14:01 Gözden akan ýaşlaryma | |
GÖZDEN AKAN ÝAŞLARYMA
Goşgular
![]() Sebäp bolduň eý gözlerim, Gözden akan ýaşlaryma. Yhlas erdiň sen sözlerim, Pikiriň serinen huşlaryma. Ýandyryp köňlümni girýan, Mežnun deýin bolup haýran, Dag düz çölde kölde her ýan, Yşgy baglap başlaryma. Çapdyrdyň dünýäni kowup, Syrdyň mülku-gazna ýygyp, Dünýä malyn sowuryp sowup, Nebsu gähim hoşlaryma. Iman gözni kör eýleýip, Nähak haka şer baglaýyp, Süýji şeker söz söýleýip, Guçup melgun işlerime. Magryf maşryk göreşlerim, Jahanda köňül işlerim, Derde goýup bu başlarym, Syrdaş bolunan gaşlaryma. Halmyratdan bolsa gün soň, Günähleriň geçilmez seň, Bolup-ha sen asla dürs geň, Ýigrimi dörtli ýaşlaryma. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |