GOÝBER ÝAKANY
Açlygymdan surnugyp, gözüm garañkyrap, bir naharhana bardym. Näçinji naharhanadygymam okap bilmedim. Garna bir zat atmasam, gözlem ownuk-uşak haty saýgarybam duranok. Ýöne burnum welin gowy işleýärdi. Naharlañ ysy janyñy alyp barýa. Her tagamyñ ysyny aýry-aýry duýýan. Naharhanañ törüne geçip, özümi ýum-ýumşak bir kürsä oklamazymdan öñürti nahar bişirýän, guýýan zenanlañ penjiresine ýaplandym.
- Nähili naharlar bar?
- Kürsä geçiñ-de garaşyñ. Özümiz hyzmat ederis - diýdiler.
Garnyñ aç bolsa ýumşak kürsem biderek zat boljak ekeni. Uzak garaşdyrman bir ýaşuly geldi.
- Essalawmaleýkim! Hoş geldiñiz! Noş bolsun! Çaýmy, çörekmi, naharmy, içgileriñ haýsysyndan?! - diýip, eglip ytagat etdi.
- Maña haýsy naharlary maslahat berýäñiz? - diýdim.
- Ýanyñyzda näçe manadyñyz bar? - diýip, goja kişi ýene yba biken egildi.
- On ýedi manadym bar - diýip, buýsanç bilen aýtdym.
- Sowadyñyz barmy?
- Ýokary bilimli.
- Ynanamok.
- Diplomymy görkezeýin. Ine!
- Gerek däl. Barybir ynanmaýan. Eger sowadyñyz bolsa, bu ýeriniñ kooperatiw hususy kafedigini daşyndan okardyñyz.
- "Ajyñ añy bolmaz, dokuñ imany" diýipdirler.
- Hä, nakylyñ birinji bölegini aýdyñ-da gutaryñ, serhediñizden geçmäñ. Ikinji ýarymy size degişli däl.
- Gözüm ümezläp, kafeñiziñ adyny okap bilmedim-dä.
- Haw, köre hasa bolup, dürli reñkde ýanyp-sönüp dur-a. "Garaşylmadyk sowgat. Sýurpiz". Ýör onda, men size on ýedi manada çalaja garbanyp bolaýjak pes kategoriýaly işçiler naharhanasyny salgy bereýin.
Biz daşary çykdyk.
- Mundan gündogara ep-esli gidersiñ.
- Añkam aşdy. Gün haýsy tarapdan dogýa?
- Onam aýdaýaryn. Hol alabeder turba tarapdan dogýandyr. Ep-esli gideñizden soñ çepe dolanyñ. Bir kwartal geçibem saga öwrülip, bir kilometrlik ýol ýöräñ.
Men "Sag boluñ" diýip, ugrajak wagtym goja ýakama elini ýetirdi.
- Duruñ-duruñ! - diýdi. - Bäş manat beriñ.
- A-how, goýber ýakany. Ol nämäñ bäş manady. Ýakany goýber.
- Darykmañ. Häzir sçýot berýän.
Ol şeýle diýip, bölejik kagyza bir zatlar çyrşady-da, maña uzatdy. Okap gördüm. Onda şeýle ýazgy bardy.
1. Kafe gireñde we çykañda daşardan sowuk (yssy) howa gireni we çykany üçin - 80 teññe.
2. Kuhnýadaky işgärlere ýüzlenip, olaryñ ünsüni işden sowanyñ üçin - 80 teññe.
3. Ýumşak kürsä özüñi goýberip, ýaýyna agram salanyñ üçin - 80 teññe.
4. Nebir pully müşderilere hyzmat etmekden meni bökdäniñiz üçin - 80 teññe.
5. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyñ naharhanasyny salgy berenim üçin - 80 teññe. Ber bäş manady!
- Bermen. Goýber ýakany.
- Goýbermen.
- Ýakany goýber diýýän men saña gowulyk bilen.
- Abraýyñ barka ber bäş manady. Öz polisiýamam çagyraryn.
- O nähili öz polisiýañ?
- Men ýörite bir müñ iki ýüz manat aýlyk berip saklaýan. Iýjegi, içjegi, geýjegi daşyndan. Alty ýüz manad-a polisiýa bolandygy üçin, alty ýüz manadam lotulygy üçin. Señ ýaly ýakasy gaýyşly gytdyr öýdýäñmi. Tizräk, abraýyñ barka ber bäş manady, ýogsam bu düşündirişim üçinem alarsyñ.
- Hany ynsabyñ? Dört manat bolýar-a.
- Entek saña ýene bir manatlyk düşündirmeli gürrüñim bar. Ýañky salgy beren ýerimde "Behişt" diýen bir kafe bardyr. Ýalñyşyp giräýme. Ol ýerde yşykly saz ýañlanýandyr. Bedene saýraýandyr. Tawus guş bardyr. Galanja puluña berk bol.
Gurbangylyç HYDYROW.
Satiriki hekaýalar