16:32 Göwreli türkmen gelniniň synasyndan çykan owaz | |
GÖWRELI TÜRKMEN GELNINIŇ SYNASYNDAN ÇYKAN OWAZ
Goşgular
Görjegim görgi bolsa, Etjegim bergi bolsa, Ýuwutjagym mergi bolsa, Depämde gyrgy bolsa, Näme etjekdiň, eje jan, Meni dünýä getirip?! Gaýrat et-de, dyn menden, Dogurmankaň ýitirip. Öňi-soňy ýanjagym Dowzahyň ody bolsa, Iň mes günüm iýjegim Sogandyr kädi bolsa, Müň ýalbarýan, eje jan, Meni gorpa iterme! Diri dogurjak bolup, Mundan artyk göterme! Azmy öňki gedaýlar, Ýene birin getirme! Soň emme diýp çyrlamda Ahmyr edip oturma! Öň zordan gezip ýörsüň, Galan ömrüň ýitirme! Millet gul ýaly bolsa, Bir baýyň maly bolsa, Türmeler doly bolsa, Söýjegim loly bolsa, Eje, meni synaňda Dokuz aýlap saklama! Meni öz eliň bilen It öňüne oklama! Birden diri dogaýsam, Käbäm, boýnumy sogur Ýa git-de başyň alyp, Başga bir ýurtda dogur! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |