04:15 Goşunlar-a ondan, olam sowukdan gorkardy | |
GOŞUNLAR-A ONDAN, OLAM SOWUKDAN GORKARDY
Taryhy makalalar
Napoleonyñ suratlandyrylan meşhur kartinalarynyñ birinde eli arkasynda, beýlekisinde bolsa sag eli kükreginiñ üstünde goýandygy görülýär. Munuñ ýeke-täk sebäbi bolsa sowuk. Napoleon Bonapart / Fotosurat: Wikipedia Dünýäniñ goşunlaryny gagşadyp taşlan Napoleony gagşadýan zadam sowukdy. Sowuk ony iñ halaýan zatlaryndan - tokaýda, sähralyklarda, köşk howlularynda elini arkasyna tutup ýöremekden saklaýardy. Napoleonyñ suratlandyrylan meşhur kartinalarynyñ birinde eli arkasynda, beýlekisinde bolsa sag eli kükreginiñ üstünde goýandygy görülýär. Munuñ ýeke-täk sebäbi bolsa sowuk. Sowuk howa geçip-geçmänkä pasyllara görä ýyllyk işjeñligine, oýlanyp-ölçermäge wagt tapýan uzak ýörişlerine çykardy. Sowuk ony noýabr aýynyñ gelmegi bilen ýyladyjyly "Týulýri" bagynda galmaga mejbur edýändigi üçin mart aýynyñ başlanmagynda pyntyklaryñ ýaryp başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Wagtynyñ köpüsini açyk howada aýaly bilen ýa-da ýeke özi sagatlap ýöreýän ýodalarynda we sümme tokaýlarda geçirerdi. Ýaz pasly gelen badyna arassa howa gezip etmäge çykyp, "Malmezon" bagynda dynç alardy. Hatda bir gün ýanyndakylara ýüzlenip şeýle diýipdi: - Açyk howada daşaryk çykanymda pikirlerimiñ has belende we has giñişlige çykýandygyny duýýaryn. Nädip käbirleri asmanyñ ýüzünden binesip ýagdaýda pejiñ başyndan turman işlerini birkemsiz edip bilýändigine düşünemok. Napoleon howa gowy bolanda daşarda ýa-da baglarynyñ birinde garbanardy. Hepdede bir gün balyk tutmaga giderdi, emma bulam onçakly göwnüne ýaramaýardy. Ýöne awyñ aristokrat tebigaty, şol bir wagtyñ özünde hereket zerurlygy we ata münmäge bolan söýgüsi sebäpli häkimiýete gelende aw gezelençlerine köp gatnap başlady. Awyna üns bermeýärdi, awlan awyny ýanyndaky myhmanyna bererdi. Näme maksat bilen awa çykandygyny ýatdan çykarardy. Oý-pikirlere çümüp, atyna badyhowa ýagdaýda münerdi. Şonuñ üçinem tasdan ömrüne maýyp bolup galjak käbir heläkçilikleri başdan geçirerdi. Belki-de, awlarynyñ iñ esasysy Parižiñ golaýyndaky "Rambuýe" tokaýynda 14 sagatlap bir keýigi kowalap eden gezimidi. Imperator aýallary-da az kowalamaýardy, emma bu boýunça o diýen nesibeli däldi. Iñ meşhury imperatrisa Žozefina Bogarne bilen bolan ýakyn gatnaşygynyñ hekaýatydy. Bu hekaýatda-da imperatrisa Žozefinanyñ ýeñlişi bilen aýal-gyzlaryñ abraýy pese düşürildi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 06.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |