GÖZEL KÖPETDAGYÑ ETEGINDE, KESEARKAJYÑ ÝURDUNDA
Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilýän Ahal welaýatynyň täze merkezi şäheriniň, gözel Köpetdagyň eteginde, Kesearkajyň ýurdunda XXI asyryň binagärçilik nusgasyna laýyk gelýän şäheriň düýbi tutuldy.
Bu başlangyçlaryň gözbaşynda durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda öňe ädilen ýene-de bir möhüm ädimdir. Bu ugur halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilýändigi bilen şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze merkezi şäheriniň düýbi tutulyş dabarasynda sözlän sözünde: «Şunuň ýaly giň möçberli taslamalary amala aşyrmak, pugta ykdysady binýady we örän uly ösüş ugurlary bolan ýurda başardýar» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň şu aýdan sözlerinden ugur alsak, gysga wagtda gözel Köpetdagyň eteginde täze ajaýyp şäher dörär. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Ikinji Aşgabat şan bolar dünýä» diýip ynamly aýtmaga doly hakymyz bardyr.
2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şygary astnda ynamly öňe gitmegi alamatlandyrýar. Türkmenistan senagat taýdan güýçli depginler bilen ösýär. Berkarar döwletimiziň ähli welaýatlaryny birikdirýän täze ulag ýollary gurulýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Bu ýollar Ahal welaýatynyň çäklerinde birleşip, ýurdumyzyň çetki nokatlaryny özara baglanyşdyrar. Bu awtomobil ýolunyň ugry Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluna birleşip, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlar boýunça goňşy doganlyk ýurtlaryň çäklerine uzap, döwrebap çatrygy emele getirer.
Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwürlerinde uly ýollaryň şeýle çatryklaryna «ýedi ýoluň çatrygy» diýlipdir. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde, gadymy we orta asyrlarda Türkmenistanyň bütin çägi şeýle atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň gadymy şäherleri Köpetdag bilen Garagumuň aralygyndaky düz meýdanda ýerleşip, ýurdara ýollaryň galasy, Gündogar bilen Günbatary birikdirýän köpri bolup hyzmat edipdir. Gadymda bu topraga «ýedi ýoluň çatrygy» diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň ýerleri söwdanyň, medeniýetleriň we ylmyň rowaçlanýan merkezleriniň ilkinjileriniň biri bolupdyr. Türkmenistanyň çäklerinden geçýän Beýik ýüpek ýolunyň ugry boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar gündogarda — Hytaýa, günbatarda — Ýewropa, demirgazykda — Russiýa we günortada — Hindistana tarap uzaýan kerwen ýollarynyň kesişýän ýeri diýip atlandyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň çäklerinden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda merkezleri Ýewropanyň we Aziýanyň uly şäherleri bilen berk söwda-ykdysady gatnaşygy bolup, sebitde syýasy babatda hem, özara bähbitli baglanyşykda bolupdyrlar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merw şäheri «Şahyjan», «Şah Jahan» — «dünýäniň şasynyň — patyşalaryň hemişe bolýan ýeri» — adyny alan medeni merkezleriň ilkinjileriniň biri bolupdyr. Gürgenç, Merw, Amul, Zemm, Abiwerd, Dehistan, Nusaý «ýedi ýoluň çatrygynda» ýerleşen şäherler bolup, medeniýetiň we söwdanyň ösmegi üçin sebitiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda saldamly goşandyny goşupdyrlar. Bu şäherler «ýedi ýoluň çatrygynyň» dür däneleri hökmünde yklymda uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy we orta asyrlarda söwdanyň, medeniýetiň we sungatyň merkezi bolan Merw şäheri At-Tabariniň (839 — 923) «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» diýen işinde: «Horasanyň ýüregi» diýip atlandyrylypdyr. Merw şäherinden uzan kerwen ýollary Demirgazyga Horezme, gündogara Garagumuň içi bilen Amula çenli, ondan aňyrlygyna Jeýhundan (Amyderýadan) geçip, Gündogara Hytaýa uzapdyrlar. Horezmden çykan kerwenler Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşýän Amul şäherinde, Gündogara uzaýan kerwen ýoly bilen birigipdir. Dehistandan demirgazyk-günbatara uzaýan kerwen ýoly Itil (häzirki Astrahan) şäherine tarap uzaýan kerwen ýolunyň dowamy bolup, Bulgara, slawýanlaryň ýerlerine baryp ýetipdir. Hytaýdan gaýdýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugry, Fergana jülgesiniň üsti bilen geçip, Samarkanda we Buhara ýetipdir. Bu kerwen ýoly Amulda birigipdir. Amulyň üstünden gaýdýan kerwen ýolunyň bir şahasy Termeze we Balha gaýdypdyr. Kerwen ýolunyň bu şahasy Hindistana çenli baryp ýetipdir. Amul şäherinden Merwe tarap uzan kerwen ýoly hem bolup, bu kerwen ýoly Saragtyň üsti bilen geçip, Nyşapura ýetipdir. Nyşapur şäherinden gaýdýan kerwen ýoly günbatara tarap uzap, Kiçi Aziýanyň çägindäki Siriýanyň we Osmanlylaryň ýurdundan geçýän kerwen ýollary bilen birigipdir. Bu kerwen ýolunyň aňyrsy Ýewropa ýetipdir.
Kiçi Aziýanyň ýerlerine aralaşýan Beýik Ýüpek ýolunyň ýene-de bir şahasy, Köpetdagyň etegindäki Nusaý şäherinden gaýdýan kerwen ýoly bolupdyr. Bu kerwen ýoly Dehistanyň üsti bilen Gürgene (Jürjana) ýetipdir. Gürgene gelen kerwenler Eýranyň günbataryndan (häzirki Yragyň çäginden) Ýewropa aralaşypdyrlar.
Türkmenistanyň çäklerinden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlaryny doly seljerenimizde, hindistanly alym Sunita Dwiwediniň «Türkmenistanyň ýerleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, «ýedi ýoluň çatrygyndaky ýurt» diýip atlandyrylypdyr» diýen jümlelerini ýatlap geçmek möhümdir. Bu alym Beýik Ýüpek ýolunyň bu ugurlary boýunça «Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýüpek ýoluna syýahat» diýen ylmy işini ýazyp, «ýedi ýoluň çatrygy» diýen ylmy esasda derňelen taglymaty öňe sürüpdir.
2008-nji ýylyň 2 — 5-nji iýun aralygynda Hytaýyň Siýan şäherinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada halkara maslahaty geçirildi. Beýik Ýüpek ýoly biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaýyň gadymy paýtagty Çanýandan (häzirki Siýan), gijiräk Han dinastiýasynyň (biziň eýýamymyzdan öňki III — I asyrlar) paýtagty Loýan şäherinden başlap, Gansu welaýatyndaky Dunhuan şäheriniň üstünden geçip, Mongoliýanyň, Sibiriň, Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň çäklerine ýetipdir. Bu kerwen ýolunyň dowamy Ortaýer deňzine — Günbatar Rimiň çäklerine ýetip, Ýewropa çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň bu şahasy Ýewraziýanyň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ýygjamlaşmagy üçin möhüm orun eýeläp, özüniň ajaýyp taryhy bilen şöhratlanypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy Han döwletiniň imperatory U-diniň (Hanudi) döwründen başlanýar. Imperator U-di biziň eýýamymyzdan öňki 139-njy ýylda özüniň ýakyn ynamdar adamy Çžan Sýany ýueýjileriň ýurduna iberýär. Çžan Sýan biziň eýýamymyzdan öňki 120-nji ýylda Hytaýa dolanyp barýar. Onuň toplan maglumatlary netijesinde, hytaýlylar Kaňly döwleti (biziň eýýamymyzdan öňki IV — biziň eýýamymyzyň I asyrlary), Ýansaý (Alanlaryň ýurdy), Ansi (Parfiýa döwleti, biziň eýýamymyzdan öňki 247 (250) — biziň eýýamymyzyň 224-nji ýyllary), Týaoçžu (Mesopotamiýa), Şendu (Hindistan) barada gymmatly maglumatlary alýarlar. Netijede Aziýa bilen Ýewropany birikdirýän Beýik Ýüpek ýoly açylýar. Belli alym L. N. Gumilýow Çžan Sýanyň Hytaý üçin açyşlarynyň ähmiýetini Hristofor Kolumbyň Amerikany açyşy bilen deň hasaplaýar. Çžan Sýanyň geçen ýoly boýunça hytaýlylar Günbatar ýurtlara ilçileri ugradypdyrlar. Bu ýoldan Aziýanyň, Ýewropanyň ilçileri we söwdagärleri yzyny üzmän gatnapdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň açylmagy halkara söwdanyň we medeniýetiň ösmegine, dürli ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan halkara söwda-ykdysady gatnaşyklara işjeň gatnaşyp, Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhyna we medeniýetine oňyn täsirini ýetiripdir. Türkmenistanyň çäklerinden dürli döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň 11 sany gatnaw ugry geçipdir. Olar:
1) Amul — Merw;
2) Merw — Horezm;
3) Merw — Hyrat;
4) Amul — Gürgenç (Horezm);
5) Amul — Zemm;
6) Merw — Sarahs;
7) Sarahs — Hyrat;
8) Sarahs — Abiwerd;
9) Abiwerd — Nusaý;
10) Nusaý — Dehistan;
11) Dehistan — Horezm kerwen ýoly bolupdyr.
Türkmenistanyň çäklerinden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi Günbatar bilen Gündogary söwda-ykdysady we medeni aň-bilim gatnaşyklarynda umumy ösüş aýratynlyklarynyň döremegine ýol açýar. Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, döwletleriň ösmegine we ruhy gymmatlyklaryň giňden ýaýramagyna ýardam beripdir. Türkmenistanyň çäkleri Gündogardan we Ýewropa yklymyndan gelýän halkara kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, şäherlerde söwdanyň, hünärmentçiligiň we medeni gymmatlyklaryň ösmegine oňyn täsir edipdir. Munuň özi halkyň ýaşaýyş-durmuşynda maddy-ruhy gymmatlyklaryň döremegine örän uly ýardam edipdir.
Ilkinji halkara kerwen söwda ýollarynyň peýda bolan döwründen: biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan — biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli dowam eden döwürde türkmen topragy Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda medeniýetleri baglanyşdyryjy köpri bolup, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatlary ýerine ýetiripdir. Geografiki gurşawynda ymgyr sähralarynyň, kert gaýaly dag geçelgeleriniň bolandygyna garamazdan, türkmen topragy Gündogar bilen Günbataryň arasynda müňýyllyklaryň dowamynda iň bir ygtybarly we howpsuz kerwen ýollarynyň bolandygy bilen şöhratlanypdyr. Bu howpsuz kerwen ýollaryndan täjirler bilen bir hatarda ilçiler, diplomatlar, alymlar, syýasatçylar, zyýaratçylar we çaparlar gatnapdyrlar.
Irki orta asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň howpsuz bolanlygy mynasybetli halkara kerwen ýoly uzak döwürleýin dowam edipdir. Gündogar bilen Günbataryň halklary ylymda, lukmançylykda we tehniki ösüşlerde gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşyp başlapdyrlar. Bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçen we halkara gatnaşyklarynda möhüm orny eýelän Beýik Ýüpek ýoly, Gündogary Günbatar bilen birleşdirip, dürli medeniýetli halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeläpdir. Bu ýol ýedi müň kilometre uzap gidip, biziň eýýamymyzdan öňki II asyryndan — biziň eýýamymyzyň XVI asyry aralygyndaky döwürde Hytaý bilen Ortaýer deňziniň kenaryndaky döwletleri birikdiripdir...
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çäkleri «ýedi ýoluň çatrygynda» bolandygy barada öňe sürlen ylmy taglymaty ylmy esasda teswirlemek hakykata dogry gelýär. Bu hakykaty taryhy çeşmeleriň esasynda subut edip, şeýle beýan etmek bolýar:
Amyderýanyň kenarynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Amul şäheri özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi mynasybetli Türkmenistanyň ýerlerinde emele gelen söwda-medeni merkezli ösen şäherleriň biri bolup, Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ýük gatnatmak üçin iň ähmiýetli merkez hökmünde tanalypdyr. Amul şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, Gündogara — Hytaýa, Demirgazyga — Horezme, Günorta — Hindistana söwda kerwenleri gatnapdyr. Amul şäherinde düşlän söwda kerwenleri Amyderýanyň üsti bilen geçip, gündogara — Buhara tarap, Amyderýanyň çep ke-naryndan demirgazyga — Horezme, günorta — Zemme hem-de Termeze, günbatara — Merwe tarap uzap-dyrlar.
Amul şäherine Günbatardan Gündogara — Merwden Buhara çenli gaýdýan söwda kerwen ýoly aňryk Hytaýa çenli baryp ýetipdir. Demirgazykdan-Horezmden gelýän ýol Günorta — Balha we Hindistana gidipdir. Amul şäheri strategik taýdan amatly ýerde ýerleşip, onuň töwereginde obalaryň ýigrimi dördüsi emele gelipdir. Olaryň iň ululary Ödeýdepe, Hojaýarykdepe we Bitikgaladyr. Amul şäherinden 2 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Hojaidat gala söwda kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäherçäniň biri hökmünde tanalýar. Hojaidat şäherçesiniň umumy meýdany 6 gektara deň bolupdyr. Şäherçäniň günorta-gündogar burçunda beýikligi 6 — 7 metre ýetýän kiçi galada gazuw-agtaryş işleri geçirilip, Kuşanlar döwrüne degişli keramikadan, metaldan, süňkden ýasalan gurallar tapylýar. Hojaidat şäherçesinden tapylan kümüş, mis teňňeler bu gadymy galanyň kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşip, söwda-ykdysady babatda ösen medeni merkezleriň biri bolandygyny tassyklaýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy Kuşan patyşalygy (biziň eýýamymyzdan öňki I asyr) döwrüne degişli bolupdyr. Hamdallah ibn Nasr Mustaufi Kazwininiň (takmynan, 1281 — 1360-njy ýyl-lar) «Tarihi guzida» (1330) — «Saýlanan taryh» atly işinde mongol çozuşlary döwrüne çenli Amul şäheriniň Horasanda iň uly we baý şäherleriň biri bolandygy barada maglumatlary berýär. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Amul şäheri 1219-njy ýyla çenli ösen şäher bolup, özüniň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli, XIII asyrda täzeden dikeldilipdir we ykdysady taýdan ösen şäherleriň biri hasap edilipdir.
XIII — XIV asyrlarda Amul şäheri 150 — 175 gektar meýdany tutup, biziň günlerimize çenli 48 gektar töweregi saklanyp galypdyr. Galanyň 4 sany uly derwezesi bolupdyr. Ol derwezeler: Hywa derwezesi, Sakar derwezesi, Merw derwezesi hem-de Buhara derwezesi diýlip atlandyrylypdyr. Taryhy maglumatlara görä, XVI asyrda Amul şäheri — «Çahar-juý» diýip atlandyrylypdyr. Bu sözüň asyl manysy «Dört-ýap» ýa-da «Dört-joýa» diýmegi aňladýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Amul şäherinden ugran kerwenler dört sany suw akymynyň ugry bilen gidipdirler. Dört tarapa ugran kerwen ýollarynyň merkezinde Çaharjub, Çaharjuý — «dört akym» ady bilen belli bolan söwda-senetçilik merkezi emele gelýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen baglanyşykly Amul şäheriniň ady Çaharjub, Çaharjuý diýip atlandyrylyp başlanýar.
Amul şäherinden demirgazyga tarap — Amyderýanyň çep kenary bilen, derýanyň gür tokaýly ýakasyndan, käbir ýerlerde bolsa çäge syran kert kenarlar bilen Horezme gidýän söwda kerwen ýoly geçipdir. Bu söwda kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň we kerwensaraýlaryň üstünden üstaşyr Beýik Ýüpek ýoly geçip, Mawerannahrda, Horasanda we Horezmde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we haryt-pul dolanyşygynyň ýokary derejede ösmegine mümkinçilik berýär. Kerwen ýolunyň ugrunda özara bähbitli söwdanyň ýaýbaňlanmagy, sebitde halkara syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine oňyn täsir edipdir. Sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi netijesinde Amul we Gürgenç şäherleri ösen söwda merkezlerine öwrülýärler.
Amul — Gürgenç kerwen ýolunyň ugry boýunça, Mawerannahrdan — (Amyderýa — Syrderýa araly-gyndaky ýerler) Buharadan ugran kerwenler Gürgenç şäherine ýetmek üçin Gyzylgumuň içi bilen gaýtman, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän Firabr (Farabr — Farap) geçelgesinden geçip, Horezm ülkesine ugrapdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň bu ugry Amul — Gürgenç kerwen ýoly diýip atlandyrylypdyr. Amuldan Gürgenje gaýdýan kerwen ýolunyň ugrunda Üçkak, Dänew, Isentgala, Gabakly, Üçkersen, Daýahatyn, Dargan, Jigerbent, Sedwer we Hazarasp ýaly şäherler we gala berkitmeleri ýerleşipdir. Bu şäherleriň deňinde söwda kerwenleri üçin amatly kerwensaraýlar we geçelgeler bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gürgenç şäheri orta asyrlarda Aziýanyň söwda merkezine öwrülipdir. Gürgenç şäherine gelýän kerwen ýollarynyň ugurlary: Mawerannahrdan Buhara şäherinden gaýdan söwda kerwenleri, Warahşi şäherinde düşläp, Amyderýanyň sag kenaryndaky Dargan şäheriniň deňindäki geçelgeden geçip, Hazarasp şäheriniň üsti bilen Gürgenje ýetipdirler. Mesopatamiýadan (Tigr we Ýefrat derýalarynyň aralygy) gaýdan söwda kerwenleri Nusaýyň üstünden geçip, Garagum sährasynyň üsti bilen Yzmykşire ýetipdirler. Bu söwda kerwen ýolunyň soňky duralgasy Gürgenç şäheri bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Gürgenç şäheri möhüm halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çatrygynda ýerleşip, sebitde üstaşyr haryt-pul gatnaşyklaryny amala aşyrmakda meşhur medeni merkezleriň biri bolupdyr. Gürgenç şäherinden uzap gaýdan kerwen ýoly Dargan şäheriniň deňindäki geçelgeden geçip, Otrara, soňra Isfidjawa, ondan soň Mongoliýa we Hytaýa çenli baryp ýetipdir. Gürgenç şäherinden ugran uly kerwenler Gündogar Ýewropa — Gadymy Russiýanyň ýerlerine, Wolga boýundaky Bulgariýa ugrapdyrlar. Gürgenç şäheriniň üsti bilen Aziýadan Ýewropa nah we ýüpek matalary, pagtadan tikilen lybaslar, reňkler, hoşboý ysly zatlar, şaý-sepler, gap-gaçlar, şeker önümleri, kakadylan miweler, senetçilik önümleri we sungat önümleri äkidilen bolsa, Ýewropadan Gürgenjiň üsti bilen Aziýa gymmat bahaly sütükler — eýlenen deriler, mis-metal önümler, ýelim getiripdirler.
XIV asyryň başlarynda Gürgenç şäheriniň üstünden Gündogar Ýewropadan Hytaýa tarap gidýän halkara söwda kerwen ýoly geçipdir. Bu Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy bolup, Russiýa ýerlerinden, Wolga — Itil — Gürgenç — Otrar — Taraz söwda kerwen düşelgelerini öz içine alypdyr. Kerwen ýoluň bu ugry ondan aňry Hytaýyň ýerlerine uzap gidipdir. Gürgenç şäherinden günorta iki sany söwda kerwen ýoly gaýdypdyr. Bu ýollar Gürgenç — Dehistan — Jürjan (Gürgen); Gürgenç — Dargan — Merw — Sarahs — Nyşapur söwda kerwen ýoly bolupdyr.
Türkmenistanyň çäklerinden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Merwden gaýdýan kerwenler Amul şäherine ýetipdirler. Amul şäherinde düşlän kerwenler, Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen Firabr (Farabr) geçelgesinden geçip, Gündogara gidýän söwda kerwen ýoluna goşulypdyr. Firabr geçelgesi Amyderýanyň sag kenarynda, söwda kerwenleriniň geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşip, gadymy we orta asyrlara meşhur şäherleriň biri hökmünde tanalýar. Amyderýanyň kenarýakasynda ýerleşýän bu kerwen düşelgesiniň we geçelgesiniň iň gadymysy Bitik (Bitak) gala ady bilen belli bolan «Orta güzer» geçelgesi hasaplanylýar. Bu ýerden kerwenler Buhara tarap gidipdirler. Merwden gelýän söwda kerwenleri Amul şäherinde düşläp, Burdalyga we Zemme tarap hem gidipdirler. Ol ýerden uly söwda kerwen düşelgeleriniň biri bolan Kelif (Kalif) geçelgesinden geçip, Hindistana tarap gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugruna goşulypdyr.
Kerwen ýollarynyň ugurlary boýunça Horasandan Merw şäherinden Horezme gitmek üçin başga-da bir has ýakyn söwda kerwen ýoluny ulanypdyrlar. Bu kerwen ýoly Merwden gös-göni demirgazyga çölüň içi bilen uzap, Hurmuzfarra şäherinden başlap, Garagum çölüniň ürgün çägelik zolagyna aralaşypdyr. Kerwenler Horezm ülkesiniň çägine çenli ýetýänçäler, ýaýylyp gidýän Saýfine çölleriniň alaňlyklarynyň arasyndaky gonalgalarda düşläpdirler. Gonalgadan-gonalga ugran kerwenler, Dargan (Tahiriýa) şäheriniň ýanyndaky Saýfine kerwen düşelgesiniň deňinden çykypdyrlar.
Merw şäherinden günorta tarap hem söwda kerwen ýoly uzap gidipdir. Bu söwda kerwen ýoly Murgabyň kenary bilen Balha, ondan aňry Hindistana çenli uzap gidipdir. Bu ýoluň ugrunda Faz, Mehbiabat, Karineýn, Asadabat, Hauzan, Kasr-Ahnaf diýen söwda kerwen düşelgelerinden başga-da, Merwerrut şäheri hem bolupdyr...
(dowamy bar)...
Orazgeldi Aşyrow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Publisistika