16:47 Gorkuly "Dümlükli" | |
GORKULY "DÜMLÜKLI"
Ýatlamalar
(“Dile geldi-bile geldi” ýazgylar toplumyndan) Çyn ýalana meňzese aýtmanyň gowy diýlen aýtgy bar. Şuňa eýerip menem häzirki gürrüň bermekçi bolýan, oglan döwrümde gözüm bilen gören, başymdan geçen wakany örän seýrek bolaýmasa, känbir aýdybam ýöremok. Ýöne gürrüňçilikde adam pahyryň özüňe täsin bolup görünýän nämedir bir zady gepi alyşýan gürrüňdeşine aýdasy gelibem dur-da. Dymyp, diňläp oturmany-da hemmeler oňaryp bilýämi, näme. Bu wakany irräk döwürler aragatnaşyk saklaýan halypa şahyrlaryň birine gürrüň beremde, üns bilen diňläp, birsalym durdy-durdy-da “munyň-a özi bir taýynja gyzykly hekaýa bolup dur-aý” diýdi-de, bu wakany hekaýa edip çykarmagymy maslahat beren ýaly etdi. Ýok, men muny beýle edip bilmen ahyry. Hekaýa diýeniň ýarym ýalan, ýarym çyn ýa-da tutuşlygyna oýlanyp tapylan zat bolýar-a. Onsoň gözüm bilen gören zadymy men haýsy bir ynsap bilen hekaýa edeýin. Goý, ynanan ynansyn, ynanmaýan ynanmasyn, her kimiň öz işi. Bu gyly gyrylmadyk hakykat. Bolanja waka. Galyberse-de, bu wakany hekaýa öwürsem, Lokga kakamyň ruhunyň öňünde näme jogap bererin. “Oglum, mun-a oňarmansyň, bu hekaýa däl-de, ikimiziň öz başdan geçiren wakamyz ahyryn” – diýmezmi, näme?! Şoň üçin men muny size bolşy-bolşy ýaly edip gürrüň berjek bolaýyn. Geçen altmyş-ýetmişinjy ýyllarda oba içindäki kolhoz tarapyndan berlen 6 sotuk mellek ýerlerinden başga-da, obamyzdaky käbir adamlaryň dag eteklerinde-de resmi ýagdaýda hasaba alynmadyk goşmaça ekin ýerleri bolardy. Dag tokaýlaryny goraýan lesnikler bilen özara ylalaşylyp, dereleriň çeşmeli ýerlerinde kartoşka, kelem, sogan, hyýar ýaly gök önümleri ekýädiler. Agalary bilen bilelikde, kakamlar hem Garrynohurdan 10-15 km. Garrygala etrabyna tarap daşlykda, dagyň “Dümlükli” diýen jülgesinde mellek ýer aýlapdylar. Her ýyl kartoşka ekýärdik. Kakamyň uly agasy Döwletnepese inileriniň çagalary bolan biz Lokga kaka diýip ýüzlenýärdik. Ol 1910-njy ýylda doglan, Beýik Watançylyk urşy başlanan badyna urşa gidip, urşuň ýeňiş bilen gutarmagyna az wagt galanda uruşdan ýaraly bolup gaýdyp gelendi. Döşünde we aýagyndaky operasiýadan soň galan ýara yzlaryna seredeniňde, bu adam nähili diri galdyka diýdirýärdi. Orta boýly, peşeneli, ýogyndan deşli bir daýaw adamdy. Çalasyn bolmasa-da, edýän işini äwmän, kemini goýman ederdi. Ulalyp, aga-gara göz ýetiremsoň, men ony tokaý aýysyna meňzedýädim. Göwresi hem hereket edişi aýynyň sypatyny ýada salyp durdy. Lokga kakamlar bilen hojalygymyz aýry bolsa-da, ol dört dogan (biri uruşda wepat bolan) kakamlaryň ulysydy, ýolbaşçysydy. Kakalary bolan meniň atam bolsa, kiçi ogly bolan kakam 4 ýaşyndaka aradan çykypdyr. Hasap etsem, 1962-nji ýylyň aprel aýynyň ortalary bolsa gerek. Mekdepde 4-nji klasda okaýardym. Lokga kakam daga – Dümlüklidäki ekin ýerimize gyşdan soň bar çekmek hem ýeri ekişe taýynlamaga gerekli işleri etmek üçin gidermen boldy. Kakam obada däldi, dagda dowar ýanyndady. Ejem hem gelnejem çaý-suw goýmaga, eşeklere seretmäge kömegi deger diýip, meni hem ýany bilen alyp gitmekligi Lokga kakama aýtdylar. Ol ilki göwnemedi. Soň ýene meniň gitmäge höwesekdigimi görüp, “mekdebime-de ejem habar ederin giýýär-ä” diýip duramsoň, dözen däldir-dä, kynlyk bilen razylaşdy. Gerekli zatlary gurup biz ir bilen herimiz öz eşegimize münüp Lokga kakam bilen ýola düşdük. Öýle çaglary hem baryp dagdaky ekin ýerimize ýetdik. Goşlary düşürip, ýaman hem gaçagan bolansoň meň eşegimi örkledik. Lokga kakamyň eşegini ota goýberdik, sebäbi eşekler bir birinden kän bir daşa gidenokdylar. Çaý goýup, çaý içip garbak-gurbak edenimizden soň Lokga kakam öýle namazyny okap, çeşmäniň golaýyndaky içine üç-dört adam sygýan, kiçeňräjik kümämiziň üstüni, astyny bejerişdirdi, gönüräk agaç şahajyklaryndan örülip ýasalan eleşanja gapysyny birneme berkleşdirdi. Agşam ýatmazdan öň Lokga kakam eşek örklän ýerimizde meýdanda garamça ýasady hem öz telpegini hem iş eşiklerinden oňa geýdirdi. Garamça ýasamak ýa-da ätiýaçdan ýene şuňa meňzeş birzatlary edip hüşgär bolunaýmasa, ýanymyz bilen getyren palta-pyçagymyz diýäýmeseň, bizde ne tüpeň bardy, ne-de gapan. Doganlar-kakamlar aw edip ýören, okly-tüpeňli adamlaram däldiler. Agşam kümede ýatdyk. Ertesi men turamda Lokga kakam çaý gaýnadyp, taýyn edip goýupdyr. Daşarda onuň ýanyna baramda, ol: - Oglum, turduňmy, üşemediň dälmi?! –diýdi-de, meniň jogabyma-da garaşman sözüni dowam etdirdi: - Garamçamyzy-da ýel ýykypdyr. Telpegimizem gözläp tapdym, her näme-de bolsa eşeklerimiz-ä abat – diýdi. Men eşeklere howp bardyram öýdemokdym. Daňylan eşek örkünden boşap, ikisi-de uzaklara gitse tapyp getirmek iş boljagyny aýtdygydyr diýip oýlandym. Bu çola dagyň jülgesi gaplaňdyr syrtlan, möjekdir şagal ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň mesgenidigine o wagtlar aklymyň o diýen çatmaýanlygyndandyr-da. Uzyn güni ekin ýermiziň daşyndaky haýatyň ýykylan, sökülen ýerlerini bejermek, howdany hem ýaplary arassalamak bilen geçirdik. Bu işleri Lokga kakamyň özi edýärdi. Men köp wagtymy onuň ýanynda äkit diýleni äkidip, getir diýleni getirip, güýjümiň ýetäýjek işlerim bilen kömekleşýärdim. Ýap arassalamak hasam kyn düşdi. Tikenli ulakan gür otlar ýaby gömüpdi. Lokga kakam olary obadan ýanymyz bilen ýörite getiren çalgy bilen çalyp aýyrýardy. Agşama çenli birgiden iş etdik. Ertirem galan-gaçan işlerden dynyp, birnemejik tamdyr oduny ýygnap, eşeklere gurup gaýdyberjekdigimizi Lokga kakam ýaňzytdy. Howa düýnkä görä sowugrakdy. Agşam kümäň içindäki orta ojakda meniň gündiz çöpläp getirip goýan odunlarymdan ulaldyp ot ýakdyk. Çaý gaýnadyp, iýip içenimizden soň Lokga kakam namazyny okan badyna daşaryk bir aýlanyp geldi hem ojagyň bir gapdalyna geçip, üstüne içmek atynyp ýatdy. Gündiz ýadanlygy bilinýärdi. Men ojagyň oduny az-kem köpeldip, odun çöplän wagtym duşan ýylgaý agajyndan kesip alan goşa çybygymdan özüme keman ýasamaga biraz wagt güýmendim. Soň kümäň ýakynyna daşa çykdym. Dagyň gerşinden ýaňy çykan aýyň hem asmana seçilen ak patrak ýaly gür ýyldyzlaryň şöhlesi töweregi ýagtyladýardy. Eşeklerimizem meýdan doly gök otdan doýan bolmaly. Daňman goýberen eşegimiz, kümeden 50 metr çemesi daşlykda otluk meýdanda daňylgy eşegiň ýanyna gelip, dişleri bilen bir birleriniň boýunlaryny gaşap duruşlary görünýär. Kümä girip, menem öýmüzden getiren kakamyň uluja içmegine dolanyp ýatdym. Näçe wagt ýatanymyzy bilemok welin daň atmaga golaýlaberen wagtlary bolsun gerek. Bir eşegiň gysga-gysga aňňyrmasyna, biriniň hyňkyrap batly güpürdi bilen kümäniň gapdalyndan ylgap geçmesine Lokga kakam ikimizem oýanyp dikeldik. - Möjekmikä, eşege degýär öýdýän, - diýip, Lokga kakam birdemde soldat ädigini geýip daşaryk atylyp çykdy. Gapyda kümä söýelgi duran, sapynyň uzynlygy iki ýarym metr çemesi bolan ot ýatyrylýan çalgyny eline alyp, gaňrylyp maňa seretdi-de “kümeden daşary çykaýmagyn” diýip gygyryp aýtdy-da, daňylgy eşege tarap sesiniň ýetdiginden “Ha-a-a” diýip ala ses edip okduryldy. Kümäniň açyk gapysynyň söýesine elimi diräp, men onuň ses edip ylgan tarapyna seredem-de, hykranyp, eýläk-beýläk aýlanyp, yzky aýaklary bilen aýagaldygyna toýnak atýan eşegimize hem-de eşegiň bir eýlesine bir beýlesine böküp, topulyp maýyny tapsa oňa agyz saljak bolup hyrryldaýan ite meňzeş haýwana gözüm düşdi. Diri möjegi öň görmän-de bolsam, Lokga kakamyň ony agzandygy, galyberse-de, öň suratyny görenligim, ol barada gürrüňler eşidenligim üçin möjekligini aňdym. Gaty gorkdum. Lokga kakama: - Gel, gitme ýanyna! –diýip, sesimiň ýetdiginden aglap, gygyrýardym. Lokga kakam welin meniň sesimi eşiderli däldi. Onyň özüniň “Ha-a-a” diýip gygyrýan uly sesi dere-çaýy ýaňlandyrýardy. Ol barşyna çalgynyň sapyny edil ot ýatyrýan ýaly edip tutup, keseriniň ýiti ujyny möjegiň böwrüne dürtjek bolup, bar güýji bilen keseligine urýardy. Çalgy bir-ki sapar sowa geçdi. Möjek eşekden aýrylyp, hyrryldap Lokga kakama tarap öwrülipdi. Çalgynyň urgusyndan gaça durýardy hem özüni Lokga kakamyň üstüne zyňmaga maý agtarýardy. Ýöne Lokga kakamyň nobatdaky urgusynda çalgynyň keseriniň ujy möjegiň öňki çep aýagynyň ýokarsyna, döş bilen boýnunyň aralygyna dürtüldi. Dişlerini syrtardyp hyrryldaýan möjek şonda-da ýan bererli däldi. Ol çalgydan sypjak bolup eýläk-beýläk dyzaýar, Lokga kakam hem çalgyny çekip almaga dyzap çekeleýär. Ol çalgyny çekip aldy hem ony ýokardan aşaklygyna, möjegiň arkasyny çemeläp urdy. Çalgy ýere degip, onuň keseri sapyna birigýän inçe ýernden döwülip aýryldy. Ol indi çalgynyň sapy bilen güýçly urgulary möjegiň üstünden goýberýärdi. Urgularyň köpüsi möjekden sowa geçýänligine garamazdan, ol möjegiň öz üstüne zyňaryna maý berenokdy. Tenine çalgy dürtülip alan ýarasyndan soň megerem, indi onuň bökere güýç- ragbaty-da ýokdy. Şol barmana hem soňky urgy möjegiň ýazzy maňlaýyndan jaýdar degdi we ony ýere ýazdy. Urmasyny goýan Lokga kakam sapyna geýdirilýän ýerinden döwülen çalgyny sermenip gözläp tapdy-da, ony çalajan ýatan möjegiň böwründen dürtüp, möjegi öldürdi. Dikelip soň maňa tarap bir seretdi. Meniň bolsa şol gorkudan saňňyldap, aglap, titräp durşumdy. Töwerek-daşa ümsümlik aralaşan ýaly boldy. Beýleki gerşiň arkasyna duwlanmaga entegem howlukman töwerek-daşy gündiziň güni ýaly ýagtyldadyp duran aý hem bize duýgudaşlyk edýän ýalydy. Şondan soň Lokga kakam ýuwaşja ýöräp baryp bäş-on ädim gapdaldaky diken garamçasyna geýdiren pagta güpbisiniň daňysyny çözüp aldy-da ony öz egnine, telpegi hem başyna atdy. Garamça ýasalan agajy eýläk-beýläk yralap ýykdy-da oň üstünde oturdy hem “geläý indi” diýen manyda maňa elini bulady. Soňam: - Pahtalyňy geý! –diýip, gygyrdy. Howanyň sowuk şemaly içiňden-bagryňdan geçip barýardy. Men içi pagtaly güpbimi egnime geýip Lokga kakamyň ýanyna gelip, uzak aýralykdan soň ony birinji sapar görýän ýaly, gaýtadan agym tutup, onuň boýnundan gujaklap hokuryp agladym. Ol: - Aý, gorkak diýsäni... gorkak diýerler saňa. Gorkupsyň-a!... Zyýany ýok! Menem az gorkmadym. - diýip, başymy sypalady. Möjekden gaçmaga synanyşyp daňysyndan boşajak bolup ikiýana urunýan eşegem köşeşipdi. Beýleki eşegimiz görünmeýärdi. Soň görüp otursak ol, möjekden gaçyşyna baryp ekin ýeriň haýatyna gysylyp, gymyldaman bukulyp duran eken. Bäş-üç minut çemesi demini dürsän Lokga kakam äwmän ýerinden turdy. Ölen möjegiň ýanyna gelip, ýuwaşjadan: - Haý, janawer... gaçybam gidibermediň-dä! – diýip, nebsiagyryjylyk bilen oňa biraz wagt seretdi durdy-da ýene: - Her-nä, ene möjek bolsa-da çagalana-ha meňzänok. Özem gaty aç bolarly. Möjek aňsat ýeke bolmal-a däldir welin, bu nä ýeke gezdi-kä?! – diýdi. Soňam ony yzky aýagyndan süýräp äkidip, daşrak jeňňellige taşlap gaýtdy. Işlerimizi öňki meýilleşdirişimiz ýaly etdik. Bir salkyn ekin ýerimizde işlänimizden soň golaý-goltum ýerlerden oba äkitmek üçin tamdyr odun ýygnaşdyryp, eşeklere gurup, ýola düşdük. Agşam, iňrik garalanda oba geldik. Agşam öýmüzde otyrkak men ejeme Dümlüklidäki bu möjekli wakany gürrüň berdim. Ejem haýran galyp, bir agaryp, bir-de bozaryp, bolan wakany gorka-gorka diňledi. Ertesi öýle çagy men mekdepden gelemde, ejemiň yhlasy bilen, habar eýýäm töwerek-daşa ýaýran eken. Ejem meniň gorky damarymy tutdurmak üçin alyp gidende, Lokga ýeňňem (Lokga kakamyň aýaly Baýramakja gelnejemizi-de biz çagalar şeýle atlandyrardyk) gorky damaryny tutan wagtynda “Döwlet gorkansyňam” diýen wagtynda, Lokga kakamyň: “Baýram, men ýekeje zatdan – çaganyň dagyň çölünde mensiz ýeke galaryndan gokdum. Ömrümde hiç zatdanam beýle gorkmandym” - diýendigini gürrüň berdi. Geldimyrat SEÝIDOW. 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||