjak bolan ýaly, elini çermeşdirip ykjamlandy. Her zat etmeli welin, redaksiýanyñ ýumşuny ýerine ýetirmeli, öz daban azaby bilen eklenmeýän kireýkeşler hakynda çaklañyrajyk ýumoreska ýazmaly. Elbetde, bi añsat iş däl. Ýöne Yhlas Geldiýewiçiñ özüne ynamy bardy.
Nämeden başlajagyny bilmän, ol ak kagyzyñ ýüzüne seredip esli salym oturdy, onuñ ruçkasy edil garaçy mal ýaly hiç ýöremedi. Näçe oýlansa-da bolmady, ganatly ylham gaýtam ondan arany açdy. Turup gezmeledi. Haýsydyr bir üýteşijek pikir onuñ kalbyna uçgun bolup gelýärdi-de, kagyza geçmänkä-de, sönüp gidýärdi. Yhlas Geldiýewiçiñ muña gahary geldi, ruçkasyny dişledi. Kireýkeşler hakyndaky gören-eşiden zatlaryny ýatlajak boldy. Ynha, duýman durka birden zatlaryny ýatlajak boldy. Ynha, duýman durka birden bir sözlem ak kagyzyñ ýüzüne keşde bolup çekildi. Yhlas Geldiýewiçiñ keýpi göterildi, hezil edip hiñlenjiredi. Ol hekaýanyñ yzyny ýazmaga howlukdy. Bolmajak bolanda bir zat tapylaýan eken. Niredendir bir ýerden wyzylap gelen ullakan gara siñek ilki ýazyjynyñ elini dyrmalady, soñra onuñ ýazan zadyny okajak bolýan ýaly uçup, kagyzyñ üstüne gondy. Çarp urup eýläk-beýläk ýöredi. Yhlas Geldiýewiç ony uçurdy, ýöne onuñ edip oturan ähli pikirlerem siñek bilen uçup giden ýaly boldy. Hiç zat ýazyp bilmejegine mazaly gözi ýetenden soñ ol ýerinden turdy-da, gerinjiredi.
- Gidip kireýkeşleriñ maşynyna müneýin, umuman durmuşy öwrenmeli - diýip, ol kimdir biri bilen maslahatlaşan ýaly özbaşyna hüñürdedi.
Öýleden soñ gelip, ol ýene-de iş stolunyñ başyna geçdi. Hälki mekirjäniñ görýäñmi diýen bolýan zadyny.
- Agam, men señ bäş şaýyña mätäç bolup mündürmedim. Horlanyp durmasyn diýip alaýdym.
Ol bu sözleri haýsydyr bir şofýoryñ agzyna öýkünip aýtdy. Ah, men siz melgunlara beletdirin, menden gorkyña pul almadyñ, ýogsam siz kezzaplar öz ene-atañyzy bir sylaýañyzmy?!
Men özümiñ eserinde, ine, şu zatlar hakynda ýazmaly. Kireýkeşleri kötekläp, olary satiranyñ közi bilen daglamaly. Özüniñ ähli şowsuzlyklaryny hälki kagyzdan görýän ýaly, ony alup jyrym-jyrym edip ýyrtyşdyrdy. Täze kagyza iri harplar bilen hekaýanyñ adyny ýazdy. Ardynjyrap uly ynam bilen töweregine seretdi. Az wagtyñ içinde ýumoreskanyñ bir sahypasy beýläk agdaryldy. Ýöne onuñ yzyny ýazmak üçin ol ýene-de ejir baryny çekdi, hiç zat önmedi. Ol, garaz, boş oturmajak bolup ilki ýazanyny täze kagyza göçürdi, ony öwran-öwran okap gördi.
Ýaş ýazyjynyñ ganatly ylhamy bu gün ondan arany açypdy. Halys paltasy daşa degen Yhlas Geldiýewiç ýatyp dynç almakçy boldy, gije işlärin öýtdi. Onuñ gözüne uky gelmedi, gözüni çakgyñ çüýi ýaly edip nirädir bir ýerlerik seretdi. Içini gürledip ýatyşyna ahyryn irkildi. Hekaýa onuñ düýşüne girdi.
Işige otyrdylan zwonogyñ jyññyrdysy Yhlas Geldiýewiçi ukudan oýardy. Ol gözüni owkalaşdyryp, ýerinden turdy, gargynjyrap gapyny açdy.
- Goñşy, bi ikindi bilen agşamyñ arasynda ýatmañ näme? Ýa öten agşam dañdana çenli işlediñmi, şunlar birneme ýazýañ öýdýän - diýip, ýazyjynyñ goñşusy öýe girdi.
Goñşusynyñ bu sözleri oña gyjalat bolup eşidildi. Bi, näme, meniñ üstümden güljek bolýamyka diýip pikir etdi. Syr bildirmejek bolsa-da onuñ sesi kineli çykdy.
- Goñşy, ýene-de ýarym sagatjykdan geläýen bolsañ tüýs jüpüne düşäýjek eken welin...
- Bagyşlaweri, goñşujan, näme ýañy gyşarypmydyñ? - diýip, gelenine ökündi.
Ýazyjy düýşünde hezil edip hekaýa ýazandygyny, ýöne onuñ heniz soñky nokadyny goýup ýetişmändiginu ahmyr bilen aýtdy.
- Sen onda, Yhlas jan, ýatda o hekaýañ yzyny bir ýaz. Men saña azar bermäýin - diýip, ol turmak bilen boldy. Hoşlaşyp çykyp gitdi.
Yhlas Geldiýewiç dälirän ýaly, kellesini tutup otagynyñ içinde ikiýana gezmeledi. Pyşyrdap goñşusynyñ enesine bir zat diýdi. Ýañky düýşünde gören zatlaryny kagyza geçirjek bolup azara galdy, dümtündi. Ullakan başa baran zat bolmady.
Eý-ho-o, bu hekaýanyñ petine gar ýagdy-la, indi nätsemkäm diýip howatyrlandy. Ony ýene-de uky basmarlady, oturan ýerinden ymyzgandy.
- Eý, dur! Nirä eñip gelýäñ, öñünde adam bar. Näme göreñokmy, garagyñ gapyk ýaly - diýip, ol bogazyna sygdygyndan gygyrdy.
Yhlas Geldiýewiç allaniçigsi bolup öz sesine özi oýandy. Nämäñ-nämedigini añşyrman oýaly-ukuly samrady.
- Be, kireýkeşler hakynda tankyt ýazsañ şular üstüñden sürübem öldürjekler-aý, biynsaplar.
Gel, şu hekaýany, häzirlikçe goý bolsun edip, ertir irden turupjyk ýazaýaýyn-la, diýip ýazyjy ýerine geçip gyşardy. Ol heniz ýazylmadyk hekaýanyñ köýüp barýan gonorary barada oýlandy.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar