16:55 Goýun söwdasy / satiriki hekaýa | |
GOÝUN SÖWDASY
Satiriki hekaýalar
Esen aga pensiýa çykanyndan soň aýalynyň ökçesiniň aşagyna düşdi oturuberdi.Öňem aýaly oňa garanda birneme rüstemiräkdi. Emma indi ähli erk-yhtyýar aýalynyň eline geçdi."Är garrasa aýal är bolar" diýen nakyl çyn ekenow" diýip, Esen aga içini hümlederdi. Ol dawa-jenjeli gowy görmeýän adam bolany üçin içindäkini daşyna çykarmazdy.Näme iş bolsa-da alajy baryça aýaly bilen ylalaşjak bolýardy. Munuňam esasy sebäbi aýalyna gowy görünip, hepdede bir-iki gezek piwo puly alýardy. Ol piwony diýseň, gowy görýärdi. Işläp ýören wagtynda aýlyk alan güni ýoldaşlary bilen piwohana baryp piwodan gerk-gäbe doýup gelýärdi. Ol mahallar aýaly çalarak närazylyk bildirse-de, kän bir gatyrganyp söz aýdyp bilmezdi.Häzir bolsa başgaça... Esen aganyň aýalynyň buýurýan ýumuşlaryndan başga ýekeje güýmenji - birje bag goýunydy. Ol ertir irden, günortan, öýlän, giçligara goýnunyň otuna suwuna seredip,onuň bilen dertleşýän ýaly ýarym sagatlap maňlaýyna geçip oturýardy. Günlerde bir gün goýuny öz özünden mälemäge başlady. Esen aga her hili emel edip gördi,emma goýnuň agzy ýapylmady. Gaýtam gün-günden beter gulaklary kamata getirip mäleýärdi. Aýratynam, bu sese aýaly Güljan daýza çydap bilmeýärdi. -Gümüni çek munuň, eger señ bilen bile doguşan bolsa-da - diýip, ol Esen aga azgyrylyp başlady. Esen aga aýalynyň gepine çydap bilmän, goýuny iküç ýola bazara eltip, gaýtaryp getirdi. Agzy dynman mäläp duran goýny kim alsyn. Güljan daýza bolsa "Nätseňem meniň gulagymy dyndyr" diýip ärini gyssaýardy. -Ýok etsene, şu artyp galmyşy. Eger näçe bolsa-da satsañ, pulunuň ýarysyny saňa bereýin - diýip, aýaly Esen agany maddy taýdan höweslendirmekçi boldy.Hakykatdan hem bu söz Esen agany has gaýrata galdyrdy.Çünki goýnuň pulunyň ýarysyny alaýsa näçe wagtlap, hezil edip piwo işjekdi. Ol nobatdaky bazar güni goýnuň agzyny inçejik sim bilen daňyp, "Moskwijiniň" syrtyna salyp,bazara ugrady. Bazarda goýnuň daşyndan görnüşine gyzyp hyrydarlaryň biri ony alarman boldy.Bahasyny-da ylalaşdylar. Onsoň hyrydar: "Hany munuň dişini bir göreýin, garrymy, ýaşmy?" diýip goýunyň agzyny açmaga synanyşdy.Sim bilen baglanan agyz açylýamy näme.Ine şonda ol goýunyň derisiniň reňki bilen reňkdeş bolany üçin göze dürtilip durmadyk inçejik simy görüp galdy. -Ahow, musulman, bu edip goýan işiň näme? Näme sebäpden bu janly janaweriň agzyny daňyp goýduň? Aýyr hany simy,diýşini görjek diýip hyrydar Esen aganyň üstüne gygyrdy. -Aý, oglanlar oýun edip daňandyrlar, meniň habarym ýok-diýip Esen aga simy aýyranam şoldy welin goýun: - mä-ä-ä... edip zörlediberdi. Hyrydar agzy daňylany üçin mäleýändir, häzir dynar öýdüp bir salym garaşdy.Emma goýun dynar ýerde dynmady. Ine, şundan soň Esen aganyň syry paş boldy. Bu goýunyň üýtgeşik mäleýşine töwerekdäki adamlar haýran galyp, bir goýuna, bir Esen aganyň ýüzüne seredýärdiler. Goýun almakçy bolan hyrydar bolsa Esen aga: -Sen moşennik ekeniň!-diýdi. Esen aga näme diýjegini bilmän adamlaryň ýüzüne naýynjar seredýärdi. Şonda olaryň biri: "Saňa kezzap diýýä"diýip "moşennik" diýen sözi terjime eden kişi boldy. Esen aga hiç zat diýmän elini bir siltedi-de, bazaryň aňyrky çetine gitdi. Bir mahal mäläp duran goýunyň ýanyna bir daýow pyýada gelip, arkasyna elini basyp, arryk-semizini barlap gördi-de: -Bu näme agzyny açyp dur-diýip, gaty ses bilen sorady. Esen aga onuň kerdigini aňsa-da aldamak islemedi: -Mäläp dur, ot iýýän wagty boldy-diýdi. Ol adam Esen aganyň dodaklarynyň gymyldanyna seredip durup, onuň aýdanyna özüçe düşindi-de: -Hä,agzyndan dem alyp dur, diýsene. Burny dykylandyr, bir asgyrsa açylar-da - diýdi.- Hany onda bahasyny aýt, näçe diýýaň? Esen aga bir barmagyny çommaldyp görkezdi. -Hä, bir milýon. Ýok munyň köpräk bolýa. -Soraber, bazardyr- diýip, Esen aga onuň gulagyna gygyrdy. Hyrydar kerem bolsa sada däl ekeni. -Bäş ýüz-diýip ýary bahasyna sorady. Esen aga kellesini ýaýkady. Ol barmaklaryny görkezip, hyrydar bilen bir salym söwdalaşdylar. Ahyr soňunda Esen aga goýuny ýedi ýüz müňe ýelmäp, yzyna seretmän bazardan çykyp gaçdy. Esen aga ýol boýy goýunyndan aýra düşenine gynansa-da, pulynyň ýarysyny aýalynyň berjekdigine, ol pula tomus geçýänçä hezil edip piwo içjekgidigine begenip geldi. Ol "Moskwiçini" derwezäniň öňünde saklap, puly üç ýüz elliden ikä böldi-de her haýsyny bir jübüsine saldy. -Keýwany, goýuny satdym!- diýip, Esen aga büşluk habar getiren ýaly gygyryp içeri girdi. Güljan daýza-da gulagynyň dynanyna begenip, äriniň ýüzüne gülüp seretdi-de: -Näçä satdyň?- diýip sorady. -Ýedi ýüze. -Arzanrak beripsiň. Aý, zyýany ýok. Hany puly ber. Esen aga bir jübisindäki puly çykardy: -Ine, keýwany, saňa üç ýüz ellisi. Üç ýüz ellisi özüňiň aýdyşyň ýaly maňa. -Bu edişiň meniň aýdyşym ýaly bolanok.Men saňa goýuny satsaň pulynyň ýarysyny alyp galaý diýmedim. Goýuny satsaň pulunyň ýarysyny saňa bereýin diýdim gerek? -Hawa, bereýin diýdiň. -Onda alyp galanyňam ber bäri.Men saňa öz elim bilen bereýin. -Onuň tapawudy näme, keýwany? -Tapawudyny bereniñde bilersiň. Esen aga nälaç beýleki puly-da çykaryp berdi. Güljan daýza iki puly goşup içinden üç sany onlugy soguryp aldy-da: -Ine,saňa şu ýeter. Piwony köp içseň zyýanmyş - diýip, pullary ýygşyryp goýmak üçin içerki otaga girip gitdi. Esen aga aýalynyň eline tutdyran üç sany onluga seredip durşuna "Moşennik" biziň öýde eken-ä" diýip içini hümletdi. Reýimbaý SABYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |