22:34 Göwün topukçalary | |
GÖWÜN TOPUKÇALARY
Sözler
ÖMÜR KITABYM Maňlaý — ömür kitaby. Haktagala şapbat deýin maňlaýa müň danyşmentiň, müň pähimdaryň, müň ýazyjynyň müň kitabyna sygmajak ykbaly gasyn bilen ýazypdyr. Çar ýaňyň Haktagalanyň ýazan täsin kitaplary. Käsi gyzykly, käsi gyzyksyz, käsi galyň, käsi ýuka, käsi gara, käsi ak. Eý, Beýik Allam! Eçilen maňlaýyňdan — ömür romanyňdan müň keren razydyryn. Otuz sekiz ýaşap, ömür kitabymyň otuz sekiz sahypasyny okap, men bu dünýä, ömür kitabyma juda imrindim, eý, Beýik Allam! Adam bende ömür kitabyna ýaşy durugyşyp, maňlaýyndaky gasynlar — ömür kitabynyň setirleri görnüp ugransoň has imrinjek eken. Ömür kitaby sahypasaýyn gyzykly, täsirli. Kitabyň soňuna çykasyň, bar zady bilesiň gelýär. Ýöne ony diňe özüň okap bilýärsiň, eý, Beýik Allam! Meniň galyň kitap okasym gelýär, eý, Beýik Allam! KIME GIŇ, KIME DAR DÜNÝÄ Haktagalanyň sygan giň dünýäsine bendesi sygman ýör. KARZ SORAMALY BOLMASYN Şeýle bir kişiler bar. Egniňdäki penjegiňi sypyryp alyp, özüňe on esse gymmat bahadan satjak bolup durlar. Ogurladan köwşüňi satyn alyp bolýandygyna şükür. Eý, Beýik Allam! Seniň beýikde ýaşaýanlygyň gowy zat! Adamlaryň arasynda ýaşasaň, baý-bow, seni aldap, jüt galdyrarlar. Onsoň, öz bendeleriňden karz sorap ýörmeli bolardyň! ŞÜKÜR Asyrlarboýy Deňlik diýen söz ähli jemgyýetde baýdak, şygar bolup geldi. Gowy manyny gerdenine mündüren sözüň aňkasyny aşyrdylar: deňlik diýen söze dulanyp, gör, näçe-näçe galp işler edildi. Gör, näçe-näçe galp işler edilýär. Men Deňlik däldigime begenýärin. Asyrlarboýy hakykat diýen aňlatma ähli jemgyýetde baýdak, şygar bolup geldi. Gowy manyny gerdenine münderen sözüň aňkasyny aşyrdylar: hakykat diýen söze dulanyp, gör, näçe-näçe erbet işler edildi. Gör, näçe-näçe erbet işler ediläýr. Men hakykat däldigime begenýärin. Meni deňlik bolmaly diýip entetdiler. Meni deňlik üçin diýip kemsitdiler. Meni hakykatdan gaçyp gitjek ýeriň bolmaz diýip entetdiler. Meni hakykatyň hatyrasy üçin diýip kemsitdiler. Deňlik üçin, hakykat üçin diýip meni durmuş otlusyndan alyp galdylar. Galan ýeke men däl ekenim. Ýüzi persala edilen Deňligem, hakykatam tanar ýaly däl. GYSGANÇ Baý kişi bir garry garyp naçara kömek etjekdigini özünden başga ähli kişä buşlap çykdy. Onuň bu işini unadylar, öwdüler. «Tüýs är kişiniň etjek işi» diýdiler. Bu söze baý kişiden başga ähli kişi ynandy. Gazetlere ýazdylar, radioda aýtdylar. Haýyr-sahawat işlerini edýändigi üçin döwlet oňa millionlap pul eçildi. Pul berjek diýip gazanç edip, abraý gazanyp bolýandygyny garry garyp naçar näbilsin. Ol umydygärlik bilen baý kişiniň huzuryna bardy. Baý kişi janykdy: — Hudaýyň bermedik bendesine men näme üçin bereýin?! AMANAT Haktagala adama wagtlaýyn ömür-jan berýär. Amanat jan bilen Adam beýikden beýik işleri bitirýär. Onuň mertligi, batyrlygy hakda tükeniksiz wakalar, rowaýatlar ýaşap ýör. Adam hernäçe mert, batyr hem bolsa, bir zat babatda ýöwsel: Beýik Allatagaladan nesýe alan janyny onuň teý beresi gelenok. Onsoň, adamyň käte ýoldaşyndan alan karz puluny wagty bilen bermeýşini gaty görüp, geň görüp oturasy iş ýok. ARZUWYM Hiç zatdan nägile bolmaly däl. Nägileligiň bitirýän goşunyň ýoklugy üçin däl. Ýok, Beýik Allatagalanyň saňa eçilen ýazgydynyň şeýleräkdigi üçin hiç zatdan nägile bolmaly däl. Allatagala bizi üýtgedip gurmak, durgunlyk, gytçylyk, gymmatçylyk döwrüne dözüpdir. Allatagala şu döwürde ýaşamagy bize rowa gören bolsa, biz şu döwre mynasyp adamlardyrys. Her demime şükür edýärin. Ýöne otuz sekiz ýaşyma çenli bergisiz geçen günüm bolmady. Otuz sekiz ýyl geçdi. Bergili geçdi. Bar arzuwym diňe bir bergi bilen — Beýik Allatagala amanat jan bergisi bilen ýaşamak. Hernä Hudaý şol günlere ýetirsin! Hemmäni ýetirsiň! MENIŇ ÖMRÜM KIMDE?! Otuz sekiz ýaşap men ömrümi isleýşim ýaly, arzuw edişim ýaly ýaşap bilmedim. Eý, meniň arzuw edip ýetip bilmedik eziz ömrüm! Sen nirede?! Seni ýaşap biljek adamy juda göresim gelýär. Sen ýaşalman bu panydan ötägitmersiň ahyryn. Seni — meniň jandan eziz söýgüli ömrümi haýsydyr bagty çüwen ýaşar. Men seni ýaşap bilmedim, söýen, köýen ömrüm. Meniňki çüwmedi: Eliýukalyk. Ýekelik. Maşgala endişesi. Durmuşyň batly akymynda gowy ýüzmegi başarmazlyk. Arkasyzlyk. Bularyň bary agzyny bir edip, garşyma çykdylar, ýykdylar, eý, meniň arzuw edip ýaşap bilmedik ömrüm! Men saňa ýetip bilmän, başga bir ýöntemje ömri ýaşamaly boldum, eý, meniň eziz ömrüm! Men häzirki ýaşaşýan ömrümi näletlämok, ýüregim diňe sen diýip urýar, seni söýýän, her dem ýatlaýan, eý meniň arzuw edip ýetip bilmedik ömrüm. Men başga biriniň ömrüni ýaşaýan. Belki, meniň ýaşaýan ömrüm hem kimdir biriniň arzuw edip ýetip bilmedik ömrüdir. Bu ömür juda ýygra, ýaýal. Ol batyrgaý gürrüň etjek bolmaýar, eden-etdilikleri görmezlige salýar. Sen maňa degme, menem saňa degmäýin diýýär ol. Eý, Beýik Allam! Şu ömri eçileniňe şükür. Ýöne men nirede? Haýsy är kişi haýsy ýerde meniň aňymdaky gül ýalak ömrümi ýaşaýar?! Meniň oňa gözüm gidýär. ÇATRYK Çar ýanym ajal. Men olaryň arasynda ýaşaýaryn. Olara şeýle bir öwrenişipdirin, olara öwrenişişim ýaly, aýalyma-da öwrenişip bilemok. Ajal hem maňa juda öwrenişipdir. Maňa azar berjek bolup duranok. Ýogsam, ol pylan zat üstüne gaçdy diýibem, pylan zady iýdi diýibem, pylan kesel tutdy diýibem, atdanlykda ýaşaýan jaýyndan — dördünji gatdan ýykyldy diýibem alyp biljek. Dünýädäki iň kän zadyň nämedigini kim bilmeýär?! Men aýdaýyn: dünýädäki iň kän zat ajalyň bahanasy. Islese, onuň gelmesi kyn däl. Oňa gapydan gelmegem hökman däl. Ol öýüňe islän ýerinden girip bilýär. Uçup bilýär, ýüzüp bilýär, ýakyp bilýär, ýanyp bilýär. Iň köp başarnygy Beýik Allatagala ajala eçilipdir. Men ajaldan her hili ýollar bilen sypyp, otuz sekiz ýaşa ýetdim. Öňüm çatryk. Wazlaşyp gelen birgiden ajal swetoforyň gyzyl yşygyny görüp saklandy. Ajallar maňa ýene ýol berdi. Çatrykdan geçdim, ajallar wazlaşyp ýene ugradylar. Eý, Beýik Allam! Çatrykdan öz bendäňi geçireweri! AŽDARHA Köne döwürde aždarhalar ertekilerde ýaşaýardy. Ile agyr sütemler edýärdi. Il aždarhanyň talabyna kaýyl bolup, owkatlyk üçin gözel-gözel gyzlaryny bermeli bolýardylar. Ol rehimsiz aždarha näçe iýse-de doýmaýardy. Ertekide hezil: bir är kişi tapylyp zalym aždarhanyň janyny jähennemiň dik düýbüne iberýärdi. Soňky döwürde kitap köp okalmandan soň, aždarhalar ümsüm eplenişip ýatybermän, ertekilerden göni çykyp, dumly-duşa ýaýradylar. Gara reňkli aždarhalar dünýäň ähli ýerine ýaýrapdyrlar. Olar ertekilerdäki adyny üýtgedipdirler. Özlerine «asfalt» diýip, ýönekeýje at alypdyrlar. Asfalt adyny alan aždarhalar her oba, her şähere salgyt salyp, ne gözel ýigitleri ýuwudyp durlar. Ertekilerdäki aždarhalar asfalt aždarhalardan ynsaply eken. Hiç doýdum-doldumy ýok bularyň. «Ajal ýola çykdy» diýýär adamlar. Ajal däl, aždarha ol. 1992 ý. ENE ÝER Ene ýer juda beýik. Ol daglardanam beýik. Gar ýagdy. Gije-gündiz dynman ýagdy. Hemme ýer — depelerem, daglaram, sähra-da, peslikdir çöketliklerem ak. Hoşroý adam ýaly ýylgyrjaklap görnen Gün, ilki bilen, daglaryň üstündäki garlary däl-de, zeminiň üstündäki garlary «süpürmäge» başlady. Daglaryň üstüniň garynyň tomsuň tüp yssysynda-da şo-ol bir eräp bilmän durşy. Ene ýer juda beýik. Ol daglardanam beýik. SÄHRA Baharda bulutlar başly-barat göçüp geldiler. Nirelerdendir bir ýerlerden haltalaryny dolduryp getiren gyrymsy otlarynyň tohumyny sähra gaýgyrman sepdiler. Baý, köp sepdiler-ä! Otlar derrew gögerdi. Hemme ýer gül-gunça, göm-gök. Sähra owadan! Ol durmuşyň özi ýaly owadan. HARASAT Asmanyň ýüzi sargylt reňke boýaldy. Demirgazykdan tüweleý turzup ýel geldi. Ol şuwlap küren obany tozana gabsady. Güýçli harasat obanyň adamlarynyň telekeçilligini mizana goýýan ýalydy: çamanrak adamyň eden işini tozdurdy, harsal goýlan zatlary uçuryp, allowarra äkitdi. Berk basylmadyk bedeleri giň meýdana sepeläp goýberdi. Käbir jaýlaryň şiferlerini hem alaşakyrdy edip gopardy. Serlip goýlan geýimleri galgadyp aldy gitdi. Adamlar bu gopan harasada hopukdylar. «Ýel soňy ýagyş» diýipdirler» diýşip, ýagşyň ýagmagyna garaşdylar. Ýöne ýagyş harasadyň gopan, garaşylan ýerine däl-de, goňşy obanyň üstüne baryp sil bolup indi... GANAT «At — adamyň ganaty». Şeý diýipdir gojalar. Şol ganat adamy giň jahana aýlapdyr, onuň göwnüni göterip, ýaşaýşa hyruç beripdir. Owadan ganatlar. Wepadar ganatlar. Eýesini alys-alys menzillere aşyran, magşuk gyzy öz ýaryna gowşuran ganatlar. Duşmany aňk eden, toba getiren ganatlar. Garra tekge beren ganatlar. Çagalaryň düýşüne giren ganatlar. Güne meňzedilen ganatlar... Adamlar atsyz durmuşy göz öňüne getirmediler, şonsuz ýaşaýyş bolmaz öýtdüler. Bolçulyk. Tehnika. Bu gün adamlar ganatsyzam oňup ýörler. ÝAGYŞ Baharda tebigat däli-porhan boldy: aram-aram zeminiň üstüne topbak-topbak gara bulutlar abandy. Gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Uzak salym geçmänkä hem zemini suw-sil edip, ýagyş ýagmaga başlady. Adamlar ýagşyň aşagynda galmazlyk üçin, pena ýere ylgadylar. Ýagyş günde-günaşa ýagyp dursa-da, ony geňlän adam bolmady. Ony bolaýmaly zat hasapladylar. ...Tomusda tebigat bahardaky bolşuny gaýtalady. Gök gürläp, ýagyş ýagmaga durdy. Onuň ahmyry bar ýalydy... Bu günki ýagşy hemmeler geňledi: soň-soňlaram tebigatyň bu bolşuny ýatladylar ýördüler. PYŞBAGA Güýzüň başlarynda çäge ýorganyny üstüne çekip, pyşbaga süýji uka gitdi. Ýöne alabaharda — ýere ýyly girende oýandy. Ýaltalyk bilen ýokaryk çykdy. Muny gören zemzen haşyldap, onuň üstüne towusdy. Pyşbaganyň çykan ýerini köwläp, kiçeňräk ýumurtga çykardy. Ony ýuwutmaga ýetişmänkä, kepjebaş onuň üstüne abandy. Pyşbaga aýaklaryny içine ýygryp, kellesini çala çykaryp, öz ýumurtgasy üçin dawa edýän ýylan bilen zemzene seredýärdi. Olaryň çaltrak giderine, çykarylan ýumurtgasyny çägä süsdürmäge howlugýardy. Zemzen ýylany kowjak bolup guýrugyny tarpyldadýardy, haşşyldaýardy. Kepjebaş hem yza teserli däldi. Ol kellesini ýokaryk galdyryp, haçja dilini zuw-zuw çykaryp haýbat atdy. Ol birek-birege haýbat atyp durmagyň uzaga çekmegini islemän, zemzeniň ganakaryna hylç etdirip, agyz saldy. Yza çekilip hüjüme häzirlendi. Zemzen yzasyna çydap bilmän, ikiýana urundy. Ýylanyň çakan ýerine agyz ýetirmäge çalyşdy. Kem-kemden ysgyndan gaçyp, entirekledi, beýleräkde ýaňy ýerden saýlanan ýüzärlige kepjebaşyň çakan ýerini terslin-oňlyn süýkäp, birneme özüni tutdy. Ýene garşydaşyna tarap okduryldy. Kepjebaşyň ýerden saýlanyp duran ýerine agyz saldy. Çakmak üçin ýylan kellesini aşak uzadanda, zemzen çaltlyk bilen onuň kellesine-de agyz saldy. Kellesi çeýnelen kepjebaş janhowluna ikibaka urundy. Onuň hereketleri kem-kem haýallady. Soň ol-da galdy. Gyssanmaçlykda endamyndan ýylanyň zäherini doly aýryp ýetişmedik zemzen hem pyşbaganyň ýumurtgasynyň ýanynda jan berdi. Ýylanyň çakan ýerinden onuň sary içegeleri görnüp durdy. Oýa ümsümlik aralaşandan soň, pyşbaga ýumurtgasynyň ýanyna bardy. Ony ysgaşdyrdy-da, ýene çägä süsdürdi. Oýda pyşbaganyň ýumurtgasynyň üstünde oňuşmadyk ýylan bilen zemzen dem-düýtsüz ýatyrdy. Pyşbaga haýallyk bilen depä çykyp barýardy. GÜJÜKLI GEZELENÇ Hana, bir adam, gör, nämeleri serinde aýlap, başyny aşak salyp, ýuwaşja ýöräp barýar. Bir zenan ýumruk ýalyjak güjügini gujagyna alyp öýünden çykdy-da, ony ýere goýberdi. Güjüjek topulyp, «jöw-jöwläp» başyny aşak salyp, oýlanyp barýan adamyň zähresini ýardy. — Serdarym, Serdarym — diýip, zenan onuň yzyndan gygyrdy. Serdar eýesi çagyrsa-da, jöw-jöwlemesini goýman, alagalmagal etdi. — Siz gorkmaň, ol ýarmaz. — Zenan aljyraňňy adamy köşeşdirmäge çalyşdy. Soňam güjügine ýüzlendi: — Serdarym, sen beýle bolşy nireden öwrenip ýörsüň? Güjüjek hil bir iş eden ýaly, guýrujagyny oýnadyp, eýesiniň ýanyna bardy. Eýesi ony gujaklady, ogşady. — Topulyşy-ha düýt-müýt etjege meňzeýär — diýip, ol adam çalaja ýylgyrdy. Öňde epeý bir kişi kiçijik güjüginiň boýnundan dakylan ýüpden tutup barýar. Güjük nirä gitse, epeý kişi hem şol tarapa gidýär. Hana, bir daýaw, ýolbaşçydygy bildirip duran: garynlak, ýylçyr kelleli bir adam güjügini gujaklap otyr. Güjügi bolsa, uly ala köpege seredip üýrýär. ...Şäherde mährem-mährem eýeli güjükler soňky döwürde juda köpelipdir. GIJE Bahar. Ol adamlaryň ýüreklerinde ornapdyr. Bu gün adamlar töweregini synlap oturan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyna ýygnandylar. Şowhun-şagalaň. Bahar ýüzli adamlar. Adamlaryň öňüne çykyp, Magtymgulynyň gapdalynda durup, şahyrlar goşgy okamaga başladylar. Baharyň tebigata jan, daragtlara boý berýändigi, şol daragtlardan hem kagyz öndürilýändigi gowulyk. Juda gowulyk. Şahyrlaryň hersiniň elinde baharyň «peşgeşi» bar. Olar şol «peşgeşlerden» gözlerini aýyrman, adamlara goşgy okap berýärler. Kagyza seretmän goşgy okamak juda kyn bolarly. Hana, bir şahyr baharyň «peşgeşine» seretmän goşgy okamaga başlady. Bolmady, ýalňyşdy. Adamlardan ötünç sorap, jübüsinden kagyzyny çykardy. Kagyzyndan gözüni aýyrman, goşgusyny okady. Gygyryp, joşgun bilen okady. Adamlar gidensoň, hiç kime görünmän, duýdurman, baharyň gara mahmal perenjesini — gijeligi üstüne çekip, bir adam aglady... GALPYŇ GAZANY «Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da goýalmaz» diýdiler. Ýöne şol galpyň gazany-ha indi nijeme ýylyň içidir, bygyr-bygyr gaýnap dur. Onuň uly, owadan gazany bar. Galp her gün töweregine garanjaklap, ilden ogryn et getirip gazanyna salýar. Ýo-o-ok, adamlar ony görýärler, görmedikden bolýarlar. «Sen ogurlyk etdiň» diýip, ýakasyndan tutmasaň, olaryň köpüsi senden müň keren razy. Galpyň gazanynyň daşyna her gün köp adam ýygnanýar. Epeý-epeý kişiler, agras, salykatly kişiler. Uly meýlis guralýar. Şo epeý kişiler öýlerinde etmeýändiklerini galpyň göwni üçin, bol bereketli saçagy üçin etek alty-ýeň ýedi bolup edip ýörler. Ýalandan gülýärler, çakyr gülýärler. Galpyň tarypyny edýärler. Galp gülýär. Keýp edip gülýär. Gatbar-gatbar jaýlary sarsdyryp gülýär. Kä gün galpyň gazany ýuwaşja gaýnaýar. Ody peselýär. Galp başyny aşak salyp oturýar. Ol ýalňyz. Soň ol ýene gazanyna jylka et salýar. Öňkülerindenem köp salýar. Çar ýandan epeý-epeý kişiler ýene gelýärler. Meýlis. Uly meýlis. Gije. Ýene galpyň gülküsi hiç kimi ukladanok. ...Adamlar galpyň baýnamajakdygyny ýatlap, gije ýarpydan agansoň, uka gitdiler. ÄHLIHALK URŞY Atalar, agalar uruşdadylar. Oglanjyklaram gol gowşuryp oturmadylar. Bir ýere üýşüp, «söweşe» girişdiler, uzynly gün faşistler bilen gidişdiler. Ir ertirden giç agşama çenli gidişdiler. Içleri açlykdan ýaňa eljuk berýärdi. Ýöne söweş wagty iýmek-içmegem ýatdan çykýan eken. Bir günüň dowamynda telim faşistiň jany jähennemiň dik düýbüne iberildi. Telim duşman tanklary otlandy, hatardan çykaryldy. Ýesir alynýan duşmanlaram eginlerini ýygryp otyrdy. Elbetde, bu ýeňiş oglanlara atalarynyňkydan, agalarynyňkydan aňsat düşenokdy. Parahat obada ir ertirden başlanýan «söweş» giç agşam üstünlikli tamamlanýardy. Gazanylýan ýeňişler az bolmaýardy. Ýeňiş ululara-da, kiçilere-de ýeňil düşmedi. Esasy zat: ýeňdiler! TOÝDAN SOŇKY TOÝ Uly toý boldy. Toýa gelip-gidenleriň sany-sagajy ýok. Toý gije bir çene baransoň sowuldy. Töwerege imi-salalyk aralaşansoň, ol ýerden, bu ýerden pişikler peýda boldy. Öň-ä beýle bir köpem däldi olar. Pişikler üçinem toý sowlan öýde huruşlyk kän. Gaty kän. Şol känligem dawanyň üstünden eltdi: pişikler biri-birini gabanyşyp ugradylar. Tizdenem alazenzele edişip, uruşmaga girişdiler. Bolçulygyň gohuna ýatanlar tisginişip oýandy. BAKYLYK Soltan Sanjaryň mawzoleýi. Ol öň beýle ýalňyz däldi. Gapdallary durşy bilen ymaratdy. Galady, göräýmäge, ondanam owadan ymaratlar bar ýalydy. Ondan beýik minara bardy. Wagtyň ediberişini! Onuň ýanyndaky şol owadan hasaplanan köşkler ýere garylyp gidipdir. Olaryň diňe kä ýerde yzlary galypdyr. Galanyň uzap gidýän haýaty-da guma garylyp barýar. Soltan Sanjaryň mawzoleýi. Ol seleňläp dur. Ýalňyzlyk. Bakylyk. Hakyky zady, berkligi Wagt şeýdip, şeýleräjik edip ýüze çykarýar. Emma beýle synag üçin Adam ömri juda gysga bolýar. BURKUT BABA WE ÝAGYŞ Bahar pasly depesine bir bölek ak buludy saýa edinip Burkut baba ýatan eken. Birniçe çopan-çoluklar mallaryny sürüp, Burkut babanyň ýanyna baryp: — Babam Burkut, nije gündür asmandan nem damdyraňok, ot-çöpler gurap barýar. Haýwanyň, ynsanyň hakyna ýagşy ýagdyr, çabga guýdur. Adam oglunyň berekedi asmandan gelýär ahyry — diýip, arz edipdirler. Burkut diwana: — Çopanlar, geregiňiz ýagyş-ýagmyr bolsun — diýip, on günläp dynman ýagyş ýagdyrypdyr, dünýä suw-sil bolupdyr. Burkut diwana gögi gümmürdedip, ýyldyrym çakdyryp, çabga ýagdyryşyny dagyň gowagyndan mes bolup synlaýan çagy bir giden daýhan barypdyr: — Burkut baba, haýwanyň, ynsanyň halyna rehim et. Diňdir ýagşyňy-ýagmyryňy! Biziň nije günläp eken ekinimizi guradyp, çüýredip weýran etdiň. Burkut babam, haýwanyň-ynsanyň rysgaly gara ýerden gögerip çykýandyr ahyry — diýipdir. Burkut baba ýagşyny goýduryp: — Birnije adam gelip ýagyş ýagdyr, ynsanyň, haýwanyň rysgaly asmandan gelýändir diýdi, ynha, sizem beý diýip dursuňyz — diýip, adamlardan gaty öýkeläpdir. Şondan bärem ol hiç kime sala salman, hiç kimiň islegini berjaý etmän, özüniň islän çagynda ýagyş ýagdyrýar, islän çagynda doly ýagdyrýar. HALKYŇ IÇINDE BOLMAN, HALKY TANAP BOLMAZ! Duman patyşa oýun-tomaşany, henegi gowy görýän patyşa bolupdyr. Ol gije ýanyna ýakyn janpenasyny alyp, öýlere aýlanar eken, sypatyny üýtgedip, obalara gidip ýurduny öz gözi bilen görüp geler eken. Bir ýola ol köçede ýatan lülgambar dellegi görýär. Ol köşgüne gelip perman berýär, bir salymdan ol dellegi ukusyndan oýarman, patyşanyň aramgähinde ýatyrypdyrlar. Ertesi dellek oýanýar, görse, zerbap geýnen hyzmatkärler goly altyn kündükli goluny ýuwdurýarmyş. Wezirleri, wekilleri aý berip durşuna «Sag-aman ördüňizmi, soltanymyz» diýýärmiş. Oňa çaý hem nahar çekýärler, başy agyryp duran dellek: — Men kim? — diýip soraýar. — Sen patyşa, tagsyr! — Men patyşa bolýan bolsam, owarra ediň çaý-çöregiňizi! Ony maňa heleýim hem berýär, maňa meý getiriň! Dessine tylla jürdekde meý getirýärler. Dellek içip görýär weli, asyl ozal içip gören meýi dälmiş. Ol meýden kellesini durlap, keýpini tirleýär. Weziri oňa: — Şahym, gulluk, näme permanyňyz bolsa, aýdyberiň — diýipdir. Dellek bir salym oýlanyp, mürzä ýaz diýipdir: — Murty tabanyndan soň sakgalyny syrmadyk, pygamber ýaşyna çenli sakgalyny syrdyrmadyk her bir erkek kişä gününe bir tümen jerime! Kim sakgal goýberse, müň tümen jerime! Jerimeler şäher dellegine tölenmeli — diýip, perman ýazdyrypdyr. Duman şa şeýdip bir gün serhoş ädikçini, ýene bir gün serhoş hekimi, ýene bir gün serhoş çopany häkim edip, synap görüpdir. Serhoş hekimiň ilkinji permany saglyk hakda, ädikçiniň permany ädik hakda bolupdyr. Şonda Duman şa: — Atamyz Oguz han: akylly hem asylzada patyşa bir gün daýhan, bir gün çopan, ýene bir gün balykçy, ýene bir gün awçy, ýene bir gün nöker bolup görmelidir diýgen gepi rast eken. Eger men dellek bilen şu henegi etmedik bolsam, dellekleriň çöregi kandan tapýandygy hakda oýlanmazdymam — diýipdir. Her bir patyşa öz raýatlarynyň näme bilen dem alýandygyny, näme kemçilikleriniň bardygyny edil özüni bilşi ýaly bilmelidir. Şa bolsaň, halkyňy Gün kibi çoýmak parzyňdyr! GÖZELLIK NYŞANY Günlerde bir gün awçynyň okundan soňky deminde sypan keýijek dünýäden nadyl bolup, ykbalyndan nalap, gara daglara tarap ugrapdyr. Iki-üç jülge geçeninden soň, oňa bir ýagşyzada duş gelipdir. Ol: — Taňrynyň arzylan janawary, keýijek, niräk barýarsyň? — diýip sorapdyr. Keýijek: — Taňrynyň ýanyna barýan: men tilkidenem, möjekdenem, gaplaňdanam, şirdenem, ynsandanam gaçyp ýörmeli. Ne mende öküziňki ýaly şah bar, ne wagşy möjegiňki ýaly azy bar, ne piliňki ýaly holtum bar, duşmanyma garşy göreşer ýaly. Dünýä maňa duşman, men diňe gaçyp ýörmeli. Taňry meni ýaşa diýip ýaradan bolsa, maňa ýaşar ýaly şert döretsin, şony aýdaýyn diýip barýan — diýipdir. Ýagşyzada onuň endamyndan sypalap, ýüzüne, gözüne mähir bilen seredip: — Keýijek, buýnuz şahyňa döneýin, keýijek, sen bi jennet jülgeli daglaryň, sähralaryň ýaraşygy. Seniň gözleriň behişdi gözelleriň gözlerinden ýüz keren owadan. Ynsan-u-haýwan seni görse, ýüregi ornundan gopar, seni gören aşyk bolar, görmedik seniň görküňe geda bolar. Taňry saňa dünýäniň gözelliginiň ählisini berendir — diýip, keýijegi wasp edip, göwünlik beripdir. — Meniň dünýä gözelliginiň şasydygymy kim bilýär? — Ýagşyzada bilýär! Adam ogullary ýagşyzadalyga ýetişeninde sen dünýä gözelliginiň şasy bolar sen! — Olar haçan ýagşyzada boljak, haçan men gözellige şa boljak? — Başa täç geýip şa bolmak üçin kanagat, sabyr-karar gerekdir, keýijek — diýip, ýagşyzada aýdypdyr. Keýijekler ýagşyzadanyň aşyk bolan janawarydyr. Adam ogly ýagşyzada çykýança, gözellikden doly lezzet alyp bilmez. BURKUT BABANYŇ RÜSTEMLIGI Gadymy edebi mirasymyzy öwrenýän alymlaryň, etnograflaryň kitaplarynda hem gabat gelýänsiňiz. Durmuşda ýaşuly adamlaryň agzyndan hem köp eşitdim. Burkut baba bilen Musa pygamber ikisi bile gelýän rowaýat türkmen halkynyň arasynda gaty köp duşýar. Meger, ol türkmenleriň musaýylar ýaly, gadymy halk bolandygyndan bolsa gerek. Bir ýola Musa pygamber obanyň gyrasy bilen geçip barýar eken. Şonda bir täjir kişi ýola çykyp Musa pygamber bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşýar, nireden gelip, nirä barýanyny soraýar. Musa pygamber Taňrynyň huzuryna barýandygyny aýdypdyr weli, täjir: — Sen Taňrynyň pygamberi, Taňrynyň ýanyna barýan bolsaň, maňa oruntutar ogul dile, men sadaka bermeli bolsa, sadaka bereýin diýen. Musa Taňrynyň huzurynda bolup, gepiň gerdişine görä, täjiriň arzyny hem Taňra aýdýar. Taňry çürt-kesik: — Pylan täjir ogulsyz-gyzsyz ötmeli, onuň takdyry şeýle — diýipdir. Täjir sadaka beripdir, Musa oňa Taňry bilen bolan gürrüňi aýdypdyr. Täjir gaty gynanypdyr. Ýene günleriň bir güni onuň öýüniň deňinden Burkut diwana geçip barýarmyş. Täjir onuň bilenem salam-helik edýär, ondan nirä barýanyny soraýar. Burkut diwana Taňrynyň ýanyna barýandygyny aýdypdyr. — Burkut baba, Taňrynyň ýanyna barýan bolsaň, maňa-da bir ogul dilesene, Musa pygamber-ä bu dilegimi başarmady — diýipdir. Burkut diwana Taňrynyň ýanyna baryp, öz işlerini bitirip: — Taňrym, pylan täjir menden haýyş etdi, oňa bir ogul, ýok, iki ogul, ýok, bölüp-biçip oturma-da, ýedi ogul ber — diýipdir. Taňry oňa-da: — Burkut diwana, pylan täjir ogulsyz-gyzsyz ötmeli — diýipdir. Burkut diwana bolsa gaýta: — Ýok, pylan täjire bir ogul däl, üç ogul, ýok, bäş ogul, bolanyna görä, azmy sende, ýedi ogul ber! — Oňa ogul-gyz bolmaýar! — Ol näme diýip bolmaýar! Pylan täjire bolmaýan eken, men seniň Burkut diwanaň ahyry, meniň hatyram üçin berip bolmaýarmy, sen oňa ýedi sany ogul ber! Seniň eliňden gelmeýän zat barmy näme! Rast, eliňden gelýär, bendäňi geçer dünýäde begendirip goýber. Goý, bagtyna — ogul-gyzyna guwanyp ýaşasyn. Aýlar, ýyllar ötüpdir. Bir gün garran Musa şol täjiriň öýüniň duşundan geçip barýarmyş. Görse, täjiriň öýüniň daşy jagyl-da-jugulmyş. Ol täjiri ýanyna çagyryp soraýar. Täjir: — Bular meniň ogullarym. Bulary Hudaýdan Burkut diwana sorap alyp berdi — diýipdir. Pygamber halyna dilegi bitmändigine, bir diwanaça bolmandygyna hum ýaly çişip, Musa pygamber barýar Taňrynyň huzuryna: — Aý, Taňrym, men seniň pygamberiň, men pylan täjire ýekeje ogul diledim, sen ol perzentsiz ötmeli diýip, ýekeje ogul hem bermediň. Ol diwanaň Burkut gelip diläninde bolsa, ol täjire bir-ä däl, ýedi ogul berip goýberipsiň. Munyň adalatsyzlyk bolýar — diýip, nadyllygyny aýdypdyr. Taňry: — Sen pygamber mysapyrlygyny edip, ýekeje ogul dilediň. Men bermedim, çünki ol täjir, hakykatdanam, perzentsiz ötmelidi. Emma Burkut diwana gelip: «Sen şol täjire bir däl, ýedi ogul berersiň» diýip talap edip dur, sapanyna daş salyp» diýip, jogap beripdir. Oguzlarda Burkut diwanadan geçen dälilik bar-da. Oguzlar özüni tutuşlygyna Watana bagyşlan (pidaýy, ýaponlarda samuraý) ýigitlere däliler diýip at berer ekenler! Däli Domrul, Däli Garçar, Däli Mätel ýaly däliler dessanlarymyzda hem saklanyp galypdyr. Dilegiň bitmese, talap hem etmeli, ýöne arzuwyňa ýetmek üçin ymtylmak gerek. Ruhubelentlik — bahar sili mysalydyr. Joşgunlylykda, ruhuň belentkä edilýän haýyr-yhsanyň hem köp bolýar. Joşgunly, ruhubelent kişileriň ýok zatlaryna-da ýok diýesiň gelenok, olaryň ýumşuny bitirip goýberesiň gelýär. JAN SÖWDASY Gadym zamanda şeýle bir husyt bar eken, Genjim beg dagy onuň ýanynda tarhandöker jomart eken. Ezraýyl gelip: — Pylany husyt, men seniň janyňy aljak — diýen. — Geregiň jan bolsun, ýüz ýetmiş müň tyllany goý-da, al janymy! — Mende tylla näme işleýär! Men jany şeýle alýan! — Ýok, Ezraýyl han, men Taňrynyň beren janyny saňa mura-mugt berip goýbermeýän! Bu jany maňa Taňry berdi! Ezraýyl wakany Taňra aýan edýär. Taňry: — Ezraýyl, heý, husytdan sen sorap zat alyp bilermiň? Sorapsyň, olam nyrhyny aýdypdyr. Indi, onuň diýen puluny ber-de, razy edip, soňra al janyny! — diýipdir. MÄHRIBAN BOLALYŇ! Ejesini emip ýatan torsuk ýaly ak bäbejik üçin ene süýdünden tagamly zat bolup bilmez! Ene üçin öz eziz balasyndan eziz zat bolup bilmez! Ene öz balasy üçin arkaýyn ölüme gidip bilýär! Ýaş ýigit üçin söýgüli gyzyndan eziz hiç zat ýokdur, ol söýýän gözelini asmanyň hüýri bilip ölüp-de biler, öldürip-de! Dogana dogandan mähriban zat bolup bilmez! Geliň, dogan bolalyň. Geliň, birek-birege mähriban bolalyň! Bu dünýäniň eşreti, many-lezzeti mähribanlykdadyr. AZAPSYZ HASYL ÝOK Daýhan öküzdir ýabysyna azalyny goşup, ýeri terslin-oňlyn sürýär. Soňra tohum atyp malalaýar. Ondan soň keş çekip, suw berýär. Dana kitaplary okaň, ylymdar kitaplary okaň, goý, kitaplardaky setirler gözüňiziň içinden azal kimin geçip, beýniňizi azal kimin sürüp çyksyn. Ynha, şondan soň ol beýnide öz pikiriňiz gögerip çykar, eger ony duýgular bilen suwarmagyň hötdesinden gelseňiz, ol beýniden ajaýyp pikirler gögerip çykar. BAGRY BADAŞANLYK Ýylandan sorapdyrlar: — Sen ne beýle owadan? Endam-janyňa salnan keşdeleri görmäge göz grek? — Men Ýeriň ýeke-täk perzendi. Men haýwanlar, ynsanlar ýaly ýeriň üstünde iki aýagymda ýöremeýärin. Men mähriban ýere bagrymy oýkap-oýkap, her demde ýeriň mährini, ýylysyny duýýaryn. Men gijeler ýatanymda düşegiň üstünde ýatman, ýeriň gursagyna girip, ýüregine baryp güýlünip, çörejik ýaly bolup ýeriň mährine meýmiräp ýatýaryn. Onsoň, ýer bilen bagry badaşan ýylan owadan bolman, kim owadan bolsun — diýip jogap beripdir. — Ýeriň perzendi bolsaň, owurdyňy dolduryp zäher götermäň näme? — Ol nadan üçin zäher, dana üçin däri-dermandir — diýip, ýylan aýdypdyr. ÝAŞAÝŞYŇ MÜŇ BIR TAGAMY Dünýäde alty milliard adam ýaşaýar. Yslam, musulmanlar, hristianlar we iudeýler dünýäniň giň ýerinde ýaşap: «Pylan zat halal, pylal zat haram» diýip ýaşaýyş ölçegini döredipdirler. Emma dünýäniň köp halklary asmandan uçýanlaryň ganatlysyny-ganatsyzyny, ýerde ýaşaýan jandarlaryň aýaklysyny, süýrenjisini, süýrenmeýänini, tüýlüsini, tüýsüzini, suwda ýüzýän jandarlaryň ählisini iýýär. Allatagala her bir zada aýratyn tagam beripdir. Her bir janly-jandaryň, ösümligiň, nazy-nygmatyň özüne muwapyk tagamy bar. Tagamlaryň hemmesi-de datly, süýji! Ýöräninde aýak sesinden ýarylýan ter waharmanyň süýjüligini, heý, deňär ýaly zat barmy? Ol süýjüligi bilen diliňi ýara edýär! Waharman — diýeniňden, bütin endamyňa waharmanyň dady ýaýrap gidýär! Kekreden-de ajy gyzylburçuň näme tagamy bar diýersiňiz! Bardyr, bardyr, gyzyl burçuň dadyna öwrenen adamlar gyzylburç bolmasa, nahar hem iýip bilmeýär ahyry! Dünýäde million jandar bolsa, şolaryň hersiniň öz tagamy bar! Dünýäde million hili nazy-nygmat bar bolsa, olaryň her biriniň öz aýratyn tagamy bar! Bularyň ählisi jemlenip, ýaşaýşyň tagamy bolýar! Bir tagam kem bolsa, ynsan ýaşaýşynyň bir tagamy kemelýär. ŞIRIN JANYŇ TAGAMY Bir çopan çebşini soýaga-da bagyr-böwregini şara-şura edip iýip otyrka, Allanyň gudraty bilen, soýlan çebiş geläýýär boýnunyň ganyny sarkdyryp. Ol çopana seredip: — Nähili, iýýän naharyň datlymy? — diýýär. — Örän süýji, aýdyp diýip baha berip bolar ýaly däl, örän süýji! — Sebäbi ol meniň şirin janym-da! — diýip, çebiş aýdypdyr. GELJEGIŇ GAPYSY Biz beýnimizi toprak deý sürüp, ondan pikir-paýhas hasylyny alýarys. Emma topragyň üstünde ýatan baýlykdan müň esse uly baýlyk topragyň astynda ýatyr ahyry! Biziň tapýan dana pikirlerimiz beýniniň ýokarky bölüminiň önümi. Esasy uly, düşünip bolmaýan baýlyk bolsa beýniniň astynda ýatyr. Ylym oňa «AŇASTY AŇ» diýýär. Adam million ýyl dünýäde ýaşan bolsa million ýyl bäri beýniniň ýokarsyny kämilleşdirmek bilen çäklenýär! Aňasty aňy kämilleşdirmegiň eýýamy geldi. Aňasty aňyň kömegi bilen Adam özüne golaýlap gelýän howpy, keselçiligi, bagty, şatlygy öňünden duýup bilýär. Aňasty aň arkaly adam müň ýyl mundan ozal bolan wakany hem, müň ýyl mundan soň boljak wakany hem, dünýäniň ol başynda boljak wakanam öňünden bilip biler! Aňasty aňyň gapysyny açmak — dünýä pynhanlyklaryna, geçmişe hem geljege, ýedi gat zemine hem ýedi gat asmana açylan gapydyr! 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |