20:11 Göripleriñ gözi çyksyn! / satiriki hekaýa | |
GÖRIPLERIÑ GÖZI ÇYKSYN!
Satiriki hekaýalar
Käbir erkek sypatly kişiler ýaranjañlyk bilen sylag-hormatyñ tapawudyny bilmän, agzyna gelen zatlary aýdyşyp ýörler. Aslyýetinde agyz janawar gürleşmek üçin däl-de, çörekdir nahar iýmek üçin, has takygy adamy açlykdan halas etmek üçin ýaradylypdyr. Ilkidurmuş adamlaryny gör, agzyny ýerlikli ulanypdyrlar. Olarda gep-gürrüñ, gybat bolmandyr. Şonuñ üçinem agzybirje, adalatly ýaşaşypdyrlar. A, biziñ häzirki döwrümiziñ käbir adamlary bolsa, gybatdyr gep-gürrüñ bolsa, agzyñ çörek iýmek funskiýasyny-da unudaýýarlar. Käbirleri dagy dünýä täze inen çagalaryny-da pylany ýaly ýaranjañ, myjabatçy bolmazlygy arzuw edýärler. Hatda çaga dile düşüp ugranda-da "Ol pylankes beýle adamdyr, ol hem beýle" diýip, käbir mäşi bişişmeýän adamlaryny "analizläp", çaga añynu zäherleýärler. Biziñ edaramyzda-da bar, şeýle biderek adamlaryñ ençemesi. Öñüräk edaramyzyñ başlygyny çalyşdylar. Täze başlyk kürsüsine geçen güni ilkinji bolup men salama bardym. Iki elimi uzadyp, ýürekden görüşdim. Mydamalyk bileje işlemegimizi, ýeriniñ düşümli bolmagyny, mal-garalarynyñ abatlygyny arzuw etdim. Bu bir adama bolan sylag-hormat ahyryn. Beýleki işgärler-ä, maña görübilmezçilik bilen seredişip, umumy ýygnakda tanşany bilen ylalaşdylar goýaýdylar. Aý, olar bor boýnyýogynlar-da! Bir günem sekretarşamyz kabinetimize geldi-de, başlygyñ aýalynyñ syrkawlap keselhana düşendigini, şol sebäpli-de işe sähelçe gijiräk geljekdigini ýañzytdy. Kellesi işleýän adam üçin şundan başga düşündiriş gerek däl-dä! Men welin, ýagdaýa derrew düşündim. Sebäbi beýle ýagdaýy göre-göre gelýän. Derrew aýalyma jañ etmek bilen boldum. O neresse-de beýle zatlara werziş bolansoñ, geldi ýüzüni ak esgä dönderip. Derrew ony-muny alyşdyryp, eñdim keselhana. Dogry, başlygymyzyñ aýaly keselhana däl-de, çaga dogrulýan öýe düşen eken. Uzakly gün keselhanalaryñ barysyny aýlanyp çykyp, iñ soñunda "Gel, şunam göreýin-le" diýdim welin, tapaýdym. "Gözlän tapar" diýenleri çyn eken. Ýöne başlygyñ aýaly birbada meni tanamajak boldy. Hawa-da, çaga dogurmak ýeñil däl bolarly. Özümi tanyşdyranymdan soñ-a tanady welin, töweregindäkileriñki näme diýsene, erkek kişi görmedik ýaly. Ýüzüñe çiñerilişip durlar. "Göwnüñize ýaraýdymmy?" diýjekdim. Ýöne başlygyñ aýalynyñ ýanynda salyhatlyrak bolaýyn diýip, özümi zordan sakladym. Soñra aýalym bilen onuñ yzyndan birki gezek baryp gaýtdym. Başlygymyz indi "baryp ýörmäñ, ertir-birigün keselhanadan çykjak" diýenoñ, gatnamamyzy kesäýdik. Ana, muña bolsa edaramyzyñ işgärleri ölübilmediler. Olaryñ käbirleri bolsa, "Biziñ aýalymyzyñ yzyndan-a gatnamasalar gerek?" diýýämişler. Bolmanda-da häsiýetleri şol bolsa, kim gatnar? Indi iki gün bäri-hä, bazara baryp, başlyga gök-sök, elin bişirilen çörejik getirip berip başladym. Aýalyñ keselhanada wagtyñ biri şeýle kömek etse, hiç kime-de ýaraman durmaz. Hawa, aýalym görgüli hem dek oturanok. Her gün ilki başlygyñ çagalaryna nahar bişirip berip, iýdirip, soñ öz çagalaryny naharlaýar. Baý, muna dagy içleri ýanýar-a, işgärlerimiziñ. Ýanyplar geçsin. Entek has beterräginem etjek, soñ görsünler! "Çaga dogran aýal kyrk güne çenli iş etmeli däl, organizmine agram salmaly däl" diýýär aýalym. Şeýle bolsa başlygymyzyñ aýalynyñ kyrk güni dolup, ysgynyna gelýänçä aýalym olaryñ hamyryny ýugrup, çöregini ýapar. Kirini, çagajygynyñ arlygyny ýuwar. Içeri-daşarsyny süpürer. Adam hemişe kyn günde birek-birege kömek bermeli ahyryn! Soñky döwürde işleri täzeçe gurýas diýşip, menem işden çetleşdirjek bolýarlar. Ol pikirleri-hä başa barman geçse gerek. Özleri gider. Kimmiş olar? Onsoñam, o zatlary işgärler däl-de, başlyk çözer. Atam pahyr "Ulyny syla, ulyny sylamadyk uwlar" diýerdi. Gaty dogry aýdylan söz. Hudaýa şükür! Ulyny sylaýarys. Şonuñ üçinem hiç wagt uwlaman. Boýnyýogynlaryñ bolsa irde-giçde uwlajakdyklary ikuçsyz... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |