18:01 Göwnüne deglen / satiriki hekaýa | |
GÖWNÜNE DEGLEN
Satiriki hekaýalar
Goñşym Pälwan pañk öñki işini halaman, başga edara geçdi. Täze wezipäni bolsa oñaryp ýuwdy. Myhmanlaryny ugradyp, keýpi kök halda ol meniñ ýanyma oturmaga geldi. Pälwan pakgarmany, öwünip, uludan gürlemäni halaýar. Ol meniñ öýüme gelen mahaly meniñem myhmanym bardy. Ýañygala obasyndan gelen ýaşuly otyrdy. Goñşym Pälwanyñ gözlerini keteniniñ ýyrtygy ýaly gyzardyp gelmesi, oturyp-oturman pañkarmasy ýaşula ýaramady öýdýän. - Han ogul, sen tüweleme gaty dilewar görünýäñ, mugallym-ha dälsiñ-dä?! - diýip, ýaşuly meniñ goñşyma ýüzlendi. Pälwanyñ bolsa ýeñse damary ekskowatoryñ trosy ýaly gatady. Sebäbi goñşym okuw diýen zady ýek ýigrenýär. Ol birinji klasy hem gaýybana gutardy diýsek ýalñyş bolmasa gerek. "Wedomosta gol çekip, kesgitli aýlyga dañylan günüm meniñ barmaklarymy çataýyñ" diýip, Pälwan hemişe pañkaryp gürlärdi. Hawa, onsoñ ýañky ýaşulynyñ sowalyna Pälwan şeýle jogap berdi. - Ýaşuly, düşün, eger men mugallym bolan bolsam, Amyderýanyñ köprüsiniñ üstünden başşak suwa oklap, gark bolup öläýerin. Ýaşuly bu jogaba bir geñsi boldy. Emma syr bildirmedi. - Bagyşla, han ogul. Eger sen mugallym bolmasañ, megerem, lektorsyñ?! - Ýaşuly, eger men lektor bolsam, onda Kaspi deñzi näme işleýär. Krasnowodskä baraga-da, Bakuwa gitjek diýen kişi bolup, parahoda bilet alaryn. Şeýdibem ugraryn. Parahod Kaspi deñziniñ orta çenine, iñ çuñ ýerine ýeterem weli, ýüzümi garañka tutup, başşak jülp ederin. Gündiz gark boljak bolsañ adamlar görüp, halas edýärler - diýip, Pälwan pañk çyny bilen aýtdy. - Be, çen edişim ýaly bolmad-ow. Ýalñyşmasam, sen žurnalistsiñ - diýip, ýaşuly müýnürgedi. Şondan soñ Pälwan pañk gap-gaç goýulýan böwürdäki suwly bedrä elini uzadyp: - Ýaşuly, arkaýyn bolaý, eger men žurnalist bolsam hol suwly bedre oýnamaga goýlandyr öýdýäñmi - diýdi. - Kellämi suw sokaga-da kaput bolaýaryn. Pälwan pañk şeýle diýip, ýerinde turdy-da, suwly bedrä tarap entirekläp ugrady. Ýaşuly howpurgap başlady. - Men gideýin, hoş, sag oturyñ - diýip, myhmanym köwşüni geýmäge durdy. - Mommy aga, otursana - diýdim. Myhmanym: - Aý, men gaýdaýyn, otüki, bu ýigidiñ ganyna bir galmaýyn - diýip, Mommy aga zut göterdi ökjäni. - Dogry-da, walla, mugallymmyñ, lektormyñ, žurnalistmiñ diýip, adamyñ göwnüne degýär - diýip, Pälwan pañk hüñürdedi. Onuñ ýaşulydan nägile bolmaga haky bardy. Çünki Pälwan pañk düşewündi az diýip, etçilik kärini taşlap, awtozaprawka stansiýasyna geçipdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |