02:54 Göz degmek keseli / satiriki hekaýa | |
GÖZ DEGMEK KESELI
Satiriki hekaýalar
Meniñ gözüm gaty erbet. Beýle diýsem göreji çöññedir öýdäýmäñ. Iññän kesgir. Bir zada ýiti seredip: "Baý-ba-a!" diýdigim bes, şol zat düýe däl, pilem bolsa pat-da. Obamyzda bir poçtalýon bardy. Ol gazet-žurnallary öz wagtynda abunaçylara gowşurmazdy. Motosikletini tarladyp, pensionerleriñ pulundan gyrp-çyrp edip, içer ýörerdi. Günleriñ bir güni ýañky alkaşa ýiti seredip: "Baý-ba-a, zaluwat, işlemän hezil edinip ýör-ow!" diýip, aýdanymam şoldy weli, eýýäm ol pat-da - işden boşadyldy. - E-eý, senjagaz, kitaphana müdiri, meniñ gözümiñ öñünde beýden bolup ýörme - diýip, obamyzdaky hiç haçam açylmaýan kitaphananyñ mugtja zähmey hak alyp ýören müdirine ýüzlendim. Bu-da pat. Soñra klub müdirini, hammamçyny, dellegi, garawullary paýhynladym. "Aý, beýdip, ownuk-uşak biçäreler bilen deñ bolmaýyn-da etrap, soñam welaýat merkezine gideýin. Has lomaý urýanlara göz degreýin" diýip, çaý başynda pikir etdim. Keýpi kökläp bardym şähere. Görsem ak daşdan bina edilen üç etažly bir ymarat lowurdap dur. Özem hususy hojalyk jaýy. "E-eý, gözi degegen ýoldaş, sen garagyñ gapyldymy, şu wagta çenli nirede bolduñ?!" diýip, öz-özüme käýindim, ite diýilmejek zady diýdim. Diýmezçe-de däl. Ýañky ymarat döwlet edaralaryndan has beýik, juda kaşañ haw. Özüne-de müñ dürli zynat berlipdir. Edil hozuñ mañzy ýaly. Iñ aşagy podwal, birinji etažy garaž, ikinjisi ýaşalýan otaglar, üçünji etaž bolsa, banket zaly. "Ýýak, Göz öwlüýä, özüñ medet ber, şu jaýy, onuñ eýesini..." diýenimde içerden bir adam çykdy-da: - Ýaşuly, size kim gerek? - diýdi. - Meniñ göz degirmek keselim bar. Şonuñ üçinem... - Gaty gowy. Ony derrew bejereris. Ýör hany, mün "Wolga". Men birki hepdeläp göz dispanserinde ýer sermäp ýatmaly boldum. Soñra ýañky köşgüñ eýesi - "wraç" meniñ gözümiñ dañysyny aýyrdy. - Nähili, öñküsinden tapawut etdimi? - diýip, ol sorady. - Öz-ä birhili, dünýe ýöne süýde gark bolan ýaly çal-çul bolup dur, hiç zat aýyl-saýyl däl - diýdim. - Saña geregem şo-da. Basjak ýeriñi saýgarýarmyñ? - Zordan. - Örän oñat. Ýykyljak çukuryñy görermiñ? - Seresap borun-da. Ýöne weli, aýlyga gol çekip biljek däl-dä. - Zyýany ýok, wedomosta başam barmagyñy basaýarsyñ. Gözüñ gara-gura düşse, material ýazarsyñ. Onsoñam sen esasy zady bil, men seniñ çeýnejek çöpüñ däldirin. Men seni birinji gruppaly inwalid edip, eliñe düwün-düwün taýagam berip bilýädim. Eger mundan beýläk päliñ azyp maña degjek bolsañ, özüñi idip alyp gider ýaly adamam getir, düşnüklimi?! Emma gürrüñ munuñ bilen gutarmady. Meniñ garadan gaýtmaz gözüm ýañy wraçy serpmeden gaýtardy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||